22:10 Emelsize em barmy?! / hekaýa | |
EMELSIZE EM BARMY?!
Hekaýalar
Olara bu däli meýdanda ýüzin salyp gidere syçrap duran at berdiler-de, jylawdyr-u-eýer, uýandyr-u-agyzdyryk bermediler. Bu serhetsiz ummanda ýüzüp-ýüzüp gidere gaýyk berdiler-de, gulaçlap-gulaçlap urara kürek bermediler. * * * Söýüp almak, söýüp barmak aňsatmy ýa-da kyn? Gadyr bilen Gymmat üçin-ä ap-aňsat boldy. Bir arygyň suwundan, bir obanyň çöreginden kemala geldiler. Bir söýginem paýlaşdylar. Paýlaşdylar-da, ganat-per ýetirip, ýedi gat asmana uçup gitdiler. Aşyklaryň adaty boýunça, bularam: “Bizden öň Ýeriň ýüzünde biz ýaly söýşen barmyka, indem bolarmyka?” diýşerdiler. Soň şol gaýyp ýören ýerlerinden olary zordan tutup getirdiler-de, toý saçagynyň başynda oturtdylar. Toý etmek, toý bermek aňsatmy ýa-da kyn? Gadyr bilen Gymmat üçin-ä juda aňsat boldy. Tapmaly zatlary başgalar tapdy, aýtmaly zatlary başgalar aýtdy, etmeli işleri başgalar etdi. Gadyr bilen Gymmat bolsa toý saçagynyň başynda ondan-mundan küm-çüm eden bolup, bu hysyrdyly ýerden tizräk göterilmäge, şol lezzetli belentlige tarap uçup gitmäge howlugyp, galpyldadylar oturdylar. Toýdan soň, hatda, toýdan öň iki tarapyň hossarlary-da biri-birinden ýaşyryn birmeňzeş pikire geldiler: “Bular gaýynlaryndan daşrakda ýaşasyn. Gaýyn sütemini görmesin…” Soňra daşyndan: ― Wah, jan guda, “Maşgala-başgala!” diýipdirler-diýip,bir-biregi aldadylar. Şeýdibem, etrap merkezinden gül ýaly jaý alyp berdiler. Gazly-suwly. Jaýyň içinem zatdan urup dykdylar. Gazan-tabagyna, çemçe-susagyna çenli. ― Ynha, indi ýaşaberiň ― diýdiler. Gadyr bilen Gymmat ikisi ýaşaberjek boldular. Ýöne, görüp otursalar, gazan diýlen zadam gazyň üstüne ataryp, aşagyny otlap goýbermeli eken, içine-de aňry-bäri atyşdyryp, bişirmeli eken. Soň şo gazandan çykanja zadam iýip, ýaşamaly eken. Penjiräniň bir gözi döwülse, aýna salmaly eken. Gapynyň kildi gopsa ýa gulpy döwülse, ony oňarmaly eken. Öý diýlende-de otlyçöpden başlap, duza çenli ähli zat gerek. Garynja ýaly, şol daşap ýörmeli bor eken. Onsoňam öý diýeniňe myhman-mediwanam gelibir eken. Onuňam öňünden çykyp garşylap, hezzet-hormat etmeli eken. Onsoň… Bu-u-uw, edip tükedäýmeseň, sanap tükederden kän eken bi öýüň işi. Ony etmäge-de emel-u-başarnyk gerek eken. Ilki-ilkiler myhmanam geldi, mediwanam. Öňüne çaý goýdular. Ol çäýnegi boşatsa, ýene birini demläp getirdiler-de, emelsizje ýylgyryp, myhmanyň ýüzüne seredipjik oturyberdiler. Çaýdan ýüregi syrylyp, içegelerine owaz düşüp ugran myhmanam onsoň gapa-gapa seredibiýrdi. Gadyr bilen Gymmat söýginiň badyna-da birneme gitdiler. Ýöne dokçulyk döwrüniň söýgüsi açlyga kän bolmaz eken. Gury çörekdir kolbasa-da bez etdi. Bir gün Gadyr sahypalaryna ýag siňip giden galyň kitaby goltuklap geldi. Şol kitaba seredip, Gymmat ikisi çorba bişirmäge durdular. Iň soňunda naharyň duzuny düzlejek bolup durkalaram, Gymmat hälki kitaby çorba gaçyrdy. Ýuwduna-ýuwduna, çorbany çykaryp dökdüler . Içiniň kitaby bilen. Demläp, ortada basyryp goýan çäýnegine-de özleri büdredi. Şol aralykda bir ýerden bir ogry pişik tapylyp, galanja etlerinem süýräp gitdi. Hapa-hupa-da öýüň içinde aňrujy üýşüp bolaýjak ýer bolsa, üýşüp başlady. Şular kimin emelsiziň öýüni aňtap ýören garynjadyr siňekler, saçakçydyr syçanlaram “Ura!” bilen çozdular. Ýaşabermeli öýde ýaşarlyk galmady. Onsoň bular garyndaşdyr dostuňka, tanyşyňkydyr bilişiňkä ― kimden ýüz tapsalar şonuňka gatnap ugradylar. Bir ýerde toý bar habaryny eşitseler, çakylyklu-çakylyksyz, tirkeşipjik baryberdiler. Ýakynragyň toýy bolsa, toýpaýdanam hantama boldular. Gapyçynyň garny dok, öýe barmag ýüzi ýok… Ýöne är-aýalyň ikisi birden gapyçy bolanda, ýüzem gerek däl eken. Muňa üýtgeşik emelem, başarnygam hökman däl: ― Gitdikmi? ― Gitdik. Owal-owallar-a bularyň jübütleşip gelşini görenler söýünç bilen: “Anha, aşyk-magşuklar gelýä, gumrular gelýä” diýerdiler. Indi bularyň garasyny görseler, sögünç bilen “Anha, torbasyz gedaýlar gelýä!” diýýärler. Bu bela-beterleriň üstesine, yzly yzyna iki sany çaga-da dünýä indi. Ine, indi ber habaryňy! Gadyr bilen Gymmat bu ýagdaýdanam çykalga tapdylar. Emmeden aýrylyp-aýrylmanka, çagalaryň birini Gadyryň, birinem Gymmadyň hossarlaryna “sowgat” berdiler. “Iki aýaklly iki günde. Ynha, hä diýmän, bularam ulalar, biziň ýaly adam bolar. Her gelenimizde “eje, kaka!” diýip, ylgaşyp öňümizden çykar” diýibem göwün ýüwürtdiler. Kiçijekler ulalmasyna ulaldy. Ýöne Gadyr bilen Gymmada “eje, kaka!” diýen bolmady. Atalary, eneleri “Gadyr” diýse, çagalaram “Gadyr” diýdi, “Gymmat” diýse, bularam “Gymmat” diýdi. ― Wah, ýerçekenler, kaka diýseňiz bolmaýamy, eje diýseňiz, diliňiz kese çykýamy? ― diýip, garrylar jibrinerdi. Adama çykalga tapmany ilki öwreden çaga dälmi! Hälki çagalaram “Gadyr kaka! Gymmat eje!” diýip gidiberdiler. Durmuş atly beýik mugallymyň öz mekdebinden kör çykyp barýan bu iki “okuwça” näler jany ýanardy. Ol bulary birwagt ýykjakdy, “bir klasda iki-üç ýyl” oturtjakdy. Ýöne bu mekdebe-de “Ýüz göterim ýetişik gazanmaly” diýlen salgyt geldi. Durmuş bularyň ýakasyndan tutagada, gulaklarynyň düýbüne ras goýjakdy. Ýöne her gezek ak sakgally atalar, ak gyňaçly eneler “Dat, biziň gören görgülerimiz azmy, biziň dadan şarpygymyz azmy! Dat, bulara degme!” diýşip, arada dag kimin keserdiler, bag kimin saýaladylar. Gadyr bilen Gymmat bir-birindenem ýeke şaty görmedi. Döne-döne uruşmadylar, öküne-öküne ýaraşmadylar, “oda girip ― yssy, sandala girip ― ýassy” bolmadylar. Wagt geçdi. Bir ýassyga baş goýlandan, aç gurt kimin iýip barýan Gadyryň ätişgir dek elleri gowşap ugrady, yşk bilen açylan näzik Gymmadyň gül bedeni tulkaryp, gujagy sowap başlady. “Men näme üçin başga birini almadymkam? Men näme üçin başga birine barmadymkam? ” diýlen şeýtan şübhesem penjireden-gapydan girere ýer gözläp ugrady. Emma olaryň welin, dünýäden bihabar, gapy-gapy elenip, gözi bilen dilenip, şol ýörüşleri. Bilip bolmaz, belki, bir gün olar siziňem işigiňizden inerler. Emelsizje ýylgyryp, saçagyňyza serederler. Şonda bir gabadyna getiriň-de şeý diýiň: ― Gara daglar ýykylar, ýerine dag bolan gerek. Gara baglar çapylar, ýerine saýa salan gerek! Şeýdip, bir aýdyp görüň! “Akyl satýar” diýerler. Diýenler diýibersin! “Köne gürrüň” diýerler. “Göni gürrüň” diýerler. Diýenler diýibersin! Kömek KULYÝEW. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |