18:51 Halasgär barsyň hamy / hekaýa | |
HALASGÄR BARSYÑ HAMY
Hekaýalar
Derýanyň ýakasy gür gamyşlyk, ondan aňry sümme tokaý. Tokaýyň girdigiňçe alagaraňky. Rejepbaý mergen agaçlary aralap barýar, kellesinde ýene ala bars. Şu töwerekde gezýän endamy mahmal ýaly bars. Şol barsy awlamak onuň bir ömür arzuwy. Alabeder hamy «ýalp-ýalp» öwşün atýan bars, indi näçinji gezek Rejepbaý mergeniň taýak atym golaýyna gelip gerinjiräp, arkaýyn agnaýar. Soňra has ýakyn gelip, edil öz aýaklaryny ýassanyp ýatýan barsyň seňriginden çykýan myrryldysyna tisginip gözlerini açanynda öýüň dulunda degirmen aýlap oturan aýalyna ýa-da gyzyna gözi düşýärdi. «Ha-k, ýene-de düýşüm eken-ow...» Barsyň mahmal hamyny eýläp, düşek edinen lebaply Rozy mergeni ol gowy tanaýar. Dostunyň öýünde, ojagyň gyrasyna atylan bars derisinden düşekçäniň üstünde oturyp hem görüpdi ol. Şeýle düşek edinmek arzuwy hem şondan soň döräpdi öýdýän. Tokaýyň jümmüşinden, uzakdan, ýakyndan yzy üzülmän çasly-pessaý ýaňlanýan dürli-dümen guş seslerinden bu ýerler äpet bir jandar ýaly duýulýar. Çala sudury bildirýän sokmagy sypdyrman gelşine, garry mergen bir pursat säginip başyny göterdi, howany ysgap diňşirgendi. Şol eglenip duran ýerinde aşak eglip, ýakynda ýolunan bir penje peçege üns berdi. Hasa edinip gelýän taýagyny uzadan dessine peçegiň aşagynda gizlenen gapan «şark-k» edip ýa:zdy. Çokga sakgalyny sypalap «Hä-ä, şeýle...» diýip, gözlerini süzdi. «Agşamyň sergin çagy maral towşanyň çebşeklerini alyp geçýän ýodasy bi». Ol elindäki taýagyň ujuny dişläp ýatan gapany dazyrdadyp birýana oklap goýberdi-de, ýoluny dowam etdirdi. Onuň bu bolşy, tokaýda özümden başga aw awlaýan bolmasyn diýýäne hem çalym edýär birtüýsli. Aslynda onuň özi hem meýdan janawarlerini awlaýandygy üçin müýni bar, elmydama gapyrga çekýär. «Gassapçylyk etmek, hemem aw-şikar, dereginde däl ekeni ýagşy kär» diýen iki setiri gaýtalap özüne gyjalat berýär kämahal. Ot-çöpleriň ysy bark urýan çygly howadan dem alyp, ýoluny dowam etdiren mergeniň göwşüllän, reňki öçüşen gyrmyzy donunyň içinden egnine asan gysga nilli berdankasy çalaja hallan atyp, özüniň bardygyny bildirýän ýalydy. Tokaýyň ortagürpünde agaçlar seýrekleýär. Rejepbaý mergen at gaýtarym boşluk meýdana gelip aýak çekdi. Başyndaky şyrdagyny çykaryp, töweregine syn saldy. Maňlaýyndan, çekgesinden syrygan derlerini süpürip, kirjigen ak mytgal ýaglygyny goltugynda ýygşyryp durşuna gabat garşysynda çöküp oturan düýeler ýaly bir topbak itburnuň arasyndan eşidilýän sese doňuz diňini salyp diňşirgendi. Bu wakanyň bolup geçişi göz açyp ýumasy pursat. Wäh diýen ýaly tiz. Tumşugynyň iki gapdalyndan bir garyş ak dişleri somalyp çykyp duran äpet ýekegapan. Rejepbaý mergen oňly görübem ýetişmedi. Ýekegapan ýeriň aşagyndan çykan ýaly birden peýda boldy, ylgap gaýdyşy hem gazap. Okdurylyp gelşine Rejepbaý mergeni bir ýana togalap, özem badyny saklap bilmän geçip gitdi. Toýnaklary bilen ýer peşeýän haýwan durşuna horruldy, gazabyny «par-par» etdirip burnundan çykarýan ýekegapan ýerinden galmaga synanşýan goja mergeniň üstüne gaýtdy. Kelemesini gaýtalamagy unudan Rejepbaý. mergen «Heý dünýe, menem mynçgalap öldürjek günüň gelen şekilli» diýip, ahmyrly pyşyrdady. Şobarmana ýeriň astyndan çykan ýaly duýdansyz peýda bolan bars ýerinden galyp bilmän oturan mergeniň edil üstünden üçirdikläp böküp, ýekegapanyň garşysyna bardy. Barşyna hem ýekegapan bilen garpyşyp, togalanyp gitdiler. Özüni rastlap dikelen Rejepbaý mergen bütin göwresi bilen titreýärdi. Tokaýyň içi birehili gum-guklyk bolup, gorkudan zähresi ýarylan ýalydy. Guşlaryň sesleri hem ýok, . Rejepbaý mergen biraz özüne geldi. Art aýaklaryndan başlap döşüne çenli garny böwsülen alabeder bars öňünde gana bulaşyp ýatyr. Itburunyň tikenli şahalaryny tar-mar edip, çabalanyp ýatan ýekegapanyň hem çeýnelen bokurdagy gara gan. Emma entek aýylganç «hork-horky» ýatmandyr. Rejepbaý mergeniň üstüne howp abanan pursaty niredendir peýda bolan bars atylyp gelişine ýekegapanyň bokurdagyna ýapyşan eken. Ýekegapan hem gyýaklary bilen onuň garnyna suhlap ýetişipdir. Rejepbaý mergen bu bolup geçen wakalara ynanyp bilmän durdy. Ol bu gara barsy bütin ömrüne gözläp gezipdi. Şuny awlap, derisini eýlemek, düşek edinmek her pursat küýünden gitmändi ahyr. Köp gan ýitiren barsyň süzülip barýan gözleri tokaý miweleri ýaly çym-gyzyl. Şol ganguýma gözler bilen bars ilkinji we iň soňky gezek Rejepbaý mergeniň ýüzüne garady, gaty gamgyn, ýüregiňi ýaryp gelýän tukatlyk. Haýwanyň garaýşyndan onuň haýyşyny aňşyran mergen horkuldysy gudukdan gelýän ýaly haýallap ugran ýekegapana tarap ýöneldi. Berdankanyň gulagyny şakyrdadyp ok sürüp, ýekegapanyň ýazzy maňlaýyndan çenäp, mäşäni parhsyz gysdy. Yzyna gaňrylyp garanda Rejepbaý mergen barsyň hem gözleriniň ýumulandygyny gördi. Soňra ol dem-düýtsüz ýatan barsyň gapdalynda dyzyny epdi. Onuň ýalpyldap ýatan ýmşajyk hamyny sypalap oturyşyna: «Men bütin ömrüme seniň şu mahmal ýaly hamyňy sypyryp almak hakda manysyz arzuw edip gezdim, bu gün bolsa sen meniň janymy halas etdiň. Sen menden kine etme byradar. Hemişe seni ýatladyp durar ýaly hamyňy sypyryp alyp gitmek arzuwym bar, eý meň halasgärim-m...» Sylapberdi MUHAMOW. 23.06.24 | |
|
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |