17:32 Gurbanmämmet serdar / Ikinji bölüm -3: dowamy | |
Howa petişdi. Günüň gaýtgynyna garamazdan, toprakdan galýan çöp içiňe düşüp barýardy. Ne aşakdan, ne ýokardan öwüsgün ýokdy. Ylla şemalyň körügi gömülen ýalydy.
Taryhy proza
Namaz okalyp bolandan soň, eýwana saçak ýazyldy. Yssydan ýaňa gowurlan etiň ýakymly ysam kän bir tamşandyryp baranokdy. Tamdyr tarapdan gelýän bişen çöregiň ysyndan öň laplap, ýüzüňe ýalyn urýardy. – Geliň, adamlar bir döwletli maslahat edeliň-diýip, kazy myhmanlary saçagyň başyna geçirip ýörşüne, mürehet bilen aýtdy. – Öz-ä ýaman gyssanana meňzeýäň, kazy, eýgilik bolawersin – diýip, Gara işan bu çakylygy geň görüp aýtdy. Gurbanmämediň özem aýagujyrak ýerde oturdy. Ýüzüne grady-da, urlan kerwen, zorlanan gyz, Nepes pejap, Kakabaý ýirik, jykyrly mesele barada birin-birin gürrüň berdi. – Iň ýaman ýerem, şolaryň barynyň günäkäri, öz dädemiň agasy Hoja baý jüneýit. Onuň ogly Kakyş. Men näme alaç etjegimi bilemok. Töwellaçy iberdim. Alanoklar. Çagyrdym gelenoklar. Bardym öýlerinde ýok – diýdiler. Indi men näme etmeli? Şammy Hajybaý aga seretdi. – Hajybaý däde näme diýýär? Ýaşuly nahara çem-çümräk degip oturşyna, ysgynsyz sözledi. – Men-ä hudaýdan oňa bir abraýly ölüm diläp ýörün. Hudaýam alanok ony. – Alla-da gowusy gerek – diýip, Gara işan elinde tutup duran ýagly gapyrgasyny çöregiň üstünde goýup, aýayny-aýasyna çaldy. – Meniňem gulagyma degýär. Hälki gep-gürrüň. Ýöne maňa olary kazynyň özi meçewlendirýär diýýäler. Şol bolanok. Eger kazy onuň arkasynda durmasa, il oňlamasa, olar edenini edip ýörmez-ä. – Ol kaza garady. – Sen bizden maslahat soramaly däl. Biz senden jogap soramaly, kazym. Gurbanmämmet dyzyny ýumruklady. – Geliň bir maslahat edeliň-ä. Ýene töwella, gitmelimi? Ýa-da Hywa hanyna arz etmelimi? Zyndana salmalymy. Ummasyz jerime salmalymy? Gara işan şol eline alan gapyrgasyny ýene-de çöregiň üstünde goýdy-da, ýene yzyna göterdi. – Ýok, inim, aga özüňki, kazy sen, günäniň kimdedigi saňa-da, ile-de aýan. Meseläni özüň çöz. Bar, gürleş. Üç sapar barmaly. Eger şonda etmese, maslahaty onsoň edeliň. Bu pikiri Şammam goldady. – Näme, çekinip, sen kazy. Bar-da ýüzbe-ýüz gepleş. Bas ýüzüne basyrdadyp. Şonda-da ýola gelmese, onsoň meniňem bir edişime seret. Entegem Kakyşynyň meniň hökümüm ýöreýän ýerde kerwen uranyny içime sygdyryp bilemok. Ol meni, seni agzy sary jüýje görüp, äsgerenok. Ýöne onuň sylagy şuňa ýetdi – diýip ol barmagy bilen bokurdagyny çaldy. Ol ýüzüni öwürdi-de hana garady. Dogry dälmi? Bolmasa ýanyňa ýoldaş bolaly. Gurbanmämmet agyr oýdan açylan ýaly boldy. – Hany, ertire bir çykalyň. Ýene bir göwnüme geňeşeýin. – Ertir! Ertir! – diýip, Şammy gaharly hümür-sümür etdi. – Tamdyra gyzanda ýap!... Myhmanlar öýli-öýüne dargady. Gije bir çene baranam bolsa, Gurbanmämmediň gözüne uky gelmedi. Ol ömründe beýle çiginli meselä ýantaşyp görmändi. Kakasynyň agasy, küren obanyň ýaşulusy, depseň-deprenmez döwletiň eýesi. Ýaşyny sylanyň özem her zada degýän adam. Ol adama dil ýetirmegem bidöwletçilik. Emma onuň il-güne görkezýän zulumy, zalymlygy çekip-çydardan agyr. Aslynda-da, Gurbanmämmet Hojamyrat dädesinden çagalygyndan bäri mähir-mährew gören adam däldi. Ýöne ýamanlygy, tikenli diş ýeter durardy. Şonuň üçin Hojamyrat baý diýlende Hajybaýlaryň maşgalasynda pynhan çekinjeňlik bardy. Onuň ogly Kakyş ese-boýa galansoň-a, ol öz doganoglanyny ganym duşmanym diýip tanady. Indem ertir şol adamlaryň öýüne barmak, onda-da halkyň adyndan, kazy bolup närazylygyňy bildirip barmak Şammynyň aýdyşy ýaly, aňsat işem däldi. Oňa Şammy kel bolup barmak, başga gürrüň. – Şammynyň ýüregine derek gara daş goýlupdyr. Ol näme islese, eder. – Kim islese uraram, gerek bolsa öldüribem biler. Bizden Şammy boljak barmy? Ol at aýagynyň sesine başyny galdyrdy. – Ýege-en, ýatdyňmy? Gurbanmämmet Dolynyň sesini tanady. – Ýatamok, giriber. Doly atdan düşmedi. – Bäri çyk, gürrüň bar. Gurbanmämmet telpegini geýip, çokaýyny aýagyna iltedi. – Ýaňky adama suw hakyny berdim, ol bir seniň ýanyňdan gidip, jykyrlaryň eýelerine aýlandym. Bir seniň dädeňki galdy. – Hojamyrat dädemiň jykyry? Doly atdan böküp düşdi-de, Gurbanmämmediň gulagynyň düýbüne gyssyryldy. – Seniň agaň bolsa-sa, onuň tap doganysyny... Ol Karundanam beter-ä. Üstüme şeýle bir tükezzyban turuzdy. «Sen şol haramzada kazysumagyň gepine gidýäň. Meniň jykyrlama barmagyňy batyrsaň ýerim bolarsyň» diýýär. – Men bilemok, aýyr jykyryňy. Bolmasa özüm külüni çykarýan – diýip, gaýtdym. Indi mende günä ýok. Näme zoruň bolsa görkeziber. Öz dädeňe-de özüň duýdur. Gurbanmämmet Doly gidensoň, süýji uka gitdi. Gurbanmämmet ir turdy. Howa salkyndy. Tomsuň säheri jana şypalydy. Ol täret kylyp, namazyny okary. Çaý-çörek iýdi. Soňra kakasynyň täze gelni bilen bolýan täze tamyna tarap ýöneldi. Hajybaý aga turup, täret kylyp ýördi. Ol Gurbanmämmedi görüp, eliniň suwuny sarkyzyp, oňa garaşdy. – Salowmaleýkim – ýaşuly elini uzatmady. – Waleýkim – diýip, ysgynsyz salam aldy. – Näme habar. – Däde, Tersýapdaky jykyrlary aýraly. Ulil aýrypdyr. Ýaşuly mölerildi. – Ol jykyr kime azar berýär? – Aýyrmaly däde. Ýaşuly belli jogap bermän jaýa girip gitdi. Gurbanmämmet ýanyna Şapyny alyp, Tersýaba bakan ugrady. Ol özleriniň iki jykyrynyň belent, düzüm-düzeri ata süýredip ýykdy. Soň ýabyň köprüsine bakan atyny sürdi. – Eger günortana çenli aýyrmasalar, olaram ýykmaly. Şapy oňa geň galyp seretdi. – Hojamyrat baýyň jykyry bolsadamy? Gurbanmämmet dözümli gepledi. – Hojamyrat baýyň kakasynyňky bolsa-sa. Ol Şapa «sen galyber» diýen manyda elini salgady-da, göni Hojamyrat jüneýidiň mülküne baka ugrady. Hojamyrat jüneýit Tersýabyň bendiniň gabat ilersindäki belent ýerde oturýardylar. Ol ýer jüneýitleriň ata-baba ýurdudy. Bu ýer Ysmamyt ata bilen Gazabadyň ortarasydy. Şonuň üçin Jüneýitleriň ata-baba tohum-tiji Ysmamyt atada ýatyrdy. Bu tutuş Bedirkentde iň belent ýer bolup, gijesine Ysmamyt atanyň, Gazawadyň, Gündogardar Aksaraýyň, yşyklary görner durardy. Temeçde, Öwezalyda, Gazawatda toý tutulanda aýdýan bagşylaň sesini eýwanyňakeçe düşäp, arkaýyn diňläp oturmalydy. Ýer belent bolansoň Tersýabyň bendindäki jykyrlaram görnüp durdy. Şu töwereklerden öýe tarap gelýän otly-o-pyýadany tanap otyrdylar. Kimdir biriniň jykyrlary agdaryp, soň özlerine bakan gaýdanyny Hojamyrat baýyň baýry aýaly Arazgül ýeňňe synlap durdy. Ol bu habary täze alan gelniniň öýünde arkaýyn ýatan ärine habar ýetirdi. Özi gitmedi. Ölse, gitjekmi? Ol öýden içersini iberdi. Emma baý bu habary eşitse-de, bada-bat daş çykmady. Gurbanmämmet atyny dazyrdadyp, gadym babalarynyň ýurduna geldi-de atdan düşdi. Aty tutan bolmady. Onuň özi atýatakdaky iki sany paýa geýdirilen uzyn, gury tala atyny baglady. Soň gamçysyny eýeriň alyna gysdyryp, hatara oturan tamlara bakan ugrady. Töwerek-daşa öý ýaly, öý ýaly gury ojarlar, belentden tutulyp ot, bede basylypdyr. At, düýe, bag janly üçin daşy ojar, sazak bilen aýlanan agyllar, ýataklar, körpeçler hatar-hatar bolup allaowarralara çenli biri-birini ýassanyp gidip otyrlar. Işikde iki sany belent tutňy ýaly bolup howalanyp otyrdy. Ol agasynyň daýaw gyr atyny, kakyşyň gije ýaly gap-garaňky atyny tanady. Agzyna arpaly torba geýdirilen atlar Gurbanmämmediň alaşasyny görüp hokurganyp, torbaly görüp hokurganyp, torbaly tumşuklaryny aşak-ýokary silkdiler. Açyk işikli eýwanlaryň birinden alwassy ýaly bolup, bir aýal çykdy-da, Gurbanmämmedi görüp, yzyna girdi. Ep-esli salymdan Arazgül ýeňňe ýaşmagyny dişläp daş çykdy. Onyň depesindäki börüginiň ýüzi, ýakalary aýal şaý-sepleri bolansoň, oňa gün düşüp, edil aýna goýlan ýaly bolup gözüňi gamaşdyrýardy. Ol bir elini bykynyna urup, bir eli bilenem gözüne kölge edinip gelen adama seretdi. – Kim gyz by?! – diýip, ýaşmak astyndan bolsa-da haýkyryp sorady. – Salowmaleýkim, ýeňňe, bu men Hajybaýyň ogly Gurbanmämmet, agam barmyka, göräýjekdim. Arazgül ýeňňe oňa garşy ýöredi. – Agaňy nädersiň? Hool, jykyrlary ýykyp gelýän sen dälmi? – Ol has haýkyrdy. – Nä ýüzüň bilen gelýäň. Şer gerek däl bize. Öňem iniň eden zulumyňdan nebir çagam bilini döwdürip, ah çekip ýatyr. Sen ýagy bolup sataşdyň bize, sataşman geçen. – Ol megerem, adamsyna, öýdäkilere eşitdirjek bolup şerraý gykylygyna başlady. – Öldüriň – diýdim. Bizem dynardyk, ilem muny öldürýänem ýok. Hudaýam şondan bizar. Bu bir ganojak meýdi ýanan boldy... Gurbanmämmet ýeňňesiniň bu gykylygyna ünsem bermedi. Ol açyk işige bakan dähedem-dessemläp ugrady. – Kakyş nirede? Öýden içeri oglan açyk işige baş atdy. Gurbanmämmet salam berip içeri girdi. Onuň gözi ilki bilen törden asylgy duran bäşatara hem-de hatara düşdi. Olar Kakyşyňky bolmaly»diýip oýlandy-da, törde ýorgana basyrnyp ýatanyň aýagujyna baryp dyzyna çökdi. – Kakyş, näme, ýaraňokmy? Ýorganyň başujy serpildi. Kakyşyň kellesi ak ýaglyk bilen daňylgy bolansoň ýüzi garamtyl, gyzgylt öwüsýärdi. – Kim sen? – Men iniň Gurbanmämmet. Kakyş dişini jygyrdadyp gepledi. – Näme üçin geldiň. Ugra, häzir şu ýerden. Ýogsa bagryňdan otlanarsyň. – Ol ýorgany ýumruklady. – Sen gelmeli wagtyny bilip gelipisiň. Ýöne bilip goý, meniň ölimem Şammy kel ýaly sen ýaly namartlara ýükdür. Şony bilip goýuň, güm bol, özüňem. – Häzir gitjek, howlukma, dädeňi görjek birki agyz sözüm bar. Onuň ýeňsesinde bäşataryň gulagy elhenç şakyrdap gaýtaryldy. Gurbanmämmet ýeňsesine gaňrylyp, kimiň baryny görüp, soň ýerinden galjak boldy. Emma arkasyna degen agyr urgy, onuň ýagyrnysyny içine çökerdi. Ol iki elini ýere urup, ýykylman zordan saklandy. – Haram ganjygyň süýdüni emen güjük. Ajalyňa öwüp geldiňmi? Kakyş nalyşly iňledi. – Öldür, däde. Meni şu güne salanam, kerwenimi elimden alanam şu haramzada. Urma, öldür. Bäşataryň niliniň agzyndan ot pürküldi-de, agyr zarba Gurbanmämmediň çep goltugyndan girip, döşüniň öň ýüzüni pörse deşip, diwara degip, zyňyldap ýetişmänkä bäşatar gümpüldäp gitdi. Gurbanmämmediň çep gapyrgasynyň ýüzi oda goýlan et ýaly lowlap bürüşdi. Ol haýran galmaly gaýrat bilen atylyp turdy-da, törden asylgy bäşatary nädip alanyny bilmän galdy. Häzir nämüçindir onuň aňy işlänokdy. Megerem, bedeni häli, şu öýe giren mahaly edip goýan pikiri boýunça hereket edendir. Ol eli bäşatarly yzyna öwrülende, kükregine çenelen bäşataryň nilini görüp galdy. Janhowluna şol bäşataryň sowuk nilini agyrly eli bilen tutdy-da eliniň tersine towlady. Onuň ýerine elindäki bäşataryň gulagyny edil bir alahöwreniň kellesini gysan ýaly gysdy. Iki bäşataryň aýylganç sesi, däriniň turşumtyk ysly tüssesi böwsülip giden oklaryň yzyndan içeri doldy. Gurbanmämmet tüpeň sesine dälde, däri ysyna özüne geldi. Ol diwaryň ýüzüne syçraýan oklaryň zarbyna dökülýän saman suwaglary, öz üstüne eli tüpeňli düňderilip gaýdan Hojamyrat dädesini, iki eli bilen gulaklaryny tutup, hanasyndan çykyp gelýän gözlerinden ot çykaryp gelýän Orazgül ýeňňesini, işikden tä gözýetime çenli tylla suwy bilen ýuwlan ýaly sary äňiz dünýäni görüp galdy. Ýöne ýykylmady. Elindäki tüpeňi dula taşlady-da, işikde bagryny ýere berip ýatan agasyny, onuň üstünde lägirip ýatan ýeňňesini basmajak bolup, entirekläp işikden daş çykdy-da atyna bakan ýöneldi. Ol atyna münensoň, atyşyk bolan öýden çykýan ahy-nalany, şol jaýa bakan ylgaşyp barýan aýal-epdady, erkek kişileri görse-de, gulagy hiç zat eşitmedi. Aty ony bu gowgaly ýerlerden alyp çykyp, gelen ugruna bakan eňip gitdi. Ol uly ýabyň köprüsinden ötensoň, özüniň Diregliniň ýolundadygyny aňdy. Ýöne atynynň başyny çekmedi. – Waleýkim diýip, Gurbanmämmet Şammynyň öýdeniçeri Otuzbaýyň atyny tutany bildi. – Şamyrat barmy? Otuzbaý ýylgyrdy «Diýmek, öýde». Ol birden «şyg-g-gyl» edip giden gulagyny tutdy. – Giriberiň, öýdedir. – Ol gulagynyň açylanyny aňdy. – Kazy aga, durşuňyza gan-a. Bu hümürdä Şammyda daş çykdy. – Bo-ho-ow, gel, kazy – Ol Gurbanmämmediň donunyň aşagyndaky şoýa-şoýa gany görüp, eýgiligiň ýokduguny aňdy. Gurbanmämmediň elinden tutup, içeri saldy. – Ok çep gapyrganyň ýüzüni ýagşyja syryp geçipdir. Herne, çöregiň bitin eken – diýip, Şamy ony köşeşdirjek boldy. Gurbanmämmet çykaryp köýnegini epläp gan akyp duran ýarasyna goýdy-da, donuny ýalaňaçlygyna geýdi. – Aý, dost, çöregimiň bitinligi bar bolsun. Öz agamyň gandary boldum öýdýän. Bir bolmasy iş-ä bolandyr. Allanyň özi geçirsin-dä. Şammy onuň ýüzüne seretdi. – Atyşyk boldumy? Gurbanmämmet aşak oturdy. – Ine-dä, ogly bilen gürleşip otyrkam, arkamdan gelip edýän işi-dä. Oglanlyk edip, tüpeňi nähili alanynam bilmän galypdyr. Şammy onuň garşysyna çökdi. – Sen atmasaňam, ol seni aman sypdyrmazdy. Öten agşam meniň üstüme geldi. «kerweni tap» diýip, «oglumy maýyp eden ikiňiz» diýip. Daň atsa baryp seniň janyňy gabyr edip gaýdaryn» diýip haýbat baryny atyp gitdi. Bary bir, ol seni goýmazdy. Onuň päli göçüpdir. Ýanynda-da oglunyň birküç sany lüçjegi. Herne, öz başyny iýen bolsa, bolupdyr. Gurbanmämmet agyr oýa batdy-da, ýene başyny galdyrdy. – Men ýagşy niýet bilen bardym, öz-ä. Elbetde, Hudaý tutan ýeri bardyr-da, Allanyň halamadyk närsesine baş goşduk. Indem görübermeli bor. Ýöne gitmesem gowy boljak eken. – Sen ony alada etme. Ilki özi seni atan bolsa, oky sowa geçen bolsa, sen özüňi Allanyň beren şirin janyny goramak üçin ýarap ulanan bolsaň, seni Alla bagyşlar – diýip, Şammy hem oňa basalga boldy. Ýarasyna däri sepip, akja nah ýaglyk bilen döşünden dolap daňdy. Gurbanmämmet az-kem köşeşip, essine gelip başlady. – Meniň senden bir towakgam bar, Şamyrat! Üns bilen diňle, meni. Şammy ony üns bilen diňlemäge çalyşdy. – Aýdyber. – Aýtsam, kimi görseň, kime näme berseň ber-de, kazylygy meniň boýnumdan aýrar ýaly et. Men gandar halyma ile Allanyň görkezen ýolundan gidiň! – diýip bilmen. Men indi çöle çykmaly boldum... Şamyrat baş atdy. – Menem şeýle oýlanýan. Onyň dogry, ýöne ur-tut çöle çykjak bolmaň nädogry. – Nämesi nädogry? – Sen gandar däl. Sen ýagdaýa görä hereket eden kazy. Sen agaňlara öz keýpiňe giden adam däl. Seni ýaşulylar geňeşip, meslat edip iberdiler. Şonuň üçin sen ýene ýaşulylary ýygna. Bolan ýagdaýy gürrüň ber. Ýaraňy görkez. Soň şolar näme diýse, şoňa görä bol. Gurbanmämmediň aňynda ýagşy işik açylan ýaly boldy. – Sag bol, bradar, çyn dost sözüni aýtdyň. Onda men öýe barmaly-da, ýaşulylara adam ibermeli. Şammy baş atdy. – Sen diňe öýüňe barmaly. Bu habar erbet habar. Eýýäm ile dolandyr. Öýe bar. Ýaşulylary size özüm alyp bararyn. – Ýagşy. Şondan soň Gurbanmämmet Ysmamyt atanyň üsti bilen, atyz çilleriň arasy bilen, gönüläp öýüne bakan sürdi. Ol atdan düşende, ony bir Şapy garşylady. – Näme habar? – diýip, ol Şapa sowal berdi. Şapy zat habarsyzdy. – Dädem öýdemi? – Öýde. – Sen bar-da işan aganam çagyr – diýip, ol öz tamyna däl-de ejesiniň, ejesiniň, gelniniň bolýan tamyna garşy ýöneldi. – Işen aga, siziň tamyňyzda, ertirden bäri garaşyp otyr – diýip, Şapy alaşany ýatagyna alyp baryşyn aýtdy. – Aýdaý, gelsin. Hümürdä Hanyň özi eýwana çykdy. Ol Gurbanmämmediň ýalaňaçlygyna egnine geýen donuny görüp, bir bolmaz işiň bolanyny aňdy-daoňa garşyn ýöneldi. – Gurbanmämmet, eýgilikmidir? Gurbanmämmet onuň bilen bir elläp alamlaşdy. Sag eli indi agyryp başlapdy. – Aý, dost, bir bolmaz iş-ä bolandyr. Ýör, öýe gireli. Olar içeri girdiler. Ene daýza ylgap oglunyň öňünden çykdy. – Oglum eýgilikmi? Gurbanmämmet törde körpeçäniň üstünde gyşaryp ýatan kakasyna salam berdi. – Däde, salowmaleýkim. – Waleýkim. Gurbanmämmet kakasynyň alynda çökdi. – Diýişiňiz ýaly, bardym kaka. Arazgül ýeňňem baran badyma şerraý sesi bilen gygyryp, gargap başlady. Men oňa-da üns bermän, Kakyşyň ýagdaýyny soramaga oturdym. – Kakyşa näm bolupdyr? – Bili gypjynypdyr. Onsoň, Kakyşam maňa «ýok bol öýden. Bagryňdan otlaryn! – diýip başlady. Menem onuň bilen düşünişjek boldum. Agam gerek, birki agyz gürrüňim bar diýip, aýagujynda çök düşüp, otyryn. Şol wagt biri gelip batly depdi, ýagyrnym içine çöken ýaly boldum. Iki elimi ýere diräp, zordan ýykylman saklandym. Oňa çenli tüpeň tark edip, ok edil ýüregiň gapdalyndan geçdi. Kellämi ýitirdim. Gulagym gapyldy. Turup dulda duran tüpeňlerini alypdyryn. Hojamyrat dädem tüpeňi döşüme diredi. Tüpeňi kakyp, zordan ýetişip, özüni... Soňam yzyma garaman gaýtdym. Näme bolsa, yzymda bolandyr. Ganymy sarkdyryp Şamyradyň ýanyna bardym. Olam däri-derman etdi. Ine-de gelşim. Ýöne aýtmaly zatlary aýdyp bilmedim. Ene daýza aglap, oglunyň egnine ýapyşdy. – Wah balam, saňa ýarag uzadanyň eli çüýresin – diýip, Ene daýza bar-bar bagyryp ogluna topuldy. Ony Ogsotan daýza köşeşdirip, Gurbanmämmediň ýanyndan töre bakan aýyrdy. Gurbanmämmediň garaşýan elhenç ýagdaýynyň tersine bir ýagdaý, onuň garaşmadyk ýagdaýy bolup geçdi. Gurbanmämmet ertirden bäri «Dädem agasynyň beýle bolanyny eşitse, elden-aýakdan çykyp, özüni horlar» öýdüp oýlanýardy. Emma Hojabaý aga bu wakany pirihat diňledi. Gaýta ol: – Şeýle boljagyny bildim-le men – diýdi. – O nädip? – diýip, ogly tisgindi. – Düýşüni gördüm, düýşüni. Özünem oraşan gördüm, oraşan. Daňdan sen çölden gelýän ekeniň öňüňden bir gyzyl aždarha ýaly ýylanlar çykdy. Olaryň biri saňa topuldy. Senem onuň kellesini mynjyradyp taşladyň. Ýene bir kiçirägi topuldy, saňa. Onuňam bilini üzüp taşladyň-da, yzyňa garaman, ýene çöle ugradyň. Yzyňdan şunça gygyrsamam, eşitmediň. Öz sesime özüm oýanypdyryn. «Wah git diýdik welin, gitmese gowy boljak eken diýdim. Ine-de ýoruşym ýaly-da boldy. Şeýleräk bir düýşi Gurbanmämmedem görüpdi. Ýöne ol ony başga bir waka bilen baglanyşdyryp, birwagt ýadyndan çykarypdy. Işikde at aýagynyň sesi eşidildi. Şapy içeri girdi. – Gara işan, Şammy, Seýitmämmet aga dagy geldi. – Eýwana elt, çaý-suwlaryna serediber. – Soň Gurbanmämmet kakasynyň ýüzüne seretdi. – Indiki maslahat, däde?! Ýaşuly ýerinden turdy. – Başa gelenini görübermeli bolar, oglum. Maňlaýa ýazylandan gaçyp gitjek ýeriň bolmaz ýörüň, adamlary garaşdyrmalyň. Olar baryp, eýwanda oturanlar bilen salamlaşdylar. – Ýeri, niçik? – diýip, Gara işan ýagdaýy sorady. Gurbanmämmet ýüzüni sallap bir salym oturdy-da, soň güňlenç ses bilen: – Siziň sargydyňyz-a bitirip bilmedim, adamlar diýdi. Ol soň howlukman bolan wakanyň ýekeje damjasynam ýere gaçyrman, birin-birin gürrüň berdi. Soň donuny, köýnegini çykaryp, ganjaryp duran ýarasyny görkezdi. Oturanlardan hiç kimden ses çykmady. Diňe Gara işan: – Wah, wah, häk, bolmandyr – diýdi – soň Hana seretdi. – Işan aga, bu şerigatda nähili bolýandyr – diýdi. Han nurly, ullakan gözlerini balkyldadyp adamlara birlaý gardy-da, ýere garap ýuwaşja sözledi. – Allatagalanyň üç sany hiç halamaýan zady bardyr. Birinjisi adam öldürmekdir. Ikinjisi zyna etmekdir. Üçünjisi, kişiniň hakyny iýmekdir. Ýöne şerigatda adamy patyşalygyň jezasy bilen öldürmek bir başgadyr. Kast öldürmek bir başgadyr. Ýagşy amallar edilende ýa-da özüňi, diniňi Allanyň ýoluny, maşgalaňy, Allanyň ýoluna garşy gidenleri öldürmek bir başgadyr. Bu günki iş ol kazyýetiň maslahaty bilen, Allanyň ýoluny goramak üçin hereket edilende, kast etmek islänleriň okundan özüňi goramak üçin edilendir. – Hawa-la, onsoňam, ol ölüpmi, dirimi, ýaradarmy, entek olam belli däl ahyryn. – Elbet-de. Gurbanmämmet hanyň ýüzüne seretdi. – Işan aga, meni aklajak bolmaň. Öz agama ýarag çenär derejesine ýetensoň, maňa aklanma ýokdur. Onsoňam, il-gün, razy boluň. Men şu günden kazy däl. Hiç kimden ses çykmady. Gurbanmämmet kazy öz agasyny öldürenmiş diýen gürrüň tutuş Tagta ýaýrasa-da Hojamyrat jüneýin öýünde kyrk gün ýatyp, soň jan berdi. Gurbanmämmet agasynyň jynazasyna barmady. Ol gün ol ýanyna Hany, Şapyny alyp, Garagumyň aýagujyndaky Ajyguýynyň başynda oturdylar. Olaryň üçüsem atlydy. Ýöne ýarag diňe Gurbanmämmetde bardy. Ol birwagt obanyň malyny Ahala tarap süren garakçylardan alan horjunyny, bäşataryny, gol ýaly uzyn naganyny ýanyna alypdy. Bäşataryň haýry degdi. Olar ýolda çölüň içnde ýel ýaly, ygyp ýören keýiklerden, birini awladylar. Guýy Ajy-guýy diýseň, Ajyguýydy. Suwy ýognasdy. Onda-da ony dannaman içdi. Üç pyýada bolsa geçi derisinden edilen ýanlyklaryň sähel deri ysy çykan suwundan çaý, nahar atardylar. Şapy keýigiň ýumşak ýerlerinden alyp, sözen şahasyndan ýasan çişlerine düzüp, kebap bişirip saçaga goýdy. Olar agşama çenli guýunyň oýtumynda söhbetleşip oturdylar-da, gumuň süňňi sowap ugran badyna uka gitdiler. Gündiz tamy ýaly gyzsa-sa, gün batyp, ýyldyzlar göge ýarmaşyp, asyl-asyl bolap badyna, gol erbet sowady. Dolan aý bu yns-jynssyz meýdanda çäkmenlerini, içmeklerini ýapynyp ýatan üç pyýada, araky yga ýumşan semenleri gütürdedip duran atlara geň galan ýaly, şol goluň depesinde irkilip durdy. Ondan bu gola sowuk çaýylýan ýalydy, Han ýatyp bilmedi, ol aýak ýolundan gelşine bir goltuk ojar şahalaryny alyp gelip, közi külüne çöken ojaga atdy. Taýajyk bilen közleri dörüp, oduny tutaşdyrdy. Soň öz atkeçesini oda ýakynrak ýazdy. Gurbanmämmet hem oduň başynda çugutdyryp oturdy-da, Hanyň ukuly, agyr ýüzüne garady. – Biz indi näme işlemeli bolarkak, pirim – diýdi. Hanyň ýüzüne düşýän sary ýalaw onuň ýylgyrýanyny aýan etdi. – Näme etmekden, Alla saklasyn. Ol gürrüňdeşiniň ýüzüne garady. – Men-ä gurup beren mekdebiňi ýörederin. Gurbanmämmet aýasy bilen oda ýumşan ýüzüni owkalady. – Hawa-la, seniňki hezil-le, indi, menem dädemiň mal-garasy bilen bolubermeli bolarmykam? Hanyň sesi birhilije dabaraly ýaňlandy. – Indi seniň han bolmaly wagtyň geldi! Ýadyňa düşýärmi Pälwan Mahmydyň darajyk hüjresinde han bolmak barada eden gürrüňimiz? Ol söhbetdeşiniň ýüzüne seretdi. Ýöne Gurbanmämmet doňup otyrdy. – Sen han bolmagyň orta ýoluna ýetdiň. Indi sähelçesi galdy. Onuň özi üstüme geler diýmeli däl-de, hanlygyň üstüne atyňy dogumly sürüp özüň barmaly. Gurbanmämmet atdan gaýra çekildi-de sowal berdi. – Men ol pähim geçipdirin, hanlygyň ýolun? Şony maňa düşündir. Han elindäki çöp bilen ýanyp duran oduň közüni dörüp, özüne tarap çekdi. Soň ýerinden turup Hywadan alyp gelen taňkasyna suw guýup, şol közüň üstünde goýdy. Soňam duzlanyp, deriniň üstüne sepilen etden bir bölegini taýagynyna dürtdi-de közüň üstünde aýlap ugrady. Kebebyň ysy bada-bat töwerege ýaýrap gitdi. – Onuň manysyny düşündirsem, özüni seniň ýaly hanlyga taýýarlan adam az-az bolýandyr. – O nä? – Näsi şol. Sen ýumruk ýalylygyňdan küren obanyň miraby bolupsyň? – Boldum. – Anha, obada kimiň näçe ýeri bar, kimiň näçe suw gezegi bar, kimiň nebis öňünde, kimiňki yzynda, heý ony bu etrapda senden gowy biljek barmy?! – Onyň dogry! – Dogry bolsa ýigit wagtyň bäş-alty ýyllap tutuş ile kazy bolduň. Kimiň näçe maşgala sany bar, kimiň mal-garasy näçe, gün-güzerany nähili? Her obada näçe ogry bar, iliň-günüň mal-halyny kim nireden gelip, nirä sürýär. Näçe han, näçe beg, näçe baý, näçe gallaç bar, ony senden gowy biljek barmy? – Onyňam dogry? – Dogry bolsa, ýene aýdaýyn. Dört ýyllap medrese okadyň. Gurhany kerimi, şerigatyň inçe tilsimlerini, din, urup, adaty sen indi birinden soramaly däl. Dogrumy? – Onyňam rast. – Öň Mütrük aga diýdiň, soň Han Işan, Öwez Hoja diýdiň bir topar halypalaryňdan ile-güne ýaran han bolmagyň, nähili han bolmaly dälligiň ýol-ýodasyny öwrendiň. Daşkent, Buhara, Täjigistan gidip, bir topar tilsim öwrendiň. Bu-da dogrumy. – Bu-da dogry. – Ýene bir zat aýdaýyn. Allanyň ýoly üçin, il-günüň, adalatyň haky üçin öz dädeňem, agaňam sylap goýmajagyňy subut etdiň. Mert, adalatly, sahawatly ýüregiň bar. Özüň sahy-sahawatly. Sagdyn, parasatly. Ine, muňa diýerler külli Hywanyň Hanlygynyň orta ýoly. Galany özüňe, özüňi ile aldyryp, töweregiňe mert, merdana ýigitleri ýygnap, olary il-halkyň il-halkyň derdi üçin ulanyp bilşiňe bagly bolar. Öz at-ýaragyň, mal-garaň, baýlygyň, asylly aýalyň bar. Nebsiň, erbet endigiň ýok. Näme seniň ýek-ýigreneniň, çilim, nas, göknar, gelin-gyz ganym duşmanyň. Mundan beter saňa näme gerek. özüň özüňi maglum etmeseň, hanlyk seniň üstüňe gelmez. Onsoň şeýle kämil adam mal-gara, ot-çöp diýip gara nebsiniň ugrunda hallan atsa, Alla-da halamaz, il-günem. Gurbanmämmet baş atdy. – Pirim sen dym synçy ekeniň. Ýanymda gezeniň bäş-alty ýyl welin, meni özümdenem ökde tanapsyň, taňry ýalkasyn. Muny aýtdyň, özem jinnik ýaly, dynnym ýaly ýalany ýok. Indi sen maňa, munça bolanyna görä, nämeden başlamalydygynam bir aýt. Han çöpüň ujundaky el ýaly kakmajy aýyň ýagtysyna tutdy-da, soň ýerinden turdy. Içi çörekli, käseli, çaýly torbany alyp gelip, lakyrdap duran taňkany otdan bäri çekip, çaý atdy. Torbadan çykaran bütin çöregini döwüp, kakmajy ýarty çöregiň üstünde goýdy. Beýleki ýarsynam az-kem dişi döwlen közüň üstüne atdy-da soň beýleki ýüzüne agdardy. – Ine, boldy! – diýip, dabaraly sözledi. – Gel, garbanaly. Olar seslerini çykarman garbanmaga başladylar. Bir käse gyzgyn çaý içen Hanyň dili has süýjedi. – Allatagala, gurbany gitdigim, adamzada her hili närsäni peşgeş beripdir. – Ol çaýly käsäni tutup duran elini ýokary galdyrdy. – Şu çaý diýen zat türkmeniň ýerinde-de bitenok. Emma nirelerden bize yrsk edip, däri-derman edip, beripdir. – Howwaý, şunyň özi nireleriň oty bolara çemeli. – Bu ot Seýlon diýen ýurtdanmyş. Muny nogaýlar getirip, ýaýradýar. Bize-de Hywadan, Hywa-da Daşkentden gelýär. Meniň Hywadan alyp gelen çaýym indi baýap barýar. Çaý üçin ýörite Hywa gidip gelmeli... Ol kebeby bölüşdirdi. – Al! Gurbanmämmet nahara çem-çüm darady. – Iýiber, men häli ýagşy garbandym. Han Gurbanmämmediň nahar alyşyna belet bolupdy. Öň öňünde goýlan zady dannaman iýýärdi. Az iýse-de juda kanagatlydy. Agşamlaryna öňünde mürepbe goýsaňam, ýap-ýaňy guzuly palow iýen ýalydy. Han aňyrsyna oba gonansoň, hemem çaýa, çörege güýmenip, pikirlenmäge maý tapansoň, hälki meselä gaýdyp geldi. – Nämeden başlamaly diýdiňmi? – diýip, ol käsesine çaý guýdy. – Ýene-de üç-dört sany ýaby edinmeli, myltyk edinmeli. Taýýar bolup oturmaly. – Näme? – Bagtymyzyň açyljak gününe. – Düşnükliräk keple. – Han Gurbanmämmediň ýüzüne garady. Gurbanmämmet parahatdy. – Bir günden bir gün il-gün seniň özüne hossar bolanyňy bilmeli bolar-a. Sen Şammy ýaly, Erejep han ýaly, Halbaý jöwlan ýaly, nirede el ýaly olja barka diýip ýörmersiň-ä. Gurbanmämmet ýerinden turdy. – Dogry aýdýaň, äwmek şeýtandan, sabyr Rahmandan. Suwdan salkyn bolup garaşmaly. – Garaşmalam, taýýaram bolmaly. Haýt, ýagy çozdy, ýeteweriň diýlende, iliň aňyndan baryp, ýagy sowulansoň köpelen batyrlaryň arasynda bolmaly däl. – Onyňam dogry. – Ol alaşasyna seretdi. – Men ýabylaryň başyna iýmli torbalary geýdireýin. Gurbanmämmet hanyň sözlerini telim gaýta aňynda eleýärdi. Ol çöle-de etmäge iş tapman çykan adam däldi. Obada näme diýseňem pikiriň örüsi dardy. Bu gün Han bilen eden gürrüňlerini obada edip boljak däldi. Garagumyň pikir-paýhasam özi ýaly giňdi, ganatlydy. «Han dogry aýdýar. Ýene bäş-on sany gowy ýaby, bäşatar bolmasa-da, dört bäş sany myltyk zerur gerek. il uly, dert, melamat kän, iliň başyna towky inende, heleýiň götüne gyssyrylyp ýatyp han bolup bolasy ýok. Gerek bolsa, şirin jandan geçmeli bolar. Ýazyň başlarynda Gurbanmämmediň eýýäm atly-ýaragly on nökeri bardy. Ol gidip Kakabaý ýirigi, Nepes pejaby, oba oglanlaryndan üçüsini ýanyna alypdy. Olara öz hataryndan tam salyp beripdi. Ol uly sabyr bilen garaşýardy. Han, Kakabaý, Şapy, Nepes Hajybaý aganyň ýerine, mal-garasyna göz-gulak bolup ýördiler. Başga bir alyp barýan işem ýokdy. Ol düýn Han bilen «Hywa bazaryna baryp geleli» diýip, maslahaty çugdamlapdy. Şonuň üçin namaz wagtynyň golaýlap, täret kylmaly wagtyň bolanyna garaşyp, ukusuny terk edip oýa ýatyrdy. – Göwnüme bolmasa, şu gün Hywa bazary başga ýerde açylaýjak ýaly – diýip, ol ýüreginiň bir bikararlyk tapýandygyndan çen tutup, özbaşyna gepledi. Aslynda Gurbanmämmet oglanlygyndan bäri boljak, goýjagy dyrnak ýaly bir alamatjygy syzýardy. Ýöne oňa kän ünsem beräýenokdy. Üns berende-de, ilk-ä mirap diýdi, medrese diýdi, kazy diýdi, özüni diňlemäge eli degmedi. Indi özüni, göwnüni diňlemeli mahalam, o diýen üýtgeşik hikmetlerem duýlup baranokdy. Ýöne şu daňdan ol özüni çölüň aýtymynda alaşasynyň üstünde gördi. Özüm dabaraly, atam, özem galkyjaklap dur. «Öz-ä bir zadyň hikmeti bu» – diýip, ol pynhan oýlandy. «Düýş-ä däl, oýalygam däl. Öz-ä alasarmyk bir ýagdaý»... Şondan kän wagt geçmänkä ejesiniň bolýan tamynyň işigi kakyldy. – Hajybaý aga! Hajybaý aga! Ene daýza daş çykdy. – Esen, eýgilikmi? – Baýa aga gerek. baý aga barmy? Gurbanmämmet mallarynyň bir sürüsiniň çopany Eseniň sesini tanady. – Häzir – diýip, Ene daýza-da gyssandy. – Şapy, aý-u Şapy – diýip goňşy tama gygyrdy. Şapy daş çykdy. – Bar, Gurbanmämmediň atasyny çagyr – Esen sesini çykarmady. Gurbanmämmet turdy-da, daşky eşiklerini geýip, telpegini başyna atyp daş çykdy. Ol eýwanda duran ýerinden habar gatdy. – Esen, salowmaleýkim, eýgilikmi? – Esen oňa garşy ýöredi. – Wah, eýgilik bolarmy? Bagtymyz ýatdy, kazy aga. Nireden çykanyny bilmedim, ýeriň ýarygyndan çykan ýaly bolup, bäş sany atly-ýaragly gelip, barymyzy gyran-jyran edip, maly sürüp gitdi. Süleýmany, Saparmädi atyp öldürdiler. Guwabaý ýaralandy. Menem ölümiň öýünde gaçyp sypdym. Gurbanmämmet sesini çykarmady. Sebäbi hajybaý aga-da, daşky eşiklerinem geýmän, ak balagy, ak köýnegi bilen hasanaklap gelýärdi. Ol gele-gelmäge – näme habar, hany malyň – diýdi. Esen çopan ýagdaýy gürrüň berdi. Ýaşuly erbet gaharlandy. – Pohuňy iýme, senem ölmeli ekeniň. Bar, gabra girenem bolsa, getir sürini. Müň dört ýüz, ýigrimi goýundyr seniňki. Ýekejesi kem bolsa-da, menden oňlulyga garaşma. Esen çopanyň jany ýandy. – Baý aga, olar bäş sany atly, ellerinde suw ýaly ýaragy. Barymyzy öldürdiler, ýaraladylar. Men zordan sypdym. Bolýan bolsa, men şeýdip geljekmi? Nädip geldiň diý sen. Gurbanmämmet ara düşdi. – Nirede bolan waka by? – Esen Meňliň guýusynda. Ýaşuly ýene-de gazabayna tutdy. – Kim saňa şoňa äkit – diýdi. Maly. Kim Esen Meňliň guýusyna bar diýdi, size... – Ol duran ýerinden ters aýlandy. – Indi men nä alaç edeýin, kime dadymy aýdaýyn. – Ol gapdalyndaky tama bakan gygyrdy. – Şapy! Aý, Şapy. Şapy onuň ýanynda durdy. – Men bärde baý aga. – Sen bu ýerde poh işleýärsiňmi? Bar, ugra Şammy kele aýt, derrew gelsin. Gurbanmämmet ony saklady. – Ýok, gitme. Özümiz... – Ýaşuly ogluna gygyrdy. – Sen näme diýp oňa gitme diýdiň. Özüm, özüm nämäni oňarýanyňy il bilýär. – Bar, hany, Kakabaý bilen Nepesi turuz. Ýaraglarynam alyp, tiz atlansynlar. Sähel salymdan işikde ýedi atly jemlendi. Olar esen çopanam alyp säheriň salkyn dünýäsine siňip gitdiler. Gün dogar-dogmazda olar goşa gelip, ýetdiler. Esen ýaraly halyna Süleýmana, Saparmäde kömek berip ýören Gubabaýy görüp begendi. – Olar dirimi? – Çala janlary bar. Siz malyň yzyndan gidiň. Bulara özüm serederin. – Özüň nähili? – diýip, Gurbanmämmet sorady. – Özüm gowy. Uýlugyň çig etinden geçipdir ok, ýaram agyr däl. Siz maly halas ediň. – Maly nirä sürendirler? – diýip, ol Gubabaýa ýene sowal berdi. – Teke ýoly-ha daş. Olar Akjagaýanyň üsti bilen Ýerbent tarapa sürerler. Sebäbi şol ýerlerde Ahalyň öz sürülerem bakylýar. Şolaryň birine goşmaklary mümkin. Ýöne gatyrak sürseňiz, günorta çenli yzlaryndan ýetersiňiz. – Olar näçe adam? – Bäş adam. Hemmesi ýaragly. Atlary Ahal aty. Tüpeňleri bäşatarmyka diýdim. Oky gaýgyrman atýarlar. Gubabaý böwrüne doňuz diňini saldy. – Özüm bolsam, malyň yzyndan däl-de, günortana çenli göni sürüp, soň ýel bilen yzyma gaýtjak. Olaryň tersinden geljek. Olar kowga yzlaryndan garaşýandyrlar. – Öňde haýsy guýy bar. – Öňde Aktakyr bardyr. Onda suwam bar. Olar şol suwa baryp, maly suwlap soň sürüni çopana tabşyrýarlar. Özleri süriniň golaýyna gelmez. Olaryň gylygy şeýle. Olar Gubabaýyň diýenini edip, gollaryň, depeleriň, oýlaryň, oýtaklaryň içi bilen ileri bakan göni sürüp, gün äýlä sallananda erkana otlap ýören agyr süriniň üstünden bardylar. – Salowmaleýkim! – diýip, Gurbanmämmet haýkyryp salam berdi. Ewsionlyk Baýryň bilinden taýagyna söýenip duran başy şapyrmaly çopan salam aldy. – Nirden gelip, nirä baryş? – diýip, ol adam burnuna salyp sorady. – Şu gün daňdan malymyzy sürüpdirler, yzarlap barýas. Bu töwereklerden bir süri goýun sürüp geçen-ä däldirler. Çopan töwerek-daşyna bir nazar aýlady-da; duranlara başyny ýaýkady. – Alla kessin, doganlar, gördüm-bildim diýsem ýalançy. – Bi niräň sürüsi? – Kelejerly Agöýli baýyň maly. Men indi on dört ýyl bäri şu süriň yzynda. Gurbanmämmet atyny debisgiledi. – Gideliň! Ýöne Esen çopan aýylganç gygyrdy. – Dur-u-uň! Meniň sürüm şu. – Ol özüne bakan ylgap gaýdan iýmçi toklusyny görkezdi. – Öz toklym. Süri meniňki. Atlylar atyň başyny yza dolaýança, çopan şypyrmasyny çykaryp olara garşy bulady. – Goýaweriň, goýaweriň. Dünýäde meňzeş tokly gytmy? Şol wagt atynyň uýanyny silkip duran Han eýeriň üstünden serrelip gitdi. Yzyndan tüpeňiň aýylganç sesi sährany ýaňlandyryp gitdi. Süri bu sese erbet ürkdi-de, yza serpilip eňeşaklygyna şaglap gitdi. Gurbanmämmet Hanyň başyndaky gytyk tüýli sur bagana telpeginiň sürüniň yzyndan togarlanyp barýanyny görüp, atdan syrylyp düşdi. Tüpeň ýene gaýta-gaýta atyldy. Oklaryň biri çopana degdi. – Düşüň atdan, penalaň, özüňizi. Atlylar ýere düşüp, ýapyrlyp başladylar. Gurbanmämmet hanyň demsiz-düýtsiz göwresini galdyrdy-da, onuň başyny dyzynyň üstünde goýdy. – Han, Işan aga, pirim, aç gözüňi. Onuň aýasy gara gan boldy. Ol pyçagyny gynyndan çykaryp, egnindäki, köýneginiň bir garyş ýaly aşak ýüzüni aýlap, kesdi-de Hanyň egnindäki donuny, köýnegini çykardy. Soň onuň ýarasyny pugta daňdy. – Şapy, geliň, amanat ýaly bolup durmaň geýindiriň. Gurbanmämmediň gazapdan ýaňa gözi gyzardy. – Il bendäniň arly ýyllarky daban azabyny zulum bilen elinden alyp gaýdýarlar. Malyny sorap gelenleri hem, ýeke okdan geçirýärler, zalymlar. Edil şu pursat dünýäde iň eziz görýän adamyny solup barýan roýuny görüp, gazabyna, ýüreginiň ornuna agyr bir zadyň girenini duýdy. Ol azajyk egildi. – Gaýrat et, pirim, men seniň aryňy müň edip alaryn – diýdi. – Kazy aga! Kazy aga, olar, şolar, gelýärler. Gurbanmämmet hyýrsyz gözlerini ahmyr bilen töweregine dikip, egnindäki bäşataryny kakyp aldy-da hem at salyp, hem ýüzugra gaýgyrman ok seçip, gykuwlaşyp gelýän atlylary nyşana aldy. Ol öňden gelýäniň atyň badyna tüwdirilip gidenini görüp, has hyruçlandy. Ikinji, üçünji adam atdan agdy. Indi iki atly galypdy. Olaryň biri atynyň başyny çekmän şuwlap gelşine, oksuz tüpeňini bir gyrada duran Eseniň depesinden indermekçi boldy. Ýöne Gurbanmämmediň atan oky ony atyň üstünden sermaňňaldak gaýtardy. Bäşinji atly atynyň başyny yza öwürmekçi bolanda, aty büdräp, üstündäki bilen bile düňderilip gitdi. Atyň eýesi aşak togarlanyp gitdi-de, bir aýagyny keýtikledip, gaçyp başlady. Gurbanmämmediň oky onam serpmeden gaýdan ýaly etdi. – Baryň atlary, tüpeňleri, ýygnaň – diýip, Gurbanmämmet Hanyň ýanyna gelip onuň başyny dyzynyň üstüne aldy-da – Pirim, gözüňi aç, aryňy ýerine saldym – diýip, özelendi. Günbatardan salkyn şemal öwsüp, ýaňy gül-gunça duran sähranyň, üýtgeşik ysyny çölüň üstüne serpip goýberdi. Hanyň ak ýüpekden nura beslenip ýasalan ýaly ýüzi, gözleriniň nury syzylyp çykyp duran owadan gabaklary, ýüzüne ýaraşyk berýän şap gara sakal-murty Gurbanmämmediň aklyny haýran etdi. Ol «bu bir ýagşyzada bolaýmasyn diýip oýlandy. Hanyň dodaklary terpendi. Gurbanmämmediň ýüregi ýerinden gobsunan ýaly boldy. Ol: – Pirim – diýip, pyşyrdady. – Sen öwlýä ahyryn. Öwlüýä el garanyň jaýy dowzahdyr. Han gözüni açdy. – Belalar sag-aman sowuldumy? – diýip, ol çalaja pyşyrdady. – Ölüm-ýitim ýok dälmi? – Ýok, pirim, ähli oky bir özüň aldyň oturdyň-a. – Namaz wagty geçdimi? – Ýok, ýok. Azajyk wagt bar. Gurbanmämmet atlary tutup, tüpeňleri ýygnap gelen Şapa ýüzlendi. – Şapy, sen ýanyňa üç-dört oglany al-da, dep Direglä. Şapy ýagdaýy aýt-da, bir araba alyp, öňümizden çyk. Işan agany ata mündirip bolmaz. At silkese gaýra üzüler. Biz Esenmeňliň guýusynda duşuşarys. iki oglanam guýynyň oýunda galdyr. Barýançak çaýa, suwa, nahar şama seretsin. Mal gaýgyrmaň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |