16:19 Gurbanmämmet serdar -3/ romanyň dowamy | |
2.
Taryhy proza
Hälki guş bazary ýaly jagyl-da-jugul bolup duran ses tapbat bolana dönüpdi. Oglanlar doňan ýaly bolup, oba tarap aňkarylyşyp, garap durdular. Gurbanmädiň gözi öleňde at salyp ýören eli tüpeňli atlylara düşdi. Olar jynssyz gygyryşyp, mallary öňlerine salyp, toplap, günorta, guma tarap kowýardylar. – Haýt, çüw, şahy döwlenler, çüw. Ol öz mallaryny tanady. Olaryň arasynda gyzyl tüwesem bardy. Otuz dokuz sygyr, birem gyzyl göle. Atlylar olary toplap, öňlerine salyp, depe bolup duran çertegiň ýanyndan daýyrdaşyp geçdiler. Atlar daýawdy. Olar guş bolup uçmaga taýýardy. Sygyrlar guma tarap başly-baratly çapyşyp baryşlaryna, çopanlaryndan haraý isleýän ýaly, oňa delminip garan ýaly boldy. – Ol beçjelerem süreli. Mary bazaryna äkidip satarys. – Satyp näme etjek. Ahala barýançak özümize güýmenje-hä bolar – diýip, daýaw gyr atyň üstündäki owadan silkme telpekli suwjuk güldi. Gurbanmät onuň ýüzüni görmedi. Ýöne, ýalpyldap duran owadan ädigini, täzeje bäşataryny, atyna eýer bolup duran teke gölli haly horjunyny synlap ýetişdi. – Ýok et, şu mallara-da Ahalda telim sany gözi gyzyl gyz alarys. Ol pökgerip, demir dor atyň üstünde içi pagtaly ganar ýaly bolup oturan pallyk adamyň ýüzini gördi. Ol adamyň pezzik murty, ýagly ýüzi batyp barýan günüň şöhlesine aýna ýaly ýaldyraýardy. – Çüw! – diýip, pallyk adam atyny şadyýan gamçylady. Atlylar hiç bir garaw görmän mallary sürüp, öleňden çykyp, guma ýarmaşyp başladylar. Gurbanmät aglap duran obadaşynyň ýanyna bardy. – Çerrik, olar kim? Çerrik özüne uly bolýan telpegi bilen ýüzüni basdyryp, hork-hork edip aglady. – Indi näderin, ýekeje sygyrymyzam galtamanlar alyp gitdi. Onuň gözleri ýagy ýok wagty ejiz oglanlara şir bolup ýören Şammyny agtardy. Olar bäş-on oglan bolup oba tarap howlugyp eňip barýardylar. – Çerrik, aglama. Sen oba ylga. Kakama-da habar ýetir. – Sen näme? – Men ne ýüzüm bilen oba baraýyn. Kyrk sygrym gitdi. Men oba baryp bilmen – ol özüni lampa ýere goýberdi-de, ýer ýumruklady. – Edil ýerden çykan ýaly boldular. Nirden gelenlerinem, nähili gelenlerinem duýman galdyk. Bagtymyz ýatdy – diýip, Çerrik iňläp, oba düwdenekläp gitdi. – Ah, däde, näme diliň siňňillimidi. Düýn dälmidi, «oýna gyzyp malyňy tozduraýma. Ahal tarapdan alamanlyk kän diýýärler, malyňa pugta bol» – diýeniň. Menem oýna gyzmasamam, göreş diýdi, beýleki diýdi, ahmal galdym-da... Gurbanmädiň içiniň lowlap ýanýan esasy zady, giden maly bolsa-da, şol kyrk sygyryň içinde gyzyl tüwe ony otdan alyp oda salýardy. – Däde maňa mal bakdyrjak bolsaňyz bir ýaby, bilen tüpeň alyp beriň – diýip, ol ertir çaýynyň başynda telim wagtlap ýüreginde göterip ýören höwesini daşyna çykarypdy. Hojabaý aga halsyz ýüzüni galdyrmady. Dulda mal üstüne gitjek ogluna azyk taýýarlap oturan Ene daýza mapraç ýüzüni adamsyna bakan öwürdi. – Gyzyl gaçary bak, bejer, ýagşy semret-de sat. Hojabaý aga aýalyna gözüni alartdy. – Iliň sen ýaly çagasynyň at münüp, tüpeň götereni barmy? Gurbanmät ýerinden laňňa galdy. – Däde, iliň çagasy men ýaly pada bakanok. Olar ertirden agşama çenli aşyk, çilik oýnap, agşam zordan öýüne gelýär. Sen maňa ýaby alyp ber, men onuň bilen ähli malyňam bakaýyn, agşam gelenimde otam ýükläp geleýin. Hojabaý aganyň gazaby gowşady. – Onsoň bir gaçar saňa ýaby boljakmy? – ol çaýyna güýmendi – Hany şol gaçary bir gowja bak, geregiň ýaby bolsun. Gurbanmät mäh diýmänkä ýabyly bolan ýaly boldy. Gyzyl gaçar onuň gözüne otdan yssy görünýärdi. Ol şu çertege-de ot basmasynyň sebäbi ýabyly gürrüňiň bir ujy bilen baglydy. – Tüpeňi soň alaryn, ilki bir ýaby edineýin. Ol içini çekip iňledi. – Bary köýdi. Men bu gün oglanlarymyň arasynda it masgarasy boldum. Indi malymdan el ýuwup oba barsam bütin il meni näletlär. Ysnat boldum, ysnat. Onuň tutuş süňňi galpyldady. Ol gorkusyna çöke düşdi-de, kyblasyna bakdy. – Eý Allajan, iliň-günüň içinde meni namart etme. Naýynsap garakçylardan meniň malymy alyp ber. Onuň agzy açylan ýaly boldy. – Eý, Ysmamyt ata jan, maňa güýç-kuwwat ber. Halalja malymyzy garakçylaryň elinden almaga güýç ber. – Ol bilýänje dogalaryny okap elini ýüzüne ýetirdi. Soň şatyr-şutur çokaýyny çykardy, telpegini çokaýynyň üstüne atdy. Çerteginiň işiginden asyp goýan ýüpi bilen bilini gaýym guşady. Soň mallarynyň yzy bilen ylgap, guma çykdy. Gün batdy. Ol mallarynyň torç eden yzlaryny alyp, howlukman ylgaşlap barýardy. – Gurbanyň bolaýyn Ysmamyt ata jan, ýa mallarymy yzyna getireýin, ýa-da şonuň ýolunda ölüp galaýyn. Bu ýolda sen meniň bilen bol, ýa Hudaý. Gum sowaýardy. Onuň ýalaňaç aýaklary hiç zat duýmaýardy. Ýüreginde ýekeje niýet bardy. Şundan Ahala gitmelem bolsa gidip, mallaryny yzyna alyp gelmekdi. Munuň üçin on bir aý, on aý, bir ýyl gerek bolsa-da ol parh etjek däldi. – Bütin ömrüm boýy ylgar giderin, ahyry, tapyp mallarymy yzyna getirerin. Hökman, ýa ölerin ýa-da... Gurbanmät ömründe şu günki ýaly utulyp görmändi. Ol şu on iki ýaşynda, özüni bilip, şu günki ýaly hakyny gideren ýeri bolmandy. Durmuş bu gün ony agyr synaga salypdy. Tutuş welaýatyň obalaryndan gelen oglanlaryň arasynda Şammy keliň ony it ýenjen ýaly edip, masgaranyň masgarasy edip göreşde birem däl, üç sapar ýeňmegi, yzyndanam «Sen meniň eşegimsiň» diýmegi diri adama başyny galdyryp gezer ýaly däldi. Ol kel doňuzyň «Sen meniň eşegim» diýmegi «Sen meniň heleýim» diýen manyny aňladýar-a. Gurbanmät titredi. Ýöne möjek ylgawyny kesmedi. Onuň ýagyrnysy derläp, köýnegi şapba ýapyşýardy. Dursa, ýörese deriniň sowamagy mümkindi. – Ahala çenli ylgawyma gitmelem bolsa, giderin. Binamys bolup ýaşanymdan, ölenim gowy. Ol ertir obalara doljak şum habar barada ajy oýlandy. – Bu habar oba ýaýrasa, ilki bilen öz kowumdaşlary begener. Ata-babalar «Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy» diýip dogry aýdypdyrlar. «Duşmanyň bolmasa, doganoglanlaryňdan artyk duşman nämä gerek» diýenlerem dogry. Hojamyrat dädemiň ogly Kakyşyň duşman kemi ýok. Meniň üstümden gülenleriň arasynda şolam bard-a. Şammy meni uranda «Wah, oňardyň!» diýip heşelle kakan şol dälmidi. Öýe baryp, şol wakany gürrüň bersem, Arazgül ýeňňem: «Asyl, bolaýypdyr. Atabaýyň şol ogly ýaman dikgije. Päline görä tapypdyr» diýmezmi? Özüňki şeý diýse, beýlekilerden näme gowulyk tama etjek... Gurbanmät janyny agyrdyp, namys oduny sowudaýjak bolýan ýaly bolup ylgady. Emma şol şeýtany oýlar onuň yzyndan ýetip, çaga başyna gonup, ony oda salýardy. Şol namysyň özem bir ömre ýeterlikkä, bu masgaraçylyk näme diýsene. Özem diňe meniň sygyrlarym sürüldi. Garaňky gözi baglapdy. Indi bäş-on ädim öňüňdäkinem saýgarar ýaly däldi. Mallaryň yzy görnenokdy. Ýol günbatara aýlaw berdi-de düzlüge, soňam depelige sepleşdi. Bu kerwerýol bolmalydy. Gurbanmädiň ýalaňaç dabany mallaryň şol öňki yzlaryny yzarlap barýardy. Düýe yzlaram bardy. – Kerwen geçipdir. Ýol çatryga diredi. Sag gapgalyň gyr, sol gapdalyň depelik başlaýardy. Kerwen sola gidipdir, mallar saga. Gurbanmät aljyrady. – Haýsy ýola gitmeli? Ol garaňkynyň içinde bir gara sudury saýgardy. Ol gara ýoluň çatrygynda durdy. Aňyrda bir ýerde goýun sürüsiniň «kühhä-kühhäsi» eşidilen ýaly boldy. – Salawmaleýkim – diýip, oglan sudura golaý bardy. Ak sakally ýaşuly taýagyna söýenip durdy. – Waleýkimessalam! Gurbanmät ýüzünde çyra ýanyp duran ýaly, aýdyň ýüzli ýaşuly bilen elleşdi. – Giçläpsiň-ä, köşek. – Agam, garakçylar malymy sürdi. Malymyň yzyndan barýan. Garaňkam düşdi. Haýsy ýoldan barýanymam bilemok. Goja gozganmady. – Barýan ugruň dogry. Basym Aýam dogar. Gorkma, enşalla myradyňa ýetersiň. Howlukma, Alla ýaryň bolsun! – Sag bol agam, Taňry ýalkasyn. Gurbanmät yzyna garanda gojany görmedi. – Gaty garaňky düşdi! – diýip oýlandy-da, kötelýokary ylgap başlady. Baýra çykanda gawun pazyllygynyň içinde suwy süýjän zamçanyň agaryp ýatyşy ýaly, aýam lemmer-lemmer bulutlaryň arasyndan agaryp göründi. Asmandan gelýän sähel ýagtam garaňkyda ýoly saýgarmaga hemaýat edýärdi. Depeden aşaklygyna gum başlanýardy. Aýaklaryň hälki ýaly düwür-düwür daşly ýere däl-de, goýnuň derisine degen ýalydy. Ýapaşaklygyna ylgamagam aňsatdy. Gurbanmädiň süňňi ýeňläp, ýüregi ýumşap başlady. – Aý, menem-äý was-wasa düşýän. Oglan göreşdir-dä. Bir sapar Şammy ýykar, beýleki sapar men ýykaryn. Bir-de ol urar, bir-de men uraryn. Malam diňe meňki däl-ä, bu bela tutuş iliň başyndan inen bela boldy. Ol göwnügiňlik bilen pyşyrdady. Näme diýse-de, oglanjygyň Şamma göwni ýetdi. – Ol nesip bolsa, ölmese, tutuş ilimize hossar bolar. Onda Alladan berlen güýç bar. Ol asmana çüý kakyp, oňa ýüp dakyp sallançak uçup biler. Onuň ýüregi biziňki ýaly guş uçsa, pysyrdap duranok. Edil polatdan guýlan ýaly. Gör, meniň ýüzüme urşuny. Men şeýdip bilmezdim. Ol adam gaýgyrjak däl. Ile-güne şeýle hossar gerek. Şolar ýaly mert, batyr hossaryň bolsa düýnki galtamanlar malyňy talajakmy? Olar garaw görmejeklerini gowy bilýärler. Olaryň gözi gorkanok. Ine, nesip bolsa Şammy kel bir ýetişsin. Siziň gözüňizde ot ýakar ol, nädersiň, Daşhowuz-Hywa diýilse, baldyryňyz syzlaberse. Ol yzyna garady. Yzam, öňem gap-garaňky ummandy. Onuň göwnüne, şol ummanyň bagryny ýaryp, Şammy geläýjek ýalydy. – Şammy geler. Onuňam maly sürüld-ä. Belki ýabyly gelip, menem syrtyna alar. Öňden bir ýerden suwuň hemem oda ýapylan etiň ysy geldi. Gurbanmät ajyganyny, suwsanyny duýup galdy. Asmanda Aý günbatara bakan tigirlenip barýardy. Gurbanmät durup diň saldy. Aý hem durup diň saldy. – Aý bir zada-ha geň galyp seredýär. Diýmek, garakçylar şu golaýda bolmaly. Ýol dik aşak indi. Öňdäki oýda atlaryň burnunyň pyrryldysy eşidildi. Oglan ýere ýazyldy. Ýöne öňde hiç zat görünmedi. Ol ýene bir sagada golaý ylgawyny ýazdyrman gitdi. Aý öýle guşluga çykypdy. – Guýy bolmaly. Oglanjyk gapdaldaky ýapa ýaplanyp oýa syn saldy. Hiç zat görnenokdy. Aňyrda bir ýerde goýun sürüsine meňzeş gara ýazylyp ýatyrdy. – Eý, Ysmamyt ata jan, özüň ýetiş, goýun sürüsi bir bolmasyn. Süri bolsa item bardyr. Ala-goh edip, bar kişini örüzer – Ol böwrüne diň saldy. – Meniň mallarym niredekä? Tapsam bolýar, bu gije bolmasa, erte agşam alyp gaçaryn... Ol bagry bilen süýşüp diýen ýaly, oýa indi. Oýuň ortasynda düýeler çöküşip otyrdy. Guýynyň bäş-on ädim ilersinde ot ýakylypdyr. Ojakdan bişen kebabyň ysy gelýärdi. Ojagyň gapdalynda äpet-äpet ganarlar başly-barat ýaýraşyp ýatyrdy. Onuň gözleri şol ýükleri ýassanyp ýatan adamlary saýgardy. Guýynyň golaýyndaky ýere gömülen beýik sazakdan tüpeň, horjun asyklydy. Oglanyň ýüregi darsyldap urdy. Bulutlardan çykan aýyň ýagtysyna gyzyl gölesiniň kellesini tanady. Onuň hamynyň üstünde, göle eti leýis bolup ýatyrdy. Gurbanmädiň gazaby süňňüne ýaýrady. Ol iki bökende sazak paýasynyň ýanyna bardy. Şahadan Aý şöhlesine ýaldyrap duran tüpeňi sogrup aldy, aşakky şahadaky hatary alyp biline guşandy. Agyr horjuny zordan egnine atdy-da, düýelere bakan ýöredi. Oý imisalalykdy. Ýadaw adamlar tüpeň atsaňam oýanjaga meňzänokdy. Düýeleriň aňyrsynda eýerli, eýersiz atlar gulaklary bilen asmany deşäýjek ýaly bolup, oglana mölterilip seretdiler. Gurbanmät eýeri aýrylmadyk atlaryň biriniň üstüne horjunyny atdy. – Arman uýany ýok-da. Ol atyň tanapyny yzarlap, daňylan gazygyny sogurdy. Soň ony beýleki oýa bakan idip başlady. – Mallar niredekä? Bu oýdan ep-esli ilerdäki kände uly mallaryň burnunyň pyşşyldysy eşidildi. Ol oýda ep-esli ýeri tutup ýatan goýun agyly – çeperi bar eken. Mallar şonuň içine gabalypdyr. Gurbanmät aty agylyň daşyndaky agaçlaryň birine baglady-da, çeperiniň agzyna baglanan agaçlary bir gyra aýyrdy. Soň agyla girip, mallary daşary kowdy. Sygyrlar agyldan zymdyrylyp-zymdyrylyp, çykyp, özlerini garaňky ummanyň çuňlugyna urýardylar. Oglanjyk ätiýaç bilen töweregine garady, sygyrlaryň çybşyldysyndan başga ses-selem ýokdy. Ol böküp ata atlandy-da, atyň boýnundaky tanapyň ujy bilen mes atyň sagrysyna çaldy. At iki bökende mallaryň yzyndan ýetdi. Sygyrlar gelen ýollaryna düşüp, äňterilip barýardy. Gurbanmät mallar bölünip galaýmasyn diýip atyň başyny ýoluň bir ol gyrasyna, bir bu gyrasyna dolaýardy. Aý iň soňky sapar ähli şöhlesini döküp bir garady-da, özüni galyň gara bulutlaryň gujagyna urdy. Mallara indi garaw gerek däldi. Olar uly toplum bolup, eňaşaklygyna eňip barýardylar. Gurbanmät atyň tanapyny depesinde aýlap, mallary gyssaýardy. Ol daňyň demi jahana ýaýrap başlanda, hälki ýaşulynyň duşan çatrygyna geldi. Yzyna garady. Kowgy, howp-hatar görnenokdy. Ol diňe şonda münüp barýan atyny synlady. At demir gyrdy. – Mallary sürenleriň biriniňki! Oglanjygyň ini jümşüldäp gitdi. – Şol dik ýüzli, owadan telpekliniňki. Şoldy ahyryn «bu mallary satyp telim gözi gyzyl gyz alarys» diýen. Tüpeň kimiňkikä?! Indi mallaram aýyl-saýyl bellerdýärdi. Olar iki ýüz töweregi ululy-kiçili gara maldy. Güýzüň çigrek daglan sonar otunyň, salkyn öleňiň, suwuň ysyny alan sygyrlar indi sakladar ýaly däldi. Gurbanmädiň howsalasy aýrylanokdy. Göwnüne bolmasa, atly-ýaragly alamançylar yzyndan ýetip gelýän ýalydy. Şorköl öleňe çenli gaty az galypdy. Üstýurt belentliginden indigiň öz iliňdi. At birden gulaklaryny keýertdi-de, kellesini bulady. Uzakdan gelýän at aýagynyň sesini Gurbanmädem eşitdi. – Duýupdyrlar. Kowgy. – Ol atynam, mallaram gyssady. – Wah, bar azabym reýgan boljak-da. – Ol egninden bäşataryny düşürdi-de, ony döwüp, bilindäki hatardan ok alyp sürdi. – Indi hakymy gidirsem Hojabaý Jüneýidiň döli bolmadygym. Ol gyssandy. Elindäki ýüpi depesinde aýlady. – Çüw! Çüw, janawerler – Oglanjyk dogup gelýän güne bakyp halys ýüregi bilen: – Alla jan, özüň kömek et. Ysmamyt ata jan, özüň ýetiş. Meni halas et – diýip howsalaly samyrdady. Mallar ala tozanyň içinde şakyrdaşyp barýardy. Olaram yzdan atylyp gelýän atlaryň sesini, Gurbanmädiň «Çüw, how!» diýýän howsalaly sesinden ýetip gelýän howpy aňypdylar. Gurbanmät ok sürülen bäşatary asmana bakan atyp goýberdi. Bu duýdansyz gümpüldä at tisgindi-de, bir gapdala zyňyldy. Gurbanmät erbet yrandy. Zordan ýykylman saklandy. Bu duýdansyz gohdan ürken sygyrlar Üstýurduň belent inişinden jülgä eňip, sonarlyk meýdanlara pytrap gitdiler. Gurbanmät Şorköl öleňiň ýanynda toplanyp duran atly, eşekli adamlary gördi. Megerem, olar bu mallaryň eýeleridi. Olar hem mallary, ýalňyz atlyny, onuň yzyndan aldajy ýaly bolup gelýänleri görüp, şolara baka at salyp gaýtdylar. Mallaram, oglanjygam jülgä indi. Gurbanmät yzyna garady. Dört atly Üstýurduň dagyndan jülgä inmedi-de, şol ýerden atyny ine-gana sürüp barşyna, öz dargan mallaryny toplaşdyrmaga başlady. Adamlar gyr-da-gykylyk bolşup Üstýurt depelerine dyrmaşyp barýardylar. Gurbanmät mallaryny jemläp, öleňe inderdi-de, çertegine gelip atdan düşdi. Onuň ýalaňaç aýaklary ýeri duýanokdy. Ömründe at münmedik oglanyň otyrýeri, butlary, oňurgalary sandala salnyp ýenjilen ýalydy. Ol atynyň eýerini aýryp, ony çertegiň paýa agajyna daňyp, öňüne düýnki ýygan otundan bir goltuk dökdi. Soň ýere taşlan horjunyny dördi. Onuň bir gözünden bir topar düwünçek çykdy. Beýleki gözünden atyň uýany, gamçysy, ýagy süpürilmedik sapança, kişdeli, kişmişli, nabatly, kemputly düwünçekler çykdy. – O-ho! – diýip, Gurbanmädiň oglan göwni galkyndy. – Ejem baý begener-ä. Ol horjuny çertegine salyp, bilindäki ýüpi bilen atyny pugta duşaklabam goýberdi. – Indi-hä meni ahmal etmersiň laçyn guşum! Ol çertege girip, kellesini horjuna goýdy. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |