17:54 Gurbanmämmet serdar / Üçünji bölüm -9: dowamy | |
Bu millet sözüň doly manysyndaky garakçylara öwrüldi. Olar Köne tarapyny däl, Döwkesen, Uzboý taraplaryna-da garakçylyk edip başladylar.
Taryhy proza
Indi olaryň derdinden goňşy özbeklerem, aýagujyrakdaky galpaklaram dat edip başladylar. Ýusupja jeňňellikdäki «garakçylar döwletiniň» ýaşulylaryny soňam üç sapar çagyrdy. Gelýänler şol bir adamlardy. Begmet eýtsek, iki sany itme kör, iki sany gereň ker, iki maýyp, iki sähne. Ýusupja bir zat diýse, olar başga bir zat diýip öz aralarynda gygyryşyp, gyrlyşyp başlaýardylar. Emma olar garakçylyga şeýle bir dogumly, edenli ýigitleri çykarýardylar. Olaryň atlaryna, ýaraglaryna sygyryp, seredip oturmalydy. Iň erbet ýeri, olarda adam ogluna jinnek ýalam rehim ýokdy. Kerweni dagy, töwereginde ýeke şaýat goýman kerçeleýärdiler. Soňam jeňňellige sümülýärdiler. Onsaň alan ogry, gören taňrydy» Könäniň, Döwkeseniň obalary, goňşy özbekler, galpaklar malyndan, zadyndan geçdi. Bu haýtynlar indi olaryň gyz-gelinlerine-de el urup başladylar. Geçmesi kyn bolan jülgelerdäki aýawlar ýaly, oba gelip gyzlary, gelinleri güni bilen yzarlaýardylar. Olaryň iň ýaş, owadanyny ogurlap gaçyp gidýärdiler. Indi olaryň derdinden Köneden Aýböwüre çenli, giden aralyk zyndan boldy. Gözi gorkan adamlar ne derýa boýuna, ne Üstýurda mal-gara geçirip bilýärdiler. Bu ýagdaý gün geldikçe beterleşip, indi tutuş köne gorky astyndady. Muny Goçmäden, Halbaýam, Gurbanmämmet Serdara ýürek edip bilmändi ýöne arada bir bolmasy ýagdaý boldy. Hanyň Döwkesen gapdallardan gelýän on atlysy Aýböwür bilen Köne aralygynda gürüm-jürim boldy. Şol atlaryň biri saý-sebäp bilen galtamanlardan sypyp, on bäş gün diýende özüni Bedirkendä atypdyr. Ol ýigidiň ady Begjandy. Begjan süýrenip hanyň huzyryna baryp, gören Horluklaryny birin-birin gürrüň beripdir. Han şol günüň agşamsy Ýusubam, Haçbaýam, Goçmädem çagyrdy. – Hany, bu Köneden günbatardaky Merkitler gelene-geçene azar berýärmişä, Ýusup, sen näme, olar bilen birmi. Halbaý, Goçmät bu nämäniň galtamany. Indi, Hywa ýurdunyň hanynyň on atlysyny gündüziň-güniçapawullap, kerçäp, atyny, ýaragyny alyp gidýän bolsalar, siz nädip başyňya telpek geýip bilýäňiz. Günäni Goçmät öz üstüne aldy. – Han däde jan, biz walla-wylla, aýtmaýaka ýürek etmeduryk. Olar garakçydan ötdi, adam öldurlar. Süri-süri öjeklerimiz, koýu, keşilerimiz, atlarymyz, tüýli eşeklerimiz, Porsy, Köne, Döwkesen, Hemsaýa özbek, Hemsaýa kalpak barysynyňkyny sürdüler. Belanyň körügi şol jeňňel boladurar. Olar kyz balalary kelin balalary-da şol jeňňele taşyp batydyrlar, taşyp batydular. Olara özüm kerek Han däde jan, han däde. – Näçe wagtdan bäri? – Siz bu ile Han durduňyz. Olar-da turdy. – Olar näçe öýli. – Bäş ýüz töweregi turar. Ýöne olaryň ählisi garakçy. Ählisi nöker diýip, Ýusup hem ara goşuldy. Men olaryň ýaşulylaryny dört sapar çagyryp, «Eýtmäň, beýtmäň» diýdim. Emma olar gözümize basyp, edenini edip ýör. Han Halbaýa seretdi. – Näçe atly gerek? Halbaý oýa batdy. – Bilmedim, han däde. Olara atlyň kär edip bilmez. Olar agyr jeňňeliň, düýpsiz batgalygyň içinde otyrlar. Atlylar oňa baryp bilmez. – Onda näme etmeli? Ýusup gamçyly elini galgatdy. – Diňe bir ýol bar. Baharda derýa joşanda, şol jeňňelligi suw alýar. Şonda olar oba-oba bolup, tä Könäniň etegine çenli bosuşyp, gyra çykýarlar. Gyrada olaryň kümeleri, kepbeleri dur. Diňe şonda olary topulyp, ele salyp bolar. Galan wagty on müň atlyňam olary alyp bilmez. Hanyň gözlerinde çylgym-çylgym gan indi. «Meniň özüm söweşe, gan görüp, at darydara sebäp gözläp ýörkäm, bularyň meniň ýurdumda meni oýnajak boluşyna seret, it ogullary. Henize çenli meni oýnajak bolan enesinden dogan däldir. Şu gün size ilkinji oýunjagaz görkezeýin welin näderkäňiz...» Ol Ýusuby ýanyna çagyrdy. – Sen bir zat et Ýusup. – Lepbeý, Han däde. Han gamçysynyň sapyny Goçmäde tarap dikdi. – Üç ýüz atlyny ýüz-ýüzden böl. Ýüz atlyň ýüzüni alyp Aýböwüre barsyn-da, yzyna gaýtsyn, ýüz atlyňam Köneden Aýböwüre bakan ugrasyn. Ýene ýüz atlyň Könäň günbatar ýüzündäki gara jary garawullasyn. Şeýdip, ellerine näçe adam düşse, Könäniň bazaryna sürüp gaýtsyn. – Lepbeý, Han däde. Han Ýusubuň atlylaryna buýruk berişini, özüni alyp barşyny synlady. « – Gowşag-a däl» Hanyň Ýusuba nämedir bir zat buýurýandygyny gören Halbaý hem» özüni görkezmäge bir maý bolaýmazmyka» diýen niýet bilen hana golaý geldi. Han öýle namazyny gabatlap Könä geldi. Ol üç ýüz altmyş öwlüýäniň gapdalynda açyk meýdanda kybla garap öýle namazyny okady. Bu ýerde ýatanlara aýat berdi. Soň gyssanmaç atlanyp bazara bardy. Bu gün Hanyň jarçylary tutuş Könä jar çekip «Gurbanmämmet Serdaryň maslahat etmäge gelýändigini, Könäniň ilatynyň uly-kiçi diýmän Ak bazara üýşmelidigini» habar beripdiler. Han märekäniň gyrasyna gelip atdan düşdi. At gaýtarym meýdan märeke bolup durdy. Bazaryň günbatar çetinde dikilen dar agaçlarda çözüň, süňňüňe elhenç gorky howatyry kürsäp urýardy. – Essalowmaleýkum, adamlar. Han gaty gazaplydy, ýolboýy bu toprakda bolýan hyýanatlar barada ýürek awudujy oýlanmalary, dar agajyna gözi düşende aýratyn bir wagşyýana gazaba öwrülene meňzeýärdi. Onuň gyzgylt reňk silkme telpegi, berdaşly, edil häzir göreşe çykjak Nus pälwan ýaly durkuna ýaraşyk berýän gyzlymtyl agar çäkmeni, onuň ýakasyndan görnüp duran gyrmyzy gyzyl Hywa dony, indi olaryň ýalkymyna al öwüsýän ýüzi, ýaňy bilini ýazyp, galan-gaçan nuruny «Aý, şunam öýe ýük edip alyp gitmäýin-läý» diýip, ak bazara eňteren günüň nurly şuglasyna bir dikmeç gana meňzeýärdi. – Men size takal okamaga gelemok. Men namysym içime sygman geldim. – Ol az-kem ileri süýşdi – oglan ahyry. Men bu döwleti nä günler bilen saklap otyryn. Gel-gel indi bäş oýnam ogram il-güne azar berip, meniň abraýyma şek ýetirmelimi. Men diri gezip ýörtsem, öz halkymy ynjytman. Ol Ýusuba gazap bilen baş atdy. – Çagyr ökerleri. – Ýusubyň Begmet eýtmäni, kör, ker, maýyp-müjrip bendeleri hanyň öňüne sürrenekläp getirdiler. Han Begmet eýtmäni tanaýardy. «Onuň ýaly ýeksurun bolmaz» – diýip, pikir edýän adamsy bu gün onuň maňlaýyndan çykdy. – Salowmaleýkim, «Han patyşa! – diýip, Begmet eýse, ýalum-ýulum etdi. Han oňa ýüz bermedi. – Sen, köpeý ogly «han-patyşa» diýen bolup, etjegiň içiňde. Näme, ilata azar berýäň. Men seni barara ýurt tapman ýörkäň, tiräň bilen şu ýere göçürdim. Indi garnyň doýdumy? – Han dädem, han dädem? – Sen ogram. «Nöker ýerine, salgyt ýerine han baýtal tajak alsyn» diýýämişiň-ä. – Han däde, han däde. Han birden ýaryldy. – Baryny asyň! Boldy bir yzan-da-çuwançyk. Halbaý elindäki bäşataryny asmana baş atdy. Sähel salymda bazaryň gyrasyndaky dar agaçlary başga görnüşegirdi. Olarda sallanyp duran sudurlar, özüni mazamlaýan ýalydy. Olara zol gözüň düşüp durdy. Ýöne hiç nebsiň agyrmaýardy.il-gün bu taýpadan bizar bolup, olaryň etinden ötüp, süňňüne ýetipdi. Bir salymdan günbatardan gelýän atlylaron-on bäş sany sütün ýaly daýaw ýigitleri öňüne salyp geldiler. – Han däde, öňden barýan topary ahmala salyp çozup, olaryň atyny, ýarag alyp jeňňele sümjek bolup durkalar ýetişdik. Bäş adamlary öldi. Ine-de dokuz adam. Han olaryň ökerbasydyr öýden giň maňlaýly gyzyl ýaglyk bilen daňylan pyýadany ýanyna çagyrdy. – Kim bolarsyň? – Kim bolanda näme, sorar ýaly sen kimiň iti? – Ol ýigit ganly dodagyny çeýnäp, ganyny hanyň üstüne tüýkürdi. – Han bilinden berdenkesini sogrup aldy-da, ondan nagany silkip çykaryp gözi bilen garşysyndaky iýjek bolup duran arslan ýaly ýigidiň gat maňlaýyndan atdy. Ol ýigit bir salym gözlerini çerreldip durdy-da epilmän zat etmän, şol durşuna ýere ýazyldy-da, aldajy ýaly barmakly aýasy bilen çyg, duzy çykyp, gaýmaklap duran yzgar topragy kast bilen gargady. Han ondan hem beterräk, ýaňagyna çenli tüý basyp giden aýylganç, guduz aýy kimin peläketi hiç zat sorman atdy. – Olaram itden çykaryň. – Soň yzyna öwrülip – Birini goýberiň, goý gerek zatlaryny gürrüň bersin. Gaýdyp ile azar berseler. – Ol ilata ýüzlendi. – Il-gün, eşitdim-eşitmedim diýmäň. Kim ýurda bulagaýlyk salsa, il-güne azar berse, boljagy şudur. Ýöne, bular pälinden gaýtmasa öýlerini otlap, hemmesini dardan geçirerin. Obalaryny dargadyp, tohumyny gyraryn. Tohumyny. Han şondan yzyna öwrüldi-de, gelip etyna atlandy-da halaýyga ýüzlendi. – Men şuny maslahat edeýin diýip geldim. Sag aman oturyň. Ýusubuň nökerleri hälki tutulyp getirilenleň iň soňkusyna çenli okdan geçirip, sergi bolup ýatan maslykaryň ýüzüne-de seretmän, hanyň yzy bilen atlandylar. Han tä gala gelýänça, hiç ýerde düşmedi. Ol Bedirkende girensoň essine gelen ýaly boldy. Atylan, asylan adamlar bir laý göz öňünden geçdi-de, gelip-gelip, gyzy Göwheriň perişde ýaly didarynda daýandy. Han gyzyny gördi, onuň ýaşdanmy, ýadawlykdanmy, dumanlap duran dideleriniň öňünde Göwher buýsançlydy, owadandy, bigüna ýylgyrpjyk durdy. Ol kümüş jaňjagazyň sesi ýaly owaz bilen. – Däde, däde jan! – diýdi. Han gözüni süpürdi. Ol gala girende-de tamlaryň birinden «Däde jan» diýip, Göwher çykaýjak ýaly boldy durdy. Han atdan düşüp barýarka «Bu häsiýetiň bilen oglan bolmaly ekeniň-dä, balam» diýip samrady. Dünýä bulaşýardy. Owganystana giden Han işan bilen Eşşi otuz düýe ýarag, pul, çaý alyp geldi. Olaryň yz ýany bilen iki düýäni seýlon çaýyndan ýükläp, Hojaguly han geldi. Hywadan Şyhym Sülgün geldi. Gurbanmämmet serdar az-kem ýarawsyzdy. Ol ýakynda Daşhowuz, Ýylanly gapdallaryna aýlanyp gaýdypdy. Şonda duýdansyz ýerden çapgyn ýagyş ýagyp, yzy gara tutup ýagşy sowuklapdy. Hanyň aýaklary agyrýardy. Onuň aýaklaryny kesip, ýerine agaç goýlan ýalydy. Damarlary hiç zat duýmaýardy. Ol onda-da Han işanyň, oglunyň uzak ýoldan ep-esli sowgat-salamly gelmegine begendi. Ýörite Hywada ýasadyp getiren «Burjuýka» atly çoýun peçde süňke dönüp giden ojarlar gaýgyrylman ýakylansoň, hanyň bolýan tamy ýylydy. Bu ýylyň sowgy ýylahyra düşüpdi. «Buýsanmagyn baýlygňa, bijin bardyr özüňde» bolupdy. Bijin halkam, mallaram gaty heläk edýärdi. – Ýylahyr Ahalda nähili? – diýip, han ýassyga bagryny berip, gyşaryp ýatan Hojaguly hana sowal berdi. Hojaguly han kümüş abbasy ýaly tegelekden ýympyk ýüzüni, ahallaç ala gözlerini ýumjaklatdy. – Han aga, bijaý sowuk. Şeýle bir sortükler bar, içegäňdäki yzgaryňy doňduryp barýar. Aşgabat has erbet. Ne eýe bar, ne baş bar. – Ol tirsegine galdy. – Hut özüm Köne-de doňup ýatan çagaly zenany gördüm-dä, onsoň ynanyber. – Owgan nähilli? Han işan ak sakalyny howlukman sypalady. – Owgan-a bir zyndan-a, serdar. Allatagalanyň ýurdunyň erbedi ýokdur welin, owgan dowzah. Ne ot bar, ne odun, ne çöp, ne bir düzüwli öý-il. Munça-munça halaýyk aç, ýalaňaç bolup, öýsüz, owzarsyz, gowaklarda, guýularda ýaşap ýör. Ne iýmit bar, ne geýim. Eginlerinde köne çarşow. Şony başlaryna atyp, aýak ýalaň, item geçse, şondana dilegçilik edip durlar. Gyşam gaty gazaply. Men-ä tas doňupdym. Tüweleme, ýanymda Eşşi oglum bar eken. Gijeler hamyr dolan ýaly dolap, alyp çykaýýar. Han Şyhym sülgüne garady. – Inim, Hywa illeri nähili? Sowuk bilen oňşugyňyz barmy? Şyhym öňdenem Hana hasabat bermeli, aýtmaly, goýmaly ýagdalar bilen gelipdi. Onuň goýjak biriji meselesi, suw meselesidi. – Han dädem, derýa doňdy. Ilat suwsuz gaty kösenýär. – Näme etsem diýýäňiz? – Siz bazarlarda her on maşgala bir guýy gazmaly – diýip, jar çekdirseňiz, iş bitip kalady. Han Şyhymyň özi duýmazdan özbekçeläp başlamagyny halady. «Diýmek, bir akylly özbek maslahat beripdir» – Suw çuňmy? – Ýak, bolsa, boýy. – Berekella. Soň seiň ýene bir aýtjak-goýjak habaryň-a bolmaly. Sülgün «aýtmalymy, şol at-owazasy Maşrykdan Magrupa ýaýrap ynkylabyň owazasy Hywada gelip başlapdyr. Han agyrly aýagyny az-kem göterdi-de ýüzüni çytdy. – Ynkylaby näme onuň? Şyhym ýumrugyny düwdi. – Baýlardan, barjamly adamlardan – diýip, ol gepi Hanyň daşyndan aýlap goýberdi. – Häkimlerden işleýän zawot, fabrige eýelerinden içi köýüp, dil düwşüp edýän şermende gohlaryna ynkylap diýýän ekenler. Oňa orsuja irrewlowýusiýa hem diýýärler. Ak patyşanam tagtyndan agtaryp, aýaly, çagalary bilen zyndana dykan şolar. Han gazap bilen dem aldy. Onuň gazabyna kellesi saňkyldap, telpeginiň burmalaryna çenli titredi. – ak patyşanyň gözi aksyn. Şol güýji, şol ýaragy, şol goşuny bilen şol gurrumsak salpýaklara özüni agdardýan bolsa... Şyhym gözlerini gyrp-gyrp etdi-de, edip oturan gepine gep sepledi. – Indi şolar Buhara-da hanyň daşyna geçip başlanmyşlar. Onuň bir ujy Hywa-da ýetdi. «Onda-munda üýşmeleň bolupdyr». Hywany azat etmeli». «Köşge çozmaly» diýip zawutlarda üýşüp-üýşüp edilýän gürriň gepi gelip dur. Han arkaýyn gürledi. – siziň ol gürrüňler bilen işiňiz bolmasyn. Suw gerekmi, guýy gazyň. Basym ýaplaryň ählisinde gazy-haşar işini geçirmeli. Şoňa taýýarlanyň. Bu ýyl haşaryň ählisi Hywaly özbekleriň boýnuna. Haşardan bir çykaly. Oňa çenli näme bolýar, görmäge janymyz, sag bolsun. Olary entejik öjükdirmäň. Hojaguly han hem ýüregi ýarylyp barýan ýaly gepledi. – Aşgabadam bur-bulaşyk. Goşunam köçe-de, ors, tatar, kürt, häzirbaýjan, bary köçede. Nämemiş ynkylapmyş. – Orsiýet näme diýýärmiş? – Diýip, han gepiň teýkaryna el uzatdy. – Orsiýet, bulaşyk. Gratdan urşy diýeni balýar bir, garyplar bir. Olaryň iň ulusyna Leýli diýýäler. Ak patyşa şol Leýliniň agasyny öldüripdir. Olam sen şeýtseň, men beýtjek diýip, ähli ogry-jümri, işsiz, neşebent, arakhor, zynahor, talaňçy diýmän, men size gowy döwlet gurup bereýin diýip, aldaw-hile bilen bir gozgap goýberipdir. Onsoň uçgundan ot syçyrap, şol nekgendelere goşunam goşulyp, uly ada öwrülip, dünýäni ýakyp barýarmyş. Han Şyhym Sülgüniň bu düşündürişinden, gowy many aldy. – Ýöne, inim, sen bir zady aýt, şol Leýli diýilýäni, onuň dünýä ot ýakdyrman gelýän nekgendeleri Hudaýa nähili garaýarlar. – Olaryň ýigreneni Hudaýmyş. Olar «biz Allasyz döwlet gurjak» diýip, kim Hudaý Alla diýse şol wagt mekgesine münýärmişler. – Olar Hudaýy ýigrenýän bolsa, olaryň Hudaýy ýok bolsa, enşalla Alla biziň bilendir. Olar pöwhe bulut ýaly, pökürdäp, geçer gider. Biz ýurdy saklamaly, şeýle dälmi, pirimiz. Orta saçak ýazylyp, nahar, şor geldi. Ýöne oturalaryň nahar bilen seri ýokdy. Han nahardan soň Kakabaýy çagyrdy. Kakabaý mähetdel etmän içeri girdi. – Inim, Kakabaý häziriň özünde çerrige, Goçmäde, Durdy köwlä, Ýusuba habar ýetir. Hersi obasyna ýüz düýe ojar düşürsin. Gidenlerinde-de düýelerine ot, iým ýükläp, igdelä dşürsünler. Getiren ojarlayndan oba ilatlary ýagdaýy bilenjik alybersin. Adamlar hor bolmasyn. Han elini süpürdi-de, az-kem gaýra çekildi. – Inim, Şyhym, senem Hywa bar. Göni barşyna tutuş Hywa jar çekdir. Hanyň buýrugy bilen her on maşgala bir guýy gazmaly. Erte han gazylan guýulary görmäge geljekdir» diý-de, odunam, gerek bolsa iber adam. Goý, adamlar suwdan, odundan, kösenmesin. Şyhym sülgün gyssanmajy özi bilen bolup çykyp gidenden soň han ýene aýagyny aňry-bäri süýşürdi. Soň häliden bäri ýekeje sözem aýtman oturan han işana baş atdy. – Pirimiz owgan illerinde biz barada näme pir bar. Aýdyp oturyň. Şyhym işan ellerini ýazdy-da, edil edil tawus guşunyň öz ganatlaryny ýaýyp ýygnaýşy ýaly durkuny ýygnady. Soň ak owadan barmaklarynyň arasyndan tesbisiniň monjuklaryny akdyryp, sakalyny darady. Soň sözlük bilen söz açdy. – Serdar, häzir dünýesi bulaşyk. Onuň güni meniňkiden ganymatdyr diýip, kim aýtsa, şol ýalňyşýar. – Onyň dogry. – Dogry, dogry – diýip, bu ýerde bolýan gürrüňleriň käsini diňläp, käsini diňlemän. Pinek atyp, oýaly-ukuly ýatan Hojaguly hanam gepe goşuldy. – Aşgabady dagyny görende, siziň han günüňiz bar. Han işan myhman sözüni soňlaýança garaşdy. – Şeýle bolansoň, Jemal Ula hanyň ustadary-da, Töre hanam Hywa döwletiniň duranyna müňde bir şükür etdiler. – Döwleti saklaň! Döwleti saklaň! Hiç bolmanda bir ýyljyk saklaň. Bizem, aňyrdakylaram ýarag diýseňiz, adam diýseňiz, pul, tylla diýseňizem kömek berer durarys. Ýöne Gurbanmämmet serdara sargydymyzy ýetiriň. Biziňem öz etsem-goýsamymyz bar. Sizi ýeke goýmarys – diýdiler. Serdar ýene-de sowala tutdy. – Ýüňüň hemmesini hasaplaşdylarmy? Han ýadaw ýüzüni eňşidip gepledi. – Ýüňüň baryny hasaplaşyp bilmediler. Iki düýe ýüki bagana, üç düýe ýüki deri üçinem olaryň ep-esli bergisi galdy. «Arkaýyn boluň, üzeris!» diýdiler. Oňa Töre han kepil durdy. – Bolupdyr. Indi gezek Hojaguly hanyňkydy. Ol ýadaw, ukudan doýmadyk gözlerini ýumrugy bilen owkalap, ýassykdan ep-esli gyra çekildi. Aýallaryny ýygnady. – Menem ýaşyryp oturmaýyn – diýip, aýagyndaky mata mesini çekişdirdi. – Aşgabat lerzan içinde. Onyň ne eýesi bar, ne-de başy. Ony Eýran alsa-da alaýmaly, Iňlis eýe bolsa-da bolaýmaly, aklar eýe bolsa-da, es-ärler eýe bolsa-da bolaýmaly. Umuman, meniň düşünşümçe, diňe Aşgabat däl, tutuş Türkmenistan Eýran, Orsýet, iňlis diýen üç sany äpet aždarhanyň öňüne atylan bir bölek lukma bolup galdy. – Hany türkmenler. Olar ahyr owal öz ýurduna eýe bolmaly bolar-a. Hojaguly han apbasy ýaly telpek ap-ak ýüzüni aşak, eňek tarap aýlap goýberýän mäşbürünç, gyrçuw sakalyny sypalady. Onuň ala gözleri ümüş-tamyş otagda dere pişigiň gözi ýaly ýandy. – Han aga, türkmenlerem bir gyrasyndan bar Orsiýetden Han Ýomudskiý gelipdir. Hol türkmeni orsa satan Börmeli Dykmanyň dogmasy Oraz pöwhe, Gökdepeli Öwezbaý Gökleňiň bir gözi gyşyk ogly bar Seýitmyrat diýip, ine, şular Büzmeýin obasynda garry-gurtylary ýygnap «Milli Türkmenistan Döwleti» diýip, el galdyrdyp, jarnama ýazdyrdyp, oňa barmak basdyrdyp yglan eden bolupdyrlar. Hana şol gözi gyşyk Seýitmyrat Köşüde Milli Respublikanyň baş şäherini gurjakmyş. Özüniň üç-dört ýüz atlysy barmyş. Ýöne olardan ýykylyp barýan Türkmenistana näme hemaýat bolsun. Han sesini çykarmady. – Indi bize howandarlyk etjekler bir. Olar iňlis agalarymyz. Olar Gökdepäni elden giderenimize näme etjeklerini bilenoklar. Şolar meni, hanaga, seniň ýanyňa maslahata iberdiler. Han ýene agyrly aýaklaryny göterip, gujagyna aldy. Soňam gyzyklanma bilen: – Eger zerury mahaly Gurbanmämmet serdar on müň atlysy bilen duýdansyz Aşgabada girip, häkimligi öz eline alyp bilermikä? – diýdiler. Han: – Zerur mahaly haçan bolýar olaryň? Hojaguly han hanyň gyzykmasyna begendi. – Ony aýtjakar. Ok, däri, ýarag bilen üpjün etjekler. Han alasarmyk äheň bilen gürledi. – Häzir seniň Aşgabadyňda it eýesini, pişik bikesini tanamaýarka, biz kimiň üstüne çozmaly. Kim bilen söweşmeli bärden baransyň. Ine, şäheri aldygam-da, onsaň kim ony dolandyrmaly. Hojaguly hanyň hälki ýanyp duran ala gözleri neresse çaganyňky ýaly, tegelendi. – Ýaşulylar-a özüň git. Han aga bilen gürleş. Özüňem Aşgabadyň häkimi bol – diýdiler. Han onuň ýüzüne dikan garady. – Özüm diýsen-e. – Han aga, goldasaňyz. Hemaýat etseňiz, Alla «al gulum!» diýse, boluber-dä. Han «Ýogam», «bolar-da» diýmedi. Onuň sebäbi, Ahally ýaşulylar Hojaguly hany iberen bolsalar, onda tutuş Ahal «Daşhowuzdan Gurbanmämmet Serdar çozup gelýär» diýip, gara dowulda oturjagyny han aňypdy. Ýöne şol dowluň, şol arkaýynçylygyň ol ile näme berip biljegine han düşünmedi. Özüniň goşun saplap, Aşgabada barýanyny, Aşgabadyň köçelerinde at dabyradyp, ondan mundan gelen gelmişekler bilen söweş edip ýörenini görmedi. Hojaguly han gürrüňiň şu ýerinde nokat goýjaga meňzeýärdi. Ol daş çykyp gelip, – Bäý, bu sowg-y – diýip, gapdallary har ýaly gyzan peje giräýjek boldy. – Edil aldajy diýseň aldajy-da. Han aýagynyň azaryny çekip oturşyna: – Şu ýyl-a üýtgeşik sowukmyş. Her-nä, ile-güne ýazylganlyk bersin-dä – diýdi. Han aga. Iňlis garyndaşlar gerek bolsa goşun bilenem goldap bileris – diýip aýtdy diýdim dälmi? – Aýtdyň. – Olar gerek bolsa goşunam saljak. Ýöne bir emmasy bar. – Ol nämäň emmasy? – Olaryň düzgüni boýunça, olar bir ýurda özbaşdak goşun girizip bilmeýärler. – Wä, o nä?! – Hawa. Olary «Kömek beriň diýip şol ýurduň ygtyýarly wekili hatlaşyp, çagyrmaly. Eger siz meni Aşgabada han edip oturtsaňyz. Men olary «bize harby kömek beriň» diýip, çagyryp bilýän. Onsoň olar siz yzyňyza gaýtsaňyzam, meni gorap bilýärler. – Indi iňlisler goramalymy, türkmenleri. – Hawa, hawa. Gurbanmämmet serdar ýüzüni turşatdy-da. – Bolubilýä-dä – diýdi. (Roman şu ýerde kesilýär)... Elektron görnüşe geçiren: Erkin ÇARYÝAROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |