17:20 Gurbanmämmet serdar -10/ romanyň dowamy | |
9.
Taryhy proza
«Täze mirap jykyryň üstünde atasy bilen oňuşman bentdäki kümä göçüp baranmyş» diýen gürrüň oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrapdy. Köp adam şol günüň özünde jykyryny ýabyň boýundan söküp, gyra çykaryp goýupdy. Indi Tersýabyň boýunda üç jykyr işläp durdy. Olaryň ikisi Hajybaýyňky, birem Hojamyradyňkydy. – On gün-ä boldy. Näme jykyry aýraňyzok – diýip, ol Welibaý agany gyssady. – Baý aga kyýamat gopsa-da aýrama diýdi. Çeksin asman paýyny diýdi. Men näme, mirap jan. Gurbanmät elindäki ýüpüni çözdi-de, atdan düşmän jykyryň al-asmandaky çarhyna daňdy. Ýüpüň beýleki ujunam atyň boýnuna daňyp, mes aty raýyşdan aşak sürdi. Yzda bir şakyrdy turdy. Hälki küýzeleri asmandan asylyp duran, belent çarh raýyşyň eteginde çaşyp ýatyrdy. Küýzeleriň her haýsy bir ýere pytrap gidipdi. Aşaky çarha baglanan gözi daňyk düýe şol aýlanyp durdy. Ol beýleki iki juwazyň başyna-da şu juwazyň gününi saldy. Bu habaram şolbada oba ýaýrady. Ýöne näçe garaşsa-da onuň üstüne «juwazymy pylan edipsiň» diýip gelen bolmady. Mütürik aganyň öz ýanynda bolmagy ýaş ýigidiň janyny dyndarypdy. Onuň çaýy-çöregi taýýardy. Ojagyň ody öçenokdy. Gün guşluk bolanda Durdy bir araba körpe ýorunja, bir piti gowurdak, köne içmek, ýorgan-düşek alyp geldi. Obadan Pirjan salyk gazan, tüňçe, käse, çemçe, ýarty malyň etini, bir tamdyr çöregi bilen alyp geldi. Gurbanmät «gazyny nireden başlamaly» diýip, Daşhowuza baryp gelse, kümäniň içinde gowurmamysyň, çörekmisiň, dürli-dümen naharmysyň, goýara ýer ýokdy. – Bu näme? – diýip, ol duldaky gap-gaçlara seredip aýtdy. Ýaşuly göwnühoşluk bilen güldi. – Sen ýaby syryp gündogarlygyna ugransyňam, çozdy il-gün. – Aç-hor bolmaň – diýip getirip durlar. Ýaşuly ojagyň üstündäki üsti taganly gazana elini uzatdy. – Ine, şu boldy. Ýaňyja nahar atardym. Gurbanmät iýermen adam däldi. Ol edil bir sygyr maly ýalydy. Gözüniň gören zadyndan nahar edinip bilýärdi. Şonuň üçin ol bu azyk-owkatlara-da, çekdirmäniň ysyna-da özüni bermedi. – Seniň özüň yrsgally çagasyň – diýip ýaşuly çokaýyny çykaryp oturan ýetginjege bakyp aýtdy. – Sen, men ýalňyşmasam Takyk ýylynda Gurban aýynyň onunda doglansyň. Dädeň Hojabaý bütüni şeýle syrnyhdyr. Maňa: – Mütürik, gurbanlyk kes – diýip, bir kel toklyny görkezdi. Menem aldym-da seniň öwejiň damagyny «Bismilla, Hudaý ýoluna bolsun!» diýip, üç sapar aýdyp, ýaňy çalanymda köne jaýdan jägildi çykdy. Meniň habarym ýok. Oňa çenli Patma eje gelip: «Ogluň boldy Hajybaý-u!» diýip gygyrdy. Şolam sendiň. Öz atjagazyň bilenjik dünýä gelensiň. Şu adyňam ile minnet etdirmediň, köşegim. – Bize näme üçin «jüneýit» diýýärler. «Jüneýit» diýmek gysyk, syrnyh ýa ýigrenji diýmekmi? Ýaşuly ýuwaşja güldi. – Aý, ýok-la, ýomudyň başam barmak ýaly tiresidir jüneýitler. Sen hanym, ýomutda orsukçysyň, orsukçyda jüneýitsiň. Ataňa Atabaý pola diýerler, ata mamaňa Döndi Magtym gyzy diýerler. Ejeň Ene gara öküzlerdendir, başga näme soragyň bar? Gurbanmät ýylgyrdy. – Men kiçijik mahalym betmidim? – diýdi. – Uf, sen kiçijik wagtyň ýalança ot ýakdyran çaga dälsiň. Şeýle-de bolmaly-da. Gurbanmät geň galdy. – O näme üçin? – Seniň doglan ýylyň Bedirkende jögi köp gelýen boldy. Şolar ejeň gözüni-başyny aýlap, seniň täleýiňe garadylar. Men bardym şonda. Garry, ýüzi-gözi nurana jögi heleý seni gujagyna aldy. Soň bar-bar bagyryberdi. Edil ot tutan ýaly bolup, yzyna, ejeň gujagyna oklap goýberdi. – Täç görünýär, gan görünýär. Beýik hökümdar bolar. Tutuş iliňiziň adyny milletiň tükenýänçä göterer. Bagtyň, eşretiň içinde segsen ýaşap öler... – diýdi bu jögi. Oňa çenlem ýeksurun dädeň gelip, ol pahyrlary gamçy bilen urup, kowup goýberdi. – Dur, dilän zatlaryny ber – diýip dädeňe şubela ýalbardym. Emma diýýäňmisiňem diýmedi. Olaryň aklygyny özüm berdim. – Näme, olary elejiredýeň, näme ol ogry ograşlary bileňokmy. Näme berseň öz öýüňe äkidip, şol ýerde ber. Meniň öýüme öwrenişdirme. Men ýok wagtym bu akmak heleýimiň gözüni-başyny aýlap, mal-mülkimi towsa göterer olar – diýýär. – How, seniň ogluň patyşa bolar, adyňyzy kyýamat ahyra çenli ýokary göterer – diýýäler-ow diýdim. – Olar pohuny iýipdir – diýýä, gaýta. Gurbanmät çokaýyny gapdala goýup, keçäniň üstüne geçip, ýaşula garap oturdy. Ol daşary seredende kükräp gar ýagýanyny gördi. – Gara tutd-ow! Mütürik aga aýagyny owkalap oturşyna: – Ýagsyn, bereketdir! – diýip, çokaýyny gowaldaň geýip, daş çykdy. Hä diýmänem, bir goltuk ojak odun alyp gelip, kümäniň duluna basdy. – Agşam atam içeri salarys. Häzir durubersin. Gurbanmät ýaşulynyň bu gürrüňine gyzygypdy. Ol gürrüňi çintgäp, aňyrsyna ýetesi geldi. – Mütürik aga gürrüňiň arasyny bozmaly. Sen aýt, adamyň täleýini öňünden aýdyp bolarmy? – Bolar, köşegim, bolmajak zat barmy? – Onda men hakykatdan hem han bolarynmy? Görýäň-ä bolup oturşymy. Ýaşuly ýylgyrdy. – Sen, köşegim, eýýäm han. Goý, äsgermeseler äsgermesinler. Seniň güýjüň, pähimiň, köňlüň eýýäm beýik hanlyk derejesine göterildi. Men görüp durun. Beýle alamaty segsen ýaşap, adam çagasynda gören däldirin. Gurbanmät gyzykdy. – Näme gördüň? Aýtsana! Ýaşuly ýassyga gyşardy-da ýuwaşja sanap başlady. – Birinji görenim, ýumruk ýaly çaga halyňa alamançylaryň süren malyny yzyna gaýtaryp alanyň. Diňe olam däl, olaryň men diýen atyny, bäşataryny oky bilen, ummasyz gyzyl-kümüşli horjunyny alyp gelmäňi gördüm. Soň öz dädeň ýüzüne bakyp hiç kim görmedi diýip kişiň hakyny iýme, ýokarda Alla görüp durandyr diýişiňi gördüm. On üç ýaşyňda uly iliň miraby bolşuňy gördüm. Iň soňkusam, segsen ýaşly eleşan, ülhit garry halyma saňa hyzmata gelşimi-de gördüm. – Ol az-kem dikeldi-de, kükräp ýagýan gara seretdi. – Men akmak adamdyryn. Ýöne duýgurdyryn. Garry köňül bir zat duýmasa, ýyly ýerini, aýalynyň ýumşak şülesini taşlap, bu aldajy sowuk kümede saňa hyzmat edermi?! Ýaşuly ýene başyny ýassyga goýberdi. Gurbanmät ýaşula geň sowal berdi. – Han bolmak üçin näme etmeli? Ýaşuly ýene galdy-da, ýassygy goltuklap oturdy. – Han bolmak üçin üç zada üns bermelidir. Diňe üçüsine... Birinji bilen suw paýlanşygynda adalatsyzlyga ýol bermeli däldir... – Näme üçin aýry-başga suw. – Aýry başgamy? – Ýaşuly küregenläp ýagýan gara tiňkesini dikdi-de, ýuwaşja gürledi. – Suw adamyň jany. Ähli gowga suwuň üstünde turýar. Ahalda, Owganystanda, Eýranda bir damdyk suwuň üstünde adam adama kast edýär. Bu dünýäniň eşretini, yrsgal-döwletini, janly-jandaryň, ähli ösümligiň janyny Allatagalla suwuň içinde goýandyr. Ýaşuly ýerinden süňklerini jygyrdadyp turdy-da, ojagyň külüni dördi. Közleriň üstüni açyp, oňa duldaky gury çyrpylardan taşlady. Gazanyň agzyny açyp, agaç susak bilen ony bulady. Naharyň duzuny datdy. Soň ýerine geçip ynjalykly oturdy. – Atyňa bir göz aýlap geläý. Ygally gün at binjalyk bolagandyr. Gurbanmät agyr pikirden açylan ýaly bolup, çokaýyny gowaldaň geýip daş çykdy. At ýüzüni gündogara tutup, garyň sesine gulak salýan ýaly rahat durdy. Ol eýesini görüp, gulaklaryny gyrpdy. Gurbanmät içeri girip, dulda ýatan attorba arpa guýup, daş çykdy-da, ony atyň başya geýdirdi. Ýerden-göge ýagýar. – Guýýar-ow, gurbany gitdigim. Ol içeri girip, eşikleriniň garyny kakdy-da, ýerine geçip, çugutdyryp oturdy. – Ýagsyn, yrsgaldyr. Ak maýa çökmese, aç garyn doýmaz. Gurbanmät hälki pikirini döwnedi. – Ikinjisi näme? – Gyssanma. Ikinjisi aýal-gyz ar-namysydyr. Han han bolanda özi bu dessury saklamak bilen, iliň-günüň dessurynam saklamaly. Üçülenjisi halallykdyr. Olja alnanda, karz, amanat meselesinde halallygy saklamaly. Ine, şu üç närsäni dogry tutan ile han bolup biler. Erejep han ýaly, ýumruk ýaly oglanyň elinden oljasyny aljak bolup ýörendenem bir han bolarmy? Ýa-da Bahadur han ýaly iliň ýaş gyzyny, ýaş oglanlygyny zorlap alyp, köşgüne eltip beçebazlyk edýändenem bir han bolarmy? Bolmaz. Bu gün bolmasa, ertir kellesini alarlar. Şu üç närse, hanyň mertebesini çüýredýän zatdyr. Mertebäň bolmasa sendenem bir han bolarmy? Bolmaz. Ýaşuly gorsandy. – Nahar işdäň bols-a, guýaýyn. – Näme nahar? – Etlije çorba. Birki sany gyzyl burçam saldym. Oglan baş atdy. – Iýeli, men-ä ýagşy ajykdymam. Ýaşuly ýerinden turup, elini ýuwdy. Soň saçak ýazyp, taldan ýasalan galyň tabagy çykardy. Oňa ýarty çöregi iş edinip, howlukman dogrady. – Sen eliňi ýuwjakmy? Taňkada suw bardyr. – Men bir daş çykyp geleýin. – Şol taňkanam ýapdan dolduraweri daş çyksaň. Gurbanmät bende çykdy. Elini ýuwdy, taňkany suwdan doldurdy. Aty arpa gütürdedip durdy. «Erte-birigün atyň üstüne ygaşa etmeli» diýip oýlandy. Soň öýe girdi. – Ýabyň suwy ýagşy peselipdir. Ýene birki günden gaza başlabermeli. – Bow, onda gar bir diňsin, obalara aýlanyp, gaza çykmaly güni habar bermeli bolar. – Ol saçaga elini uzatdy. – Gel, otur, naharyňy iý. Gurbanmädiň oglan göwni ersipdi. Onuň göwni içeri girme diýýärdi. Ap-ak garda at çapdyryp, ýaýnasy geldi. Ýaňy bende baranda suwda ýüzüp ýören ýaşylbaş sürüsini ýatlady. Bäşatarynyň duran tarapyna seretdi. «Ok zaýa boljak, ýogsa aw etseňem bordy». Olar işdä bilen nahara ýapyşdylar. Ýaşuly nahara haýal deprenýärdi. – Iý, guzym, bu garly güni ýagly ýüzli nahar basar. Gowy iýmäni, sähel zatdan nahar edinmäni öwren. Çümhöreklik, süýjidamaklyk aýallaryň häsiýetidir. Erkek adamda iýmese güýjem, gaýratam, pähimem bolmaz. Omyn edilensoň Gurbanmät Mütürik agany hälki gürrüňiň aýtymyna alyp bardy. Ol ýere bakyp: – Mütürik aga, han bolmak üçin okuw, bilim, sowat zerurmydyr? – diýdi. Ýaşuly tabagy ýygşyryp, taňkany oda goýdy-da, öl bolan elini ojaga tutdy. – Han bilimli bolsa, sowatly bolsa oňa ýetesi näme bar. Eziz Resulymyz Muhammet aleýhesselam sowatsyz bolanmyş. Ýöne Allatagala oňa älemleriň ylmynyň göwher täjini bagş edenmiş.Dünýäniň iň parasatly soltany, hany Gurhany Kerimi, şerigaty, onuň inçe ýollaryny bilýän we oňa emr edýänidir. «Ylymly birini ýykar, ylymly ýüzüni» diýýändirler. Oglan baş atdy. – Akym mollada şeýdip ýüregimizde şuglaly çyra ýakypdy – diýip, ol ylalaşdy. – Onda men hökman okamaly-da. – Hökman! – diýip, ýaşuly ýerinden turup, ata seredip geldi, öň getiren ak çyrpylaryny közüň üstüne oklady. – Hökman. Sen munyň üçin Hywalyň ýa-da Buharanyň medresesine gitmeli. – Bäş ýyl okaýynmy? Onça bilimmi? – Hökman bilim almak däl? – Onda nä? – Dünýäni görmek, duýmak, iliň biliminiň, sowadynyň, zehininiň näderejedigini görmek üçin. Öýüňden ýaban ýatyp, okuwyň, bilimiň ugrunda sepil sergezdan bolmagyňözem ikuwdyr. Ýat ýerlerde ýüz dürli häsiýetli, adama, müň dürli waka duşarsyň. Olaram bir sapak ahyryn. Han boljak bolsaň, şonça ýagdaýy bilmeseň bolarmy? Sen Hindistanyň patyşasy däl-ä, owadan gyzlara ýalaňaç tans etdirip, sazyň owazyna çaýkanyp, şerap içip oturmaga. Sen Garagumuň hany. Ileriň Ahal börüleri, gaýraň özbek gelegurtlary, içiňe gyr möjekleri. Sen şu guduzlan gurtlaryň içinde başyny çaraýan han bolmaly. Owgan, Eýran, Buhara, Hywa garakçylaram üstüne... Gurbanmät han bolmagyň malyňy sürenleriň yzyndan ogrynça baryp, ogry it ýaly olar ýatan mahaly, onusyny, munusyny ogurlap, gaýdan ýaly däldigini aňlap başlady. Ol ýaşulynyň ýüzüne howsala bilen garady. – Onda men häzir näme etmeli? Ýaşuly hälki çygar odunyň zarbyna gaýnan taňkany öňüne aldy. Oňa haltajygyndan dag çaýyny atdy. Soň ony beýlä goýdy-da, goltuk jübüsünden düwünçek çykaryp, ony öňünde goýdy. Soň çaýyny gaýtaryp, käsesine, üç-dört bölejik saman kysmy gabyk atdy. Ony çakgysy bilen çaýyň reňki gyzylymtyl öwüsýänçä bulady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |