13:54 Gara ýyldyrym -4/ romanyň dowamy | |
4.
Taryhy proza
Nobat bir meýdan diňşirgenip oturdy, gabagyny galdyrmady. Soňra agyr derdesere özüni öwrenişdirjek bolýan ýaly: – Bu panydan ýetmedik barmy, ertir gelen agşam gitme bilen – diýdi. Heniz-de agyr kyssany aýtjagyna ynamy ýokdy. Adam derde öwrenişip gidýär, pynhan syryň-da dert kemi ýok. Ol Göroglynyň ölüm kyssasyny öz pynhan syryna öwrüpdi, öwrenişipdi. Onuň derdini gozgadylar. Töwerekdäki ýakymsyz dymyşlykdan özüne garaşylýandygyny duýdy. – Siz meni ejizletmäň, how! Ilerki gara daglaryň daşyny kebzäm bilen daşaýyn, enwalla1, abyrsyz ýükden dyndaryň. Oňa gep gaýtaran bolmady. Adamlar bagşynyň gaýgyly kyssany aýdyp berjegine eýýäm ynanyp otyrdylar. Nobadyň özi-de çykalga galmandygyny aňýardy. Ol delil agtarýardy, henize deňiç il içinde, etmedik işini etmeli boljagyny bilip, ýaýdançdan dynmaga, özüni arkaýynlaşdyrmaga, ynama dolanmaga delil agtarýardy. On iki ýaşly oglanka dädesi ony Kiçi Balkana alyp gidipdi. Çopan goşunda düşläpdiler. Şol gije dädesi çopanlara Görogly begiň ölümini aýdyp beripdi. Dädesiniň aýtmagyna näme sebäp bolduka? Eger şu sowalyň jogaby Nobada aýdyň bolsady, oňa häzir ýeňil düşjekdi. Haýp! Ol ynamsyz başlady. – Gadymy gürrüňçiler şeýle gürrüň berýerler: bir rowaýatda, Görogly beg ömri ahyr bolanda, kyrk ýigdiniden, Öwez oglundan aýryldy – olar mütdeti dolup, kazasy ýeten güni ölüp, sap boldular. Agyr meýlis Göroglynyň üstünden sowuldy. Görogly, Agaýunus, Gülşirin kenizi – üç bolup galdylar. Gyrat diýseň, ol guýrukdan, ýaldan, toýnakdan galyp, onda-munda geziberdi.... Nobat çagalykdan ýadynda galan sözleri gaýtalap otyrka: dädemi diňlän çopanlar bilen bu ýerde oturan adamlaryň derdi bir bolsa gerek diýdi. Derdi meňzeş adamlaryň islegi-de, aýdymy-da meňzeş bolýar. Ol Müňgyşlakdan bäri tebsiräp ýatan suwsuz çölleri, düzleri, daglary göz öňüne getirýär. Ýörelen ýollar, geçilen menziller, taşlanan ýurtlar, mazarystanlar, harabalar... Belli ýerde mekan tutman, göçüp-gonup ýatlamalara alyp gitdi. Ölüm hakdaky agyr _______________ 1 Enwalla – güýçlendiriji many berýär (teke şiwesi). kyssa ony öňki ýaly gorkuzmady. Çagalyk döwründen ara açylanda, iň soňky çäk hökmünde haýsydyr bir anyk pursady göz öňüne getirmek juda kyn düşýär. Nobat şol pursady anyklapdy. Onuň gözüne Balkan daglary seleňläp göründi: Ol hemişe uzakdan görünýän gara daglara höwes bilen garaýardy, arzuwy daglardady. Balkanyň garly depelerinden, ýeňil dumana gaplanan gaýalaryndan, dilkaw bolup gaýdýan jülgelerinden Gyratyny kişňedip Görogly çykar öýdýerdi. Görogly aşakdaky giň sähra göz aýladygy Nobady görmelidi. Ol Nobady görmän, kimi görsün?! Nobat Görogly hakda dädesiniň aýdýan ähli kyssasyny ýatdan bilýärdi. «Görogly meni Gyratyň syrtyna mündürip, şo-ol daglara, Çandibile alyp gider. Çarbaga bararyn, bilbilleriň owazyna gulak asaryn». Ol bilbil diýen guşy görmändi. Nobat on iki ýaşynda daglara, arzuwly mekanyna, Çardagly Çandybile gitdi, ony Gyratly Görogly äkitmedi, dädesiniň baýtalynyň syrtyna münüp gitdi. Güýz günleri, howa maýyl, gurugançylyk, Saralyp ýatan düzlük ýürege düşýär, gutaranok. Nobadyň höwesini artdyrýan ýekeje nyşan bardy: günbatarda daglar seleňläp görünýär. Daglar barha beýgeldi, ýöne golaý baryldygyça, ol yza çekilýän ýalydy. Nobat dädesiniň boltuna geň galdy. «Oglum, seni Çardagly Çandybile alyp barýan» diýmedi. Geplemän otyr, soňabaka elleriniň gymyldysy galdy. Uýany eýeriň gaşyna taşlapdyr, baýtaly öz maýdalyna goýberip, irkilip otyr. Hor baýtalyň syrtynda oturmak duranja jezady. Ir ikindin daga ýetdiler, çopan goşunda düşlediler. Nobat depesine taýak degen ýaly aňalyp galdy. Ýalaňaç gaýalardan gaýry töwerekde göz eglenere zat görmedi, hazan ýeli çalan dek tozap ýatyr. Şemalyň gaýgyly hem ýüregedüşgünç şuwwuldysyndan başga eşidilýän ses ýok. – Däde, Çandybil nirede, hany Çandybil? – He-eý, oglum, sen heniz-de çaga ekeniň – diýip, dädesi onuň başyny sypady. – Zamana biweç boldy, her kim Çardagly Çandybili gözläp ýörendir, oglum. Her kim öz Çandybilini küýseýär, dädeň-de gözläp ýör. Töwrizde häzirbeýjan bagşysyny diňläpdim, olaryň-da Göroglysy bar. Eý, ol bagşy Görogly begiň soňuny oňarmady, owurdyna çekäýesim geldi. «Merde ýaraşjak mert ölümi tapmadyňmy?» diýdim. Ömrüniň ahyrynda Görogly Mekgä, haja gidenmiş. «Kimden eşitdiň?» diýdim. Biz-de Görogla belet, biz-ä haja gidenini bilemzok. Ispihana ýetmänke-de, ýolda namart duşman üstüni gapyl basýar, ilki Gyraty, soňra-da Göroglyny öldürýärler. Görogly ýaragyny taşlajakmy diý, eli ýaragsyz ölmek Görogla ýaraşjakmy diý! Şol gije dädesi çopanlara Göroglynyň ölümini aýdyp berdi. Nobat gözýaşyny gizlemegi başarmady, aglady, her sojanda, gapdala zyňylýan eňegini saklamaga güýji ýetmedi. Onuň agysyny geňlemediler, Görogly kimin merdiň ölümine gözýaş edýän oglana kanagat, buýsanç bilen garadylar. Şol gije Nobat Göroglynyň ölenine ynandy. Eger gara daglara gelmedik bolsady, boş dereleri gözi bilen görmedik bolsady, ynanmazdy. Ýüzüni ýere berip, aglap ýatan oglan gozganman uklap galdy, üstüne oýluk atdylar. Şol gije ol pynhan arzuwy bilen, çagalygy bilen hoşlaşypdy. Belki, dädesi Nobadyň çaga arzuwlaryna belet bolany üçin ony Balkan daglaryna alyp gidendir, Göroglynyň ölümi hakdaky kyssany ýörite aýdyp berendir? Çagalyk möwsüminiň gutarandygyny Nobat duýsun diýendir? Nobat Göroglynyň mert ölümine guwanypdy, eli ýaragly ölmek batyra, merde ýaraşýar. Eýsem-de bolsa, Gyrat nirede, janawar Göroglysyz ýaşarmy? Dädesiniň kyssasyndan ol şu sowalyna jogap tapmandy. Göroglynyň söweşine kellesi aşa gyzygan adamynyň Gyraty unudan bolmagy-da ähtimaldyr. Nobat soramaga çekinipdi. Onuň bu kyssany unudasy gelýärdi. Başarmady. Belki-de, her bagşa ömrüniň dowamynda bir gezek Göroglynyň ölümini aýtmak, adamlara-da şol gaýgyly kyssany bir ýola eşitmek parzdyr diýdi. Nobadyň gözleri ýumuldy. Hyýalynda Çardagly Çandybile gitdi, höwes bilen gitmedi, gaýgy-gam bilen gitdi. Ona hazan ýeli çalan, bazary sowlan Çandybil, ýüz ýigrimi ýaşly, elinden, aýagyndan, bilinden kuwwaty giden Görogly garaşýardy. Ýaşlyk güýjünden bir mahal jyda düşen Görogly bilen çagalyk arzuwlary ertekä öwrülip giden Nobat ýüzbe-ýüz boldy. Olaryň ikisi-de Nobadyň golundaky dutara ýapyşyp söhbete başlady. GÖROGLY: Köne sazyny goluna alyp, damar bilen torlanan bileklerini çyzgap, ýagyrnysyny küýkerdip, uzyn, jowur ak sakgalyny selkildedip, geçen günlerini ýatlady. Kyrk ýigidi, Öwez ogly bilen bada içip, ýomak atyşan sapaly günlerini, billeri bir gysym gözel gyzlar bilen oýnap-gülşen döwranly günlerini ýatlady. Dokuz pilden okuny geçirip döwşen günlerini, gyzylbaşa şir haýbatyny urup, şalaryň alagöz arwatlary bilen guçuşan günlerini, Ýyldyz dagyna awa-şikara çykyp, laçyn salyp, tebil kakyp, şat bolan günlerini ýatlady. Şol sapaly günler ýene dolanaýsady diýip zarlady. NOBAT: Dolanmaz, dolanmaz, Görogly! Bu dünýäde durjak zat ýokdur. Sen Agaýunus periň sözüne gulak as. «Bu ýalan dünýäniň bäş gün-seýrany, göz ýumup-açynçaň ýeter, Görogly, häzir bolgun, ajal gelip, bir gün damagyndan tutar, Görogly». Şeýle bolmasady, Agaýunus peri bu ýalançyny bazygär juwana, gonany göçürip duran bozuk meýdana deňejekmi diý! Pany düne biwepadyr, puçdur! Sen özüňi dirileriň kowmundan hasaplaýarsyň, Görogly. Dokuz aý eneň garnynda ýatyp, soňra ýagty ýalança inip, gözüňi açan günleriň diridiň, Görogly. Bir ýaşyňda ýagşy-ýamany bilmän, ikinde ene-ataňy tanan günleriň, üçüňde dil-zyban berlip, dördünde daş atyşan günleriň diridiň, Görogly. Alty ýaşynda saz bilen kowalaşyp, sekizinde dişiň düşüp, dokuzynda molla salam berip, on birinde döwet galamyny göteren günleriň diridiň, Görogly. On dört ýaşynda başyna heser urup, on bäşiňde gyzlar düýşüňe girip, şolaryň yşgynda joşan günleriň diridiň, Görogly. Ýigrimi ýaşynda syçrap turanda, otuzyňda gylyjyndan ganlar saçanda, çillesi demirden ýaýyny çekip, güýç-gurbatyň hetden aşan günleriň diridiň, Görogly. Kyrk ýaşynda şir kimin arlap ineňde, ellide pil kimin kükräp synanda, altmyşynda toba-tagsyr kylyp, pygamber ýaşyny ýaşan günleriň diridiň, Görogly. Hatarlar içinde esrek ner bolup, agzyňdan ak köpük saçan günleriň diridiň, Görogly beg! Haýp boldy, indi garradyň, möwriti ýeten bossan kysmy guradyň! Garrylyk ölümiň başydyr, Görogly. Baky wat ýokdur, ozalda ýaşaýşyn kadasy şeýledir. Sen geçenlerden misil tut. Ýüz müň pälwany ýeňen kyrk bedewli, agyr gürzüli Rüstem Zal öldi gitdi. Tebipleriň biri, dört mün dört ýüz ýaşan Lukman hekim öldi gitdi. Äleme hökümini ýereden Iskender soltan ajala çäre tapman ahyry öldi gitdi. Tagty asmanda uçan Süleýman öldi gitdi. Bu ýalançyda galjak ýokdur, gamlanma, Görogly! GÖROGLY. Ä-äý, adamyň ýüregi daşdan ýasalmandyr, etden ýasalypdyr, neneň gamlanmajak. Garrasaň, gözüň ukusy gaçýar. Görogly daň saz berende, Agaýunus bilen Gülşirini turuzýar, göwün-islegini beýan edýär: Gyrat meýdana çykmanka, meni daşary alyp çykyň, ahyr demimde Gyratymy göreýin, beýle bir ygtykatly, wepaly janawary görmek haja gidençe sogapdyr. Soňra men meýhana bilen, tagty-saraýym bilen, kyrk ýigidim, Öwez oglum bilen meýlis guran ýerlerim bilen hoşlaşaýyn. Göroglyny, Gyraty il-ulus beýle pes halda görmesin, soňra gideliň, meni Ýyldyz dagynyň bir gowagyna eltip taşlaň, men şol ýerde ölüp, ýitip gideýin. Agaýunus bir goltugyna, Gülşirin bir goltugyna girip, Göroglyny söýgetläp, heremhanadan alyp çykdylar. Daş işige çyksalar, Gyrat hokranyp dur. Göroglyny atynyň ýanyna eltdiler. Görse, Gyratda ne guýruk galypdyr, ne-de ýal, garrap barysy dökülipdir. Gözleriniň owasy çylpyklap, akan ýaşlary tozan bilen gatyşyp, tokga-tokga bolup dur. Gapyrgalary sanabermeli, toýnaklary jaýrylyşyp, döwlüşip gidipdir. Hany, hemişeki gamyşgulak Gyrat?! Dagdan-daşdan heder etmän, Göroglynyň ýalňyz başyna iş düşende, bedewlerden saýlanýan, söweş gurlan ýowuz günde çarp uruban aýlanýan Gyrat nirede? Görogly eňräberdi: «Gyratym, jan Gyratym, seni şeýle perişan halda gören gözlerim çyksyn, men nädeýin, mende ysgyn ýok, sende-de tap ýok». Göroglyny meýhana alyp bardylar. Meýhanada ne meýlis bar, ne saz bar, hiç haýsyndan nam-nyşan ýok. Galanyň içindei tozan turýar. Çarbagy hazan urup, eňňerä dönüpdir, Gyratyň ahyry ýemrilipdir, ýykylypdyr, haraba öwrülipdir. NOBAT. He-eý, Görogly beg, men seniň Çardagly Çandybiliňi Balkan dagynda ýitirdim. Seniň sapaly Ýyldyz dagyňdan bu gün ýylan ýalan gara daşly gaýalar galypdyr. Seniň sowuk suwly çeşmelerin, çaýlaryň kör açypdyr. Köşgi-eýwanyňdan, haýbatly galalarşdan elhenç harabalar galypdyr, olarda baýguşlar mesgen tutupdyr. Salkyn saýaly Çarbagyňa hazan ýeli çalypdyr, bilbiller uçup, dag deresini zag alypdyr, Görogly! Nobat pikir öwürdi: «Däde, agyr kyssany aýdanyňda, Gyrat seniň diliňden uçdy. Gyraty unutdyň, däde. Göroglusyz Gyratyň ýaşamajagyny sen bilýän adam. Gyrat Göroglynyň ganaty, göwre ölenden soň, ganat galmaz. Seniň unudan pursadyňy bu adamlara aýan edäýsem näder, dede? Säher turup, atasyndan soň aty bilen salamlaşýan iliň islegi birle, Gyrat eýesiniň baş ujunda süýnse, gelişmezmi diý!» Nobat gözüni açdy, ýüzlerini asyp oturan adamlary gördi. Gapa golaý ýekedyz oturan ýigit beýleki dyzyna eňegini diräp, başyny galdyrman burnuny çekýerdi. Ýama urlan dyzyny gözýaş ezipdir. Gyralary kertilen şypyrtma telpeginiň aşagyndan ýazgyn, tekiz maňlaýy görünýärdi. Onuň gezlerine garamak Nobada başartmady, gözler gaşlara dulanandy. «Ähtimal, bu ýigit Görogly begiň ölenini ilkinji gezek menden eşidýändir. Aslynda Göroglynyň ölenini il-halkyň bilmezligi gerekdir. Şol zerarly-da bagşylar ony aýtmaga höwesek bolan däldirler. Göroglynyň dörejegine umyt baglap ýörenler il arasynda gytmy eýse. Belki-de, men ajy kyssa bilen adamlaryň umydyny üzýändirin?». Nobat: – Adamlar, bes edeýelin-le şuny – diýdi. Göwnemediler. Nobat göwnüne teselli berdi. Adam aglanda, ýüregini gowzatmasa ynjalanok. Herki zadyň, şatlyk bolsun, gaýgy bolsun, sony bardy. Adamlar orta ýolda saklanmagy halamaýarlar. Ölüm-de her tüýsli bolýar, namart ölüm bar, mert ölüm bar. Göroglynyň ölümi merdiň ölümi. Merdiň ölümini eşitmek adamlary ejizletmez. Merdiň ölümine aglamak aýyp däldir. Sen dogry sözledin, Akmyrat, merdiň ölümine aglap bilýän il, halk mertdir, ony dyza çökermek duşmana başartmaz. Nobat gaýtadan gözüni ýumdy. Görogly begiň kyssasy dowam etdi. GÖROGLY. Indi habary Hüňkär patyşadan eşidiň. Göroglynyň Ýyldyz dagynda ýalňyz ýatany dünýä mälim boldy. Hüňkär bir gün beglerini, serkerdelerini töweregine ýygnap aýtdy: «Eý, begler, serkerdeler, Görogly sünni Ýyldyz dagynda bir gowagy mesgen tutunyp ýatanmyş, şony meniň gaşyma diri getiriň, onuň birnäçe söweş hünärini öwreneliň, soňra hem etini kesip, özüne iýdirip göreliň. Ony şeýle bir gynap öldüreýin, şu güne çenli adam tohumy beýle gynalyp öldürilmedik bolsun, ýaşymyň soňunda içimi bir sowadaýyn» diýip, Hüňkär ýedi serkerdesini birnäçe müň goşuna baş edip, Göroglynyň üstüne iberdi. ADAMLAR. Rum ilinden gaýdan goşunyň howsalasy öýde oturanlara ýetişdi. Suhan gözüni süpürip başyny ýaýkady. – Eýesiz galan Çandybili weýran ederler – diýip, zarlady. – Hüňkäre mert duşman diýmek bolmaz, gepi merdiň gepi däl. Galkan gargynýan ähende: – Türkmeniň ýurduny weýran etmedik barmy! – diýdi. Akmyrat goşuldy. – Wasdan gaýtmaly däl-ä, Wasdan gaýdyp, türkmeniň gören güni ýokdur. Nebir ýurt haraba bolup ýatyr, ýüregim awady gitdi. Galkan gygyrdy. – Sen Wasyň gürrüňini edýärsiň, Çandybil ýumruldy, Görogly öldi! Nobada gulak asyň, aýdyber, Nobat! Nobat Galkanyň pikirini etdi. Bu adamyň maksady nämekä? Ol Görogly begiň ölümini diňleýän-de bolsa, ýekedyz oturan ýigit ýaly gynanyp bilenok, şonda-da gynanjyny oturanlara göz etjek bolýar. Onuň bolşunda gizlin hem ýakymsyz dabara duýdy. GÖROGLY: Hüňkäriň iberen leşgeri Ýyldyz dagyna ýetişipdir, Göroglynyň ýatan gowagyna gaýta-gaýta hüjüm edilýär. Heý, Görogly garradym diýip, duşman öňünde amana geljekmi diý. Ýyldyz görende. kyrk ýarasyndan açylýar, duşman görende, gany gyzyp, gözi gyzaryp, güýji-gurbaty artyp, bolmajysy bolýar. Häzir-de gowagyň agzynda awuny alan bürgüt ýaly gabarylyp otyr, sarsanok. Ýarag esbabyny-da kemsiz dakynypdyr: altyn ýakaly sowut diýjekmi, galkan, şeşper, aýpalta diýjekmi, tylla desseli gazma, düýrme gylyç diýjekmi, garaz, kem zady ýok. Golaý gelen gyzylbaşyň kellesini togalap otyr. Maý tapdygy-da eline sazyny alyp, ner kimi joşup, duşmana haýbat atýar. Gyrata altyn eýer salyp, Çandybiliň deştinde çarh urup, meýdana çykanyny, säpjedip toýlarda sürenini aýdýar. Ä-äý, aýtjak bolsa, Göroglyda söz gytmy Ömür kerweniniň ahyr bolanyna eger-eger gynanok. NOBAT: Sen parasatly ekeniň, Görogly, garrylyk seniň huşuňy almandyr. Bu dünýäniň hiç kime baky berilmändigini, ol dünýä gidenlerden ýekesiniň gaýdyp gelmändigini, gelmejekdigini aýdaňda, sen mamla, Görogly. Namardyň ýüzüniň garadygyny, merdiň sözüniň hakykatdygyny aýdanyňda mamladyň. Sen gerçek kimin ýaşadyň, gerçek kimin-de ölümi garşyladyň. Seni diri ele salyp bilmedik duşman, seni nazarlap, mün şemhaldan ot saçdy. Daglar-daşlar sarsdy, bedeniňe sansyz ýara düşdi. Nobat bir dem sägindi. Gyrata gezek geldi diýdi, Görogly Gyraty ýatlaman ölmez. Däde, seniň hakydaňa gelmedik sözleri men tapdym, oturanlara aýan etmäge rugsat ber, däde!.. Görogly ahyr deminde nagra tartyp, Gyratyny çagyrdy: «Başdaşym, syrdaşym, ýowuz günde wepaly ýoldaşym, Gyrat, gel!» Janawar ýetişmedi. Hüňkäriň leşgeri seniň kelläni alyp ugranda, Gyratyň geldi. Agzyny hatap ýaly açyp, arlap, ýygyna topuldy, kimsini ýykdy, kimsini basdy. Dabrap ýörkä, atdan ýykylan gyzylbaşyň naýzasy göwsünden parran geçdi, janawar ýykylmady, seniň ýatan gowagyňa geldi, kellesiz, gana boýalan läşiňi gördi. El-aýagyňa çenli, boýdan-başa ysgap çykdy, ylla ak süýt berip, kemala getiren ene mysaly, gözünden ajy ýaş döküp, aýylganç-aýylganç kişňedi, çyrpynyp, ganyny tasadyp, dumly-duşa çapdy, daglaryň başyna çykyp kişňedi, derelere düşüp kişňedi. Dolanyp gelip, seniň läşiň üstünde dag-dereleri ýaňlandyryp ýene bir mertebe kişňedi, sesinden dagdaky mör-möjekler amana geldi. Ahy-zaryny iliňe ýetirip, seniň läşiň gapdalynda çabalanyp jan berdi. – Hä-äý, janawar, seniň wepaň adamyňkydan zyýat boldo-oww. – Suhan başyny ýaýkap otyr. – Ägirt wepany haýwanyň kalbyna salan Adam, özüň biwepalygy nireden öwrendiň! ! Nobat birden pikire batdy. Galkan batyr kysmy dyzmaç ýigitler hemişe Görogly begiň söweş edermenligini mazamlaýarlar. Mazamlamaly bolsa, onuň başga-da juda zyýat häsiýetleri köp. Nobat kyssany uzaltdy. Görogly atasy Jygaly begiň wesýetini ýerine salyp ýaşapdyr. Abyrsyz kyn günler başyna düşende-de, ýurduny terk eden däldir. Mertler bilen oturyp, danalara maslahat salandyr, ölinçä bedasyl bilen mähriban bolan ýeri ýokdur. Ýaşululara geňeş edip, ýagşy-ýamana göz ýetirip gezendir, il-halkynyň tutan işinden galyjy bolan däldir. Aja tagam berip, egri gylyja daýanyp ýörse-de, gury agaja nähak gan çalan däldir. Il-halkyny görende şat bolup, geňeş berse, gulak asyp ýaşandyr, bir garyp aglap duran bolsa, ýanynda gülen däldir. Myhmana söwuş edip, mert bilen döwuş edip gezendir, emma hiç mahal gaçany kowan däldir, ejize zulum eden däldir. Nobat kyssany soňlady: – Görgolynyň Agaýunus perisi öz mähremleri bilen Ýyldyz dagyna gelip ýetişdi. Çandybil halky hem oglandan-ula süýşüp gelýär. Görseler, Göroglynyň ýatan gowagynyň agzynda maslykdan minara galypdyr. Görogly kellesiz ýatyr. Başujunda Gyrat gana boýalyp süýnup ýatyr. Ýüz müň ahy-pygan bilen uly il Göroglynyň jynazasyny okap, depin etdiler, Gyraty hem edil adam jaýlan ýaly edip, hormatlap, Göroglynyň ýanynda jaýladylar. Uly il arkadagy bolan gaýduwsyz serkerdeni ýatlap, ýas baglady. Nobat dutaryny gapdala goýdy. Öýüň ýeňsesinden aglaýan gyzyň horkuldysy eşidildi. Hyşy-wyşy köpeldi. Aýak sesleriniň typyrdysy, şaýlaryň şaňňyrdysy gözenekden daşlaşyp gitdi. Içerdäkiler sarsmady. Adatça, kyssany gutaran bagşa sag bolsun aýdylýardy, häzir şony-da etmediler. Galkan: – Eşitdiňizmi, adamlar?! – diýip, burnunyň deşigini ýellendirip gepledi. – Göroglynyň başy kesileni bäri, türkmende-de baş ýok. Suhan: – Hä-äý, özi, kellesi äkidilipdir diýleni geň ekeni. Şunda bir alamat bolmaly. Il-gün aýtmyşlaýyn, Görogly dörejekmiş diýen gürrüň bar-la? Gap dulda, däneli çuwalyň öňünde keserip ýatan köseleç adam gürrüňe goşuldy. – Hünkär-ä döredi, Görogly-da dörejek bolsa döräbermeli. Akmyrat: – Ýüregim bol-a, Taýlak däde! – diýdi. – Nedirguly hanyň Hüňkär kemi ýok, türkmene gelen ýagy. Suhan ýöne oturmady. – Il-gün aýtmyşlaýyn, ol pedernäletiň asly türkmenmiş-ä? – Aslyny ýatlaýan barmy-aýt... it bilen möjegiň-de asly bir. – Galkan, sen haýwandan misil tutma, how, adam aslyny ýatlamasa bolmaz-a. – Otursanaý, Suhan, lokgy-lokgy edip, ýaşulularyň gepini tapmasana, Aslyny agtaryp. Nediriň kalbyna rehim salaryn öýtme, gyzylbaşda rehim bolmaz. – Galkanyň gözleri ýiteldi. – Ed-dil şu mahal Nobat kyssa aýdyp berdi, many alyň şondan. Duşman Göroglynyň kellesini alyp, läşini taşlap gitdi. Ana, şol taşlanan läş – biz! Kellämiz duşman elinde. Bu gün Nedir Hünkär bolýan bolsa, kellämiz Nediriň elinde. Kyssadan many çykaryň-a, adamyň zehinini ýakmaň-a. Nobat jan, ömrüň uzak bolsun, aýdybildiň, düşünjek düşüner. Eňegini dyzyna diräp, kyssa diňlän ýaş ýigit häzir kanagat bilen Galkan batyry diňledi. Galkanyň gözündäki uçgun onuň gözüne geçdi. Ýaş ýigidiň kalby yzgarly toprak bolsa, Galkanyň sözleri şol topraga düşýän tohum dänesidi. Nobadyň kalbyna ýakymsyz agyrlyk çökdi. Orta ýene saçak atyldy. Adamlar öňde goýlan tagama höwessiz garadylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |