08:09 Garañky syrlar / nowella | |
GARAÑKY SYRLAR
Hekaýalar
Synpdaş joralar Nabat bilen Zübeýda çagalaryny çagalar bagyndan alyp gelşine, garşysyndan gelni bilen gelýän obadaşy Nuryny görüp, ikisiniň hem ýüzi poz-ýaz boldy. Olar biri-birleriniň duşyndan geçenlerinden soň, ahyr Zübeýda «ýaryldy»: – Bilýäňmi gyz, mundan dört-bäş ýyl öň Nury bilen aramyzda nam bolup geçdi? – Ýo-ok, näm boldy. – Şu wagta çenli aýtman ýördüm. Indi o günlerden oba göçdi, aýdaýyn. Bilseň, Nabat, şo-ol mekdepde okap ýörän wagtlarymyz Nury seniň yzyňda kä-än köwlenipdi. Ahyr sen oňa razylyk bermän soň, meň daşyma geçdi. Şol wagtyň duýgusydyrda, yzymda selpeý-selpeý özelenip ýörşüne, ahyr ýüregim gyýlyp, razylygymy beripdim. O namart bolsa gullukdan gelip, öýündäkileriň başga birini alyp berjekdigini aýdyp boýun burup dur. O bilen hat alyşyp, iki ýyl garaşan hem bolsam, bolmajagyny bilip, täleýime kaýyl bolup oturyberdim. «Her işde bir haýyr bar» diýleni, Hudaýa şükür, gül ýaly maşgalam bar, şuny bir bir köp görmäwersin!.. Zübeýdanyň «häsini» berip barýan Nabat tas özünden gidipdi… * * * Ene-atasynyň ýyly söýgüsi, gyzgyn mähri bilen saryja gulpajyklaryny tasadyp ýörän Nabat, dokuzynjy synpa baranda has göze görnüp ugrady. Sarymeňiz syrdam gyzy indi görmäge göz gerekdi. Nabady dokuzynjy synpdan günine goýman söz aýdyp ýörän Nury, gyz onunjy synpa geçende, ol mekdebi tamamlady. Nabat: «Indi teşwüşden, ondan gaçgalamakdan dyndym. Basym unudarynam…» diýip arkaýynlaşdy. Gynansagam, Nabadyň bu pikiri hem başa barmady. Nabadyň okuwy çykdygy hökman köçede Nura sataşardy. Nabat eziz görýän esasan iki sany jorasynyň maslahatyna gulak asan ýaly bolsa-da, ol öz ýüreginiň emri bilen Nurynyň sözüni aldy. El tutuşyp indi söýgi sährasyna gadam basan aşyk-magşuklaryň datly günleri uzaga çekmedi. Durmuş Nurynyň ykbalyna özüniň çylşyrymly nowellasyny ýazypdy. Nury Nabadyň razylyk bermejekdigine halys ynanyp başlandan soň, saman astyndan suw goýberip, gyzyň synpdaş jorasy Zübeýadanyň daşynda öwrükläp başlapdy. Zübeýda ilki-ilki ýüz sowsa-da oglanyň görmegeýligi onuň doňuny ýumşadypdy. Zübeýda bilen duşuşmak kyn bolansoň, bir günem, Nury hat ýazyp, Zübeýda gowşuryp bermegi dostundan haýyş etdi. Hatynda Zübeýda ýene bir ýola söz salyp, ýene iki günden gutarnylkly jogabyny ýazyp bermegi haýyş edipdi. Iki gün däl, üç gün geçdi. Nury «iki jynazadan galan molla» ýaly bolup ýörşüne, mekdebiň golaýyna gelende, joralary bilen gülüşip gelýän Nabada sataşdy. Olar bilen salamlaşyp durşyna, Nabadyň joralary biri-birlerine ümleşip, dagaşdylar. Bu pursatdan Nura bagt eçildi. Ol öz içinden «iň soňky gezek synaşyp göreýin, belki…» diýip, ýene Nabada söz saldy. Ýol aýryda gelinçe geçilen ýol, Nabadyň razylygy bilen geçildi. Nury gyzyň razylygyny alyp öýüne uçup diýen ýaly geldi. Gelse, öýünde dosty Merdan garaşyp duran eken. Ol Nury bilen salamlaşan badyna «Ine Zübeýda hat berdi. Göwnüme bolmasa onuň soňky jogabynda-da razylyk ýok» diýip egnini gysdy. Nury Merdan bilen göwnihoş salamlaşyp: «Bermän geçsin, razylygyny. Bilseň, bu gün Nabady yrandyryn» diýip begenjinden ýaňa dünýä syganokdy. Nurynyň begenji çägeniň üstüne sepilen suwa döndi. Hatly bukjany açsa, Zübeýda hem oňa razylygyny berip hat ýazypdyr. Bir oky iki towşana degen Nurynyň durmuşynda onuň geň görüp tomaşa eden käbir çeper filmlerinden käbir pursatlar gaýtalanyp başlady… Mekdebi gutaran soň her kim öz ýoluny saýlap, durmuşyň çuňlugyna tarap süsňeşip barýardylar. Nabat bolsa garyndaşlarynyň biriniň dükanyda satyjy bolup, işe başlapdy. Nurynyň Watan gullugyna gitmegi ony, teşwüşlerinden wagtlaýynça halas edipdi. Aýlar, günler aýlanyp, uzaga çeken meseläniň deňdir goýup jogabyny çykarmaly pursadyna ýetip, aýak çekdi. Nury Watan öňündäki gulluk borjuny sag-aman ýerine ýetirip gelipdi. Gelen güni onuň şanyna toý guralypdy. Toýuň yz ýany içinde syr saklap öňki teşwüşlerinden saplanmadyk Nura ýene bir teşwüş tapyldy: ene-atasy ese-boýa galdyran ogluny bu günki gün öz garyndaşyragyň gyzyny gelin edip alyp berjekdigini ýaňzytýaralar. Ejesiniň aýal doganynyň gyzy bolan Arzygüli göz öňüne tutýandygyny Nura aýtýaralar. Arzygül gaty owadandy, iş edende hem edeni eline gelşip duran akýagyz, alçajyk perisypat gyzdy. Elbetde, ondan boýun towlamak çetindi. Bisabyrlygy bilen ýolugan «derdinden» irde-giçde saplanmaly bolsa-da, ony aýny wagtynda ile ryswa bolman çözmegiň hötdesinden gelmedik Nury başyny alyp nireleredir birýerlere gidesi geldi. Hiç kimiň göwnüne degesi gelenok. Üç gyzy bagtly edip bilmejegi-de köre hasa. Üstesine bu ýagdaýdan şol gyzlaryň biri habar tapaýsa, soň gör tomaşany. Bary bir tomaşa bolmaly wagt gelen ýaly. Sebäbi oglanyň hossarlary Nury bilen Arzygüliň toý sähedini bellediler. Bu wakalar Nabadyň gulagyna hem baryp ýetdi. Nabad-a ýuwaşlyk bilen gözlerini ýaşlap, öz ýanyndan: «Bagtly bol!» diýip, ilkinji söýgüsiniň kitabyny ymykly ýapdy. Dessanlarda aýdylyşy ýaly, habary kimden al, Zübeýdadan. Ol şol gün agşam Nury bilen duşuşyp meseläni bir ýan etmegiň külüne düşdi. Duşuşdy. Böwet böwsülen soň, Nury, Nabatly meseläniň hem «ýaýdan» çykardy. Bularyň jenjeli uzaga çekze-de, Nury üçin bahbitli tarapa çözüldi: Zübeýda sögünç baryny ýagdyryp, ony terk etdi. Nury kellesiniň gyzgynyna her edip, hesib edip Nabatly meseläni hem «ýaýdan» çykarmagy üçin şol wagtyň özünde Nabadyň ýanyna ugrady. Nurynyň toý sähedini öňünden eşiden Nabat bilen belli karara gelmek oglana kyn düşmedi… Nury Aýgül bilen toýuny toýlaýan wagty, ýüzleri gülüp dursa-da bir gözüne Nabat, birine Zübeýda görnüp, olaryň gözgyny keşpleri göz öňüne gelip, onuň ýüregini gysyp gowrup barýardy. * * * Zübeýdanyň «Ýör, çaý içeýli, gyz, men-ä öýüme geldim» diýende, Nabat gökden düşen ýaly tisginip özüne geldi. Zübeýda jak-jaklap güldi: «Şol wagt şol akmak üçin hem bagrymy ýere berip aglapdyryn-aý, aslynda men akmak. Gyýuw Nabat, ne oýa batdyň, meniň şol wagtky gaýgym häzir saňa dert edäýdimi?..». Nabadyň ne sebäpden oýa batany onuň özüne mälimdi. Gülälek SEÝITLIÝEWA. | |
|
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |