19:05 Hasratymyñ aýdymy / sonet | |
HASRATYMYŇ AÝDYMY
Goşgular
I. Men hemişe öz-özüme käýindim, Arzuwlarym hasyl etmänim üçin. Uludan kiçiden etmän endişe, Başymy dik tutup geplänim üçin. Men özüm bolmagy başarmandyryn, Subut etdi muny maňa hut özüm. Gördüm gözlerimiň ýaşarýandygyn, Diýmek açylypdyr gapylan gözüm. Her gün özüm bilen etdim men söweş, Gözýetimden aňyrda gizlendi güneş. II. Gözýetimden aňyrda gizlendi güneş. Ýazdy gije tümlügini ýoluma. Men ýene-de öz içimi hümledip, Barýan el torbamy asyp goluma. Ýolda ýeke bolsaň görýän ekeniň, Ýanyňdaky ýalňyzlygyň kölgesin. Menden başgalar-a bagtly ekeni, Goý, olaryň arzuwlary ölmesin. Täleýimiň ters düşende bijesi, Ýene meni ýalňyzlygym idedi. III. Ýene meni ýalňyzlygym idedi, (Ynsan dogulanda ýalňyz dogulýa) Geçmişim bir salym gaýdyp gelsedi, Hany bolsa ýalňyşlarym dogurlap, Belki hasyl bolar eden niýetim, Ýalňyşlarym dogrulyga öwrüler. Güneşimem gaýdyp berer gözýetim, Arzuwlaram hasyl berer ömrüme. “Ýagşa perişdeler omyn diýermiş” Garaşdym täzeden dogar diýp güneş. IV Garaşdym täzeden dogar diýp güneş, Ynandym täzeden şol bir salgyma. Emma bagtly bolup bolmaýar eken. Owalynda ýazylmasa alnyňa. Asmanymda batan günüm dogmasa, Goý ýyldyzlar ýeke-ýeke öçsünler, Söweşimde ýeňiş meňki bolmasa, Arzuwlaram ýüregimden göçsünler. Agymy getirýä sowuk ýel sesi, Asman aý çyrasyn ýakan gijesi. V. Asman Aý çyrasyn ýakan gijesi, Hasratymyň aýdymyna hiňlendim. Köşeşdimek üçin däli ýüregmi, “Keçpelegiň” gamly sazyn diňledim. Tesellimi galamymdan gözledim, Umyt etdim ýene giden bagtymdan. Ýalňyz galdyrana düşdi gözlerim, Geldi, ýöne giç gelipdi wagtyndan. Batan günüm asla dogmady gaýdyp, Men ýene hasratyň aýdymyn aýtdym. 04.11.2018 ý. Aýsapar EMELOWA. | |
|
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Jojak zalym / Goşgular - 11.06.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |