GÖRÜNER
Düşünýän il-günüm, saňa,
Dirikäk öwüp oturman,
Söýmersiň öz şahyryňy,
Söýmersiň ony ýitirmän.
A. Atabaýew.
Hiç ýerinde egrelme ýok, dogrulyk,
Turba ýaly görünip dur aňrysy,
Dogrulykdan çykan ýaly sogrulyp,
Şygryýetde dogan Taňry bendesi.
Okaberseň gözýetimli bar ýeri,
Gözellik görüner dünýäňe meňzeş,
Seň üçin ummandyr onuň dar ýeri,
Setirler ýaňlanar pes päle heňdeş.
Göterlip bolunmaz agyr ýük ýaly,
Dag görüner, şir jülgeli beýiklik,
Ýere urlan towlam-towlam kök ýaly,
Daragty bar, boljak näçe gaýyklyk.
Bakylygyň gujagynda ýüzere,
Küregi bar-Hakyň beren döwedi,
Ylahydan gaýdan Ylham güzerne,
Ynsan goýup bilýän däldir böwedi.
Şeýle ýaşap bolunsa-dy durmuşda,
Bolmasaň-da Atamyrat Atabaý,
Has dogrysy, köp bolsady her işde,
Edip bilýän kisesin däl, kalbyn baý.
Allanazar REJEBOW.
Goşgular