22:35 Haweran halypasy | |
HAWERAN HALYPASY
Edebi makalalar
Biziň neslimiziň gowy ýazyjylarynyň biri Ahmet Halmyradowyň mähri ýaly mylaýym, nurana, ýüregiňe şugla bolup girip gidýän mähriban kyssasy bar. Ahmediň özem kyssasy ýaly ýürekdeş. Şundan ýörite Ahmedi göreýin diýip gidiberýärin. «Ýörite didarlaşaýyn diýip geldim» diýsem, ol: – Maşynyň ýanynda näme ýol bü aralyk?! Ibn Sina – Lukman Hekim Mäne babanyň adyna aşna bolup Köneürgençden Nusaýa, Nusaýdanam Mänä ýörite gelýär. Garagumuň jöwzasyna çydaman ýolda şägirdi Mäsihi ölýär. Gelse, Mäne baba hem Amula giden eken. Lukman görgüli ýene aýagyny süýräp, Amula barypdyr-a. Bir gezek Nobatguly Rejebow ikimiz Ahmediň myhmany bolduk. Mäne baba bilen Lukman Hekimiň edişi ýaly, üç gün öýden çykman söhbet edişdik, soňra ol bizi Hywaabada alyp gitdi. Ýerli halk oňa gysgaldyp Hywat diýäýýär. Beýik-beýik dag gerişleriniň eteginde çugduşyp oturan hüjrelerden, harabalardan ybarat ullakan şäher. Şäheriň dumly-duşy daglara çenli göm-gök gyrtyçlyk bolup ýatyr. Güneý tarapynyň garlary erän, güzaý taraplary ak gar bolup ýatan daglardan çygly hem sörtük şemal owsun atyp gelýär. Etekde bolsa Haweran düzlügi ýaýylyp ýatyr. Egnini gysyp oturan külbeler, hüjreler, jaýlar geçmişden alaçsyz nazar bilen seredip, keýpiňi gaçyrýar. – Ynha, biziň pukara taryhymyz! – Ahmet başyny ýaýkaýar. Taryhda birgiden dünýä alymlary tarapyndan ganhor diýlip tagma basylan, türkmen alymlarynyň aglabasy tarapyndan lagnat daşy ataýmaly edilen Nedir şa öz doglup, kemala gelip, ahyry hem at ogurlykda tutulyp, Kakany terk edip giden şa, Eýran ýaly ummasyz uly imperiýanyň tagtyna çykan şa eýse dogduk ilinden ar aljak boldumyka? Näme üçin ol türkmeniň üstüne ençe gezek ýygyn dartdyka? Tutuş Hywanyň türkmen ilatyny şu ýere – öz dogduk etrabyna göçürip getirip ady dünýä meşhur şäheriň hut öz etrabynda bolmagyny isledimikä, soňky Hywa bilen türkmen topragyny meşhur şäherli etjek boldumyka? Uly imperiýanyň şasy Keýmir kör bilen näme diýip gep uruşdyryp ýördükä? Bu sowallara akylly-başly jogap agtarsaň, Nedir şanyň türkmene bolan položitel garaýyşlaryna göz ýetirmek kyn däl. Ol türkmeniň uly şäherli, soňundan döwletli bolmagyny islän ýaly bolup dur... Gaty näkes bolaýmasa, adam ogly öz milletiniň üstüne atanak çekip bilmeýär. Onda-da Hindistana çozuşa gidip, bir uly şäheri gabap, ahyry basyp alyp, oňa Muhammet hany patyşa belleýän permanyndaky sözleri bilen tanşanyňda, Nedir şaga türkmen alymlary örän seresap çemeleşmeli hasaplaýarsyň. Onuň türkmen baradaky syýasatyna göz ýetirjek bolmaly: Ine, onuň permany: «Bu gün Haktagalanyň merhemeti bilen Şahjehnabadyň paýtagtyny we Hindistan döwletiniň galanyny basyp almak hem boýun egdirmek amala aşyryldy... Çünki biziň hezreti aslymyz belli türkmen tiresindendir, ýokarda ady tutulan patyşa bolsa türkmen şejere daragtyna degişlidir we beýik köreken dinas-tiýasynyň nesli hasaplanýar, Hindistan döwletiniň soltanlyk tagtyny biz ýokarda ady tutulan patyşa gaýtaryp berdik hem-de patyşa tagtyna tassykladyk». Hä diýmän Nowruz geljek. Bu gögümtil öwüsýän gyrtyçlar ýaşyl deňiz bolup göteriler. Haweran düzlügi ýaza gark bolar! Men gözellikden doýman öz pikirlerime gümra bolup ýörkäm, şahyr Nobatguly: – Ahmet, Ahmedim, sen Ümür Eseniň yzyna düşüp, nirde bir delje nakyl barka diýip oba-oba, syrgyn-syrgyn söküp ýörmeli ýigit däl. Delje sözleri senden gowy kim döredip bilýär? Il gezip, derwişlik edip atalar sözi, erteki çöpläniňden, şu Haweran düzünde saçyňy-sakgalyňy ösdürip Mäne Babanyň aýak yzlaryny çöple! Mäne Babanyň aýak yzlaryny! – Soňra ol maňa ýüzlendi. – Mäne Baba – Sokrat! Sokratdan hem beýik ynsan! Ol musulman dünýäsinde beýik alymlygy üçin iki ýola hyrka geýen kişi. «Iki hyrka geýdi» diýmek, iki gezek Nobel baýragynyň laureaty boldy diýmek bilen barabar!.. Mäne Baba Gorkut ata-da däl, gije-gündiz Gurhan okap ýatan Hoja Ahmet Ýasawy hem däl! Mäne Baba dünýäniň özi ýaly dana, dünýäniň özi ýaly çylşyrymly, dünýäniň özi ýaly gapma-garşylykly alym. Ol ýeretikligi zerarly, ölümiň bäri ýanyndan gaýdýar. Arak-şerap içip, meý-mes bolup, ýoluny urduryp, yşkbazlyk hem edýär. Mäne baba çaýly käsäni ýerden ýokarda, howada saklap bilýän, keselliniň derdini bir sypanynda aýryp bilýän adam! Gudrat ol! Gudrat! Üstesine-de, beýik şahyr!.. Mäne babanyň göz ýaş döküp aýlanan Haweran düzlügi! Aňyrsy gözýetimden hem aňryk uzap gidýän düzlüklerde ýeller çapyşýar. Her ýerde-her ýerde ululy-kiçili goýun sürüsi görünýär. Tükeniksiz düzlük, hamana, Haweran düzlügini hut Allanyň özi aýasy bilen elin ýasan ýaly... Men Mäne baba barasynda bölek-büçek köp zat okan-da bolsam, entek onuň ýol urduryp, meý içip, yşkbazlyk eden faktyna gabat gelmändim. Belki, agam dessançy bagşylaryň Göroglynyň şahalaryny aýdyşyny eşidendir? «Görogly» dessançy bagşylardan ýazylyp alnandygy üçin, Görogly söweşe barýan hem bolsa, bagşy ýadan uçurlary dessine: «Görogly atdan düşüp, çaý gaýnadyp, çaý-çilim, neşe bedessur etdi» diýýär. Ol bedessur Görogla gerek däl, bagşa gerek! Geçmişden galan faktlara hakykat diýip seretmek bolmaýar. Aýdaly, beýik sufy, dini ylmyň aňyrsyna çykan Mäne baba erkin pikirli bolupdyr. Hudaý babatda-da erkin pikir aýtsaň, goý, ol Hudaýyň peýdasyna bolubersin, ozalky werziş bolan pikirlerini gaýtalap ýören alymlar erkin pikire her hili düşündiriş berip bilerler. Mäne baba ýaly gudratly kişileriň duşmany hem az bolan däldir... Musulman dünýäsinde parlak ýyldyz bolup şugla saçyp duran Harun ar-Raşid Arabystanyň, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň, Rumuň, Ispaniýanyň, Afrikanyň alym, şahyr men diýenini Bagdada öz köşgüne ýygnan dana, alym halyf bolupdyr. Onuň şahyry, masgarabazy Abu Nuwwas orta asyrlaryň iň beýik, iň wäşi şahyry hökmünde edebiýatda yz goýýar. Hoja Nasreddin ýaly ýüzlerçe şorta söz galdyrýar. Ol mydama gepde halyfy ýeňip gelipdir. Harun ar-Raşid hakda dünýäniň alymlarynyň ajaýyp söz aýtmadygy ýokdur. Emma oňa gara sürtýänlerem ýok däl. Hamana, Harun ar-Raşidiň söýgüli aýaly Zübeýdanyň haremhanasynda eldeki maýmyny bolupdyr. Wezirden başlap köşkde işleýän her bir adam, köşge iş bilen barýan her bir adam, wezipesine garamazdan, Zübeýdanyň maýmynynyň alnynda iki epilip sežde etmeli eken. Halyfyň hökümi şeýlemiş! Ýa bolmasa, halyf özüniň gyzyny serkerdeleriniň birine durmuşa çykarýar, ýöne bir şert bilen... Öýlenen ýigit gyz bilen ýakynlyk etmeli däl! Gadagan! Sebäbi ol beýik halyfyň gyzy!.. Ynha, şu bikemal faktlaram taryhda galypdyr. Bularyň hakykat däldigi köre aýan, onda bulary kim galdyrýar? Halyfyň oturan tagty üçin dawa edýän beýleki dinastiýalaryň wekilleri ýaýradýar... Men Haweran düzlüginde öz pikirlerimiň yzyna düşüp aýlanyp ýörün. Dürtgüç ýaly Ýeriň göwsüni deşip çykan, arasy goýun çörli gyrtyçlaryň içinde Mäne babanyň aýak yzlary görünäýjek ýaly bolup dur. Mäne Baba ýaşlygyndan Gurhany ýat tutupdyr, musulman ylmynyň aňyrsyna ýetdi diýilýänlerden bolupdyr, ýöne ýigit çykyberende bir dert tapynýar. Ýeldirgän ýaly bolýar. Öý-ilini terk edip, sergezdançylyk edýär. Haweran düzünde derwüş bolup aýlanýar. Öz goşgusyna daýanyp aýdanyňda Haweran düzünde onuň aýagyna batmadyk tiken, göz ýaşlary dammadyk ot-çöp galmaýar. Dünýäde gudrat görkezip bilen geniý adamlaryň hemmesinde diýen ýaly ýaşlygynda ýeldirgemek derdi bar. Öten ýyldan galan düýp-düýp çüýrük ýandaklaryň aşagynyň oty mese-mälim beýleki ýerlerden galarak. Çüýrük-de bolsa pena pena bolýan bolmaly! Men ýandagyň düýbünden towlanyp çykan ýuwany ýolup alyp, çeýnäp başlaýaryn. Agzymyň içine hem bütin göwräme ýazyň şemalyňky ýaly ýakymlyja tagamy ýaýrap gidýär. Haweran düzüne ýaz ýetip gelýär! «Hä» diýmän Nowruz geler! Ot-çöpe ösmäge rugsat berler. Haweran düzlügi ot-çöpden müsür bolar! Ýyldyrym çakyp, gök gümmürdemedik bolsa, men gaty uzaklara gitjek ekenim. Men ilki asmana, soňra ýoldaşlaryma seredip, goşa tarap gaýtdym. Sebäbi edil Hywaabadyň depesindäki beýik dag gerşiniň üstüne bir bölek gögümtilden-garamtyl bulut çöküpdir. Bulut bilen dag gerşi birleşipdir. Diýmek, dagyň üstüne ýagyş ýagýan bolmaly. Dünýäniň galan ýerini bolsa parlak Gün öz howruna çoýup dur. Nobatguly, edähedine görä, barmak çommaldyp nämedir bir wajyp zat aýdýan ýaly. Ýalňyşmandyryn. Men goşa ýakyn gelenimden soň köwşümem, joraby-mam çykardym. Diwana Mäne baba ýaly aýakýalaň ýöräp ugradym. Ilki ýeriň sowugy endamymy endiretdi, çöp-çalamlar dabanyma dürtülip gyjygymy getirip başlady. Men dabanlarym bilen ýeriň mährini duýup başladym. Adam ýaly namart bolmaz eken. Kimdir bir binamysyň ýüzüni dessine dabana meňzedýär. Emma dabanyň duýgurlygy örän ýeser ýaly. Dabanlarymdan göterilip endamyma ýazyň, mährem ýeriň mähri ýaýraýar. Men öz aýaklarymda Mäne babanyň aýaklaryny duýýan ýaly... Seret, adam bilen tebigatyň arasyna köwüş düşüpdir! Haýwanyň eýlenen hamy düşüpdir! Biz öz göwsünden öndüren ýerimizi öz dabanymyz bilen duýmaly, emma aralykda köwüş – haýwanyň hamy ýatyr! Belki, şonuň üçin biz tebigata haýwanlarça çemeleşýändiris?! Belki, Ýer bilen aramyza haýwan hamy düşenden soň haýwanlaşyp gidendiris?!. Gezseň, şeýdip gezseň, bir sagat, bir gün, bir aý, on ýyl... Belki, Mäne baba ýaly on dört ýyl!.. Nobatguly üç-dört bulgury teşnelik bilen içip, Ahmede akyl bermäge başlady. – Mäne baba ýöne-möne alym däl! Ol adamdan haýwana çenli peselip, şu meýdanlarda ot-çöp iýip gezipdir, birde-de ol adamdan beýgelip Allanyň dergähine ýetipdir. Ýedi ýaşdan Gurhany ýat tutup, ömrüni-owradyny ýuwup, namazdyr kitapdan başga zady bilmeýän bolanynda men saňa: «Roman ýaz!» diýmezdim! Ony men ýazsam-da, Osman ýazsa-da bolmaýar, sebäbi Haweran düzi seniň göbek ganyň siňen ýeri, bu heserli Haweran düzlügi seniň kalbyňda ýatyr, ol seni dünýä getiripdir, sen hem ony dünýä getirip bilýärsiň... Iri-iri ýagyş damjalary olaryň pyýalalaryna damyp başlamadyk bolsa, Nobatguly entek-enteklerem leksiýa okajakdy, bolsa-da Ahmedi onuň gazabyndan dag ýagşy, Kesearkajyň öýlänçisi sypdyrdy. Olar içdiler. Men goş-golamlary ýygnap maşyna häzirlendim. Ahmet: – Eý, niräk barýaň? Entek gitmek bolmaz, serediň daga, daga serediň, dag gerişleriniň bulutlary sokjaýşyna serediň! Häzir Hywadyň jaryndan bir sil geler! Şeýle bir sil geler! Şaglap, güwläp... Heý, ony görmän hem gitmek bormy? – Türkmende ýedi gudrat bar bolsa – biri Mäne baba onuň!.. Eger siz Köneürgenje baryp gören bolsaňyz, şäheriň çetinde gadymy Ürgenç şäheri gabrystanlyk, harabalyk bolup ýatyr. Äpet minara azançynyň sesi ýaly göge uzap, howalanyp dur. Şol ýerde Ahmet ibn Omar Amu-l Jennap Nejmeddin al Kubra al-Hywaky al-Horezminiň mawzoleýi ýerleşýär. Tatar-mongol basybalyjylary Ürgenje zabt edende ýetmiş bäş ýaşynyň içindeligine garamazdan, ulus-ili bilen duşmanlara garşy söweşde eli ýaragly wepat bolýar. Ol Merkezi Aziýanyň keramatly dana alym adamlarynyň biri, il-gün tarapyndan gudrat sanylýan alym eken. Ol batyr serkerdeler bilen birlikde Ürgenç halkyny söweşe galkdyrypdyr. Onuň gubury onlarça ýyllar musulmanlaryň akyp duran ýeri bolupdyr. Şonuň üçinem Gutluk Teýmir on dördünji asyrda onuň üstüne mawzoleý gurdurýar. Mawzoleýiň ýokarsyna bolsa: «Şu mazara sežde etmek Mekgä haja gidip, Muhammediň mazaryna zyýarat eden bilen des-deňdir» diýip ýazylýar. Özüň öleniňden onlarça ýyl soň mazaryňa şeýle sözleri ýazdyraýmak üçin dirikäň nähili keramatly kişi bolmagyň gerek! Mekge bilen deňemek, Muhammediň mazary bilen deňemek, netijede, ikisi bilen bir hatarda goýmaga musulman ymmaty üçin nähili edermenlik gerek! Eger tutuş Ürgenç Nejmeddinden pygamberlik gudratyny görmedik bolanynda onuň guburyny beýle mertebä götermäge hiç bir musulman milt edip bilmezdi! Eger siz Köneürgenje baryp görmedik bolsaňyz, baryp görüň, şäheriň çetinde Nejmeddin Kubranyň aramgähi-mawzoleýi howalanyp dur, oňa sežde ediň, ol siziň hem Mekgä gitdigiňiz bolar, hem Medinä baryp Muhammet pygamberimiziň mazaryna sežde etdigiňiz bolar! Atababalarymyz bilmän şeýle ýazgyny galdyran däldirler! Hemme adamyň Mekgä gitmäge ýagdaýy hem ýok! – Çagry beg bilen Togrul beg alty müň atlysy bilen Masud şanyň otuz müň atlysyny nähili gudrat bilen ýeňendir öýdýäňiz!? Olar patany hut Mäne babanyň özünden alýar! Mäne baba olaryň birine Bagdady, beýlekisine Maryny paýtagt edingeýsiňiz diýip ak pata berýär! – Nazar Gullanyň «Gadymdan galan nusgalar» atly kitabynda Abu Seýit Mäne babanyň Mahmyt şany halamandygy, tersine, kakasynyň Mahmyt şany arzylap, diniň rugsat etmeýändigine garamazdan, suratyny hem saklandygy barada maglumat berýär – diýip, men Nobatgulynyň gürrüňine goşuldym. Ýagyş çynyna tutdy. Biz gaçyp maşyna girdik, ýyldyrym bolmajysy bolup çakýar, gök gürleýär. Bir salymdan Ahmediň garaşýan sili hem geldi. Däli sil! Sary sil! Ertekiden çykan aždarha ýaly bolup giň jara sygman belentden-belende ümzük atyp, tüweleý ýaly towlanyp, bükdürilip gelýär. Ýagşyň süllümbaý etjegine garamazdan maşyndan çykdyk, jaryň boýuna baryp tebigatyň ýowuz güýjüne heziller edip tomaşa etdik. Däli sil towlanyp-towlanyp gözüne urlan ýaly jara sygman akýardy, onuň güňlenç sesi bolsa, dagyň etegine sygman, güňlenç owaz edýärdi. Düýe ýaly daşlar siliň öňünde ýumurtga ýaly togalanyp barýar. Eýlesi-beýlesi elli-altmyş ädimlik jar endiräp dur. Dünýä heýjana gelýär! Göwünler asmana galýar! Çabga ses edip depäňden eňterýär. Emma ony duýýan ýok! Ine, şuňa tebigata garylmak diýilýär! Men şu pursat beýik ýazyjy dostum Akmyrat Şir bilen Hojambazda hyşa otlanymyzy ýatladym. Däli siliň fony hyşalaryň sary ýalny bolup, onuň içinde Akmyradyň nurana hem eziz keşbi janlandy... Ýagyş goýdy. Biz köşeşen siliň hem dagyň eteginden inen iňrigiň öňüne düşüp Kaka tarap ýola rowana bolduk. – Oglanlar, indi şu keýp bilen sag-aman Aşgabada aşalyň – diýip, Nobatguly çilim otlandy. – Hany, aga, Mäne baba zyýarat ederis diýip çykmanmydyk nä?.. – Osman, şu gün Ahmet Halmyradyň dünýäsine zyýarat edenimiz bes, iki beýik iş bir güne köp bolýar!.. Üstesine içdigem... Nobatguly-da! Häliden-ä: «Mäne babanyň içen topragynda sagat gezmek bolmaz» diýip bahana tapyp hezil edip içdi, indem: «Içgili Mäne baba zyýarat edip bolmaz» diýýär-ä!.. Soltan Sanjar bedibagt, oguzlardan ýeňlip, olaryňkyda üç ýyla golaý ýesirlikde oturyp, Mara gaçyp barýarka, ýesir halyna, gaçgak halyna bir minudy bisarpa tutman tagtyna münmeli halyna sowlup, Mäne baba zyýarat edip geçipdir... Biz bolsak... Mäne baba zyýarat ýene bir güne galdyryldy.. Ondan bäri üç-dört ýyl geçdi, ýöne ýene bir gün gelenok şindi... Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||