17:40 Gurbanmämmet serdar / Üçünji bölüm -3: dowamy | |
3.
Taryhy proza
Bedirkent arynyň öýüne döndi. Obanyň içi ibirt-de, zibirtdi. Bir atly gitse, ýene ikisi gelýärdi. Ikisi gitse dördüsi gelýärdi. Galanyň düýbi bellerdip ugrapdy. Arabalar Akgum bilen Şorkölüň aralygyndaky jardan şykgy toýun çekýärdiler. Gazanlaryň sany ýüz ellä ýetip barýardy. Öňki bäş ýüz adamyň üstüne ýene üç-dört ýüz adam kabul edilýärdi. Herkim bu äpet gala ýene iki aýdan biter öýdýärdi. Gurbanmät serdar gala bilen däldi. Ony Şammy kel ünjä goýýardy. Şammy ony äsgermeýärdi. Şonuň üçin ol Owganystana gidende Bedirkenti talhana dönderipdir. Ol indem Durdy köwlä haýbat atýarmyşyn. «Jüneýit hana gulluk edýäňiz» diýip, iň bärkisi Popby juwazçynyň juwaz jaýyny otlap, juwazyny düňderip köp düýesinem öldürüp gidipdi. Indi işiginde iki aý bäri işläp ýören Ýolmät özüni han dädesiniň çagyrýandygyny aýdanlarynda «Indi wagty geläýdi öýdýän» diýip oýlandy. Ol üst-başyna timarlap, eline ýüzüne suw alyp Hanyň huzuruna bardy. Gürrüň gysga boldy. – Hanym sen Şammynyň galasyna beletmi? – diýip, han gysgajyk sowal berdi. – Men belet, Han däde. – Häzir onda kim ýaşaýar, näçeräk töweregi nöker goraýar? Ýolmät oýa batdy. – Onuň nöker-ä kän däl, han däde, bolsa ýedi-sekiz ýüz adam, ýöne bary ýaragly. Ol: «Bu gün erte owgandan bäş müň bäşatar gelmeli. Onsoň Jüneýit hanyň galasyny gana çaýkaryn» diýenmeşin. Han oýa batdy. – Sen hanym obaňa gitde, seresaplyk bilen syn sal. Näçe adam bar galada, kim gelýär kim gidýär. Tanyşrak adamlaryň gürrüňini diňle, erte agşam maňa habaryny ýetir. Soňam dädeňe göwünlik ber. – Ol öň taýýarlap goýan düwünçegini orta taşlady, şunam öýüňize ber. – Ol ýene oýa batdy. – Sen bir ýaş oglan, eger gala çozmaly bolsaň, nireden nähili çozardyň? Şamma ýarag gelse, ony nirede garşylardyň. Oýlanyp gör. Ýöne demiň içiňde bolsun. Ýolmät garşylyklaýyn sowal berdi – Men ele düşäýsem näme diýeýin. Han ýylgyrdy. – Garaporsaňyň köwlüleri ýalan sözi satyn almaly däl-ä, jan ogul «Gaçyp gaýtdym» diý «Gidenime puşman edýän, alsaň sende gulluk etjek» diý. Näme satyn almalymy? Ýolmät razy boldy. Ol ertesi şol wagtrak Hanyň huzuryna geldi. – Han däde salawmaleýkim. Han onuň salamyny hoşamatlyk bilen aldy. Jüneýit hanyň Şammy kele aýratyn göwni ýetmeýärdi. Onuň guýmagursak batyrlygy diýermisiň, garry tilki ýaly duýgurlygy diýermisiň, esasy pikirini gizläp, kel köwserlige urup, özüni başga hörpde gizläp bilýändigini diýermiň, at-ýarag oýnatmaga, garşydaşynyň gowşak ýerini aňyşyny diýermiň, bir zadyň niýetine çykanda garşydaşynyň pikiri bilen pikirdeş gezişini diýermiň, aý, garaz oňa hem buýsanýardy hem çekinmän duranokdy. Ol ömründe Şamma garşy kesek zyňmandy. Şu gezek welin Şammyny dört, bäş tarapdan aňňalap gapdyrmasa, gaýdyp onuň azaryndan dynma ýokdugyny aňýardy. Ol şu niýet bilen Şammy keliň galasyny, onuň nökerlerini, olaryň atyny, ýaragyny, nökerlik işini guraýşyny, nädip, nirede, häh diýende mäh bolýanyny öwrenipdi. Şammy batyr edenli han bolsa-da ol bu işe şeýle geleňsiz seredýän eken. Onuň galasynda agsak-towsak nökerleri galýardy, beýleki nökerlerini inisi bilen giýewsi gapy-gapy aýlanyp bellenilen ýere çagyrýardy. Her gyssagly «häh» diýende ýüz-ýüz elli adam «mäh» bolýardy. Olaryň aty ýaragy gowudy. Ýöne olaram berk türgenligi geçen nökerler däl-di, batyram, gorkagam, özüni oňarmadygam bardy. Häzir Şammynyň özüniň owgandan geljek on düýe ýaragy garşylamak üçin Ortaguýy – Baleýşem aralygynda gezip ýöreni hana bellidi. Galadaky altmyş adam, obanyň düzgüni gaty arkaýyndy. Han Ýolmädi ýöne ýere özüne nöker tutjak bolanokdy. Ol oglanyň özi güýçli, arassa, akylly, ynamly adamdy. Sebäbi bu ýigidiň aňyrsy daýhançylykda, halal güzeran bilen gün görýän adamlardy. Olarda ýalançylyk, ikilik bolmaly däldi. Mundan başga ol Durdy köwliniňem, Şammynyňam, Annabala bilen Şamät balanyňam arasyndady. Islän mahalyň olar bilen habarlaşyp boljakdy. Gurbanmät serdaryň öz sulham bu ýigidi isledi. Ony öz ýanyny edesi geldi. Belki başga-başga niýetleriniň bolmagam mümkin. Näme, patyşa bilen ganojak hanyň pikirini aňyp bolýarmy. Ýolmädiň getiren habary iliňkiden üýtgeşik boldy. – Gala açyk, içinde obanyň oglanlary «Şammy kel gelýänçä» diýip, her agşam deňňene edip gün görýän. Şammy keliň haçan geljegi belli däl. Ol kerwen garşylamaga gidip, şonuň bilen bile dolanyp gelmeli. Oňa owgandanmy, başga ýerdenmi iki sany del myhmanam sabyrsyzlyk bilen garaşyp otyr. – Olar kim? Kimiň öýünde? – Küllek köwlüniň öýünde, ýöne olaryň aty-ýaragy gurat, özlerem edil gum tilkisi ýaly ätiýaçly. Gündiz daş çykanoklar. Atlary galanyň burçundaky atýatakda aýratyn esewan bilen seredilýär. Han bu delilem bellige aldy. – Şammynyň öz aty, mele aty nirede saklanýar? Ýolmät ýalan sözlemedi. – Han däde, men görmedim. – Bolýar, onuň aty, iými, ammary şol öňki ýerindedir-le. – Üýtgän zat ýok. Han razy boldy. – Bolýar, han ogul. Işiň bilen boluber. Seresapça oýlan. Eger özüň bolsaň, nähili çozarsyň, nökerleri nähili alarsyň, del myhmanlary nähili gapjarsyň, kerweni nirede garşylarsyň... Ýolmät han dädesiniň bu işi özüne buýraýmasynyň mümkindigi baradaky pikire agram saldy. Emma han Çirrik hany agşamlyk nahara çagyrdy. Ol Çirrege şeýle diýdi – Seniň aga-iniň Şammy kele owgandan on düýe ok ýarag gelýär. Şol on düýe asmandan uçsa-da, ýeriň teýinden gelse-de tapyň. Çirrik özüne ilkinji sapar edilen ynama monça boldy. – Lepbeý, han däde. – Ugry Ortaguýy bilen Baleýşem aralygy bolmaly. Özem häzir ýa Igdelidedir ýada Läbiklidedir. Sypdyrmaň. – Lepbeý, han däde. Han yzynam berkitdi. – «Han däde» diýen bolup, «Wah şol-a bolmady» diýjek bolsaňyz, ýa-da güýjüňiz kem bolsa, onam özünden duýduryň. – Arkaýyn bol, han däde. Çirrik üç ýüz nökerini Tagta Köpükli, Ortaguýy Igdeli, Ortaguýy Baleýşem aralygyna, üç geriş edip goýdy. Özüniň çopanlaryny-da, han dädesiniň çopan-çoluklaryny-da, görüp-bilip habar berene baýrak goýdy. Baleýşem Tagta aralygynyň nökerlerini birleşdirýän çaparlar goýdy. Guýulary ýekän-ýekän barlamak üçin öň atlylary goýberdi. «Häk» diýip, ol ertir namazyny okap otyrka kellesine uran şeýtany pikire tisginip gitdi. «Hywa tarapdan gelasa näme?» «Ýak!» Ol şonda-da elli atlyny Hywa-Tersýap aralygyna ýazyp goýberdi. Ýagdaý barada habar bermek üçin her iki sagatdan Bedirkende çapar iberip durdy. Gurbanmämmet serdar Çerrigiň Hywaly meselesine «hä» diýdi. – Şony oňarypdyr. Şol gijeki gelen çaparlar «Kerwenden habaryň ýoklugy, Şammy keliň kyrk nökeri bilen Ortaguýuda ýatandygyny, han dädesiniň malyndan dört goýuny öldürdendigini, çopan-çoluklaryň oňa hyzmat edip oturandygy» barada habar geldi. «Kerwenimiz gelse, serpaýyňyzy ýetirerin» diýip wada berýärmiş. Keýpikökmüş. Gurbanmmämet serdary başga mesele gyzyklandyrýardy. «Ol doňuzyň ýarag urusy niredekä?». Çozulanda şony almaly. Ol gaty jaýly gepleýär welin, azyndan bäş-alty müň bäşatary bolmaly. Ol şoňa bil baglap, donuna sygýan däldir. Hakykatdan hem Şammy keliň «Hy-wa han men bolmaly» diýip janykmasy ýöne ýere däldi. General Kalmikow müňden gowrak bäşatarly, pilemýotly, gurgun esgerleri bilen Hywa ilini öýme-öý, obama-oba, kentme-kent darap-darap ýörkä Şammy kel onuň garşysyna çykdy. Şonda Hywa ili ony «Hanymyz» diýip ykrar etdi. Orsuň garşysyna göni çykyşyna seredip, oňa Owganystandan orsuň ähli zulum eden musulmanlarynyň serdary Töre handan ýigrimi düýe ok-ýarag, gyzyl, pul geldi. Ol şol pula özüne Daşhowuz illerinde ilkinji bolup beýikgala saldyrdy. Indem Hywa – Ortaguýy aralygynda onsuz çöp başy gymyldanokdy. Ahal, Etrek – Gürgen taraplaryndan gelip-geçýän söwdaýu, argyşçy kerwenler oňa paç, sowgat-salam bilen üstüni gömüp otyrdylar. Onuň «häh» diýende, «mäh» bolup duran sekiz ýüz nökeri, edil ýanynda-da ýüzüsi bardy. Şammy han islän mahaly Hywanyň islendik obasyna çozup, islendik hak-heşdegini jemläp bilýärdi. Onuň iň berk ýeri Hywa hanydy. Hywa hany Jüneýit han Owganystana gaçyp gidensoň derisi giňäp, jany aram tapana döndi. Ol Şammy keli myhman çagyryp, onuň bilen derdinişdi. – Ol öýi köýmüş, türkmen bala mojuk dym mojuk. Ony ýok etmeli. Bahadyr han Jüneýit hany ýok etmek üçin Hywadaky rus patyşasynyň garnizonynyň komandiri bilen edip ýören gepleşiklerinem Şammy kele açyk gürrüň berdi. – Sen han bolarsyň – diýip, göni söz berdi. Tagtadan Köneürgenje çenli ýylda näçe salgydyň boljagyny hasaplady. Her aýda näçe malyň, näçe puluň, näçe altyn-kümüşüň, näçe gyzyň, näçe beçjäniň getirilmelidigini tekrarlady. Şammy kel Hywa hany bilen dilden şertleşdi. Soň özüni Tagtanyň hany diýip jar çekdirdi. Jüneýit hanyň obasyna çozup, onuň külüni göge sowurdym etdi. Indem bar gep bişirilip, agza-burna gelenden soň, Han baýtal onuň öňüni kesipdi. Ony geçirjek Şammy kelmi? Şammy kel Owganystana tylla, bagana, possun, deri, ýüň iberip, olaryň ýene-de ýarag ibermeklerini towakga edipdi. Şonuň diýýän kerweniniň «Kandagardan ugrady» diýen habar gelip gowuşupdy. Ol bu habary eşiden badyna kyrk atly nökeri bilen Ortaguýa çykypdy. Şammy keliň edýän oýlaryny Gurbanmämmet serdar öýünde oturan ýerinden okap otyrdy. «Seniň ýarag uryň nirede? Şammy batyr» – diýip, oýlarynyň öwrümünde ýene-de şol meseläni döwneýärdi. Ýöne çozmaga howluganokdy. Ol bu mesele bilen ýene-de Ýolmedi ýanyna çagyrdy: – Sen inim, Şammy keliň ýarag urysyny-hä bilýän dälsiň? – diýip, Han täze nökerine sowal berdi. – Men bilmeýän, Han däde. – Kim bilip biler? – Bilmedim, agalam bilip berämese? Han oňa ýene bir talap bildirdi. – Onda şol agaňy meniň ýanyma alyp gel. Ýolmet agasy Safarmädi Hanyň huzuruna getirdi. Hanyň çaky dogry çykdy. Ýaraglar Şammy keliň ýaş aýalynyň ýaşaýan jaýynyň üçegine basylandy. Ol jemi iki ýüz ýaşik ok-däri, bäşatardy. Gün guşluk boluberende Çerrik hanyň iki nökeri tasanjyrap Gurbanmämmet serdaryň işiginde düşdi. – Han dädeme gyssagly. Olar ýagşy habar bilen gelipdiler. – Han dädemiz, Çerrik han köp dugaýy salam bilen «on bäş düýeden ybarat şol kerweniň öten agşam ýasy namazyndan soň Ortaguýa inendigini habar berdi. Ortaguýuda şol amanat goşy kyrk nöker, kerweniň ýanynda-da on bäş atly-ýaragly adam bar. Barysy türkmenler. Nesip bolsa, ýary gijeden soň kerwen hak eýesine gowuşdy». Bu habar hany begendirmän durmady. Ol Anna balany, Kakabaý ýirigi ýanyna çagyrdy. – Siz Şammy keliň galasyny alyň. Onuň iki sany del myhmany, soňky aýalynyň öýüniň üçegindäki ähli ok-därini, ýaraglary, atlaryny, arabalaryny alyp gaýdyň. Kim garşylyk görkezjek bolsa, sylamaň. Ol Anna bala ýüzlendi: – Anna sen ýüz atly çykar. Inim, Kakabaý senem iki-üç ýüz ýaşik sygar ýaly araba alyp git. – Han birden gazaplandy. – Otuny iýmini ýok ediň. Galasyny otlaň. Soň näme bolanyny, Anna, sen maňa habar berersiň. Han Eýmiri çagyryp Hywa tarapa gidýän ýollara berk saklaw goýmagy tabşyrdy. – Gelýänem, gidýänem saklaň. Entejik Hywa hanyň rahatlygy bozulmasyn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |