17:30 Gurbanmämmet serdar / Ikinji bölüm -2: dowamy | |
Gurbanmämmet bir ädim yza tesdi-de, agzynyň depesinden salan gamçysyny tutdy-da, bat bilen silkip aldy. Soňam däliräp barýan bedew atyň sagrysyna iki sapar saýgylady.
Taryhy proza
Beýle-beýle otly gamça garaşmadyk at, iki art aýagyna galyp, erbet bökdi-de, ýyldyrymyň bady bilen Tersýaby yzarlap gitdi. – Agaňdyr! Agaňdyr – diýip, Hajybaý aga ogluna ýapjalyk eden boldy. Gurbanmämmet sesini çykarman, alynky jaýlaryň birine girip gitdi. «Etsin. Hany näme iş bitirýär, göreli Özbekbaý aganyň gaçaryny gaýtaryp aldyk. Şonuň özem az ýeňiş däl. Goý, meniňem agzynyň suwuny akdyryp, göreniň agzyna garap, özüni oýnadyp ýören däldigimi bilsin» diýip oýlandy. Gurbanmämmet indi kazylyk bilenem öwrenişýärdi. Ol her bazarda özüne degişli etrapda ýüze çykan her hili ýagdaýlar barada ony kimiň edendigini, näme güniniň bardygyny jar çekdirip aýtdyrýardy. Oba oglanlaryndan Ýagmyr atly oglany özüne Mürze edip alypdy. Ýagmyr ýaşdy, ýatkeşdi. Onuň sesi ýag içeniňki ýaly dury hem güýçlidi. Sapar jar çekende-de ýatdan çykarmaýardy. Şapy indi atly, ýaragly wekildi. Ol çekinip duranokdy. Günäkäri atyň öňüne salyp alyp gelýärdi. Beýleki wagtlaram şu hojalygyň oduny, oty-iými, suwy, maly-garasy bilendi. Bularyň hemmesi Gurbanmämmediň arkaýyn işlemegine, pikirini-paýhasyny jemlemegine hemaýatyny ýetirmän duranokdy. Adamlar indi, näme diýseňem, telek iş etseň, il-güne, onuň mal-garasyna kast etseň garaw görjekdigiňi aňypdy. Bu kazynyň ogrynyň, jümriniň, üstünden şikaýat edilen nekgendäniň adyny ak bazarda peçat edip ýörmesi adamlarda näme diýseňem namys oduny oýarman duranokdy. Kazynyň mürzesi Ýagmyryň ogrynyň, jümriniň, günäkäriň adyny, eden işini ile masgara edip, yzyndanam diýmäň. Ogul öýerip, gyz çykarmakçy bolanyňyzda, algy-bergi meselesinde şu kezzaba golaýlaşmaň, abraýdan düşersiňiz». Diýmegi adamlary has hem oýlandyrýandyr. Ýöne zyna, ogurlyk birneme azalsa-da, Gurbanmämmet iki meseläni hiç ýola salyp bilenokdy. Onuň birinjisi, Tersýabyň ugrundaky jykyrlardy. Ikinjisi, Hojamyrat agasydy. Jykyrly meselede oba miraby ejesiniň-doganynyň ogly doly öz diýenini ýöredýärdi. Ol her jykyr üçin azyndan bir-iki gaçar alýardy. Onuň yzynda durmak üçin jykyrlaryň üstünden guş uçuranokdy. Ol jykyrlaram obanyň iň gurply adamlarynyňkydy. Olara-da ýaş kazynyň dişi ötüp baranokdy. Şonuň üçindir-dä, adamlaram «açbaşym, dynç gulagym» ädip, seslerini çykaranokdy. «Bu gaty aýylganç eden etdilig-ä» diýip, Gurbanmämmet gorkuly oýlanýardy. Kişiniň haky görle, biline iýilip ýörkä, allanyň bellän ýoly bozulyp durka mirap nämä gerek, kazy nämä gerek. «Bir ýabyň ugrunda on bäş ýigrimi jykyr guralýan bolsa, bir ýap suw towsa göterilýän bolsa, mundan beterem bir eden-etdilik bolarmy. Ol howadaky bu meseläni han bilenem kän döwnäpdi. Onuň özi mirap bolanda Terýabyň ugrunda ýekeje jykyram goýmandy. Ol «şol dogrumy, nädogrumy» diýip, han bilen Öwez Hoja sowal beripdi. – Ol-a jykyrlap suw almak eken, ýeke damja almagam karam bolar» diýip, han meseläni kesipdi. – Agar, suw gezegini algan kişi razy olsa, halaldy – diýip, Öwez hoja başgaça tekrarlady. «Hawa-da, suwuň eýesi mirap, ol sesini çykarmasa, suw gezegini alan adam sesini çykarmasa, razylygyň, ylalaşygyň alamaty bolsa bolýandyr. Hany, az-kem garaşaly. Gurbanmämmet bazarda: Adamlar, eşitdim-eşitmedim diýmäň» indiki Anna güni Tagtanyň kazysy obama-oba aýlanyp arz diňlejekdir-how» diýdirip jar çekdirdi. Kazy öýünde-kazyhanada köplenç boş oturýardy. Nämüçindir arz bilen gelýän azalypdy. Indi adamlar Hojabaý Jüneýdiň, onuň ogly Kakyşyň üstünden arz etmelerini hem goýupdylar. Onuň sebäbiniň biri, her kim ak bazarda adynyň jarçynyň diline düşmeginden çekinýärdiler. Ýene bir esasy sebäbi, Tagta etrabynyň halky sabyrly, kanagatly, döwletli halkdy. Biri bilen geýdirilişip, dawalaşyp, kazylaşyp ýörmäni kän bir halamaýardy. Juda etinden ötüp, süňňüne ýetende, ýa-da namys oduna ýananda oda gaçan okýylan ýaly orunaýmasa, galan mahaly onça-munça zadyňy mazaýygam edenokdy. «Türkmeniň owarramy, özbege şamlyk» diýen gepem şu etrapdan galandy. Gurbanmämmet onça güni ilki Dilewara obanyň ortasynda üýşen adamlaryň ýanynda atdan düşdi. Mürzesini, şapyny yzyna tirkäp, üýşüp duran adamlaryň arasyna bardy. – Salowmaleýkim. – Waleýkim essalam – diýip, oba hany Begler maşryk ony iki eli bilen görşüp garşylady. Geliň kazy aga, içden oturyň. – Bar ilatyňyzmy, şular? – Aý adamlar iş-de, güýçde, obada ýuwa maşryk ak goýun berýär, şonda. Ýörüň, obama-oba aýlanyp ýörün. Begler han başyny duranlara atdy. – Ine, ilat, näme arzy, şikaýaty bolsa aýdyp otursyn. – ol sesini gataltdy. – hudaýa şükür, özümiz barka, kaza ýeter ýaly gep goýýan däldiris. Ana, aýdyp otursynlar. – Ýak, hudaýa şükür, hemme zadymyz, gülala-günlük. Ýaşy uzyn bolsun, Begler han hakyky howandar bolup du... Olar Polosoltanda-da, kerpiçlide-de, Gazawatda-da, Ysmamyt atada-da adamlar bilen gürrüňleşip, hal-ahwal soraşyp, şol bir gepi eşitdiler. Kazy direglide Şammy hanyň öýünde düşledi. Han söwüş etdi. Nahar başynda gürrüň ýene Hojabaý jüneýdiň üstünden düşdi. – Ol-aýt, seniň agaň doýmaz-dolmaz bir tulum boldy. Meniň öz bilýänim-ä, onuň bäş alty süri ownuk maly bar. Ýene-de arada köpükli goýusynyň töwereginde mal bakyp ýören balkanly ýomutlaryň malyny sürüp alyp gaýdypdyr – diýip, Şammy gülüp aýtdy. – Şamyrat kişiniň kesesinden günäsini etmek etmek ýagşy däl, toba essabyralla, Alla günämizi ötsün, ol Hywa barýan bir kerwenem urup gaýdypdyr. Şamy bu gepi eşidip, ot alyp tütedi. – Şonuň ýaly kezzaplar üçin-dä, kileň ahally üstümize dökülip, häli-şindi mal-garamyzy sürüp dur. Biz-ä ýagşy welin, garawsyz il-gün indi çöle mal bakmaga däl, oduna çöpe-de çykup bilenok. Üstýurduň arkasynda, Döwkesende, Gaplaňgyrda-da kileň mallarymyzy sürüp durlar. – Ors gelip eýran ilen arany bekläni bäri Ahallylar gözüni Hywa topragyna dikdi. Ol Şammynyň sözüni tassyklady. – Sen dogry aýdýaň, Şamyrat bu ýuruduň ýedi ýoluň çatrygyna taşlanan goýun guýrugy ýaly bir zat boldy. Gaýraňdan özbek opuryp barýar. Günbataryňdan gazak galmykdalap dur, ileriňden ahallylar talaňa salyp dur, içiňdenem ýagy bolup talaňa, aýal-gyzyňa ýapyşyp duran gyt däl. Biziň bagtymyza ile hossar, howandar çykan hany-soltanyňam bolmady. Şammy baş atdy. – Wah, tutuş ili bir agza bakdyran soltan diýsen-e. – Ol gözlerini pikirli ýaldyradyp töweregine garady. – Azajyk tagapyl et, bolar, bolar. – Belki, agzyňdan hudaý eşitsin – diýip, Gurbanmämmet haýyr dogasyny edip, turmak bilen boldy. – Oturmaly ekeniňiz. Gürüň ýaňy gyzyşdy – diýip, öý eýesi mürehet etdi. Gurbanmämmet gyssandy. – Hojakümmede, Yzmykşire, Garaporsaňa-da degip geçme niýetim bar. Öýe agşam namazyna barsam han boldugym. Myhmanlar Hojakümmeti nazarlap ugranlarynda Gün öýlä sallanyp başlady. Ýylky ýylynyň remezan aýy tomsuň jokrama günlerine gabat geldi. Yssa yssy diýseň, derýa boýy bolansoň Tagta boýunda çygy bug bolup göterlen ilde dowzah göçüp gelen ýalydy. Tutuş Bedirkent hammama meňzeýärdi. Tüp yssydan ýaňa meýdanlarda iňläp siňek göze ilenokdy. Hojabaý jüneýdiň işiginde adam gara bolmansoň, alys ýoldan gelen ýadaw atly tüýdüge dönen bokurdagyny zordan arçap: – Kim bar, habarlaşara – diýip gygyrdy. Ol atly agzynyň içinde çişen dilini gymyldadyp bilmän zordan «bazzy-buzzy» edip duranyndan habary ýokdy. At aýagynyň sesine ylgap daş çykan Şapy atdan düşüp bilmän, sazanaklap duran kişini göterip, eýerden düşürdi-de, süýräp diýen ýaly salkyn eýwana eltdi-de düşege geçirdi. – Süý! – diýip, myhman çaganyň sesi ýaly iňňildä meňzeş müzzük ses bilen çygynyp aýtdy. Süý beýiň. Şapy içeri girip, bir okarda suw alyp çykdy. Myhman şol okarada jany getirilen ýaly, oňa iki eli bilen ýapyşyp öňüne çekdi. Ýüzüne akýan suwa agzyny tutdy. Şapy oňa birküç owurt suw berensoň, okarany beýlä goýdy. Suw diýme, häzir çaý bereýin. Azajyk tagapyl et. Ol ylgap daş çykdy-da, sähel salymdan çaý, çörek, nahar alyp geldi. – Myhman özüni bilmän ýatyrdy. Günorta namazyny okap Han Gurbanmämmet bilen daş çykdy. Olar eýwanda süýnüp ýatan adamy görüp, geň galdylar. Saçak ýazyp ýören Şapa seredip: – Myhman geldimi? – diýip, Han öňürtiläp sorady. – Kim ol! Şapy elini serdi. – Bilmedim atdan düşüp bilmän hüňňür-hüňür edip dur. Atdan agyp gitdi. Süýräp eýwana saldym. Ýüzi ýanyp, dili agzyna syganok, pahyryň. – Suw-sol berdiňmi? – diýip, öý eýesi sorady. – Iki owurtjyk suw berdim. Çaý getirsem, özüni bilmän ýatyr... Indi... Han onuň başujyna gelip oturdy. – Degme, ýatsyn. Şapy saçagy giňden ýazdy, çaý, nahar getirdi. – Kişi nesibini, kişi iýmez, hany, ol han işan. Ýylky ýyly Gurbanmämmet üçin ýatdan çykmajak bir ýyl boldy. Bu ýylyň başynda onuň ikinji ogly dünýä indi. Ol nowbahar ogluna Eşşi diýip at goýupdy. Ikinji oglunyň adyna Eýleýir dakdylar. Oňa begenip ýören haçyna söwer dosty hanyň aýaly, gyzjagazy bilen gölüp gelmegi onuň göwün guşuny uçurdy. Ol begenjine edil hanyň jaýynyň gapdalyndan bir otaglyja giňiş tam gurup berdi. – Ine, işan aga, oglan okadasyň gelse, oglan okat, özüň ýaşaryn diýseň, özüň ýaşa. Han Gurbanmämmetden öňem gaty razydy. Ol Hywada bile okanda, onuň arkayndan zada zar bolmady. Gurbanmämmet Hywadan gaýdanda-da azygynyň, goş-golamynyň ählisini Han bilen Öwez hoja goýup gaýtdy. Soňam her aýda azyklyk, harçlyk iberdi durdy. Han medresäni gutaryp bir kerwene daklyşyp, göni Janahyra, maşgalalynyň arasyna gitdi. Ýöne ol ýerde göwni heýç karar tapmady. Ýogsa, Orazguly hem goňşy ýaşaly diýip, Jan ahyra göçüp gelipdi. Şondan soň iki ahun duşuş. Hywanyň, Gurbanmämmediň, Bedirkendiň gürrüňi edilýärdi. Ahyry bir gün han dil ýardy. – Men Gurbanmämmetsiz oňup bilemok. Nesip bolsa, geljek ýaz amatly kerwen gabat gelse Hywa geçeýin. Orazguly ahun kel-kelläme garşy boldy. – Men näme? Sen meni taşlap gidip bilmersiň. Han ýylgyrdy. – Iki ahun eliň aýasy ýaly bir kiçijik oba sygmaz, ahunym. Onsoňam, bu ilde meniň senden başga hiç kimim ýok. – Ol töweregine nazaryny dikdi. – bu ilem ýyl-ýyldan gahatçylyga düşüp barýar. Şeýdip ol ýazyň başynda Hywa söwda-satyga gaýdan bir kerwene daklyşyp, aýalyny, gyzjagazy Gözeli ýanyna alyp Bedirkende gaýtdy. Jaýyny, ýerini Orazguly ahuna goýdy. Gurbanmämmediň pikir örüsinde täze bir gül-çemenli sähra açylan ýaly boldy. Onuň mekdebi, medresesi, kitaby, Gurhany han işandy – olam indi ýanynda. Han işanyň öz dostundan razy bolmagy ýöne ýere däldi. Ol Bedirkende gelip iki otagly jennet ýaly jaýy, giň giden mellekli, goşa saglyk sygyrly, işigi dowarly, duly halta-halta unly, tüwüli, ýagly, mäşli, noýbaly, boldy. Içerisine haly-palas düşelip, özi, aýaly ajaýyp ýüpek parçadan eşikli boldy. Iýmiti, hurşy näçe iýse bardy. Onuň üstesine, Gurbanmämmet ýanyndan aýranokdy. Bile iýip, içip, bir ýere gitmeli bolsa, sowgat beren atyny mündirip, ýany bilen alyp gidýärdi. Baran ýerinde «pirimiz» «Işan agamyz» diýip özünden ýokarda oturýardy. Ony töre geçirip, özi soň onuň aýagujundan orun alýardy. Aslynda-da Hanyň özem Gurbanmämmediň Alla halal gullugyna, öz işine halallygyna, hem-de özüne juda halallygyna Haýran-galýardy. Ol ilki «bu bir baý adamyň ogly, bol çöregiň içinden çykan» iýenini ýarym-ýalta halallap symyşlap ýören bir adamdyr öýdüpdi. Emma Tagta geleli bäri bile bolup, onuň kümüş gyran ýaly arassalygyna, halalzadalygyna göz ýetirdi. Gurbanmämmediň Hywanyň Pälwan Mahmyt Medresesinde-de çilim, nas, neşe, zyna, ogurlyk bilen arasynyň ýokdugyny göre-göre ýaşapdyr. Emma ol yzyndan gelýän azyklara parh goýmaýan ýalydy. Talyplara karz bererdi, ýöne özi aç öläýse-de karz almazdy. Amanat saklamazdy. Emma ol Bedirkende gelip öňküden müň esse kämilleşipdi. Kazy bolan bäş-alty ýylynyň içinde il-günde ýeke teňňe ýa-da bir kel tokly para-da, hakam alanokdy. Daýhançylykda arabalap getirilen gawuna, garpyza kädidir, käşire, mäşe, noýba sesini çykarmazdy. Ýöne ýeri gelende şol adamlaryň öýüne baryp, hoş, söz kömegini ederdi. Toýuna, sadagasyna üýtgeşik goşant ederdi. Ogly kazy bolaly bäri Hajybaý aga-da elini açypdy. Ol ýakynda ýaş gyz alyp, obanyň gündogar başyndan öý dikipdi. Şonda-da her anna agşamy Gurbanmämmediň işiginde bir mal soýdurýardy. Bürünç, bugdaý, mäş, noýba, käşir onuň öz ýerinde bitensoň onuň hasaby edilenokdy. Ol oglunyň abraýyny saklaýardy. Arada Garaporsaňdan Seýitmämmet öküz ogluny öýerende Gurbanmämmet oňa bir gaçar, bir halta tüwi, bir halta un goşant etdi. Ýaşuly şonda oglunyň bu işini makullady. «Aý, berse öz malyny berýä» diýip oýlandy. Han şeýle sahy, sahawatly, parasatly adamyň dünýäde barlygyna, onuň öz dostydygyna begenýärdi. «Garyplyk, ýeter-ýetmezlik adamy ejiz görk ezýär» diýip, ol Janahyrdaky gün-güzeranyny ýatlap, beren ýagşy günleri üçin Alla alkyş okaýardy. Her namazynyň yzyndan özüni, goldan, ýagşylygyny aýamaýan bu adamlara Alladan abraý, uzak ýaş, bol yrsgal dileýärdi. – Ana, myhmanyň-a gözüni açdy – diýip, ol Gurbanmämmediň aýdan sözüne, onuň özi ukudan turan ýaly bolup, pikirinden aýyldy. – Solamaleýk! – diýip, myhman laňňa ýerinden galdy-da, çerrelen gara gözleri bilen aňkarlyp töweregine seretdi. – Men nirä geldi-eýt? Gurbanmämmet baş atdy. – Sen özüňe bir gel. Hany eliňi, ýüzüňi bir ýuw. Çaý iç, nahar iý. Şapy eline kündük alyp, myhmanyň ýüzüni ýuwdurdy. Myhman hödür-kereme-de garaşman oňat naharlandy-da, saçakdan çekilip oturdy. Onuň gapdalynda oturan Gurbanmämmet Hanyň ýüzüne seretdi. – Näme myhman? – diýip, han oňa habar gatdy. Myhman ýüzüni tutdy. – Bagtym ýatdy, agalar – Ol kemmiş gelip horkulda-dy-da, hokurt edip sümügüni çekdi. – O-nä? – diýip, Şapy sowal berenini duýman galdy. – Kerwenimi urdular. Agyr kerwenmi, ýigrimi dört düýe. Üsti haly-palas, iran mata-marlygy. Hywa bazarynda ýerläp, ýerine bugdaý bilen tüwi alaýyn diýip, bergä-borja batyp gaýtdym. – Ýeke özüňmi? – Ýak-deýt, biz on dagy ba. Ol wenezzynalar atlylarymyzy ýaraladylar. Pyýadalarymyz yzda galdy. Men, diňe men jülgä eňdim. Sorap-idesem, siziň öýleňňizi salgy berdiler. Şolar size hossar bolup biler diýdiler. – Ol ýene hokguldap agady. – Agalar, Allanyň Hany üçin, ýoluma garap oturan aç çagalarymyň haky üçin kömek edaň. Jan agalar, öýüm ýykyldy, işim gaýtdy. – Özüň haýsy ilden bolarsyň? – diýip, Han onuň il-ýurduny sorady. Myhman horpuldap oturşyna: – Biz-de özüňiz ýaly ýomut. Atabaýlardan Etrek bilen Çatyň arasynda Garagaç diýen ýerden. Aňrymyz Aýjemal, aşagymyz etrek derýaly. Gaýdanymyza şu gün ýigrimilenji gün. – Adyňy aýt, munça bolanyna görä. – Adym Mürze, dädem-de Araz bagşy, han ony derrew tanady. – Baý-buw, sen Araz bagşynyň ogly bolsaň Orazguly ahunyň daýylary bolýaň. Myhman ýerinden syçrap galdy. – Eddil özi, siz kim bolarsyňyz. – Menem Janahyrly Han ahundyryn. Myhman ýat ýerde, agyr horluga duçar bolanda hossar tapylanyna gaty begendi öýdýän. – Ol ýerinden tarsa turup, ilki Hanyň, soň Gurbanmämmediň elini ogşap, olaryň öňünde çöke düşdi. Gurbanmämmet onuň elinden tutup çekdi. – Beýtme, aýyp bolar. Sen erkek adam ahyryn. Myhman öňki ýerine baryp, çöküne düşdi-de, ýer ýumruklady. – Erkeklik Etrekde galdy, agalar. Men heýwere ejizledim, heýwere haçarladym. Özüňiz bir alajyny ediň. Olar kerweni uranyň salgyny aldylar. Kerweni haýsy ugra alyp gidenini anykladylar. – Olaryň baştutanynyň aty nähilidi. Demir gyrmy. – Ýok, gar at. Özem ahal aty. Ol ýaş ýigit kyrk ýaşlarynda, özem bir çalym saňa meňzeş. Özi dolmuş, bir gözem çakanrak. Gurbanmämmet baş atdy. – Kakyşymyz ol – Ol Hana seretdi. – Indiki maslahat. – Menden maslahat sorasaňyz, urşuň geňeşi bolmaz. Olar gijesi bilen sürüp, ertir Hywa bazaryna çykarlar. Gurbanmämmet Şapa ümledi. – Sen inim, Gazawata eň, ýetmedik bolsalar, tersine yz çal-da, kerwen nähili ýagdaýda, ýanynda kim bar, derrew habaryny ýetir. Biz häzir Han bilen Direglä, Şamyradyň üstüne baraly. Ondanam Gazawada çykarys. Atlanyň. Olar sähel salymdan üç atly bolup Direglini nazarlap ugradylar. – Mazzaly, wagtynda geladyňyz, ugrajak bolup durdum. Ýöriň öýe giriň, söwüş edeýin. Gurbanmämmet gepi daşdan aýlanan göni gözüne basdy. – Ine, şu ýigit Han işanyň aga-inilerinden. Ýigrimi dört diýeli kerwen alyp Hywa bazaryna barýar. Nerräniň kölüne ýetenlerinde biziň Kakyşymyz kerwenini alyp, gündogara bakan sürüp gidipdir. Indiki maslahat. Şammy erbet titredi. – Meniň hanlyk edýän ýerimden ol-a Kakyş eken, bürgüt uçsa-da ganatyny gyraryn. Ol myhmana dikanlady. – Eger şol kerweniň gitse, uly söze, oba tagsyr, üstüniň ýüki bilen otuz düýäni menden al. – Ol atýatakda atlaryny iýmläp ýören ýigide gygyrdy. – Otuzbaý, nökerlere aýt, bary atlanyp gelsin. Sähel salymda nökerleriň ýedisi atly-ýaragly güpürdeşip geldi. Soň olar on-onki atly bolup, gyra çykyp, kerweniň yzyny alyp gitdiler. Gurbanmämmet il-günüň öňünde, ýer ýarylmady, olam girmedi. Soňa baka onuň kazyhanasyna gelip, arz edýän barha seýrekleşýärdi. Ilki Gurbanmämmediň özi «Aý, indi uruş-sögüş dawa-jenjel, ogurluk-jümürlik azalýandyr, boldy, Hudaýa şükür»diýip, oýlanypdy. Emma soň Şapydan sorap otursa, asyl ol başgaça bolup çykdy. – Aý, ýok, Kazy aga, men aýt diýseň aýdaýyn welin, ony eşidenden eşitmäniň gowy... – O nä! – Il-gün «Ak bu kazam indi sürenine ýetdirdi. Arz ederlik galmady, agasy edýä ogurlygy, kezzaplygy, haramlygy, aňyrda inisem kazy bolan bolup, onuň edenini geçirip otyr. Bularyň towguna tok diýilmeýän zaman geldi. Şonuň üçin arz etmäge baryp oturasy iş ýok» diýýäler. Gurbanmämmet Şapa gözüni alartdy. – Kim ony aýdýan. – Aý, oba çyksaň bar gürrüň şo barada. Ýöne men aýtmaly däldim, kazy aga. Gurbanmämmet birden dikeldi. – Ýok, aýdanyň gowy, Şapy, il aýtsa, biziň bir gowşak ýerimiz bardyr. Il-gün synamasa, yhlasy synmasa beýle ýangynly gürrüň etmez... Ol köp günläp şu gepiň üstünde oýlandy. – Öz agalarym maňa il-güne maňa ýagy bolup döredi. Men kazy bolan bolup, hakykatdanam dädemiň ýüzi diýdim, agalarym diýdim, ata-babalaryň ruhy diýdim, gowşaklyk etdim. Ýüz göreniň, ýüzi gursun. Meniň bu etmişimi il geçirse-de, Alla geçirmez. Munuň bir alajyny etmeli. «Ol Şapynyň oturandygynam unudyp, öz-özi bilen gepleşip başlady. Häzirem atyň üstünde eňip barýandyklaryny undup «şu kerweni myhman ýigide sag-aman gaýtaryp alyp bersek, bu işiň ugruna ymykly çykaýyn» – diýip oýlandy. At aýagynyň sesi ony özüne getirdi. Ol Şapynyň atyny gara dere batyryp gelýänini gördi. Şapy atyny Gurbanmämmediň deňinde saklady. – Kazy aga, Gazawatda Kerweniň ady-sory ýok, yz temeç, Öwezaly tarapa gidýä. Şammy atyny demirgazyk tarapa öwürdi. – Olar Aksaraýa sürendirler. Agşam şonda ýatyp, daňdan Hywa eňjekdirler. Sürüň, Aksaraýa. Olar garaňky gözi baglap ugranda Aksaraýyň ýabyna ýetdiler. Mal bakyp ýören oglanjykdan «şu ýerden kerwen geçdimi?» – diýip, Şammy sorady. – Ýok, şind-ä geçenok. – Oglan garaňka elini uzatdy. – Kerweniňiz indi gelýär-ä, şol dälmi? Dogrudan hem garaňkynyň içinde yrgyldap gelýän sudurlar bildirdi. Ýöne ara ep-esli bardy. Şammynyň sesi gijäniň içini dyglatdy. – Ýörüň, sürüň. Olar kerwene bakan atylyp gitdi. Kerweniň töweregindäki adamlar Aksaraý tarapdan ok bolup atylyp gelýän atlylary gördüler-de kerwene böwür berip başladylar. Şammynyň asmana yzly-yzyna pöwhüldedip atan tüpeňi olaryň «Ogry syrty gowşak» diýilýän hallaryny harap etdi. Olar dumly-duşa pytyradylar. Kerwen saklandy. Diňe Dädiş bäşataryny bagryna gysyp, eline düşen awuny goraýan geçigaplaň ýaly, atylyp öňe çykdy. – Kimsiň? – Şammy Kakyşyň üstaşyry iki oky goýberdi. Kakyş Şammyny tanady-da, oňa bakan atyp başlady. Soňam atyny yzyna depdi. Bu atyşyndan soň kerweniň töweregi çolaryp galdy. – Yzlaryndan kowalymy? – diýip, nökerler Şamma sala saldylar. – Ýok, bize uruş gerek däl. Bize kerwen gerek – diýip, Gurbanmämmät Şamma öz pikirini aýtdy. Myhman bolsa atyndan syrylyp düşüp, bir elinde uýany, bir elinde kerweniň başyny çekip gelýän düýäniň owsary; – Halalja malymy Hudaý gaýtaryp berdi – diýip samrady. Atlylar bir ýere jemlendiler. – Indiki maslahat! – diýip, Şammy pikiri çugdamlady. Gurbanmämmet Şamma ýüzlendi. – Taňry ýalkasyn, Şamyrat. O dünýe, bu dünýe ýamanlyk ýüzüni görmäň. Indi siz yzyňyza dolanaýyň. Özümiz myhman ýigidi Hywa çenli ýola salarys – diýdi. Şammy dözümli gepledi. – Ýok, beýtmäli. Kerweniň ýüküni Aksaraýda Emirjan ekeleriň işiginde ýazdyralyň. Onuň ýanynda Otuzbaý oglanlary bilen bolar. Myhman ýigidem yzyna gidip, öz adamlaryny jemläp, bäri alyp gelsin. Ertirem, nesip bolsa, jahan ýagtyldygy ýola salarys. – Şammynyň bu sözi hemmä makul göründi. Kerwen Aksaraýa bakan ýaňy gymyldap başlanda garaňkynyň içinden «duruň!» diýen gaharly ses eşidildi. Onuň yz ýany göwhüldäp tüpeň atyldy. Yzyndan däriniň ody ýalp edip gitdi. Atlylaryň daşyny on-onbäş atly gabady. – Kimsiň? – Kim bolanda näme, kerweni taşlap güm bolup gidiň. Ýogsa baryňyzy ýeke oka tabşyraryn. Gurbanmämmedem, Şammam Kakyşyň sesini tanady. – Kakyş, sen-maý – diýip, Şammy şelaýynsyrady – Beýtmo-w, ýüregmizi ýarýaň-ow. – Men Şammy kel... Kakyş ýene asmana pöwhüldetdi. – Kime diýýän, keliňem bilmen, körüňem. Kerweni taşlap güm boluň. – Beýtm-ow, ol kazy agaň aşnasy. Han işanyň aga-inisi. Sen bir saparlykça aman ber o biçärelere. Kakyş gijäniň ruhy ýaly bolup, gap-gara aryny Şammynyň üstüne sürdi. – Eý, kel doňuz. Kerweni ilkinji men urdum. Sen meniň yrsgalyma el gatma. Öňem bir gezek awumy aldyň. Bu gezek öldürerin welin, awumy bermen. Taşlaň kerweni, ýok boluň... Kakyş mes aty bilen Şammyny kakdyraryn öýtdi-de, atyny depgiledi. Şamy «edýäniň şumy, indi» diýip gaharly gygyrdy. – Edýänim şol, görkez gaýratyňy, kel doňuz. Şamy gazap bilen topuldy-da, mes atyň garnynyň aşagyna özüni atyp, onuň art aýaklaryndan ýapyşdy-da, «ýa Alla!» diýip aty bir gapdala agdaryp goýberdi. Bir eli bilen Kakyşyň üzeňňi geýdirilen çep aýagyndan ýapyşdy. Kakyş at bilen hykylap gaty ýere pylçaldy. Onuň «waý» diýen sesi eşdildi. Şamy dyzanyp ýatan atyň labyryna çäşerlip ýatan adamy siltäp galdyrdy-da, ýüzüne kerpiç ýaly ýumrugy bilen birki gaýta ýelmedi. Kakyşdan dem-düýt çykmady. Ol Kakyşyň tüpeňini alyp duranlara tarap atyp başlady. – Mäň, kerwen, Geliň, alyň. Atlylar ýykylyp, sürçüp atlary garaňkynyň dünýäsine süsdürdiler. Kerwen ýene süýşüp ugrady. Şamy atyň uýanyny alyp, onuň öň aýaklaryny duşap daňdy. Bir ujunam Kakyşyň aýagyna baglady. – Al, saňa-da kerwen, haramzada. Han ýukaýüreklik etdi. – Öläýmesin, sogap gazanjak bolup, günä galaýmalyň. Gurbanmämmet ýuwaşja. – Goý, ýatsyn. Yzymyza gaýdanda ýygnarys. Olar yzlaryna gaýdanlarynda ne at bardy, ne-de Kakyş. Aýyň ýagtysyna sürülene meňzeş oýtum-da, sapy döwlen gamçydan hemem üzük-üzük uýandan başga zat görnenokdy. Bu wakanyň ertesi Ýagmyr Mürze Tagta bazarynda Kakyşyň urandygyny ony Şammy hanyň onuň emenden alyp, eýesine gaýtaryp berendigini äleme jar etdi. Bu habar ulu ile doldy. Şol günüň ertesi adamlar kazynyň Huzyryna gelip başlady. Gurbanmämmet Hany ýanynda oturtdy. – Gel, pirim, bile eşideli, il-günüň arzyny. Ilki bilen bokurdagyndan telim ýol bäri ýyly suw geçmedik ýaly uzyn, hor pyýada içeri girdi. – Salowmaleýkim, kazy aga. – Waleýkim, geleweri. Otur, aýdyber. Uzyn pyýada uzyn ellerini niresine goýjagyny bilmeýän ýaly, tagaşyksyz oturdy. – Men Polosoltanly Pejap nepiniň ogly nepes. – Hawa, aýdyber. – Ol Mürzä baş atdy. – Senem belle. Mürze-de ýapyrlyp, arzçy näme aýdarka diýip, oňa seretdi. – Men indi ýigrimi iki ýyl bäri seniň agaň Hojabaý jüneýdiň dowaryny bakýaryn. Onuň bir sürüsini on süri etdim. «Öýererin, bakyber», «bakyp ýörin, aýal-da ýok, hyýal-da», «bakyber, üstüňe öý dikerin» diýdi. Bakyp ýörün. Öý-de ýok, ojak-da. Ahyr çydamadym. – Baý aga, men indi boldum. Meniň hakymy ber – diýdim. – Bolar – diýdi. – Maňa halanyňdan ýüz ýigrimi goýun al diýdi. Az görsemem, «Aý, bolýar»diýip, süňňi suwly ene goýunlardan sanap aldym. Baý aga bilen allaýarlaşyp, öz halal malymy sürüp gaýtdym. «Aý, halal malym, yhlas edip serederin. Öýlenerin, elim uzar, yrsgym açylar, oglum-gyzym bolar» diýip süýjüje hyýal ýüwürdip gelşime bir dört-bäş atlynyň üstümi basanyny bilýän. Bir tananyň babaň ogly Kakyş boldy. Olar meni mültükly suw bolýançam urup, öldürdim edip bir gorpa gorpa süsdüripdiler. Elbetde, sanalgym dolan däldir-dä, bir ýagyşly gün özüme gelsem, görüň içinde ýatyryn. Janhowluma üstümdäki gumy, daş-dalawy itip, kellämi ýagty jahana çykardym. Soň kem-kemden demimi dürsäp, süýreip çykdym. Mal-da ýok, adam gara-da. Yllyk gatyşýança gizlenip oturyp, soň oba geldim. Tebibi çagyrdylar. Görsem, döwülmedik süňküm galmandyr. Üç aý diýlen-de, zordan aýak üstüne galdym. Içimiň gany henizem duranok. Garnym awy zer-zaw. Onsoň düýn bazardan baranlar Kakyşyň ile eden zulumuny näletläp jar çekildi» diýdiler. – Ol burnuny çekdi. – Kazy aga, olar seniň aga-iniňdirem welin, onda-da Allaň hormatyna maňa kömek ediň. Kasas kyýamata galmaz. Sen köşek etmeseňemolar öz jezasyny alar. Ýöne iki arada meniň arymam, malymam köýjek. Olary, Allanyň jezalandyrjak gününe çenli garaşmaga, ömrüm gysga... Gurbanmämmet ýüzüni asdy. – Şaýadyň barmy? – Bir Alla şaýat. Onsoňam Kakyş etdi, başga, meni saklan ýer şaýat. Öz gömlen ýerimi görkezip biljek. Kazy Hanyň ýüzüne garady. Han sesini çykarmady. – Onda sen, han ogul eýwana çyk-da, dynjyňy al. Şu adamlaryň arzyny diňlänimizden soň, diýýän ýeriňe barar gaýdybereris. Oalr arzaçynyň ýüzüne garadylar. Ýöne onda müýnürgeme däl-de, rahatlanma alamatyny gördüler. Nepes eýwana çykdy. – Ýene Kakyş-da diýip, Gurbanmämmet hyrçyny dişledi. – Nä alaç etmem. Ol Mürzä ýüzlendi. – Bar, kim bolsa gelsin. Içerki ýokarky dodagy doga ýipik-towşan dodak, togalak kellesine köne özbek tahýasyny geýen, syrdam hor ýigit girdi. Ol elini döşüne az-kem egilip salam berdi. – Essalowmaleýkum. – Waleýkim, geliň, geçiň, oturyň. Syrdam ýigit ýüzüni kaza öwrüp, namaz okaýan ýaly, edep bilen ýüzüni sallap oturdy. – Aýdyp oturyň ýagşy ýigit – diýip, kazy ony gaýtadan synlap başlady. Ýaş ýigit az-kem sakynyp, gürläp başlady. – Men-niň adym Kakabaý, Kakabaý. Dädeme, dädeme Aman köwli diýýäler. Özüm köwlilerden, köw-köw-lilerden. Garaporsaň, Garaporsaňdan. Mundan, iki ýyl, iki ýyl öň Hojamyrat baýa, baýa tyhan boldum, boldum. Gowy işledim, gaty gowy. Jykyryna seretdim, jykyryna, ekinine suw, suw tutdum. Göz gulak-gulak boldum. Meniň Aýjemal diýen, Aýjema-al diýen gelnim bardy, bardy. Meni, meni oňa git, oňa git, muňa git diýip, diýip, ýatyrlaýyn hyk, ýatyrylaýyn iberip, iberip gelnime, gelnime «meniň bilen, meniň bilen bol» diýip, diýip şunça azar berip gelipdir, gelipdir. Bir gün ýüregim, ýüregim syzan ýaly, ýaly, çatmama gelsem, çatmama gelsem aýalymy, aýalymy süýräp ýör, süýräp. Aýalym, aýalym «Waý, ýetiň! Waý kömek ediň!» diýip, diýip, bar-bar, bar-bar bagyrýar. Üstünden bardym, üstünden. Ol meni görüp, meni görüp, gamçysyny, gamçysyny alyp, alyp topuldy. Ýüzüme, ýüzüme urdy. Soň pyçak alyp, alyp topuldy, topuldy. Ilki, ilki gaçdym. Soň. – Ol birden dikeldi – Soň namysym oýandy, oýandy. Öz, öz gamçysy bilen özüni, özüni urdum. «Öldürerin, ýok bol» diýdim, diýdim. Ine, şeýdip, hem namysym köýdi. – Ol Hana garady. – Kazy aga men binamys däl. Ony öldüribem biljek, ýäne hudaýdan gorkýan. Men saňa arzymy diýeýin. Sen dogryňy aýt, dogryňy. «Oňa güýjüm ýetenok diý, ýetenok. Men özüm ondan arymy aljak adam taparyn, taparyn. – Kim ol? – Özüm. Özüm. Gül ýaly maşgalama, maşgalama, haram, haram elini , elini... Gurbanmämmet onuň ýüzüne seretdi. – Şaýadyň barmy? – Bar. – Kimler? Alla, men, men, gelnim – Ol ýerinden turup, äýnegini galdyryp arkasyny görkezdi. Onuň arkasy gamçynyň yzyndan daraw-daraw gan gabarçak bolup durdy. Böwründe ganjaryp duran tyg yzy gyzaryp, suwjaryp ýatyrdy. Gurbanmämmet namys bilen bu ýigide garady. – Aýalyň nirede, indi. – Atasynyň öýünde welin, ony aýal edinmek türkmençilige sygarmy ýa-ýok, ony bilmedim. Hak oturyp bilmedi. – Aýalyň göwün berip, bir iş etmedik bolsa, bir dinden çykanyň zulumuna sezewar bolan bolsa, ony goramak, onuň mertebesini päk saklamak nika baglaşyk är kişiniň borjudyr. – Wah, ol görgüli bizar-la. Zor bilen elinden tutupdyr diýmeseň, ol ýerde gelin golaýyna getirmändir. Häzirem aglap otyr, aglap otyr. – Ol seniň jübti halalyň. Ony harlama-da, eýe bol – diýip, Han bu ýigde basalyk boldy. Gurbanmämmet hanyň sözüni tassyklady. – Sen gelniňe hossar bol. Ýöne obaňy aýtdyň, men seni taparyn. Sen arkaýyn gaýdyber. Garaporsaňly Aman köwliň ogly bol. – Alla ýalkasyn. Alla ýalka-asy-yn... Mürze birbada üç adamy yzyna tirkäp içeri girdi. Gelenleriň ýüzünden gar ýagýardy. Olardan salam-helim bolmandan soň Hanyň özi ýaşkiçilik edip salam berdi. – Salowmaleýkim. Gelenlerden ses çykmady. – Geliň, geçiň, aýdyp otyryň habaryňyzy. Gelenleriň bendaşlysy sesini titredip kaza garady. – Ýo-ok, han ogul. Bu sapar habary, hasabaty sen bermeli bolarsyň. Seniň myssy-myssy gepiňi diňlemäge däl-de ar-namys yzlaşmaga gelnendir. Gurbanmämmet ýalt edip Hana seretdi. Ol az kem oýa batdy-da: – O nämäň ar-namysy? Hälki pälwansypat kişi erbet titredi. – Etjegiňi edip, müýnürgän bolma. – Kepiňi tapyp geplemeseň, sen kazy bolman Allanyň özi bolsaňam gaňryp damagyňy çalaryn, düşündiňmi? – Ýok, düşünmedim. Bu ýerde bir düşnüksizlig-ä bar. – Ony özüň gowy bilýänsiň. Gurbanmämmet özünde heniz görülmedik gaharyň ýanyp başlanyny duýdy-da – Hany, gep çagalatma. Ol nämäniň özüm gowy bilmeli ar-namysy – diýdi. Gelenleriň ýaşulysy bir bolmasyn. Işiň bolaýmagyndan howp-howatyr etdi-de, gepi öz eline aldy. – Biz Ysmamyt atanyň etegindäki obajykdan. Men Gully işan. Olam agamyň ogly Ataberdi işan. Onuň ýaş uýasyny zorlapdyrlar. Barymyz öwlüýädedik. Gelipdir dört atly. «Men Tagtanyň kazysydyryn. Seni özüme ikinji aýal edinjek. Razylygyňy, däldigiňi aýt diýipmişin. «Ine, dädeň bilse» diýip ol gyza zaýalapdyrlar-da, biz gelibersek, zym uçan ýaly bolupdyrlar. – Haçan bolan waka? – Öňki agşam ýarygijeler. Gurbanmämmet gaty gynandy. – Nähili adamlar, atlary nähili? Ýaşuly pälwansypat ýigde garady. – Atam, şol näme diýdi. – Gara atly, etli-ganly adammyşyn. Özem seniň salgyňy berýärler. Dik ýüzli, açyk maňlaýly, gyçak gözli, akylsyz pyýadamyş. Gurbanmämmet hanyň ýüzüne seretdi. – Aý, şoldur – diýip, Han baş atdy. – Şonusy him onuň? – diýip, el gatylan gyzyň hossary ýene titredi. Han balkyldap duran owadan gözleriniň nuruny eliniň aýasy bilen serpdi. – Biz birini güman etjek bolýarys. Ýöne «güman imandan aýrar» diýipdirler. Entejik şeýtany begendirmäliň. Azajyk sabr edeliň. Onça zulum, haramlyk eden adam ýitirim bolup bilmez. – Ol Gurbanmämmedi görkezdi. – Ýöne kazy «şuny şeýt, ýogsa janyňdan dynarsyň diýende-de, jan berer, ýöne ýan bermez. Onuň gara atam, ol işe gaýratam ýok. Öňki agşam, siziň şol diýýän wagtlaryňyz, ony men öýe çörege çagyrdym. Ynanmasaňyz, öýde aýalym Towşan bardyr. Gidiň, soraň-da geläýiň. Gurbanmämmet gabagyny galdyrman otyrdy. Gelen adamlar onuň sözüne garaşýardylar. Ol ahyry dillendi. – Agalar, meniň Allanyň öňünde gorkup ýören zadym bolupdyr. Dogry aýdýaňyz. Men kazy. Meniň kazyçylyk edýän ilimde bolýan beýle zalymlykda hökman meniň hem elim bar. Şonuň üçin meniň raýatlarymyň edýän işinde baş günäkär men. Siz meniň başymy alsaňyzam, malymy alsaňyzam hakyňyz bar – ol Hana seretdi. – Men, men başga näme diýeýin. Göreýin, barlaýyn, ol haramzadany tapjak bolaýyn. Eger tapsam onda eltip aýagyňyzyň aşagyna taşlaryn. Gyzyň agasy ot alan ýaly, laňňa dikeldi. – Indi gyz näme bolmaly. Meniň arym näme bolmaly. – Ol elini kaza uzatdy. – Gep, bu ýerde seniň özüň barada gidýär. Meniň ýitigim sen, etjegiňi etdiň, yzynda-da dur. Bermeli zatlaryňy ber-de, maşgalaňa eýe bol. Gurbanmämmet mertlik edip, gaharyny ýuwutdy. – Eger şol haramzadany tapabilmesem, maşgalany özüm ýygnaryn. Ondan ýaňa arkaýyn bol. Gelenler hoşlaşman turup gitdiler. Han olary ugratdy. – Beh, ýatanyň üstüne turan gelmesin bol-do-ow. Adam her hili töhmet etseň boljek eken. Gurbanmämmet hurşly gepledi. – Hudaýa şükür, gan, ölüşik ýok. Men bulary tanaýan, ganojak owlatlar olar. Özlerem zulumkeşiň kimdigini gaty gowy bilýärler. Şol gara atly günde güküşa öwlüýäniň üstünden geçip duran adam-a bu ýerde dilleşik bar. Şeýtsek, kazyny abraýdan gaçyrarys diýip, bir çukura tüýkürlen bolmaly. Han başyny ýaýkady. – Onda gyza el degdi meselesi nähili bolýar. Gurbanmämmet ýaşyl gözleriniň oduny gijeňleýän ýaly bolup, söhbetdeşine seretdi. – Bu millet arym köýenden, imanym köýsün edýän millet. Gyza el degdimi, degmedimi, bularyň onuň bilen işi bolmaz. Gepi çynyrgadyberseňem, gyzy ýom-ýok ederler. Ýa Ahaldan, ýa Hywadan çykararlar, ýa-da ol bigünä görgüliniň başyna ýeterler. – Onda ol gyzy ýygnaly. Men şol gyzy öýe getirip goýaýyn. Soň iş jygba-jyga gelenden soň malyny geçirip,öýlenäýmeli bolar. Gurbanmämmet şol pursat Şapyny çagyrdy. – Inim, sen Garaporsaňly Seýitmämmet agany, Diregliden Şammyny, Hojakümmetden Gara işany» Gyssagly maslahat bar. Kazy çagyrýar.» Diýip, gaýt. Ikindi namazyna ýygnansynlar. – Ol Ýagmyra seretdi-de, Şapyny saklady. – Ýok, bolmady. Şapy sen dur. Bu işi Ýagmyr gowy oňarar. Sen bar-da aglama bir mal soý. Myhmanlar gelýänçä taýýar bolsun. Gelinlere-de aýt, tamdyra nan ýapsynlar.ol ýagmyr gidensoň hana seretdi. – Şu maslahat boljakmy. Han sesini çykarmady. Kazy henizem işikde indiki ýumşa garaşyp duran Şapa baş atdy. – Eýwanda kim bolsa, çagyr-da, işiň bilen boluber. Özüňem, gyssanawer. Han hem daş çykdy. Içeri Osmanyň ogly doly ýene bir şypyrma telpekli gözünden jigerlidigi aňdyryp duran çepiksije adam girdi. – Geliň, daýy, geliň. – Salowmaleýkim – diýip, doly eýemsiräp elleşdi-de, töre geçdi-de hanyň ýerine baryp oturdy. Çepiksije adam işige golaý ýerde dyz epdi. – Nähili ýegen, ýegenlerem gurgunmy? – diýip, doly hal-ahwal sorady. – Şükür, özüňiz nähili, Osman daýymyň saglygy ýagşymy? – Baryp soramaly. Ýegenligiň çyn bolsa. Gurbanmämmet ýylgyrdy. – Baran wagtymyzam bolar-da. – Ol namaz wagtynyň golaýlandygyny çen etdi-de gelenlere gezek berdi – Aýdyp oturyň. Gürrüňi Doly başlady. – Ýegen, mirap bolanyň ýüzi gurasyn. Heýç şu jykyrlaryň suwy karap edýär, soň başyňa bela geler – diýip ine, indem şu dawa başymdan indi. Çepiksije adam gepi mirabyň agzyndan kakyp aldy. – Gepi aýlamak nämä gerek, kazy. Sen hakyň ämini, men ýegeniňem bilemok, daýyňam. Men öz suw gezegimi bilýän. Ol elini işige uzatdy. Görýäň-ä, jöwzany. Adamyň özüni guradyp barýar. Meniň bir tanap ýerim bar. Bar mydarym şol ýer. Ine, indi hasylym agza-burna geldi – diýip, gözümiň agy saralanda suw gezegime ýetdim. Ýarym sagat suwum bar. Şunça azap etdim. Şonda-da ýerimiň üçden birine suw ýetmän galdy. – O nähili? – diýip, kazy Dola seretdi. – Ýarym sagatda iki-üç tanap ýeri suwaryp bolar ýaly suw bar-a Tereýapda. Çepiksi adam: – Ýo-ok – diýip, ellerini daldalatdy. – Seniň özüň mirap bolduň, dogry aýdýarsyň, seniň döwrüňde ýarym sagatda üç-dört tanap ýeri suwaryp bolary, bol suwaryp bolardy. – Howa yssy-daý. Suw az, bugarma güýçli-deý – diýip, Doly dawagäriniň öňüni gabady. Dawagär janyýangynly: – Goý, haýt, o niräň bugarmasy. – Ol kaza dikanlap seretdi. – Belaň körügi jykyrlarda. Uly ýabyň boýunda on-onbäş jykyr, bir ýap suw, jan kazy aga. Ine-de Mirap, ýa-ha maňa ýene bir ýene bir suw gezegini bersin. Bolmasa-da, meniň suwsuz guran hasylymyň hakyny tölesin. Kazy ony makullady. – Dogry aýdýaň, adyň näme? – Gurban ümsüm meniň adym. Kazy baş atdy. Soň Dola ýüzlendi. – Näme üçin jykyrlary aýraňok? Doly hykgy-çokgy etdi. – Näme, beýle agzyňa suw alan ýaly sen. Kimiň jykyry bar ol ýerde. Doly arkaýyn gürledi. – Üýtgeşik jykyr ýok, siziň iki jykyryňyz, Hojamyrat aganyň dört jykyry, kakamyň iki jykyry, özümiňki iki, nazarlaryň üç jykyry, Gurban agamyň, daýylarymyň jykyry. Hemmesi özli-özümiz. Gurbanmämmet gözleriniň agyny köpelt-dä. – Men saňa öň kän aýtdym. Etmediň indi süreniňe etdirdiň, kiçjik daýy. Eger şu gün agşam jykyrlaryň baryny agdarmasaň, onda özüm baryp, baryny ata süýredip agdararyn. Ol bir, soňam, Gurban ümsüm dogry aýdýar. Onuň haky sende ýitiren hasylynyň hakyny tölemejek bolsaň, şu günüň özünde suw paýyny ber. Doly semiz, gara lopbuş ýüzüniň derini ýeňine çaldy. – Ony düzederin. Agşam ümüş-tamyşda gulagyňy sazla, suw seniňki. Ol ýeke dyzyna galdy. – Ýöne , ýegen jykyrly meseläňi ertire goýaly. Men bir eýelerine aýdyp çykaýyn. Eger ertire jykyr galsa, birujundan agdaryber. Gaýta özümem kömek bereýin, şolary agdarmaga, ýogsa, bizar boldum, iliň gepinden. Olar hoşlaşyp çykyp gitdiler. Ikindi namazynyň öň ýanynda gelmeli adamlar gelip, olaryň Şammydan özgesi ikindi namazyna durdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |