18:13 Gara ýyldyrym -17/ romanyň dowamy | |
17.
Taryhy proza
Eşret ýatan çukuryny zyndandan amatly gördi, Eşiden gürrüňlerine görä, zyndan ýedi gat ýeriň aşagynda ýerleşmelidi, hiç ýerden yş düşmeli däldi. Bol-elin bolmasa-da, bu çukura ýagty düşýärdi. Ýöne çukuryň bendileri saklamak niýeti bilen gazylandygy görnüp durdy. Iki elini boşadyp, çyk diýilse-de, çykjak umydyň ýok, çuňlugy iki adam boýy bardy. Diwarlary ýülmek galdyrylandy, ýere-de daş düşelipdir. Boýuna iki adam ýatyp biljekdi, ini juda insizdi, gabry ýadyna salýardy. Üç diwary ýerden ýokary galdyrypdyrlar. Howly tarapky diwar ýokdy, açykdy. Şondan girip-çykylýardy, şondan ýagtylyk düşýärdi. Çukuryň depesi güberçek edilip basyrylandy. Bir ujy çukuryň düýbünde ýatan ýogyn zynjyryň beýleki ujy ýeňseki diwaryň ýüzüne berkidilipdir, adam eli ýeterden belentdedi. Eşrediň el-aýagyna salnan zynjyr hem şol ýogyn zynjyra baglangydy. Ispendiýar begiň tutumy Alymerdanyňkydan has uly ekeni. Howlusy giňdi, haýaty belentdi. Agyr derwezäni iki adam zordan itekläp açdy. Çukur düýpdedi, derwezäniň gabadyndady. Mal ýatagynyň porsusy gelýärdi. Zynjyr gatyrak şakyrdasa, golaýda it üýrýärdi. Eşret Ispendiýar begiň jaýyny ortaky bagdan aňyrdadyr öýtdi. Hernä, Eşrediň egin-başyna degmediler. Keçe telpek pürsiýan ony zynjyra baglap, çukurdan çykdy, Merdiwany çekip aldylar. Ýagty ýalançy bilen ara kesilen ýaly bolaýdy. Pürsiýan çykmazyndan ozal, öz dilinde Eşrede bir zatlar düşündirjek boldy. Sesi gyrykdy. Bogazynda telim deşik bar ýaly, hygyldap dürli ses çykdy. Ýüzi goturdy, gözleri ýaşlydy. Bigörk-de bolsa, garaýşyndan pukaralyk, rehim-şepagaty bilýän adamyň ýakymy bar ýaly göründi. Gaşlaryny çytyp, özüni dergazap görkezjek bolmasy, onuň bolşuna gülküli alamat berýärdi. Eşret başyny ýaýkap, näme diýlenine düşünmeýändigini duýdurdy. Pürsiýan onuň dulugyna çalyp goýberdi. Çalan dessine-de, gaýtawul berler öýden ýaly yza tesdi. Ýokardakylara duýdurýan äheňde gygyryp gepledi. Eşret gaharyny ýuwutdy. – Gorkma, gardaş – diýdi. – Öz hiniňde bir gorkma, meýdana çyksaň nätjek. E-eý, gardaş, goly bagly adama el galdyrmak namardyň işidir. Eşret pürsiýanyň düşünmeýändigini bilse-de, özüni köşeşdirjek bolup gepläp durşudy. Pürsiýan hereket bilen düşünişdi. Täret edesiň gelse, zynjyryny şakyrdat, ýokaryk duýdur diýýän ekeni. – Aç adamda täret küje, zat küje! Daşyň üsti sowukdy, otyr ýeriňden geçip, biliňe urýardy. Eşret ýyly düşegi arzuw etmedi, oňa sähelça wagt gerekdi, gysym-penje çöp-çalam ýeterlikdi. Uzak ýol onuň öňden-de agyryly bedenini halys owmaç etdi. Biraz mahal sowugy duýman ýatsa, sünkleri ýerine geläýjekdi. Açlyk bilen öwrenişipdi. Ol ýere ýazara, näme-de bolsa, bir zat zyňylaryna hantama boldy. Eger pürsiýanyň şarpygyna gaýtawul bereýän bolsady, garaşmaga esas bolmazdy. Sabyrlylyk tapylgysyz zat. Sabyrly gul dura-bara beg bolar. Hiç zat zyňylmady. Eşret özüne göwünlik berdi, bu gününe-de şükür et, Eşret. Asyl sen diriligine şükür et. Garakky düşdi. Çukuryň içi has-da sowady. Ondan habar alan bolmady. Eşret Ispendiýar begiň ýadyna-da düşýän däldir. Gapysy hyzmatkärli, ýatagy mally beg ýumşak düşegiň üstünde arkan ýatyp dynç alýandyr. Dokuzy düzüw, gapysyndaky çukurda türkmen bendisi otyr, gapdalynda aýaly ýatandyr. Ispendiýar ýaly ýeňil kelle beg bir aýal bilen oňmaz, ile göz edip-de, telimsini alandyr. Alymerdanyň öýünde Eşredi görende, çukurynyň boşlugy ýadyna düşüp, ony alyp gaýdan bolmagy-da ähtimal. Gaharyň gelmesin, Eşret. Güýji zoruň göwün islegi hemişe ejizi kemsitmedir. Sabyrly bol, Göroglyny ýatla. Mert-de, namart-da Göroglynyň edermenligine, ýeserligine, wäşiligine haýran galýandyr, emma, gabahat iş başa düşende, namart adam Göroglyny ýatlamaz. Namart üçin Göroglynyň kyssasy agzyboşuň toslamasyna öwrüler. Eger mertligide ynamyň bar bolsa, Göroglyny ýatla, Eşret. Görogly başa iş düşen pursat gerekdir. Görogly Arap Reýhanyň goluna düşende, ýagdaýy seniňkiden oňly bolupmydy diý. Eli arkasyna daňlyp, ineriň yzyna tirkelende, Görogly beg namys edip öläýdimi? Howudyň gapdalyndan sallap goýanlarynda goly üzülip galaýdymy? Sen-de ölmersiň, Eşret. Adamyň başy daşdan gatydyr. Açlyk, suwsuzlyk yzgydyny alar, erkekler açlyga dözümsizräk bolýandyr. Eýsem-de bolsa, ölmersiň. Öldürjek bolsa, Ispendiýar beg iki günlük ýoldan azar edip, seni bu ýere äkeler ýörermidi diý. Arkaýyn ýat, Eşret, daş sowuk bolsa, seniň ýüregiň ýyly, seniň damarlaryňda gyzgyn gan at salýar. «Ýagşy-da geçýändir, ýaman-da, Adamyň başynda durjak zat bolmaz». Şu ýönekeý pelsepe garry eneňi ýüz ýyl ýaşatdy. Şu sözlerdäki paýhasa daýan, Eşret! Ertesi Ispendiýar beg göýa tomaşa gurady. Derwezäniň, öňündäki meýdana ýygnanan mähellä ýesirini görkezdi. Gotur pürsiýan çukura merdiwan sallady, aşak düşüp Eşredi uly zynjyrdan boşatdy, çyk diýip yşarat etdi. Eşret iki basganjak galanda, ysgynsyzlykdan başy aýlandy, gözi garaňkyrady, yraň atdy. Aşakda duran pürsiýan onuň syrtyndan galdyrdy, galmagal turuzdy. – Borow, borow bazigär-e heramzade!1 Eşredi derweze tarap alyp gitdiler. Ol heniz-de ysgynyna gelmändi, dyzlary saňňyldaýardy. Ertir çagynyň tämiz howasy, aşhanada bişirilýän tagamyň ysy oňa süýji ýaşaýşyň lezzetini güjeňledi. Agyryly bedeni açlygyň derdini duýdy. Ispendiýar beg derweze bilen aralykda duran ekeni. Gapdalynda iki adam bardy, hemmesiniň kellesi zömmek telpeklidi. Olar garamaýak däldir. Eşrediň pikiriçe, garamaýaklaryň telpegi keçedendi, depesi çüri bolman, kesilen ýalydy. Duranlaryň özüne garaşýandygyny duýanda, Eşrediň gany depesine urdy. Kelpeň beg ýene gödek oýna baş urar, gapdalyndakylaryň ýanynda Eşredi kemsider. Sen, käşge, meni söweş meýdanynda gola salan bolsadyň, akmak, diýdi. Birdenkä-de, dargursaklyga ýüz uranyna paýhasy ýegdi. Seniň gaharyň duşmanyň dabarasyna öwrüler. Gahar seniň ejizligini aňladar. Tomaşa küýseýen beg seniň gaharyndan gülki ýasar. Olaryn gözüne ejiz görünmäge seniň hakyň ýok, Eşret. Sen olaryň gözüne Görogly bolup görün. Ispendiýar begiň Göroglydan habary bar ekeni. Göroglynyň ölmänini duýsunlar. Ol seni ýesir saýsa-da, duşman diýip bilse-de, onuň ýanynda mertebäň belentdir, Eşret. Belent bolmasa, seni adamlara görkezjek bolmazdy. Bedew aty, gaýduwsyz ýigidi adamlara görkezýändirler, Eşret! Eşret duranlaryň ýanyna ýetmänke garagolluk bilen gygyrdy. – Salawmaleýkim, beg aga! Aýal-ebtat, oglan-uşak sag-salamat ekenimi? Eý, biz-de ýatyp dynç aldyk hezil etdik. – Eşret özüne zor salyp, gowşak bedeniwi silkdi, zynjyrlar şakyrdap ses etdi. Töwerekde diline düşünýän bardyr öýtmänsoň, agzyna gelenini urdy. – Galaň belent ekeni, beg aga, başyna ýumrulsyn. Döwletiň zyýat ekeni, mundan bu ýana gyzyl diýip garbanyň gum bolsun. Edeniň bergi bolsun, görjegiň görgi bolsun. O düne-bu düne ýagşylyk ýüzüni görme, jaýyň dowzah bolsun, beg aga, o-min!.. Eşret zynjyrlaryny şakyrdadyp elini ýüzüne syldy. Ispendiýar beg garşysynda duran Eşrediň ýüzüne geňirgenme bilen çiňerilip garady. Eşret: – Hä-ä, tanamadyňmy bizi, beg aga – diýip, öňküden beter şowhun turuzdy, arkan gaýşyp, hahahaýlap güldi. Gülküsi ýatmanka-da, gursagyna degen urgy ony serreltdi. Telpegi özünden öňürti ýere düşdi. Eşret hasanaklap, derrew aýak üstüne galjak boldy, başarmady. Kükregi gapyşdy, gözleriniň öňi lap-lap garalyp, ysgynsyzlyk damarlaryny yzarlady, dabanyna çenli ýaýrady. Gözlerini ýumdy, gulaklary adamlaryň gülki sesini eşitdi. Soňra gülki sesi-de daşlaşdy, ýitdi. Gotur pürsiýan essine gelen Eşrede telpegini tutdurdy, onuň aýak üstüne galaryna garaşdy. Eşret Ispendiýar begi-de, onuň gapdalyndaky adamlary-da görmedi. Ol entek oňly gök öwüsmedik bagyň ileri çetinde tagamly ysyň gelýän tarapynda, pessejik agaja dulanyp, özüne garaýan gyzy gördi. Onuň gyzdygyny, gelindigini tapawutlandyryp bilmedi. Başynda ak öýmesi bardy. Gyzdyr öýtdi. Onuň nazarynyň ýitiligine haýran galdy. Ol Eşrediň ýykylanyny geň gördümikä ýa-da ýüregi awap seredip durmuka? Gyz agaja dulandy. Ol sazaga dulanan jeren kimin ätiýaçlydy, sarçdy. Ýapyk derwezäniň aňyrsyndan adamlaryň gowry eşidildi. Eşret ýagty ýalançydan el üzdi. Alymerdanyň göreldesine eýerip, Ispendiýar ony adamlaryň eline berse, çydaman diýdi. Soňky gezek töwerege ser galdy, islegi alaşasyny görmekdi, ýalňyz hossary bilen hoşlaşmakdy. Görmedi. Aralykda pagsa haýat bardy. Soňra ol agaja dulanyp duran gyza garady. Ol meniň öljegimi bilýändir diýdi. Ölüme garanlarynda gyzlaryň garaýşy bir meňzeş bolýar. Ol Tylla meňzedi, ol Zyba meňzedi. Ol Ispendiýar begiň gyzyna meňzemedi. Mähremlerini ýatlanda, Eşrediň ýüregi gyýyldy, bogazy doldy. Pelegiň oýny karamdy. Ýagty ýalança inip, ýigit çykyp, bigünä halyňa ýat illerde günäli ýaly ölmek karamdy. Eşrediň bigunedigini şol naçar bir bilsedi! Ýaşulular häli-şindi: «Hossarlaryňy daşyna ýygnap-da, öýüň ortasynda aýagyny uzyn salyp ölmek her kime miýesser etsin, Alla» diýärdiler. Eşret ýaly jahyllara bu sözler garrylygy boýun almakdan üýtgeşik many berenokdy. Dilegiň hakyky manysy oňa häzir ýetişdi. Ol derweze tarap ugranda, diňe agajyň aňyrsyndan garaýan gyz ýadynda galypdy, başga zady unudypdy. Gyzyň görejiniň ýitiligi, Eşrediň täleýiniň tersligini habar beren eken. Eşret howludan çykan dessine, ýigrençden gözleri gyzaran adamlaryň penjesine düşerin öýdüp barýardy. Olar Eşredi basalap, depgiläp, para-para etmelidi. Emma howludan çykanda, gözüniň görýänine özi ynanmady, haýran bolup durdy. Adamlar gowur turuzdylar. Ýalyn çabraýan dek ýüzlerini tutdular. Aýal-erkek diýmän, başlaryna örtünjek atdylar. Märeke ätiýaç bilen dymdy, galmagal ýatdy. Eşret olara tarap ädim ätdigi, märeke basga düşüp gaçaýjak ýaly, gülkünç bir ýagdaý döredi. Ol bu oýna düşünmedi. Bu oýun Ispendiýar begiň oýnudyr diýdi. Düşünmedik ýeke ol däldi, öňde hatar duran çagalar-da, ene-atalarynyň bolşuna geň galdylar. Bu ahwalatyň sebäbini Eşrediň keşbinden görjek bolýan ýaly, ona mölterilip seretdiler. Eşret güldi. – Erkek adam gelende, aýallar ýüzüni ýapsa ýagşy, erkeklere ne döw urdy!.. Ispendiýar beg göwnühoş ýylgyryp, Eşrede garady, sesini çykarmady. Eşrede türkmen dilinde jogap berdiler. – Bi milletiň gözüne sen käpir bolup göründiň. – Türkmençe geplän adam Eşrediň bäş ädim gapdalynda durdy. – Olar seni adamdyr öýdenoklar, Ibisdir öýdýärler. – Ýaşuly, siz türkmen ýaly-la? Ýaşulynyň ýygyrt basan ýüzünde ajy ýylgyrma peýda boldy. Onuň üsti-başy duranlaryňkydan tapawutlanmasa-da, bolşunda tapawut duýdurýardy, garaýşy ýowuzdy, bolşy wajypdy. – Türkmeniň arasynda köp ýaşadym. – Gul bolup düşdünizmi? – Siziňki şol bir heň-dä. – Ýaşuly gaşlaryny çytdy. – Hökman gul bolup düşmelimi. – Täsin göräýmeli, gepleýşiňizde türkmenden tapawut ýok... Ýaşuly, men käpir däl-ä, men türkmen, musulman. Düşündir bulara. – Düşünmezler. Sen musulman-da bolsaň, sünni. Bular seni käpir diýip bilýärler. Olar seniň demiňi, garaýşyňy bihal görýärler. Şol sebäbe ýüzlerini ýapýarlar, öwredilişi şeýle. Ispendiýar beg gürrüňiň uzaga çekmeginden howatyr eden bolsa gerek, ýaşula jabjynyp bir zat diýdi. Ýaşuly geplemedi. Eşrediň sowaly gursagynda galdy: «Onda Ispendiýar beg näme sebäbi ýüzuni örtenok? Gotur pürsiýanyň-da ýüzi açyk. Düzgün ýaşulynyň özüne degişli dälmikä?...» Eşret örtük astyndan adamlaryň özüne seredýänini duýýardy. Olaryn gözüne Iblis bolup görünýändigine ynanmady. Bu taýda ynançdan beter Ispendiýar begiň guran oýny wajypdy. Ýüzi örtükli adamlar begiň islegine tabyndylar. Ispendiýar beg wajyp oýnuny dowam etdi, bogazyna bat berip gepledi, haýbat atdy. Eşret onuň ýeke sözüne-de düşünmedi, oňly zat aýtmaýandygyna ynamy bardy. Ol üns bermeýän kişi hökmünde peslikdäki juügä, ilerdäki daglara seretdi. Dereleriň ýüzüni ýeňiljek duman tutupdyr. Asman arassady, binýady berk daglaryň süňňünde belentlik, buýsançly rahatlyk duýulýardy. Daglardaky rahatlyk bu adamlaryň galmagalyny püçege çykardy, manysyz, maýda dawa öwürdi. Belent daglaryň garşysynda Ispendiýar begiň döşüni gaýşardyp, hemle uran bolmasy Eşrede gülkünç, düýelä it üýren ýalydy. Eşret bu deneşdirmä ýylgyrdy, onuň ýylgyranyny Ispendiýar beg gördi. Ol uly göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen gelip, Eşrediň telpegine ýapyşdy, sypyrdy. Ýalanaç kelleden gözüni aýyrman bir zatlar diýdi, öz diýen sözüne özi hezil edip güldi. Töwerekdäkiler hem güldi. Ispendiýaryň porsy demi Eşrediň ýüzüne urdy. Ýaşuly onuň pikirini beýan etdiz – «Bularyň telpeginiň ululygyna seretmäň, akyly kiçidir diýýär. Bi süýri kelle akyl üçin berilmändir, uly telpegi geýdirmek üçin berlipdir». Sen, ýigit, gaýtawul berjek bolma-da, ümsüm duruber, ölümden başyňy gutar. Eşret ýaşulynyň pendini tutdy. Ýüzleri örtükli durmak adamlary ýadatdy. Käbiri örtügiň gyrasyndan gözüni görkezdi, käbiri usul bilen ony aýyrdy. Ispendiýar beg kellesine urlan ýaly gepleýärdi. Ol ýene Göroglynyň adyny agzady. Eşret düşündir diýen manyda ýaşula garady. Ispendiýar beg onuň islegini aňdy, sözüne dyngy berdi. Ýaşuly düşündirdi: – Begiň sözüne görä, türkmenler iki ýüzli, iki gepli bolup çykýar. Bularyň serdary iki ýüzli adam bolan, onuň adyna Görogly diýýärler. Anha, şol Görogly: «Men sünnüdirin» diýip gygyrýar, özi-de Alyny pir tutunýar. Sünnüler hezret Alynyň duşmany, dinden çykan käpir. Sünnüler hezret Alyny öldürdi, sünnüler ymam Hüseýni öldürdi. – Ýaşuly, Göroglynyň duşmany gyzylbaş... – Ýigit, akylyň bar bolsa, geplemän dur. Aýdýan sözüne Ispendiýar begiň özi-de düşünip baranok. Dawa tutma, seni öldürerler. Soňabaka Ispendiýar beg sözüni daglara ýüzlenip aýdýan şekilde, döşüni gaýşardyp, has gaty gygyrdy. Eşret ony kerwene üýrýän gaharjaň ite meňzetdi. It kerweni saklap bilmese-de, obany örüzýärdi. Bu taýda-da şona meňzeş ýagdaý deredi. Ispendiýar begiň sesi märekä meçew berdi, häliden ätiýaçly görnen adamlar, hamala, hezret Alyny öldüren ganhoryň özüni görýän ýaly, oňa gazap hem ýigrenç bilen seretdiler. Eşret ýene ölüm howpuny duýdy. Başyndaky örtügi ýeňsä serpip, goly zynjyrly adama topulmaga taýýar ýüzleri görende, Eşret aşaklyk bilen ýaşula tarap garady. Ýaşulynyň gussaly gözlerinde hem alaçsyzlyk, kem duýgudaşlyk alamaty bardy. Ispendiýar begiň sesi märekäni barha gyzdyrdy. Onuň bolşunda galmagal bilen harydyna hyrydar tapjak bolýan söwdagäriň yhlasy bardy. Has dogrusy, ol ýat ile düşen ötegçä obanyň itlerini küşgürýän haramzada meňzedi. Çagalary märekeden gyra kowdular. Eşret daglara garady. Daglaryň rahatlygyna geň galdy, ol rahatlykdan aldaw duýdy. Öz obasyndan alysda görünýän ýalaňaç daglar-da, häzir görer göze asudadyr. Hä diýmän Eşret zora, basga çydaman amanadyny tabşyrar. Tabşyrsa tabşyrypdyr-da, daglar muny aňmaz. Çünki olar adam ganynyň dökülýänini göre-göre gelýärler, eýsem-de bolsa, belentligiçe buýsanyp, adamy äsgerenoklar, äsgerse, kiçelerin öýdýärler. Eşret ýat ilde öljegine ökündi. _______________ 1 Çyk, çyk, jögi haramzada (parsça). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |