23:37 Gara Arslan Gurt | |
GARA ARSLAN GURT
Taryhy şahslar
Gara Arslan Gurt — Seljuk türkmenleriniň Kermandaky döwletini esaslandyryjy. Ol Dawut Çagry begiň (990 — 1060 ý.) iň uly ogludyr, Mikaýylyň agtygydyr. Türk alymy Ý.Öztuna onuň 1027-nji ýylda doglan bolmagynyň mümkindigini çaklaýar. Gurt adyndan başga-da, ol «Gara Arslan» we «Ahmet» diýen atlary hem göteripdir. Zikgeleden teňňelerinde onuň ady «Mälik Adyl Gara Arslan» görnüşinde agzalypdyr. Daňdanakan söweşinden (1040 ý.) soňra seljuklar Maryda uly gurultaý çagyrypdyrlar hem-de tabyn eden ýerlerini neberäniň agzalarynyň arasynda paýlapdyrlar. Şu paýlaşykda Eýranyň Tebes we Kerman welaýatlary Gurda berlipdir. Gara Arslan Gurt 1048-nji ýylda Demirgazyk Kermany özüne tabyn edip, 21 ýaşynda Kerman seljuklarynyň döwletini esaslandyrypdyr. Gurt hökümdarlyk tagtyna oturan gününden başlap, bu ýeriň halky bilen görşüp, olaryň hal-ýagdaýyny öwrenipdir. Her welaýatyň ýolbaşçylaryna adalat ýolundan ýöremegi emr edipdir. Onuň döwründe Kermana türkmenler köpçülikleýin göçüp gelip ugrapdyrlar. Şeýlelikde, 1050-nji ýylyň ahyrynda — 1051-nji ýylyň başynda seljuklar tutuş Kermana hökümdar bolupdyrlar. Gara Arslan Gurt 35 ýaşynda Seljuk türkmenleriniň taryhynda ilkinji sapar deňiz ýörişini amala aşyran soltandyr (1062 ý.). Arabystan ýarymadasynyň gündogarynda ýerleşen, hazynalara baý Oman ülkesi Büweýhileriň golastyndady. Ony boýun egdirmek bolsa diňe gämili, deňziň üsti bilen ýörişe çykanyňda mümkindi. Şonuň üçin Gurt Hurmuzyň häkimi Bedr Isa Jaşuşa gämileri taýýarladypdyr. Taryhçy Efdaleddin Kermanynyň ýazmagyna görä, Gurt Arslan Omany boýun egdirip, onuň halkyna-da öz adyl syýasaty bilen özüni söýdürmegi başarypdyr. Oman saparyndan soň, Gurt Kermanyň günbatarynda ýerleşen, goňşy welaýat bolan Parsa tarap ýöriş gurapdyr. 35 ýaşynda Parsyň merkezi Şirazy eýeläp, bu ýerde hem seljuklaryň häkimligini berkarar edipdir (1062 ý.). Taryhy çeşmelerde Gurduň adyl döwlet ýolbaşçysy we serkerde bolandygy nygtalýar. Ol özüniň jomartlygy we başarjaň hökümdarlygy bilen halkyň söýgüsini gazanyp bilipdir. Onuň döwründe Kermanyň halky bolçulykda we asudalykda ýaşapdyr. Ülkäniň her künjünde kerwensaraýlar, hammamlar bina etdirilipdir. Taryhçy Sibt Ibn Jöwziniň sözlerine görä, hökümdar hökmünde Gurduň goýberen uly ýalňyşy Togrul begiň ölüminden soň Beýik Seljuk türkmen şadöwletiniň tagtyny basyp almaga synanyşmagydyr. Mälik şanyň häkimiýetini ykrar etmezligi bolsa onuň 46 ýaşynda ölümine sebäp bolupdyr. Seljuk türkmenleriniň Kermandaky döwletiniň hökümdarlary şahyrlara we ylym adamlaryna elmydama hemaýatkärlik edipdirler. Olaryň köşgünde işlän taryhçy alym Efdaleddin Abu Hamyd Ahmet bin Hamyt Kermanynyň ýazan üç sany işi Kermanyň taryhyny ýazmakda gymmatly çeşme bolup durýar. Şahyr Ezraky öz kasydalarynda bu döwleti esaslandyryjy Gurduň ogly Emirhan şany taryplapdyr. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |