05:22 Gizlin söweş | |
GIZLIN SÖWEŞ
Goşgular
Örän gizlin söweş yglan edipdim, Señ bilen başymyñ çatylan güni. Yşkdan bina bolan köñül şährime, Atom bombasynyñ atylan güni. Ýykyklygna goýdum idemedim hiç, Ýykylan göwnümiñ harabasyny. Müñläp duýgularmyñ leşgerin jemläp, Yşk okundan ýükli arabasyny, Ýolladym señ köñlüñ basyp almaga, Olar ýeñdi hem ýerledi sen taýa. Menem göçüp bardym, bar goşum bilen, Täze şäher, köşk-eýwanly şol jaýa. Şeýdip köñül köşgüm men sende gurdum, Yşgymyñ şäherin bilmediñ ýoklap. Öñüme toý güni,iñ bagtly günüm, Ilki söýen gyzyñ suratyn oklap. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Ahunyň jogaby / Goşgular - 19.11.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Hamd ede / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||