13:32 Hekaýatlar ýygyndysy: Pişdadylar | |
PIŞDADYLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
KEÝUMERS Käbir taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Keýumers Adam alaýhyssalamyň perzentleriniň içinden ilkinji patyşa bolan kişidir. Onuň ömri müň ýyl bolup, otuz ýyl patyşalyk edipdir. Emma käbir taryhçylar ony ikinji Adam saýýar. Sebäbi Keýumers garaýagyz hem-de diýseň owadan bolupdyr. Ony gören adamlar oňa sejde eder ekenler. Şu iki sebäbe görä-de, Keýumerse ikinji Adam diýipdirler. Adam alaýhyssalamdan soň işler bulaşyk bolup, halkyň abadançylygy, sungatlary heniz doly tertip-düzgüne gelmändi. Päk we Beýik Alla dünýä we ahyret işlerini düzgüne salmak üçin Şis alaýhyssalama pygamberlik berip, ony pygamberlik halaty bilen mübärekleýär. Keýumerse bolsa patyşalyk berip, älemdäkileriň boýunlaryny onuň tabynlyk halkasyna salýar. Adamdan soň ilkinji pygamber Şis we ilkinji patyşa Keýumers bolupdyr. Aýtmaklaryna görä, Keýumersiň mesgeni daglar bolup, onuň lybasy gaplaňyň derisinden eken. Onuň Syýamek atly ogly bolup, ol döwler bilen söweşen mahaly öldürlipdir. Ondan örän edepli we hünärli Hüwşeň atly bir ogul galypdyr. HÜWŞEŇ Keýumers bu dünýä bilen hoşlaşyp, ajal sedasyny jan gulagy bilen eşiden wagtynda, onuň diri galan ogly ýokdy. Emma Hüwşeň atly edepli we salykatly agtygy bardy. Araplar oňa Semihe diýýärdiler. Ol edermen we kuwwatly patyşa bolup, älemi ymarat etmäge we jahany abadanlaşdyrmaga başlaýar. Onuň döwründe ilat köpelip, ýagşylardan ýaman pälliler has köpelipdiler. Ýaramazlary dep etmek üçin oňa uruş esbaby gerekdi. Şeýlelikde, onuň permany boýunça känlerden demir çykaryp, uruş we ekerançylyk esbaplaryny ýasadylar. Ol ýaplar gazdyryp, suwlar akdyryp, ýerleri abatlap, ekin meýdanyna öwrüpdir, ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin ýollarda kerwensaraýlar gurupdyr, agaçlar oturdypdyr we birnäçe uly şäherleri bina edipdir. Soňra Hüwşeň ülkeleriň daş-töweregine ser salypdyr. Aýtmaklaryna görä, ol Iblise garşy söweşip, onuň leş-gerini dargadypdyr we şeýtanlaryň adamlara garyşmaklaryna böwet bolupdyr. Ogrulary we ýaman pällileri öldürip, dört aýaklylary eldekileşdiripdir. Eger şu gürrüňler ýalan bolman, dogry bolsa, onda onuň düşündirişi şeýledir: Hüwşeň perişdelik ahlagy bilen şeýtandan üstün çykypdy. Sebäbi şeýtandan üstün çykmak we ony dep etmek şu ýörelgeden başga usul bilen miýesser bolýan däldir. Wagşylary we ýaman pällileri öldürmegi bolsa, olaryň ýyrtyjylyk tebigatyny we şer işlerini zähmetiň hem ýagşy niýetiň güýji bilen ýeňmegidir, ýaramaz ýyrtyjylyk ahlagy basyp ýatyrmagydyr. Mundan ýene şeýle many almak bolar, ýagny ol dört aýaklylaryň tebigatyny özünden daşlaşdyrypdy. Sebäbi, haçanda, eger ýyrtyjylyk, şeýtanlyk we dört aýaklylyk ahlagy ýok edilse, diňe perişdelik ahlagy galýar. Ol kyrk ýyl patyşa bolupdyr. Onuň tagallalary bilen işler düzgün-tertibe gelensoň, onuň hökmürowanlyk güni batmaga başlapdyr. Beýt Keýumersdir-u Hüwşeň geçdi, Tagt Tahmurese gujak açdy. TAHMURES Hüwşeň bakylyk älemine gidensoň, üç ýüz ýyllap jahanda kethuda we älemde patyşa bolmandyr. Beýik we Mukaddes Ýaradyjy özüniň çäksiz hikmeti bilen jahan düzgünini bozulmakdan we adamlaryň bakylyk binasyny synmakdan saklapdyr. Üç ýüz ýyl geçensoň, Hüwşeňiň agtyklaryndan bolan Tahmuresiň ýüzünden patyşalyk sagadatynyň ýagtylygy nur saçýar, maňlaýynda baştutanlyk yzlary we patyşalyk alamatlary peýda bolýar. Tahmures bir topar kişä mähremlik görkezip, halky özüne boýun egdirýär we patyşalyga geçýär. Käbir adamlar öz meýline, birtopary bolsa, onuň haýbatyndan gorkup, boýunlaryna tabynlyk halkasyny ildiripdirler. Ol jomartlyk we sahylyk elini açyp, ýagşylary sylaýar, ýaman pällilere bolsa edepdir temmi berýär. Ol obalylar bilen şäherlileriň arasynda parh goýup, obalylara öri meýdanlarynda mal bakmaklygy buýrupdyr. Ol aw awlamaga gaty höwesjeň bolup, yzygiderli awa gidýän eken. Ol syýahat etmegi gowy görer eken hem-de bir ýerde durmaýan eken. Tahmures: – Biziň yzygiderli sapar etmekden maksadymyz, birden il içinde köşgümize özüni ýetirip bilmeýän mazlum bar bolsa, biziň özümiziň onuň üstüne baryp, onuň dadyna ýetişme¬gimiz üçindir – diýer eken. Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Tahmures Iblisi ýeňipdir we ony özüniň ulagy edipdir. Soňra surathanalarda Iblisi özüniň aýak astynda edip çekmeklerini buýrupdyr. Eger bu gürrüň dogry bolsa, onuň düşündirişi hem Hüwşeňiň beýanynda görkezen düşündirişimiz ýalydyr. Onuň patyşalyk möhleti barada taryhçylar köp gapma-garşylykly maglumatlar beripdirler. Olarda Tahmuresiň patyşalygynyň möhletiniň iň azy otuz ýyl, iň köpi bolsa müň ýyl diýlip görkezilýär. Has dogrusyny Allatagala ýagşy bilýändir. JEMŞIT Haýbat peleginiň güneşi bolan Jemşit Adam alaýhyssalamdan soň, şemsi – gün hasaby boýunça müň ýyldan soň, patyşalyk tagtyna geçýär. Käbirleri oňa Süleýman alaýhyssalam hem diýipdirler. Emma Jemşidiň hem jynlary we şeýtanlary özüne boýun egdirendigini hemmeler tassyklaýarlar. Jemşit patyşalygy dolandyryp, abadanlaşdyryş işlerine meş-gul bolup, pikirini älemiň we älemdäkileriň bähbidine gönükdirmäge sarp edipdir. Jemşit pagtany we ýüpegi ýüplük etmek we eriş-argaç görnüşinde mata dokamak bilen tikinçiligi ýola goýupdyr. Şeýdip, ynsanlar ýalaňaçlyk aýbyndan halas bolup, eşik tikinip geýnipdirler. Ol adamlary toparlara bölüp, ynsan gatlaklaryny döredipdir. Dünýä işlerine höwesi bolmadyk, diňe ahyrete üns berýän takwalar we terkidünýäler üçin daglarda ybadathanalardyr metjitler gurup, olara öz ybadatlary bilen meşgul bolar ýaly şertler döredipdir. Soňra esgerleri garamaýaklardan bölüp, birden ýüze çykaýjak şer işleri we pitneleri dep etmek üçin olara belli wezipeleri tabşyrypdyr. Ol alymlar we hekimler gatlagyny hem döredipdir. Obalylary bolsa ekerançylyga höweslendiripdir. Ol känlerden göwher we nepis gymmatbaha daşlary çykarypdyr. Ut , anbar, müşk we dürli-dürli atyrlar öndüripdir. Ol her zady tejribe edip görer eken. Ol ýerlerde her hili miweleri we ösümlikleri barlap görüp, olaryň aýratynlyklaryny derňäpdir. Aýtmaklaryna görä, şerap Jemşi-diň döwründe ýüze çykypdyr. Hekaýat Şerabyň ýüze çykyşy şeýledir: Üzüm iň ýakymly miwedir. Üzüm howanyň üýtgemegi we gyş leşgeriniň hüjüm etmegi bilen zaýalanýan eken, gyş hem bahar pasyllarynda üzümi ulanyp bolmaýan eken. Onuň şiresini hemme wagt ulanar ýaly üzümiň suwuny alypdyrlar. Şeýlelikde, üzümiň suwuny alyp, bir gapda goýupdyrlar. Jemşit her gün gelip, ony görer eken. Ilki üzümiň suwy öz-özünden güýçli gaýnap, köpürjikläp başlapdyr. Soňra köşeşip, gaýnawy ýatypdyr. Jemşit her gün ony tagamyny dadyp, onuň tagamyny lezzet biliş «mähegine» hödürleýän eken. Gaýnawy ýatansoň, üzümiň suwy ajap, turşap süýjüligini ýitiripdir. Jemşit tagamyň üýtgänligi we ajylygy üçin, ol jan alyjy zähere öwrülendir öýdüp, onuň agzyny baglap goýupdyr. Jemşidiň bir sahypjemal kenizi bar eken, gün onuň jemalynyň enekesi bolup, aý ol gözeliň kämil jemalyndan gün-güzeranyny görüpdir. Bu keniz güýçli kesele duçar bolup, dertden ýaňa sabyr-takatyny elden gideripdir. Ahyry ölüme razylyk berip, öz-özüne: «Şu beladan ölüp dynmagym üçin, şol zäherden içip ölmegim gerek» diýipdir. Şeýdip, keniz şerapdan bir bulgur alyp, birazrak içipdir. Kenizde sandyrama emele gelip, kelleagyry aýrylýar. Soňra gutulyp, keýpli halda öýüne gelýär we uky ony basmarlaýar. Näçe gije-gündiz gözüne uky gelmedik bu keniz bir gije-gündizläp ýatýar. Oýanan wagtynda, ol bu dertden halas bolandygyny duýýar. Ol bu ýagdaýy Jemşide gürrüň berýär. Jemşit hem şeraby dadyp görüp, lezzet alýar. Şondan soň şeraby köp kesellerde ulanyp, şypa tapypdyrlar hem-de «şaderman» diýip at berip¬dirler. Hekaýat Aýtmaklaryna görä, şerap Keýkubadyň döwrüne çenli rugsatly bolup, adamlar ony hemişe içipdirler. Bir gün Keý-kubat sährada gezip ýörkä, bir garganyň ýerde süýnüp ýatan bir serhoşyň gözüni çokup duranyny görýär. Bu ýagdaýy gören Keýkubat şeraby haram edýär we: «Hiç kim şeraply oturlyşyk gurmaly däl we bu permany berjaý etmeli» diýip jar çekdirýär. Biraz wagtlap adamlar onuň gylyjynyň zarbyndan gorkup, şerap içmegi taşlapdyrlar. Bir gün bir şir ýatagyndan gaçypdyr. Onuň adamlara uly zeperi ýetipdir we hiç kim ony tutup bilmändir. Bir ýaş oglan öňe çykyp, ylgap onuň gulagyndan mäkäm tutýar we ony ýere ýazýar. Soňra şiriň eýesi ýetip gelip, ony tutup zynjyrlaýar. Bu ahwalaty gören şa şeýle diýipdir: «Serediň, bu nähili adam, serhoşmy ýa diwana?». Ýigidi şanyň ýanyna getirip, onuň bu ýürekliligi we gaýraty barada soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir: «Men birnäçe wagt bäri agamyň gyzynyň yşgynda ýanyp ýörün. Agam meniň mümkinçiligimiň azlygy we garyplygym sebäpli gyzyny maňa berenok. Bu gün bolsa yşk ody soňky çägine ýetip, hyjuw güýji hetden aşdy. Öýde biraz köne şerap bardy. Ondan bir bulgur içip: «Janym tenimde wagty hiç bolmanda biraz wagt meniň ýüregimde yşk gamynyň yzasy kemeler diýdim». Şondan soň Keýkubat: «Şeraby garga gözüňizi çokar derejede içmäň, şiri zynjyrlar derejede içiň» diýip jar çekdiripdir. Beýt Şerap bir şadermandyr, Çeni bilen içilse. Dury suw hem zäherdir, Çendenaşa geçilse. Hekaýat Jynlar we ynsanlar Jemşidiň golastynda bolup, olar Jemşit üçin beýik ymaratlar gurupdyrlar, ýerden hek çykarypdyrlar we köşklerdir hammamlar gurupdyrlar. Jemşidiň permany boýunça döwler onuň üçin piliň dişinden we saçdan araba ýasap, ony reňkli ýüpek bilen bezäpdirler. Jemşit onuň üstünde oturypdyr. Jemşidiň permany bilen döwler ony eginlerinde göterip, asmana uçupdyrlar. Olar Demawentden Babyla bir günde gelip ýetipdirler, ýagny bu aralyk olar üçin bir menzil bolupdyr. Bu waka baharyň ilkinji gününde, ýagny ösümliklere jan girýän, aryklaryň akýan we gülzarlyklaryň peý¬da bolýan möwsüminde, Ferwerdin aýynyň birinde ýüze çykypdyr. Şonuň üçin ajamlylar bu güni mübärek hasaplap, ony Nowruz diýip atlandyrýarlar we bu güni baýram edipdirler. Taryhçylar bu rowaýaty getiren bolsalar-da, hakykatyň talabyna we şerigatyň hikmetine salgylansak, beýle sypat diňe Süleýman pygamberiň mugjyzasydyr . Allatagalanyň hikmeti bilen Süleýmanyň aýagy ýel ýaly ýyndam bolupdyr. Süleýmanyň patyşalygy we mertebesi şeýle bir belent derejä ýetipdir welin, Günüň altyn tegelegi onuň islegine görä yzyna gaýtarylypdyr . Ol öz elleri bilen ýasan sebediniň bahasyndan arpa çörek edinip, şonuň bilen hem agzyny açýan eken. Päline, niýetine görä hem sogap berlipdir. Süleýman howa üzre gadam goýanda, onuň gadamy howada daýandyrylypdyr. Gurhan hem şeýle beýan edýär: «Süleýmana irden bir aýlyk, agşam bir aýlyk ýol aşýan ýeli berdik» . Hekaýat Aýtmaklaryna görä, Jemşit mülküniň giňdigini we güýjüniň kämildigini gören wagtynda, özüni unudyp, şeýtanyň aldawyna düşüp, gopbaryp, bendeligi özüne namys bilip, hudaýlyk dawasyny edip ugrapdyr hem-de halky özüne boýun bolmaga çagyrypdyr. Adamlar bu işi halamasalar-da, onuň gylyjyndan we syýasatyndan gorkusyna onuň «Hudaýdygyny» tassyklapdyrlar. Emma ahyrynda onuň haýbaty gowşap, bagty ýatypdyr, işleri bulaşyp, döwletiniň örki üzülipdir. Pars dilinde Biweräsp diýlip atlandyrylýan Zahhak Hymýary Ýemenden uly leşger we sansyz goşun bilen ýöriş edip, Jemşidiň üstüne duýdansyz hüjüm edýär. Jemşit söweşe taýýar bolmandygy sebäpli, halas bolmak üçin gaçmakdan başga ýol tapmandyr. Şeýdip, ol gaçypdyr. Zahhak onuň yzyndan leşger sürüp, uzaga gaçyrman Jemşidi tutupdyr we ony dinden çykyp, Hudaýlyk dawasyny edenligi üçin öldüripdir. Aýtmaklaryna görä, Jemşit perişan bolan güni: «Her kim dine hormat goýmasa, din ony öldürer» diýen sözi diline getiripdir. Onuň höküm süren möhleti barada dürli pikirler bar. Käbirleri bäş ýüz ýigrimi ýyl, käbirleri bolsa ýedi ýüz on dokuz ýyl diýipdirler. Hiç şanyň zulmundan ynjamaz ýaly, Ýürekler jebirden-jepadan doly. Sebäbi gördük biz erbetden-erbet, Toprak äleminde köp geldi gabat. Gündizden soň gije gujagyn açar, Jemşitden soň Zahhak ol tagta geçer. ZAHHAK HYMÝARY Rowaýat edilşine görä, ajam döwletiniň bili bükülip, Allatagala halkyň düzgün-ýaşaýşyny üýtgedensoň, Päk we Beýik Ýaradyjynyň: «Biz zalym kimseleri özleriniň ele salan kespleri üçin biri-birlerine dost edip goýarys» diýşi ýaly, ol Zahhagy Jemşidiň köp söwdaly oý-pikirindäki hudaýlyk dawasyny ýalaw gylyjy bilen ýok etmek üçin belläpdir. Jemşidiň güýç-kuwwatynyň möhleti gutaransoň, Zahhak zulum binasyny gurýar. Azap buludyndan duşmanlyk ýagşyny ýagdyrýar. Sütemkärleri galdyrýar, zulum edilenleriň arzlaryna gulak salmakdan el üzýär, ýaman pällileriň bazaryny rowaçlandyryp, ýagşyzadalaryň elini baglaýar. Ol ilki bilen kakasyna garşy aýaga galyp, ony öldürýär we hazynalaryna eýe bolup, leşgeri öz ýanyna jemleýär. Soňra Ýemenden Jemşidiň üstüne çozup, onuň döwlet tuguny ýere çalyp, ol sebitleri öz ygtyýaryna geçirýär we halka her hili jebir-sütemleri we dürli azaplary berýär. Aýtmaklaryna görä, Iblis onuň bilen dost bolup, oňa hapysalykdan nebisjeňlikden erbetliklerden näme bilmeýän zady bar bolsa öwredýän eken. «Iblis oňa altyndan içi oýulan galam beripdir. Haçanda ol bir aýala ýa-da çaga isleg bildirse, şol galam bilen oňa tarap üfleýän eken. Şonda aýal ýa-da çaga oňa boýun bolup, onuň ýamanlyk we aldaw tozuna düşýän eken» diýen gürrüň hem bar. Hekaýat Rowaýat edişlerine görä, Iblis Zahhagyň özüniň aldawyna baglanjakdygyny görüp hem-de Zahhak baradaky bilniksiz hilesiniň rowaç tapjakdygyny bilip, bir gün bir ýaş oglan görnüşinde onuň ýanyna baryp, şeýle diýipdir: – Men nahar bişirmekde kämil ökdelige we doly başarjaňlyga eýe aşpez. Men her hili ýakymly naharlary we süýji tagamlary bişirip bilýärin. Eger sen aşpezlik wezipesini maňa bagyşlasaň, onda meniň bişiren naharlarymy iýip, ömrüň zowkuny we durmuşyň lezzetini tapyp, şu wagta çenli neneňsi nygmatlardan we lezzetlerden mahrum galanyňy duýar ýaly derejede enaýy, işdä açar tagamlary taýýarlap, seniň huzuryňa getireýin. Zahhak bu aldawlara, öwgülere we hilegärliklere aldanyp, nätanyşlara bil baglamaly däldigine, nätanyşlara ynam etmeli däldigine, ylaýta-da patyşalaryň nätanyşlara ynanmaklarynyň parasatlylykdan daş zatdygyna üns bermän, ony kabul edipdir. Soňra onuň permany boýunça Iblisi aşhana getirip, aşpezlik işini we saçak bezemegi tabşyrypdyrlar. Ol işe başlapdyr. Iblis her hili tagamlary taýýarlamakda jan edip, köpräk etli naharlar bişirip, kebap, towuk, gowrulan et ýaly naharlary şanyň öňünde goýar eken. Şa öňküden hem has köp et iýip ugrapdyr. Onuň ýüregi gatap, gödekligi we gara-dangaýtmazlygy artypdyr. «Hapysa özenli we pes nebisli adam üçin bir bahana hem ýeterlik». «Eý, dost, laý bolmak üçin damja hem ýeterlikdir» . Şeýdip, Iblis nahar bişirmekde yhlas görkezipdir. Bir gün ol Zahhagyň ýanyna şeýle bir tagamly nahar getiripdir welin, şa ondan lezzet alyp öwüpdir we: – Seniň näme islegiň bar bolsa berjaý ediler – diýipdir. Iblis bolsa: – Hemmeler baýlyk, nygmat we hormat üçin patyşa hyzmat edýärler. Men diňe se¬niň hatyraň üçin saňa hyzmat edýärin. Seniň meni kabul etmegiň meniň üçin uly abraý. Me-niň öten-geçenlerim üçin buýsanç we dereje bolar ýaly, seniň iki egniňden ogşamagyma rugsat ber – diýipdir. Zahhak oňa rugsat beripdir. Bu hem patyşalarda ýüze çykýan ýalňyşlyklaryň biridir. Sebäbi kesekini ýanyňa ýakynlaşdyrmak we tanamaýanyňy huzuryňa getirmek puşmanlyga eltýändir. Soňra Iblis Zahhagyň ýanyna gelip, onuň iki egninden ogşaýar we gözden gaýyp bolýar. Zahhak bu ýagdaýa haýran galýar. Şobada Zahhagyň egninden iki sany gara uly ýylan çykyp hereket edip, oňa azar berip başlaýarlar. Zahhak bolsa azaba we derde sezewar bolýar. Ýylanlaryň başlaryny hernäçe kesseler-de, ýene çykýan eken. Tebipler we ýylan tutýanlar oňa hernäçe em etseler-de, peýda bermändir. Zahhakda ukudyr aram-karar galmandyr. Ahyrynda Iblis tebip şekiline girip, köşge gelýär we: – Men bu patyşanyň derdiniň dermanyny bilýärin, eger islese men ony aýdaýyn – diýýär. Ony Zahhagyň hyzmatyna getirýärler. Iblis Zahhaga: – Bu ýylanlar hergiz seniň egniňden düşmezler, emma olary köşeşdirer we saňa zyýan ýetirmez ýaly bir ýol bar – diýýär. Zahhak: – Onuň ýaly bolsa bu işi gijikdirmeli däl we em etmekde çakganlyk görkezmeli, eger seniň emiň meniň bu derdime derman bolsa, seniň hak-hukugyňy we hyzmatyňy ýerine salmak maňa wajyp bolar we başardygymdan saňa minnetdarlyk görkezmäge dalaş ederin – diýýär. Iblis: – Bu derdiň alajy şeýle: her gün iki sany ýaş oglanyň beýnilerini olara bermeli. Şonda olar ony iýip, aram taparlar we sen arkaýyn bolarsyň – diýýär. Zahhak bu sözi eşidip, derhal emr edýär. Iki sany ýaş juwany zyndandan çykaryp öldürýärler we olaryň beýnilerini ýylanlaryň öňüne oklaýarlar. Ýylanlar lukmany iýip, ýuwaşap, karar tapýarlar we hereket etmeýärler. Zahhak hem olar köşeşensoň rahatlanýar we ýatýar. Aýtmaklaryna görä, ol birnäçe gije-gündizläp uklamandyr. Şeýlelikde, ol bir gije-gündiz uklaýar. Ýylanlar ajygyp, gymyldap başlandan, Zahhak hem turýar. Onuň permany boýunça ýene iki sany ýaş juwany öldürip, olaryň beýnilerini ýylanlara iýmit hökmünde getirip berýärler. Şeýdip, bu kada dowam edýär. Her gün iki sany ýaş juwany öldürip, ýylanlara iýmit edipdirler. Zyndandaky jenaýatkärler öldürilip gutarylýar. Soňra her gün bir şähere gezek ýetip, iki bigünä ýaş juwan öldürilýän eken. Hekaýat Aýtmaklaryna görä, Zahhagyň iki sany aşpezi bolupdyr. Biriniň ady Ermaýyl, beýlekisiniň ady bolsa Kermaýyl eken. Olar ýagşy duýguly we ýürekleri rehim-şepagatly kişiler eken. Olar: – Ýylanlar üçin iki ýaş oglanyň ýerine birini öldürip, ikinjisine derek goýun öldürsek dogry bolar – diýipdirler. Olar goýnuň beýnisini adamyňky bilen garyşdyryp, Zahhagyň ýanyna getiripdirler. Öldürilmedik adamlar üýşüp başlapdyrlar. Aşpezler olaryň her haýsysyna birnäçe goýun berip: – Bir kişiniň sizi görüp, patyşa ýamanlap, biziň ganymyzy dökdürmezligi hem-de sizi heläk etdirmezligi üçin, siziň şäheri terk edip, çöl-beýewanlarda mesgen tutmagyňyz gerek – diýýärler. Şeýlelikde, bular bu ýerden arany açyp, goýunlardan öndürilýän süýt, gatyk, çal ýaly zatlar bilen güzeranlaryny görüp başlapdyrlar. Olaryň goýunlary we çagalary köpelip başlapdyr. Muhammet Jerir Tabary şeýle ýazypdyr: «Zahhak diňe bir gezekden artyk hiç kimiň şikaýatyna gulak asmandyr we hiç mazluma ynsap gözi bilen garamandyr. Bir gezek şeýle waka bolýar. Zahhak köşgüniň öňüne gelende, Babylyň ilaty üýşüp gelip, oňa şeýle diýipdirler: – Sen diňe Babylyň patyşasymy ýa-da bütin jahanyň? Ol: – Bütin jahanyň – diýip jogap beripdir. Olar: – Onda sen näme üçin diňe bize zulum edýärsiň? – diýipdirler. Şondan soň Zahhak birnäçe günläp, olara ýeňillik beripdir. Hekaýat Aýtmaklaryna görä, Zahhak bir gün düýş görýär. Ol düýşünde üç adamyň köşge gelýändigini, olaryň biriniň elinde ujy sygryň kellesine meňzeş demir gürzüniň bardygyny we şol demir gürzi bilen özüniň kellesine batly urandygyny görýär. Zahhak bu elhenç görnüşden gorkup oýanýar we bu ýaman düýşden howpa düşýär. Ol akylly müneçjimleri we ökde ýyldyzşynaslary çagyryp, olara düýşüni gürrüň berýär. Şonda: – Patyşalykdyr mülkdarlygyň senden başga birine geçmeli wagty gelip ýetipdir. Senden patyşalygy aljak oglan şu wagt doglupdyr. Sen onuň kakasy bilen çaknyşarsyň we ony öldürersiň. Onuň ejesi senden gorkunjyna ogluny çöle äkidip, ony sygryň süýdi bilen iýmitlendirip ulaldar ýaly sygyr çopana berer – diýip, müneçjimler düýşi ýorupdyrlar. Zahhak bu ýagdaýa gamlanyp, Periduny tapmak üçin birnäçe adam iberýär. Aýtmaklaryna görä, Peridun Tahmuresiň perzentlerinden bolan Etbiniň ogly eken. Onuň aýalynyň ady Lewabek eken. Şol ýylda Peridun bu aýaldan dünýä inýär. Agalyk nyşanalary we soltanlyk alamatlary Peridunyň maňlaýynda görnüp duran eken. Ony gören adam onuň uly işleri bitirmek üçin ýaradylandygyna göz ýetirýän eken. Zahhak öz adamlaryny onuň gözlegine iberýär we şeýle çaga barada ideg-sorag edip başlaýar. Ahyrynda patyşalyk neslinden we şalyk neberesinden bolan Tahmuresiň perzentlerinden bir çaganyň eneden bolanlygyny, onuň adynyň Peridundygyny we onuň alnynda beýiklik nyşa-nalaryň bardygyny habar berýärler. Zahhak olary getirmäge adam iberýär. Emma olar onuň aýalyny we çagasyny tapmaýarlar. Ol aýal çagany daglara-düzlere äkidýär. Ahyry aýal sähralykda bir çemenzarlygy gör-ýär. Ol çemenzarlykda bir sygyr otlap ýören eken. Ol mundan öň şunuň ýaly owadan we hoşreň sygyr görmändir. Şeýlelikde, ol sygryň eýesine: – Bu çagany saňa tabşyrjak, sen ony sygryň süýdi bilen ekle we ata hökmünde mähriban bol. Sebäbi müneçjimleriň we bilgiçleriň birtopary maňa: «Allatagalanyň takdyryna görä, bu oglan bir gün patyşalyk tagtyna geçer. Zahhagyň zulumy we sütemi onuň adalat nurunyň öňünde öçer» diýdiler – diýýär. Ol adam bu çagany kabul edýär. Zahhagyň adamlary Peridunyň öýüne girenlerinde ony görmänsoňlar, köşgüni otlap, öýüni talapdyrlar. Peridun dört ýyl sährada gezipdir. Zahhak ony gözlemegi näçe dowam etse-de, hiç tapmandyr. Ahyrynda oňa pylan çemenzarlykda bir sygryň barlygyny we ol çagany şonuň süýdi bilen ekleýändiklerini habar berýärler. Zahhak ony getirmäge adam ibermezinden öň, Peridunyň ejesi: «Birden biri yzarlap gelip, ony bir bela uçradaýmasyn» diýip, çagany göterip, başga bir ýere äkidýär. Dagda bu dünýäden el üzen takwalardan we terkidünýälerden ybarat birtopar kişi bar eken. Ejesi çagany ol ýere äkidip, ony şol terkidünýälere tabşyrýar. Zahhak ol ýere adam iberip, sygry öldürdýär. Olar şol töwerekdäki ähli mal-garalary talaýarlar. Peridun Allanyň goldawy bilen aman galýar, üstünlik we päklik enekesiniň elinde terbiýelenýär. Peridun on alty ýaşa ýetensoň ejesinden: «Meniň kakam kimdi we oňa näme boldy?» diýip soraýar. Ejesi ähli wakalary bolşy ýaly gürrüň berýär. Şeýlelikde, Peridun ar alyş guşagyny guşanyp, demirçilere sygyr kelleli gürzi ýasadyp, Babyla tarap ýüzlenýär. Oňa birtopar adam hem goşulypdyr. Zahhagyň işi perişan bolupdy. Sebäbi, bir gün Käwe atly bir mazlum onuň köşgüne gelýär we: – Men bir demirçi ussa, men göýä diňe seniň zulumyňy çekmek üçin dünýä inen ýaly. Mundan birnäçe gün öň meniň bir oglumy ýylanlara berdiler. Heniz öňki ýaramdan gutulmankam, meniň ýene bir oglumy alyp adamlaryňa tabşyrypdyrlar. Seniň Allanyň ýaradan halkynyň üstüne açan bu zulum gapyň we Hakyň bendeleriniň üstüne çeken bu jebir gylyjyň nämedir?! – diýýär Ol şeýle diýenden soňra, Zahhagyň köşgünden çykýar we kömek isläp: – Eý babyllylar, eý, hasylsyz mazlumlar, näme üçin peslige we zelillige razy bolýarsyňyz? Ol hemmämizi bir-birden ýa-da iki-ikiden öldürer, biz näme üçin namartlyk bilen öldürilmeli? – diýip gygyrýar. Şeýdip, demirçilik edýän wagty ot zyýan bermez ýaly biline daňýan deriden edilen öňlügini bir taýagyň ujuna daňýar. Birtopar adam onuň daşyna üýşýär we bilelikde Zahhagyň köşgüne girýärler. Zahhak olara garşy uruşmak islese-de, halkyň ony ýigrenip, zulumyndan halys bolandyklary zerarly hiç kim oňa ýardam bermeýär. Ol howsala düşüp, mejbur bolup, Käwäniň ogly Karany yzyna berýär. Aýaga galan halk onuň gowşak we çäresizligine göz ýetirip, ýolbaşçylyga mynasyp adamy gözleýärler. Birden, Peridunyň güneşi ykbal gündogaryndan çykýar. Adamlar ony gören dessine, onuň dabarasy we azamaty kalplaryna ornaşyp, gözleri onuň güneş jemalyny görüp, aňk-taňk bolup, hemmeler sejde edip, onuň öňünde edep zeminini ogşaýarlar. Ol adamlaryň ählisini ezizleýär. Soňra ol Käwe we Karan bilen bilelikde köşge girip, Zahhagy tussag edýär. Onuň düýşünde görüşi ýaly, Peridun şol gürzüsi bilen Zahhagyň üstüne topulýar. Bir rowaýata görä, gürzi bilen onuň kellesine ýelmeýär we: «Men seni diňe bir kakamyň aryny almak üçin öldürmän, eýsem enekäm we meni süýdi bilen terbiýelän sygyr üçin hem öldürýärin» diýipdir. Başga bir rowaýata görä, onuň bilinden bir tasma kesip alyp, ony şol tasma bilen daňyp, dagda bir guýa taşlaýar. Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, ol bir güni kem müň ýyl patyşalyk edipdir. Köňlüň üçin kineli geläýse-de zamana, Azapsyz, sabyr bilen ýeňiş ýeter ynsana. Zahhak gider, ornuna indi Peridun geler, Gije geçse, soňundan hökman gündiz hem bolar. PERIDUN Bellenilişine görä, ýürekler Zahhakdan arkaýyn bolansoň, ýitip giden asudalyklar we salamatlyklar täzelenip, terlenip poslap giden rahatlyk aýnasy arassalanypdyr. Peridun tagta geçýär we soltanlyk kürsüsinde ornaşýar. Şol gün Mehr aýynyň ilkinji güni bolup, bu gün ýylyň salkynlaşyp, howanyň täzelenýän wagty hasaplanýar. Adamlar bu güni baýram belläp, ony şatlyklar möwsümine öwrüpdirler. Şeýle hem, şol güne Mehrijan diýip at beripdirler, ýagny «Zahhagyň sütem edýän döw¬ründäki ýitip giden jan mähri gaýdyp geldi» diýipdirler. Şeýlelikde, Peridun soltanlyk tagtynda ornaşyp, ykbal güneşi onuň gündogaryndan parlap dogýar we öz hak eýesine gowuşýar. Peridun goşunyň tanymallaryny we raýatyň ady bellilerini çagyryp, olary öz kadasy boýunça tertibe salyp, hersine gowy wadalar hem goldawlar berýär. Olary näpäk Zahhagyň golastyndan halas bolandyklary mynasybetli gutlap, ählisini özüniň gowy gözegçiligi we gözel idegçiligi bilen söýünjileýär. Ol patyşalyk esasyny goýup, Zahhagyň döwründe ýola goýlan zulum kadalaryny ýok edýär. Ol Käwe we onuň ogly Karany çagyryp, olara köp hormat we sarpa goýup, olaryň öňünde gözleriň görmedik we gulaklaryň eşitmedik hazynalary açmaklaryny buýurýar. Olar hazynada hergiz oý-pikir we arzuw-hyýal edilmedik nepis göwherleri we gymmatbaha hazynalary görüpdirler. Bularyň içinde lagl bölejikleri, doňan ýa-da lagtalanan gan ýaly gyzyl ýakutlar, deňeşdirmelerde ýagşyzadalaryň dişleri we meňzetmelerde ýagyş damjalary ýaly merwerit däneleri hem bar eken. Peridunyň permany boýunça, şol günde Käwäniň taýagyň ujuna daňan deri öňlügini getirip, oňa her hili nepis göwherleri dakypdyrlar. Ol bu derini gowulyga ýorup, ony uly baýdaga we täsin tuga öwrüpdir we oňa Derefşi Käwiýan (Käwelileriň baýdagy) diýip, at beripdir. Soňky patyşalar hem ony aýap saklap, ähli bol-elinlikler, şatlyklar, ýeňişler we basybalyşlar şunuň bereketinden bolýar diýip ynanar ekenler. Onuň ýerine geçen her patyşa bu tuguň üstüne köp zatlar goşup, ony şeýle derejede gymmatbaha zatlar bilen bezäpdirler welin, ähli baha kesijiler oňa baha kesmekden ejiz bolupdyrlar. Ahyrynda kesra patyşalarynyň döwletiniň gününiň tutulan wagty bolan Kadysyýýe söweşinde Sagdy Wakgasyň leş¬gerinden bir adam şol baýdagy ele salýar. Ony oljalar bilen bilelikde möminleriň emiri Omar hezretlerine (goý, Alla ondan razy bolsun!) iberýärler. Soňra ony söküp, musulmanlaryň arasynda paýlaýarlar. Allatagala şunça göwherleri Muhammede (Oňa Allanyň salamy bolsun) eýerýänleriň nesibesi edýär. Hekaýat Aýtmaklaryna görä, Peridunyň üç aýaly bolupdyr. Olaryň ikisi Jemşidiň gyzlary bolup, biriniň ady Ernowaz, beýlekisiniň ady bolsa Newar eken. Onuň üçünji aýaly Zahhagyň gyzy eken. Onuň aýallaryndan üç ogly bolupdyr. Olaryň täleý ýyldyzlary dürli bolupdyr. Birinji oglunyň täleý ýyldyzy Hamal bolup, onuň çäre tapyjysy (gönükdirijisi) Zöhre eken. Ikinji oglunyň täleý ýyldyzy Eset bolup, ol musallatlyk we beýiklik nyşany, onuň täleýi Myrryh . Üçünji oglunyň täleý ýyldyzy Seretan , onuň eýesi, hojaýyny bolsa, Aý bolupdyr. Ol bolsa öz öýündedir. Peridun olara hiç at goýman, ýolda aždarha mysalynda bir zat goýup, olary şoňa garşy söweşmäge iberýär. Uly ogly barýar. Ol gaçyp, sag-aman gaýdyp gelýär. Kakasy oňa Selm diýip at goýýar. Ortanjy ogly aždarha mysaly zada hüjüm edip, oňa garşy söweşýär. Kakasy oňa gaýduwsyzlygy üçin Tur diýip at goýýar. Peridunyň Ernowazdan bolan iň kiçi ogly ilki aždarha mysaly zada: – Sen biziň kimiň perzentleridigimizi bilmeýärmiň? Biz şa Peridunyň perzentleri. Eger sen bizi tanaman, bize garşy durmak isleseň, onda men özümizi saňa tanadaýyn. Eger bizi tanap, batyrgaýlyk edýän bolsaň, onda suw ýaly gylyjyň zarby bilen suw ýaly yzyňa gaýtararyn – diýýär. Şeýdip, tilsime delil getirip, özüniň ony öldürmekden bizardygyny yglan edýär. Kakasy oňa Ireç diýip at goýýar. Olar ýetginjeklik öwüsgininden kämillik ýaşlaryna ýetensoň hem-de patyşalyga mynasyp bolansoňlar, kakasy olar barada uly ýalňyşlyk goýberýär. Ulularyň ýalňyşy hem uly bolýar. Ol dünýä sebitlerini olaryň arasynda paýlamagy we olaryň ol ýerleri öz ady bilen gysymyna gysmagy üçin, her birine belli bir yklymy bermegi makul bilýär. Şeýlelikde, Rum deňzini, Magryby we bu ýerleriň daş-töwereklerini Selme, Türk, Çyn, Hint we bu ýerleriň ähli sebitlerini Tura berýär. Soňra bu jahanyň ortasy, ýeriň göbegi, älemiň gaşy bolan bu dünýäniň orta sebitlerini Ireje bagyşlap, tutuş Horasany, Yragy, Parsy, Kermany, Ahwazy, Tabarystany we Şamdyr Rumuň köp böleklerini onuň ygtyýaryna geçirýär. Şeýle hem, ony diwana we öz leşgerlerine emir belläp, ony uly doganlaryndan üstün edýär. Perzent hernäçe kiçi bolsa, şonça-da kakasyna söýgüli görünýär. Emma ol esasy usullary we umumy kanunlary ýöredip bilmeýär. Uly ýaşlyny mynasypdan öňde goýmak patyşalyk mertebelerini saklamakdan nyşandyr . Şeýle ýoluň saýlanmagy bolsa, Peridunyň patyşalygynyň perişanlyga düşmegine sebäp bolýar. Soňra ol iki uly ogluny häzirläp, ýarag, esbapdyr leşger berip, birini Günbatara, beýlekisini bolsa Gündogara iberýär. Öz hökümdarlyk paýtagtyny Ireje tabşyrýar. Ähli işleri Ireç dolandyrýardy. Peridunyň diňe patyşa hökmünde ady ýöreýärdi. Buýruk bermedir gadagan etme, çäklendirmedir gi-ňeltme, çözmekdir baglama işlerini dolulygyna oňa tabşyrypdy. Oňa şeýle derejede ygtyýar beripdi welin, hiç kimiň oňa garşy çykmaga haky bolmandyr. Şeýle bolsa-da, Ireç edil beýleki hyzmatkärler kimin kakasyna tagzym edipdir. Ol hyzmat wezipesini ýerine ýetirmekde kiçijik bir zady hem elden bermeýän eken. Bu habarlar onuň doganlaryna ýetende, olarda göriplik ody tutaşyp, ýigrenç ýüze çykyp, duşmanlyk we kine olaryň gursak sährasyna saýa salyp başlaýar. Şeýdip, iki uly dogan biri-birlerine hatlar ýazyşyp, ilçiler iberip, özleriniň içki syrlaryny paş edip: – Kakama näme boldy, ol bize zulum edip, ulyny goýup, kiçini saýlapdyr! Biz adalatly seretseň Ireçden öňde, biziň hyzmatdyr ululyk hakymyz artyk. Soltanlyk kürsüsi we döwletdir welaýat tagty näme üçin Ireje berilmelimişin?! – diýipdirler. Ilçiler iberilen ýerlerine barýarlar. Uly doganlar birleşip, kakalaryna garşy aýaga galyp, Ireji agdarmagy ýa-da özlerini oňa berlen zatlara şärik etmegi karar edipdirler. Ähtler mäkämleşensoň, olaryň her haýsysy öz ýerlerinden hereket edip, böwsüji leşger bilen aýaga galyp, Töwrizde biri-birleri bilen duşuşýarlar. Soňra bir topar adam ýygnap, kakalarynyň ýanyna ilçi iberdiler we oňa gödek habar ibermek bilen pitnäni ýatyrmak üçin ýa Ireji bir çete iberip, haýsam bolsa bir ülkäni berip, özüniň yzzatly paýtagtyny başga bir ogluna bermegini ýa-da gylyjyny alyp, hakyny talap edýän kişiniň öňünde durar ýaly uruş esbaplaryny toplap taýýar bolmagyny isläpdirler. Ilçiler Peridunyň hyzmatyna gelip, ilçilik şertini we çaparlyk hakyny eda edensoňlar, Peridun diýseň gamlanýar. Bitap bolup, Ireji çagyrýar we bu ýagdaýy düşündirip: – Men seniň uruş esbaplaryny taýýarlap, söweş we uruş maksady bilen olaryň ýanyna barmagyňy maslahat bilýärin. Bu gün höküm seniň hökümiňdir. Men häzir diri, meniň ähli adamlarym se¬niň baýdagyň astynda giderler we seniň permanyňa boýun bolarlar. Ýüreklerinde gorky bolan we mejburlyk-dan doganlaryň bilen birleşen adamlar biziň baýdagymyzy gören batlaryna, derhal olardan ýüz öwrerler we seniň hyzmatyňa gelerler – diýýär. Ireç bu sözleri eşidip, edep zeminini ogşaýar. Beýt Serwi deý kamatyn çeňňek dek egdi, Ýakut deý leb bilen hala reňk degdi. Soňra Ireç şeýle diýýär: – Patyşanyň aýdýan sözleri dogrudyr. Emma eger siz maslahat bilseňiz, häzirki wagtda älem perişanlyga düşüp, halaýyk biz sebäpli kösenje duçar bolmaz ýaly ylalaşyk ýoluna eýerip, agzybirlik üçin jogap hökmünde özümize bähbitli zady ýazmak ýerlikli bolar. Onda kakasy: – Seniň akylyň şeýle bolmagyň gerekdigini ündeýär. Emma men olaryň gylyk-häsiýetine belet. Olar ýumşaklyga gatylyk, wepalylyga jepalyk bilen jogap berýärler. Sen ýaş-juwan halyňda, ylalaşmagy makul bilseň, men garry neneňsi urşy ündäýin. Häzir men hat ýazyp, seni birnäçe akyldar adamlar bilen olaryň ýanyna ibereýin, göreli Hudaý nähili höküm edýär – diýýär. Kakasy olara kanagatlandyryjy ötünçleri öz içine alýan bir hat ýazdy. Ol özüniň hatynda şeýle diýýär: «Men doganyňyza berlen artyk haky size tabşyryp, doganlyk ähtini täzelär ýaly Ireji siziň ýanyňyza iberýärin. Ol siziň hormatyňyz we ululygyňyz üçin öz içinde saklap goýan sarpasyny we sylagyny size aýan eder. Siz meniň atalyk hakymy saklap, meniň nygmatyma gadyrbilmezlik görkezmersiňiz we atalyk hukugymy boýun bolmazlyk bilen peseltmersiňiz diýip umyt edýärin. Iniňizi ýagşylyk bilen yzyna gaýtaryň». Şeýdip, kakasy Ireji olaryň ýanyna iberýär we onuň ýoluna göz dikip, gulak gabardyp, näme habar bolarka, diýip garaşýar. Ol nyýaz dili bilen şeýle diýer eken. Beýt Eý, aý ýüzli, sen bizden daşlaşyp, ara açdyň, Endişäm köp, sabrym az, halym harap kylypdyr. Tenim naý dek, gursak – Nil, ýaňagym göýä saman, Barmak – lebde, gulak – gapyda, gözüm – ýolda bolupdyr. Ireç doganlarynyň ýanyna ýetende, olar ony garşylap, ýürekden däl-de, ýalandan mähribansyraýarlar. Olar her gün iki-üç sany aldawlyk misini ikiýüzlilik zeri bilen bezeýän ekenler. Olar duşmanlyk zäherini hilegärlik şekeriniň içinde gizleýän ekenler. Bir gün Selm oturlyşyk gurýar we Ireji öýüne getirýär. Olar saçak başynda meý içişlik mejlisini gurnaýarlar. Birnäçe bulgur şerap içensoňlar, Tur inisine ýüzlenip: – Biz diri wagtymyz nämä esaslanyp täji-tagty islediň! Biziň bardygymyza garamazdan, özüňi patyşalyga mynasyp saýdyňmy? – diýýär. Ireç oňa: – Size we siziň egindeşleriňize meniň tagty islemändigim we ony almak üçin tagalla etmändigim aýandyr. Eger ýalňyşlyk bolan bolsa, kakamyz edipdir, meniň bu işde nähili günäm bar?! Indi siz bu işe üns berip, yzarlap başlanyňyzdan soň, siz näme diýseňiz şoňa görä bolup, nirä iberseňiz şol ýerde mesgen tutmak üçin täji-tagty terk edip hyzmatyňyza geldim – diýýär. Tur bolsa: – Sen bu sözleri bialaçlykdan aýdýarsyň, biziň ýanymyzdan giden badyňa patyşalyk höwesi seni gozgalaňa salar – diýip, altyn kürsä el urup, onuň başyndan aýlap urýar. Ireç oňa şeýle diýýär: – Hergiz sen meniň ganyma we bigünä halyma kast etme. Özüňi Allanyň we kakamyzyň gazabyna duçar etme. Men serwerligi we ýolbaşçylygy taşlandyryn. Öz ygtyýarym bilen siziň gapyňyza gelip, özümi siziň penaňyza atdym. Ähtleşen adamyň bilen ähdiňi bozmak mynasyp däldir. Tur onuň sözlerine üns bermeýär we ädiginden hanjaryny çykaryp, inisiniň kellesini teninden aýyrýar. Ol şol kelläni bir çapar arkaly kakasyna iberýär we oňa: «Şu seniň täç geýmäge mynasyp gören kelläň! Men indi muny saňa iberýärin. Sen onuň kellesine täç geýdirip bilersiň» diýip habar iberýär. Olar şeýle ýaramaz iş edip, nähak gan dökensoňlar dolanyp, biri Türküstana, beýlekisi bolsa Ruma barýar. Bu habar Periduna ýetip, Irejiň kellesini getirenlerinde, älem-jahan onuň gözüne garaňky görnüp, tagtdan düşýär we bihuş bolýar. Ol huşuna gelen wagty, gözýaş dürdäneleri syrygyp, kirpik almazyna siňip gidýärdi. Şondan soň ol bir ýyllap, şeýle ahy-nala edip, zaryn-zaryn aglapdyr welin, guşlar asmanda, balyklar bolsa suwda onuň halyna aglaşypdyrlar, raýatlar we goşun hem Irejiň matamynda saçlaryny ütüp, ýas lybasyny geýipdirler. Peridun wagtyny Tura we Selme yzygiderli betdoga etmek bilen geçirer eken. Gije-gündiz Hudaýtagaladan Irejiň aryny olardan alar ýaly, Irejiň neslinden bir perzent bermegini dileýän eken. Ireç wepat bolanyndan birnäçe wagt geçensoň, Peridun Irejiň aýallaryndan göwreli aýal barmy-ýokmy bilmek üçin onuň haremhanasyna adam iberýär. Mah Aferidiň Irejiň bi-linden çagasy bardygy mälim bolýar. Ol bäş aýdan soň çagany dünýä inderýär. Bu barada dürli maglumatlar bar. Abu Mansur Sagalybynyň aýtmagyna görä, ol perzent Me-nuçehrdir. Firdöwsiniň «Şanamada» berýän maglumatyna görä, bu dünýä inen çaga bir gyz bolup, oňa Mah Aferit diýip at goýup, ony terbiýeläpdirler. Ol ulalansoň Peridun ony özü-niň doganynyň Seňg atly ogluna berýär. Olardan bir çaga dünýä inýär. Bu çagany Peridunyň ýanyna getirenlerinde, ol oňa syn edýär. Görse, onuň ýüzi özüne meňzeýän eken. Ol bu çaga Menuçehr, ýagny «Meniň keşbim» diýip at goýýar. Garaz, bu çaga Irejiň ogly ýa-da agtygydyr. Aýtmaklaryna görä, aglamakdan ýaňa Peridunyň gözleri kör bolan eken. Emma Menuçehri görüp, gözleri açylýar. Şeýdip, Peridun ony terbiýelemäge başlaýar, onuň kemala gelmeginde janypkeşlik bilen yhlas edýär. Ol ulalansoň ähli hünärleri öwrenýär, mertlik, adamkärçilik, hümmetlilik, merdanalyk, syýasat we rehimlilik Menuçehriň häsiýetinde jemlenýär. Peridun ony öz oruntutary edip, täji-tagty berip, ähli meşhur patyşalary we pälwanlary onuň bilen ähtleşdirýär. Bu habar Tura hem-de Selme ýetende olar biri-birlerine hat ýazyşýarlar we öňki kararlary ýaly ýene-de Töwrizde biri-birleri bilen duşuşýarlar. Olar diňe mekirlik, hilelik, ýalançylyk we aldawçylyk ýoly bilen bu işi ýatyryp, urşuň öňüni alyp bolar diýen karara gelýärler. Şeýdip, olar köp sowgatlar we sansyz pullar bilen, ilçi iberip, şeýle mazmunda hat ýollaýarlar: «Öňki wakalar Allanyň takdyry bilen bolan eken. Şeýtanyň hileleri bize şu işi etdirdi. Indi bolsa biz bu eden işimize ökünýäris. Biz Irejiň neslinden bir çaganyň bardygyny eşitdik. Biz onuň huzurynda ötünç sorap, ýalkaw dilemegi we onuň öňünde bilimizi guşap, ýalbaryp durmagy özümize borç bildik hem-de onuň bizden razy bolmagy üçin şeýle hem kyýamatda jezalandyrylmazlygymyz üçin geregiçe mal pida etmek isledik». Bu habar Periduna baryp ýetende, ol: – Heý, meniň ýaly adam ogluny zere satarmy! Siz eden işiňiziň jezasyny çalt görersiňiz. Men adamlaryň: «Garry halynda oglanlaryna garşy söweşdi» diýip betnam etmezlikleri üçin size hiç zat diýmedim. Ýogsa men bireýýäm siziň mekanyňyzy gum-toprak ederdim. Hudaýa şükür, indi Irejiň neslin-den Menuçehr atly perzent dünýä indi. Ol hem şirleriň haýbatyna, hem edermenleriň merdanalygyna eýedir. Siz onuň jemalyny görmäge şowk edýän bolsaňyz, ol meniň we kakasynyň aryny almak üçin uly goşun we tükeniksiz leşger bilen hatyň yzýany baryp ýeter. Gep köpeldip oturmaga hajat ýok, wessalam – diýip, ilçini yzyna gaýtarýar. Çapar we ilçi bu habary Tura we Selme ýetirensoň, olar mundan gaty ynjap, özlerine bela aýatyny okap: «Olar taýýar bolmazla¬ryndan ozal biz olaryň üstüne çozmaly» diýen karara gelýärler. Şeýdip, daş-töwerekden leşger toplap, Peridunyň tagtyna tarap ýola düşýärler. Menuçehr hem köplüginden we güýçlüliginden ýaňa asmanyň ýyldyzlary bilen bilelikde, aýa gyýa göz bilen seredýän bezelen goşun bilen olara garşy dur-ýar. Iki leşger biri-birine ýetip, hatarlary düzüp, birnäçe gije-gündizläp söweşýärler. Ýeriň ýüzi adamlaryň gany bilen boýalyp, pelegiň pöwrize – mawy asmany ölenleriň ganynyň şöhlesinden gyzyl ýakut boldy. Gijesine Menuçehriň habarçysy leşgergähden gelip, duşmanyň gijeki çozuş etmek niýetiniň bardygyny habar berdi. Menuçehr leşgeri iki topara böldi. Ol birinji topary urşa çykmak üçin Karana tabşyrdy we özi beýleki leşgeri bilen bukuda durdy. Tur gelip ýetensoň, olary söweşe taýýar halda görüp, gelenine puşman etdi. Emma ol Tura peýda bermedi. Şeýdip, ol umytsyz urşa başlady. Ol az salym söweşensoň ýeňlip, yzyna dolandy. Ýene bir tarapdan Menuçehr bukudan çykyp, mertlerçe söweşe gi-rýär we bir salymyň içinde leşgeri doly derbi-dagyn edýär. Menuçehr şol gije Tura ýetip: «Nirä barýasyň? Täç-tagt gazanmak üçin geldiňmi? Garaş, men seniň kelläňi gandan lagl täjine öwreýin!» diýip gygyrýar. Soňra ol garaňky gijede säheriň ýagtylygy kimin lowurdaýan gylyjy bilen asman ýaly mawy sowudyny bagrynyň gany bilen şapak kimin gyzardyp, bir urgy bilen ony atdan agdarýar. Edil Irejiň kellesini kesişi ýaly edip, onuň kellesini kesýär. Soňra derhal dolanyp, Turuň kellesini Periduna iberýär we bolan wakany hat üsti bilen habar berýär. Selm bu habary eşidip, doganynyň ýasy bilen bilelikde öz ýasyny hem tutýar. Menuçehr oňa möhlet berýär. Selm Zahhagyň neslinden bolan hem-de mertlikde we edermenlikde tanymal bolan Käkewiýe diýen adamdan kömek soraýar. Käkewiýe gelip, uruş esbaplaryny taýýarlaýar we hatar düzýär. Şol ilkinji gün Menuçehr Käkewiýe bilen garpyşýar we birnäçe wagtlap onuň bilen söweşýär. Ahyrynda Menuçehr Käkewiýäni atdan agdarýar we ony öldürýär. Selmiň leşgeri ýeňlişe sezewar bolýar. Menuçehr Selmi ele salýança, olaryň yzyndan kowýar. Menuçehr Selmiň yzyndan ýetende, kaza-takdyryň ýazan ajaly ýetýär we onuň aty ýykylýar. Selm atsyz galýar. Menuçehr bolsa şol bada onuň kellesini teninden aýryp, kakasyna iberýär. Älem-jahan onuň ygtyýaryna geçýär we ähli zalymlar oňa boýun bolýarlar. Şondan soň köp wagt geçmänkä, Peridun wepat bolýar. Ol bäş ýüz ýyl ýaşap, pany dünýäden baky mekana göç edipdir. MENUÇEHR Patyşalyk Menuçehre geçip, jahanyň han-begleri onuň permanyna boýun bolýarlar. Topalaňçylar onuň hökümdarlygyna tabyn bolansoňlar, onuň işdolandyryjysy, döwlet sütüni we işini esaslandyryjysy Sam Naryman atly bir adam bolýar. Oňa pälwan diýer ekenler. Onuň edermenlikde we merdanalykda älemde deňi-taýy bolmandyr. Nimruz, Zabulystan, Kabul we Hindistan Samyň mülki bolupdyr. Ol wagtal-wagtal patyşanyň ýanyna gelip, hyzmatkärlik we bendelik edebini ýerine ýetirip, gulluk ähdini täzeläp, ýene-de welaýatyna gaýdýardy. Ol welaýaty abadanlaşdyrmaga we ilaty rahatlykda saklamaga çalşar eken. Ol Päk we Beýik Alladan durmuşda gözüniň göreji we ýüreginiň buýsanjy bolup, özünden soň oruntutar bolar ýaly, bir perzent bermegini diläpdir. Päk we Beýik Ýaradyjy oňa şeýle bir ogul beripdir welin, onuň saçlary, kirpikleri we gaşlary ap-ak bolup, ondan öň beýle çaga görmändirler. Sam mundan ynjap, birden adamlaryň agzyna düşäýmesin diýen gorky bilen, ony aýakýetmez daglyga taşlaýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |