23:04

Hatamnama: Hatama kämil nowjuwanyň sataşmagynyň beýany

Halk döredijiligi we rowaýatlar
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 282 | Добавил: Moderator | Теги: Gurbangül Guzuçyýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Pegass  
1546
Suratdaky gyzyň ýüzi atyň öňüne kese basylanyňky ýaly däl-laý! Gaty göwnühoş ýatyr, mamalaryna gelen ýaly.

0
2 Garadag  
128
Tomaşaçy şony duýup özüçe many çykarsyn diýip, ýörite edilen iş ol.

0
4 Garadag  
128
Arzuwlan ak atly şazadasynyň atynyň öňünde arzuw-hyýallara çümüp barşyna seretsene. Atyň jylawyna peýwagtyna tutan bolup, özünden göwnühoş gyzyň.

0
6 Moderator  
1471
Dogry. Gyz atyñ jylawyndan tutup ýoly ugrukdyrmasa, oglan yzdan gelýän kowguçylar bilen atyşyp bilmezdi.

0
3 Garadag  
128
Admin, şu surat kimiň galamyna degişildigini ýazan bolsa has ýerlikli bolardy.

0
5 Moderator  
1471
Surat kemçilikli bolup biler. Emma birinji bellikde aýdylanlar ýerliksiz. Gyz ata kese basylan (ýagny zorluk bilen alnyp barylýan) gyz däl, ol oglan bilen dilleşikli gaçyp barýar. Umuman gaçyp barýan atdaky dartgynly ýagdaýdan üzñeräk onuñ şekillendirilişi, soñ ýelmenen ýaly suratyñ üstüne (kemçiligi-de şol), ýöne milli öwüşginli, diýseñ gözüñi dokundyryjy gowy surat gördüm men-ä.
@Garadag, suratdan gowy mazmun çykardyñ, berekella!
Ýokarky birinji bellik ýaly zoñtar bellikler ýene bir zady görkezýär: okyjylar köplenç goýlan temany okap degişli bellikleri etmegiñ ýerine, surata seredýärler (edil çagalaryñ ertekili kitabyñ içindäkileri okaman, suratlary görjek bolup, sahypalary agdaryp çykyşy ýaly), ikinji bir ýagdaýam ýekeje teswir ýazlanam bolsa, teswirli temanyñ okalşy (has dogrusy görülşi) beýleki temalardan iki-üç esse köp bolýar. Ýönekeý okyjylardan beýle zatlary geñ görüp bilmerisem welin, sowatly okyjylaryñ we eline galam alýanlaryñ-da köpüsiniñ şolardan tapawutly däldigi geñ galdyrýar...
Ýekeje ters teswir temany okap soñky pikirini ýazjaklaryñam ünsüni doly başga ugra sowup, diñe teswirde ýazylanlar boýunça galmagallaşmaga ýeterlik bolup bilýär. Bulam okyjy gatlagyñ köpüsiniñ (soñkylar bilen birlikde) gowy zat okamak ü.n däl-de, teswirde näme ýazdylarka (ýagny gybat gözläp) girýändigini görkezýär.
@Garadag, özüñ bilýänsiñ, soñky eden belligiñ meniñ birinji üns berýän düzgünim. Emma häzirlikçe awtoryny anyklap bilmedim. Bilemde hökman ýazaryn, düzediş girizerin.

0
9 Pena  
1790
Hakykatdanam şol wagtlar barada okalan eserlerde ata kese basylan gyz zorluk manysyny berenokmy? Eger gyzyň meýletin özi münen bolsa oglanyň öňünde aty dolandyrmak üçin ýada oglanyň yzynda oturaýjak ýaly. Dogrudanam birhili

0
10 Pena  
1790
Sowatly okyjy ýada eline galam alýanlaryňam hemmesi akylly-başly däl-ä, ýönekeý okyjylarça-da akyly ýoklary bar. Emma maskany köp saklamany başarýandyklary bilen tanamak kyn. Emma hökman bir wagt maskasy gaçýar ýada başgalar tarapyndan sypyryp aýyrylýar. Tilki hiç wagt möjek BOLUP BILMEZ.

0
7 Pegass  
1546
Suratdaky kemçilige ýazylan teswiriň "zoňtar" sypatlandyrylmasy hem zoňtarrak boldy. Aşygy bilen meýletin gaçyp barýan gyzyň kese ýatmasy has zoňtar görnenokmy eýse?! Şol döwürler barada şu wagta çenli okanja eserlerimde atyň öňüne kese basylmagy diňe zorluk diýip bilýärdim.

P.s: Blogy hem okadym, Moderator aga. Ýagny diňe surata seretmedim.

0
8 Garadag  
128
Hormatly ýoldaşlar, siziň hemmäňiziň bihal adamlar däldigiňizi gowy bilýärin. Sebäbi kitap okamagy, aslynda okamagy gowy görýän adamy belent görýärin. Emma biz nämüçindir surat ýaly 10-11-nji derejeli zatlara güýmenip esasy mowzugy, meseläni gapdala süýşürýän ýaly. Muny men bir adama ýüzlenibem aýdamok, özümem bar sebäbi şu toplumda.
Size üstünlik ýar bolsun!
Wagtymyzy biderege harjaýan zatlar hakda hatda oýlanmajagam bolalyň.
(Soňky ýazgy gaty pafosly bolaýdymy?))

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]