14:58 Enemiñ beren owlagy / hekaýa | |
ENEMIŇ BEREN OWLAGY
Biz her ýyl ýazlaga Derýatakyryň ýakasyna göçüp gelýäris. Bu ýeriň bir tarapy tekizlik, bir tarapy hem gumluk bolansoň, mallar otlamaga örän amatly. Ýagyş suwundan dolýan kak biziň ýazlag öýümize golaý. Mallar suwsasa, şondan içýärler. Meniň bu ýerde esasy edýän işim eneme kömek bermekden ybarat bolup, öý işle- rine kömekleşýärin. Geçileri ejem, Ogulşeker ejekem, daýzamyň gyzy Zyýada dagy sagýarlar. Kakam mugallym bolansoň, gündizlerine oba gidip, ýazlaga gije gelýär. Geçileriň arasynda meniň aýratyn öz geçimem bar. Onuň böwri ala. Ony maňa, bäbejikkäm, enemiň özi beripdir. Meniň geçimem ýakyn wagtda owlaklamaly. Onsoň ony hem ejem dagy sagarlar. Owlajygyma bolsa ýörite ot ýygyp bermegi häzirden göz öňünde tutýaryn. Men enemiň işinden boş wagtlary köplenç owlaklaryň ýanyna barýaryn. Olaryň saklanýan kümesi ýazlag öýümiziň gapdalynda, çuň bolmadyk golda. Owlajyklaryň ýanyna gelseň hezillik. Birbada gaçjak ýaly etseler-de, tiz öwrenişýärler. Öwreni- şensoňlar, ýanlarynda otursaň, köýnegiňden çekeleýärler, ýumşajyk dodajyklary bilen eliňden dişläp görýärler. Men owlak kümäniň gapdalynda indiki boljak owlajygyma aýratyn agyljyk ýasadym. Goý, meniň owlajygym getirip berjek otlarymy arkaýyn iýsin. Geçilere, esasan, atam esewan bolýar. Ir ertirine owlaklary seçilip, örä goýberilýän geçiler gijöýlän ýazlagymyzyň töweregine golaý gelýärler. Onsoň atam ýanyna jigim Pälwany hem alyp, geçileri agyla getirýär. Bir gün geçiler örüden gelende, olaryň arasynda men böwri ala geçimi görmedim. Geçileri sagylýan agyllaryna salşyp ýörkäm, geçimiň ýoklugyny atama aýtdym. — Ata, aý, ata, meniň böwri ala geçim ýok eken-ä?! — Hawa, Arzuw jan, seniň geçiň, şu gün irden örä goýberenimizde, owlaklajak bolýanyny aňdym, geçiň owlaklan bolmaly. — Daşda owlaklan bolsa, geçimi tapyp bilermikäk, geçim nirede galdyka, ata? — diýip, men birneme howsalaly soradym. Atam elini guşluk tarapa uzatdy. — Geçiler şu gün, hol, Togalak beýigiň gapdalynda otladylar. Böwri ala geçiň şonuň töwereklerinde bardyr. Geçiler saglyp bolnansoň, tapyp getireris, balam. Atam şeý diýensoň, men birneme ynjaldym. Biz şondan soň haýal etmän, atam bilen Togalak beýigiň töwereklerinden geçimi gözlemäge gitdik. Men başda barşymyza tapaýjak ýalydym. Ol ýerleri — gerişleriň ugruny, gollary ýekän-ýekän aýlansak-da, tapyp bilmedik. Onsoň gün ýaşmazynyň öňinçäsi yza dolandyk. Birneme ýadapmy ýa geçim tapylmansoňmy, öýe gelibem, hiç mazam bolmady. Çaý-naharam iýesim gelmedi. Onda-da enem: «Gel, iýip-iç!» diýensoň, geçi çaly bilen enemiň bişiren ojak çöreginden iýip, biraz garbandym. Giçlik ýatjak bolup, ýerime geçsem-de, hiç ukym tutmady. Göwnüme, böwri ala geçim azaşyp, alys ýerlere gidip barýan ýaly duýuldy. Bir görseňem, onuň owlajygy enesini emip bilmän, mäläp duran ýalydy. Şeýdip, gijä- niň birmahaly uklap galypdyryn. Ertesi oýananymda Gün dogup, al-asmana galypdyr. Hemmeler ertirlik çaý-naharyny edinip, owlaklar seçilip, geçiler örä gidipdir. Atam ge- çileriň gezişine esewan bolmaga hem böwri ala geçimi gözlemäge ýaňyrak ugrapdyr. Menem işdämiň baryndan ertirlik edinip, düýnki gezen ýerlerimize geçimi gözlemäge gitmek isledim. Bu meýlimi eneme ýaňzytsam, entek atam gelinçä garaşmagymy, häzir bir arka odun getirişmelidigimi aýtdy. Elime beren ýüpüni alyp, enemiň yzyna düşüp, gündogar tarapdaky depäni nazarlap ugradyk. Enem daş-töwerege dykgatly garap, howlukman ýöräp barýardy. Men geçimi görnäýjek ýaly, zol-zol Togalak beýige tarapa seredýärdim. Ýöräp barşymyza ikinji depäniň üstünde saklananda, enem bu ýerdäki guran odun töňňelerden yygnajak bolýandyr öýtdüm. Emma ol birsalym daş-töwerege, esasanam, gaýra tarapa ünsli seredip durdy. Meniň gözüm guşlukda — Togalak beýik tarapdady. Şol töwerekde geçim gezip ýören ýalydy. Enem esli wagt duransoň, ýene öz seredýän tarapyna — gaýralygyna ýöredi. Menem onuň yzyna eýerdim. Barýan ugrumyzdaky gerşiň üstünde ullakan, ýaýbaň sazak ösüp otyrdy. Biraz ýöränimizde, birdenkä meniň gulagyma owlajygyň sesi eşidilen ýaly boldy. Enem bu sesi eşitmedi öýdýän, ýöräp barýardy. Men ýene üns bilen diň saldym, daş-töwerege göz gezdirdim. Ine, birdenem gaýra tarapymyzdaky gerşiň ugrundaky sazagyň düýbünde bir zat gymyldan ýaly boldy. Şol tarapa elimi uzadyp: «Geç, geç» diýip gygyrdym. Bu gezek sazagyň gapdalynda owlajygyň kellesi göründi. Ony gö- renimden, göni ösgün sazaga tarap — owlajygyň ýanyna tarap ylgadym. Gelsem, edil özüne meňzeşje owlajygyň ýanynda böwri ala geçim gäwüşäp ýatyr. Garynjygy birkemsiz doýan owlajyk bolsa özüçe oýunjyk edip bökjekleýär. Böwri ala geçimiň tapylanyna begenjimi ýetip gelýän eneme buşladym: — Ene, aý, ene, gör, ine, böwri ala geçim bärde ekeni. Ine, ýanynda owlajygy hem bar. Edil özüne meňzeşje. — Tüweleme, höwri köp bolsun, balam, menem maňlaýyma degreýin — diýip, enem owlajygy üç gezek maňlaýyna syldy. Geçiniň aňsat tapylanyna diýseň begendim. Onsoň dilime gelşine görä, enemden: — Ene, geçimiň bärdedigini nädip bildiň, bilýän bolsaň, aýdaýmaly ekeniň! — diýip ýüzlendim. Bu sözüme enem ýylgyrdy-da: —Ýok, Arzuw jan, geçiň şu ýerdedigini bilemokdym, ýöne çen edýärdim. Seniň geçiň hem şu töwerekde doglupdy. Şol wagt senem bäbejikdiň. Şonda seni hem, owlajygy-da ýazlag öýümize göterip äkidipdim. Indi, tüweleme, senem ulaldyň. Owlajygyňy özüň göterip äkidip bilýäň. Sen owlajygyňy göterip, öňden ýöräber, şonda geçiň özi hem yzyňa düşer, balam! — diýdi. Men dürli otlardan biraz ýygdym. Şeýdip, men öňden owlagymy göterip, enemem geçini kowup, yzymyzdan ýöräp, öýe gaýtdyk. Begenç BAÝNEPESOW. | |
|
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |