17:44 Gurbanmämmet serdar / Üçünji bölüm -5: dowamy | |
5.
Taryhy proza
Gala edil bir içinde jany bar ýaly, asmana bakan ýörmeläp barýardy. Ýaran diýenleri örän dogumly hem-de tutan ýerinden guramaçy ýigit bolup çykdy. Gurbanmämmet serdaryň äht etmegine görä, ol diňe hanyň serenjamyna gurulýardy. Onuň mallarynda her gün elli-altmyş goýun geçi soýulýardy. Azyndan bäş-alty ýüz adama günorta nahary, gündelik iş haky berilýärdi. Galanyň içi at gaýtarym meýdan bolup, onuň aşagyndan Tersýapdan gaýdýan mesene ýapjagaz geçýärdi. Galanyň dört, künjünden bir derwezesiniň ýeri bardy. Diwarlar gatbar-gatbar köweklerden doludy. Samarkantdan, Taşkentden ýörite çagyrylyp getirilen elli sany özbek ussasy ellerindäki eliň aýtymy ýaly kepjeleri bilen eýýäm onunjy pagsany taraşlap, ýülmäp, kesip, biçip göreniň aklyny haýrana goýýardylar. Olaryň ýolbaşçysyna Abdylla Kadyr eke diýýärdiler. Ol owgandan gelen, maňlaýy jylk sary gaýry milletden bolan kişi bilen bir bölek kagyzyň üstünde özbekçe, türkçe, ýarym täjik, ýarym parsça dawalaşyp ahyr soňunda diýeni bolman, paltasy daşa degeniňki ýaly, gidip öz ussalarynyň üstüne demi tükenýänçä gygyrýardy. Emma ýene bir salymdan hiç zat bolmadyk ýaly bolup, hiňlenip taraş urup ýördi. Galany sekiz ýerden örýärdiler. Esasy derweze günbatara garap durdy. Günbatar derwezeden günorta derwezä, günortadan-günbatara, günortadan-gündogara, gündogardan-günorta, gündogardan-demirgazyga, demirgazykdan-günorta, demirgazykdan-günbatara, günbatardan-demirgazyga alnyp gidilýärdi. Dördünji pagsadan soň, ýere kerpiç guýulup, olar guradylyp, şol kerpiçden jaýyň belentliginde basgançak guýulýardy. Şol basgançaklar boýunça ýerden adam boýy ýere eýlenen palçyk zyňylýardy. Her bölegi kerpijiň ululygyndaky eýlenen palçyk göz açyp, ýumasy salymda eýýäm gaýyp gidýärdi. Iş oýuna meňzeş bolsa-da, agyrdy. Günuzyn şol bir işi adamlaryň eňkamyny agdarýardy. Ýöne tüýs zerur wagty olaryň dadyna günortan nahary bilen, Hywa ýagyşy ýetişýärdi. Sekiz ýerden eýelenen şykga alyp berýän adamlary tiz-tizden çalyşýardylar. Gündizlerine diňe palçyk äberilýärdi. Bu işde azyndan üç ýüz, özbek ussalary bilen dört ýüze golaý adam işleýärdi. Elli arabanyň getiren şykga palçygy, gumy alnan çuňňur ganawlara guýulýardy. Soň şol ganawlar suwdan doldurylýardy. Her ganawda on adam ýagşy öň gara demini alan palçygy, gyra, tekiz ýere çykarýardylar. Ol palçyga nämedir bir zatlar sepip, soň onuň ýüzüne ýylmap dem aldyrýardylar. Demini alyp ýatan palçygy gije depeleýärdiler. Ony kimiň, näçe adamyň, nähili depeleýändigini şolaryň özünden başga kişi bilmeýärdi. Diňe adamlar ertir irden baranda kesiljek unaşynyň hamyry ýaly, süýnüp ýatan palçygy görýärdiler. Ol palçyga däl-de saryýag çalynan ýürege meňzeýärdi. Bu gün howanyň açyk bolup, günüň irden dogjagy aňdyryp ugrady. Adamlar üýşüp ýaňy işe başlanjak mahaly jarçylar haýkyrşyp jar çekip başladylar. – Aý, adamlar eşitdim-eşitmedim diýmäň-how, şu gün Anna güni Daşhowuzyň hany Çerrik han galada işleýänler üçin sadaka berjekdir-le-ha-aw. Allanyň ýoluna müň çörek bilen ýüz goýun aýdylandyr-la-ha-aw. Türkmeniň beg ogly Çerrik hanyň berýän sadakasy Ýaradanyň dergähinde kabul bolsun-la-ha-aw! Bu ýerde işe ýaňy başlajak bolup duran adamlaryň süňňi ýeňlän ýaly boldy. Gurbanmämmet serdaryň hormatyna, Beýik Ýaradanyň razylygyna sadaka bermek işini Han işan ýola goýupdy. Onuň özi ilki bilen ýüz goýun bilen, müň sany külçäni bu ýerde işleýänlere sadaka berdi. Şondan bäri hanyň ogullary, Durdy köwli, Anna bala, Hanyň özi iki-üç sapar sadaka beripdiler. Bu sadakalar hem-ä Gurbanmämmet serdara, hälki bir «hähiňi almak, dem bermek» hemem öz bardygyňy gurp-güýjüň birneme bardygyny ile-güne bildirmekdi. Iň esasanam, Allanyň öňünde öz sadyklygyny aýan edip durmakdy. Sadakanyň adaty günlerdäki nahardan tapawudy, oňa tutuş oba ýedi ýaşyndan ýetmiş ýaşyna çenli çagyrylýardy. Beýleki etrap hanlary, sylag-hormaty bitin gojalar hem çagyrylýardy. Olar hem-ä, sadaka parzlaryny sowýardylar. Onuň üstesine-de, Gurbanmämmet serdaryň demini duýup onuň geňeşine gatnaşýardylar. Bu günki sadaka öňkilere görä has şüweleňli boldy. Onuň birinji sebäbi, indi tomus düşüp, ýagyş ýagyp, üýşmeleňiňi bozup durjak gorkusy ýokdy. Ikinjiden, gala indi gala meňzäp ugrapdy. Ol üç-dört adam boýundanam geçipdi. Üçünjiden, bu gün Gurbanmämmet serdar Hywa hany hökmünde, etrap hanlaryny bellemekçidi. Şonuň üçin adamyň köp geljegi nazara alnyp giden at çapybermeli meýdan gyrçalyp, süpürlip, suwlanyp, düşeklenipdi. Gün guşluk galanda Hanyň özem Han işan bilen tirkeşip, sadaka geldi. Onuň ýanynda Çerrik han, Durdy köwli, Anna bala ýene-de bäş-on serkerde-serdar bardy. Olaryň töweregi goraglydy. Umuman han gorag meselesine gaty jür adamdy. Bilniksizden obanyň, hanyň öýüniň töwereklerini, galany iki gat gorag gurşap alýardy. Emma olaryň kimlerdigini bir Alla, birem hanyň özi bilýärdi. Ýolmät bularyň arasynda görünmeýärdi. Sebäbi ol Şammy keliň obasynda, onuň atlylarynyň hereketine, özüni alyp barşyna syn salýardy. Ýap-ýaňam Hywa ýolundan, Çerrik hanyň nökerlerinden, Ak gumdan, Ýolmätden «Parahatçylyk» diýen habar gowşupdy. Olar juda howsalaly habar iberdenlerinde-de, Hanyň sadaka çykarlygy bardy. Çünki bu töwerekleriň adamlary hana agyz urup biljek däldi. Bardy-geldi agyz urmagy niýet edenlerinde-de, häzirki döwrüň iň ýüwrük ýaragy «winçester» bäşatarynyň aljak ýerlerine Hanyň iň ynamdar adamlary durdy. Ýolmädem şolaryň biridi. Soň görüp otursa, ol ýeke däl eken. Köneürgençden Ýusupbaý, Porsudan Halbaý, Ýylanlydan Nuryş, Akdepeden Hudaýnazar, Daşhowuzdan Emir jan, Tagtadan Ýolmät bile bolup çykdylar. Olar bäş gün atýatakda, bäş gün ot-iým ýatakda, on gün işikde, ýene bäş gün öýdeniçer, ýene bäş gün nöker, ýene bäş gün jan pena bolup gulluk etdiler. Bäş günem olary Akgumda hiç zat iýmän-içmän guýy gazdyrdylar, at münüp, ok atyp, gylyç oýnadyp synadylar. Diňe şondan soň han olara öz nökerleriniň geýmeli egin-eşiklerinden berdi. Hersine bir täzeje bäşatar, ok, pyçak, at esbaplaryny, owadan ýaňy müngi edilen atlardan berdi. Çünki öz töweregindäki ýaş nökerleriň özüniňem, eşiginiňem, atynyňam owadan, iliň gözi galar derejede tertipli bolmagy Hanyň islegidi. Onuň ýok ýigreneni sallam-sajak at, üpül-süpül nökerdi. Ýolmät bu saby diňe özüniň, ýada ýanyndaky oglanlaryň geçmeýändigini soň göre-baka oňat aňypdy. Gurbanmämmet serdaryň tutumy uludandy. Ol özüne alýan nökerlerini oňat türgenden geçirip, öz sabyna, öz dinine goşýardy. Olary Akgumda synanlarynda olara düzgün-nyzam öwredenleriň arasynda gaýry dinli, türkmençäni çalgydyrak zordan düşündirýäninem gördi. Olar esasan bäşatardan uzak aralyga atmagy, atyň üstünde çalasyn hereket soňam, gylyç, pyçak ulanmagyň tärlerini öwredipdiler. Onuň ýene bir geň galan ýeri, Han ony ýanyna çagyryp: «Inim, sen Ýylanla gije gidip, gije-de gel. Gidişiň bilen gelişiň deň bolsun!» Ýa-da «Şu düwünçegi Çerrik hana eltip gaýt» Ýa bolmasa, «Inim sen atdan düşmän, Läbiklä baryp gaýt, çopanlar gyrkymy gutarypmy, gutarmanmy bilip gel» diýip, bäş on sapar synag salypdy. Ol Läbiklä ilkagşam ugranyndan, ertesi ýary gije Bedirkende gelipdi. Ol baranda Läbiklide ne süri bardy, ne goş. Iň bärkisi, atyny suwaraýyn diýse, guýynam, ondan suw alar ýaly gowadyr, nowanam tapmandy. Asyl indi bir aý kyrk gün bäri bu töwerekde sürüniň bolanyny aýan edýän alamatam tapmady. Ýöne atyň üstünde oturan ýerinden töweregi synlady. Ol hanyň garaşylmadyk bir sowal beräýmeginiň mümkindigini çaklaýardy. Oýda öýleriň oraçalaryň, ojagyň yzy bardy. Bir eşek ýüküräk ojar dargap ýatyrdy. Köne agylyň işiginiň ojar-çetileri pytyrapdyr. Ol atyny yzyna depdi. Han ýasy namazyny ýaňy okap, namazlygyny ýygnamandyr. – Han däde Läbiklide süri ýok eken. Onuň ol ýerde bolmanyna ep-esli gün bolara çemeli. – Haýsy guýa göçdilerkä? – Bilmedim. Yz-toz ýok. – Şol depäniň üstündäki düýäniň çakyr kellesiniň burny nirä garap duran eken? – Aý, men ony görmändirin. Han namazlygyny burça söýedi. – Şony bilip gel, onda. Ýolmät atyna dynç bermän, aç, suwsuz Läbiklä baryp geldi. Ol baranda süri oýa ýaňy inen eken. Çopan-çoluklar oňa düşmegi mürehet etdiler. – Ýaz gyrkymyna şu gün başlamaly. Öten agşam Şöwürde bolduk. Howa ýagar öýtdük – diýip, sürüniň baş çopany, öz obadaşy Bozagan aýtdy. – Han-a, şol çakyr süňk nirä gidenimizi görkezip durandyr-a, äň etmänsiňdä. – Häzir nirä bakýar? – Häzir Bedirkent tarapa bakýar. «Biz guýuda» diýildigi-deýt. – Bolýar, Bozagan, oba, Han däde sargydyň bolsa aýt. – Janlary sag bolsun. Gyrkymdan soň özümem baryp gaýtjak. – Ol atly- ýaragly ýigidi boýdan-başa, gözügidijilik bilen synlady. – Atyp bilýäňmi? Gala nädýär? Ýolmät atyny yzyna dolady. – Sag-aman galyň. – Salam aýdyň. Ýolmet gidişindenem çalt geldi. – Süri oýa eňipdir, Han däde. Ýaz gyrkyma şu gün başlajak diýip oturan ekenler. – Gyrkymçylary ýetikmikä? Ýolmädiň argyn başyna ýyldyrym uran ýaly boldy. «Han dädem meni ýene yzyma iberer-ow» diýen duýgy ony janlandyrdy. Ony «sora» diýmäňizsoň, soramadym. Ýöne goşda dört-bäş çopan çolug-a bar eken... Han onuň ýüzüne garady. – Çakyr kelläniň ujy nirä bakýan eken? Ýolmät azajyk ynjaldy. – Goşa bakýan eken. Han yzyna dolandy. – Bar işiň bilen boluber. Ýöne han bu nökerinden has köpräk üşük tamakindi. Ol gidip barşyna – «Munuň çekip almaly häsiýeti erbedem däl. Üşügi kemräk, üşügi» – diýip oýlanypdy. Şeýle synaga salnan oglanlar kändi. Indi olaryň ählisi hanyň gözsüz batyrlyk synagyna garaşýardylar. Iň kyny şoldy. Gün nahar mahalyna golaý belende galdy. Howa petişdi. Han märekäniň törinde oturan ýerinden üýşmeleňe serenjam berip ýörenleriň birini ýanyna çagyrdy. – Oturyşdylarmy? Jarçylar «adamlara oturmagy» towakga etdi. – Gurluşykdakylaram gelsin, otursyn. Gurluşyk ýatdy. Adamlar düşege geçip, ýüzlerini hana öwrüp, oý berip oturdylar. – Adamlar, salowmaleýkim! – diýip, Gurbanmämmet serdar adaty gysgajyk sözüne başlady. – Şu gün Daşhowuzyň hany Çerrik han sadaka berýär, kabul bolsun. Günde-günaşa şeýdip, üýşübem oturmamzok. Şonuň üçin pirimiz «Tebärek» çykmazdan ozal, beýleki hanlaram belläp goýbereliň. Ol han Işana seretdi. Işan aga baş atdy. – Köneürgenje Pirmämmet hany belleýän. Pirmämmet han ýerinden turup, Hana tagzym etdi. – Porsa Ýaňybaý ketjäni han belleýän. – Akdepä Goçmämmet hany belleýän. – Ýylanla Şakir bala han bolsun. Ol sag egninde oturan Çirrik hana garady. – Külli Daşhowuz etraplaryna Çerrik han Han bellenendir. Han ýene-de Işan aganyň ýüzüne garady. Soň egilibräk oňa birzat diýdi. Han Işan baş atdy. – Tagta özüm han bolaýyn diýsem, Han Işan «Seniň Bedirkende han bolanyň bolar» diýýär. Adamlar gülüşdiler. – Dogram aýdýar. Men Tagta Durdy köwlini han belleýän. Han Durdy murtuň syrdamdan daýaw göwresine guwanyp garady. – Köwçülerem han ýetişdirip bilýän urugdyr, gutly bolsun, Durdyjan, adyňa eýe bol. Durdy murt ýerinden turup öz hanyna tagzym etdi. Han ýene märekä ýüzlendi. – Meniň bu hanlardan üç talabym bar. – Ol berdaşly ýumrugyny aýasyna gysdy. – Birinji bilen, tertip-düzgün bolsun. – Ikinji bilen, meniň halkymyň, içdenem, daşdanam rahatlygy bozulmasyn. – Üçünji bilen, Allanyň ýoly, adalat bozulmasyn. – Ol märekäniň üstaşyry gala tarap seretdi. – Eger şu üç ýol bozulsa, atam göründen çykyp gelse-de, sylamaryn. – Ol işan aga garady. – Pirimiz, hany Gurhan okaň, bu hanlara-da «ak pata» beriň. Han işanyň gaýypdan düşen perişdäniňki ýaly didary, owadan sesi, Gurhany Kerimiň süreleriniň ylahy keremi tutuş äleme çaýylyp gitdi. Nahardan soň, aňyrdan alňasap gelen nökerler Çerrik hanyň garşysynda dyza çöküp, bir howsalaly habary aýtdylar. Han olara gözünüň gytagyny aýlady. Çerrik han emedekläp gelip, hanyň gulagyna pyşyrdady. – Han däde, Hywa hanynyň nökerleri ýene obama gelip, göze görnen gyzjagazlary süýräp gidipdirler. Rugsat berseňiz, men gideýin. Hanyň ýüzi sallandy. – Bir işiň başlanmanka çäresini görmän, oglanlyk edýäňiz. Çerrik hanyň gyrmyzy ýüzi sargardy. – Han däde! – Otur. Han Ýolmädi ýanyna çagyrdy. – Sen Ýusuby, Halbaýy, Hudaýnazary, ýene dört nökeri ýanyňa al-da Hywa ýoluna gönüläp dep. Ilerki obalara özbekler, Hywa hanynyň nekgendeleri talaňçylyk salyp, ýaş gyzlary süýräp alyp gidipdirler. Şolar göre girse-de, gulagyndan çekip, alyp geliň. – Lepbeý, han aga. Olar gidensoň, ol Çerrik hana ýüzlendi. – Ters yzynam unutmaň. Han nahardan soňam öýüne gaýtmady. Ol öýle, ikindi namazyny galanyň ýanynda okady. Han işan Owganystandan ýörite gelen Jemal Ulla han, Samarkantdan gelen Kemen nogaý bilen uzak wagtlap gürleşip oturdy. Soň galanyň içine aýlanyp, onuň demirgazyk böwründe, galanyň böwri oýulyp ýasalan, ýöne pagsalynyň yzlary ýagşy çekilmedik gowagy görkezdi. – Ine şu ýerini belläň. Ol ýeri duranlaryň ählisem makullady. – Soň körýemiz, sesi, kalaga tüşegente, buny ýapagmys, kalanyň taşgyntan işik açkaýapymyz Han düşündi. – Sesi şeýle ýakymsyzmy? – Sesi ýakymsyz däl-deý, ýöne tar-tar, mar-mar, ýürekge düşýabk turgan. Ýakşy idi, ýaman dýalidi. Han olary gyssady. – Gyssanyň, siziň gyssagyňyz näçe gün bolar. – Ýüz kün. Ketipdi, oturupty, tarlary on kün. Jämi ýüz kün. – Bolar. Gala dogrudanam bu eýýamlarda, bu etraplarda görlen zat däldi. Häzir ini, boýy ýaňy ýarpam bolsa, ol Orta Aziýanyň göbegi ýaly bolup, göge garşy dyzap barýardy. Galany dört işikli, tümli, böwürleri otag, otag, içi oňat tamly berk, görnüşini Han Hyratda görüpdi. Ol şonda Han işan bilen şol galalara aýlanyp, edil şu gurulýana meňzeşiniň üstünden barypdyrlar. Şol ýerde özlerine howandar bolan Töre hanyň maslahaty bilen bu işi alyp barmagy, Töre hanyň aşnasy Jemal Ulla hana ynanypdyrlar. Jemal Ulla han öň Hyratda, Şybyrganda, Maşatda, Bambeýde diňe palçykdan pagsa galalary gurmaga gaty ökde ussa bolup çykdy. Onuň ady Jeýms Ulýamis bolup, Amanulla hanyň hormatyna özüne Jemal Ulla adyny alan adamdy. Jemal Ulla han öz Kandagarly aşnasy, asly Samarkantly Kemen nagoýy tapyp, onuň üsti bilen bu gala ortaçarak güýji bolan elektrik stansiýasyny guramagam guraýardy. Şu gün olar şol stansiýanyň oturdylmaly ýerlerini belläpdiler. Han onuň üçin ýüz müň tyllany Kemen nagoýa hiç bir kepilnamasyz geçirmegi karar etdi. – Kala kaçgan kurulgaýab bolup – diýip, kemen nogaý Hana täsin sorag berdi. Han ölçerip-dökmän: – Ýüz günden – diýdi. Kemen Nogaý ýüz günüň sentýabryň ortalaryna düşýändigini hasaplady-da. – Stansiýa togsan günden munda kelaýab turar – diýdi. Şol wagt Ýolmet han agasynyň ýanyna barmaga puryjy sorady. – Han däde, ol nekdendeleri ele saldyk. Gyzy halas etdik. – Hany olar, kimler. – Ýomut oglanlary. Biri Garaporsaňdan, beýlekisem, Daşhowuz şäheriniň özünden, özem özbek. – Hany, getiriň. Ýüzleri-gözleri gara-gan, gök dalow bolup duran iki ýigidi alyp geldiler. Olar gele gelmäne Hanyň aýagyna ýykyldylar. – Han aga, pohumyzy iýdik. Günämizi öt. Han ýigrenji bir zada sereden ýaly, ýüzüni çytdy-da, olara gözüniň alasyny pürkdi. – Öz uýaňyz barmy? Türkmen oglan aglady. – Bar, han aga, kepe gitdim, pohumy iýdim, günämi geç. Han Ýolmede garady. – Bular kim? – Bu Garaporsaňly Aba kör bar-a, obaň mallaryny Ahala sürende siziň eliňize düşen, şonuň ogly. Şamy kele nöker boldy. Şonuň günäsini göterýär. Ol özbek ýigidini görkezdi. – Ol sesini çykaranok ýöne, olam tanalýan adam. Hywa hanynyň şugulçysy Raşit özbegiň ogly Bahramjan Daşhowuzly Ýazberdi mastymyň agtygyny süýräpdirler. Özleri ters ugra Akguma tarap barýarkalar görlüpdir. Olar Hywa Taşhowzuň üsti bilen däl-de könäň üsti bilen geçjek bolýan ekenler. Şu sapar dördünji talaňlary. Han elini galaň daşyna uzatdy-da, özem olaryň yzy bilen gaty-gaty ýöräp, galadan çykdy. – Ýolmet, inim, obaň gaýrasyndaky ýoldan geçirip, öz eliň bilen ikisinemitden çykar. Ýolmet sadaka gelenleri, galada işläp ýörenleriň, köne-ýu-täze nökerleriň gözüniň alynda ilden çykan bu iki nekgendäni okdan geçirdi. – Boldy, degmäň ýatsyn porsap, ile göz-gulban bolup maslyklary. Bu habar şol günüň özünde tutuş Hywa iline gark bolup, ýaýrap gitdi. Gurbanmämmet Hywaly mesele barada indi näçe gündür, irmän kelle döwýärdi. «Ol çüýrän wagty, haram kapyrlara syrtyny diräp, etjegini edip ýör» diýip, ol gaharyna essinden çykaýjak bolup, tisgindi. Çirik han Bahadur hanyň nökerlerinden arz etdi. Ol Bedirkent galasy üçin dört sany demir bilen dagdan agajyndan bejerilen, aşyk-magşugy polatdan, geýdirme zülpli, orusça gulply derweze gapysyny buýrupdy. Şol gapylary almaga giden dört arabaly, sowgat-serpaýly nökerleri indi on gün bäri gördüm-bildim ýokdy. Olar Hywa girendr, bir sebäp bilen sypyp gaçyp gelen özbek ýigidi. «Bizler Hywa hanynyň löçjekleri garapdylar. Olar agalary alyp girdiler» diýýärdi. Emma sorag-ideg edilende, edil bir ýol alyp, ýelni çalan ýaly, gördüm-bildim ýokdy. Onuň üstesine Daşhowuzda, Köneürgençde ýene-de ýaş oglanlar, ýaş gyzlar süýrelip äkidilipdi. Hanyň hut özüniň Balykly guýusunaky bir süri goýnunyň çopan-çolugy guma süsdürilip, malyň özi gürüm-jürümdi. Han assyrynlyk bilen tä ahal ýolunda Ýerkeçsiýene, aşakda Döwkesende ýokarda Ürgenje, gaýrada Hywa çenli aralygy darak edip darady. Emma gördüm-bildim ýokdy. Edil ýere giren ýalydy. Gurbanmämmet serdar Bahadur han Hywada oturyp, mülküne talaň salyp otyrka özüni doly bahaly han saýyp biljek däldi. Onuň jany şoňa ýanyp, onuň namysyny şol gowurdak edýärdi. «Ýa-da on nüň goşun bilen çozup, Hywasyny başyna ýumurmalymy? Hywa çozmak pikiri, Hywany basyp alyp, tutuş bitewi Hywa döwletini döretmek pikiri Gurbanmämmet serdarda, ine şu gün 1917-nji ýylyň 25-nji awgustynda peýda boldy. Ol «nädip?» diýip, hanlyk paýhasy bilen parasat ulgamlaryny yzarlap başlady. «On müň goşun Hywany dört tarapdan gabasa, çozuşyň badyna hanyň köşgi zabt edilse, Bahadur hanyň jany jähenneme iberilse, Ejini hany ýerinde oturdyp, özüm Bedirkentden Hywany dolandyraryn...» Han Hywa dürli taraplardan barýardy. Ony bir demde zabt edýärdi. Emma ony basyp almaga uly bahana gerekdi. Şeýle oýlara gark bolup oturan hany Kakabaý ýirik oýundan açdy. – Han däde, bir topar özbek ýaşulusy seni soraýar. Gelsinler. Han gelenleri ýerinden turup garşy aldy. – Essalowmaleýkim! – Waleýkimessalam. Gelenleriň nurana gojasy çokga sakalyny sypalady. – Weý, han agalar, tanamadyňymy-eý. – Tanap oturarys, Han düşege geçiň. Howa yssydanam beter, petişdi. Derýa boýy bolandan soň sähel yssa göterilen çyglylyk demiňi ýazdyryp barýardy. – Han işen ikiňizler Juma medresesinde bişiren palowlarymy ýadyňyzdan çykardyňyzlarmy? Han bir diňşirgendi-de, medrese ýoldaşyny guman etdi. – Öwez Hoja! Olar gujaklaşdylar. Han myhmanlara serenjam bermek üçin işigiň agzynda bil büküp duran Kakabaýyň ýüzüne garady. – Işan agaňy çagyr. Tutumy uludan tutuň. Eýwany suwlap, düşekleri eýwana ýazyň. Myhmanlar oturdylar. Han Öwez hojany gapdalynda oturtdy. Öwez hoja ýaglyk bilen daňylsa-da ganjaryp duran kellesini hana tutunyp, aglady. – Han aga, başyma iş düşdi, gözüme gan doldy. Men namysa galdym... Han dikeldi. – Öwez hojam, diňle. Men seniň häzir habaryňam aljak däl. Han işan gelsin. Çaý, owkat getirilsin. Soň saçak başynda arzyňyzy kabul ederin. Öwez hoja ýigit wagty Hywa medresesinde Bedirkentli Gurbanmät, Janahyrly han Maryly Töre, Änewli Orazberdi bilen okuwy bilen başlasa-da, medresäni hatym edip bilmändi. Ýarawsyzlyk ony halys alyp ýatypdy. Şondan üç ýyl geçenden soň ol medresäni hatym edip, obasyna gaýdypdy. Şondan bäri ol Hywa, Nöküs aralygynda Öwez hoja ahun ady bilen uly abraýlara ýetipdi. Ol hywanyň günorta bölegindäki hoja obasynda mekdep açyp, oglan okadýardy. Şu döwürde ol mülkli, mally, ýerli, suwly bolupdy. Dört ogluny, iki gyzyny öýli-işikli etmäge-de ýetişipdi. Özüniň bir hüjrede bile okan ýoldaşy Gurbanmädiň Daşhowuz-Tagta illerine han bolup ýörenini eşidipdi. Ýöne şeýle saýhally, asylly, zehinli ýigidiň hudaýyň ýoluny taşlap, häkimlik, baýlyk ýoluna gitmegine öz ýanyndan hyjalat çekýärdi. «Allaha şükür, gül ýaly günüm bar. Eý, Biribar meni nebis, baýlyk üçin ata çykarmadyň. Elime ýarag alyp, bendeleriň azasyny almaly etmediň» diýip, bäş wagt namazyndan Ýaradana şükür edip ördi. Emma şükür edip, Alla diýip, öz gününe gezip ýören adam hem görlüp-eşidilmedik bela-beterlere duçar boluberýän eken. Hywa hany Bahadur hanyň zulumy Nöküsli gara Galpaklaryň, hywaly özbekleriň, türkmenleriň aşyna awy gatyp başlady. Özbekler bilen Gara galpaklar alla sygynyp ýören sada-sypaýy adamlar bolansoň Hywa hanyna el-dil ýetirip bilenokdylar. Gaýta «Hywa hany bilen guda-garyndaş bolany üçin olar özlerini il içinde abraýly adamlar edip görkezen bolýardylar. Hondan bärisi bolup: Hywa hany meniň aga-inim, aýtaman-da, közleriňi zyndanda ýumduramen» diýip, otursa ile-güne haýbat atyp ýörenem ýok däldi. Şeýdibem, bu iş bolaýmaly, adaty bir ýagdaý hökmünde oba, il arasynda öwrenilişen bir işe öwrüldi. Muňa Hywaly Öwez hojanyň özem kän bir pitwa berenokdy. Ýöne haçan-da namysyňy ýakyp, ody özüňe basyp ugrasalar halys bir binamys näkes bolaýmasaň gulagyňy ýapyryp oturmak kyn boljak eken. Hoja ili obasyndan Gülnäz atly gyzyň süýrelip, Hywa hanynyň köşgünde urlup, horlanyp öldürilendigi, hanyň üç sany nökeriniň ýaş gyzyň parçalanan jesedini dört günden soň işiklerine taşlap gidendigi baradaky şum habar özem Hojanyň inini tikenekletdi. – Eý Allahym, beterinden sakla – diýip, ol gussa batdy. Şol günüň ertesi onuň öýüne Allabaý diýen aşnasy gelip, ýagdaýy aýtdy. – Biz indi öz gödeklerimizden, kyz balalarymyzdan korkaý otyrys, molla. – Men bilmeýman. Allaha nalyş kylyňlar. Allahy unutmuşlar. Allah diýiňler. Emma olaryň Alla diýmek ýatlaryna-da düşenokdy. Onuň öýüne Hojaýilden ýene on-on bäş adam geldi. Olaryň owzaýy bozukdy. – Beýle koýmak bolmaýdy, aşnamyz. Bir ýol tapyňlar. Diňe şondan soň Öwez hojanyň ynsaby oýanyp başlady. Ýöne şol günüň agşamaralary onuň gyzy Näzli hanyň uluja gyzy Enejanam Hywa hanynyň atlylary süýrediler. Birki gün çüýmeň-samaň edip, ol ýerden, bu ýerden habar tutýançalar Enejanyň hem jesedini işiklerine taşlap gitdiler. Tutuş Hywa ah çekdi. Enejan, ölüme dözer ýaly däldi. Ol haram, zynahor hanyň demine rowa görer ýay çaga däldi. Ol ýaňy açylyp barýan gunçajykdy. Ýüzüniň nury, örüm-örüm saçlaram on gyza degýärdi. Öwez Hojam agtyjagynyň jesedini görüp, ulyili bilen möňňürip, depesinden toprak seçipler aglady. – Eý, Rebbim, beýle zulumlary başymyza salar ýaly, näme günämiz bar. Ýeriňde-ýurduňda bolsaň, biziň arymyzy alyp ber. Enejany jaýlamaga Öwez hojanyň aga-inileri, giýewleri, goňşulary, öň özleri şeýle zuluma galan il bende üýşdi. Hojaýilli aşnalar aglaşyp öz dertlerini ýatladylar. Boldy bir bozlaşyk boldy bir yzylaşyk. Öwez hoja bu naçarçylyga çydap bilmedi. – Aramgähçilige aglamak bolmaýdy, koýuň. Onuň sesine adamlar seslerini goýup, onuň aýgytly sözi aýdaryna garaşdylar. Ony Öwez hojaň özem duýdy. – Beýle zuluma, han ýeke lepbeý diýip oturmak bolmaýdy, soňy nähili bolarkan?» diýip ýörenleri, Hywa hanyndan içi tütäp duran adamlaryň hem-käsi goşuldy. Olar ýüze golaý adam bolup Hywa hanynyň köşgüne bakan ugradylar. Köşge golaýladykçalar olaryň gözlerinde, ýüreklerinde ýigrenç, gahar-gazap gaýnap ugrady. Hywa hanynyň peşaplary» iki üç ýüz adamyň köşge topulyp gelýändigini hana habar berdiler. – Ene hanyň hossarlary! Özbekler! – Garagalpaklar! Gülnäziň doganlary! – Aýjanyň dogan-garyndaşlary. – Leýli janyň aga-inileri! Hywa hanynyň ragbaty gaçdy. – Hun töläň diýmedimmi, sizlarga! – Alanoklar. Han ýene tilkiligini etdi. – Serwerlerini, rahberlerini köşge salyň. Soň zyndanga taşlaň. Nökerbaşy gelenleri parahat kabul etdi. – Han ekeler, käýinçde. Ol siziň rahberleriňizi, ýaşuly öňbaşçylaryňyzy kabul etedi. Öwez hojanyň ýolbaşçylygynda otuz adam köşge girdi. Derwezeler baglandy. Aradan bir gün geçdi, iki gün geçdi, altynjy gün Öwez hoja ýene bäş adam bilen köşkdn çykdy. Olaryň diňe sulbasy gelýärdi. Üst-başlary gan, ýüz-gözleri, endam janlary gan-gabarçakdy. – Aga-iniler, han guduz açypdyr. Ol tutuş Hywany parçalasa-da doýjak däl. Gaçyň. Adamlar gitmediler. – Näme, maslahat! – Ýeke ýol bar. Gurbanmämmet serdar, han diňe türkmenlerden ätiýaç edýär. Ol özbegiňi, gazagyňy, garagalpagyňy papyjyna paýam edmeýär. Bir güýçli palçy «Seni basym türkmenler kast edip öldürerler» diýipdir. Ol palçy hem zyndanda biziň bilen ýatdy. Indi Jüneýit hana arz etmeli. Ol meniň aşnamdy. Öwez hoja garagalpaklardan Gülnäziň hossarlaryndan üç ýaşulyny, özlerindenem dört ýaşulyny saýlady. – Häzir Tagta, Bedirkent obasyna ugramaly. Bitde dykga-da togtaýyş bolmaýdy. Aç-suwsu, horluk baryny çeken, ganlary ýüzlerinde gatap galan adamlar şeýdip. Ölümüň öýünde özlerini atypdylar... Han olaryň hasratyny duýdy... Han işan geldi. Öwez hoja han işany gujaklady-da, silkinip-silkinip aglady. – Aşnam, beradarym, size-de görmek bar eken. Orta saçak ýazylyp, ellere suw alyndy. Indi näçe günüň gahatçylygyndan, jebir, horluk gören adamlar, oturan-oturan ýerlerinde irkildiler. Günbatardan salkyn şemal öwsüp, eýwan eşret sallançagy ýalydy. Ýumşak düşege çümüp oturan Öwez hoja başyndan geçen zulumuny gürrüň berdi. – Hywa hany başa çykmyşdy, aşnam. Onuň zyndany bigünä bendelerden doly. Ol bizleriň balalarymyzy parçalaý-parçalaý, ahymyzy kökgä ýetirgen. Bize indi bararga ýer kalmaýdy. Alla bizlerdan ýüz öwürgan eken. Han işan oňa göwünlik berdi. – Näşükür bolmak. Allanyň synagydyr bu. – Biz tiýgenler, bizlarga kol ýapgagaklar. Zindanda çüýregip ýatganlar. Bizlerge, hemaýat kylyňlar. Allahyň hormatynga, bize aşna bolgan künlerimiz, iýgen owkatymyzyň hormatyna, okygan Gurhany Kerimiň aýat-suralarynyň hormatyga, bizlarga hemaýyt kylyň, aşnalar. – Özbekde size hossarlyk etjek bolmazmy? – Bolmaýdy. Her kim»dat-baý» menge dolaşmasa şükür» diýgen. Dat üzbegiň garagalpagyň, gazaknyň gününe. Iýgenimiz awy, içgenimiz zäher... Gurbanmämmet serdar belli karara – Kasas kyýamata goýýan däldir hojam. Onda allanyň bendelerine zulum edilýärkä, musulman ylmaty munda arkaýyn ýatyp bilmez. Siz, arkaýyn dynç alyň-da öýli-öýüňze gaýdyň. Biz bärde, pirimiz, Han işan bilen bir meslat edeli... Öwez hoja hanyň arka durup, hossar bolmak baradaky badasyny halasa-da, onuň «arkaýyn dynç alyň-da öýli-öýüňize gaýdyberiň» diýmesini halamady. – Zyndandakylaryň, bir dykgasy bir il. Ondan-da köp, hanym – diýip, zeýrendi. Ony han işan köşeşdirdi. – «Sabyr rahmandan, äwmek şeýtandan» hojam. Bisabyr gül tiz ýolugap belaga. Hak Çerrik hana, Anna bala, Durdy bala, Könürgenje, Porsa çapar iberdi. Daşhowuza Şyhym sülgüni alyp gelmek üçin ýörite çapar iberdi. Şol günüň ertesi ýerden indimi, gökden düşdümi, Jüneýit hanyň atlylarynyň alty müňüsi Hywa hanyny haýran galdyryp, köşgi gabadylar. Olara garşy patyşa goşunlaryny üç müňüsi hüjüme geçdi. Han atlylarynyň müňüsi garnyzony, onuň goşunlaryny gabady. Olary ýaragsyzlandyrdy. Garnizonyň komandiri ak baýdak göterip handan ötüm sorady. Gurbanmämmet serdar Hywa hanynyň köşgüniň gapdalyndaky ullakan tuduň aşagyna ýazylan düşegiň üstünde rus generalyny kabul etdi. – Han hezretleri, öz garnizon esgerlerimiň edepsizligi üçin ötünç soraýarys. Ölen, ýaralanan nökerleriňize derek ýar diýseňiz ýarag, pul diýseňiz pul ýa-da atly arabalaryň altmyşysyny berip bileris. Jüneýit han tatar dilmaja garady. – Ýanaralyňa aýt. Hywanyň hany indi men. Ol mundan beýläk näme «söwdasy» bolsa Bahadur han bilen däl-de Gurbanmämmet serdar bilen iş çalyşar. – Hana, meniň gül ýaly ýigitlerimi oka tutdyrdy. Men häziriň özünde ýeke esgeriňi goýman gylyçdan geçiribem bilerin. Ýöne, bularyň özi ýaly doňuz bolmaýyn. Ýanaralyň özi otuz müň manat pul, ýetmiş araba, bäş ýüz sany bäşatar bermeli. Ilkinji bilen. Hywa hany Bahadur han otursa otursyn, ýerinde – Ol Şyhym Sülgüni görkezdi. – Ine, Hywany şol ýigit meniň wekilim bolup dolandyrar, bu bir. Ikinji bilen, Hywa hany eden azgynçylygy, başyny almanym üçin altmyş müň manat ötüm tölär. Üçünji bilen, ol haramzada Bahadur zyndanyndaky ähli bendini şu pursadyň özünde boşatmaly. Zyndanda ýekeje bendi galsa, özünden görsün. – Dördünji bilen. Ol haram gäwür Hywa ilatynyň bala-çagasyna, mal-garasyna barmagyny degirse, zyndanyna iň bärkisi ýekeje adamy bendi etse, läşini parçalap, itleriň öňüne oklaryn. Boldy. Dilmaç sandyrap duran generala bu sözleri terjime etdi. General ittürşek ýaly kellesini gaýta-gaýta atyp «bolýar, düşündim» diýen manyda silkeleýärdi. Hanyň nökerleriniň gabawynda general, onuň golasty adamlary köşge girdiler. Zyndandaky adamlary boşatdylar. Olar sallam-sajak eşikli, müň günläp dişine öl degmedik diwana ýaly bolşup, sürülenişip köşgüň derwezesinden çykdylar. Hut generalyň özi altmyş müň manatlyk salgydy alyp geldi. Öýläne çenli iki at goşulan arabalaryň diýlen sany taýýar edildi. Han Sülgün Şyhymy ýanyna çagyrdy. – Sülgün, saňa, ine, on nöker, çala mydaryň bolsa, maňa habar etsin. Ähli meseläni özüň çöz. Saňa iki araba, on esger galdyrýan. Nahar-şamy seniň boýnuňa. Syrty kädili baýlary çagyr-da, hor bolmaň. Getirsinler gerek-ýaragyňy. Bu ýanaral hem gözüňde bolsun. Şyhym gowy teklibi orta atdy. – Han däde, şu gepleri hata ýazyp, iki taraplaýyn ylalaşylyp, barmak basylsa, gowy bolar. Soň bular beýle dismiz ýok diýip durmasyn. Näme diýseňem kapyrdyr. Han çürt-kesik sözledi. – Biz olar bilen özümizi deňäp oturmalyň. Gala awgust aýynyň aýagyna ýetişdi. Gurbanmämmet serdar Daşhowuz etraplaryndaky öwlüýäleriň ählisine mal aýdyp, uly sadaka berdi. Soň uly toý berdi. Birinji baýraklara köşekli düýe, gaçar, gowy müngi at goýdy. Sadakany, toýy ile meňzeş edip sowany üçin han işana ahal atyny, bir laý han serpaýyny sowgat berdi. Jemal Ullahan, Kemen nogaý öz sözlerinde durdular. Toý gijesi tutuş galany gündize öwrüp, bark ýandy. Il-gün gijesi bilen tarlap, ýagtylyk paýlaýan maşyny üýşüp, üýşüp gelip synlaýardylar. Jüneýit hanyň Hywa zarba urmagy, bu ýerlerde görülmedik gala gurduryp, onuň içinde gijni gündiz edip duran maşyn oturtmagy, iliň günüň içinde onuň adyny hudawylaşdyrýardy. Bu giden etrapda Gurbanmämmet serdaryň ady dildenem düşenokdy. Onuň berk kadasyna boýun egmeýän ýekeje-de maşgala ýokdy. Han galada ediljek işler, çözgütler barada her gün diýen ýaly bazarlarda, çeträk obalarda jar çekdirýärdi. – Kimiň Gurbanmämmet Serdara arzy bar bolsa, kime adalatsyzlyk, zulum edilen bolsa, kim kişiniň hakyny iýen bolsa, kim şerigata kast eden bolsa başy ölümli, maly talaňlydyr-la-how! Jarlaryň bu jary adamlary haýran galdyrdy. Bu habary eşidenleriň eginleri dikelen ýaly boldy. Ýöne ertesi öýle namazyndan soň ýekeje adam hem arz etmäge gelmedi. Öňki jaýlarynyň eýwanynda çaý içip oturan Gurbanmämmet serdar han işana geň sowal berdi. – Pirim, ýa-ha adamlar düzelýär, ýa-da halaýyk bizden gaty eýmenýär. Ýogsa, il-gün gelerdi ahyryn. Han işan uzyn ak barmaklary bilen tesbisini sanap oturşyna ýadaw jogap berdi. – Serdar, şu ikinji aýdýanyň biçem däl bolsa gerek. zuluma galan däl-de zulum eden şeýtan sapagyny berýändir. Ýöne Hywa wakasy, galaň, bark maşynyň, her günki jar çekdirmäň, bu gelip-gidip duran nökerleriň adamlaryň howasyny basýan bolaýmasa. – Aý, näbileýin-dä, arza gelýän-ä ýok ýaly. – Men şeýtanyň sapagy bolan nebis, hile, kast gutarypdyr diýseler ynanyb-a biljek däl. Ýöne «ogurlyk, zyna, nika bozma azalypdyr» diýseler belki diýerin. Agşamaralar iki sany atly Şyhym Sülgünden hat getirdi. Hatda: «Hywa garnizonynyň başlygy general çagyrmagy boýunça Taşkentden uly çinli harby adamlaryň gelendigini, ertir olar Bahadur hany çagyryp bir maslahat geçirmekçi bolýandygyny, megerem, şol maslahatda Gurbanmämmet serdary ýok etmek meselesi orta goýulýan bolmagy barada maglumatlaryň bardygy Bahadur hanyň ertir uly gumlukda bäş-alty nöker bilen gitmäge şaýlanýandygy, özleri bilen ýüz müň manat pul, bir sandyk tylla alyp gitmek üçin gizlin taýýarlyk görendigi barada ýazylypdy. – Pirimiz, biziň bir iriň baglap, döwlete azar berýän başymyz bar. Şony ýok etmesek hiç ynjalyk berenok. – Yzy nähili bolar? – Yzyny men oňararyn. – Lepbeý han däde. Han Ýolmede däldi öz oglunyň ýüzüne garady. Eşşiniň men diýen wagtynda ol ýigrimi-otuz ýaşly, berdaşly, gözel ýigitdi. Han uly oglunyň kirpikmen, käse ýaly gözlerine, ulygyzyňky ýaly ak, näzik ýüzüne kese bakdy. – Ogul, bu gün seniň han dädeň ýumşuna ýaramaly günüň geldi. – Bolar däde! Ertir Ýolmedi, ýene kimi ýanyňa alsaň al-da, meni Bahadur han diýen ýezitden dyndar. – Oka tutaýynmy? – Ýok. – Han agyr oýa batdy. – Ol ertir uly guşlukda bir «toýa» şaýlanjakmyş. Şonda heniz atyna münmänkä janyny jähenneme iberilli. Eşşi baş atdy. – Men düşündüm, däde. – Düşünen bolsaň, ýanyňa kimi almalydygyny bilýäňmi? Eşşi ikirjeňlenip durmady. – Ýanyma Eýmiri, Ýolmedi, eger berseň Şyhymy, Ýusup bilen Ýunusy alýas. Özüňizem kimi goşsaňyz goşuň. Han käsä bakdy. – Şyhym diýme. Onuň başga gerek ýeri bar. Ýöne men ýanyňyza adam taparyn. Gurbanmämmet serdar yzyndan nöker ibermäge mähetdel, ýasy namazy töwerekleri Şyhym Sülgünem gelip ýetipdi. Han onuň bir özüni kabul etdi. – Han däde, aýtmaklaryna görä, häzir Orsyýetiň içi, «it eýesin, pişik bikesini tanamaz ýaly bulaşyk bora çemeli. Hut ak patyşanyň özem goh-galmagaldan başyny nirä alyp gitjegini bilmän oturan bolara çemeli. Onuň üstesine Daşkent, Baku, Samarkant ýeňiýoluklary, zawutlaryň işçileri işlerini-pişelerini taşlap «ak patyşa ýok bolsun!» bize azatlyk gerek» diýip zörledip ýörşüm. – Hany, bu tertip-düzgün goraýan gulluklar bolmal-a. – Türkmenlerde bendiden ýaga ýer ýokmuş. Müňüsüni gabasaň, on müňüsi sürrenekleşip çykýarmyş. Diýýän-ä, Orsiýet döwleti, ak patyşa, şol uly döwletiň goşuny olara kär edip bilenokmyş. Ýeňiýoluklaryň tarapyna geçip, «Ýok bolsun ak patyşa» diýip zowladyň durmuş. Bu gürrüň han üçin gyzykly boldy. Ol sowal berdigiçe geň galýardy. – Olaryň uly-uly ýanarallary, ohrana diýip bir güýç bolmaly, olar nirä seredýärmiş? Şyhym dyzyny urdy. – Gepem şolarda-da. Belanyň başy şol ýanarallardamyş. Olaram ýeňiýoluklaň tarapyna geçip gidip otyrmyş. – Eý, toba. Han «düşnükli» diýen manyda Şyhymyň ýüzüne garady. – Iberen habaryňy diliň bilenem bir düşündir. Şyhym Sülgün başyndaky pyrsýan telpegini süýşürdi-de, derçirän maňlaýyny aýasy bilen syldy. – Hywa hanynyň bir derdi bar, Han däde. Ol sizden, türkmenlerden gaty gorkýar. Onuň şu garma-gürmelikde ýene özbaşdak, öňdi döwranyň eýesi bolasy gelýär. Ol Hywadaky pagta arassalaýan zawotlaryň otuzysynyň eýesinden, gowaça çigidinden ýag çykarýan bäş zawodyň, hojaýynyndan, ýüň ýuwýan alty zawodyň garamatkeşlerinden, mülkdarlardan, baýlardan ýeke-ýeke çagyrym ummasyz para aldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |