18:18 Gara ýyldyrym -18/ romanyň dowamy | |
18.
Taryhy proza
Aýhan türkmeniň asly gelip çykyşyndan gürrüň gozganda, türkmeniň asly Oguzhandyr diýerdi. Onuň haçan ýaşap geçendigini anyk aýtmazdy, gadym zamanda diýerdi. Gadym zamanda tekeleriň asly – salyr ili Altaý diýen ýurtda ýaşanmyş. Sümme tokaýlarda, dereleri göm-gök daglarda sugun awlapdyrlar. Altaý ýurdy Buharadan aňyrda alty aýlyk ýolmuş. Türkmenler tuük kowmuna degişlidir. Türküň asly börini emip ulalandyr. Türkmeniň ganynda-da möjegiň gany bolmaly diýerdi. Möjegiň çydamy itiňkiden-de zyýat. Eşret: «Pürsiýanlaryň gözüne biz möjek bolup görünýäs» diýdi. Ol özüni näme deňese-de, garaz, ölmän galanyna, deminiň bardygyna geň galdy. Haçan çukura taşlanyp gidilenini-de bilenokdy. Entek depeden ýagty düşýärdi, gün ýaşan däldir, ýaşan-da bolsa, garaňky düşen däldir. Gün ýaşdy-ýaşmady, saňa näme dahyly bar. Onuň paýhasy haýal işleýärdi, pikirini ýitirýärdi, ol uka giden ýaly boldy. Ol birden çaşyp ýatan ak süňklere tarap okdurylyp barýan möjekleri görýärdi, olaryň goýun däldigine geň galýardy. Birdenkä-de Aýhanyň parahat ýüzi peýda bolýardy. Ol gürrüň berýärdi, Eşret onuň sözlerini eşidýärdi: «Adam günüň birinji ýarymynda möjek görse, ikinji ýarymynda tilki görse, ol adamyň işi onyn bolarmyş». Eşret sözleri eşitse-de, onuň manysyny seljerip bilenokdy. «Bizi möjekdir öýdýärler...». Möjek däldigini aýdasy gelýärdi, ýöne mejalsyz gözleriniň ysgynsyz ýumulmagy bilen islegini unudýardy. Ol eliniň-aýagynyň gymyldysyny duýsa-da, süňňüniň tutuşlygyny duýanokdy. Üstüne topulyp gelýän adamlar onuň on iki sünnüni biri-birinden sogrup taşlapdylar. Göroglynyň kyrk ýerinden ýara düşse-de, ýyldyz görende biter ekeni. Çukuryň içinden ýyldyz görüp bilmejegine Eşrediň paýhasy ýetdi. Gynanmady. Ol özüne-de, töwerege-de biperwaýdy. Huşunyň gelip-gidip durmasy, gymyldysyz ýatmagy sünnüne ýakymly asudalyk, beýnisine süýji rahatlyk berýärdi. Ol entek sowuk daşyň üstünde ýatandygyny-da duýanokdy. Agyry-da, açlygyň derdeseri-de ýokdy. Eşret huşuna gelip, süňňünde agyry duýanda, geň galmaly zat, dädesiniň ölümi hakydasyna geldi. Mana düşýän oglandy, aýdylýan sözler ýadynda galypdy. Tagan molla öleniň jaýynyn jennetdedigini aýdyp, dady-perýat aglap oturan adamlary köşeşdirjek bolýardy, «Gurban alamana gidip, gara nebsiniň pidasy bolmandyr. Onuň ýagşy niýeti bar ekeni. Käpirleri pygamberiň ýoluna salmakçy bolupdyr. Pürsiýanlar, gyzylbaşlar, şyga ýoluny tutýandyr. Bu ýol Muhammet pygamberiň keramatly ýoluna tersdir. Goçandyň şygalary käpire laýyk iş görüpdirler. Bedroý garantga ýasapdyrlar, adam şekilli yşarata ýabynyň guýrugyny oturdypdyrlar. Hakyň gazabyna duçar bolmuşlar, uly ile jar çekdirip, bedroý garantgany görkezip, «ine, şü şumroý Omar bolmaly» diýipdirler. Keramatly çaryýaryň biri Omardyr. Akylda-paýhasda, suhangöýlükde Omara taý ýokdur. Käpirler garantgany eşege ters oturdanlar, saz-söhbet bilen şähere aýlapdyrlar, ýüzüne tüýküripdirler, daşlapdyrlar. Käpiriň etjek işi. Käpire rehim bolmaz, käpire zorluk edeni Alla ýalkar. Sahyt, seniň ogluň Hakyň ýoluny tutdy. Eşret, seniň dädeň din-imanyň goragyn-da janyny gurban etdi». Eşret Tagan molla ynanýardy. Eger häzir özi öläý-se-de, behişte barjagyna şübhe etmedi. Bular käpir, käpir bolmasalar bigünäni horlamazdylar, men bigüne diýdi. Ispendiýar beg akmak adam, ýaşuly dogry aýtdy: diýýän sözleriniň manysyna onuň özi düşünenok. Aýhan: «Hezreti Aly Muhammet pygamberiň gyzy Patma öýlenendir, olar garyndaşdyr» diýýär. Tagan molla gyzylbaşyň ýoly pygamberiň ýoluna ters gelýär» diýdi. Bular pygamberiň ýoluna garşy bolsalar, näme sebäbe hezret Alyny ýaran tutunýarlar? Gör-le bulary, hezret Alyny öz taraplaryna geçirenleri bilen oňman, Görogly begi-de gyzylbaşa ýaran etjek bolýarlar. Ä-äý, siziň bir... Çukuryň içinde bir jürdek suw, el ýaly gaty çörek goýup gidipdirler. Çaky, bular Eşrediň aç ölmegini islänoklar. Ispendiýar begiň oýny gutarmadyk bolmaga çemeli. Çeşme suwuny içende, azarly bedene mylaýymlyk aralaşdy. Eşrediň paýhasy durlandy. Ispendiýar beg: «Sünnüler hezret Alyny öldürdi» diýäýdi-le? Bu günä biçak çökderdi. Ýa-da türkmenleri ýigrendirmek üçin agzyna gelenini aýdaýdymyka?.. Akmak beg ölümiň gürrüňini edýär, heý, musulman bendesi çaryýarlar babatda müňkürlik etmäge töwekgellik edip bilermi diý. Görogly begi pirinden azaşdyrmak isläp, duşmanyň ýüz urýan şyltagyna, bak, sen! Diline bismil çyksyn, ýüzüň tersine öwrülsin, haram beg! Her näme diýse-de, Eşret arkaýynlaşyp bilmedi. Akylynyň çatmaýan meselesi bardy. Ol gözüniň görüp, gulagynyň eşideninden mysal tutdy. Tagan molla ol ýerde şaýylara käpir diýýär, Ispendiýar beg bu taýda süňňülere käpir diýýär. Iki tarap-da musulman, iki tarapyň-da Allasy bir. Barça musulman çaryýarlaryň keramatyna boýun synyp, olara söýgi bilen garamazmy? Şaýylar keramatly Omary masgara etseler-de, sünnüleriň Hezret Alyny öldürenlerine Eşret ynananok, ynananok! Bu taýda düşünişmezlik bardyr. Adamyň tekepbirligi, men-menligi birek-birek bilen düşünişmäge päsgel berýär. Her kim öz göwnüne osýar, her kim öz isleginiň ýesiri. Gör-ä, ele düşeli pursatyndan Eşredi gul, ýesir saýdylar. Hiç kim onuň kimdigini bilmek islänok, onuň sözüne-de gulak asýan ýok. Ispendiýar bolsa, iliniň öňünde Eşredi käpir diýip jar edýär. Bi musulmana gelişýän ýagdaýmy diý! Eşret kemsindi. Emma bu kemsinme Ispendiýar begiň sütemi zerarly ýaňy döremändi. Onuň köki başgady, könedi. Dädesi Galkan batyryň yzyna düşüp, ilkinji gezek alamana gidende ölüp geldi. Olar parahat oturan iliň üstüne çozmaga-da ýetişmändirler. Olary duýupdyrlar. Dädesi pahyr bigünäni daňmaga, ok atmaga ýetişmändir. Öň alamana gidip, gül-gyrnak getirenler diri geldi, alamany pişesine öwren Galkan batyr diri geldi. Ýeke-täk ölen Eşrediň dädesi. Eşret kemsindi. Häzirki horluga duçar bolar ýaly, Eşrediň günäsi näme! Ony başgalaryň günäsi üçin horlaýarlar. Ol, meniň täleýim ýaman ekeni, dädemiň täleýi maňa-da miýesser eden bolmaga çemeli diýýärdi. Çukuryň içine tümlük aralaşdy. Wagtal-wagtal pesdäki obadan itleriň sesi gelýärdi. Çukuryň agzynda daňlan goňur köpekden ses çykanokdy. Depäniň üstünde, begiň galasynda, begiň ýesirini saklap ýatan it, haýwan-da bolsa, mertebesiniň belentligine düşünýändir. Asyl garamaýagyň itlerine jogap gaýtarasy gelenok. Eýesiniň gylygyny alandyr. Diliniň ýoklugyny şükür et, dili bolan bolsa, ýene ýatmazdy, çukuryň agzyndan garap, «Sen käpir» diýerdi. Ýatakdan kämahal gäwüş gaýtarýan sygryň myşyldysy eşidilýärdi. Atlar toýnagyny ýere uranda, çukuryň düýbünde sarsgyna meňzeş ýaň emele gälýärdi. Şonda Eşret alaşasyny ýatlaýardy. Janawaryň ýoguna ýanaýdylarmyka? Bag tarapdan eşidilýän mör-möjegiň sesi sazlaşyklydy, gijäniň uzynlygyny ölçeýen ýaly irginsizdi. Çukuryň içine bir zat patlap düşdi. Eşret depesine garap diňşirgendi. It üýrmedi. Hamana, biri çukurda oturan adamyň bolşuny synlap duran ýaly, dartgynly ümsümlik dowam etdi. Eşret alamat görmedi. Soňra ýakymsyz pikir göwnüne geldi: mör-möjek düşäýdimikä? Ýylan zyňan bolmasynlar? Ol çukuryň içine diň saldy. Janly zadyň gymyldysy duýulmalydy. Duýmady. Duýmasa-da arkaýynlaşyp bilmedi. Anyklap dynaýmasa arkaýynlaşjak hem däldi. Depede hereket bar ýaly boldy. Kimdir biriniň dem alýanyny duýdy. Usul bilen aýak üstüne galyp, seretmekçidi, onda-da dyzlary saňňyldap, gözi garaňkyrap, tas ýykylypdy. Daş diwara söýenip durşuna, ýat adam gelen bolsa, it üýrerdi diýdi. Özüne tarap süýşüp ugran ýylanyň aýylganç kellesi göz önünden aýrylanokdy. Ol beýle şumluga garaşmandy. Çukuryň içinde ýylanyň bardygyna ynanmak ajal bilen ikiçäk galmakdy. Eşret din salyp durdy. Göwresini ýere goýbermäge ýaýdandy. Gymyldynyň bardygyny duýmady. Soňra suwly küýzäniň bokurdagyndan tutup, ony usul bilen çukuryň düýbünde gezdirip başlady. Patdyldynyň çykan ýerine gönügdi. Eşret eliniň sandyraýanyny duýdy, ýüreginiň urgusyny eşitdi. Ol ýylandan gorkýardy. Onuň sowuk bedeni Eşrediň gözüne hemişe ajalyň alamaty bolup görünýärdi. Ýylanyň adamdan gaçýandygy çöl ýerinde kalbyna giňlik salýan-da bolsa, häzir dünýä daralyp, bir çukuryň içine öwrüldi. Küýzäniň düýbi ýumry zada degdi. Ýumşakdy, gymyldy, duýmady. Patlap düşen zat düwünçek ekeni. Düwünçegi açanda, eli ýyly çörege degdi. Burnuna etiň ýakymly ysy urdy. Gaýnadylan ýumruk ýaly jylka etiň ýylysy gitmändir. Ony ýukajyk çöregiň arasyna salypdyrlar. Bu gotur pürsiýanyň işidir, kesekini gapydaky it golaýa goýbermezdi. Eşrediň ýagdaýyna ýüregi awandyr. Onuň gözlerinde merhemet bar, ol zalyma meňzänok. Pahyr gorkýandyr, Eşrede bildirmegi-de ahmal görendir. Eşret ýyly çörek bilen ýumşak eti işdämen çeýnäp oturyşyna dünýäde entek rehimdar adamlaryň bardygyna şükür etdi. Adam adama rehim etmese, bu ýalançyda ýaşap bolarmy diý. Her kim ýagty ýalançyda bäş gün ýaşajak. Iline-gününe, ogluna-gyzyna guwanjak. Baky berlen zat ýok. Bir ejiziň janyna kast edeniň bilen, onuň ömri saňa berlenok. Her kim özüne goýberlen möhleti ýaşaýar. Belki, hälki ýaşuly azara galyp ýörendir? Gotur pürsiýana, şu düwünçegi gowşur diýen bolsa bildiňmi! Onuň özüniň gelmedig-ä belli zat. Neneňsi ýagdaý bolan-da bolsa, gotur pürsiýanyň zanny düzüw adamdygyny boýun almaly bolar. Ertesi gotur pürsiýan Eşredi aýak ýoluna alyp çykdy. Eşret onuň bolşundan, ýüz-gözünden üýtgeşik alamat duýmady. Ol bendiniň ýüzüne-de garanokdy, garaýsa, Eşret minnetdarlygyny duýdurar, töwerekden seredene gizlin, hatarly işi aýan eder diýen ätiýaçda bolmagy-da ähtimaldyr. Eşret bagyň içinde duran gyzy gördi. Onuň eginbaşy, garaýşy üýtgemändir. Ol eli-aýagy zynjyrly adamy ilkinji gezek görýän ýaly, birgeňsi seredip durdy. Eşret: «Bu pahyr meniň diri galanymy geň görýändir» diýdi. Ol bu gün agajyň aňyrsyna dulanjak bolmady. Onuň seredişinde, bolup durşunda göz-görtele aç-açanlyk bardy. Golaý-goltumda adam-gara görünmedi. Bagyň demirgazyk ýakasynda, howlynyň belent diwaryna ýelmeşip oturan, depesi gümmezli, hüjrä meňzeş jaýlaryň gapysy ýapykdy. Günorta tarapky aşhanadan tüsse çykýardy. Ispendiýar begiň jaýy aşhanadan aňyrda bolsa gerek. Bagdaky agaçlaryň ak güli belent haýatly, agyr derwezeli galanyň içine ýeňillik berýärdi. Howanyň tämizligi çölüň ertir çagyny Eşrediň göz önüne getirdi. Ýylakly meýdan gök salýandyr, gülälekler açylandyr. Galanyň içi dar göründi. Agyr derweze ýigrenç bilen garady. Takyr düzi, giň çöli küýsedi. Ispendiýar begiň galasy gabyr bolup göründi. Baryp ýene ýigrenji çukura girmek juda agyrdy. Başy ak öýmeli gyzyň erjellik bilen seredip durmasy, birden onuň gaharyny getirdi. Elini silkdi, aýagyny ýere urdy. Zynjyryň şakyrdysy gotur pürsiýany gorkuzdy. Bilindeki pyçagyny ýalaňaçlap, oda-köze düşdi. Eşret agaçlaryň arasy bilen gaýdyrylyp barýan ak öýmäni görüp galdy. Güldi. Gotur pürsiýan onuň ýeňsesinden itdi. Hemle atdy, emma bokurdagyndaky hygyldy onuň hemlesine zeýrenç äheňini berdi. Eşret gyzy ürküzenine ökündi. Gotur pürsiýandan gaýry onuň golaýyna gelýän ýokdy. Iki gün gyz görünmedi, üçünji gün ol ýene bagyň içinde peýda boldy. Eşret bu gün has daşda, özi-de birinji gündäki ýaly agaja dulanyp garaýan gyza bakyp ýylgyrdy, öwran-öwran ýylgyrdy. «Seret, keýpden çyk – diýdi. – Türkmen diýilse, sen manlaýy şahly albassy görjeksiň». Eşrediň ukusy gaçdy. Ol Ispendiýar begiň matlabyndan bihabardy, jany ýanýardy. Ispendiýar beg onuň ölumine garaşýarmyka? Onda näme sebäbe ony adamlaryň elinden alypdyr? Matlabyny aýan etsedi! Eşrediň diline düşünýän adam bardy, ýaşuluny çagyraýmalydy. Ýassynlar ýene çukuryň, içine patlap zat düşdi. Eşret düwünçegi almanka depesine garap: – Kim, how, sen? – diýdi. Jogap bolmady. Aýak sesi, gymyldy eşidilmedi. Bu sapar gowurlan eti ýuka çörege dolapdyrlar. Ertesi Eşret minnetdarlygyny duýdurmak maksady bilen gotur pürsiýanyň ýüzüne çiňerlip seretdi. Pürsiýan ona üns bermedi. Eşrediň pikiri üýtgedi. «Munuň habary ýok ýaly-la» diýdi. Gizlin iş oňat gyzyk berdi. Näme-de bolsa, bir zady bilmäge höwesi artdy. Eger anygyna ýetip, ýagşylyň edýän adam bilen ýüzbe-ýüz bolup bolsa, surnukdyryjy. umytsyz günlere umyt ýeli çalaýjak ýalydy. Ýaşuly onuň göz önünden gidenokdy. Ol ýaşula garaşýardy. Ahyr bir gün onuň gep ataryna garaşýardy. Ýaşuly geler, duýdurmaýanynyň sebäbi bardyr, biraz ysgyna gelsin diýýändir. Adam ölmese, ysgyna-da geler, Hudaý işini oň etse, dowzahdan-da sypar. Çukuryň içine düşeli bäri, Eşret ilkinji gezek ölmän galanyna şükür etdi. Iki gün geçdi. Gotur pürsiýan ony aýak ýoluna alyp çykdy, ýöne çukura dolamady. Galanyň daşynda olara ýaşuly garaşyp duran ekeni. – Begden diläp aldym seni – diýdi. – Çukurda bihuda ýatmakdan saňa ne peýda, kömek etsin, döw ýaly jany bar diýdim. Gaçsaň tutarlar, seni öldürerler, meni ýenjerler. Akyllyja bolgunyň, saňa kepil geçendirin. Eşret razylygyny duýdurýan şekilde ýylgyrdy. Ýaşulynyň gaşlary çytyldy. Onuň ýüzi agyrdy. Ýokarky gabaklarynyň pökgerip, gözüniň üstüne abanyp durmasy agyrlygy has-da artdyrýardy. Duluklary owurdyna çöken-de bolsa, ondan horlugyň alamaty duýlanokdy, garrylykdy. Sakgaly çaldy, seýrekdi. Murtunyň iki çeti goýberilip, ortasy syrylandy. Burny uly däldi, gönümeldi, üstünde takyr ýere gögeren çigildem ýaly iki sany ýogyn gyl gyşaryp ýatyrdy. Alyn dişleriniň ýokarky hatary abatdy, aşakysy ýumurlandy. Ol gulagy ýapryk, pessejik ýabysyna münüp, ýüzüni ilerki daglara tarap tutdy. Gapdaly bilen zynjyrlaryny şakyrdadyp, aýakýalaň Eşret ugrady. Gotur pürsiýan olardan galmady. Galadan aşak, eňňidiň ugrunda oba ýerleşýärdi. Obadan aňyrdaky meýdan tekizdi, jülgäniň içine ýaýrap gidýärdi. Olar oba girmediler, gapdalyndan geçdiler. Soňra ýapyýokary galyp başladylar. Ýokary galdygysça, jülgäniň, ugry mesaňa mälim göründi. Demirgazykdan uzalyp gelýän jülge oba ýetip, ýokary tarapa böwür berýärdi. Käriz guýylarynyň hatary başlandy. Belentden jülgä gaýdýan suwuň şaggyldysy eşidilýärdi. Ýaşuly: – Bi käriz Ispendiýaryň atasyndan galypdyr – diýdi. – Meniň atama Feridun diýer ekenler, şol pahyryň gazan kärizidir. Feridunyň ogly Faramaz, ol-da dedesi ýaly ökde kärizgen bolan. Faramazyň ogluna Ryza diýýärler. Ryza diýýänleri mendirin. Dädem bilen Durun sebitlerinde köp ýyl işlendirin. Bäş-alty ýyllykda garadaşlylardan çakylyk geldi, gitmedim. Özleri-de tekelerden ätiýaçly ekeni. Teke golaý baran bolsa, ýemrelä-de, garadaşla-da ýazylganlyk bolmaz. Sen türkmeniň haýsy ilinden bolarsyn? – Tekeden, Ryza aga. Ryza ýabysynyň başyny çekip, Eşrede ýiti-ýiti garady, gabaklary has-da pökgeren ýaly göründi. – Siz çarwa taýpa, häsiýetiňiz malyňyzyň häsiýetine çalym edýär. – Mal eýesine meňzeýändir, ýaşuly. – Gyltyma kowalaşýan mal ýaly, eňen ugruňyza gidersiňiz, sizi saklamak kyndyr. Ol uýany silkdi, ýaby janawar juda höwessiz ýöredi. Eşrediň el-aýagyny zynjyrdan boşatdylar. Egnine tüýli deriden tikilen keltekçeni geýdirdiler. Ryzanyň yzyndan dikana1 salladylar. Urgan saralan çarhy iki sany ýaş pürsiýan aýlaýardy. «Çukury biçem görýärdiň, Eşret, indi ýeriň teýine girmeli bolduň». Dikana dardy ahmal bolsaň gyýçak-gyýçak daşlar bir ýeriňi gyýjakdy. Iň ýamany-da, sähel sallananda ýokardan düşýän ýagtylyk ýitdi, dikananyň içi tümlüge gaplandy. Eşret diňe aşak sallanýanyny duýdy. Gymyldamag-a beýlede dursun, dem almaga-da çekindi. Butlaryny atanak halkadan geçiripdi. Halkanyň ýogyn ýüpi göwresini saklaýardy. Ryza oňa aýaklaryny aşak sallap, gymyldysyz gitmegi tabşyrypdy. Aşak, ýokary seretjek bolmagyn, maňlaýysy ýa-da ýagyrnyňy dildirersiň diýipdi. Diňe çarhdan çöşlenýän ýüpe bil baglamalydy, onuň düşüş ugry takykdy. Eşret kyrk-elli gulaç diýilýän aralygyň uzak bolýandygyna haýran galdy. Ýalanaç aýaklary dikananyň içiniň barha sowaýandygyny duýdy. Dabany suwa degende tisgindi, ýere direlende ýüregi ýerine geldi. Gapdalyndan şemiň ölügsi ýagtysy düşýärdi, Ryza garaşyp duran ekeni. – Gumdaky guýa girip görüpmidin? – Ýok. – O guýylar ahmaldyr. Arkaýyn bol, gorkma, daşly ýer ygtybarlydyr. Elin, aýagyň abatmy?.. Seni hammal ýüpsüz goýberäýipdirler. Hä-äk... Ryza öz dilinde käýindi. Ol hammal ýüpüň nämedigini Eşrede düşündirjek bolup durmady. Eşret oňa soň düşündi. Adam dikana sallananda esasy ýüpüň gapdalyndan ätiýaç üçin ýene bir ýüp bile daňylýan ekeni. Suwuň akyşy batlydy, sowuk däldi. Söwüň1 ugrundan biraz eglip ýöremelidi. Daşly gatlaklar töwerekden süsňeşip gelýän ýaly, Eşrediň dünýäsini juda daraltdy. Ýagty ýalançy bilen ara kesildi duruberdi. Çarhy aýlaýanlara onuň gözi gitdi. Adam ölse-de, açyk asmana garap ölse ýagşy. Gumda gazylýan çuň guýylaryň duýdansyz ýumrulyp, ussalaryň ýedi gat ýeriň aşagynda galýan pursatlaryny gürrüň ederdiler. Şol howpuň nähili aýylgançdygyna Eşret häzir düşündi. Olar ser söwden gapdala sowuldylar. Bu ýer suwsuzdy. Gapdaldan urgynyň sesi, daşyň şagyrdysy eşidildi. Iki adamyň sudury göründi. Ryza Eşrediň etmeli işini düşündirdi. Ýer köwýänler daşly gumy sanaç torba salýardylar, şolary dikana çenli daşap, çarh bilen ýokary ugratmak Eşrediň işidi. Güýmenje tapynandanmy, ol önki ýaly sereden künjünden howpuň wehimini duýup durmady. Ryza: – Kyrk ýyl bäri ýeriň teýinde işläp ýörün – diýdi .– Allaha şükür, häli-häzire deňiç penasynda saklaýar. – Eşret onuň magtanmak üçin aýtmanyna düşündi, Eşredi arkaýynlaşdyrjak bolýardy. – Gözler biraz könelişjek bolýar, atam pahyryň-da ölmänkä gözi gidipdi. Hudaý gowusyny etsin özi. Dikanadan çykanda, mahaly bilen Eşrediň gözi ýagty ýalança öwrenişmedi. Garaşyp oturmadan halys ýadan gotur pürsiýan salymyny bermän, onuň elini-aýagyny zynjyra baglady. Eşret çyg ornan bedenine Gün şöhlesiniň ýakymly täsirini duýdy. Garagajyň saýasyna çagyrylmany üçin kemsinmedi. El ýaly arpa çörek bilen gaýnadylan tüwini howlukman iýdi. Doýmady. «Doýduňmy?» diýip hiç kim soramady. Ol diňe ýene ýeriň aşagyna girmekden ýaýdandy. Açyk asman, ýalançynyň giňligi ýaşaýşyň arzysyny artdyrdy. Ol çöli, obasyny, dogan-garyndaşyny, Zybany ýatlady. Häzir olara ýetmegiň arzuwyna maýyl bolmady, olaryň dünýä ýüzünde bardygyna, özüniň diridigine şükür etdi. Diri ýiten adamyň yzynda olaryň hasrat çekýändigine-de gynanjak bolmady. Eşrediň aýatda diriligi Hudaýa edilýän alkyşyň ýerine düşdügidi. Olar Gün ýaşmazyndan öninçä gala tarap gaýtdylar. Ryza özünden-de ýadaw görünýän ýabysynyň üstünde sesini çykarman tüňňerilip otyrdy. Eşret ona söz gatdy: – Bu dünýäde adam ogly mugtuna kilim kakmajak ekeni. Çukura taşlanýan owkat nä, ýagşylyk edýän kim boldy diýýän. Ýagşylygyň s0ňuny gördük, ýaşuly. – Sana düşünmedim-le, ýigit? Eşrediň bady gaçdy. Birinji gezek «düwünçek Ryzanyň işidir» diýen ynamyna şübhe duýdy. Gürrüňi başga ýana sowdy. – Jaý ýerinde maslahat berilse, ondan zyýat ýagşylyk bolarmy diý. Gany gyzgyn türkmeniň owsaryndan çekdiňiz, ýogsa, enwalla, beg şol gün başyma ýetjek ekeni. – Sen Ispendiýara düşünmänsiň, ýigit. Ryza düşündirjek bolmady, ol ýene tüňňerlip oturyşyna sähel salymdan ýaňky gürrüňi-de, asyl Eşredi-de unudana meňzedi. Eşret: eýse, düwünçegi kim taşlaýarka diýip, çyndan iňkise gitdi. Ispendiýar begiň galasyna ýetip barýarka, birdenkä agaja dulanyp, sarç mal ýaly özüne seredýän ak öýmeli gyz onuň göz öňüne geldi. Eşret tisginip gitdi. _______________ 1 Dikana – käriziň guýusy. 2 Söw – käriziň ugry. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |