17:24 Gurbanmämmet serdar -13/ romanyň dowamy | |
12.
Taryhy proza
– Wah – diýip, Gurbanmämmet saçakdan gaýra çekildi-de, başyny ýaýkady. – Men Şammy obasyna Han bolupdyr diýseler gaty begendim, dos. Ýöne sen Han bolsaň diňe öküz ýa saçak diýip, durmaly däl-ä. Il-günüň baryna howandar çykmaly. Şammy kerpiçden örülen ýaly göwresini dikeltdi. Onuň takyr kellesine söýget bolup duran ullakan gaba gulaklary gymyldady. Gaplaňyňky ýaly gyýçap, ýanyp duran mele gözleri ligirdedi. – Il-günde adam gyrlypmy? Olaram gorasyn öz obasyny malyny. – Ol nahara, saçaga ümledi. – Çekilme? – Bereket bersin! Kän iýdim. – diýip, ol has gyzdy. – Bolmasa-da, bersin pajyny. Men hakyna garap bereýin. Gurbanmämmede bary düşnükli boldy. Ol omyn edip turmak bilen boldy. Daş çykanlarynda öý eýesi oňa täze gurluşygy görkezdi. – Köşk ýaly jaý başladym. Töwerekden ýüz tanap ýeri ekip otyryn, iki süri goýnum, ýüz düýäm, segsen sygrym bar. On sany gowy atym bar. Ýigitlemem atly-ýaragly. Haçan kömek gerek bolsa, çekinme. Ol gapdalda jal pasga goýmak üçin jalbarlaryny dyzlaryna çenli çermäp, palçyk depeläp duranlaryň birine gygyrdy. – Otuzmet! Bar, Sakarbaçagy eýerläp alyp gel! – Ol özüne göwniýetijilik bilen Gurbanmämmede degdi. – Men Bedirkendiň hany bolarsyň öýdüpdim, sen-ä asyl medrese diýdiň, sopuçylyk diýdiň, balagyňa goýberdiň. Indi galan ömrüňe şony-ýuwup artyp ýör. Gurbanmämmet bäri gelende-de onça-munça teýenäni eşitmäge taýýar bolup gelipdi. Ol şonuň üçin sypaýçylyk bilen jogap berdi. – Iki goçuň kellesi bir gazana sygmaz. Özi bir eliň içi ýaly Tagta boljak bolsa, oňa iki han nämä gerek. men Han bolsam, sen meniň nökerim bolmaly borduň. Ýa men seniň. Şammy hezil edip güldi. – Sen özüňi goç saýýaň-ow – Mollam diýdi. Sen goç däl-de, goçuň kellesi öňne goýlan mollajyk bolaýmasaň... Gurbanmämmet sesini çykarmady. Ýumşa iberilen ýigi owadan alny sakar ýomut atyny idip getirdi-de uýany hojaýynynyň eline berdi. – Ine, dost, menden saňa paý. Nesip etsin. Gurbanmämmet tolgundy. – Maňamy? – Saňa. Ol uýany eline aldy-da böwrüne diň saldy. – Şamyrat – diýdi – Hezzet-hormatyň, sowgadyň üçin Alla ýalkasyn. – Munça bolanyna görä, Sakarbalagy ýene birneme idet. – Ýok, ýok, alarsyň? – Men basym Hywa ugramaly – diýip, Gurbanmämmet düşündirip başlady. – Öýde ata ideg etjek adam ýok. Nesip bolsa, gaýdyp gelerin. Şonda alaýaryn. Şammy eňek berer ýaly däldi. – Bolar. Ýöne häzir münüp git, hem atyň arkasyny görersiň. Ot iýmine oglanlar sereder. Oba arasynda pyýada gezme. Seni pyýada gezdirmek bize uslup däl. Haçan gitseň, gazyga daň-da gidiber. Oglanlar alyp gaýdar. Gurbanmämmet muňa razy boldy. – Bolýar, alla ýalkasyn. Şammy demir ýaly gollary bilen myhmany bagryna basyp gujaklady. – Sen-ow, Şorkol öleňdäki oglan dawamyzy göwnüňe alyp, öýkeläp ýören bolma. Sen şonda giden mallarymyzy alyp gelip, hemmämiziň pirimizi käbä gabadyň. Barymyz seniň guluňdyrys. Sen biziň gözümizi açdyň... Gurbanmämmedem ýylgyrdy. – Şonda meni urmadyk bolsaň, belki menem alamançylaryň yzyndan gitmezdim. Sen açdyň, meniň gözümi... Ol ýeňillik bilen ata atlandy. – Bolýar, Şamyrat, men gideýin. Şammy atyň jylawyndan tutup, ony, ep-esli ýere çenli ugratdy. Soň atyň sagrysyna şapbat çaldy. – Bar, nesip etsin, at üsti toýly bolsun. Gurbanmämmet öýlerine barýança Hanyň sözüni ýatlap gitdi. – «Bar umydymyz Şammydy. Olam öz obasynyň hanynyň derejesinde galjak. Ine, meniň okanym, Mütürik aga, Hana, Öwez Hoja duşanym gowy boldy. Men, nesip bolsa, öz obamyň däl-de, ilimiň hany bolaryn. Ýöne medresäni hökman tamamlamaly». Gün öýlä inende işige üsti körpeli araba gelip durdy. Gurbanmämmet aga barmy. Ene daýza ogluny daşary çagyrdy. – Gel, inim, gel. – Han agamyz, ot-iým iberdi. Ol täzeje körpäni, bir halta arpany, bir semiz Öweziň eti bilen bir tamdyr çöregi arabadan düşürdi. – Haçan Hywa gitjegi habar ýetirsin, ata eýe çykarys diýdi, han aga. – Bolar, alladan gaýtsyn diýdi diý. Arabaly ýigit yzyna gitdi. Oba gidip gelenden soň Gurbanmämmet okuwa täze hyjuw bilen ýapyşdy. Indi ol okuwa ýagşy boýnalyk bolupdy. Ýöne käte-käte gelni ene, oba, Şamyrat ýadyna düşýärdi. Bu ýyl ol Öwez Hoja bilenem ýagşy dostlaşdy. Juda nuranadan hoşgulaw bu özbek ýigidi Bahadur handan ýaňa ot alyp tüteýärdi. Hywa hanynyň nökerleri geçen ýyl onuň uýasyny zor bilen alyp gaýdan ekenler. – Bu han özbegiň, türkmeniň ganyny sorup, indi onuň ýülügine ýapyşdy – diýip, onuň ýanynda bolýan Tohtobaý atly ýigidem zeýrendi. – Kyz balalar koýuň-eý, beçe balalary-da koýmaýdylar. Bahadur handan il-kün han ýuwtaýdy. Onuň kalasyny otlaýyp, özüni öldürseň-de az bolady. Wah... Gurbanmämmet medresä gaýtmanka Bedirkentli, Garaporsaňly, Yzmykşirli, direglili ýigitler salama gelipdirler. Olaryň barynyň gürüňi il-güne edilýän zulum barada boldy. Garaporsaňda Erejep han, Direglide. Şammy kel, Yzmykşirde Weli tentek, Porsuda Halbaý kapyr ile-güne ot ýakdyranokdy. – Şamyrat gaty bir beý-lä bolmaly däl–diýip, ol çaý başynda gep ugruna aýdylýan gep-gürüňlere basalyk berdi. – Şammy keliň iki sany kemçiligi bar – diýip, onuň aga-inilerinden bolan Garrybaý atly ýigit janygdy. – Ol bir-ä, gepe gidýär. Sen diýip baryp, dädeň eýle, ejeň beýle, şolara bir göz görkez diýip hajuk-hujuk edip kepleseň, ejesi bilen dädesiniňem öýüni otlaýa ikinjisem, nebis. Baryp Porsuda ýagşy at bar, biz-ä şony seniň mertebäňe laýyk gördük diýseň, gözüne urlan ýaly bolup, şony gidip alyp gelýä. – Erejep han nähili? – Aý, ol sähne-deýt. Däliräp açylan ýaly. Ertir bir zat diýse, öýlän başga bir zat aýdýar. – Weli tentegem , Halbaý kapyryňam şolardan idili däl-deýt. Olaryňkam gara nebisleri. Birinde-de pähim-parasat ýok. Ellerine poşan maltyk alyşyp, garry aty gorsuldadyşyp, han bolan bolup ýörler. – Gaty görme welin seniň doganoglanyň Kakyş hem Şammy kele dost bolan bolup, ile ot ýakdyrmaýanlaň biri. Il gün ondanam dat-dat edýär. Olam bir alaryny bilse, allasyny tanamaýanlaryň biri boldy. Bu ýigitleriň sesi pagta bent däldi. Olar şeýle bir deliller getirýärdiler.ýöne häzir Gurbanmämmet ol delillere däl-de, tutuş Daşhowuz welaýatyndaky ýagdaý bilen özbekleriň, Hywalylaryň gününi deňeşdirýärdi. Nämüçindir han bu ýyl gijä galypdy. «Beý, näme janahyrda onuň düşegi ýaman ýumşady-la» diýip Gurbanmämmet içki alasyny daşyna çykarýardy. Öwez hoja ony nahara çagyrdy. Onuň ýanynda iki any özbek ýigidi bady. – Bu meniň ýakşy aşnam Aryp jon! – Ol başy özbek tahýaly syrdam ýigide elini uzatdy. – Şergana diýgen gyşlakdan bu Osmanjan aka. Ol Samarkantdan. Ol ýigitler Gurbanmämmede uly hormat-sylag bilen, orunlaryndan turup salam berdiler. Ony töre geçirdiler. – Aşnamyzy körseg diýip keldik. Onuň bilen ir palow iýmasag bolmaýdy. Bizde bir däp bardy. Öýüňden bürünç, piýaz, ýag, göş, nan aly-yp, dostuňka bary-yp, nahar bişiriň... – Nahary özüň bişirmeli. – Nahary özüň bişirmeli. Hemmesini oňa iýdirmeli. Bolmasa aşna kylynmaýdy. – Ine, bu kun men palow bişraman. Erte Osman jan akamyz bişiraýdy – diýip, olar ýasy namazyna çenli iýip-içip gürleşip oturdylar. Gurbanmämmet turjak bolanda Öwez Hoja minnetdarlyk bildirdi. – Öwez jan Hoja, sen meni bir Daşkende eltip, gezdirip gaýt. Meniň medresäni gutarmankambirneme gezelenç edesim gelýär. Öwez Hoja ilgezek razy boldy. – Hop maýly. Haçan isteseňiz hyzmat körmemen. Ol öz hüjresine gelende üsti ýükli bir arabanyň duranyny gördi. – Salowmaleýkim – diýip, manyş ýigit oňa salam berdi. – Siz Gurbanmämmet dälmi? – edil özi. Ýöne seni tanamadym-a. Ýaş ýigit telpegini ýokarrak göterdi. – Men Otuzmet, Şammy hanyň nökeri. Han aga size odur-budur iberdi. Ol bir depbe künji ýagyny, bir garyn gowurmany, bir goýnuň etini. Bir tamdyr külçäni, bir halta tüwüni, sogan, käşir, on-oki sany gawuny hüjräniň azykly haltalar duran böwrüne basdy. Ol Gurbanmämmediň ýagyna dolaşyp duran uzyn, giň içmegi onuň egnine ýapdy. – Han agadan sowgat. Gurbanmämmet baş atdy. – Şun-a oňarypdyr. Gyşda gönendirer meni. Otuzmet hoşlaşmak bilen boldy. – Gel, geç, ertire çenli myhmanym bol. Otuzmet elini uzatdy. – Şu ýakynda aga-inem ýaşaýar. Oňa gowşurmaly sargydym bar. Gijä galmany baraýyn. – Gitseň, Alla ýaryň. Şamyrada-da Alladan gaýtsyn eden hyzmaty. Köp salam diý. Otuzmet Gurbanmämmet tä medresäni tamam edýänçä her on bäş, ýigrimi günden onuň yzyndan arabaly geldi durdy. Howanyň howasy ýakymsyzdy. Tomsuna gaty jöwzaly yssy bolýardy. Gyşyna sowuk ir düşýädi. Gyşyn-ýazyn howa dymykdy. Adama iň ýetmeýän zat howady. Şonuň üçin bu ilde öýken keseli kändi. Gurbanmämmet medresäniň talyplarynyň öýkenlän mal ýaly «üh-ä üh-ä-ini» kän halanokdy. Özüni ýyly saklamaga çalyşýardy. Şammynyň iberen içmegi etli, ýagly-ýüzli naharlary gaýgyrman iýmegi oňa kuwwat berýärdi. Öwez Hojanyň taby gün-günden pese gaçýardy. Onuň gowy iýip-içere harjy ýetenokdy. – Ýöri, meniň ýanymda ýaşaber, Han gelýänça – diýip, Gurbanmämmediň hüjresindäki bol-elinlik oňa bada-bat täsir etdi. Ýüzi-gözi ýene öňki kaddyna geldi. – Geljek bazar sen meni Buhara, Samarkanda-da aýlap gel. Olar ilki Buhara, soňra Samarkanda, soňra Daşkende aýlanyp geldiler. Gurbanmämmedi geň galdyran zat, bu şäherlerde bark lowurdap durdy. Olar Çärjewe çenli gämide gidýärdiler. Soň paýtun tutýardylar. – Bark nähili alynar, şony bir görüp bolsady – diýip, ol Daşkende bir iňli sowdagäriniň buz zwodyna-da, ýene bir sowdägäriň un zawodyna aýlandy. – Bu kirişler näme? – diýip, un zawodynyň depesinden geçýän goşa sim bilen gyzyklandy. – Şol tar-tar etge çarh bark çykarady. Şol barka tok diýedilar. Şol tok bir sim kiriş bilen gidedi, biri bilen ýene tar-tar etgene geledi. Şol tok barky ýakyp, ýagtylyk berady. – Ol kiriş näçe menzile ýetýär. – Köp menzilgä, niçe isleseň çekiber. Şol kiriş bilen akyp gidady. – Onuň biri bolsa bolanokmy? – Bolmaýdy. Läkin ol ot ahyryn.şol ot yzynça kaýtyn kelmese bolmaýdy. – Ol-a beýle bir çylşyrymly zadam däl eken. – Tar tarasy bolsa, bes, heýç, kyn bolmaýdy. – Sen kyn görmede, şol tar-tarasyny nireden, naçä satyn alyp, gerek ýerinde nädip boljagynam sorap ber. Öwez hoja gidip lopbuç ýüzli bir pyýadany alyp geldi. – Meýli, aga, ogaý, nogaý agalar. Ol özbekçe oňat kep urar. – Sora ýaňkyny. Öwez Hoja Ogaý nogaý bilen özbekçeler başga bir dildemi bir salym wüjürdeşdiler. Soň öwez hoja habaryny aýtdy. – Oň-ga elektrik stanjil diýgenler. Ol elektrik stansiýany iňlisler bejergan. Olar bilen kepleşmak kerek. Oňa Ogaý eke ýardam bermagi wada beredi. – Ol nirede ýaşaýar. – Taşkentniň dor şir medresesiniň karşysydaky öýdür. Oňga baryp ogaý-nogaý tisaňgirler har bir bala-da görkezedi-diýip, Ogaý nogaýyň özi indi habarlaşyp başlady. Olar hoşlaşyp, şol gün ýarygijeler Hywa gaýdyp geldiler. Olary han garşy aldy. Gurbanmämmediň şamlygyň çaky bolmady. «Siziň ýeriňizi daraltmaýyn» diýip, öz hüjresine gitmekçi bolan Öwez Hojanam goýbermedi. – Resulalla «iki adama bolan nahar dört adama-da ýeter» diýipdir. Göwün sygsa göwre sygar, gaýta ýyly bolar, gel bileje bolalyň. Han Gurbanmämmediň bu teklibine monça boldy. Ol gije ýadow ýolagçylar «gut haýsy, kybla haýsy saýgarman ýatanam bolsalar, ertesi Gurbanmämmet hanyň näme üçin eglenenini sorady. – Öýkelemeseň, aýdaýyn. – Senden öýke edip bolmaz – diýip, birneme garalan, öňküden dogumlanan hanyň nurdan balkyldap duran kirpikmen köşek gözlerine garap aýtdy. Han ýylgyrdy. – Men-ä öýenendirin, gardaşlar! Gurbanmämmediň ýüki ýeňlän ýaly boldy. . – Aý, düşegiň ýumşady diýdim-le. Indi bary düşnükli boldy. Iki gözüň dört bolupdyr. – Ol Hana baş atdy. – Hany gelin. – Gelin Janyahyrda. Ýöne indiki maslahat. – Aýt, diňläli. – Men seniň ýanyňa göçüp gelsem näderkä? Gurbanmämmet sähel salym oýlandy. – Ine, bu gepiň dogry gep. Üstümde Alla bar, bar güzeranymy satyp, yzyňdan gidiberesim geldi. Men indi saňa beter öwrenişipdirin, Han. – Beter – diý-e goýaý. – diýip, olar ýerlerinden turup, gujaklaşdylar-da gülüşdiler. Gurbanmämmet Öwez hoja ýüzlendi. – Hojam aga, şu gün bize bir palow bişirip ber. Kiçijik toý tutalyň Han aşnanyň şanyna. Şondan soň tä ömrüniň ahyryna çenli nahyň ady han işan galdy. Öwez hoja tomsuň yssysyna garamazdan hüjräniň içinde ot ýakyp, ojar odunyň közüne kebap bişirýärdi. Oda daglanan etiň ýakymly ysy tutuş medresäniň işdäsini gozgolaňa salýaryn. Daşarda ullakan gazanda palow demini alyp durdy. Pälwan mahmyt Pälwan medresesi bu gün toý mesgenine meňzeýärdi. Äpet güjümiň astyna suwlanyp, süpürilip, soň atylan düşekleriň asty tapylardan, medresäniň ahun mollalarynda doludy. Saýhally oturan pirlige, ahunlyga ýeten goja halypalar saçak başynda mesawy gürrüňleşip gazan tarapa, Gurbanmädiň hüjresine käte bir ýüz aýlaýardylar. Öwez hoja bişiren kebaplaryny ullakan mejimä salyp daş çykdy. Orazguly bilen Töre-de elleri bir giden gap-gaçly, oňa goşuldylar. Olar heniz ýylysy gitmedik kebaplary saçaga goýdular. – Hany, Gurbanmämmet – diýip, törde oturan ak ýüzli, etli-ganly ýaşuly sorady. – Bazara kitdiler, pirimiz! – diýip, Öwez hoja ony arkaýyn etdi. Alyňlar, tagam dadyň. Ol pyýada medresäniň ketde ahuny Pirnyýaz ahundy. Ol Buharanyň gapldalyndaky hoja obalaryndan bolup, özi Hywada ýaşaýardy. «Ol ahun indi elli ýyla golaý şu medresede işleýärmiş» diýip talyplar gürrüň edýärmiş. Özi türkmen bolany üçin bolmagy üçin bolmagy mümkin, türkmen oglanlary bu medrese-de özüni ekabyrak duýýardy. Palow taýýar boldy. Ýöne näme üçindir Gurbanmämmet geliberenokdy. Saçagyň üstündäki tabaklar ýygnalyp, gaýtadan ýuwulup, artylyp gazanyň başyna getirildi. Nahary guýubermeli mahaly, medresäniň işiginde paýtunyň duran sesi eşidildi. Öwez Hoja paýtuna baka ýüwürdi. Oazguly, Töre-de onuň yzyndan gitdiler. Oglanlar gujak-gujak edip, serpaýlyk donlary hüjrä saldylar. Iň soňunda Gurbanmämmediň özem geldi. Ol ketde ahundan başlap, talyplara çenli görşüp çykdy. Ketde ahun ony öz ýanyna çagyrdy-da ýanyndan ýer görkezdi. Nahar çekildi. Sowuk suw, üzüm, gawun, täze ýetişen garpyz äberildi. – Obaýa baransoň ne käre baş goşmakçy diýip ketde ahun, Gurbanmämmede nahar başynda geň sowal berdi. Ol bu sowaly ýöne ýere-de berenokdy. Talyplaryň köpüsi mollasypat bolup, şükürli, sabyrly bir keşp bilen gezip ýördi. Emma Gurbanmämmediň dogumly, parasatly, haýbatly bolşy ony talyba, molla däl-de, hana, serdara laýyk, görkezýärdi. Gurbanmämmet ownukçyl däldi. Beýleki talyplar şerigatyň inçe tilsimjiklerine çenli biljek, öwrenjek bolup çyr-çytyrdy. Emma Gurbanmämmet geçen dört ýylda dürüň içinden göwher agtaran ýaly, durmuşda haram bilen halalyň, adalat bilen zulumuň, hak bilen nähakyň, şetany bile rahmanyň arasyny açýan delilleri gözläpdi. Ol täreti nähili kylmaly, namazy nähili okamaly, agzy nädip açyp, nädip beklemeli, oraza wagty özüňi nähili alyp barmaly, ölüni nädip jaýlamaly, nikany nädip gyýmaly, olarda haýsy dogalary okamaly, çaga nädip azan aýtmaly, jynazany nädip okamaly, tarawa namazy diýen zatlara baryp obada Akym molladan ilik-düwme öwrenip, goýupdy. Medresede ol närsäleri Akym mollanyň ýaryça-da öwredenokdy. Onuň medrese-de tüýs ýüregine derman bolan zat bir-ä muhammet pygamberiň durmuş synaglarynda, güzeran öwrümlerinde, algy, bergi borçlarynda aýdan keremden doly hadysalarydy. Şol hadysalarda ähli jedelli mesele çöp döwlen ýaly kesilýärdi. Ikinji galan zady, «Göroglydan» başlap ähli dessan medresededi. Ol müňe golaý hadys öwrenen bolsa, otuz-kyrk dessan okapdy. Bedeliň, Omar Haýýamyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Magtymgulynyň goşgularyny haýran galyp okapdy. Hoja Ahmet Ýasawynyň: Her göreniň Hydyr bilgil, Her gijäni gadyr bilgin, Il bugdaý, sen saman, Il ýagşy, sen ýaman. Diýen şygryny, magtymgulynyň, bir ajy doýurmak hakdyr, ýaranlar diýmesini, onuň kakasy Döwletmämmet mollanyň: Käbe ýykmakdan müň mertebe, Bir köňül ýykmak ýaşandyr, eý däde diýen dürdäne parasadyny, ýüregine melhem edip ýapypdy. Ol şol beýik parasat mekdebini bir medresäniň, ýüzleý sapaklarynda bişirip bilmejegini bilýärdi. Şonuň üçin ketde ahunyň bu sowalyna: – Nesip bolsa, oba barsak, il-gün bile bolarys, pirimiz – diýdi. Ketde ahun hem baş atyp oňdy. Soň nahar iýilip, tabaklar ýygnalansoň, haýry-doga etdi. Şu gün medresäni terk edýän bu bendä onuň döwletli saçagynyň başynda ak pata berdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |