19:47

Erk hakynda goşgy

ERK HAKYNDA GOŞGY

Hemme bilýär — erki bolýar her kimiň.
Meniňem paýyma birisi düşdi.
Göwnüne degmezdim lälik erkimiň,
Şoň üçin aldy-da, daşyma geçdi.

Günäsizmi ýa-da günälimidi,
«Ýör» diýse, yzyna düşäýmelidi.
«Mün» diýse, säginmän münäýmelidi.
«Düş» diýse, säginmän düşäýmelidi.

Gijeki peýdasyz oturlyşyklar,
Maňyzsyz jedeller, manysyz sözler,
Edilýän gybatlar — «opurlyşyklar»,
Akyllysyraýan akylsyz gözler, —

Syzdym: bulaň bary gerekmez zatdy,
Peslikdigini-de örän berk syzdym.
Ýöne erkim weli, diýseň bezzatdy,
Erkim bardy, emma ýene erksizdim.

Syzdym şu erk bolsa ruhum, serimde,
Bu durmuş, bu wagtyň manysy bolmaz.
Ýazylmaz ýazyljak setirlerim-de,
Okap biljek dessanlarym okalmaz.

Munuň özi şum düýş görüp uklama,
Munuň özi diňe boşluga elter.
Agşamky haýp geçen minutlaryma,
Şeýdip başym ýaýkap ökünýän erte.

Emma agşam ýüregimde tirpildi,
Otyryn. Göz welin, şol penjirede.
Ine, barmak aýna kakýar; tyrkyldy,
Men gidýärin boş dünýäme ýene-de.

...Men ahyr oturyp hyýala batdym,
«Nätmeli? Bu lälik erki nätmeli?»
Az ýöräp, köp ýöräp bir pikre ýetdim:
Ony it ýenjenden beter ýençmeli!

Men ony tutdum-da, daňdym erige,
Soň erikden çygly çybyk kesindim,
«Ilkinji urgyny haýsy ýerine
Eçilsemkäm» diýip, esli kösendim.

Wagtym az bolsa-da, bolsa-da iş kän,
Bar işimi taşlap urdum men, urdum.
Urdukça urmaga açyldy işdäm,
Urdukça beýgeldi, güýjedi ruhum.

Ony tertip bilen alty gün saýdym.
Wagt bolupdyr hezil edinerçe-de
Özünden gidenne düşünip aýdyň,
Boşatdym bagyndan ýedilenjide.

Boşatdym özümi halymsyraýan
Erkimiň öňünde çöken duýgudan.
Manysyz bolsa-da manylsyraýan
Şowsuz oturşyklar, şowsuz söýgüden.

Salam berdim bu durmuşa täzeden,
Birden wagtym many bilen gaplandy,
Bir wagtlar garşy çyksam näz eden
Erkim urgularda mäkäm taplandy.

Eger günleň biri tozadyp çaňyn,
Bir boş dünýä çagyraýsa erkiňiz,
Erk tapyň siz şeýle erki daňmaga
Soňra taýak bilen beriň merkini.

Gurbannazar EZIZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 463 | Добавил: Мylayym | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gelersiñ... duşuşarys / Goşgular - 27.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Dört pyýala / Goşgular - 21.02.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Bu şäherde / Goşgular - 10.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]