09:29 Gadymy döwüriñ diplomatiýasy | |
GADYMY DÖWÜRIÑ DIPLOMATIÝASY
Taryhy makalalar
Gürrüñsiz, diplomatiýa döwletleriñ ýüzlerçe ýyllap halkara gatnaşyklaryñ inçeliklerinde aýlanmagy üçin aýgytlaýjy gural boldy. Diplomatiýa sungaty ösüp-özgerip duran dünýä aýak goşmak üçin köne siwilizasiýalardan zamanabap eýýama tarap kämilleşip geldi. Mesopotamiýanyñ we Müsüriñ ilkinji diplomatiki çärelerinden Ýewropanyñ orta asyr sudlaryna we XX asyryñ global diplomatiýasyna çenli döwletleriñ häzirki wagtda gatnaşyk açma we ýygjamlygy ýola goýma görnüşini şekillendiren aýgytlaýjy pursatlaryñ we obrazlaryñ üstünde durul geçeris. Diplomatiýa ýaraşyk şertnamalarynyñ ýany bilen ýaranlyklar gurmak üçin diplomatiki ylalaşyklaryñ we nikalaşmalaryñ ulanylan Müsürdir Mesopotamiýa ýaly gadymy siwilizasiýalara çenli yzarlap bolýar. Bu boýunça gadymy Gresiýadaky Afiny şäher döwleti "Megarian kararnamasy" hökmünde bilinýän diplomatiýa sistemasyny kämilleşdirdi. Kararnama beýleki şäher döwletlerini ykdysady taýdan basyş astyna almaga we izolirlemäge synanyşdy. Ykdysasy sanksiýalar Megara garşy girizildi, b.e.öñki 432-nji ýylda şu sebäp bilen ykdysadyýetiñ daşary syýasatyñ guraly hökmünde ilkinji ulanyşlaryndan birine öwürdi. Munuñ özi Mora söweşiniñ öñüsyrasy bolupdy. Şol bir görnüşde Mesopotamiýada şäher döwletleri ýaranlyklar gurmak we ýaraşyk gepleşiklerini geçirmek üçin köplenç diplomatiki gudaçylyk gatnaşyklaryny ulandylar. Mysal üçin, şumer patyşasy Edebli Lugal-Anne-Mundu Kiş patyşasynyñ gyzyna öýlendi we iki şäher döwletiniñ arasynda güýçli ýaranlyk gurdy. Edil şolar ýaly görnüşde gadymy Müsürdäki faraonlar syýasy güýçlerini berkitmek üçjn köplenç diplomatiki gudaçylyk gatnaşyklaryny ulandylar. Faraon Ramzes II beýleki patyşalyklar bilen ýaranlyklar gurmak üçin birnäçe kese ýerli melikelere öýlendi. Sowgat alyşmak gadymy siwilizasiýalarda diplomatiýanyñ başga bir möhüm formasydy. Mesopotamiýa we müsür hökümdarlary ýagşy niýetiñ yşaraty hökmünde gymmatly metallar, lagyl-jowahyrlar we sungat eserleri ýaly sowgat alyşyp, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ýola goýupdyr. Şeýle-de, diplomat wekiller gadymy siwilizasiýalar tarapyndan beýleki döwletler bilen gatnaşyk açmak üçinem ulanylypdyr. Mysal üçin, ilçiler ýaraşyk şertnamalaryny baglaşmak üçin gepleşikleri geçiripdir, söwda şertnamalaryny baglaşypdyr we döwletiñ adyndan möhüm hat-habarlary gowşurypdyr. Döwlet apparaty boýunça alanda diplomatiýa goñşy döwletler bilen durnukly gatnaşyklary dowam etdirmeklerine rugsat berýändigi üçin gadymy siwilizasiýalarda juda möhüm rol oýnady. Bu işler olaryñ asudalygyny we döwletiñ ömrüniñ uzamagyny üpjün etmek üçin gereklidi. Irki Orta asyrlarda diplomatiýa döwletleriñ arasyndaiy ykdysady we syýasy gatnaşyklarda örän möhüm rol oýnady. Ünsliliklerine we pähim-paýhaslaryna hormat goýulan, diplomatiki gepleşiklerde ukyp-başarnyklary, kesgir zehini bilen tapawutlanan ilçiler ylalaşyklary baglaşmak üçin gepleşikleri geçirmek, möhüm hat-habarlary gowşurmak we söwda şertnamalaryny baglaşmak üçin beýleki döwletlere ugradylypdyr. Şeýle-de, edil gadymy diplomatiýadaky ýaly orta asyr diplomatiýasy-da gudaçylyk gatnaşyklarynyñ syýasy gural hökmünde ulanylmagynyñ ýany bilen, çaknyşyklaryñ çözgüdini-de öz içine alýardy. Şu nukdaýnazardan yslam taryhynyñ VII asyrynda Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) döwrüne uzaýan baý diplomatiýa tradisiýasyna eýedigini nygtamak ýerlikli bolar. Yslam diplomatiýasynyñ iñ gadymy mysallaryndan biri-de, 628-nji ýylda medineli musulman jemagat bilen mekgeli kureýş taýpasynyñ arasynda baglaşylan Hudeýbiýa şertnamasydyr. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Duşenbe, 26.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |