17:33 Gurbanmämmet serdar / Ikinji bölüm -4: dowamy | |
Şapy öz atyna münip, ýel ýaly atylyp gitdi. Beýleki oglanlaram atlaryny loňkuldadyşyp depeden düşdiler-de gözden ýitdiler.
Taryhy proza
– Men Işan agany arkama hopba edeýin – diýip, Gurbanmämmet oglanlaryň hemaýaty bilen hassany arkasyna aldy. – Myhman atlary idege alyň. Tüpeňleri bölüşiň-de, egniňize alyň. Ugralyň. Onuň özi ýeňillik bilen depeden düşüp, malyň torç eden yzy bilen ýöräp ugrady. Olar gijäniň bir wagty Esenmeňliň guýusyna geldiler. Bularyň öňünden bir topar adam çykdy. – Şamyrat, senem geldiňmi – diýip, halys ysgyny guran Gurbanmämmet begençli aýtdy. – Ata mündirmeli ekeniň Işan agany. Munça ýoly arkaňda götermek aňsatmy? – diýip, Şammy dözmezçilik bilen aýtdy. Gurbanmämmet hany taýýarlanylan çopan içmeginiň üstünde ýatyrdy-da. – Han işan ýaly beýik ogullary depäňde göterseňem azdyr. Arka dagy näme?! – diýdi. Olar nahary ýaňy öňlerine alanda, at goşulan araba-da geldi. – Gideliňmi? – diýip, Şammy sorady. – Gideliň. Malam etege, jülgä sürüň – diýip, Gurbanmämmet birneme özüni tutan Hany araba mündirdi. Olar ertir namazynyň öň ýany Hajybaý aganyň işigine gelip düşdüler. – Däde, malyň sag-aman – diýip, eli kündükli täret kylyp ýören Hajybaý aga buşlady. Ol owadan gyr aty görkezdi. – Ine, şu gyr atam saňa sowgat bolsun. Ýaşuly eline berlen uýany maňlaýyna syldy-da: – Mallar baş aman geldi – diýdiňmi? – Hawa, jülgä indi, häzir. Ýaşuly birhili dabaralyja äheň bilen. – Berekella! Siz-ä iş bitiripsiňiz – diýdi. «Şu wakadan kyrk-kyrk bäş gün geçipdi. Indi Gurbanmämmediň töwereginde ýigrimä golaý atly-ýaragly nöker bardy. Bir ýagdaý welin hiç düzelenokdy. Olam Han Işanyň ýagdaýydy. Ol henizem düşekden galanokdy. Birki gaýta «öldi-öldi» hem edilipdi. Ýöne duz nesibesi üzülen däldir-dä, ölmän galdy. Gurbanmämmet hanyň üstünde ganatyny gerýärdi. Ol Daşhowuz töwerekleriniň tebipleriniň ählisini getirip görkezdi. Şu töwerekleriň öwlüýäleriniň ählisine bir janly, bir janly sadaka aýdyp çykdy. «Işan aganyň baş saglygyna. Sag-aman gutulsyn» diýip, obada, onuň her ýaşyna bir gazan ataryp uly sadaka berdi. Özi, «ýasyn» dogasyny, Gurhany Kerimiň «Mülk» süresini her agşam okaýardy. Bäş wagt namazynyň yzyndan Alladan Han Öwez ogluna jan saglyk dileýärdi. Indi bir Hywadaky rus garnizonynyň wraçy galypdy. Oňa-da barmagyň, onuň bilen sözleşip, bäri alyp gaýtmagyň heýç ýoluny tapanokdy. Şeýle günleriň birinde onuň ýanyna bir syrdam, gyz ýaly owadan ýigit geldi. – Gurbanmämmet aga gerekdi? – diýip, ol atyndan düşmän tamlaryň işigine seredip durşyna aýtdy. Gurbanmämmet atynyň başyna arpaly haltany geýdirip boldy-da, oňa bakan ýöredi. – Geliň, düşüň atdan, atyňyzy tutaly. Ýaş ýigit ýöwsellik bilen, häzir ol tamlaryň birinden Goragly sypat pälwan çykan gňak ýaly, umytly seretdi. – Gurbanmämmet aga bar dälmi? ¬– diýip, atyndan düşüp durşuna ýene tekrarlady-da, uýany özüni garşylap, «düşüň, düşüň!» diýip mürehet edip duran ýigide berdi. Gurbanmämmet atyň uýanyny atýatakdaky gazyklaryň birine iltedi. – Gurbanmämmet aga... – diýip, bu ýigit ýene öňki sowalyna tutdy. – Sen, Han ogul, «aga» sözüni gaty bir harlama, Gurbanmämmet diýenleri ö sözi kän bir halabam barýan däldir. – Baryber eýwana. Syrdam ýigit gyzyňky ýaly näzik, ak ýüzüni aýasy bilen ýapyp ýylgyrdy. – Ýa şeýlemi? – diýip, ol gözlerini elek-çelek edip pyşyrdap sorady. – Ýör, eýwana geçeli. Bir ýerlerden Şapy elilap geldi. – Myhmanyň elini ýuwduryň. – Ol öz eline-de suw aldy. – Kazy aga, nahar çekelimi? – Getiriň. Ýaş ýigit az salym oýlanyp oturşyna gözganjyrady. – Meniň çak edişimçe, Gurbanmämmet aga siz bolmaly? Öý eýesi güldi. – Näme, meňzämokmy ýa? Ýaş ýigit aýasy bilen ýüzüni tutdy-da: – Ýo, ýo-ýo-ok – diýdi. Ol Gurbanmämmediň owadan gara sakaly tegelenip duran, gytyk murtly. Gyçak ýaşyl gözleri hileli ýylgyrýan gyzyl ýüzüni gyzyl guzy derisinden gelşirip tikilen telpekli başyna, berdaşly kamatyna gaýtadan seretdi. Ýöne ol näçe agtarsa-da göz öňüne getiren Gorogly bege çalym edýän gujury tapyp bilmedi. – Onda men özümi tanyş edeýin – diýip, ýigit ur-tut söze başlady. – Maňa Şyhym Sülgün diýýäler. Özüm Akdepeli maňňytlardan bolmaly ýöne atam-babam owganystana geçip giden. Özüm Owganystanda, soň Stambulda medrese gutardym. Eýranlylaryň, türkleriň, puştumlaryň, iňlisleriň dilini suw içen ýaly bilýän. Orusyjalaryň dilinem öwrenip ýörün. – Gaty oňat! Gaty boljak. Gurbanmämmet bu ýigidiň gyz kamatynyň onuň hakyky keşbini bermän, bir aldawçy pikir döretmek üçin saýlanyp, ýörite alnana meňzetdi. – Hawa – diýip, ol myhmany ugruna kowdy. – Men Türkiýeden gelşime, Owganystana degdim. Soň Ahala düşdüm. Ol ýerlerde siz barada ýagşy gürrüňler bar. Iller umytly bakýarlar. Ýöne az. Çaw düşüpdir ýöne hikmet ýok. Ahally ýaşulylar towakga edýärler. Biriň kerwenimizi Hywa geçirsin diýip Orusyjalar olaryň Eýrana, Owganystana geçýän ýollaryny ýapjakmyş. Onsaň olaryň ýeke mydary Hywa ili. Galla, bürünç, mäş, noýba, altyn, kümüş, ok, ýarag – olar bazarsyz ýaşap biljek däller. Eger Hywanyň kerwen ýolam ýapylsa, olaryň dat gününe. Olara bazar gerek. gowy haly-palalary, oňat atlary, nepis şaý-sepleri bar. Maňa şony bir towakga edip ber – diýdiler. Gurbanmämmet myhmanyň ýüzüne seretdi. – Ahalda gepiň deň geler ýaly idili adam bir barmy? – Az. Gaty az. Orsujalar olaryň barynam kerçäp, aýal-gyzlaryny wejera etdi. Olar aýdýa: «Aýallar kileň orsuň dolüni dogupdy» – diýip. Gaty haramçylyk bolan eken, gaty. – Myhman dikeldi. – Tejende Eziz Çapyk diýen biri döräpdir. Onuňam heniz kyrk atlysy bar. Özem oba hany. – Onda sen kim bilen habarlaşdyň. Ýaş ýigit ýere garady. – Men Nurberdi Hanyň ogly Magtymguly han bilen Dykma Serdaryň agasynyň ogly Oras Serdar bilen, Öwezbaý Gökleňiň uly ogly Hojamyrat bilen, habarlaşdym. Olaryň hersi bir deräniň şiri. – Indi Ahalyň hany kim? Myhman öý eýesiniň ýüzüne göni seretdi. – Tutuş Ahalyňam, ahal däliňem ýeke hany bar, olam ýanaral Kurapatkin. Ýöne ol öňki morsakal bar, Gökdepä gan çaýkan ýanaral ondan ýagşymyşyn. Gurbanmämmet orta getirilen tabaka bakan ileri süýşdi. – Hany, süýş, myman. – Onuň özi ýaňy tamdyrdan çykan çörekleriň birini eline aldy-da, onuň bir gyrasyndan döwüp myhmana geçirdi. Soň ýene öňki gürrüňe dolandy. – Sen ýaňy diýdiň, Ahala Hywa bazary howa ýaly zerur diýip. Ýaşulylar kerwenmizi geçirmäge hemaýat etsin – diýdiler – diýip – Hawa, diýdim, aga. – Onda näme olar suw içjek guýularyna tüýkürýärler. Ol näme etdikleri. Biziň süri-süri mallarymyzy zorluk, zulum bilen sürüp äkidip durlar-a. Meniň eşidişime gör-ä, il – bendäň uly gyzynam süýräp äkidýärmişler-ä. Şyhym sülgün titredi. – Olara beýle gürrüň etmediler. Gaýta, Hywadan getirip, mal satýarlar-a diýdiler. – Kim satýan eken şol maly? – Hywalylar! – Tersine bolaýmasyn? – Aý, ýog-a. Bu ýerde Gurbanmämmet hem böwrüni diňledi. «Öz-ä, gümürtik. Ahaldan gelip. Näme mal talajak bolsa, çölüň içinde süri gytmy?» Ol gürrüňiň örüsini giňeltdi. – Ýaňy sen bir gepiňde «Hywa kapyrlarynyň dilini bilýän» diýdiňmi? Myhman aýalary bilen ýüzüni ýapdy-da güldi. – Öwrenýän. Orusçalaryň dilini öwrenýän. – Gepleşip, gepiňi düşündirip bilýäňmi? – Az-mazdyr. Az-mazdyr. Çoh ýagşy deý. Öý eýesi gepi beýlesinden aýlady. – Meniň bir näsagym bar. Özem ahun. Resul atamyzyň owlatlaryndan. Şoňa ok degdi. Indi kyrk gündenem geçdi. Ýaranyň daşy bitdi. Ýöne içi bitenok. Iriň bilen gan gelýär. Maňa «Hywadaky ors ýanaralynyň bir gowy tebibi bar. Juda ajaly ýetmedik bolsa, nepi degýär» diýdiler. Orusçanyň ugruny bilýän bolsaň, şol tebibi getirip ber. Näme islese, näçe islese men boýun. Seniň özüňe-de bir gowy ahal aty bilen iňlis bäşataryny bereýin. Şyhym sülgün oýlanman. – Onuň gürrüňi bolmaz. Erte agşam şol tebibi öýüňde biläý – diýdi. – Ýöne men hassaňy göreýin. Olar tirkeşip Hanyň ýatan tamyna bardylar. Hassa ýassyga söýenip, noýbaly unaş iýip oturan eken. – Salowmaleýkim! – Waleýkim, geliň, geçiň, saçak başynda oturyň. Hanyň aýaly daş çykdy. – Gelin, hiç zadyň azaryny etme – Gurbanmämmet hal-ahwal soraşdy. – Pirim, ýagdaýyň nähili? – Wah, şol bir bolşy. Hiç gyzgynym gaýdanok. Ýaramdanam iriňiň şol akyp ýatyşy. Gurbanmämmet myhmany görkezdi. – Şyhym Sülgün diýýäler bu myhmana. Ahaldan gelipdir. Özem orusçadanam habary bar. Men muny Hywa ýanaralynyň tebibini alyp gelmäge iberjek bolýan. Han işan ýassyga ýaplandy-da, unaşly tabaga seretdi. – Azara galmaly däl ekeniň. – Ol pessaý gussaly gepledi. – Bu dünýe bir şeýle dünýe eken. Gelen gitmeli. meniň em çöpüm dolup barýar. Serdarym, bu dünýä näme üçin getirdikä Allam meni diýsem, ine şol iki sany gara göz çagany ýaratmak, seniň ýaly eziz ynsan bilen sähel pursat duz-emek bolmaga getiren eken. Men senden iki dünýämde-de razydyryn. – Hapa bolmaň pirim, hapa bolmaň. Ýatan ölmez, ýeten öler. Çykmadyk janda umyt bardyr. Olar daş çykdylar. Gurbanmämmet Şyhymy ertir namazyndan soň ýola salyp-salmanka iki sany epeý ýaşuly gelip, eýwana girdi. – Salowmaleýkim. – Waleýkim, geliň, geçiň, saçak başyna geçiň. Ýaşulylaryň arryk, göm-gök gözlüsi jygyr-jygyr edip habaryny aýtdy. – Başyňa döneýin, ogul, ýetiş dadymyza, ýer gaty, asman yrak, diňe sen bar. – Näme boldy? – Başyňa döneýin tutuş Yzmykşiriň Hojakümmetiň malyny sürdüler, haram süýt emenler. Daýaw ýaşulam ara goşuldy. – Sadagaň bolaýyn, sygyryny örä kowmaga çykan gyzjagazymam, goňşymyň gyzjagazynam atyň öňüne basyp, mal bilen alyp gidipdirler. – Näçe adam? Aty-ýaragy barmy? Arryk kişi belentlik bilen zeýrendi. – Başyňa döneýin, olar alty atly. Hersinde bir ýarag bar. Atlaram syçraşyp duran. Gurbanmämmet gyssandy. – Olar mallary haýsy ugra sürdiler. – Diregliniň özi bilen guma bakan sürdüler. Başyňa döneýin, mallaryň ilerki belentlige ýarmaşyp barýanyny öz gözüm bilen gördüm. – Hany, öz hanyňyz. Şamyrada barmadyňyzmy? Onuň üstüni basyp geçip bolmaz-a. Arryk gojanyň göm-gök gözlerini duman örtdi. – Başyňa döneýin, barmadyk ýerimiz ýok. Erejep hana-da bardyk. Ol-a «Horwa han aganyňka barýan» diýdi. Şammy kelem. – Men çöle çykyp uruşman diýip lebiz etdim – diýdi. Dolmuş goja lampa özüni ýere oklady. – Olara berim gerek. mal owarram. Gyzymy halas etsem razy. Mallar seniňki bolsun, ýöne. Gurbanmämmet Şapyny çagyrdy. – Ýigrimi atlyny taýýarlaň. Arryk ýaşuly bir gysym boldy. – Başyňa döneýin. Biziň şol mallardan başga urbalygymyz ýokdur. Malymy bir gaýtaryp beriň. Özüm gadryňy bilerin. Gurbanmämmet Şapa seretdi. – Bulara kim diýerler? Şapy athana tarap barşyna ýaşulylara aňkaryldy. – Bular Yzmykşirli Armet aga bilen Ýazly bit – diýenleri. – Bar işiň bilen boluber. Sähel salymdan on bäş-ýigrimi ýola çykdy. Gurbanmämmet atlylary birlaý gözden geçirdi-de, Kakabaý ýinikde saklandy. – Kakabaý, sen Nepesi, Şapyny, Gurdy, ol bäş nökerem ýanyňa al-da at salyp göni Esenmeňliň guýusyna çykyp galtamanlaryň öňünden boluň. Bizem olaryň yzyndan kowup, hä diýmän yzlaryndan ýeteris. Ýöne elin ele saljak boluň. Olam, gan bolmasyn. Sürüberiň. Gurbanmämmediň özi Diregliniň deňinden kerwen ýola çykdy. Mallaryň yzy täzejedi. ýöne mal sürýänler bu ýollara bijeý belet bolara çemeli. olar mallary Akjagala tarap däl-de Üstýurt, Döwkesen gapdallara sürüp, Akjagalanyň günbataryndaky ýylgynly oý bilen ileri sürüpdirler. Gurbanmämmet Akja galanyň üstünden gönüledi-de, Galadan ses ýetim ileri-de ýene mallaryň yzyny tapdy. Mallaryň bir bölegi ýene-de kerwen ýola inipdir. Beýleki uly bölegi gyryň üsti bilen guma tarap gidipdir. – Özler-ä gyssanyp sürüpdirler. Olar şol gidişlerine Ak takyryň gyrasyndan girdiler. Bu takyr gözýetime çenli uzalyp gitse-de, bu töwerekde janly jemende göze ilenokdy. – Süreliň oglanlar – diýip, Gurbanmämmet öz alaşasyna gamçy çaldy. Atlar ak takyryň kakyna golaýlaberende öňden tüpeň sesleri eşidildi. Soň ilerki guş depelerinden inip gelýän atlylar göründi. – Biziňkiler ýaly – diýip, Gurbanmämmet alaşasyny gorduryp barşyna aýtdy. Suwuň ysyny alan atlar öňe dyzaýardy. Baýyrdan ýene-de dört atly atylyp çykdy-da öňden gelýän atlylaryň yzyndan süýnüp gaýtdy. – Olar, Kakabaý, Nepes dagy. – Atlylaryň öňüni dolaň, birinem sypdyrmaň. Atlylar tüpeňlerini eginlerinden düşürip, at salyp gelýänleriň öňünden pytraşyp eňdiler. Gurbanmämmediň özi öňden gelýän atlyny nazarlap, onuň öňünden boldy. Ol atly uçup gelýärdi. Özem tüpeňini kese basyp, sähel maýyny tapsa atjakdandy. Ol Gurbanmämmedi nazarlap, iki sapar atdy. «Bäşatary bar» diýip, Gurbanmämmet, ýeňiljek oýlandy-da, onuň atyma gelerine maý berdi. Soňam uçaýyn diýip eňaşaklygyna zymdyrlyp barýan atyň üstündäkini nyşana aldy. Atyň üstündäki pyýada tüpeň sesindenem öň tüwdürilip gitdi. Aňyrdan uçup gelýän atlar tüpeňiň eýmenç sesinemi, ýa-da öňden barýan atyň durany üçinmi ýa kak suwunyň ysynamy, batlaryny sähelçe gowşatdylar. Tüpeň sesleri çykyp başlady. Ýene-de iki galtaman atdan zyňlyp gitdi. Oňa çenli yzdan gelýän atlylar hem gaçyp barýan atlylaryň yzyndan ýeteňkirlediler. Atlylaryň ikisini gabap tutdylar. Başga birini üç bolup nyşana alyp oýdan agdardylar. – Bular Polasoltanly gäwürlerden – diýip, Kakabaý Gurbanmämmediň ýanyna gelip aýtdy. Özlerem, ýalňyşmadam, hälki gelen garynlak baý bar-a, Yzmykşirli Armet aganyň aga-inileri. – Atlary, tüpeňleri, hatarlary ýygnaň – diýip, Gurbanmämmet atdan düşdi. Soň eli daňylan, atdan agyp gelende, süssürilip, ýüzi-gözi görer ýaly bolmadyk ýaraly ýigidiň ýanyna bardy. – Adyň näme? Ol ýigit agzynyň ganyny dyzyna çaldy-da: – Seniň näme işiň – diýdi. Kakabaý ylgap baryp ädikli aýagy bilen ony depdi. – Gap sesiňi. Ýaradar ýigit ýaraly arslan ýaly jabjyndy. – Bar-san-eýt, sen niräň lolusy. Bar aňyrrakda üýrüň. Sürsem öz agamyň malyny sürýän, seniňki näme? – Öz uýam. – Mundan öň mal sürenem senmidiň? – Mendim. Ýene-de sürerin. Meniň sünnetimi täzelemegiňiz-ä belli. Siziň kesjek bolýan zadyňyz öň kesilen. Gurbanmämmet çydamady. – Bäşatary şakyrdadyň gulagyny gaýgyrdy. – Sen ogram, Allanyň ýoluny ýadyňdan çykaryň, bilýäňmi. Ol ýigit hiç gaýtargy berilmänsoň has meçewlenip, diliniň hezilini görüp duransoň. – Allaň kim-aý – diýdi. – Alladan maňa bäş şaýy ýakyn. Pulum bolsa, malym bolsa, meniň özüm Alla. Bäşataryň sesi giden takyr meýdanyň inini tikenekletdi. – Şu kapyryň yzyna düşüp, il-güne zulum-sütem edenleriň baryny itden çykaryň. – Soň gyzlary, mallary eýelerine gowşuryň. Olar öýle namazynyň öň ýany jülgä indiler. Gurbanmämmet öýüne gelip, atdan düşende, gözlerine ynanmajak boldy. Işikde Garaporsaňly Seýitmämmet Öküz durdy. – Gurbanmämmet jan geldiňizmi? – Salowmaleýkim, Seýitmämmet, aga, ýörüň, öýe giriň. Ýaşuly aşak oturdy-da, iki elini ýüzüne tutup, eňredi. – Ahyr ýaşymda masgara boldum, oglum. Iliň gyzyny äkitseler, meniň on ýaşly oglumy Hywa Hany Seýit Isfendiýara alyp gitdiler. – Kimler? – Hywa hanynyň nökerleri. – Hany, siziň Erejep hanyňyz bolmal-a. Ýaşuly ýer ýumruklady. – Wah, oglum, heleý ýaly edip, şol haramzada-da olaryň öňlerine düşüp, kimiň ogluny kimiň on-onki ýaşly gyzyny araba ýükläp ýörler. Bir araba gara göz, neresse çaga. – Il näme diýýär? – Il näme diýsin, özüne degilmedig-ä, sesini çykaranok. Men ýaly çagasy alnanyňam, depesinde gamçy oýnadýallar. «Sen hanyň permanyny ýerine ýetirmezmiň?» diýip, indi senden başga hossaram, howandaram galmady. Gurbanmämmet mallary, gyzlary eýeli eýesine, tabşyryp, dolanyp gelip atdan düşjek bolýan ýigitleri saklady. – Kakabaý, Nepes, Şapy, entek atdan düşmäň. – Ol ýene ýaşula ýüzlendi. – Olar häzir haýsy obada. Ýaşuly atylyp ýerinden turdy. – Olar häzir ýetse Dilewara ýetendir. Häzir gönüläp Akbegiň köprüsinde dursaň, üstüni basarsyň. Gurbanmämmet on nökeri saýlady. – Şapy, sen bir mal soý-da nahar-şoruň ugruna çyk. Oglanlar ertirden bäri bir owurt suwam içenok. Ol Kakabaýy gyssady. – Depik Akbegiň köpürsine. Men barýançam ýeke adamam geçmesin. Ne eýläk, ne beýläk. Gurbanmämmet bärden baranda köprüniň golaý-goltumynda adam-gara ýokdy. Diňe köprüden bir çakrym gündogarda atly, eşekli, pyýada adamlar topar tutuşyp durdy. Ony Kakabaý garşylady. – Hany, oglanlar? – Hyşalygyň içinde. Olar göçmänmi? – Ýok, ýöne Aksaraýyň iç-ä imisalalyk däl. Göwnüme bolmasa, tüpeň sesem bar ýaly. – Garaşyberiň. Gün aýaklaryny Gazawadyň başy asmana ýetip duran dereklerinden aşak sallanda Aksaraý tarapdan ýukajyk tozan göründi. – Gelýäler! Özlerem bäş-on atly bar. Öňden gelýän iki atly şakyrdap uçaýyn diýýän iki at goşulan arabanyň öňünden. – Ýol beriň. Ýol beriň! – diýip, alagykylyk edip, atlaryny çapdyryp gelýärdi. Olar köprä golaýlanlarynda Gurbanmämmet bäşataryny egninden düşürip, eline aldy-da, köpriniň ortarasynda durdy. – Saklanyň! Ol bäşataryny öňe tutdy. Ýaşyp barýan günüň iň soňky şuglalary bäşataryň demirine degip, ýanyp gidýärdi. Beýle-beýle zada garaşmadyk, uly işiň esasy bölegini bitirip, indi Hywa çenli hiç hili päsgelçiligiň bolmajagyna ynanyp, bujagaz hadysany hiç zat hasap edip, gelýän atlylar, üsti eňreşip oturan gyz-oglanly araba köprä dyrmaşyp büdräp saklandy. – Nimä bar? – diýip, arabany sürüp gelýän jozzuk ýüzli, özbek tahýaly adam gamçysyny bulaýlap aýtdy – Ýol beriň! Atly ýigitler köprüniň üstünde eli bäşatarly, sömelip duran pyýadanyň üstüne äsgermezçilik bilen atlaryny sürdüler. – Nimä, men, ýol ber diýgende, ýol bermeý sen – diýip, atlylaryň biri tüpeňini egnindenem düşürmän, gamçysyny saýgylamak üçin asmanda galgydandan gür hyşalygyň arasyndan atylan ok ony atyň üstünden gaýdyryp goýberdi. Tüpeň sesinden gorkan at yzyna, araba tarap arkan-arkan özüni zyňdy. Ikinji atly jan howluna egnindäki tüpeňine ýapyşdy. Ol tüpeňini eline alyp ýetişmänkä Gurbanmämmet onuň gursagyndan otlady. Ol nöker aty bilen köprüniň üstüne ýazylyp gitdi. Kimdir biriniň araba tarapda atan oky Gurbanmämmediň gulagynyň düýbünden şuwlap geçip gitdi. Köprüniň üstünde dörän başagaýlygy kimiň döredýändigini görmek üçimi ýa-da özüniň eden bu günki uly azabynyň soňunyň gowulyk bilen gutaryp, toplan täsin oljasynyň Han agasyna sag-aman ýetip, ondan sylag-hormat almak niýeti bilenmi Garaporsaňyň hany Erejep han Demirgyryny lowurdadyp köpriniň üstüne çykyp, arabanyň öňünde sör-söbe bolup duran pyýada bakan gamçysyny bulaýlap eňdi. – Aý-ryl, ýoldan, itiň süýdüni emen Elesiň ýok ogly, güm bol! Hyşalykdan atylan oklar ony hem sermaňňaldak gaýtardy. Gurbanmämmet Demirgyýanyň uýanyndan tutup ýetişdi-de, ony arabany çekip gelýän semiz atlaryň öňüne tutdy. Arabanyň üstünde oturan jozzuk adam atlary gamçylady. Atlar badyna Demirgyryň üstünden urdular. – Duruň! Saklanyň! Gurbanmämmet bäşataryny iki sapar asmana atdy. Atlar sakga durdylar. Köprüniň üsti öňden yzdan gabaldy. Arabanyň yzyndaky atlylaryň jylawyndan öz oglanlarynyň tutup durandygyny gören Gurbanmämmet arabaça ýüzlendi. – Kim Baýaryňyz? Hiç kimden ses çykmady. Özbek tahýaly adam atlaryň aşagynda süýnüp ýatanlara gamçysyny uzatdy. – Olardy. Men däl. Men arabaçy. Gurbanmämmet atlarynyň içinden Nepesi gözledi. – Hany – Nepes. Nepes arka ýüzden geldi. – Birem şu köprüden Gündogara geçmesin. Atlary, tüpeňleri ýygnaň. Ol ýumşa taýyn bolup duran Kakabaýa baş atdy. – Kakabaý, arabany yzyna dola-da, çagalary öýli-öýüne elt. Jozzuk ýüzli özbek birden gyr-gyr gygyryp başlady. – Hywa hanynyň permany goý. Bolmaýdy. At-da, araba ham Hanyňkyty. Bolmapdy. Gurbanmämmet onuň iki gözüniň arasyndan atdy. – Hywa hany öz gyzy bilen oýnaşbazlyk edibersin, deýýus. Kakabaý arabany ýeňillik bilen yzyna dolady. Oglanlar yzda duran iki atlynam yza dolajak boldular. – Olar näme? Öz balalaryňyzy zorluk, zulum bilen beççelige alyp barýanlary beýle gyzgyn tutýarsyňyz-la. Güm ediň-de, baryny hol hyşalykdaky hendege dykyň. Olar şu topraga-da mynasyp däldirler. Goý, läşlerini şagal-şamyr şam edinsin. – Ol köprüden düşüp barýanlara gygyrdy. – Duruň. Mundan beýläk, kim türkmeniň balasyna haram elini uzatsa, boljagy şudur. Oglanlar atlary tutup, ýaraglary ýygbap boldular-da ölen, ýaralanan nökerleri süýräp köpriň üstünden aşak äkitdiler. – Suwa taşlaýmaň. Suw bir haram gan bilen hapalanmasyn. Gurbanmämmet öýe barýança bu günki eden işleri, dökülen ganlar, edilen günä, sogap işler barada oýlanyp gitdi. «Eý, beýik perwerdigärim, günäm bolsa özüň ber jezamy, sogabym üçin ýalkamasaňam bolar. Bu ýoldan, dinden çykan bendeler biri-birine zulum edip, il, ummaty hapalap ýör. Eger meniňki dine, şerigata, seniň ýoluňa ters bolsa, maňa bir alamat görkez» Ol «Mülk» süresini okady-da kyrk sapar toba etdi. «Eger pirimiň jany sag bolan bolsa-ha bu işleriň hikmetini beýan ederdi. Şol günüň ertesi ýadyňa-ýuňa düşmeýän üç waka bolup geçdi. Gurbanmämmet ertir namazyndan soň iýip-içip, «Handan habar alaýyn» diýip durka Gara işan bilen Seýitmämmet öküz, Garaporsaňly ýene-de birküç ýaşuly geldi. – Salowmaleýkim! – Waleýkim, agalar, geliň, ýaman irläpsiňiz, eýgilikmidir? – Eýgilik, eýgilik. Olar eýwana geçip ýaňy jaýlaşan mahaly Gazawatdan, Aksaraýdan, Yzmykşirden, Polosoltandan, Ysmamyt atadan, beýleki obalardan ýaşulular üýşdüler. Olar jemi otuz-kyrk adam bardy. – Şapy, sen gitde Han işany araba mündir-de alyp gel, soňam nahar-şamyň ugruna çyk. Ýaşulylara hyzmat ediň. Bir salymdan Hywa hanynyň nökerlerinden alnan täzeje arabanyň üstüne düşek ýazyp Hany alyp geldiler. Soň ony göterip, eýwana ýazylan düşegiň üstüne ynjytman geçirdiler. – Pirim, il-gün seni soramaga gelipdir. Senem bu ýere getireýli diýdik. Ýagdaýlaryň nähili? – Şükür, berenine müň-de bir şükür – diýip, han telile ýuwlan ak esgi ýaly halsyz ýüzüni ynjy tutman aýtdy – öňküden-ä ýagşy. Adamlar ýerli-ýerden oňa hemaýatly sözleri diýdiler. – Enşalla biz-ä bir maslahata geldik. Siz nähili görseňiz, näme diýseňiz biz şonuň bilenem bolarys. Orta saçak ýazyp, çörek, çaý, nahar çekip başladylar. Han ýassyga gyşardy-da: – Bolar, enşalla, il agzy keramatdyr. Oňa garşy gidip bolmaz – diýdi. Gara işan özüne pikir-parasat bilen seredip oturan adamlara birlaý garady-da, soň Gurbanmämmediň ýüzüne bakdy. – Tüweleme. Gurbanmämmetjan uly iş etdi. Malymyz sürüldi, gyz-oglanlarymyz süýreldi. Arymyzam kemsiz ýerine saldy. Hywa hanam ýylyň-ýylyna gözmonjugy ýaly gyz balalarymyzy, göze görnen oglanjyklarymyzy garawsyz talap alyp gidip dur. Ine, düýn olaryňam bir topar sülsadynyň tepbedini berdi. Şu gün Tagta iliniň aksakallary bolup, biz Gurbanmämmede Alla ýalkasyn aýtmaga geldik. Bu bir. Ikinjiden, biz towakga etmäge geldik.mundan beýlägem, bize hossar bol, howandar bol diýmäge. Şu wagta çenli özbegem, Hywa hanam, Ahal gandalam, öz biri birimiz hem zulumkeşimi boldy. Öz hany, soltany, serdary bolmadyk ilden il bolmaz. – Ol Hana tutundy. – Ahun aga, eger sizem makul bilseňiz, biz şu gün Tagta halkynyň adyndan Gurbanmämmedi han diýip yglan etjek. Özünem, özünem, biz ony at gerek bolsa-da, mal, pul gerek bolsa-da goldajakdyrys. Biziň ýekeje şertimiz, bu ilde. Bize zulum, eden etdilik, diýdimzorluk bolmasyn. Hanyň haly peselýärdi. Onda-da ol işilen ak esgi ýaly bolup ýatyşyna. – Bolar. Gurbanmämmediň özi razy bolsa, Alla-da razy bolar – diýdi. Gurbanmämmet hanyň üstüni öz çäkmenini çykaryp ýapdy-da, agyr pikirli gürledi. – Adamlar, men synap ýörün. Öň mirap boldum. Soň alty-ýedi ýyl kazy boldum. Halk erbet bozulypdyr. Adamlaryň ýüreginde Alla ýok. Heý, birek-birege beýle-de bir zulum bolarmy. Düýn Garaporsaňdan bäş-on sany wenezzyna il-günüň göz dikip oturan malyny, ýaňyja göze görünip ugran gyzjagazlaryny alyp gidipdir. Özlerem öz aga-inileri. Yzlaryndan ýetip: «Näme beýdip, il-güne zulum edýäň Alladan gorkaňokmy?» diýsem. «Allaň niräň pohy. Pulum, malym bolsa, özüm Alla» diýe. Heý, beýle adamdan ynsana, ata-enä, dogan garyndaşa ýagşylyk tama edip bolarmy? Beýle adamlary gamçy, taýak ýola getirip bilmersiň. Olaryň ýüregini açyp, onuň üçin Alla ynanjy salyp bolmaz. Şonuň üçin türkmene han däl-de, Iblis geres. Bu şeýtana uýmak-ha däl, iblisiň özüne öwrülen ili yzyna tirkäp, jähenneme äkider ýaly. – Hapa bolmaň! – diýip, han ysgynsyz sözledi. – Ýok diýme! Gurbanmämmet agyr ýumrugy bilen dyzyna urdy. – Men garşy däl! – Ol Hanyň sargaran ýüzündäki razylyk alamatyny okady. – Ýöne, men öz halkymyň depesinden guş uçurmaýyn. Ýöne sizem obadaşlaryňyz bilen maslahat ediň. Olaram haka sygynsynlar. Alladan daş düşene menden mährew bolmaz. Orta gaýtadan nahar çekildi. – Onda saňa bir gowy adam dakaly. – Goý, Gurbanmämmet han bolsun! – Ýok-la, Gurbanmämmet serdar bolsun. Bir gyrada ýumruk ýaly bolup oturan Özbekbaý aga: – Jüneýit han! Bolsun, Jüneýit han! – diýdi. Adamlar makullamadam, ýogam diýmedi. Ýöne hemme kişi wakyrdaşyp hezil edip güldi. Adamlar dargaşyp barýarka obanyň çeminden iki at goşulan hanlyk paýtunynyň aldyrany bar ýaly, ýeňip gelýänini hemmeler gördi. – Kakabaý! – diýip, Gurbanmämmet başyny tozan turzup gelýän paýtuna bakan ümledi – bar, oglanlar ahmal galaýmasynlar. Ol bu paýtun öten agşamky pajygaly wakanyň çawudyr öýtdi. Ol paýtundan däl-de, onuň yzyndan turjak hikmetden çekindi. «Aý, ýok, hanyň köşgünde, menden hasap soramaga gelip biljegi ýokdur. Eger gelse-de arym köýenden – imanym köýsün»... Paýtun Hajybaý aganyň işigine gelip saklandy. Ondan Şyhym Sülgün ýeňiljek böküp, ýere düşdi. Ol üýşüp, çaşyp barýan adamlara garap. – Ýetişmedikmi? – diýip, gamgyn gözleri bilen Gurbanmämmede seretdi. Gurbanmämmet agyr oýlarynyň ters çykanyna begendi-de, Şyhyn bilen gadyrly salamlaşdy. – Sen tüýs wagtynda geldiň, wagtynda – diýip dabaraly aýtdy. Gapdalda üýşerilişip duran adamlara: – Hywadaky orusjy ýanaralynyň lukmany ol, Han işana seretdireliň – diýdik – diýip aýtdy. Lukmany öz yzyna düşürip, eýwana çykdy-da, düşege çümüp, bir gysym bolup ýatan hassany görkezdi. Lukman özi bilen getiren, agyrlygy bildirip duran gara sandygy açdy-da ondan bir çüýşe porsy suw çykaryp, elini ýagşy ýuwdy. Ol suwuň ýiti ysy tutuş eýwana ýaýrap gitdi. Gurbanmämmet hassanyň baş ujundan oturdy. Iki lukmanyň elindedi. Lukman jylk sary, gytyk murtly, tokga sakgally, gözi äýnekli çepiksi, arryk adamdy. Ol eline gaýçy alyp hanyň ýarasynyň tutuş bili bilen daňylan ak çit ýaglygyny kesdi-de, ýaranyň duran ýerine üýşen ganly iriňi burnuna tutdy. Soň başyny ýaýkady. Elindäki gaýçynyň ujy bilen garagyzyl öwsüp, ganjaryp duran ýaranyň daş töweregine basyşdyryp çykdy. Ýaradan pürkülip çykan iriňi öňden taýýarlap goýan ujy pamykly taýajygy bilen syryşdyrdy. Soň gulagyna ujy deşik üýtgeşik tüýdügini tutup, hassany howlukman barlady. Ýaranyň daş töweregine, hassanyň arkalaryna, garnyna çep eliniň iki barmagyny goýup, sag eliniň orta barmagy bilen tyrp, tyrp edip uruşdyryp çykdy. Sandygyndan ýene-de bir demir sandyjak çykaryp, hassanyň uýlugyndan iki sapar sanjym edip, hassanyň üstüne ýorganyny atdy-da, ýerinden turdy. Jübüsinden çilim çykaryp otlandy, birki sapar içine çekibem, üfläp goýberdi. Ol Şahyma seredip, eýwanyň burçuna bakan ýöredi. Şyhym onuň yzyndan bardy. Lukman sypat ýüzüni gamaşdyryp, oňa öz dilinde bir zatlar aýtdy-da, ellerini gerdi. Soň ýene batly-batly wajyr-wüjür etdi. Sülgün baş atdy-da, Gurbanmämmediň garşysyna çökdi. – Näme diýýä! – Gurbanmämmet aga, aýtmalam däl welin, «hassanyň haly gaty agyr» diýýär. Oňa degen ok öýkene çümüp riýaksi beripdir. Okuň degen ýerine howa baryp öýkeni çüýredýär. Iriň-gan şondan gelýär. – Hawa, indi näme? – Ol-a, «kesip, oky aýyrmaly» diýýär. Gurbanmämmet Şyhymyň ýüzüne garady. – Ýarag çekmände bolanokmy? – Bolanokmyş. Eger kesip, oky aýyrmasaň, erte şu wagta gutarar diýýär. Gurbanmämmet agyr oýa batdy. – Haýsy gowy bolsa, şony etsin, onda – diýip, ýuwaşja aýtdy. Lukman Sülgüni ýene ýanyna çykaryp barmaklaryny büküp, bir zatlar aýtdy. – Näme aýdýar? – Bir käse tirýek gerek, arassasyndan. Bir bedre gyzgyn suw hemem, bir syrçaly jamda ot ýakyp getirsinler – diýýär. Gurbanmämmet Şapyny çagyrdy. – Bar ejemi çagyr. – Ol Kakabaýa buýruk berdi. – Bir bedre gaýnan suw bilen bir uly jamda ot ýakyp getir. Gün günorta bolanda lukman barmagyň başy ýaly şire-tirýegi Işana içirsin, onuň her golundan, her aýagyndan bir adama basdyryp, açyk eýwanda, adaty düşegiň üstünde böwrüni kesmäge durdy. Ol barmak inlilikdäki ýere naly suwa pamyk batyryp ýagşy ezdi. Soňra üç-dört sapar sanjym etdi. Inçejik päkisini jamyň içinde ýanyp duran alawa tutdy-da, soň ep-esli ýeri kesdi-de, ýarany çöwrüp, gany, iriňi pamyk bilen süpürdi. Uzyn jüpdegini ýalawa tutup kesilen ýere sokdy-da, gaňryp çekdi. – Wot, ana! – diýip çermekli ýeňi bilen maňlaýyndan şapyrdap akýan derini süpürdi-de iriňden, gandan garalan oky demir gapyrjaga oklap goýberdi. Soň okuň duran ýeriniň ganyny, iriňini ossly suwa batyrylan pamyk bilen howlukman süpürdi – oňa ilki çüýşejikden unjagaz sepip, soň jüpjek bilen gapjap – gapjap dikdi. Daşky ýarany-da sähel yş goýup gapjap dikip, ulanan guraljagazlaryny gyzgyn suwly bedrä oklady. Soň oňa elini batyryp, kir sabyny köpürjikledip ýuwdy. Soň hanyň elini, aýagyny boşatdy. – Häzirlikçe , boldy – diýýä. – Üç günläp, günde dört sapar, agşamyna üç sapar tirýek içirmeli. Diňe towuk çorbasyny bermeli. Ýene ýedi günden özüm geler görerin. Sülgün lukmanyň aýdanlaryny türkmençä geçirdi. Han eýwandaky düşekde süýnüp, derläp, süýji ukuda ýatyp galdy. Derisi giňäp, göwni aram tapan Gurbanmämmet saçak ýazdyryp, nahar çekdirdi. Lukman ysly suwundan bir käsäni dolduryp içdi-de, ömründe nahar-şor garasyny görmedik ýaly, iýip başlady. Ol öz öňünde goýlan tabagy boşatdy-da çekdirmeli tabaga elini-de uzatman gapdala gyşaryp, çilim otlady. Şol wagt daşarda erew-de-birewlik başlandy. Naharyň töwirini galdyran Gurbanmämmet, daşary bakan: – Näme boldy? – diýip gygyrdy. Şapy gara der bolup geldi-de: – Hajybaý aga gidip barýar! – diýdi. Gurbanmämmet çokaýyny aýagyna sokdy-da, kakasynyň ilerki tamyna bakan gatydan çykdy-da. – Sülgüne aýdyň. Lukmany alyp gelsin – diýdi. Lukman ýaşulyny görüp, nähilidir bir sanjym edip, yzyna-da garaman paýtuna mündi. – Näme bolýar biziň babamyza? – diýip, Gurbanmämmet Şyhymyň ýüzüne seretdi. Şyhym ellerini owkalady. – Ýürek! Ýüregi gaty garrapdyr. Oňa çäre ýok. Şu gyşa ýetse zor boldugy – diýýär – ýürek gaty garrapdyr. Gurbanmämmet gara sandygyny gujaklap oturan myhman bilen elleşip sag boluşdy-da, onuň aýasynda hany tüpeňlän garakçylardan alnan altyn teňňäniň bir gysymyny jogurdadyp guýdy. Güýzüň ahyrlaryna Han aýak üstüne galdy. Şol günüň ertesi Tagtanyň ähli obasyna ýagmyr – Mürze jar çekip çykdy. – Adamlar! Eşitdim-eşitmedim diýmäň, Jüneýitlerden Gurbanmämmet Hojabaý ogly Tagta iline haç bolandyr-la how. Maly talanan, zady ogurlanan, aýaly azan, horlanan, zulum gören diňe şoňa arz etmelidir-le-ho-ow. Kim özüne howandar islese täze hanyň huzuryna gelibermeli ho-ow» Bu habar iki-üç günde tutuş Hywa iline gark boldy. Daşhowuz, Tagta ili «Alla öz ýerinde bar eken, Hudaýa şükür»diýip, arkaýyn dem aldy. Şol gün Gurbanmämmet serdaryň at-ýarag şaýy bek tutulan ýüz altysy bardy. Orusçy lukmanyň Hapdybaý aga «gyşyň başyna ýetse zor boldugy» diýen gürrüňi Gurbanmämmet bir böwründe bükküldi boldy durdy. Onuň gorkýany Handy. Han onuň adalat ugrunda ata çykmasynda ilkinji uly ugry-adalat ugrunda janyny orta goýup, ganyny döken ogul bolupdy. Onuň özem nirelerden nirelere göçüp gelen, öwlat, ahun, perişde keşbindäki bir parasatly adamdy. Gurbanmämmet hany beýledir öýdenokdy. Ol şeýle agyr derdi iň soňky demine çenli çekse-de ýeke sapar «wah» diýmedi. Diýäýmeli-aýdaýmaly ýerinde-de «sen bolduň şu derdimiň başy» diýip, bir saparam eýrenmedi. Iň bärkisi orujy lukmany açyk eýwanda ony kesim-kesim edip taşlanda «ýok» maňa kapyryň elem, tygam, emem derkar däl» diýip gözüni-gaşyny çytyp elden-aýakdan düşmedi. Ol şu ýerde bolýan döwründe ne mal, ne mülk, ne baýlyk, ne aýal-ebtan, hiç birine köňül berenokdy. Ol öz aýaly, çagajyklary bilen guşuň maşgalajygy ýaly, näme tapsa, Alla şükür edip, bal dadyşan ýaly bolup, kanagat edip ýaşap ýördi. Dogry, Gurbanmämmet ony hiç haçan hor-zar etdirjek däldi. Onuň üstesine Tagtanyň halkam bir döwletli, yrsgally halkdy. «Işan aga», «Ahun aga» diýip araba-araba şaly, bugdaý, un, ýag, mal, odun-çöp getirip döküp durdy. Han olary kabul etmejek bolsa-da, il-gün gaýra serpilenokdy. Gurbanmämmet hanyň mertligini, sowadyny, adamkärçiligini, sabyr-kanagatlylygyny, iň esasanam belent Taňra yhlasyny özünden kän artyk görýärdi. Han Taňrynyň ýolunda her kime, her haçan dogry sözüni aýdyp bilýärdi. Onda ikiýüzliligiň, ýapjalygyň damjasam ýokdy. Häzirem ol kakasynyň ýanyndan çykyp Han bilen eýwanda çokaýyny çykaryp, tama girdiler. – Geçiň, Pirim – diýip, ol Hana töri-mürehet etdi. – Dädem görgüliniň, ine şu bolşy-da – diýip, indi telim gün bäri düşekden galman, diňe tiregiň güýji bilen janyny saklap ýatan Hajybaý aganyň halyny gynanmak bilen ýatlady. – Şol orusyja lukman zor eken. Özi garnyňa degrip, içiň ýagdaýyny görüp-eşidip otyr. Dünýede her hili keramatly, gudratly adamlar bolar eken. Ol Hana seredip ýylgyrdy. Mazaly, senem, Pirim bir beladan sag-aman sypdyň. Alla seniň dermanyňy şol orusyjanyň eline beren eken. Han balkyldap duran köşek gözlerini nura çaýkap ýylgyrdy. – Bir diýme, iki beladan aman sypdyň diý-diýdi. Gurbanmämmet üşerildi. – Wä. Şeýlemi? Haýsy, olar-aýt? Han elini ulygyzyňky ýaly ak mapraç, nurana ýüzüne, gara sakalyna ýetirdi. – Birisi onuň, özüň bilýäň pent berme goýmadyk ajal oky. – Hawa. Ikinjisini diý. – Ikinjisi, tirýek belasy. Şunuň eli-aýagy bagly, şundan peýdalanaly – diýip, maňa beriberipdirler. Tirýegi, beriberipdirler. Şeýdibem alty-ýedi günde menden süpük tirýeki ýasapdyrlar. Ine, çala aýak üstüme galamsoň, bir bela gaýra tesip, ikinjisi alyp barýar. Hiç kime syrymy bildirmän ýigrimi gün diýlende şol beladan dyndym. Men düşündim: Tirýek belasy, ok belasyndan, tyg belasyndan beter eken. Tyg teniňi awutsa, bu bela zähräňi, beýniňi, ýülügiňi zerzaw edýän eken. Şapy içeri girdi. – Şammy han gelipdir. «Habarlaşyň» – diýýär. – Çagyr öýe. Şapy daş çykdy-da, içeri girmedi. Gurbanmämmet çäkmenini egnine alyp eýwana çykdy-da, çokaýyny aýagyna ildirdi. – Şamyrat, hany, dur-hany, gel, düş. Işan aga-da bar. Duz datman gitmek bolmaz-a. Şammy kel howanyň özi ýaly çytylyp, buz öwsüp ugrady. – Eý, Jüneýit, men seniň çöregiňe zar bolup gelen adam däl. Saňa «bar, güjükleriňi ýygna» diýmäge geldim. Sen zat diýilmese Şammy keliň depesine çykyp, agzyna goýaryn öýdüp pikir etme. Şammy kel henizem şo-ol»uçguryňy daňyp bilmän ýörkäň saňa hossar bolan Şammy keldir. Indi iki gün yzyma osrak ýaly lütjekleri toplap, adam islemedik bolýarsyň sen. Gurbanmämmet eýwandan daşary ýöredi. – Şamyrat, hany dur. Näme boldy, beýtme. Şammy mes, dyzgyn atynyň başyny gahar bilen yzyna gaňyrdy-da, gamçysyny eýwana bakan galgatdy. – Eşitdim – eşitmedim diýme. Şundan şeýläk seniň şol haramzada lütjekleriň diregliň töwereginde görünse, meniň nökerlerimiň edenine däl diýme, göni gelip öýüňi, obaňy otlaryn. Ol iň soňky sözüni aýdyp, atyny daýyrdadyp, Ysmamyt ata tarapa dazylap gitdi. Şammynyň bu bolşy Gurbanmämmede ýaramady. Ol içeri girip, işige diňşirgenip oturan hana Şammynyň bolşuny gürrüň berdi. – Şammy erbet oglan hem däl. Ýöne pähimi, aýlangy pesräk. Ol biri bir zat aýtsa güp ynanýar-da, eňiberýär. Gurbanmämmet sesini çykarmady. Ol Şammynyň nämäni içine sygdyryp bilmeýändigine düşünmän duranokdy. Bedirkent bilen Diregliniň arasynda bir Ysmamyt ata bar. Bedirkentde bagşy aýtsa, Direglide diňläp oturmaly. Şeýle golaý arada iki hanyň bolup, olaryň «soňky gelen aşa batyr» diýeni ýaly, Jüneýit hanynyň adynyň abraýynyň ulus ile dolup barmagy, Gurbanmämmediň Hywa hanyna azy urup, Ahala, Üstýurda çykýan kerwen ýollanylýa. Eýemsiremegi, onuň atly-ýaragly nökerleriniň Diregliniň kä içinden kä daşyndan at daýyrdadyp gelip gemegi Şammynyň jebegelini daraldyp, onuň namys oduny ölçerip-ölçerip goýberýärdi. Bu günki gykylygyň sebäbini Gurbanmämmet Kakabaýdan bildi. – Şammynyň oglanlary geçip barýan kerweni saklapdyrlar. Nepes, Şapy, baş-on sany nöker olaryň üstünden baryp, kerweni olaryň elinden alyp, Diregliniň diňinden geçirip goýberipdirler. Ine, şu habar Şamma ýetipdir. «Aý, olar başyna gidýär, biziň oljamyzy özleri alýar. Bizi halys äsgerenoklar» diýip, olar arz edipdiler. Mundan başga-da Şapy Garaporsaňly Erejep hanyň gyzyna öýlenip, onuň bilen garyndaş bolupdy. Erejep han uzak wagtlap düşekde ýatyp, ýaňy bir aýak üstüne galyp, Hywa hanyna wepadarlyk bilen hyzmat edip ugranda, Akbegiň köprüsinde Jüneýitler ony erbet ýaralapdyrlar. Ýöne çöregi bitin bolup, zordan ölmän galypdy. Indi Erejep han ertir agşam Gurbanmämmedi oňa ýamanlaýardy. « – Ol zalymyň biridir, nebsi üçin öz agasyna kast eden haýyn. Indem seni goýmaz. Häzirden dişinde et goýsaň, soň seniň öýüňi otlar. Tijen, tijen: Ýatsa-tursa Şammynyň gaýyn atasyndan eşidýäni şu gürrüňdi. Ol şol geplere ýüregini çişiribem Gurbanmämmediň üstüne atly-ýaragly gelipdi. Gurbanmämmet Şammynyň mertligine-de, gaýratyna-da, gahar-gazabyna-da belet bolarça bolupdy. Onuň özüne eden ýagşylyklary ömür ýadyndan çykjak däldi. Beýleki bir wagt bolsa, ol Şammy bilen ömür boýy dogandan artyk dost bolup ýörjekdi. Ýöne häzir mesele başgady. Gurbanmämmediň boýnunda bir obanyň, bir maşgalanyň däl-de, uly iliň garamaty bardy. Şonuň üçin ol adalatyň ýoluny yzarlady. Kakabaýy, Nepesi, Şapyny ýanyna çagyrdy. – Oglanlara aýdyň, Şapynyň nökerleriniň işine goşulmasyn. Olaryň Direglide ne görleri bar. Şamy kel bilen, onuň nökerleri bilen dawamyz bolmasyn. Han onuň sözüni makullady. – Biziň işimiz Han bilen Hanyň arasyna dawa salmak bolmaly däl, biz adalatsyzlyga, zuluma garşy bolmaly. Biz şeýtanyň däl-de, Allanyň tarapynda bolmaly. Şol günüň agşamsyhowa erbet sowady. Dünýä apy-tupan bolupgapyşdy. Şol gije Hajybaý aga bu dünýäniň azabyndan dyndy. Gurbanmämmet «elli ýaşda atam öldi, şonda bir aljyradym» diýişleri ýaly, aljyrady. Han merhumyň başujynda oturyp doga okady oturdy. Şapy, Kakabaý tutuş Tagtanyň obalaryna aýlanyp, bu ajy habary ile-güne ýetirdiler. Ýaşulyny öýle namazyndan soň çykaryp, Ysmamyt atada jaýlamaly etdiler. Oňa agasy Hojabaý aganyň ýanyndan jaý gazdylar. Öýläne bakan howa has hem sowady. Agyr içmekli, başlary uly, depesinde degirmen goýaýmaly telpekli ýaşulular tamlaryň ygaşasynda ýakylan uly-uly otlara çoýunyp, jynaza garaşyp otyrdylar. Gelýän köpdi-de, gidýän ýokdy. Her kim eýwanda, ýaşulylaryň arasynda oturan Gurbanmämmediň ýanyna degip geçýärdi. – Galanlarynyň. – Şeýle bolupdyr, dädeň pahyr. – Bolmandyr, bende. Işan äkidenden bolsun. Gurbanmämmet gussaly başyny aşak salyp otyrdy. Gelenlere, gynanç bildirenlere başyny atýardy. Merhumy daşary çykardylar. Aýallaryň elden-aýakdan çykyp eňreşýän sesi aýazly meýdanlaryň inini düýrükdirip gitdi. Gurbanmämmet ot alan ýaly, ýerinden turdy-da çokaýyny agtardy. Emma tapmady. Ol aýakgabymy tapaýyn hem, aýagyma geýeýin hem diýmän aýak ýalaň, ýuka donly daş çykdy. Adamlar aýakgaplaryny çykaryp kim aýakýalaň, kim dolakly, kim messili jynaza durdy. Hanyň ymam bolup, iki elini gulaklaryna ýetirip: – Allohy akber! – diýýän sesinden salym geçmän ölini ugratdylar. Gurbanmämmet salajanyň baş agajyny egnine aldy-da, ony öwlüýä barýança hiç kime bermedi. Ysmamyt atanyň etegindäki gonamçylykdan Bedirkende çenli ýöne adam bolup durdy. Merhumy ýere duwlap, öýe gelnensoň Han Gurbanmämmediň bu aldajy aýazda aýakýalaňaçdygyny gördi-de, onuň gapdalyna geçip, onuň bilen «gölegçiniň gelendigini aňladýan ses etdi. Uly orlaşygy, aýallar alyp göterdiler. Han bu ýerde-de öwlüýäde aýdanlary gaýtalap Hajybaý aganyň üçüni, ýedisiniň haçandygyny yglan etdi. – Adamlar, Taňry ýalkasyn. Toýuňyza baralyň. Gaýtjaga rugsatdyr. Şol gün uly il Gurbanmämmediň şol aldajy aýazda kakasyny öwlüýä aýak ýalaňaç alyp gidendigiiň gürrüňini etdi. Yzmykşirli Öbekbaý aga: – Wah, perzent diýip, yzyňda goýanyňa görä, şeýle ogul bolsa bolmaýamy – diýdi – Sen bagtly ekeniň Hajybaý. Sen Alla söýen imanly ekeniň. Ýaşulynyň bu sözi asyrdan asyra geçdi gitdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |