02:27 Garynjanyñ oýlanmasy / hekaýa | |
GARYNJANYŇ OÝLANMASY
Hekaýalar
Mawygan patyşa mör-möjekleriň, hususan-da garynjalaryň pirli atasy hasaplanypdyr. Hemmeler ony köp gören, köp bilen diýip tanapdyr. Heniz güýji ýerindekä nije ýerlere syýahat edip, goşunbaşylyk edip, köp ýerleri ýegsan edipdir diýip aýtgylaram bar. Ýaşy bir çene ýetensoň, gelim-gidimli ýerden kümejik gurnap, halkyna dili bilen goldaw we akyl bermäge dowam edipdir. Bir gezegem, Afrika illerinden myhman garynjalar kümesine zyýarata gelende, dili joşup şeýle gürrüňiň üstünden barypdyr: “Mundan ozal kinniwanja garynjanyň oýlanmasyny heniz eşdip görmedik bolsaňyz, durmuşa meniň darajyk gözeneklerimden seretmegiň size köp goşant goşjakdygyna güwä geçýärin. Alym garynjalar, giňişligi dar gözenekde ünsüňi jemlemek has täsirli bolýandygyny belleýärler. Garynjadyr-da, bellärlikli nämesi bar diýmäň, ägirtlik ujypsyzlykdan gözbaş alýandyr! Indi bolsa, gadymdan gelýän ganym duşmançylyk hakda biraz gürrüň bereýin. Ýyllar boýy ýalpak köl kenarynda ýaşap gelýän taýpamyz bar. Käwagt aýyň zemine aşa golaýlaşmagy, kämahal bolsa howanyň juda gyzmagy suwlaryň ep-esli çekilmegine sebäp bolýar. Ýagynlar bolsa edil şonuň tersine joşgun emele getirýär. Duşmançylygy gürrüň berjek diýip tebigaty süzüp otyr diýmäň egindeşler, asyl aýtjak gapma-garşylygmyň düýp sebäbi asyrlar öň ilkinji gezek suw çekilme-joşma hadysasy zerarly başlanypdyr. “Garynja kimin işe gümra möjejigiň kime duşmançylygy bolup biler?!” diýip kelle döwýänsiňizdir. Emma gynansakda, özüne rakyp gözleýän, ujypsyz närseden hem bahana tapybiljek ekeni. Biziň boýdaşlaryň özüçe duşmany hem balyklar bolupdyr. Garynja rowaýatyna görä, birinji duşmançylyk suw joşgunynda suwa tutulan garynjalary balyklaryň ýelmemegi esas bolupdyr. Ýöne balyk rowaýatynda bolsa, edil şunuň tersini aýdylýanandygy az-owlak gulagyma ildi. Olara görä, ilki suw çekilipmiş. Şeýdip, suwsyz galan balyklary bizler garbanyşa daşapmyşys. Syýa kimiň elinde bolsa şol hakly bolaýýarda! Herkim özüniňkini dogry çykarjakdan. Diýýär-ä siziň meşhur nakylyňyz “Ýolbarslar ýazmany öwrenýänçä, rowaýatlar diňe awçylaryň dessanyny ýazar”. Edil şonuň ýaly iki tarap hem özüniňkini üstün hasaplap, şoňa görä-de rowaýat toslaýýar. Aslynda, meň ünsümi näme üçin hiçkesiň suwa siňe seretmeýänligi has-da özüne çekýär. Biz tarapyňam, olaryňam heläk bolmagynyň düýp sebäbi suw dälmi eýse?! Ne-hä biz olary suwuň alkymynda awlap bilýäs, ne-de olar bizi daşyndakak ýuwdup bilýärler. Şeýle seretsek, iki arada suwa gargynýan hem az däl welin, ondan ar almaga kuwwaty çatmansoň, gaharyny bir-birinden çykaryp sowatjak bolup dyrjaşýarlar. Suwa aldanan garynja üçin bütin bir taýpanyň elinden geljegi, ýasyny tutmak bolaýmasa?! Balyk ony gemirse-de, duşundan geçse-de, suw akymyna gurban bolany soňky görşümizdigi köre hasa ahyry! Edil şonuň ýaly, guraklykda galan balygyň halas boljak gümany ýok. Suwa gargynmaga hiçimiz het edip bilmeris, iki tarap hem şoňa mätäç bolmasa şu töwerekde ýaşalarmydy?! Suw bizi öz goýnunda zor bilen tutmaýar-a! Gaýra çykalga tapylsa, oň peşgeşinden arkaýyn dänibermeli bordy. Aradaky duşmançylygyň manysyzdygyny ýüze çykdy, suwda-da günä ýok bolsa iki tarapyň munça ýitgisiniň öjüni kimden soramalyka?! Siziň hakydaňyzda nämeler aýlanýar bilmedim welin, meniň pikirimçe ýitgilere sezewar etjekdigini bilibem howp kenarynda ýaşamaga dowam etdirýän düşünjäni mynçgylamaly. Balygy suwuň çuňlugynda däl-de, kenarynda ýaşadýan düşünje bilen; biz garynjalary gury çäklerde däl-de köl kenarynda ýaşadýan düşünje birmeňzeş düşünje. Diýmek ýa bu düşünjäni diri saklaýana, ýagny özümize duşman bolmaly, ýa-da halymyza razy bolup zeýrenmän ýaşamaly.” diýip, Mawygan şa hasasyny bir ýana süýşürdi, garynja şerbetinden owurtlady, afrikaly myhmanlaryna ýüzlendi: “Eger ýitgilere sezewar bolýan bolsaňyz, kimdir birini ýa-da durmuşy däl; ilki bilen öz düşünjelerimizi hasaba çekmeli. Özüňi kazyýete çekmekden gaçmagyň ýyllar boýy bize birjik peýdasynyň degenini görmedik. Durmuşy rahat ýaşamak isleýän bolsaňyz hormatlylar, özüňize hyýaly duşmanlar öndürmegi bes ediň! Asla bar bolmadyk duşmana gereksiz ýigrenç, sussymyzy peseltmekden başga derde ýaramaz eken. Biz-ä şunça ýaşap, şony öwrendik” diýdi-de, gelen myhmanlara soňky deminde wesýetini miras galdyrdy… Köwser ZERRÄÝEW. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |