17:50 Gurbanmämmet serdar / Üçünji bölüm -8: dowamy | |
Ol Tagtanyň kazysy mahaly «pylanynyň gyzyny zorlap, taşlap gidipdir» diýip, özüne töhmet atylanda-da bir ölüp bilmändi. Ol namysdan ot alypdy. Agasyna tüpeň çenände-de, şol namys odunyň tüssesi gözlerini baglapdy.
Taryhy proza
Onuň üstüne birwagt girdenek aga pahyryň «Han boljak bolsaň, iliň ar-namysyny gaty berk saklamalydyr. Zyna, aýal-gyz ähli namys-aryň, uruş-dawanyň, agzalalygyň enesidir» diýenem onuň ýadyndady. Onuň özi ömrüne kişiniň maşgalasyna, kemteresinden gabagynam galdyran adam däldi. «Aýal-gyz-a el gardy, zyna etdi» diýeni üçin ol Ýylanlyda, Hywada birki sany jalataýy dardan asmaga höküm edipdi. Emma ol hiçhaçan bu elhenç ody özüne basyp görmändi. Şamynyň ol sözi niresine goýsa, goýan ýerini lowladyp ýakyberdi. Onda-da han sabyr etdi. Syr bildirmedi. «Kişiniň maşgalasy gyzyň bolanda-da, öýüňde bolmasyn. Otursyn öz oraçasynda... Ol gyzy Göwheriň durmuşa çykyp juda owadandan näzik, ak posolak didaryny, içi aby zem-zem suwly, pyýala ýaly balkyldap duran gözlerini, çagalykdan guwanyp-besläp, şu güne ýetiren eziz didaryny ýakymsyz duýgy bilen ýatlady. Soňam içinden «wah!» diýdi. Ol düýn aýalyna gyzyny gaýyn özüne gaýtarmak baradaky sözüni dogry tapdy. Gözi Göwher juwazçynyň öýünde bolmalydy. Ýöne ol häli Ýolmedi görende birhili boýnuny buruk gördi. Han agşamaralar Ejini, Kakabaýy, Ýarany ýanyna çagyrdy. Olar gelensoň han olardan hasabat sorady. – Inim Kakabaý, ýaz ýüňüň näçe ganar boldy. – Han däde, ýaz ýüňi üç müň ganar boldy. Onuň üstesine ep-esli derem taýýarladyk. – Ýagşy. – Inim, Ýaran arpa-bugdaýyň ýagdaýy nähili? Ýaranyň gözleri ýanyp durdy. Kimdir biri oňa degişip: – Ýaran jan, seni Hudaý adam edip ýaradypdyr. Adam etmedik bolsa erkegiň üçünji aýagy ederdi. Onsoň seni edinen erkegiň aýallarynyň dat gününe» diýenmişin. Bu gürrüňi hana aýdanlarynda, ol oňa kän pisint etmändi. Emma Ýaranyň oturşy, turşy, bir ýumuş buýursaň tiz pähimligi, az-kem gyssanmaçlygy oňa berlen bahanyň şaplaşyp durandygyna han göz ýetirdi. «Azajyk, harsallak-da. Ýogsa eden işini mähetdel edenok-la». Ýaran tibirdäp essinden çykaýjak boldy. – Han däde, gowy, gül ýaly. Indi hasam gowy boljak. Han onuň sözüni saklady. – Ýok-la, sen, inim, beýtme. Meniň mülkümdäki arpa näçe harman. Ýygyldymy, atyldymy, çäji näçe boldy? Bugdaýymyz orulyp gutaryldymy, döwegiň gidişi nähili? Çykan çäji näçe çuwal boldy. Olary urulara saldyňyzmy? – Han däde. Han däde! Han Kakabaý ýirige dözümli garady. – Inim, Kakabaý. Öwrediň, hasaplaň, ertir maňa habar beriň. – Ol oturanlara baş atdy. – Işiňiz bilen boluň. Kakabaý Ýirik gitmedi. Ol düşegiň gülüni dyrmalap oturşyna: – Han däde, ýeňňem, gelinlere haly dokatdyrjak. Ýüň gerek diýipdi. Şonuň üçin ýüz ganar ýaz ýüňüni aýryp goýdum. Han baş atdy. – Bar, çagyr ýeňňeňi. Ene daýza şobada geldi. – Näme, haly dokatsam diýýäňmi? – diýip, han dözümli sorady. Aýaly ýaşmagyň aşagyndan: – Öňki ýaşan tamlarymyz boş dur, birinde, keşde etseler, birinde dokma gursalar, islegl-ä köp. Han baş atdy. – Sen entek halyňy bir ýola goý. Özünem galanyň içinden üç otagyny alyň. Näme diýseňem iliň maşgalasydyr. Keşdäňi eýwanda ediberiň. Men ol tamlary ussahana ediň diýdim. Araba, gylyç, galkan, pil-kätmen, demre bagly zatlary galasalmaň diýdim. Olar ertir başlarlar. Ene daýza işan aganyň oturan tarapyna gussa bilen seretdi. – Gyzyňa edenok, Eýmiriň dädesi. «Gyzym eýýäm gidendir» diýip arkaýyn bolup, Şammy meselesinde-de az-kem köşeşen Hanyň ýüregine lap edip, ot düşen ýaly boldy. – O nähili?! – Onuň gözlerine gan indi. – Dädeň git» diýýär» diýmediňmi?! Ene daýza pytyrdady. – Wah, ondan beterräginem diýdim. Dädem bilen özüm kepleşerin diýýär. – Gaýta «Halyçylara özüm ýolbaşçylyk etjek» diýip, ol gaty arkaýyn. Han. Kakabaýy çagyrdy. – Ýolmedi çagyrdy. – Ol aýalyna – bolar, hany kepleşse, kepleşip dynsyn... Sen işiň bilen boluber. – Saňa ýüz ganar ýaz ýüňi ýetermi? Ene daýza müýnlülik bilen. – Bolar-la. Azyrak, öz-ä – diýip, çykyp gitdi. Han işan öýüne gaýdansoň, Gurbanmämmet Serdaryň gazaby ýene möwjäp başlady. – Hany, Ýolmet? – Han däde, olar on araba alyp, Hywa salgyt hakyny alyp gelmäge gidişleri. – Henizem gelenokmy? – Gelýäler. Altyn ýükli arabalary gaty sürüp bolanok, agyr görýär. – Näçe araba. – Sekiz araba altyn. Ikisi altyn-kümüş, şaý-sepler, han däde. Han şol gazabyndan gowşaman. – Şol oglan gelen badyna meniň ýanyma alyp gel. – Lepbeý, Han däde. Häzir Hanyň ýadyna altyn-kümüş düşenokdy. Onuň pikir-zikiri, edip oturan oýunuň çuňluklaryna gidipdi. «Ol «öz maşgalasyny oňarmaýan halyna, giden ile akyl berýär» sansyz, oýnatgy adamyň derejesinde galmak islemeýärdi. «Kepleşmeli!» diýip, ol aýgytly karara geldi. Soň özüni mundan artyk jebre salmak islemedi. Aslynda, Gurbanmämmet Serdar öz çagalaryna-da, o diýen hamrap bolmasa-da, towilan müý adamdy. Kiçijik mahaly uly gyzy Ejebaý hem, Eşşi-de, Eýmir-de, Tylla-da, Göwherem dädelerine öz diýenlerini etdirip bilýärdi. Dogry, Han Eşşi üçin baryp Hywa bazaryndan hozly halda getirmese-de, ol çagalary üçin şol halwany getir ýaly adamam, harajadam tapýardy. Baryp, Daşkent, Samarkant, Ürgenç bazarlaryndan gyş ädijeklerini, enaýyja çaga gulakjynlaryny getirýärdi. Halyly üzüm, kyrk günlük gawun ilni bilen hanyň çagalarynyň dişine degýärdi. Han hiç haçan «bolýar» diýmese-de, öz çagalaryna «ýok» diýmeýärdi. Sebäbi onuň özüni şeýdip saklapdylar. Emma «gel-gel» tutuş Hywanyň hany mahaly özüne «ýok» diýilipdi. Onda-da kim?! Han gyzyny çagyrtdy. – Ejesi bilen gelsin. Eneli gyz hanyň oturan tamyna edil şemal giren ýaly, assyrynlyk bilen girip, hanyň garşysynda oturdylar. Han gabagyny galdyrmasa-da, gelenleri duýdy. Gyzynyň egnindäki ýüpek mata şowurdap ses etdi. Soň aýal şaýy jyňňyrdady. – Gel – diýipsiň, däde. Göwher dogumly dillendi. Onuň ýaş sesinde müýn-ä däl, gorky-ünjüniň gatanjam ýok. – Sen, gyzym, ejeň meniň aýdanlarymy saňa diýdimi? – Ýok, däde, meni şu ýerde öldür, ýa-da kime berseň, ber, ýöne men şol juwazçylara gaýdyp barmaýan. Han tisgindi. – Seniň nikaly äriň dirikä, «kime berseň, ber» diýip, aýdýan kepiň näme. Men ejeňe aýtdym-a, azandan gijä goýman ugrasyn – diýip. Indi, sen meniňem diýenimi etmeýän bolduňmy? Göwher ýüzüni nägilelik bilen torsartdy. Han gepi tükelledi. – Häzir şaýyňy tut. Gaýdybam şu öý bar – diýip, bäri bakaýsaň menden eýgililik tamakin bolma. Göwher hekgerdi. – Bu-u-uw, men-ä şol öýe aýagymam ätmeýän. Bizar, şol haram köwlileň kiri akyp duran öýünden. Şol wagt içeri Ýolmet girdi. – Salowmaleýkim, Han däde. – Aleýkimessalam, inim geldiňmi? – Geldigem, getirdigem, Han däde. Han sesini çykarmady. Ene daýza ýerinden turdy. – Men gidibereýin. – Sen gidiber. Ene daýza çykandan soň Han giýewsine garady. – Näme üçin gelniňi ýygnaňok, han? Ýolmet agyr ýuwdundy-da, derli ýüzüni aýasy bilen süpürdi. Göwher oňa görkezip, agzyny towlady. Soň kese-kese bakdy. – Ýa sizem bizarmy mundan? Ýolmet tisginip gitdi. – Gözümiziň üstünde orny bar, Han däde. Tutuş öýmüziň gözi ýoda. Ýöne... – Onuň ýönesi näme? Ýolmet dogumlandy. – Aý, men Han gyzydyryn! – diýip, baran gününden göwniýetmezçilik edip du-da. Han barysyna düşündi. Ol aýgytly sözledi. – Ine, seniň nikaly aýalyň, han ogul. Ine-de, on bir atar, ol bilinden täzeje nagany gabyndan çykardy-da, giýewiniň öňüne oklap goýberdi. Henize çenli meniň tohum-tijimde, diri nikaly ärini taşlap gelen ýüzügara ýokdur. Indem bolmasyn. Eger saňa aýal bolmajagy çyn bolsa, maňa-da beýle gyz gerek däl, tabşyr ýeke oka. Ony men edenimden sen etseň şerigata jaý bolar. Göwher ýangynly gürledi. – Şoňa aýal bolanymdan, ölenim müň paýdyr. Ölsemem. – Ol agyly, şerraý ses bilen gürledi. – Müň sapar ölsemem, bolman, atyň, naýynsaplar. Han daş çykdy. – Gelýänçäm çäräňi gör! – Ol birsalymdan gaýdyp geldi. Göçmedik nagan öňki ýerinde ýatyrdy. Ýolmet ýerinden turdy. – Han däde, men oňaramok. Men, men – Ol agyr-agyr ýuwdundy. Bark ýandy. Çyranyň yşygyna hanyň gözlerindäki gan reňki bulkuldap gitdi. – Bar, sen gidiber. Şondan köp wagt geçmänkä hanyň onbiratarynyň sesi tutuş jaýa ýaň salyp gitdi. Ol çyrany öçürdi-de, nirädir bir ýere at salyp gitdi. Ertesi tutuş Hywa ýurduna: Nikaly adamsyndan aýrylyşyp gelendigi üçin Jüneýit Han öz gyzyny atdy... diýen bir aýylganç gürrüň ýaýrady. Ol gürrüňiň türkmen dursa, nika, şerigat dursa durjakdygyny ol wagt han nä bilsin. Hywa ili barha tertipleşýärdi. Gurbanmämmet Serdaryň atlylary her gün Hywa iliniň obalaryny, ýollaryny, bazarlaryny darak edip, darap geçip gidýärdiler. Remezan aýy bu ýyl güýzüň ahyryna gabat geldi. Mazaly ekin-dikin tamamlanyp, ýerlere güýzlük bugdaý ekilipdi. Han: «Hywa ýurdunda ýazlyk bugdaý bolmaly däldir. Kim ekjek bolsa güýzlük eksin, ýogsa, aç galar» diýip jar çekdirdi. Köpi gören daýhanlar Jüneýit hanyň aklyna haýran galýardylar. Sebäbi ýazlyk bugdaý çala oňşuk, güýzlük bugdaýyň «hezi» bar. «Oňuşyk başga hez başga» diýýärdiler. Onuň azaby deň bolsa-da güýzki ekilen bugdaý ýazkydan hasyly ýigrimi esse köp berýärdi. Ol gyşuna aňzagyň, garyň astynda ýatyp, kök urup, şaha ýaryp bir düýpdeazyndan ýigrimi-otuz bogun örňäp gidýärdi. Ýaz bugdaýy bir däne tohumuňa bäş däne zyýat bolýardy. Şonuň üçin eýýäm şu ýyldan bazarlar küt-küt gallaly çuwal bolup durdy. Adamlar: «Jüneýit hanyň aýagy düşdi. Agzymyz aşa ýetdi» diýýärdiler. Eýýäm orazada ekilen bugdaýyň maýsasy tutuş Hywa ilinde göm-gök maýsa bolup durdy. Öňde tutuş gara gyş ýatyrdy. Gurbanmämmet serdar oraza günleri öz iline obama-oba aýlandy. Öwlüýälerde aşnalarynyň öýünde, hanlaryňkyda il-gün bilen duşuşdy. Agşamyna bile agyz açdy. Ýurdy dolandyrmakda näme edilse gowy boljagy barada maslahat sorady. Ol bu gün agşam Goçmät hanyňka gelip düşdi-de, Halbaýyň yzyndan adam iberdi. Goçmät han geler öýdüp, ýatsa-tursa pikir edenokdy. Gaýta: «Wah, şu saparam bir sypdyr hudaý, ýoluňa iki öweç» diýip, Allany çagyryp ýördi. Hanyň Goçmädiňkä gelmegi ýöne ýere däldi. Goçmät akylly adamdy. Diýseň, namysjaňdy. Ony haýsy ýere belleseňem, gep getirjek däldi. Ýöne onuňam çaga häsiýetleri bardy. Kim näme diýse ynanýardy, öýkelekdi. Şammy bilen aşnalygynyň esasy sebäbi, häsiýetleri gaty meňzşdi. Şammynyň alyp bilmez galasy Gurbanmämmetdi. Ol ony hiç ýere çekinip, gizlejek bolup durmaýardy. – Haý gyzzyňy uraýyn Han baýtal meniň bilen aşalygyň üçin Seni ýekirýär. Ýogsa, Halbaý poh bilýärmi? Gören ýerinde seni ýamanlap aýlanyp ýör. Özüm eşitdim-ä «Goçmämmet eýle, Goçmät beýle diýenini. Kellesini pyzlawyk kädi ýaly edeýinem bir diýdim bar-a. Saklaýdylar – diýip, ýalanam sözläp goýberýärdi. Hanyň Goçmät bilen ýaraşasy gelýärdi. Ol gördi-bakdy, Goçmäde deň geljek serwer adam görüp bilmedi. Şonuň üçin ol Köneden gelşine, derýa boýuna Goçmädiň täze guran mülküne sürdi. Howa kesip barýardy. Düýn-öňňünki ýagan gar eremänkä, onuň üstüne gar düşüp, olam doňupdy. Goçmät agşam agzaçara taýýarlanýardy. Ol ikindi namazyny okap otyrka, işik zarply açyldy. – Heý, däde-eý, goý, namazyňy, myhman geldi. Özlerem ýüz atly dagy bar. Goçmät namazyny taşlamady. «Aý, kazasyny okaryn-da» diýip, namazlygyny ýygnap durşuna. – Heýt, Aratguly, näme diýdiň? – diýip, gygyrdy. – Müň sany atly döküldi. Seni soradurlar. – Kim, kim? – gelebersinler, girebersinler. Kim, olar. Ol özüne jogap berýän adam bolmansoň daşky jaýda, işigiň agzynda duran çokaýyny gowwaldaň geýip daş çykdy-da gözlerine ynanmady. Bir düýrükdi, bir dikeldi-de, öňe ylgady. Dili bolsa: – Han dädem, han dädem! – diýip, saýraýardy. – Özüňmi, gözümmi, huşummy, Alla janlarym. Han atdan düşdi-de, atyna, ony jylawlana-da garaman, öý eýesine bakan ýöredi. – Inim, Goçmät! – Essalowmaleýkim, Han däde. – Waleýkim! Goçmät töweregi gallap duran nökerlerine, hyzmätkärlerine boýurgandy. – Boluňa, boluň. Han dädemiz, gelipdir. Ol hany tutaklap diýen ýaly gapdaldaky myhman tamynyň törüne geçirdi. – Hywa-da, heýwere. Hywa-da heýwere. Gurbanmämmet Serdar ädigini çykarman düşege geçdi. Han işan çokaýyny çykardy. – Hany, biz bir namaz okalyň! – diýip, Han içerä göz aýlady. Olar howlukmaç namaza durdular. Munuň özi hem namazy ötürmezlik, hem öý eýesine nahar-şamy gaçara-kowara maý bermekdi. Onsuzam Goçmät han agzaçara her günem pugta taýýarlyk görýärdi. Bu günem onuň onça-munça myhmany gaýtarmaga ýagdaýy bardy. Han namaz okap durşuna kimdir biriniň içeri girenini duýdy. – Han aga, näme soýaly – diýip, gelen adam sorady. – «Iner gelse soý» diýmänmidirler. Han dädemiň hr süňňüne bir mal soýuň, iki gaçaram ýykyň. Näme, tapar-tapmazyň beçesimiň... Onuň bu sözlerini-de han eşitdi. Namazdan soň olar saçak başyna geçdiler. Şol wagtam Halbaý kürsäp içeri girdi. – Oh-ho-hoý, Han dädem. Ba-ha-haý, Han dädem, ýajja Han dädem. Ol her näçe dabaraly görünse-de, sala, beriş edebi ýokarydy. Uly hormat bilen, uzur ötünip, ilki Hana, soň işan agasyna salam berdi. Soňra Halbaýyň bu gelişine näme diýjegini bilmän duran Goçmäde salam berdi. – Wah, şuny oňaraduradyň, Han däde. Halbaýyň öýüne gonan bolmagyňy, öz öýüme geleniňdenem artyk göreduryn. Orta, çekdirme, ýagly petir, işlekli, kellebaşaýak, kürtük bilen jöwen ýarmasy yzly-yzyna, yzly-yzyna gelip durdy. Han bir bölejik işlekli bilen toşap bilen garylan saryýaga külçe batyryp iýdi-de gapdala çekildi. – Han däde, çekiladursuňuz? – Bereket bersin, inim, iýip bildik. Alla ýalkasyn. Öý eýesi, Halbaý hanyň ýüzüniň nurundan doýaýjak ýaly, hiç zat iýmän otyrdy. – Özüňiz nämä iýeňizok. Alyň. Ýa agzyňyzy bekläňizokmy? – Bekli! – Bekli! Ol wagt çowdurlaň ýaşulusy Geldibaý aga içeri girdi. – Maňa aýtdylar, Jüneýit hany geladu diýip, men aýdadurun. Ol türkmeniň beýik hanydyr, diýedurun. Jüneýit niräň pohy. Ol türkmeniň hany duradur. Ýaşuly hana pata berdi. – Biziň ýaşlarymyza ýetgeý. Dişleriň iýe-iýe dökülmegeý. Sözleriň diýe-diýe tükenmegeý. Ýüzüň nury bara-bara sökülmegeý. Döwletiň gura-gura ýykylmagaý, yrsgalyň döke-döke yrylmagaý... Han gojanyň hor, edil kätmen ýaly aýalaryna bir gysym teňňe guýdy. – Aýdanyň bolgaý, omyn. Nahardan soň mesawy gürrüňe geçildi. – Geldibaý aga, aýdyp otur, näme arzyň bar, näme sargydyň, näme maslahatyň bar. – Ony biz bilmadurus. Ony Han biladur. Hana akyl beraduran akmakdyr. Han güldi. – Beý, diýme. Akyldan-maslahatdan doýan ýokdur. Hanam il-gün bilen handyr. Ýaşuly baş atdy. Soň bilinde guşak edinip ýören ýaglygyny çözüp, teňňeleri oňa düwdi-de, ýene biline daňdy. – Men aýtsam, derýadan gaýdaduran baş ýap, ara ýaplar gyrmançadan doladuran, suwlar, akmaýduran. Ýene men aýtsam, ýollarda gonalgalar bolmaýdurgan. Ýagynda, garda türkmen ygalyň astyndabuýa-buýa oturadurgan. Men diýedurun. Hanymyzyň gözi nädip gyýaduran bulara. Bular türkmen ahyr – Ol türkmen diýende hemişe çowdurlary göz öňünde tutýardy. – Lepbeý, kabul. Ýaşuly ellerini daldalatdy. Soň Goçmädiň «bolandyr» diýip gözüni alartýanyny gördi. – Sen beýik Han, şu Goçmät keli özüňe ýakyn tutma. Bularyň aňyrsy kümsük. – Goýadur – aýt! – Bara-dur – aýt. – Ol şumbagt, kelmagal üýi köýendir.duzuňy iýe-iýe, erte saňa dönük çykadur. Onuň jorasy Şammy ýeksuryn. «Emjegňe çaldygymyz boýdaşy kim, men körüň gyzy Toty kör, bu. Goçmät han hanyň sesi sandyrap çykdy. – Tüket-eýt. – Tur-eýt – diýip, ýaşuly ellerini ýere diredi. – Hanym sen, maslat dilejep olsaň ilerde Müjeri ýemreli bardyr. Şony bir diňle. Hywa ilinde Müjerri ýemreli ýaly danagoý, merdi-merdan ynsan ýokdur. Ol tylladyr, bizler tyllanyň pohy. Ol Goçmädi görkezdi. – Olar gurşunyň pohy. Ol ellerini ýere diräp ýerinden turdy. – Han oňa mürehet etdi. – Geldimät aga, otur iýip-iç. Ýaşuly ellerini daldalatdy. – Duzuna döneduraýyn. Emma men Goçmädiň saçagyny arassa görmedurun. Ol şondan sesini çykarman, çykyp gitdi. – Men, Halbaý, seniň obaňa ýöne ýere gelemok. Maňa sen gerek. sen maňa müňbaşy bolup ber. Oba Goçmädiň özi Hanlyk etsin. Halbaý göwünjeň razy boldy. – Siz bilmeseňizem, men bilýärin. Başymyza agyr belalar geljek bolup dur. Ors çaýkanjak bolup dur. Goşuna onuň ýaly akylly, arslan ýürek ogullar kän gerek. Goçmädem, Şammam beýlekilerem her näçe öýke-kineli bolsa-da, gurt görsek agzymyz birleşer. Bu wagt bir giňişlik zaman. Öýke-kinä el degýär. Indi iki daşyň arasy golaýlap gelýär. Bizem şoňa girmeli bolarys. Eger şu toprakda ýaşajak bolsak. Han Goçmäde ýüzlendi. – Inim, senem aýdanlarymy eşitdiňmi? Hanlygy dürs alyp bar. Öz hanlyk etrabyňda araba ýola çykylýanja ýerde, her obanyň deňinde bir bassyrmajyk galdyr. Gerek bolsa, guýy gazdyr. Il-bende ulaga-beýlekä garaşanda ezilip durmasyn. Han Halbaýdan nökerleriniň sanyny bildi. Goçmämmede iki ýüz bäşatar, on araba bermegi wada etdi. Han daş çykdy. Daşary sowukdy. Gepleseň, gepiň agzyňda doňup barýardy. – Onda gazy-haşara-da özümiz ir-gözünden başlaberelimi? Han nökerlerine tarap ünsli seretdi. – Haşara, bu ýyl, goý, Hywalylar çyksyn. Olaryň gyza el degirmänine bäş ýyl bolupdyr. Geljek ýyl haşary ürgençliler gazsyn. Olaram suwuň durusuny içip otyr-a. Adalatam bolmal-a. – Lepbeý, Han däde. Han öz nökerleri bilen garaňka siňip gitdi. Gurbanmämmet serdar agyr düýş görüp oýandy. Düýşünde sörtükden bir gara bulut gelip, älem-jahanyň gözüni aýlaýarmyş-da, gepläp başlaýarmyş. – Ahyrzaman gelýär, ahyrzaman gelýär. Ol şeý diýen badyna şol gara belanyň içinden saryja-saryja äjit-mäjitler çogup-çogup dökülýärmişler. Özlerem ýanlary bilen getiren ýel degirmenleriniň çarhyna itip-itip salýarmyşlar. Çarha salnan janly-jansyz zatlar üwelip, dünýesi mylgyrap ýatan et bilen gan bolup durmuşyn. Ýaňky belalar ol nesajaty zat goýman iýip, soň birine derek on bolup, hanyň daşyna geçýärdiler. Han atyna münüp, gaçyp barşyna, bir daglyk ýerde, aty büdüräp, tisginip oýandy. Ol geň galdy. Çünki bu düýşi ol indi dördünji sapar görýärdi. «Zülkarnaýyň kap dagynyň gowaklaryna gaban äjit-mäjitleri barada ol Gurhany Kerimde okapdy. Onuň üstesine Han äjit-mäjitleriň häsiýetinem beýan edip, rowaýat aýdypdy. Äjit-mäjit diýerlere, Bir birini iýerler, Birini öldürip goýarlar, Biriniň ýerne on dörär. Ol birinji, sekizinji, üçünji düýşünde ol, bu görümine kän üns bermedi. Emma ýaňy gören düýşi onuň süňňüni yrap goýberdi. Sebäbi bu düýşde ol özüni oraşan gördi. Şol gara bela indi onuň özüne azy saljak bolýardy. «Bu näme boldugyka? Hywa meselesinde hiç-hili howp duýlanok. Hywadan ýanarallar burny deşilen ýaly. Bir Şammy diýmeseň Hanlaram gara gadyr. Ahal taýdan gelýänlerem «parahatçylyk, salam aýtdylar» diýip gelýärdiler. Onda näme...» Ol irden turup täret aldy. Namazyny okady. Allatagala doga dilegler etdi. Soň howlukhan ertir çaýyny içdi. – Inim, Kakabaý, Işan agaň turan bolsa, bir gelip gitsin. Han işanyň ýüzi salykdy. Ol hanyň saglyk-amanlyk sowalyna kän bir ten bermän, başyny aşak salyp otyrdy. – Serdar, çagyran ekeniň, eýgilikdir-dä, hernä? Hanyň howsalasy sowanokdy. Şonuň üçin ol bir töwra ýylgyrdy. – pirimiz, menem, käte çaga ýalydyryn. Daňdan bir düýş gördüm-de, şony ýorup ber diýip, seni bimaza etdim. – Pygamberler ýorgudy bolsun! Han işan ýere bakyp oturşyna Hanyň beren gürrüňini diňledi. Ýöne sesini çykarmady. – Özem, dördülenji sapar şol bir düýşi görýärin. Han işan geň zat aýtdy. – Menem şol düýşi gördüm. Özem dördülenji sapar. Seniň atyň büdürän ýerinde-de, tisginip oýanypdyryn. Han geň galdy. – Toba essapyrallah. Ol bu sözi üç sapar aýtdy. – Bu bir alamatdyr, Serdar. Han hälki pikirini döwnedi. – Hywa hany däl, Şammy däl, beýleki hanlar däl, onda nämekä? – Ýok, Serdar, bu şu asmanyň astyndaky, illeriň başyna injek zulumdyr. Özem gaty uzaga çekjek bir zulmy-külpetiň bize gelýän alamatydyr. Özem, bu gün-erte onuň çawy bu ýerlere-de düşmeli. Han näçe oýlansa-da, onuň nähili gaýrasy Amyderýadan, ilerisi Orta guýudan geçenokdy. Şonuň üçin ol aljyraňňy gürledi. – Hudaý bardyr-da. Hernä, Ýaradan ile-güne bir ýazylganlyk bergeý-dä... Gün ýaňy guşluga galanda Şyhym sülgün üç dört nökeri bilen yzyndan ýagy kowalap gelýän ýaly bolup geldi. Han ony şol bada kabul etdi. – Şyhym, inim, gurgunmyň. Parahatçylykmy. Ýaman irläpsiňä. Şyhym sülgün titredi. – Han däde, Ak patyşany tagtyndan ýykypdyrlar. Han geň galdy. – Ak patyşany? – Howa han däde. – Kim aýdýar ony. Şyhym henizem özüne gelip bilmeýän borly. Ol titredi. – Ak patyşaň Hywadaky ýanaraly ýanyma gelip aýtdy. Han böwrüne diň saldy. – Ol aýtsa, çyndyr – Soňra ol Han işana aşaklyk bilen garady. – Haçan bolan zat by? – Düýn bolan zat. Han böwrüne doňuz diňini salyp oturşyna: – Kim ony, Ak patyşany ýykyp bilýärmişin. Şyhym dodagyny ýalady. – Balçewikler diýýär, özlerä. Irrewelusa bolupdyr. – Irrewolusa boldugy näme? – Alla bilýär, han däde. Ýöne özleri bijaý köpmüş. Nirden gelýäni, nireden çykýany belli dälmiş. Birini öldürseň, ýerine onusy döreýärmiş. – Adamam iýýämişlermi? – diýip, Han işan geň sowal berdi. – Onçasyny bilemok. Han haýran galmakdan ýaňa, näme diýjeginem bilenokdy. – Olar şo-ol gadymky Gurhany Kerimdäki äjit-mäjitler bolaýmasyn? – Onçasyny bilmedim. – Ýanaral näme diýýär. Ol äjit-mäjitler ak patyşa bilen oňjakmy ýa-da, bu illere-de gelmek howpy barmydyr. Şyhym derledi. – Ýanaral «gelmez» diýýär. – Şeýlemi? – Ol aýdýar, «özüňizden dörär» diýýär. Olar bir agşamda döräbem, örňäbem, ýeri-ýurdy gemrim, guradybam bilýärmiş. Han oňa ynanmady. – Ol ýalandyr. Seniň ýanaralyň dowulçy. Ol seniň ýanyňa ýöne ýere gelen däldir. Onuň hem öz maksatjygy bardyr. Onuň ýalyň kepine ynanyp ýörme... Gurbanmämmet serdaryň aňlaýşyça, Orset, Ak patyşa diýen düşünje Ýer ýüzüniň iň uly maňzy bolmalydy. Ol general Kalmykowyň zarbyny geçen ýyl dakypdy. Öňräk Gökdepäni ors alanda orsuň zarbyny tutuş türkmen duýupdy. Häzir, tutyş türkmen, özbek, gazak, gyrgyz, garagalpak, täjik orsuň ýeke deminde asyl-asyl bolup dur. Onuň obasyndan pälä gidip, aýaza aýagyny aldyryp gelen gyzy gara geýimiň aýtmagyna görä, Orset ýaly uly ýurt dünýäde ýokmuşyn ahyryn. Giden sümme tokaý, giden uly-uly şäherler, ýöräp barýan demir galalaryň sany bar-da sajagy ýokmuşyn. Düýäň ähli agaç ugry, demir ugry, ýarag ugry, altyn-kümüş ugry, kömür ugry Orsetden gaýdýan bolmaly. Şol zatlary çykaran daýaw kelleli ors, şol zatlara eýelik edýän, elinde adamzadyň dünýä ýaragynyň, ok-därisini ýaryny saklaýan Ak patyşa indi özüniň dört-bäş müň oýnam nökere agdardyp bilmez, bilmez... Hanyň ynanjynyň tersine, Ak patyşanyň ýoksullar, garyp-gasar, aý-ýalaňaç adamlar tarapyndan tagtyndan taýdyrany, özünem aýaly, gyzlary, ogullary bilen zyndanda saklaýandygy baradaky habar çyn bolup çykdy. Bu habary ahaldan gelen Gurbanmämmet serdaryň köne aşnasy Hojaguly han alyp geldi. – Aşgabat gaty bozuldy. Adamlar duran-duran ýerlerinden balçebik, mençebik es-är, aklar, alalar boldy duruberdi. Olara indi daşyndan, bir ýerden ýagy gerek däl. – Türkmenler näme? Hojaguly han pikirinde orta çykaýjak türkmeni agtardy. Tapmady. – Türkmenler näme bolsun. Eziz han-a Agalaňda heleýiniň syrtyna gyssyrylyp ýatyr. Onuň bar işi kim kimiň sygryny ogurlapdyr. Kimiň öýüni urupdyr, kim kimiň bajysyny zorlapdyr. Şolary kowalap, eline düşeniň gulagyny kesip aýlanyp ýör. Onuň Ak patyşa bilenem, Gara patyşa bilenem işi ýok. Oňa düşünenogam, düşüjegem bolanokdy. Nurberdi pakyryňam neriň döli bolmaz diýişleri ýaly, oglanlary puç çykdy. Maryda Güljemal han bar, olam heleý-dä. Orsy onuň özi ýalbar-ýakar edip, Maa getir-dä. Onuňam Nurberdiden bir ogly bar, olam palak çykdy. Han Ahally hanyň beýdip, baryny puçlap gelşine, öz üstünden düşende näme diýerine garaşdy. Emma Hojaguly tilki sapalagyny urdy. – Han agam, siziň ýagdaýlaryňyz nähili? Ors, pors, bälçebik, pälçebik azar berenokmy? – Hudaýa şükür. Seniň geleniň gowy boldy. Sen meniň gözümi açdyň, etimi gataltdyň. Hojaguly han maksadyny gönüläp aýtdy. – Men Hyratdan ýaňy geldim. Biziň Hyratdaky hossarymyz Töre han salam aýtdy. Olaram Ak patyşaly ýagdaýdan habarly. Türkmenistan, Aşgabat durmasa-da Hywa durmaly – diýip otyrlar. Iňlisler näçe pul, näçe ýarag gerek bolsa Hywa berjek. Olar «hiç bolmanda neneň, niçik bolýança Hywa durmaly, Hywany saklamaly» diýdiler. Men öňünden gaýtdym. Şu gün-erte pul, ýarag ýükli agyr kerweniň ortaguýy töwereklerine geldi habary ýetişmeli. Han arkaýyn gürledi. – Bolar. Alla bize ýaran bolsa, biz ýurdy saklarys. Gurbanmämmet şondan soň Hywany gaty berkitdi. Çerrigiň iki müň atlysyny Hywa geçirdi. Nökerleriň ählisiniň eline iňlisleriň «winçester» kysymly täzeje bäşataryny berdi. Buýruk: «Kimde-kim bozgakçylyk etse, şerigata garşy gitse, ogurlykda, zynada, kast etmede tutulsa, Hywanyň ak bazarynda dardan asyljakdyr...» Atlylar, öýme öý, ýolma-ýol, bazarma-bazar aýlanyp, jar çekip her gün ilata ýetirýärdiler. Indi Hywanyň burny deşilen ýalydy. Han orta guýy Baleýşim aralygyny Durdy köwlä ynandy. Indi Durdynyň üç müň atlysy bardy. Ol Hanyň ynamyny ödejek bolup Ak gum bilen Ortaguýy, Baleýşim aralygynda guş uçuranokdy. Şol ýerden gulan geçse-de tutup, Hana berýärdi. Köpükli, palçykly, balykly, igdeli nepi guýy diýen oýlaryň hersinde alty – ýaragly ýüz adamy bolup, olaryň arasynda atlylar günde üç-dört sapar ondan oňa dazlaşyp, ýagdaýy habarlaşyp durdylar. Han Köneürgenje Ýusup öküzi han belledi. Ýusup her gün Goçmät han bilen habarlaşyp durdy. Halbaý bolsa indi iki müň. Ol öz atlylary bilen Üstýurduň üstündäki, Döwkesendäki, Gaplaňgyrdaky gözegçilik jaýlaryna çenli adam iberip, Ýusubuň atlylaryndan habar alyp gaýdýardy. Ol bu gün Gurbanmämmet serdaryň könä geçjekdigini eşidip, öýünde oňat taýýarlyk gördi. Soň özi ýanyna elli sany atly elin garşylamaga çykdy. Onuň iberen atlylary Han aganyň Akdepeden geçendigini gelip habar berdi. Halbaý Hany Mangyr-Çardepe aralygynda, Derýalyga golaý ýerde aldy. – Han däde, essalowmaleýkim. Han Halbaýyň özüni görüp ýürek tolgunmasy bilen begenjini kabul etdi. Ol Halbaýyň pälwansypat keşbine, gaýduwsyz, ýalçy ýaly ýüzüne, hyjuw syçrap duran gözlerine guwanç bilen seretdi. Halbaý çowdurlaň içinde ala-böle gytyk tüýli telpek geýýärdi. Ol bolsa ýigidiň öňem ep-esli ýüzüni boldumly edýärdi. – Halbaý, inim, ýagdaýlar nähili? Halbaý başky hyjuwyny saklap, jogap berdi. – Allaha şükür, Han däde. Siziň janyňyzyň saglygynda ýurduň bir çüňküni aman-sak sakladurus. – Gep-gürrüň ýok dälmi? – Bolmazam, han däde. Akdepe-Aýböwür, Köne-Döwkesen ondan aňram Uzboýuň ugry bilen Gaplaňgyra çenli her gündiýen ýaly aýlanyp durus. Hudaýa şükür, parahatçylyk Han däde. Han ýoluň gyrasyndaky belent bassyrmany synlady. – Hawa, Goçmät han Akdepe – Porsy aralygynda, atly ýoluň boýunda on bassyrma kurduraryn. Onuň ýanynda kuýuda kazdyraryn. Han Goçmätden razy boldy. Ýöne sesini çykarmady. – Guýularynda gowasy barmy? – Ýok, setil buýradurupdy. Şol bitedursa, keltirip kutaduraman – diýedur. – Bolubilýär. Oba golaýlaşdygyça, Halbaýyň ynjalygy gaçýardy. Ol han munça desga edip, taýýarlyk görüp oturan saçagynyň başyna barmaz çekinýärdi. Bu agyr ýüzüň perişdelerini syryp, oňa mürehet sözüni aýtmaga Halbaýyň güýji ýetmedi. Han ony ýanyna çagyrdy. – Inim, Halbaý, seniň öýüňden bir käse çaý içmegi şu sapar niýet edindik. Ýagdaýyň, taýýarlygyň barmy? Bizi köp saklama. Halbaý «Allaha şükür» diýip, sägindi-de. – Gözüm üstüne, başym üstüne, Han däde diýdi. Han öňki sapar, aýtmasa-da beýle bir bildirip pyşgyrmasa-da Goçmädiňkä geleni üçin» Halbaýyň göwün edendigini bilýärdi. Hut şu günem Halbaýyň Hany öýüne çagyrmak üçin gaty uly tutum bilen taýýarlyk görüp oturandygyny Hana habar beripdirler. Şonuň üçin Han Porsa gelip, Halbaýyň öýünden duz datman ötmäýin diýip niýetine düwüpdi. Gyşyň ahyrky aýy bolsa-da howa çalygyp, az-kem mylaýymlaşypdy. Ýel-uz ýokdy. Araky ýagan gar eräp gidipdi. Ýöne ýollar batgady. Halbaý Hany howdan ýaly uly myhman tamyna alyp bardy. Jaý giňdi, ýylydy. Durşuna garköýüň reňkli türkmen halylardan edil bir esräp gelen ýaz ýaly öwşün atyp, göwnüňi galkyndyrýardy. Han işigiň agzynda sägindi. – Inim, Halbaý men-ä ädigimem çykaryp durjak däl. Kakabaý Ýirik öňünden öllenen ýaglygyny «Han aýagyny çalsyn» diýip onuň ýoluna ýazdy. Halbaý bar-bar bagyrdy. – Süprmäduruň, süpürmädur-u-uň. Han dädemiň aýagynyň astyndaky gadeli nury gözümiziň sürmesi oladur, süpürme... Han töre geçdi. Ýanynda Han Işanyň ýoklugyny ýatlady. Ol Han Işan bilen Şyhymy Owganystana Töre hanyň çakylygy boýunça iberipdi. «Bu wagta, enşalla» barandyrlar-la» diýip, han ornaşykly oturyp, çowdurlaryň ýaşulusy Arazweli ahunyň dogasyna el galdyrdy. Arazweli ahun ýumşakdan owazly sesi bilen doga okady. «Wah, sen bagşy bolan bolsaň-a, märeke agladan bolardyň» diýip, Han gysgajyk oýlandy. Çünki Arazweli ahun arap sözlerini «Er-r-r» diýip, basyp-basyp, yzyndanam burnuna salyp, nyzaş berýär welin doga ganat bitip, edil ýüregiňe girip barýardy. – Ahun aga, sen haýsy medresäni hatym etdiň. Tüweleme, äheňiň süýji. Biziňkileriň okaýşyna meňzeş däl, seniň Gurhan okaýşyň. – Men Buharaýy Şerifde «Gögeledaş» medresesini, Stambulda Hyrkaýy Habyb medesesini, Kairde «Külliýet» medresesini hatym ededurupmyz. Biz imam giýefike meshebi bilen Iman agzam Mesgebin deň tuturymyz. Han geň galdy. – Bize buýrulany Ymam Agzam beshebidir. Ahun ýylgyrdy. – Ynam agzam meshebi, çopan meshebi. Ol dini, şerigaty ýüzleý tutganlaryň ýolu turar. Ynam şerige mesgebi alymanlaryň, din din serwerleriniň mesgebi turadur. – Weý, sen-ä, ahun oňardyň-ow. O nähili, heb şerigatda-da beýle-beýle derejeler bolup bilermi? Ahun derledi. Ol bu ýerde, nähilidir bir gapany gördi. Şol gapandan sag-aman sowlup geçmegiň gaçalgasyny etdi. – Ymam agzam hezretleri şerigaty sadalaşdyrdy. Ony ahun üçin-de, çopan üçinde deň etdi. – Ymam Şafige näme? – Ymam Şäfige Hezretleri din, yslama belet mertebe berdi. Şonuň üçrib külli Şark-ul-eslam Şäfigany özüne ýakyn tutdy. Han özüne seredip oturanlara göz aýlady. – Ahunym, sen «Tebärek» süresini okasana. Ahun. «Harr-r-r» edip, her goşa «r-ly» bogunlara aýratyn agram salyp «tebärek dogasyny ýigrimi alty aýat edip okady. Han onuň üç ýerde si, söz, sözlem basymyny nädogry okanyny aňdy. – Indi meniň okaýşymam görüň! Ol «Tebärek» süresini ýigrimi dokuz aýat edip, Ymam agzam Meshebiniň ýoly boýunça okady. Yzyndan Muhammet essalah wesselemden başlap şu topraklarda ýatan şehitlere çenli aýat-doga etdi. – Ine, bu doga, tüýs türkmençedir – diýdi. Hanyň hem, Işanyň hem okaýşyna, bu iki ahunyň dawasyna goşulyp biljek adam bu ýerdäki nökerleriň arasynda ýokdy. Şonuň üçin bu gürrüň agyň bela ýazaýmasyn» diýdimi, ýa-da «Han bilen deň bolup oturmaýyn» diýdimi, Ahun bir bahana bilen daş çykdy. «Han çowdur halkynyň dawany satyn algyçdygyny gowy bilýärdi.» Çowdurlar dawalaşmadyk gününi çöregini gury iýen hasap edýändirler» diýip, özlerem ýarym degişme bilen, ýarym çyn bilen aýdýarlar. Olaryň dawany satyn alyp, dawagäri bilen aýlap-ýyllap gidişip, ahyr soňunda utulýanam, başyna bela getirýänem ýok däl. Hana çordur dawasy diýen bir wakany gürrüň beripdiler. Ahaldan argyşa gelen kerwen Porsa gelip düşüpdir. Ahallylary myhman alyp, olaryň öňünde palow, gawun beýleki nygmatlary goýupdyrlar. Olaryň arasynda gara gözlek bir ýigit bar diýýär. Onuňam sapy nagyşlanyp bejerilen kiçijik pyçagy bar diýýär. Ýigit gawun iýende, nar bölende pyçagyny çykaryp, ondan peýdalanypdyr. Bu märekede-de dawa diýseň ölüp ýatan Ýomut baý atly bi ýigit bar diýýär. Ol pyçagy görüp gapdalyndaka: «Şolpyçagy alyşyma seret» diýipdir-de, gara gözelek oglana ýüzlenipdir. – Jiçjim, şol pyçagy nireden aldyň. – Pyçagy Ahal bazarlarynyň birinden satyn aldym, näme? Çowdur ýigidi gözüni-gaşyny bürüşdirip, – Dagyňy bilmedurun, şol pyçak meňki bolmaly. Ýigit geň galypdy. – O nähili seňki? – Meňki bolmaly, ynanmasaň sapynda iki kesigi, arka ýüzünde-de düwün bolmaly. Men ony Ahal ýolunda ýitirip, gaty gynanyp ýördüm. Mazaly, sen ony öz üstüme getiredursyň, ber pyçagy. Ýigit näme diýjegini bilmän, birdenem ýüzi ýagtylyp gidendir. – Ýok, garyndaş beýle däldir. Çowdur ýigidi goýar ýaly dälmişin. Her zat diýip, her hili deliller getirip, märekäni ynandyryp barýarmyşyn. Ahyry, Ahally ýigit ýüzüni sallap, pyçagy eline alypdyr. – Şu pyçak seniňkimi? – Meniňki pyçak. – Eşidiň, adamlar, soň yzyna gaýtmyşym ýok, sen, agam üç sapar «pyçak meniňki» diýip aýt. Kellesi gyzyp, pyçakdan başga zady gözi görmeýän Ýomutbaý üç däl, alty sapar «pyçak meniňki» diýen. Ahally ýigit tarsa, ýeke dyza galan. – Ýaşulular. Men Hywa iline öz gandarymy gözläp geldim. Şu pyçak ölen agamyň döşüne sünjülip duran eken. Ine, şu pyçagyň eýesi meniň agamy öldüren, gandaryň damagyny tersine çaljak – diýen welin, Ýomutbaýyň ruhy göçüp, ýüzi oňa çenli, işiň ötüşip barýanyny gören ýaşulylar. – Oglanlar, bu gödek oýnuňyzy goýuň. – Olaryň biri Ýomutbaýa azgyrylypdyr. – Sen, oglan ýok bol, märekeden. Çyk – diýipdirler. Bir bolmasyz işiň bolaýmagyndan howatyr alan Ýomutbaý sypsa razy bolup: – Näm-äý, indi oýun etmegem bolmaýdurmy? – diýen bolup, nägilesiräp, çykyp gidipdir. «Inel, şuňa-da çowdur dawasy» diýerler» diýip, han gülümsiredi. Ol « çowdur diýilýän tiräniň içini bilmek üçin ýüz ýyl goňşy bolmak» diýip pikir edýärdi. Olaryň dili bir zat diýer, gözi bir zat diýer, sözi bir zat, ýüregi bir zat...» Ol arada Gaňňak obasyna Goçmät hanyň öýüne agzaçara sowulanda Geldimät aga diýip, bir goja bilen tanyş bolupdy. Ol goja hana ak patalar berip, gözüni ýaşlap alkyşlar aýdypdy. Han oňa bir goşawuç tylla berdi. Goja alkyş baryny aýdyp, hoşlaşyp gitdi. Gapa çykyp şol teňňeleri Kakabaý Ýirige beripdi. – Me, guzym şuny han dädeňe ber. Men, onuň puluny hapa göredurun – diýip gidipdir. Han öýden çykanda Kakabaý uzur ötünüp, şol gojanyň sözünem, amanadynam Hana aýtaryp berdi. Şonda Han: – Al, inim özüň al, toýuňa ýarasyn – diýse-de, tä Bedirkende barýança adamlara ýagşy niýet bilen edilen hezzet-hormatyň ýüzüňe şarpyk bolup degýändigi barada pikir edipdi... Han naharyny aldy. Ol çekdirmeden bir bölek et alyp, ony el ýaly külçe bilen howlukman iýdi-de, elini süpürdi. Halbaý begenjinden uçaýjak bolup ýörşüne. – alyň, çekilmäň, Han däde. Howa-da mazzaly salkyn diýip, müň sapar aýtdy. – Bereket bersin, inim, ýolagçy ýolda ýagşy. Öňde barmaly, gaýtmaly ýerler bar. Gaýta, senem iki ýüz atlyň bilen goşul. Könäniň hany Ýusup jan merkitler bilen oňuşmaýar... Şolaryň dawasyny açyp bereliň. Il-gün garaşýandyr. Olar günorta golaý ýola düşdiler. Merkitler ýüz elli, iki ýüz öýli bolup, köneürgençde ýerleşipdiler. Olaryň ol öýünden, ol öýüne barmagam görgüdi. Bu taýpa goňşa-da, hana-da, bege-de, Hywaňa-da Gurbanmämmet Serdara-da garaşsyz, biminnet ýaşaýardylar. Olar ne ýer üçin, ne mal üçin, ne hanlyk üçin salgyt töleýärdiler. Onuň üstesine, olar ne nöker, ne at, düýe berýärdiler. Iň ýaman ýeri Hywa döwletiniň aýagynyň astynda oturyp, onuň samanynyň astyndan suwjagaz goýbermäge häzir bolup otyrdylar. Olaryň ýaşulusy Begmet eýtsek, ýedi derýanyň suwuny içen köpbilmişdi. Gurbanmämmet serdar Ýusupjany Könä han bellänsoň Merkitleriň mojuklugy birden güwläp galdy. Ýusupja olaryň ýaşulularyny Könä, öz galasyna çagyrdy. Begmet eýtsek öz ýany bilen on bäş ýaşulyny alyp geldi. Olaryňam ikisi köp garry, ikisi şaňňy ker. Iki ýaşuly agsak, birem alasamsyk bolup çykdy. – Begmet däde, siz ne Hywa hanlygyna bir boýu egýäňiz, ne salgyt berýäňiz, ne-de nökerlige adam berýäňiz. Baran ökerleriňem yzyna it salyp goýberýäňiz. – Haçan? – Haçany ýok. Indi dördünji sapar. Begmet eýtsek elini sakalyna ýetirdi. – Eý, toba. – Siz, agam hanlygyň raýaty. Hanlyga-da boýun bolarsyňyz. Begmet aga ýanyndaky köri dürtdi. – Eşitdiňmi? – Nämäni? – Nämäni bolsun. Han baýtal bize ýer beripdir, suw beripdir, hossar çykypdyr. Şonuň üçin oňa salgyt tölemeli, mal bermeli, teňňe bermeli. Goşunna nöker bermeli. Olam hez etmeli. – Otak alar. Beýleki körem dikgerilip ýüzüni göge tutdy. – Onam almaz. Näme, Han baýtala berer ýaly dökülip ýatan kötek barmy. – Oňky bitaý bolsa näbilýäň? Şonda-da ýok. Begmet «Eýtsek» Ýusupja garady. – Ine-de bularyň gürrüňi. Onsaň bulardan ol-a nöker, salgyt, kotagam almaýaň. – Ol başyndaky telpegini çykaryp, pylçap yzgar ýere urdy. – Me, me, ijjesini dykaýyn. – Men indi ýekeje günem bulara baş bolmaýdurun, bolmaýdurun. Ýusupja olaryň tersjil dawasyna döz gelmän gelen yzlaryna kowdy. Ýöne şondan soň olar möwç aldylar. Tutuş Könäniň süri-süri sygry, goýny, ýoldan gelip-geçýän kerweni, aty, eşegi şol jeňňellikdäki döwletiň holtumyna gark bolýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |