17:18 Gurbanmämmet serdar -8/ romanyň dowamy | |
7.
Taryhy proza
«Mütürik aga ýaranokmyş» diýen habar oba doldy. Ýerlere tagt suwuny bermelidi. Mirabyň iň gerekli wagtydy. Tutuş Daşhowuz welaýaty agyr garyň astyndan ýaňy çykypdy. Ýerlere gyş suwuny bermelidi. Oba adamlary aldajy aýazyň ýüligiňi guradara getirýän günleriniň birinde Tersýabyň uly bendiniň başyna üýşdi. Oňa Mütürik aga-da zordan süýrenip gelipdi. – Men, adamlar, ýigrimi ýyl size hyzmat etdim. Indi halym ýok. Özüňize mirap saýlaň. Men sizden towakga edýän. Bedirkent diýen ýer ýygyndydan ýygnanan obady. Onda öküzem, salagam, garadaşlam, magtymam, garaöküzem, çowduram, igdirem, jüneýitdir işanam bardy. Şonuň üçin olaryň bary kimiň mirap boljagy barada ot gysymlan ýaly bolup aladalanýardy. Her kimiň öz adamsynyň mirap bolanyny kem görenokdy. – Salaklardan Durdy ner mirap bolsa bolar. – Öküzlerden Altybaý Mergen bolsun. – Söwer igdir tüýs mirap goýamaly adam-daýt. – Ýok. Kese işan oňarar ony... Mütürik aga orta çykdy. Onuň haly harapdy. Ol zordan öz sözüni aýtdy. – Adamlar bu aldajy aýazda adam oýnaýan ýaly bolup oturmalyň. Eger meni diňleseňiz, Hajybaý Jüneýdiň ogly Guranmämmedi mirap saýlaň. Hemmäňize deňlik bolar. Şol adam bir damja suwuňyz yrýa boljak bolsa, öz dädesinem sylamaz. Özüm gördüm. – Ol how agzy sary oglan-a. Suwy nä bilýär. – Eger Gurbanmämmet mirap bolsa men onuň ýanynda borun. Arkaýyn boluň. Özem atly-ýaragly, halalzada namysly-arly oglan. Gurbanmädiň ady agzalandan adamlar köşeşen ýaly boldular. Garakçylaryň süren malyny gaýtaryp getiren, Erejep hanyň sesine suw guýan oglan adamlaryň ýüreginde orun alan bora çemeli. Gurbanmädiň öz dädesine «Sen hiç kim görenok, suwy akdyryberseň bolmaýarmy?!» diýen wagty «Ýokarda Alla görüp dur, men Alla ters işi edip bilmen» diýen gepinem Mütürik aga otursa-tursa dessan edip ýördi. Adamlaryň bary bu gürrüňi eşidipdi. Erejep hanly gürrüňem dowul bolup ile ýaýrapdy. Han at üçin gelende tüpeň sesinden ürken atyndan ýykylyp, ýaýjygyny döwdüripdi. Onuň indi ata eli ýetenokdy. Jan-jan, öz janydy. Ýöne ol Hojabaý Jüneýit bilen Atabaý gyrymsyny Hajybaýyň üstüne töwella iberipdi. Emma Gurbanmät olaryň töwellasyny almandy. – Men janymy orta goýup il-günüň malyny garakçylardan alyp gelenimde, il kethudasy bolup «Berekella ogul» diýmäge dili barmady. Gaýta, meni uly iliň içinde masgara edip, atymy elimden alyp gitdi. Soňam öýüme gelip ýüzümi-gözümi gamçy bilen gök dalak etdi. Şol döwürde Gurbanmädiň ýüzi gamçynyň yzyndan ganjaryp durdy. Gelenler üýtgeşik bir delil getirip bilmediler. – At seniňki. Bu ýerde dawa edere ýer ýok – diýip, Atabaý gyrymsy hudaýlygyny sözledi. Ýöne Hojamyrat jüneýit oglanyň üstüne heňkirdi. – Sen entek ýeriňe siýip ýören halyňa uly iliň hany bilen dikleşerçe kim bolupsyň. Dädeň otyrka, ulyny-kiçini sylaman agzyňdan poh akdyryp otyrsyň. Ber aty. At ne poha gerek saňa... Gurbanmädiň gahary geldi. – Hojamyrat däde, men häzir-ä däl, ömrümde-de ýerime siýen däldirin. Meni öz oglanlaryňa deňeme. Onsoňam han han bolsa meniň bilen däl-de, özi ýaly hanlar bilen dikleşsin. Hana at beýle gerek bolsa, garakçylar altmyş malyny sürdi, hem ony alyp gelsin, hem onuň malyny sürenleriň gowy atlary bar. Şolardan bir däl, on at alyp gelsin. Maňa at gerek. Şonuň üçin alyp geldim. Şol atam baýrak, kimiň jany iki bolsa, golaýyna gelsin, bagryndan otlaryn. Hajybaý aga oglunyň töwella gelenleriň öňünde jikjerip oturmasyny halamady. – Bes et, dogman geçen, töwella kast etme, gurrumsak. Hojamyrat jüneýidiň gany depesine urdy. – Bu haram güjük äjit-mäjit bolupdyr. Muňa ýagşyja edep bererin özüm – diýip, hoşlaşman çykyp gidipdi. Bu günem ol uly iliň agzyna kese girdi. – Ýok, Gurbanmätden mirap bolmaz. Men garşy. Eger Jüneýitden mirap goýasyňyz gelse, hana, meniň oglum Kakyş jan bar. Goýuň, şony... Adamlar oňa gulak salmadylar. On üç ýaşly Gurbanmät Hajybaý ogly Bedirkendiň miraplygyna saýlandy. Gurbanmät demirgyryň uýanyndan tutup durşuna, merdemsi gep urdy. – Ynamyňyza sag boluň – Ol bir gysym bolup, çagşap duran Mütürik aga garady-da, – Alla şaýatdyr. Hiç kimiň ýeke damja suwy yrýa bolmaz. Özüm-ä etmen, adalatsyzlyk etjege-de ýol bermen. Meniň iki towakgam bar. Şu aýyň içinde her kim suw gezegini alsyn. Soň gaza başlalyň. Ýaba suw syganok. Gyrmança halys gömdi. Ikinji towakgam, on günüň içinde Tersýabyň boýunda ýeke jykyram bolmasyn. Sag boluň. Adamlar dargaşdylar. Gurbanmät atyndan düşdi. – Gel, Mütürik aga, atyma mün, öýüňe eltip gaýdaýyn. Mütürik aga bir Gurbanmäde, birem demirdora seretdi. – Ýok, oglum, meniň halym ýok. Sen maňa ýagşylyk etjek bolsaň, arkaňa mündüräý – Ol kümäniň raýyşyna mündi-de, boş uýana aýagyny basyp ata atlandy. – Hojabaýyň gepine pitiwa berme. Jüneýitler şeýle bir milletdir. Olara daşyndan duşman gerek däl. Özleri özlerine ýagydyr. Biri össe, barysy birleşip, aýagyndan aslyşyp, ýere pylçap urmasalar, iýenleri içlerine gitmez, olaryň... – Sen ýatlardan ýamanlyk görmersiň. Ýamanlygy öz babadaşlaryňdan görersiň. Şolardan hatyrjem bol. Gurbanmät atyň üstünde üşese-de, ýaşula syr bildirenokdy. Ýaşuly bolsa atyň yzynda bir tokga daş ýaly bolup, burnuny çekip gelýärdi. – Erejep handan habaryň barmy? Gurbanmät Garaporsaňa alada bilen seretdi-de – Ýok – diýip goýberdi. Nökerleri bilen seniň üstüňe baranda ýaýjygy erbet döwülipdir. Onuň üstesine çüýjükligem ýazypdyr. – Gelsin, görüp bersin – diýip, üstüme öýdäkilerini iberipdir. Bardym egin ýazyp ýatyr, çatalba çaşyp ýatyr. Özüniň haly harap. At, gut ýadyna düşer ýaly däl. Agyryňa çydasaň müň ýaşa. Men gara öküziň Anna çiginine adam iberdim. Ol gowy tebip. Süňkden oňat baş çykarýar. Geldi. Seýikledi. Her ýaşyna bir gün ýatmany buýurdy. Indem terýek bilen janyny saklap ýatyr. Terýegem, «Özümden başga em bolaryn» diýenmiş-dä. Gurbanmät sesini çykarmady. Ýaşuly at oba girensoň ýuwaşlyk bilen: – Şol jykyrly meseläni dogry aýtdyň. Jykyr dursa, suwda adalat bolmaz. Suw gezegiň-de, ol-a jykyr eken, ýeke bedre suw alsaňam, kişi hakyna kast etme bolar. Arman, men şony edip bilmedim. Menem bir bendäň bendesi-dä. Edýäniň terýek bolsa, eliň haramdan çykmaz. Gurbanmät egnindäki tüpeňiň gundagyny pitikledi-de – Jykyram bolmaz, pykyram – diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |