08:59 Hatamnama: Hatamyň perisypat guşy gözläp Mazanderanyň jeňňelini gezmeginiň beýany | |
HATAMYŇ PERISYPAT GUŞY GÖZLÄP MAZANDERANYŇ JEŇŇELINI GEZMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hatam Kämil nowjuwan bilen hoşlaşyp, çöle tarap ýola düşdi. Ol ýolda durup: «Men tä Mazanderanyň jeňňeline çenli baraýyn. Perisypat guş şol ýerden tapylsa gerek» diýip, Mazanderanyň ýoluna gadam goýdy. Ol pesleri, belentleri, daglary, düzleri gezip, Allatagala berk bil baglap ýöräp barýardy. Ol bir welaýata baryp ýetdi. Ol hetdenaşa beýik bir galany gördi. Ol galanyň töwereginde her hili odunlar ýygnalyp goýlupdyr. Ol ýerde her hili jemagat bar. Hatam olaryň birinden: – Bu nähili syrdyr? Munça adam bu ýere ýygnanypdyr? – diýip sorady. Ol: – Ençe wagtdan bäri bu welaýatda bir bela peýda boldy. Ondan gutulmaklygyň asla mümkinçiligi ýok. Ol bela gije ge-lip, adamlary ýok edip gidýär. Biz bu sebäpden ätiýaçlyk saklaýarys. Bu odunlar şonuň üçindir. Çünki, ol bela otdan gorkýar – diýdi. Hatam: – Ol janaweriň keşbi nähili? – diýip sorady. Ol: – Biz oduň şuglasyna galanyň diňlerinden onuň ýedi başynyň bardygyny, alty başynyň şiriň başyna, bir başynyň bolsa piliň başyna meňzeşdigini gördük. Onuň holtumy hem bar, aýaklary bolsa sekiz sanydyr – diýdi. Hatam: – Ol janaweriň adyna «Sahmnäk» diýerler. Indi bu adamlara: «Bir ýaý bilen dört sany ok bersinler» diýip aýdyň. Elbetde, Beýik Taňrynyň ýardamy bilen men ol janaweri ýok ederin – diýdi. Bu söz halaýygyň arasyna ýaýrady. Oňa ýaý bilen dört sany ok getirip berdiler. Olar tä ukulary tutýança söhbetdeş bolup oturdylar we odunlary oda goýdular. Hatam bulardan pata alyp, galadan çykyp, ol janaweriň gelýän ýoluna tarap ugrady. Gije ýarym boldy. Ol janaweriň alamaty peýda boldy. Onuň her bir başyndan dürli owaz çykýar. Ol galanyň alkymyna geldi we otdan ürküp biraz salym togtap dyrdy. Hatam bu wagty amatly pursat hasaplap, ok-ýaýyny mäkäm tutdy. Ol janaweriň pil suratly başynda üç gözi bardy. Hatam onuň ortadaky gözüni nyşana alyp, bir gezek «Allahu ekber» (Alla beýikdir) diýip, ok atdy. Ol janawer bet owaz edip, agdarylyp ýere ýykyldy. Jahan lerzana geldi. Ol janawer turup, sähra tarap gitdi. Onuň diri galany ýa-da öleni mälim bolmady. Hatam şükür seždesini okady, Beýik Taňra alkyş baryny aýtdy. Bu gije ötdi. Adamlar Hatamy salamat gördüler. Olar ondan hal-ahwal soradylar. Ol wakany beýan etdi. Gündiz ötüp, ýene gije geldi. Olar Hatama myhmandarlyk etdiler. Adamlar odun ýygnadylar. Hatam: – Eý, eziz adamlar! Ol Apat Allatagalanyň rehmeti bilen sizden gaçyp gitdi – diýdi. Elkyssa, olar gijäni ötürdiler. Ol beladan hiç nam-nyşan bolmady. Bu welaýatyň adamlary Hatama köp sadaka ýygnap berdiler. Hatam ony garyp-gasarlara paýlady. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |