17:36 Gurbanmämmet serdar / Üçünji bölüm -1: dowamy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM
Taryhy proza
1. Indi ýigrimi güne golaý wagt bäri öz demir gyrynyň üstünde oturan arslan sypat pyýada, malyň ýuwlup-ardylan kyrk garnynyň iç tarapy ýaly bolup uzalyp ýatan çäge depelerine parhsyz garady-da yzbasdyry gelýän daýawdan owadan gyratly, ak perişde ýaly nurana kişä ýüzlendi. – Gelýäňizmi, pirim?! Ap-ak lybasly kişi ýadawdan köp manyly ýylgyrdy. – Dolanmak mübärek bolsun! Ýaradanyň perişdeleri her gadamyňyza omyn diýsin! Öňde demir gyryny haýdadyp barýan tokmak ýaly dykyz, ýumruk ýaly dogumly serdaryň başyndaky goç guzynyň derisinden tikilen, gyzgylt telpeginiň her biri başam barmak ýaly bolup, seçelenip duran burumlary silkinip-silkinip ýaz ýeline enaýy bölünip gitdi. Ol durşuna nura boýalan, nar suwy sepilen ýaly ýüzüni yza öwrüp: – Enşalla, hemmämiziňki bile bolsun! – diýdi. – Omy, enşalla! Ak lybasly adam öz serdarynyň säher şapagynyň şuglasy ýaly bolup duran didaryna, howa donunyň üstünden geýnen, düýe ýüňünden dokalan agar çäkmenine, lowurdap duran ädigine, aýaklarynyň astynda durşuna dogum bilen dözüm bolup uçganaklap barýan demir gyr ýomut bedewine egninde sarsman duran iňlis winçestrine buýsanç bilen garady-da, ony pyýala ýaly owadan gözleri bilen gujaklady. Soň tesbili ak, ýumşakdan uzyn barmakly aýasyny asmana göterip, doga okady. Eýesiniň bu hereketine tebil tapan gyr bedew gulaklaryny bir keýkertdi-de, ýörüşini az-kem üýtgetdi. Emma öňden barýan demirgyra deňleşmäge milt edip bilmedi. Mundan on gün töweregi Duşagyň gündogar gapdalynda gaýra inen kyrk-elli töweregi atly, bir ujy gyrdan ýaňy üzülen ýüz, ýüz elli düýeli agyr kerwen, müň ýyldan bir sapar uçmaha öwrülýän Garagumyň içi bilen günbatar-demirgazygy nazarlap süýnüp barýar. Geň ýeri, ýola düşüleni bäri hiç kim, hiç zat soranokdy. Agyr kerwen her altmyş-ýetmiş kilometrden amatly ýeri peýläp düşlese-de, ýaýyn-ýajaklyga, baş-başdaklyga ýol berlenokdy. Öňden barýan atlylaryň serweri gara atyny säpjedip, Garagumyň belet gerişleriniň birine çykdy. Meýdan, on ýedinji ýylyň apreli görlüp-eşidilmedik läle-reýhany bilen jahany geň galdyrjak bolýana meňzeýärdi. Töwerek durşuna gül-çeçekdi. Tarç baglap, ýaz ýeline ygşyldap oturan otlar, argyn atlaryň göwsüne özlerini zyňaýjak bolýardy. «Ortaguýa geldik! – diýip, öňden barýan serdar oýlandy. – Ýaman däl. Bu gije ýagşy dynç bereli, oglanlara, säher bilen ýola düşülse-de bolar. Nesip bolsa, indi geldi-g-ä» Kerweniň ruhy galkynypdy. Bir ýörişini üýtgetmän gelýän demirgyr suwuň ysyny alyp, ýörişini az-kem üýtgedip, näzik galkyjaklady. Agyr kerweniň aýagy ýeňledi. Bu gün şu kerwene arman-irmän hyzmat etme kemini goýmadyk. Gün eňňit berip ugranda demir gyr Ortaguýynyň oýuna indi. Serdaryň ilki duýan zady oýdan uçmahyň ysy gelýärdi. Guýynyň gapdalynda, oloň böwründe gurlan atly ganat ak öý, salkynlygyň nahar-şamyň, oda daglanýan etiň ysy, suwuň ysy bilen garyşyp göwnüňe ganat bagladýardy. Munça-munça ýagdaýlarda bu merdana kişiniň ýanynda bolma kemini goýmadyk ak lybasly kişi serdaryňy ýene bir sapar synlady. Emma agyr jöwzaly çöldäkiden geň-enaýy ýagdaýy duýmady. «Serdary Rebbimiň özi şeýle hüý bilen ýaradýandyr-da. Ýogsa, bu uümahy ýagdaýda ölem bir tirsegine galar ahyryn. Ol welin kirpiginem tisgindirenok. Bu ne jüre, adam, eý, Allam!» Guýynyň ojaklaryň töwereginde güýmeň-samaň edip ýören ýigitlere birden jan giren ýaly boldy. Olar edil aýakarynyň astyndan ot syçradyp başladylar. Ýigitleriň biri serdaryň atyny tutdy. – Sag aman geldiňizmi, han däde?! Serdar sesini çykarmady. Gapdalda kakasynyň öz demir gyryndan düşüşini synlap duran Eji heniz oglantak görünýän ýüzüni neresse ýylgyrmadan dolduryp, az-kem baş epdi. Soň kakasynyň indiki hereketlerini gözleri bilen ugradyp, ak öýe bakan seretdi. Serdar öýe girmedi. Ol gyr bedewiň üstünde perişde ýaly bolup oturan Han işana garaşdy. Deňine gelen gyr atyň jylawyny tutdy. – Düşüň, pirimiz! Han işan tolgundy. Ol Hanyň bu hormatyny şeýle gadyrlylyk, näzik hormat bilen ýüreginiň töründe jaýlap durşuna edepliligini saklap, howlukman, usulluk bilen atdan düşdi. – Hormatyňa taňry ýalkasyn, serdar. Bizi sylasaňyz sizi alla sylasyn. Han sesini çykarmady. Ol ýene bir sapar töweregine garady-da, öýe girdi. Eýmir arassaja ýaglyk bilen kakasynyň üst-başyny kakyşdyrdy. – Täret kylarmysyň? – diýip, indi Hanyň özi ondan sorady. – Ele suw alaly. Olar çalarak ýuwnup, soň öýle namazyny okap, saçagyň başyna geçdiler. Geň ýeri, han ädiginem çykarmady. Egnine dakynan hatarynam aýyrmady. Onuň bir edeni gyrmyzylanyň, lowurdap duran telpegini başyndan aýyrdy-da, ýomut tahýasy bilen derli başyny bäş-alty sapar aşak-ýokary sypalady. Soň howlukman nahar iýdi. Han işan indi näçe ýyldyr, bile tirkeşip, özüçeräk belet bolan adamynda bir geň ýagdaýy görüpdi. Serdar üçin hiç haçan nahar dannawy bolmandy. Ol agzyna, ukusyna, ýoluna ynjyk däldi. Ol hiç haçan özüni läliksiretmeýärdi. Özem sähel şamdan nahar edinip bilýäri. Ýöne seýlon çaýyny welin eşrepi edip içýärdi. Onuňam gapdalyna ne nabady, ne kişde, kişmişi, ne, hurma halwasy bardy. Ol nahary çaý, çal, çaýy, şirin, süýji nygmat bilen garan ýerini, ukudan başga wagt, ýanyny ýassyga beren wagtyny görmändi. Çölde, gyrda onuň ýassygy eýer, ýapynjasy agar çäkmendi. Ol tä öýe barýança hiç wagt, hiç ýerde ädigini çykarmaýardy, diňe ýatjak wagty telpegini çykaryp, başyna akja ýaglyk daňardy. Beýle edep, beýle terbiýe Han işanyň arzuwydy. Emma Alla kalbyňa salmasa beýle edebi, arzuw edip ýetip bolýarmy näme? Gurbanmämmet han elini ýaglyga süpürip ýoldaşyna garady. – Pirimiz, iýiň, näme, bu gün nahary çem-çüm aldyň-la?! Han işan baş atdy. – Nesip edenden, kemi galan däldir, serdar! Ol işige seretdi. Ellere suw alnyp saçagyň üstündäki nygmatlar ýygnaldy. Han işan howlukman, «Allatagala görsün» diýýän ýaly, dury, owadan sesi bilen doga dilegler edildi. Han Eýmire baş atdy. – Baýramgeldi gelsin! – Baýramgeldi diýilýän durşuna gujur bolup duran orta ýaşly pyýada baş eglip içeri girdi. – Essalowmaleýkimler! – Waleýkim. – Waleýkim. Han işiňä, Eýmire, beýleki oturanlara «bir salym iç-daşda boluň!» diýen ýalyrak terzde, baş atdy. Olaryň çykyp barşyny görüp, Han işan hem gozganjyrady. – Pirimiz, gyssanmasaňyz, siz bir salym oturyň. Adamlar çykyp, öýüň içinde üç bolup galansoňlar, Han Baýramgeldä, mis taňkadan bir käse çaý guýup uzatdy. – Inim, mal-başyň guratmy? Oba, gara amanmy? Baýramgeldi Jüneýit hanyň ýakyn aga-inilerinden bolup, ol hanyň on süri dowarynyň iki ýüze golaý düýesiniň, bäş ýüze golaý iri malynyň garamaty başyna atylanadamdy. Onuň elinde ýüze golaý çopan-çoluk, mingi at-ýaby bardy. – Mal-gara, Allaha şükür, han däde heýwere gowy. Mallamyz güýzän ýaly boldy. Siz gideliňiz bäri geçen bir ýylda dowar on bäş müňe, gara mal ýedi ýüze, düýe üç ýüze ýetdi. Geçen ýylyň ýaz-güýz gyrkym ýüňüni, owganlara satdyk. Bu ýylam indi ýaz gyrkymyna başlalyň diýip ýörüs. – Bolubilýä. Ýöne köpelen bolsa, çopan-çoluk alaweriň. Olaryň hak-heşdeginem kem etmäň. Ýöne ikilik, haram, adalatsyzlyk bolmasyn. – Bolar, Han däde. Ol «bar gidiber» diýen manyda baş atdy. Içeri Eýmir girdi. – Bar, ýaňkyny çagyr! Ol öz winçestrini hatary bilen birlikde, Baýramgeldä berdi. – Me, inim, nesip etsin. – Han gapdalynda duran horjuna elini sokup, ondan bir goşawuç tylla aldy. – Tut telpegiňi – diýdi-de, ony jogurdadyp guýdy. Ýagşy günüňe ýarasyn. Enşalla, gaýrat et, sylagyň mendendir. Olar çykansoň, Han Eýmire seretdi. – Şiri barmy? – Bar, däde. – Hany, gelsin. Daýawdan, owadan pyýada içeri girdi. – Han däde, salowmaleýkim, gadam mübärek. – Omyn, enşalla. Ol Şirä bir käse çaý berdi. – Bala, nähili, oba, gara. Il-ýurduň ýagdaýy neneň? Şiri ýere seretdi. – Han däde il-gün size garaşýar. Düzgünler gün-günden bozulyp barýar. Balçebik diýip bir zat döräpmi, oba meleň alýar. Öňki orsam otyr. Özbek o taýda guduz açýar, ýomut bu taýda guduz açýar. Günde-günaşa Ahal çozup du. Men aýtsam ahallylar bir aýda Hywa kyrk sapar çozdy. Kyrk sapar onuň öňünde durýanam ýok. – Hany, Şammy daga ne döw çaldy? – Eý Şammy kel gursun dädem jan. Şol dämi belaň körügi. – Ol boýnuny sallady. «Aýtsammyka, aýtmasammyka» diýip, böwrüni bir müňküldetdi-de, han dädesiniň ýüzüni gördi-de, özüni ýitirdi. – Siz gideňizden soň, onuňam nyrhy üýtgedy-da, göwnündäkini bir demde daşyna paýradyp goýberdi. – Siz gideňizden soň, gideňizden soň o doňuz Bedirkende çozdy. Mal baýlygymyzy sürüp alyp gitdi. Siziň mülküňizden alty atyňyzy, mallaryňyzy sürdi. Bedeleriňizi otlady – Urularyňyzy talady. Ol agyr ýuwdundy. – Ýigitleriňiz «Han dädem üçin ölüşeris – diýip, ony galasyna çenli kowup gitdiler. – Näme, ol özüne gala-da dikdirip ýörmi? Şiri tolgunmadan içine giden boýnuny göterdi. – Dikdirdi. Daşoguz, Hywa ilinde meňki ýaly gala ýokdur, bolmazam – diýip, märeke bolsa öwünip ýö! Han Şirini ugratdy. Soň ol ýene-de birküç adamy kabul etdi. Olaryň arasynda Şyhym Sülgünem bardy. Şyhym Sülgün ulygyzyňky ýaly ýylmanak, ýagty ýüzüni derledip ak öýden çykdy-da, hiç kime habar gatman Hywa bakan at goýdy. Indi içerde Han däde bilen işan aga galypdy. – Pirimiz, seniň diýeniň çyn boldy. Biz ýurda eýe bolmasak onuň eýesi köpelip barýar. Han işan ýaradanyň eradasy bilen gökden inen perişde ýaly, nura beslenip Allahy kereme gaplanyp otyrdy. Ol bu gürrüňçüligiň jemini desseläp bilini bogmaga pursadyň gelendigini aňdy. – Serdarym , kyrk gulaçlyk guýa sallan gowaň eliňe geldi. Indi şol gowanyň dury suwuna seret-de, täleýiňe garaber. – Üýtgeşik täleý ýokdur-la. Indi, pirimiz Allanyň eradasy, siziň hemaýatyňyz bilen täleýi özümiz goramaly. Munuň owganyny gördük, Iranyny gördük, özbegini gördük, ahalyny gördük. Ýer ala, ýurt ala bolsa-da, munyň şumlygy meňzeş. Häzir Allatagala hemmäniň başyna bir hasyly şumluk tohumyny sepipdir. Häzir il-ulusyň ählisinde-deşumluk belasynyň oraga gelen möwsümi? – Dogrudyr, Serdarym! – Sen aýt, aýt, biziň ýolumyz nähili bolmaly? Ýa-heý, Hywany orramsylaryň oýnagyna salmalymy? Ýa jany orta goýup, il-ýurt döwlet diýip ýapyşmalymy? Han işan ýüzüni kese sowdy. – Adyň il agzyna düşdi, Serdar. Il-günüň senden başga hossary ýokdur. Alla senlikdir. Şony bilip durkaň yza tesmek namartlyk bolar. – Ol elini ileri uzatdy. – Özüň gördüň Owgan, Iran seni diýip otyr. Gaýdyp ol sözi agzyňa alma. Han razylyk bilen baş atdy. – Onda meseläni şu ýerde bir ýumruga düweli. Men baryp nämeden başlaýyn. Han işan megerem bu gürrüňe ilkinji sapar dolananokdy. Şonuň üçin ol ynamly gepledi. – Serdarym, biz bir din-şerigat bilen bolup ýören bendediris. Şonuň üçin bu dar ýerde bizden geňeş sorasaň sora-da, göwnüňdäkini ediber. Han tutuş çöli söküp gelýän döwürlerinde ilkinji sapar ýazgyn ýylgyrdy. Ýöne ep-esli wagtlap söz urmady. Içeri Kakabaý girdi. – Han kaka-diýip, ol dodagynyň ýirik ýerine agram salman gürledi – Nahar-şam-ha taýýardyr. Ol birneme garaňkyran içerä bir göz aýlady-da, soň ýene daş çykdy. Ol serpigi açyp ýapanda, günüň bireýýäm ýaşandygy belli boldy. – Agşamy okaly, serdarym – diýip, han işan purýyja soraýan görnüşinde ýerinden turdy-da oýurganyp durdy. – Bolar. Han işan işige bakan däl-de, töre bakan gadam urdy. Egnine ak ýüpek donuny geýdi. – Men bir täret alaýyn. Han ýere garap oturşyna, Kakabaýyň içi çala ýyldyraýan panusy asyp gidenini duýdy. «Meniň öňümde indi şu bäş mesele keserip dur. Birinji bilen, Bedirkentde galanyň düýbüni tutmaly. Ikinji bilen, hanlyk ýurduňa gaýtadan eýe bolmaly. Üçünjiden: Hywa hany Bahadur han bilen bellisini etmeli» Ýa ölsün öküz, ýa gopsun käşir...». Dördünjiden, barkly meseläni indi ýola goýmanyň ugruna çykmaly. Bäşinjiden orsly meseläni çözmäniň gamyny iýmeli. Altynjy bilen öz puluňy çykarmaly. Soňam: tertip, goşun, salgyt, mülk». Ol ýyldyrym çaltlygyndaky pursatda öz ýoluny, öz döwletini, döwranyny görüp galdy... Şol pursat öýüň serpigi yrandy. Han işige garady. Ap-ak şugla iki sany gola öwrüldid-de «Omyn!» diýip goýberdi. Serpik gaýtadan açylyp, ýapylan ýaly boldy. Içeri ýene-de ap-ak lybasly girdi. Bu han işandy. Ol ahum-ühüm etdi. – Daşary salkyn. Belki ýagyş ýagar. Jüneýit han ýere sanjylan gara daş ýaly bolup oturşyna sesini çykarmady. Ol han işanyň gapdalynda agşam namazyny okap bolansoňam, hälki ýagdaýyň hikmetini çözüp bilmän otyrdy. «Ýok, ýok, ol Han işan däl. Ol Allanyň keremi! Maňa bu ýol Alladan berlen bolara çemeli... ol kalbynyň bir ýerlerinden şaglap bedenine uran güýçli akymyň aňynda üýtgeşik ýagtylyga öwrülýänligini duýdy. Şol ýagtylygyň şuglasy bilen indi telim aý bäri iýmän-içmän gözlän-agtaran pikirleriniň jogabynam, sowalynam gördi. Hawa, ol öz täleýini gördi... Onuň öňünde kiçijik düzzüm çyzyjyklary durdy. Ol Hywa ilidi. Onda Hanyň isleýän oýny düzülüpdir. «Göçeri senden! Başla?! – Inim, Kakabaý. Hanyň äheňi üýtgäpdi. Onuň deminde üýtgeşik höküm bardy. Onuň sesi öňki Gurbanmämmediň sesi däldi. Dözümlidi. Kesgitlidi. – Han däde, Daşhowuzdan Çerrik han gelipdir. Ýanyňyza girmäge rugsat soraýar... Han hälki oturan ýerine geçdi. – Çagyryň, gelsinler. – Çerrigiň ýeke däldigini görüp durdy. Salym geçmän Çerrik hanyň daýaw, Görogly sypat göwresi göründi. – Essalowmaleýkim, Han däde! Çerrik han durşuna zynç ýaly çigin bolup duran agyr goly bilen Hany gujaklady. Soň elleşdi-de, Hanyň agyr ýumrugyna maňlaýyny goýdy. – Gadamyňyz, mübärek, Han däde. Hoş gelipsiňiz. Allam sizi, Hywa iliniň başyna şamçyrag etsin! – Omyn! – diýip, Han işan gapdaldan seslendi. Han sesini çykarmady. Orta saçak ýazyldy. Nahar çekildi. Han çerrigiň begençli gözlerine, onuň ýanyndaky daýaw pyýadanyň elindäki agyr horjuna gözüniň gytagyny çalaja aýlady. Olar jaýlaşykly oturdylar. – Alyň, pirimiz. Daýaw pyýada agyr horjuny işigiň bir böwrüne goýdy-da, bir böwürde duran synjalyk bilen el ýuwulýany aldy. – Eliňize suw alsaňyz. Çerrik han ýeňiljek gopdy-da ýüzüni işige tarap öwrüp dyz epdi. Eline suw aldy. Soň şol ýerde saçaga garap oturdy. – Inim, Çerrik, illeriň-obalaryň amanmydyr? Çerrik han ýylgyryp oturşyny üýtgetmän: – Hemmeler salam diýýäler, han däde, size bize beren Allaha şükürler aýdyp durlar. – Enşallah! Han aga nahara gyzgyn ýapyşyp oturşyna gepiň göni maňlaýyny nyşanalady. – Tüweleme, bäriläpsiň! Çerrik han, edil ulygyzyň ýylgyryşy ýaly owadan ýylgyrdy. – Siziň gelýäniňiz, han däde tutuş, külli Hywa iline doldy. Ol ajap buşlugy eşiden badymyza Salyr beg bilen ýola atlandyk. Bolsada Alla bizlik eken. Yhlasymyza görä, ilkinji bolup geldigem, siziň mübärek jemalyňyzy ilkinji bolup gördügem. Han sesini çykarmady. Hanyň ýüzünde hiç hili röwşüň öwüsmändigini duýýan Çirrik han başga hörpden gopdy. – Agyr ýoldan agyr gelensiňiz. Men siziň rahatlygyňyzy almaýyn, Han däde. – Ol dula goýlan agyr horjuna baş atdy. – Ine, mübärek gadamyňyza Çirrik handan sowgat, ýüz müň tylla. Hana-da üç müň nöker, şu gara başam sizlik ýoluňyza gurban, ine-de jöwher gylyç, size gylyň gabarasy ýaly ikilik eden günüm togalap goýberiň. Ol başyndaky agyr silkme ýomut telpegini horjunyň ýanyna taşlady-da, ýaňy syrylan gara başyny hanyň lowurdap duran ädigine garşy taşlady. Han elini daldalatdy. – Boldy. Inim, galdyr başyňy. Ol başlaryň şindi gerek ýeri kän bolar. Çirrik başyny galdyrdy. Onuň owadan gözleriniň pyýalasy ýaşdan buldurap durdy. Gözleriniň agyna inen çylgym-çylgym gyzyl sapak by agynyň namys ojagyndan gaýdýandy. Hany habar berýärdi. Hanyň göwni bitdi. – Sen inim, tyllaňy al. Çerik han ullakan gözleriňi aýylganç gorky bilen hana dikdi. – Han däde, ene süýdünden halal bolsun beýtmäň. Han ýere Çirrigiň gara başynyň hälki ýatan ýerine seretdi. – Sen ol tylla, Daşhowuzyň suwly, mesgeninden bir köşk gur. Nesip bolsa, ol köşk döwletimiziň abraýyna gelişik berjek geňeşleriň köşgi bolsun. Oňa näme harç kem bolsa, çekinme-de sorabergin. Ikinjiden bolsa, nökeriňi bäş müňe ýetirjek bol. Men seni Daşhowuzyň Daşhowuzyň hany belläýin. Şol ýerde ne türkmende, ne özbekde, ne gazagynda galpagynda şerigata, allanyň bendelerine zulum, adalatsyzlyk, bitertipsizlik ýüze çyksa, günäni özüňden gör. Öz gylyjyň bilen başyň kesiler. Han mylgyrap oturan pälwansypat hana seretdi. – Razymyň. – Alla razy bolsun, enşalla. Han işana tarap baş atdy. – Pirimiz, hany bir ak pata beriň! Han işan howlukman doga okady. Soň elini galdyryp. – Eý, Repbim, öz guluň bu gullugy ile-güne, külli musulmana düşümli bolgaý! – diýdi. Han çerrige baş atdy. – Sen Daşhowuzy berk sakla. Ol ähüm-ühüm edenden içeri Kakabaý girip, sadyklyk bilen baş egdi. – Inim, Kakabaý, Kerwenden on düýäni Çerrik hanyň ygtyýaryna beriň. – Lepbeý, han däde! Ol han işana garady. – Bäş müň bäşatar. Oky, beýlekisi bilen. Nökerleriňi ýaraglandyr. Meniň galam Bedirkentde bolar. Her gün üç sapar atly gatnawy ýola goý. Adatdan daşary bir ýagdaý bolsa, ol oňa girmesin. Duran-duran ýeriňizden, ur-tut habar beriň. Azyk-owkadyňyz, mal-garaňyz, ulagyňyz birjik kem bolmasyn. Basym, Hywa döwletiniň sglyk kepilli, öz puly öz tertip ýoly bolar. Onsoň günüňiz kyn bolmaz. – Han aýratyn gazap bilen sözledi. – Tertip berk bolsun. Nirede şerigat bozulsa, tertip bozulsa, ol ýer jüneýit hanyň raýaty däldir. Çerrik han erbet derledi. – Anna güni öýle namazyna ilatyňy ýygna. Pirimiz baryp, seni han tagtynda oturdyp gaýdar. – Ol işana seretdi. – Pirimiz, bir toý töbirini oka. Oglanlary ýolundan goýmaly. Çerrik han gideninden soň Kakabaý Durdy murtuň nabat alyp oturanyny, ondan soň Anna bala, Şaltaý batyr, gelip, häliden bäri Han dädem bilen salamlaşmak isleýändigini aýtdy. Han razylyk bilen baş atdy. Ol Han işana garady. – Pirimiz, siziň «agşamyň haýryndan ertiriň şeri» diýen bir gowy sözüňiz bardy. Oglanlary ertirden kabul edasak neneň görýäň. Han işanyň egninden agyr ýük aýrylan ýaly bolsa-da, ol öz serdarynyň raýy bilen söz urdy. – Ajap bolar Serdar! Kakabaý göwünjeňlik bilen daş çykdy. – Enşalla! Olar ýassy namazyndan soň, özleri üçin salnan düşege geçdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |