17:19 Gurbanmämmet serdar -9/ romanyň dowamy | |
8.
Taryhy proza
Gurbanmädiň mirap saýlananyna eýýäm ýedi-sekiz gün bolupdy. Ol aladaňdan atyna münüp gidip, garaňkyny ýagşy ýaşyryp öýe gelýärdi. Ol bu gün aladalydy. Ejesi oglunyň öňüne üstüne saryýag dökülen gaýyş goýdy. – Eje, şun-a oňarypsyň. Howa gaty sowuk. Özümem «Eje, maňa gaýyş edip ber» diýeýin diýip gelipdim. Ol nahary işdä bilen iýip, omyn etdi. – Hany, dädem? Ene daýza öýüň ortasynda ýanyp duran ojaga tut agajynyň guran şahalaryny atdy. – Dädeňi agasy Hojamyrat çagyrdy. – Näme iş çykdyka? – Aýtmady. «Çakylyk bar» diýip, häli çykyp gidişi. Gurbanmät irgözinden düşegine geçdi. – Oglum, sen ýaşsyň. Kakabaşlyk ediberme. Ata kim? Aga kim? Dogan kim? Dost kim? Tanagyn. Öň-ä at diýdiň, bir belanyň gyrasyndan zordan galdyň. Indem, mirap diýdi, suw diýdi, jykyr diýdi, tanap diýdi, gezek diýdi, ýaman gepiň köp edilýär. Jykyr bilen, tanap bilen nä derdiň bar. Adamlar öz ugruna etsin. Ne çiş köýsün, ne kebap. Özüňi gora, balam. – Ol bolmaz, eje. Ol bolmaz! – diýip, samyrdady-da uklap galdy. Ol turanda kakasy ertir namazyny okap durdy. Ogly çykyp gider öýdüp, ýaşuly boýnuny gapdala etdi-de: – Maňa garaş, gürrüň bar – diýip, ýene namazy bilen boldy. Gurbanmät ýuwunyp, saçak başyna geçdi. Käsesine çaý guýup, ýaňy eredilen gowurdaga çörek batyrdy. Ol her sapar gowurdaga çörek batyrjak bolanda Mütrük aganyň «Men Hajybaýyň çöregini hapa görýän» diýeni ýadyna düşýärdi. Onuň agzyna salan çöregi bokurdagyndan ötmedi. Ol daş işige «Ej-e?» diýip gygyrdy. Ene daýza eli bedreli içeri girdi. – Süýdüň bişmedimi? – Näme, çig gaýmak bar. – Getir. Ol ejesiniň getiren bir okara çig gaýmagyna çöregini batyryp ýaňy iýjek bolanda, kakasy-da saçagyň başyna geçdi. Ýaşuly ýüzüni kineli tutdy. – Agşam men Hojabaýlarda çakylykda boldum. – Ol demli çäýnegi öňüne süýşürdi. – Aga-inileň seniň bolup ýörşüňi oňlanoklar. Men... Gurbanmät okaranyň düýbüni çöregi bilen syryp durşuna: – Meniň näme bolşum bar? – diýdi. – Seniň bolşuňmy? Sen şu ýabyly meselede agalaryň töwellasyny almadyň. Olar şony meniň ýüzüme basýarlar. Soň sen mirap bolup-bolman, «Jykyrlary on günde ýok ediň!» diýipsiň. Derýa bardyr, jykyram bardyr. Seniň iliň jykyry bilen işiň bolmasyn. Buýankysy, sen Kakyş jana entek ep-esli wagty bolsa-da, «Wagtyň bireýýäm boldy, gümüňi tap» diýipsiň. Diňle. Il mirap bolanda dogan-garyndaşyny beýlede durzup, ýady ýakyn edýär. Sen öz doganlaryňy özüňe duşman edýäň. Gurbanmät kakasynyň ýüzüne dikanlap bakdy. – Bary şular dälmi? – Ýok, seniň adamçylygyňam üýtgäpdir. At münen bolup, egniňe tüpeň dakan bolup hondan bärsi gezýäň. Senem il ýaly bol. Ogly ýumruk ýaly bolup ak sakally kakasy bilen jyňy-jyňy edip oturmagy uslyp bilmedi. – Däde, ertir sekizinji gün, eger Tersýabyň boýundan jykyryňy aýyrmasaň, menden gaty görme. Iki günüň galdy. Meni garyndaşlarym däl-de, il-gün mirap saýlady. Men şol adamlaryň guly. Şolar ynjasa, menem ynjaryn. Öz dädem ýabyň boýuny jykyr bilen dolduryp goýsa, men ile näme diýerin. – Jykyr sen dogmankaňam bardy, wenezzynanyň biri. – Onuň gürrüňini edemok. Öz suw gezegiňde aýlawer jykyryňy. Emma iliň suw gezeginde seniň jykyryňam, seniň doganlaryň jykyram aýlanmaz. Ýaşuly ýekedyza galdy. – Haý, itiň emjegini emen güjük. Sen indi ýeke gün mirap boldum diýip, ataň ýüzüne gelermiň. Seni beren duzum tutsun. Ýok bol şu öýden garaň görünmesin. Gurbanmät gysgajyk omyn etdi-de ýerinden turdy. – Jykyryňy şu gün ýok et. Ol kakasynyň gazap bilen elini salgap diýýän sözlerini eşitmejek bolýan ýaly, yzyna garaman çykyp gitdi. Şol gidişine-de kakasynyň ýeriniň golaýynda gurlan uly jykyryň ýanynda at başyny çekdi. Goňşulary Welibaý jykyra düýe goşjak bolup durdy. – Salawmaleýkim mirap – diýip, ol arkaýynlyk bilen gelip salamlaşdy. – Goňşy näme etjek bolýaň? – Siziň jykyryňyz-da, şony aýýajak bolýan – diýip, ýaşuly nasly agzyny pakgyldadyp aýtdy. – Sen hälki maslahatda barmydyň? – Haýky? – diýip, Welibaý aga gasyn-gasyn bolup duran ýüzünde bitaý terezi ýaly gympaý gözüniň gabagyny süýndürip miraba seretdi. – Mirap saýlawynda. – O-ho, bardym. Özüňi saýladykk-ow. – Hawa şonda. – Bardym. – Şonda jykyr barada näme aýdyldy? – Jykyrlary ýapdan aýyrmaly diýdiň-däýt, özüň. Ýaş oglanyň sesi dogumly çykdy. – Onda näme aýraňyzok, Welibaý aga. Jykyrçy güldi. – Men bir ýumuş oglany-ow. Baý aga aýyr diýse, şu wagt aýyrýan ony. – Bir günüň galdy. Gurbanmät beýleki jykyrlaryň üstüne-de aýlandy. Tersýabyň, Bedirkent obasyna degişli ýerinde on bäş jykyr bardy. Munuň özi uly ýap suwdy. Gurbanmät agşamara Mütrük aganyň bendiň golaýyndaky kümesine geldi. Howa sowukdy, küme bolsa eleme-deşikdi. Iýere, içere hiç zat ýokdy. Ol kümeden çykdy-da, atyny çaýyrlak meýdanda örkledi, aýagyny duşady. Özge kümäniň gapdalyndaky odunçöplerden getirip, kümäniň gapdalynda ot ýakdy-da, gyzyndy. Soň agyr oýa batyp, ep-esli oturdy. – Mundan artyk dädemiň öýünde ýaşap bolmaz. Onuň şemalynyň nireden ösýändigi belli. Hojamyrat dädem meni oglantaň görüp, äsgerenok. Onuň dädeme diýeni ýöreýär. Men miraplykdan aýyrýançalar şu kümede ýaşamaly. Ýöne ony adam ýaşar ýaly etmeli. Munuň üçin kimden haraý soramaly. Ol garaňkyny düşürip, Mütürik agalara ugrady. Ýaşuly mirabyň halyny sorap gelenine begendi. – Dädemem maňa «öýden çyk» diýdi. – Ol jykyrlara degme – diýýär. Men jykyrlary aýyrmasalar ylalaşyp bilmen. Ýaşulynyň ýaşaýan ýeke gat jaýy hem onuň kümesinden ybaly däldi. Ortada ýakylan oduň tütüni içerini tütüne baglapdy. Häzirem ojakdan göterilýän tüsse bilen tütün gözüňe, demiňe urup, janyňy alyp barýardy. Ýaşulynyň özi welin göwnübir ýalydy. – Oduny ýuka. Akbaş bilen ýandakdan ot bolarmy, ol bir tüsse ahyry. Nädersiň, gözüňe söweýin, ojar odun bolaganda, onuň tüssesem, külem derman ahyryn. Araçjan gelneje orta saçak ýazdy. – Ýaňy çörek bişirdim. Mirabyň miraphakyny getirdiler. Iki çuwal un. Çöregi gowy boldy. Alyň, köşek. Mirap agaňa seretme. Al, künji ýagy bilen hurş edin. Gurbanmät garnyny doýurdy. – Men indi seniň kümäňe barmaly boldum. Ýöne ne düşek bar, ne ýapynja, küme-de, eleme-deşik. Ýaşuly düşündi. – Sen ertire çenli bir alajyny et. Ertir bir araba arpa saman eltip, kümäni suwarys. Odun-çöpem boluberer. Soň özüm ýanyňa baryp, çaý-suwuňa göz-gulak borun. Barybir öýem gysyp-gowrup barýar. Häzir ýorgan-ýassyk, keçe alyp gidersiň. Araçjan daýza sesini çykarmady. Ol boýunsunujylyk bilen bir galyň ýorgany, köneje ýassygy keçä dolap, işigiň agzynda goýdy. At erbet hykrandy. Gurbanmät howlukdy. – Bir omyn ediň, men turaýyn. ...Ertesi Mütürik aga üç sany ýetginjegi at arabasyna mündürip bende geldi. Araba boşdy. – Mirap, amanmysyň? – Ol araba tarap baş atdy. – Goňşulardan aldym. Bularam ýegenler. Häzir olaryň ikisini samana ibereýin. Meýdanlar samandan harman bolup ýatyrdy. – Ol harman işan aganyňkydyr. Baryň, şondan bir araba alyp geliň. Durdy jan, senem, köşek, kümäniň içini biliňe çenli gaz, gumunam daşary zyň. Günorta çenli kümäni ep-esli gazyp, onuň gumundan galyň saman suwag edip, kümäni suwadylar. Samanyň galanyny kümäniň içine düşek edip ýazdylar. Keçe düşediler. Soň ýaşulynyň ýumruk ýalyjak taňkasynda çaý gaýnadyp, garbandylar. Öýlän oglanlar bir araba çyrpy, akbaş, ýandak alyp geldiler. Ýaşuly daş çöpläp, kümäniň ortasynda ojak ýasady. Ot ýakdy. Tüňçesini suwdan dolduryp goýdy. – Siz gaýdyberiň, Durtjan, ertir bir araba körpe getiriň, ýarty halta arpa bilen. Daýzaňam ýarty çuwal un ibersin... Oglanlar gitdi. Ýaşuly öňki öwrenişen ýerlerine aýlaň-çaýlaň etdi, atyň örküni täzeledi. – Türkmen goşy dura-bara diýendirler. Garyndaş bar, dost-ýar bar, bizi hor etmezler... Olar agzy açyk kümede ojagyň başyna, täzeje samanyň üstüne düşeklerini ýazyp gyşardylar. Küme öten agşamky deşiginden ýyldyz sanap oturmaly kümeden has gowudy. Onuň düýbüniň ep-esli çökerilmegi içerini ýyly edipdi. Daşarynyň aýazy ýyly howany töre kowany üçin, sowuk bildirenokdy. – Häk! – diýip, ýaşuly ýerinden turdy. – Edeniň bar bolsun. Munuň kellä gelmeýşini. Oglan hem gyşaryp oturan ýerinden dikeldi. – Näme boldy, Mütürik aga. Ýaşuly ýerinden turdy. – Aty içeri salaly. Hem ýyly bolar, hem arkaýyn bolarys. Olar aty kümä saldylar. Dogrudanam içeri ýylan ýaly boldy. Olar atyň pyşgyrmasyny diňläp, ýatyp galdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |