17:39 Gurbanmämmet serdar / Üçünji bölüm -2: dowamy | |
2.
Taryhy proza
«General Kalmykow» ýyly diýip, Orta Aziýa ýaň salan 1916-njy ýyldan bir ýyl geçenden soň Owganystandan Hywa dolanan Gurbanmämmet serdary tutuş Hywa iliniň halky öz milli gahrymany hökmünde örän uly tolgunma, güýçli umyta bilen garşy aldy. Obalaryň, etraplaryň hanlary, Gurbanmämmet serdaryň Orta guýudan tä Tagtanyň gyr bilen utgaşýan diňli depeligine çenli ýola çykypdylar. – Gadamyň mübärek! – Gözüň aýdyň han aga! – Sag-aman geldiňizmi? Han demir gyzyň üstünde dogum bilen ýugrulan keramat ýaly bolup otyrdy. Onuň gyzylymtyl guzy derisinden tikilen ýomut telpegi, arwana ýüňünden dokalan gyzylymtyl agar çäkmeni, içinden geýen gyrmyzy reňkli hywa dony, gyzyl bil guşagy birigip onuň, haýbatly ýüzüne tyllaýy nura beslenen şugla çaýýardy. Hanyň tegelenip bejerilen mäşbürünç sakaly onuň ýüzündäki nury bir sulba jemläp, hany haýbatly, eziz hem-de howandar görkezýärdi. Ol özüni gutlamaga çykan kowçum-kowçum märekäniň deňine ýetende: – Essalowmaleýkim aga-iniler! – diýip soň Han işana baş atýardy. Han işan hanyň mübärek gadamyny gutlap, il-güne rowaçlyk diläp doga dilegler edip aýalaryny gaýta-gaýta ýüzüne sylyp barýardy. Onuň ýagşyzada ýaly ak ýüpek lybasy, jowur ak sellesi, ap-ak barmaklarynyň arasyndan ýazyň gysgajyk güneşine lowurdysy buldurjyrap görünýän tesbisi görer göze keramat öwürýärdi. Gurbanmämmet serdaryň howandarlyk, hossarlyk haýbatyny Han işanyň tutuş durky, juda mysapyr keşbi ýürege ýakyn görkezýärdi. Olary synlan adamlaryň şowhun-dabara beslenen sesini synlan adamyň ýüregi joşup, gözüniň ýaşy balkyldap gidýärdi. Han ikindi namazyny öýünde okady. Agşam tutuş Hywanyň han begleri oba, adamlar, dogan-garyndaş, aga-ini hany mübäreklemäge geldi. Ýigrimi-otuz gazandan göterilýän ýakymly tagamyň ysy tutuş Tagta ilini gaplap aldy. Her kim hanyň sözüne garaşýardy. Şonuň üçin bäş-alty ýüz adama tagam çekilip, tabaklar ýygnanyp, Han işan doga-dileg edenden soň Gurbanmämmet serdar märekä ýüzlendi. Eziz aga-iniler, essalowmaleýkim. Magtymguly şahyr aýdypdyr-a: «Ýurt gadryny şalar bilmez, Başga ýurda aşmagynça...» – diýip. Geçen bir ýyl bize ýurt gadryny bildirme kemini goýmady. Maňa ynanyň. Öz iliňden, öz topragyňdan, öz il-günüňden ezizi ýokdur. Ol az-kem bokurdagyny arçady. – Ine bizem ahyr geldik. Indiki mesele näme bolmaly. Ol han işana garady. – Rugsat bolsa men öz topragyma, öz il-günüme hossar boljak. Eger «Ýok, biz başga birini görkezjek diýseňizem, meniň hanlyk dawam ýok. Meniň mal-mülküm, baýlygym ýeterlik. Il-gün diňe meniň sözümi ýykman, Allanyň beren gününi ýaşasa bolar. Ol ýekedyzyna galdy. – Nesip bolsa, Bedirkentden bir gala saldyrsam, oňa harjymam, malymam bar. Enşalla, Hywa döwletini, yglan etsem, öz döwletimiň halkyny rahat, bagtly ýaşatsam. Oňa daşyndan, içinden zeper gelmese, adamlar ekin ekip, hasyl alsa, azabynyň hasabyna güzeran dolasa, malyny köpeltse, bazarlar gursak, olarda azyk, owkat, güzeran harytlary köp bolsa. Bijlik, aldaw, hile, adalatsyzlyk, hudaýsyzlyk bolmasa. Şol meniň islegim. Ol gapdalynda oturan hanlara göz aýlady. – Häzirlikçe, on müň nökerimiz bar. Kim Hywa döwletine – öz ýurduna gulluk ederin diýse, at, ýarag, güzeran haky bererin, gelibersin. Ýöne, ýöne... – Ol dym-dyrs bolup oturan agyr märekä başyny atdy. – Ýöne meniň döwletimde Allanyň ýoluna garşy giden, ilden çykan, dinden çykan, ynsapdan çykan, ynsançylykdan çykan bolmaz. Ogry-jümri, zynahor, zulumkeş, kezzap, iň esasam şu döwlete, şu halka dönüklik etjek menden gaty görmesin. «Wah maňa diýmediler, duýdurmadylar, men beýle etjek däldim» diýmesin. Meniň ilimden ýaşryn kepim bolmasyn. Meniň agzymdan çykan her bir söz bazar jarçylarynyň dilinde bolar. Meniň şu sözüm tekrarlansyn. Her obada bir dar agajyny dikiň. Goý ýaman toba bilen, ýagşy pikir bilen, şol dar agajyna seredip, kalbyndaky şeýtana daş atsyn... Ol jaýlaşykly oturdy. – Men sizden aýry iş etmen, il-gün. Şol günüň ertesem etrap, oba diýmän han jarçylary ile ýetirdi. Şonuň soňky güni jarçylar gaty geň habary ile ýetirdiler. – Il-güne mertebeli hanymyzdan köp salam bolsun. Han aga Bedirkentde özüne gala saldyrmakçy bolýar. Galada işlemek üçin her günde dört ýüz, bäş ýüz adam gerek. Kim islese hakyna, günde iki wagtynda nahar beriljek. Indiki ýekşenbeden geliberiň – ho-ow... Bu habary garaporsaňly Mütürik aganyň goňşusy Popby juwazçynyň hem gulagyna degdi. Popby aga gala gurmaga gurby ýeterden peselen adamdy. Ol kör düýesi bilen köne juwazyna zordan eýelik edýärdi. Onuň ýaşlygam, men diýen ýigitligem, gurpdan, güýçden özüni närä atjagyny bilmän gezen döwrem, soň ýaşy gaýdyşyp, syrty ýere degen pillesem, bary şu juwazyň, şu kör düýäniň aýlawynda geçipdi. Bu juwaz oňa kakasy Sabyr köwlüden miras galypdy. Sapar köwlem şu juwaz bilen güzeran dolap, şu juwazyň aýlawyndan ogul öýerip, gyz çykaryp, dünýäden geçi gidipdi. Indi gezek Popby juwazçyňkydy. Ol şu juwaz bilen Safarmämmedini, Gurbanmämmedini, Amanmämmedini öýerdi. Dört gyzyny çykardy. Çagalarynyň hersini jaýly, mellekli etdi. Indi bir Ýolmädi galypdy... Ýolmädem özüni oňarmadyk çaga däldi. Gazançlydy. – Heý, eje, däde, boluň-aý, meni gözli-başly ediň-eý. – diýip, degişip, ýary çyn, ýary şorta aýdyberýärdi. Popbuş aga halys maýrylany üçin oglunyň bu geplerine agyr-ýeňil bolup baranokdy. Ýöne Melewşe daýza körpe oglunyň özüniň dil ýarmasyna namys ediberýärdi. – Babasy, Ýolmetjanyň eşitdiňmi – diýip, ol adamsynyň daşy çolaran wagtlary, oňa bir tabak çalma çal alyp gelşine bu gürrüňi içine sygdyryp bilmän aýdýardy. – Ýa Köneürgenje Guwajanlara baryp gaýdaýynmy? Guwajan Melewşe daýzanyň özünden uly aýal doganydy. Onuň on bir gyzy bardy. Şolaryň bäş altysyny çykaryp, ýene bäş-altysyna ýer peýläp ýördi. Popby aga güň-gümra diýenleri bolup gidipdi. Indi ol daşarky dünýäniň habaryndan öz içerki dünýäsiniň habaryny ýagşy kabul edýärdi. Ol düýnki edip ýören pikirjigini düwer goýardy-da, bu gün juwaza gelip, şol düwünjikden başlap, ýene pikir edip başlardy. Ýöne onuň näme pikir edýändigini bir Alla, birem özi bilýärdi. Käte aýalynyň, ogullarynyň, habarlarynam eşitmezlige salyp, geçirip goýberýärdi. Ýakmaz kerlige salyp şol işlä bolup ýörendir. Ýogsa onuň eli bu işleri onsuzam gül ýaly oňarýardy. Oňa kelle, pikir gerek däldi. Häzirem ol aýalynyň çybyş-çybyşyndan, bir habar bilen gelýändigini aňdy. – Babasy, harma. Popby aga sesini çykarmady. – Külçe bilen bir tabak ýarma äkeldim. Sen bir garbak-gurbak et. Ýaşula «ýarmaly» gürrüň ýaramady. Ýarmanyň yzyndaky gep ýarajak däldi. – Näme diýýär? – diýip, ýaşuly düýesiniň bilindäki çekini dyrmalan boldy. Melewşe daýza adamsynyň sowalyna ünsem bermedi. Ol üns bereniňe degýän sowalam däldi. – Han baýtal, gala saldyrýarmyş, gala. – O nä? – Şoňa adam çöpleýärmiş, adam. – O nä? Melewşe daýza gyzyşdy. – O näsi şol! Dört ýüz, bäş ýüz adam gerekmiş her gün. Iki mahal nahar berjek, her aýda hak-heşdek berjekmişler. Ýaşuly aýalynyň ýüzüniň üstaşyry juwaz jaýynyň haňlap duran işiginden urşuna lemmer-lemmer gara bulut bolup duran asmana garady. – Ogluň iki hana gulluk edip, nama Pirmahmutmy? Indi aýaly sowala tutdy. – O nä iki han? Ýaşuly ýarmaly tabagy çemçe-bilen bulady-da, uzyn dilini çykaryp çemçäni şapbyldadyp ýalady. – O nä ýalaýyş, ýuwaşrak şapbyldasana düýäň ürkýä. Ýaşuly çemçäni agzyna golaý saklap: – Nama, indi şol kör düýe ürküp, nirä gitsin. Ürkseň, ümzügüne tutup nirä ýok bolsaň sen bolmaly. Senäm-ä meni dyndaraýaňok. – Goý-a, haram ker. Ak girse-de aň girmedig-ä. Ýak menbir öleýin. Sen bal günüňe batarsyň. Ýaşuly ýene çemçä ýapyşdy. – Ol tentegiň nä Hywa hanyna her aýda, ýüz serçe tutup äkidip berenokmy? – Berende näme? – Şol hana gulluk etme bolar-da. Nama gulluk etmäniň iki şahy barmy? Serçe-de tutsun, galada salsyn. Näme öýde emdirilgi çagasy galjakmy? Ýaşuly gödeňsi, külüň ýaly çorly, gap-gara ýumrugy bile döwlen käşir ýaly burnuny myžžardyp basdy. – Aý, how, ony öýerjek diýip dursuň. Gorrasy süýnse nädersiň. Hanyň galasy awarra gitsin. Gala gerek däl. Ol ýarmaly tabagy öňüne süýşürdi. Soň: – Haýt, siýmän geçen kör doňuz. Sen men tabagy öňüme alanda siýmelimi? – Ol tabagyň syçran siýdige gahar bilen seretdi. Soň aýalyna gygydy. – Sen tentek heleý, maňa mitdi-mitdi edip tabagy şu kör doňzuň siýdiklejek mahaly şu ýere getirip goýmalymy? Aýaly ýüzüni çytdy. – Ýak-da hiç zat bolanok-la. Beýläňe geçir-ä. Siýdik syçyran ýeri ýok. – Ol adamsynyň elinden çemçäni kakyp aldy-da, tabagy terslin-oňlyn bulaşdyrdy-da, çemçäni agzyna eltdi. – Alla näme, sen mes bolýaň. Bal ýaly. Ýaşuly tabagy öňüne çekdi-de juwazy aýlap duran kör düýä ätiýaçly garady. Düýe deňinden geçip gidensoň, başga hörpden gep urdy. Ýarmaly agzyny şapbyldadyp: – Han baýtalyň akly nirede? Bu gyşyň içinde galany nädip gurjak ol. Howa ýene ýagjak. Aýaly ýerinden turdy. – Men nä bileýin. Ýaşuly işige ýeten aýalyna gygyrdy. – Ol harap, ors ýanaralyndan gorkusyna poh syçyp, owgana geçenmişä. Ol indi haçan geljekmiş, gala gurar ýaly. – Ýak, ol gelip, özüni Hywanyň hany diýip jar çekdirdi. Şammy kelem ony eşidip, men han boljakdym, han baýtal niräniň iti. Onuň bajysynyň maňkasyny çuwala süpürderin diýip otyrmyş. Ogluň gitmese bähbidem. Olar-a hanlyk üçin gyrlyşsa, arasynda Ýolmetjan galsa, Alla görkezmesin. Guwajanam «Haçan geljekler» diýip garaşyp otyrmyş. – Gaýta şeýt, ogluň gorrasy süýünmänkä ony öýer bir taşlap alsyn. Aýaly gidensoň salym geçmän Ýolmädiň özem geldi. – Däde, harma. Ýaşuly ogluna seretmedem. – Sen, doňuz, haý daýylaryňa çeken damarlaryň gursun. Galada işiň ýok, eşitdiňmi? Meniň on oglum ýok, hana berer ýaly. Boluber işiň bilen. – Däde, Han baýtal jar çekdirip ýör. – Kim çekdirýär? – Jar, jar. Ýaşuly ýakmaz kerligine tutdurdy. – Näme çekdirip, ol jara atasyny gömdürjekmişmi? – Däde, menem bagtymy synaýsam, nähili bolarka? – Hywa hanyna it degdimi? Ogly daýawdan berdaşly gollary bilen golaýyndan geçen düýäniň ýamzyny sypalady. – Ýüz serçe hiç. Bu han o hanam basyp aljakmyş. Owgandanam dym köp tüpeň getiripdir. Belki ol meni özüne nöker dagy edip alar. Heýt, däde, sen maňa «barma» diýiberýäň. Diýme git diý. Popby aga oglunyň demini batly gördi. Onuň düýesi ýene siýdikläp başlady. – Haýt, kör doňuz, häl siýdiklediň, zat diýmedim, indi siýdiklediň uýalmadyň. Indikiň näme jüre degen. Ol ogluna seretdi. – Sen Han baýtala nöker bolman paeki näme bolmaýasyň. Owarra bol, itiň süýdüni emen. Şu kör düýe siýdikledi diýip, sen indi meniň üstüme naşi siýdikle, wennezzina. Ýolmet kakasyndan many çykarmajagyny bilip, öýlerine bakan ugrady. Ol öýe ýetmänkä deňinden iki atly ýetip, jar çekip başlady. – Ilat-how, eşitdim-eşitmedim diýmäň how, öýle namazyndan soň hanymyz Şammy keliň işigine maslahata ýygnanmalysyňyz-a-aw. Ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli barmadygyň başy ölümli, maly talaňlydyr-la-oow! Günorta golaý Popby aganyň özi öýe geldi. – Ýolmet, haý, Ýolmet! Içerden Menewşe daýza çykdy. – Babasy, geldiňmi? Ýaşuly içeri gygyrdy. – Häýt, Ýolmet, döremän geçen-ä, Ýolmet. Menewşe daýza adamsynyň agzyna kese girdi. – Ýak, Ýolmet. – Nirä ýok boldy? – Şammy kel meslat edýärmiş. Obanyň senden galany sürrenekleşip gitdi. Ýaşuly asmana bir garady. – Bu gyşyň içinde, nämäniň meslaady. Ýer-gök ýagyn injek bolup durka. – Ýagmaz, senenem barmaly. Ýaşuly gulagyny aýalyna bakan tutdy. – Gelsin diýdimi? – Hawa. – Özi geldimi? – Ýak, nökerleri geldi. Şolar hökman barsyn – diýdi. Ýaşulynyň ýaňkyja bady gaçdy. – Nökerleri niräň pohy. Meslahat gerek bolsa özi gelsin. Tapdy bu ýerde kesanasyna tutan meslahatçysyny. – Ol badyna ýene bir sapar – Ýolmet! – diýip gygyrdy-da, yzyna dolandy. – Her kim kepe suwsap giden oguşýan – diýip, Popby agany goňşusy Ämet köwli donuny ýelpegeý alyp gelşine juwazça habar gatdy. – Bilmedim. Şammy kelden ili-güni ýygnap, nahar-şam beren bolasy ýok-la. – Beý diýme, Bäş-on janly soýanmyşyn. – Oba ýagly palawyň ys-a doldy. – Äý, al bäşi. Biziň han zordur-ow. Arada Han baýtalyň obasyny ýumurtga togalabermeli etmedimi? – Äýt, bu keli goýaý, ol-ow, alaýyn diýse Hywa hanynyň hem külüni kaksyn. Ýöne adamçylyk edýä. – Bu Şammy diýenlerinde adamçylyga zor. – Hol agşam Han baýtalyň üstüne çozjak diýenlerinde, «Azara galmaň, özüm enesini dula bakdyraryn» diýen-ä. Juwazçy öz goňşylary bilen bärden baranlarynda Şammy keliň işiginde nökerler, ýaş ýeleňler ibirt-de, zibirtdi. Kim el ýuwýar. Kim boş çanaklary saýhallap ýör. Kim gelenleri oturdýar. Ämet köwli juwazçynyň ýüzüne garady. – Men aýtdym-a, ýagly palow bar diýip. – Ol ýer görkezdi. – Şol ýere geç, tabagyň ilkiräk çekiljek ýeri şo. Hakykatdan hem Şammy kel etmedigini etdi. Tutuş oba tap, aňrybaş palow berdi. Yzyndan çala tutdy. Soňam maslahatyna başlady. – Aga-iniler, aýdyň, menden, meniň nökerlerimden ynjanyň barmy? – Berekella, ýaşyň uzyn bolsun. – Tutmaly perdesin-ä bilipdir. – Diňläň – how. Şammy kel aýlawsyz gepledi. – Han baýtal, özüni Hywanyň hany diýip yglan edipdir. – O nä? – Ýaňy dälmidi general Kalmikowdan poh syçyp ilini-ýurdyny taşlap owgana güm bolany. Ine, bu gün «uruş gutaransoň, batyr köpeldi». Men Kalmikow bilen gan-da – pyçak bolup gyrlyşan. Ýagyny sülsady bilen Akgumdan aşyryp taşlan. Men dälmi, bu halka hossar bolan-da näme etdi, han bolara. – Ol ýaşulylara garady. – Men han baýtalyň Hywa-ha däl, Tagta han bolmagyna-da garşy. Şonuň üçin ilim-günüm ýomut, ýomutda öküz, öküzde gara öküz, salak, salakda gara salak, köwli, öýli... bolup maňa bir geňeş beriň. Indi men näme etmeli? Ilim-günümi taşlap gitmelimi? Ahal diýip, owgan diýip. Ýa-da arym köýenden imanym köýen ýagşy edip gyrlyşmalymy? Ýa-da «namart bolsam, bolup geçeýin» diýip baryp Han baýtalyň gullugynda duraýynmy? Aýdyň? Garaporsaňly Arjyk işan Şammy kel demini içine çekenden oňa sowal uzatdy. – Han, sen bize näme diýdirmekçi bolýaň? Göni aýt, görýän welin saňa geňeş däl-de söz gerek. Hanyň ganguýma gözleri pyýala ýaly boldy. – Hawa, maňa siziň sözüňiz gerek. – O nämäň sözi? – Sözmi? – Siz indi kimiň tarapynda? Arjyk işan ýerinden turdy. – Şammy, men şu adamlaň ýüregini aýdaýyn. – Şony aýt. – Kim Allanyň tarapynda bolsa, biz şonuň tarapynda. Sen adalat ýoluny tut, biz seni goldarysam, seniň bilen kyýamat magşara çenli bile-de bolarysam. Emma Han baýtal diýip, Durdy köwli diýip, Anna bala diýip öz bedroý niýetiň bilen bizi gana bulajak bolsaň, onda – ol barmagyny Şamma dikdi – seniň bilen bolma-ha däl, saňa garşy söweşibem bileris. Şammy keliň demi peseldi. – Işan aga, sen meniň ýüregim bolduň. Men han bolsamam, iliň-günüň guludyryn. – Aý, berekella! – Ýaş-şa, Şammy han. – Müň ýaş-şa! Adamlar kem-kemden dargadylar. – Indi näme bolar?! – diýip, palowdan gowy geregini edinen juwazçy, goňşusy Ämet köwlüden sorady. – Äý, biderek zat,Şammy kel urup aglaýa – daýt. – Näme diýiýe. – Jüneýit han üstüne sürünüp gelýe, daýt, kömek ediň diýýe. Juwazçy çepekli aýagy bilen ýeri depdi. – Haý, kör doňuz. Siýdikleýe diýsene. – Siýdikleýe. Ýolmät Garaporsaňly oglanlaryň dört-bäşisine goşulup Bedirkende ugrady. Olar kiçiguşlukda obanyň çetinden girdiler. Bedirkent obasynyň gündogar böwründäki köne üzümçilik tutuş märekedi. Bir gapdalda otuz-kyrk, atly, öküzli araba, bir gapdalda pil, külüň harmany bir gapdalda ojak gazyp, gazan ataryp ýören adamlar. Bir tarapda suw çelekleri, giden desga bolup durdy. Iş diýip, talap diýip üýşen adamlaryň hetdi-hasaby ýokdy. Ýaş, tegelek ýüzli, bir gözi gülli ýigit ýabysyny depgiläp orta çykdy. – Salowmaleýk, adamlar – Men şu işleriň beýemçisi Ýaran. Maňa ýaran agsagam diýerler. Häzir maňa lagym gazmak üçin ýüz, galanyň düýbüni gazmak üçin üç ýüz, ýap çekmek üçin elli adam gerek. Ol gazanlaryň töwereginde köwlenip ýören adama gygyrdy. – Jumabaý eke, munda keliň. – Lepbeý. – Saýla özüňe geregiňi. Üýşüp duran adamlaryň iki sanysy öňe çykdy. – Dur-how, Ýagmyr, howlukma. Biz bir özümize gerek adamlary saýlalyň. Soň, aşpezler soň. Ýaran «men näme etmeli» diýen terzde goluny gerdi. – Adamlary hatara duruzyp, ortadan geçirmeli. Ilki bilen lagym gazmak üçin bellenen ýolbaşçylar ortadan geçip barýanlardan gujurly ýigitleri «sen dur, beýlä geç» diýip bir gyrany salgy berip, ýüz adamy saýladylar. Soň galanyň düýbüni gazyjylaryň üç ýüzüsini saýlap, bir gyra üýşürdiler. Soň ýap çekmek üçin elli adam, ýetmiş arabakeş, otuz odunçyny saýladylar. Diňe şondan soň ýigrimi aşpezi saýladylar. Umuman şol baran adamlaryň yzyna gaýdany bolmady diýen ýalydy. Ýaran agsak ýöne ýere bu işiň garamatkeşi bolmadyk bolara çemeli. Ol ýap gazyjylary bir tarapda, ýap gazyjylary, arabakeşleri tegelekläp, topbaklap oturtdy. Olaryň öňünde-de her topbagyň garamatkeşi otyr, özi bolsa orta geçdi. – Adamlar, enşalla biziň öňümizde gaty uly işler dur. Şu ýerde ajap bir gala bolmaly. Bu gün biz nätanyş bolsagam, gala salnyp gutarylýança doganlar bolarys. Ediljek towakga, her kim azyk-owkat iýer ýaly tabak alyp gelsin. Soňam, kimiň öz eli öwrenişen pili, teşesi bolsa alyp gelsin. Guranlaryň haky goşmaça tölenjekdir. Ýene bir zat adamyň toýy bolar, ýas bolar, başga bir iş üçin galjak bolsa, garamatkeşiňize aýdyň. Onsoňam kimdigiňizi biler ýaly her topar bir reňki alsyn. Lagymçylar – ak, galanyň tümüni gazyjylar – gara, ýap gazyjylar – gyzyl, arabakeşler – sary bolsun. Her kim haýsy topara degişlidigini belli etsin... Işe ir geliň... Kimiň öýi uzak bolsa şu ýerde seňňer tutular, şonda galyp biler. Gün ýagşy guşluga galansoň Gurbanmämmet serdaryň özi Han işan bilen geldi. – Gurgunmysyňyz, goçaklarym – diýip ýüzlendi. – Hany, bir bize gala gurup beriň. Işan agaňyzam pataňyzy bersin. Han işan gyr atynyň üstünde oturan ýerinden ellerini göge tutup doga okady. Gatbar-gatbar gara bulutlaryň arasyndan böwsülip çykýan tylla şugla gelip-gelip Han işanyň owadan ak barmaklarynyň arasyndan seçelenip duran tesbisiniň buldurap duran düwmejiklerini ogşap-ogşap, ýene-de yzyna girip gidýärdi. Han işanyň ak patasyndan soň Han üýşüp duran adamlary birlaý gözden geçirdi. Ol aýlanyp gelşine Ýolmediň deňinde saklandy. – Salowmaleýkim Han däde! Han ýylgyrdy. – Aleýkim, inim, sen kimlerden bolarsyň? Ýolmet derledi-de ýere garady. Hanyň nuranadan salyhatly ýüzi, owadan gözleri, bu han barada il içinde ygam-sagam bolup ýören bir topar rowaýata ýakyn gepler onuň howuny basdy. – Men Garaporsaňly Popby juwazçynyň körpe ogly. Han onuň dädesini tanady. – Hä, Popby agamy? Ol Mütürik agalaryň goňşysydyr-a. – Hawa, Han aga. – Henizem juwaz bilen gidişip ýörmi? – Juwaz bilen. – Bolubilýä. Menden dädeňe salam aýt. Ol Ýolmediň «bolýar» diýenine-de garaşman oňa sowal berdi. – Agalaryň nirede? – Olaryň bir-ä häzir ýaraman ýatyr. Birem Köneürgenje gitdi. Birem, öýde mellekde. – Bolubilýä. – Han gidibermedi. – Sen näme Şamma nöker bolman, «galada işlesem» diýýäňmi? – Men galada işläýeýin, Han däde. – Bolubilýä. Ýöne sen meni bir görgün. – Ol atyň jylawyny çekdi. – Adyň näme? – Adym, Ýolmet! Han däde. – Bolubilýä. Gaýrat et. Işläber. Han daýaw, berdaşly ýigitleriň ençemesi bilen tanyş boldy. Soň atyny gündogarlygyna sürüp gitdi. Ýolmede tüm gazmak paýy düşdi. Ol üýşüp duran guranlardan ýagşy kepjeleriň birini çekip aldy. Soň owal-haçan, kimdir birleri tarapyndan, çyzyk çekilip, ölçelip biçilen peljagazlaryň bir gyrasyndan tüm gazyp ugrady. Ýer ýumşakdy. Gazuw çalt gidýärdi. Ýerden çykýan gumyy, edil bir altyn dänesi ýaly edip ýygnap, ýygşyryp, rejeläp goýýardylar. – Topragy pytyratmaň. Tertipli goýuň. Tüm bilen aralyk bäş ädim bolsun! – diýip, olaryň garamatkeşi pugta tabşyryp gidýärdi. – Näme diýip, bu topury gadyrly tutýarlar-aýt. – Içinde altyn teňňe bolmaly diýýeler-leýt. – Ýak-daýt. Ony häli, ertir Şygiguly bilen garyp, pagsa üçin üýşürýeller-ow, nä, pagsa jaý gurluşuny göreňakmy? Birinji gün günortana çenli ep-esli gum çykaryldy. Ýap gazyjylylar gündogara bakan süýnüp gidip otyrdylar. Iň gyzykly ýeri sähel ilerräkdäki at çapybermeli meýdanda ýüzden gowrak gazan atarylgydy. Ol gazanlardan gelýän tagamyň ysy agyr işlerde işdä damarlary ýagşy açylan adamlary mejnun edýärdi. Ýolmediň gapdalynda gara der bolup işläp duran uzyn pyýada bu ysa çydap bilmedik bolara çemeli. – E-eý, jora, biz bu gün nahary nämä guýup iýeris-eý – diýdi. Ýolmet ýylgyryp oňaýdy. Emma onuň aňyrsyndaky pollukdan daýaw ýigit hem şony oýlap, ahyry bir çykalga tapan bolara çemeli. – Sen eýt, joram, maňa nahar tapyp ber. Iýmesini menden sora. Baryp, hol setillerden birini alar-da, şoňa guýduryp iýiberýes. Uzyn pyýada begendi. – Menem onda şeýtjek. Emma Ýolmediň derdi özüne ýetikdi. Ol Hanyň «Näme üçin Şammynyň nökeri bolmadyň», «Doganlaryň nirede?», «Sen bir meni gör» diýmesini entek ol pikirler üçin darrak bolýan aňynda aýlady. «Men kime geňeş salsamkam?» Ol kakasyndan, ejesinden netijäniň ýokdugyny gowy bilýärdi . Başga bir geňeşer ýaly ýakyn-daş garyndaş, aga-ini hem ýokdy. Ol «Han agalarym «Şammy kelde nökerçilik edýändir» diýip pikir edýe...» diýen netijä geldi. «Ýa meni «Şammy keliň ýakyn adamsydyr, bu ýere gep almaga gelendir» diýip oý etdimikä?» «Ýak-la, ýigrendigim Şammy kel, Han baýtal diýen bolup, özi gyzza-gyzza gelende, baýtalçada ýok»Adamlar öýle namazy töwerekleri nahara çykdylar. Ýolmede, nähilem bolsa, köneräk tal tabak ýetdi. Ol etli ýarmadan ýagşy doýdy. Soň ýabyň boýuna baryp suw içdi. Agşama çenli öküz ýaly işledi. Gün ýaşyrybam günllük hak berýänlerden hakyny aldy. Işleýänlere iki gününe ýarym manat berýärdiler. Bu Ýolmet üçin gaty köp puldy. Öýe juwazdan başga girdeýji salýan ýokdy. Juwaz, mellek, goşa saglyk sygyr, ejesini göz dikip oturan otuz towugy... «Dädem-ä begener. Öýden naharam iýmeli bolman. Olam bir kömek-dä». Ony kimdir biri saklady. – Juwazçynyň oglymy? – Ýak, näme, Popby juwazçynyň ogly. Ýaňky nöker onuň üstaşyry geçip barýanlara seretdi. – Sen dur, Han dädeň ýanyna barmaly. Nöker ýene birini gözläp tapdy. Gurbanmämmet serdar Han işan bilen ýagty jaýyň töründe çaý içip otyrdy. Ýolmet Hany ýagşy synlady. Onuň nurana ýüzüne, owadan durkuna aşyk bolup, höwes bilen seretdi. – Gel, hany juwazçynyň ogly. – Ol ýylgyrdy. – Dädeňe diý. Baýak aga-inilerinden üç-dört sanysy çekene malyny sürende, yzyna alyp beren eken – diý. Şonda onuň Hana bir bergisi bar eken. Şol bergä derek ogluny öz ýanyna aljak – diýdi diý. Han Ýolmediň berdaşly, ýaşlyk dogumy çiginlerinden çöwrülip çykaýjak bolýan oglany synlap aýtdy. – Näçe ýaşyňda? – Han ýigrimi bäş diýer öýtdi. – Ýaşym ýigrimi üç. – Juwazçy seni öýermedimi? – Ýak-la. – At-ýaragyň barmy? – Ýak-la. Han işan aga seretdi. – Sen mende gulluk edermiň? Han ýaş ýigit müň tükezzibana tutar öýtdi. – Janym bilen gulluk ederin, Han däde. Meniň höwes edenim şol. – Berekella. Ol ýigide bir käse çaý guýup uzatdy. – Biz, işan agaň bilen Allaň ýoly, adalat diýip ata çykdyk. Bu ýolda ölümem, maýypçylygam bardyr. Ondan gorkaňokmy? – Ýak-daý. Bir başa, bir ölümdir-dä. Onsoňam men, Hän däde, seniň üçin häzir ölmäge taýyn. Walla, çynym. Şol gylyjy al-da başymy togala. «Wah» diýsem, namart bolaýyn. – O nä, beýle aňsat razylaşdyň-a. Onuň bir sebäbi bardyr-a. Ýaş ýigidiň goşa didesi nurly çyrag kimin ýandy. Ýolmediň diliniň düwmesi açyldy. – Men sizi bir Allany söýüşim ýaly söýýän, Han däde. Siz meniň müregimi duýduňyz. Sebäbi şol. – Bolar, inerim, bolar. Ýöne oglanlar seni kyrk gün synagdan geçirerler. Şonda ok atmak, gylyç oýnatmak, at çapdyrmak tärlerinem öwrenersiň. Alla ýaryň bolsun, gidiber. Ol hümürdä içeri giren Kakabaýa dözümli tabşyryk berdi. – Ýolmedi öz araňyza alyň, synaň. Nahar şamyny kem etmäň. Soň eşidip otursa, Ýolmädiň özi ýaly kyrk ýigit synaga alnypdyr. Ol nahar-şamdan soň rugsat alyp pyýadalap Garaporsaňa ugrady. Gijeläp atyz-çilleriň içi bilen gönüläp, öýlerine gelende, erbet bolup gitdi. – Salowmaleykim! Ol biri ýogalandyr öýtdi. Agalary Saparmädiňem, Gurbanmädiňem, Amanmädiňem ýüzi salykdy. Popby aga namazlygyň üstünde kybla bakyp otyrdy. Melewşe daýza körpe oglunyň sag-aman dolananyna begenjinden ýaňa uçaýjak boldy. Ýolmät agalary bilen iki elläp salamlaşdy. – Nä giç galdyň? – diýip, Saparmät ýüzüni galdyrdy. Ýolmät hem agras gürledi. – Han aga ýanyna çagyrdy. Namazlyk keçäni düýrläp duran Popby aga ara goşuldy. – Han baýtalmy, ýa Şammy kelmi? – diýip sorady. – Han dädemiz! Gurbanmät hilegärje ýylgyrdy. – Sen-ow, näme diýýäň? Öz dädeňe däde diýmäge namys edýän halyňa, Han baýtala ýaman hamraklyk edip «Han däde» dagy diýiberdiň-le. Ýolmät batyrja gürledi – Hawa, şol meniň Han dädem men indi galan ömrüme şolar bilen. Ol şu gün meni öýüne çagyrdy. Ýanynda-da Han işan. Popby aga durup bilmedi. – Näme diýdi? – Ol Popby aga salam aýt – diýdi. Bäş-on ýyllykda öz aga-inilerinden bolan bäş-alty çekgene mallaryny Ahala sürende olaryň elinden alyp, yzyna getirip beripdim. Şonda ol maňa bergidar bolupdy. Şol bergisine derek körpe ogly Ýolmädi özüne nöker edip aljak, razy bolsun! – diýdi. Ýaşuly ynanmady. – Pohuňy iýip aldama. – Dym çynym. Ýaşuly guwandy. – Meni, şol ýagdaýlary ýadyndan çykarmadyk bolsa, ol adamçylygyny ýitirmändir. – Ol indi erkana, «görüň bizem ýatdan çykarmandyrlar» diýen manyda ynjalykly gyşardy. – Iş nähili boldy? Ogly bu günki wakany gürrüň berensoň, derrew hak-heşdege geçdi. – Näme birzat emleýärlermi ýa-da diňe damagyňamy? Ýolmät biline daňan nah ýaglygyny çözdü-de gatyny açdy. – Her iki günüňe ýarym manat – diýip berdiler. Eger pil özüňden bolsa, onda her günüňe ýarym manat. Ol elindäki teňňäni kakasyna uzatdy – Aý-haý, hak-a ganymat. Şonça pul berseler garnymy etli, ýagly bal ýaly şüleden doýursalar özümem gitjek. Melewşe daýza oturup bilmedi. – Goýup oturaweri, babasy. Sen şol köne juwazyň daşynda kör düýäň siýdigini geziber. Talabançylygy, enşalla, ogullarymyz eder... – diýdi. Ýaşuly uly ogullarynyň ýüzüne garady. – By, Şammy kelem-ä, öz garyndaşym bolup, duzumy depeläp, seniň ogluň beýlekilerem azdyryp, Han baýtala talabançylyga gidipdir – diýip agzyndan pürrükledip oturmyşyn. Ýolmät agalarynyň gelmesiniň sebäbine indi düşündi. – Iki atly nökerini iberipdir kel melgun. Meniň diýenim bolmasa, öýüni otlap, juwazyny başlaryna düňdererin – diýipdir. Ertir han aganyň ýanyna barsyn – diýip haýbat baryny atdylar. – Melewşe daýza eli bilen öz ýakasyny tutdy – Tob-eý, şolardan her zat çykar, oglum. Güýçli bilen oýun etmegin... Ýolmät belli karara gelipdi. Indi ony pälinden gaýtaryp biljek bir güýç bardy, olam ölümdi. – Ýak-daýt! Şammy keliňki beýderek, beýderek. Men onuň haýbatyndan gorkup duramok-daýt ýöne men häzir gitmeli. Ol özüne garap duran eziz didelere garady. Men indi han dädemiň öz adamsy. Düşündiňizmi, öz adamsy. Ol meni kyrk gün synap, soň öz ýanyna alýan – diýdi – Öz ýanyna... – Nökermi? – Janpenamy? – Lötjegendir-le. – Ondanam ýokarraga. Iň ynamdar adamyň durup bilýän ýerine. Melewşe daýza düşünse, düşünmese-de bir gowulygy ýüregi syzýan ýaly, iki eli bilen ýakasyny tutdy. – Jan Hudaý,Ýa gurbanyň gideýin Üç ýüz altmyş jan, Ýa Ysmamyt ata jan, iliň balasynyň ýüzüne-de ak ýaglyk degsin, şolaryň içinde meniň balamy-da öz penasynda saklap, ýalkaberiň. Popby juwazny eşitmediksiredi. – Goý-aýt, jüre degen köp doňuz. Sokulypmy, sokulma – Ol ogluna baş atdy. – Biz ol Şammy keliňe näme jogap okaly? – Gelenok, geldigi öldürjek. Saňa nöker bolmadyk ogul maňa gerek däl diý. Atasy bilen ogullarynyň egnindäki agyr ýük ýazan ýaly boldy. – Boldy. Gidiber. Han kakaňa salam diý. Şol ogul seňki diýdi – diý. Melewşe daýza çarygyny geýip duran ogluny iň soňky sapar görýän ýaly aldaňysynyň çowy bilen gözlerini süpürdi. – Alla gorasyn, balam. Sag-aman gidip gel. Popby aga işikden çykyp barýan ogluna: – Aýawlyrak bol, parta-şarta bolma. Entek garry ataň seni öýermelem-how – diýip galdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |