13:19 Hoja Hafyz | |
HOJA HAFYZ
Edebi makalalar
(1325 – 1390) Şemseddin Muhammet ibn Bahaweddin Hafyz Şirazy dünýäniň iň beýik lirikleriniň biri, pars edebiýatynyň bolsa iň meşhur lirik şahyrydyr. Ol Gündogarda ýaşan döwründen bäri meşhurdyr hem şöhratlydyr. Günbatarda bolsa ol XVIII asyrdan bäri belli bolup gelýär. Nemesleriň iň beýik şahyry Iogan Gýote Hafyzyň beýikligi barada şeýle ýazypdyr: «Ýok, Hafyz, seniň bilen deňleşmäge çakymyz ýokdur. Sen küje, biz küje!» Hafyzyň döredijiligi, şahyryň beýikligi barada Gýote ýörite makala ýazypdyr. Ruslaryň iň beýik şahyry Puşkin Hafyza aýratyn uly sarpa goýupdyr, onuň döredijiliginde «Hafyzden» atly goşgular toplumy bar. Onuň iň meşhur eseri «Ýewgeniý Oneginde» şeýle hem beýleki eserlerinde Hafyzyň äheňinde ýazylan, mysal alnyp ýazylan setirler duş gelýär. Ruslaryň iň inçe lirigi A. Fet bolsa Gündogaryň bu läheňi barada şeýle sözleri aýdyp geçipdir: «Haýsy toprakda, haýsy döwürde önüp-ösenligine garamazdan, hakyky poeziýanyň näzik gülleri solmaýan eken». Hafyz Şirazy öwliýä bolup, türkmen dessanyna giren ýeke-täk pars şahyrydyr. Şabendäniň «Gül-Bilbil» dessanynda ol aşyklaryň piri hökmünde suratlandyrylýar. Dessanyň baş gahrymany Bilbil atasynyň bagynda seýil edip, bir ýerde uklap galýar. «Ol zaman bir ahwal gördi kim, goly ýaşyl hasaly, başy sebze selleli, egni derwüş lybasly, sakgaly ýaňy mäşbürünç bolgan bir kişi baga tomaşa kylar erdi. Ol kişi Bilbiliň ýanyna gelip: – Eý, Bilbil, ýeriňden turgul! – diýdi. Bilbil ony görüp, ýerinden turdy… Erse ol kişi hasasyny Bilbilge garşy uzadyp, «Tut ujundan!» diýdi. Bilbil hasanyň ujundan tutdy. «Gözüňi ýum!» diýdi. Bilbil gözüni ýumdy. Bir demden soň «Gözüňi aç!» diýdi. Bilbil gözüni açdy… «Sen aşyk sen, ol magşugyňdyr. Sen Güliň alar sen». «Agzyňy aç!» diýdi. Bilbil agzyny açdy. Erse ol baba Bilbiliň agzyna tüýkürdi. «Goluňny göter!» diýdi. Bilbil goluny göterdi. «Omyn» diýgil. Bilbil «Omyn» diýdi. Ol kişi Bilbilge ak pata berdi. Arkasyga üç ýola kakdy. Bar imdi, Huda ýaryň bolsun, bizge Hoja Hafyz diýerler» diýip, gözden gaýyp boldy». Hafyzyň şu ýerde edýän hereketleri ak pata bermek dessuryny suratlandyrýandygy bilen gyzyklydyr. Ýene-de bir gyzykly detal! Şabende Hafyzyň anyk portretini berýär. Hafyzyň «Diwany» onuň watany bolan Eýranda Gurhandan soňky keramatly kitap hasaplanýar. Keramatlydygy üçin, Hafyzyň «Diwany» boýunça pal atmak dessury ol ýerde giňden ýaýrandyr. Görnüşi ýaly, Hafyzyň döredijiligi şahyrana sözüň keramatly söze öwrülişiniň seýrek bir hadysasydyr. Diýmek, Hoja Hafyz ýöne şahyryň derejesinden has beýik şahsyýetdir. Ol öwliýä şahyrdyr. * * * Hafyzyň doglan, ýogalan ýyllary dürlüçe görkezilýär. Ýöne iň ygtybarly maglumata salgylanyp aýtsaň, Eýranyň iň meşhur lirigi 1325 – 1326-njy ýyllarda Şirazda eneden bolup, 1388 – 89-njy ýyllarda hem şol ýerde aradan çykypdyr. Onuň kakasy Bahaweddin Pars atabegleriniň döwründe Yspyhandan Şiraza göçüp baran eken. Ol söwdagärlik edipdir, söwdasy ugrugyp, ilki oňat baýapdyr hem. Emma soňlugy bilen işi oňman, garyp düşüpdir. Ýaşlykda kakasy aradan çykansoň, Şemseddin Muhammet öz-özüni eklemeli bolýar. Näçe kyn düşýän hem bolsa, ol bilim almagyny erjellik bilen dowam etdiripdir. Ol juda ýatkeş bolupdyr. Arap, pars edebiýatyny düýpli özleşdirýär, filosofiýany, ylaýta-da sopuçylyk filosofiýasyny ilik-düwme öwrenýär. Sopuçylygyň ýokary derejelerine ýetmegi başaran Hafyz Gurhany ýatdan bilipdir. Hatda oňa tefsir-düşündiriş hem ýazypdyr. Onuň hafyz – Gurhany okaýjy lakamy-da şundandyr. Terjimehalynyň şu taraplary bu şahyryň iki sany aýratynlygyny hasyl edýär: Birinjiden, Hafyz juda çuň şahyrdyr. Çuňluk simwolika – şertli dil, aňlatma arkaly amal bolýar. Şonuň üçinem onuň döredijiligi «Lisan ul-gaýb» – «syrly dil» diýen bahany alypdyr. Hafyzda gaýtalanmaz, diňe şu şahyra mahsus obraz hem aňlatma şekilleri bardyr. Ikinjiden, Hafyz öz gazallarynda many bilen owazy iň kämil suratda utgaşdyryp bilen inçe şahyrdyr. Özem munda many owazy däl-de, owaz manyny kesgitleýär, döredýär. «Lisan ul-gaýb» – syrly dil adyny alan Hoja Hafyzyň döredijilik releksiýasynyň bu geň-taň aýratynlygy, jedelsiz, Gurhany-kerimiň täsiri bilendir. Diliň syrlylygy, many fenomenleri owazdan baş alyp gaýdýar. Yslamyň mukaddes kitaby bolan Gurhanyň diňe owazynyňam adam psihikasyna we emosiýalaryna güýçli täsir edýändigi ylym tarapyn anyklanylan faktdyr. Mukaddes kitabyň aýatlarynyň owazlylygy adam kalbynda geň hem täsin, özem köplenç many, düşünje, logika nukdaýnazaryndan düşündirip bolmaýan assosiasiýalary döredýär. Ses assosiasiýasy – munuň özi owaz arkaly, owazyň kömegi bilen, owaz tarapyn many döredilmegidir, many babatda «boş ýerden», tarpdan many döretmekdir. Gurhanyň owaz assosiasiýalaryna baýlygy arap diliniň aýratynlyklary bilen baglanyşykly. Köneleriň kelamullanyň tekstini özge dillere terjime etmegi müwessa bilmändikleri-de şunuň üçindir. Çünki terjimede owaz ýitýär, owaz ýitensoňam, manylar duw-dagyn bolýar. Many owazyň içindedir, manynyň içinde bolsa syr bardyr. Many owaz mynasybetlidir, syr bolsa many mynasybetlidir. Owaz-many-syr atly bu täsin gatnaşyk Şemseddin Muhammediň beýnisine çagalykda siňipdir. Ol köpleriň pikir edişiniň tersine, söz sungatynda mazmunyň däl, formanyň birinjilikdigine, şygryýetde-nazmda manynyň däl, owazyň birinjilikdigine iş ýüzünde ir göz ýetiripdir.Öň görülmedik, täze owazlary alyp bilmeseň, many täzelikleri barada hyýal hem edip oturmaly däl. Owaz manydan däl, many owazdan çykýar. Aslynda gündogar edebiýatynda «many» fenomeni sap mazmun hadysasy däldir. «Manyny» obrazlylygyň özboluşly bir görnüşi hasap edýärler. Obraz bolsa mazmun bilen formanyň, ýagny owazyň utgaşygydyr. Suraty kemala getirmekde, suraty göz öňüne getirmekde owaza ilkinjilik degişli. Owaz munda ugur alyş nokady bolup durýar. Başlangyç bolmasa dowamatyňam, netijäniň hem bolmajakdygy düşnükli ahbetin. Many bilen owazyň utgaşygynyň kämilligi diýen meseläni goýmagyň özi-de, meniňçe, aňlaýşyň, akyl ýetirişiň nädogry ugur alýandygyny görkezýän zat. Çünki munda pes, otrisatel mysaldan ugur alynýar. «Pylan şahyrda many bilen owaz alyşmandyr, bu beýik şahyrda bolsa beýle däl» terzde pikir etmegiň özi, şeýle deňeşdirme arkaly göz ýetirmegiň, baha kesmegiň özi, ýaramazy görüp, oňady bahalamagyň özi prinsipde nälaýyk iş. Näme üçin oňatlygy oňatlygyň öz çäginde, kämilligi kämilligiň özi bilen düşündirmeli däl?! Meniňçe, beýikligiň absolýutlygy diýilýän nukdaýnazary kemala getirip, sungatyň manysyny dogry düşündirip bolar.Bu nukdaýnazar hatda hyýalyňda-pikiriňde-de beýikligi peslik bilen deňeşdirmeli däldigini, beýiklige peslik arkaly göz ýetirmeli däldigini aňladýar. Eýsem-de bolsa, Hoja Hafyzyň owaz fenomeni baradaky gürrüňi gozgap, men häzir öz-özüme duzak taýýarlaýandygymy duýýaryn. Şahyryň owaz – sözleýiş fenomenini agzabam, gürrüňi owazy-beýlekisi galmadyk çeper, ondan-da beter sözme-söz terjime edilen şygyrlaryň mysalynda dowam etmek, dogrusy, umytsyz töwekgellik dälmidir?! Şu sebäpden meseläni öz ýanymdan özüm üçin aýdyňlaşdyrýançam, gürrüňi başga ýana sowaly! * * * Hoja Hafyzyň ussatlarynyň biri Kowan eddin Abdylla atlandyrylypdyr. Hafyzyň döwürdeşi Muhammet Gülendam diýen biri şahyryň «Diwanyny» düzüpdir. Beýik şahyryň ömrüne degişli maglumatlaryň birinji topary-da Gülendamyň galamyna-ýatlamalaryna degişlidir. Onuň aýtmagyna görä, Hafyz beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşarynyň «Kalişaf» eserine, Muntarziniň «Misbah» kitaplaryna düşündiriş beripdir. Şeýle-de ol logikany, edebiýat ylmyny, arap dilini, şygyr sungatyny ýokary derejede özleşdiripdir. Beýik şahyr bolup ýetişensoň, Hafyzy gündogar şalarynyň köşgüne çagyryp başlapdyrlar. Onuň ilkinji howandary 1343 – 1353-nji ýyllarda häkimlik eden Abu Yshak Niju bolupdyr. Häkim şagalaň-meýlisi gowy görýän, şahyrlar, alymlar bilen oturşyp-turuşmagy halaýan, elaçyk, şahandaz adam eken. Soň-soňlar şahyr bu adamyň döwrüni «altyn döwür» diýip ýatlar eken. Emma 1353-nji ýylda Şiraz Mubariz eddin Muhammediň eline geçýär. 1364-nji ýyla çenli häkimlik eden Mubariz eddin gaty takwa, dinsöýer kişi bolup çykypdyr. Ol Şirazdaky ähli meýhanalary, meýlishanalary ýapdyrypdyr, şerigat kanunlarynyň berjaý edilişine berk gözegçiligi ýola goýupdyr. Mubariz eddiniň ogly Şah Şuja (1364 – 1384-nji ýyllarda tagtda oturypdyr) atasynyň tersine bolup, şahyrdyr alymlaryň goldawçysy hökmünde tanalypdyr. Onuň özem goşgy ýazmak bilen maşgullanypdyr. Ol aşaklyk bile Hafyza bahyllyk edýän eken. Bir gezek Şah Şuja şahyra «Seniň gazallaryňda belli bir ölçeg ýok» diýip igenipdir. Muňa Hafyz şeýle jogap beripdir: – Hak aýdýaňyz, şahym! Ýöne näçe kemçiligi bolsa-da, meniň gazallarym jahana belli. Käbir adamlaryň şygyrlary bolsa Şirazyň derwezesindenem aňryk geçip bilenok. Şondan soň şahyr özge ýerlerden – Yspyhandan, Ýezdden garaw gözläp ugrapdyr. Emma hiç ýerde-de ornaşman, ýene öz dogduk şäherine dolanypdyr. Iň soňky gezek ol Mahmyt şahyň çakylygyna seslenip Hindistana gitmek üçin Şirazdan çykypdyr diýýärler. Mahmyt şa Hafyza esli peşgeşem iberen eken. Ol peşgeş puluň bir bölegini şahyr öz bergilerine beripdir, ýolda-da garyp düşen dostuna duşup, galanja pulam şoňa beripdir. Emma Ormuza ýeten şahyr deňizde gaý-tupanyň turanyny görüp, şol ýerdenem yzyna gaýdypdyr. Iberilen puly harç edibem, ýanyna gelmedigi üçin Mahmyt şa Hafiza gahar edip durmandyr. Tersine, ol şahyra ýene ep-esli sowgat iberipdir. Hafyz Şirazynyň ömrüniň soňky ýyllary Teýmirleňiň şalyk eden döwrüne gabat gelýär. Teýmir 1387-nji ýylda ilkinji gezek Şirazy ele alýar. Rowaýata görä, emir Hafyzy ýanyna getirmeklerini buýurýar. Egni derwüş lybasly şahyry görenden Teýmir oňa haýbat atyp ugraýar: – Eý, paňkelle, men Samarkant bile Buharany baý hem owadan etmek üçin dünýäni basyp aldym, näçe oba-şäheri weýran edip, baýlyk baryny topladym. Sen bolsaň haýsydyr bir gyrnagyň ýekeje halyna Buharany, Samarkandy bermäge taýyar! Elbetde, Teýmir şahyryň «Şiraz gözeliniň ýeke halyna Buharany, Samarkandy berer men» diýen setirini göz öňünde tutupdyr. Patyşanyň bu gahar-gazabyna Hafyz boýnuny burup, şeýle jogap beripdir: – Eý, şahy-älem! Şeýle jomartlygym üçin men şu eleşan güne düşdüm-dä! Beýle jogaba garaşmadyk emir hezil edip gülüpdir. Hafyzyň ömri baradaky ikinji topar maglumatlar rowaýatpisint bolup, onuň şygyrlaryndaky aýdylanlara esaslanýar. Aslynda-da rowaýat özboluşly gündogar çeper formasy bolup, oňa hemişe ikinjiliklik mahsusdyr. Biziň milli şahyrlarymyzyň ömrüne, terjimehalyna degişli rowaýatlar hem olaryň öz eserleriniň interpretasiýasy esasynda döräpdir, ýa-da haýsydyr bir real-durmuşy maglumatyň sonky nesilleriň döredijilikli aňyna, çeper toslamasyna laýyk interpretasiýa görnüşinde döräpdir. Şonuň üçinem rowaýat ilkibaşky çeper esere gatnaşygy boýunça-da, ilkibaşky durmuş maglumatyna gatnaşygy boýunça-da ikinji dörän bir zatdyr. Muhammet Şemseddiniň şahyrlyk ykbalynyň başlanyşy hakynda onlarça rowaýat bar. Şirazyň senetkärleri we söwdagärleri şygyr sungatyny aýratyn hormat-söýgüsi bilen tanalýan adamlar eken. Olara adatça «bazar mähellesi» diýipdirler. «Bazar mähellesi» hem beýik we şirin gündogar poeziýasynyň janly ýaşaýşynyň mekany hem täze şahyrlaryň çykýan ýeri bolupdyr. Bir rus ýazyjysynyň «Biziň hemmämiz Gogolyň «Şinelinden» çykdyk» diýşi ýaly, gündogaryň ençe ägirt şahyrlary «bazar mähellesinden» çykypdyr. Senetkärleriň hem söwdagärleriň dükanlary «Muşaýyra agşamlarynyň» – şahyrlaryň özboluşly bäsleşikleriniň ýeri eken. Hut şol ýerde-de Muhammet Şemseddin şygryýet diýilýän jadyly dünýäniň nämedigini, şygyr diýilýän gudratyň nämedigini ilkinji gezek oglanka görüpdir. Özgelere öýkünip, ol gazal düzüp başlapdyr. Şemseddiniň gazallaryna ilkibaşda göwnüýetmezçilik bile garapdyrlar. Bir gezegem özüne – geljekki beýik şahyra göwnüýetmezçilik edýändiginden göwni galan oglanjyk nämüçindir haýsydyr bir güýjüň yzyna düşüp, beýik aryf hem şahyr Baba Kuhyllyň mazarynyň başyna gelipdir. Şahyryň ruhuna aýat-doga okap, oňa içini döküp, öýkesini aýdyp, zyýaratçy şol ýerde-de uklap galypdyr. Düýşünde bir rehber görnüp, oglana hak şerabyndan içiripdir. Soňam: – Alla ýaryň bolsun, seniň üçin ähli gapylar açykdyr – diýipdir. Oglanyň soragly nazaryny görüp: – Bize hezreti Aly diýerler – diýibem, gözden gaýyp bolupdyr. Düýş galyplygyndan huş barlygyna dolanyp, oýanan Muhammet şol duran ýerinde entek görülmedik, diňläni aňk ediji gazal goşupdyr. Şeýdip beýik Hafyz dünýä inipdir. Başga bir rowaýata görä, Muhammet Şanabat atly şirazly gyza aşyk bolupdyr. Muny bilen gyz neresse oglanyň üstünden gülüp hezil edipdir. Muhammediň çyndan çuň söýgüsi oňa şahyrlyk ylhamyny-da, gyzyň magşuk wepasyny-da serpaý edipdir. Nähili bolanda-da, talapkär hem çümhörek bazar mähellesi şeýle ajaýyp gazaly Muhammediň döredendigine bada ynanmandyr. Bu işiň magadyna ýetmek, oglana ezmaýyş etmek kararyna gelnipdir. Oňa öňki ussatlaryň biriniň gazalyna nezire ýazmak teklip edilipdir. Ýaş şahyryň neziresi diňleýjileri haýran edipdir. Täze beýik şahyryň dörändigi baradaky habar dilden dile, agyzdan agza geçip başlapdyr. Bu geçiş häzir hem dowam edýär, her bir täze nesliň durmuş hem sungat meýdanyna aýak basmagy bilen ol geçiş prosesi öz aýlawyna täzeden başlaýar. Bu «köne saraýa täze gelen ärler» Hafyzyň gazalynyň hiç haçan könelmejek täzeligine baş ýaýkap, dünýäden göçüp gidýärler. Hakyt, är garrar – sungat garramaz! Şemseddin Muhammediň şahyrlygynyň syry mukaddes Gurhandan başlanýar. Gurhan bolmasa, Hafyz bolmazdy. Sebäbi Hafyz diýmek Gurhany ýatdan bilýän diýmekdir. Hut şu beýik kitaby – Allanyň Sözüni öz gazallaryna siňdirip, Gündogarda entek görülmedik poetiki çuňňurlygy, şahyrana syrlylygy, aňlaýyş gözýetmezligini döredip bileni üçin, şahyra «Lisan al-gaýb» – «syrly, gaýyby dil» hem-de «tarjuman al-asrar» – «syrlary terjime ediji» ýaly atlary beripdirler. Gaýyplygyň dili – munuň özi özge dünýäleriň habaryny, owazyny hem tagamyny getiriji, syrlary terjime ediji – munuň özi özge dünýäniň barlygyny şu dünýäniň diline geçiriji diýmekdir. Diýmek, Hafyzyň poeziýasynyň beýikligi bakylygyň panylyga, gudratyň adatylyga, gaýyplygyň barlyga, syryň bolsa düşnüklilige sygdyrylanlygyndadyr. Munuň özi poetiki kommunikasiýanyň ýetibiljek iň ýokary derejesidir. Bu diňe keramatly Gurhan mynasybetli mümkindir. «Allanyň sözüni adamzat diline sygdyrmak» – elbetde, bu şertli aňlatma bolsa-da, bu şertlilik şu işiň hötdesinden geleniň beýikligine pitjiň atanok-da, tersine, onuň kimdigini, nämedigini we nähilidigini dünýä göz edýär. Bu işiň serişdesini tapan kişiler dünýä sungatynda barmak basyp sanaýmalydyr. Bir maglumata görä, Hafyzyň öz mübärek lakamyna eýe bolşy barada on dört sany rowaýat bar diýýärler. Başga bir has ýakymly hem manyly maglumata ynansaň, beýik şahyr Gurhany on dört hilli labyzda okamagy başarypdyr. Her haýsy bolanda-da, Gurhanyň täsirinden gözbaş alyp gaýdýan beýik energetika şahyryň hiç haçan gaýtalanmajak, taýy bolmadyk beýik eserleri – gazallary döretmegine sebäp bolupdyr. Munuň özi şahyrlyk syry – obraz babatda-da, hafyzlyk syry – owaz babatda-da barypýatan hakykatdyr. Pars dildäki gazal öz gözbaşyny XI asyryň ikinji ýarymyndan alyp gaýdýar. Tiz wagtdan gazal dünýäni çeper açyş boýunça iki görnüşe – dünýewi gazala we sufiçilik gazala bölünýär. Dünýewi gazal dünýäniň syrlaryny adam kalbyna getirýän, sufiçilik gazal bolsa bakylyk syryny dünýä ýetirýän sungat hökmünde kemala gelýär. Birinji dünýäniň we sungatyň Enweri, Hakany, Sagdy ýaly beýik ýaşaýjylary we döredijileri, ikinjiniň Abdylla Ensary, Senaýy, Ferideddin Attar, Jelaleddin Rumy ýaly syr açyjylary bolupdyr. Hafyz şu iki dünýäni biri-birine getiren şahyr hökmünde tanalýar. Aslynda, ýeri gelende aýtsak, Hafyz şahyry üýtgeşik şahsyýet, keramatly hasaplaýan Gündogar üçinem şahyrdan has beýik bir hadysadyr, Hafyzyň döredijiliginde gazalyň täze owazlary, gazalyň täze söz suratlary, gazalyň täze pikir belentligi we pelsepe çuňňurlygy kemal tapdy. Şonuň netijesinde Hafyz özünden öňki gazalçylaryň baryny ikinji orna, ikinji ähmiýete getirdi we hemişelik birinjilik nyşanyna öwrüldi. Şeýdip onuň gazaly kämilligiň nusgasy hökmünde kabul edilmäge munasyp boldy. * * * Şahyryň sözünde syrlylyk, geň-taňlyk hem fenomenallyk näçe köp bolsa, ony terjime etmegem şonça kynlaşýar. Hafyzyň gazallarynyň ýüzlerçe ýyllar bäri türkmen tarapyndan okalyp, düşünilip, ýat tutulyp, aýdylyp gelinýänligine garamazdan, beýik-beýik türkmen şahyrlarynyň ondan nusga alyp, eser döredip gelendiklerine garamazdan, şahyryň gazallary diňe XXI asyryň başynda türkmençe ýaňlanyp ugrady. Gündogar edebiýatyny oňat bilýän görnükli edebiýatçymyz R.Rejebowyň terjimesinde ol gazallar iki gezek «Edebiýat we sungatda» türkmençe peýda boldy. Bular hakda näme aýdyp bolar?! Terjimeçiniň zähmetine we zehinine baş egmek bilen bir wagtda, biz bu barada şeýle diýmelidiris: Terjime diýilýän zat, dogrudanam, çorbanyň çorbasydyr. Hafyz, jedelsiz, dünýäni terjime edip bolmaýan şahyrlarynyň hataryna degişlidir. Şoňa garamazdan, terjime gazallardan Hafyzyň öz hakyky beýikliginiň ýaňy gelýär diýip bolar. Şol ýaňyň diňe özem öwrenijä we okyja Hafyzyň nämedigi ýa kimdigi barada uzak hem esasly, düýpli hem ter gürrüň etmäge mümkinçilik baryny berýär. Bularda gaýyplyk dilinde aýdylan syrlaryň özi bolmasa-da, göçürmesi, kölegesi hem ýaňy bar. Eýse häzirkimizden has çuňlaşmak, has inçeleşmek we has owazlanmak üçin şu-da az däl ahbetin. Düýpsüzligiň deregine çuňluk, syrlylyk bolmasa, inçelik, heň ýetdirmese, ýaň ekeni-dä! Her kim ýupar kokuňy, gör, sabadan eşitdi, Aşna-ýarlar aşnadan, söz wepadan eşitdi. Terjime edilen bary-ýogy ýedi gazalyň biri şeýle başlanýar. Gündogar sufiçilik edebiýatyň şahyrana dilinden habarly okyjy şahyryň turuwbaşdan şirwan perdä çykandygyna düşünip biler. Biribaryň – bakylygyň anbar ysy säher-sabadan gelýär, has dogrusy, eşidilýär! Şu setiri her gezek okanymda, merhum dostum Akmyrat Şiriň «Gülleriň ysy eşidilýär» diýen şahyrana jümlesi ýadyma düşüp gidýär. Ys eşidilýär! Emma çuňlugyň gözelligi we şahyranalygy bu aňlatma bilen çäklenmeýär. Hafyz özgelerden tapawutlylykda bakylygyň suratyny däl, kokuny-ysyny berýär. Säher-sabanyň özi bu ýerde bakylygyň bir atmosferasy, wagt daşyndaky atmosferasy bolup duýulýar. Säher wagtyň bir pursady bolmagyny bes edýär-de, bakylygyň nyşanyna öwrülýär. Has dogrusy, ol bakylygyň wagty togtadyp, onuň ornuna gelýän mekanyna öwrülýär. Beýdiň ikinji setirinde wagtyň bakylyga aralaşyş tärleri görünýär. Bakylyk hakykatyny bir-ä aşnalar aşnadan, ýagny talyplar weliden, birem söz wepadan, ýagny dilden çykýan söz amaldan, hereketden aňlap, öwrenip bilýär. Şeýlelikde, bakylyga göz ýetirmegiň, ony doly reallyk hökmünde kabul etmegiň baş şerti sözüň, kalbyň hem amalyň bitewüligi bolup, munda ilkinjilik diňe amala degişlidir. Hut amal göz ýetirişiň soňky zynjyr halkalarynyň başynda durýar. Dünýewi dünýäduýuşa geçireniňde, munuň özi ýaşaýyş gyzygyny we manysyny gaýybana däl-de, göni aňlamaly diýilmegidir. Ýaşaýyş hakykatyny, ilki bilen, süňňüň arkaly duýmaly, syzmaly, şondan ol ýürege geçmeli, ýürekdenem dile barmaly. Diňe şeýle ýagdaýda hakyky aňlaýyş bolup biler; Adamzat köplügi üçin bolsa bu tersine bolýar, şeýdibem, mähelle hakykatyň özüne däl-de,ol baradaky gürrüňlere çenli ýetip bilýär. Durmuşy şeýle inçeden duýan Hafyzyň şu gazalynyňam hemme ýeri özüme düşnükli däldigini boýun alaýyn. Şygryň bitewüligini ele almak üçin şahyryň ulgamlaýyn obrazynyň yzyna düşmek gerek. Şu gazal bakylyk kokuny baradaky eser bolup, kok bile baglanyşykly obraz eseriň çuňlugyna – şahyryň hakykaty duýuşynyň çuňlugyna aralaşmaga mümkinçilik berýär. Köňül burnuny ýupar badadan çog eder men, Metjitde mele dondan, kök ryýadan eşitdi. Hafyzyň gazallarynda sufiçilik edebiýatyň beýik poetiki gazanany bolan paradoksallyk ýokary hetdine ýetýär. Şahyr köňül burny bilen hoşboý ysly badany ysgaýar, ýagny hakykat syrlaryna ys arkaly geçýär, beýdip ikinji setiri hakykata ýetilişiň geň-taňlygynyň üstüni açýar. Weli hakykaty iki ýüzli sopulardan öwrenipdir! Galplygyň galplykdygyny görmek hakykatyň özüni açypdyr. Piriň kimsä diýmedik syrlaryny Möwlamyn, Haýranda men, meý satan niredenkä eşitdi?! Ýene-de bir paradoks! Piriň göz ýetirmedik syrlary meý satan, meý içen üçin açyk! Simwoliki serhoşlyk syrlara ýetmegiň esasy şertidir. Serhoşlyk özge dünýäduýuşa geçmegiň simwoly, serhoşlygyň aňyrsynda bolsa söýgi – ýüregiňi öz söýýän zadyňa başbitin bermek ukyby ýatýar. Ýürek biperwaýlygynda, köňül rahatlygynda hem asudalygynda syrlara ýetip bolmaýar. Rahatlyk hem biparhlyk bar ýerinde söýgi serhoşlugy ýokdur. Söýgi diýmek ýaşaýşyň azatlykdan başga, has dartgynly hem intensiw ritme geçmegidir. Serhoşlyk ritmi dünýäni özge tarapdan görmäge ukyp berýär. Hafyz, seniň wezipäň doga bilen alkyşdyr, Seniň ne işiň, anda eşitmez ýa eşitdi! Ýene sansyz paradokslaryň biri! Hudaýa alkyş hem dogalar edýän aryf üçin esasy zat bähbit, nep däl-de, özüniň Alla bolan yhlasydyr. Maksat Biribara tarap barýan ýolda kämillik derejesine çenli göterilmek, ýokary galmakdyr. Hafyzyň türkmençä terjimede owaz reňbe-reňligi saklanan, owazy bilen hatda terjime nusgasynda-da okyjyny meýmiredýän gazallarynyň biri «Beýhuşyýam» gazalydyr. Elbetde, dilimiziň ses, owaz, heň tebigatyna aslynda mahsus bolmadyk aruzyň ölçeglerini terjimede bozman bermek prinsipde mümkin däl. Ýöne aruzyň oňurgasyny emele getirýän uzyn, has uzyn hem gysga bogunlaryň gezekleşiginden döreýän ritm, heň saklanmasa-da, originaldan birkemsiz baş çykarýan terjimeçi oňat bir çykalga ýüz urupdyr: ol owaz, hem gözelligini, sazlaşygy gazanmak işinde gazalyň kapyýa mümkinçiligini aňrybaş derejede ulanmagy başarypdyr. Bu – bir. Ikinjiden, setirleriň owazlanyp akyşy giň, ýaýbaň hanasy derýa suwunyň akyşyny ýada salýar. Bu akyş hanasyna arkaýyn sygýan, giňgöwrümlilik bile akýan derýanyň özünden göwnühoş hereketini ýada salýar. Duýgularyň bu gazal derýasynyň akyşy çuňdan sazlaşykly hem okyjy göwnüne sapaly. Bu akymyň içine düşýän göwün duýgular bile gelýän täsin obrazlardan tükeniksiz lezzet alýar. Munda gazal pikirlenmä mahsus paradoksallyk duýgy derýasynyň çuňunda gizlenip, onuň ýüzünde bolsa pikire erkinlik, ýaýbaňlyk berýän sazlaşyk bar. Suwuň her bir täze lemmeri seni duýgy belentligine, hyjuwlylygyna çenli ýokary göterýär. Şeýle howalylyk her setirde ussatlyk bilen ulanylan deňdeş agzalaryň – içki parallelizmleriň hasabyna gazanylýar. Gül ýüzüň, nepis saçyň, dosty men – deň-duşyýam. Gatymsyz sap şerabyň – mes gözüň beýhuşyýam. Aşyklykda gaçmak ýok ýalyn bilen ýanmakdan, Gorkuzma otdan meni – Älemiň Kuýaşyýam! Bu gez mähwiş gyzlaryň söwdasyna sataşdym, Ýogsa perişde ýaly, jennetden bir kişiýem. Hüýrüň zülpi süpürer düşegimiň tozuny, Bagtym ýar bolup, çeksem dost ýanyna goşyýam. Bu setirlerde meňzetme-de, deňeşdirme-de, antipoliýa-da, metafora-da, sypatlandyrma-da, garaz, söz sungatymyzda ulanylan çeperçilik serişdeleriň birgideni bar. Bary-ýogy birnäçe setirde şunça çeper formanyň ulanylmagy şahyrlyk zehininiň juda çuňlugyndan hem şahyrana görüşiň aşa köp usullylygyndan habar berýär. Dykyzlyk, sygymlylyk hem çuňluk – ine, Hafyzyň poetiki talantynyň sözde amal edilişiniň sypatlary şulardyr. Onuň adaty bolmadyk şahyrana göçgünliliginiň – söz oýnatmalarynyň aňyrsynda diňe şu geniniň elinden geljek duýgy oýunlary, dolup-daşmalary görünýär. Bu ýerde kinaýa-da, kakdyrma-da, özboluşly aýnama-da, hyýalybentlik hem, näzik ynjy hem, umydygärlik hem bar. Liriki gahrymanyň şeýle köpgyraňly duýgy ipostasy şahyrana dünýäniň we eseriň mazmunynyň baý bolmagyny üpjün edýär. Onsoň gazala gözüň düşende, dürli-dürli, al-elwan, reňbe-reň gülleriň arasyna düşen ýaly, gözüň, beýniň hem göwnüň dokunýar. Okyjyda täsin duýgulardan doýmak-dolmak duýgusy döreýär. Lagyl dodagyň genji, görküň magdany – şiraz, Men bir biçäre simap – şondan titräp, üşiýem. Şunça mes gözler gördüm, älhepus, bu şäherde, Hakdyr indi içemok – şolaryň serhoşyýam. Gamzadan doly şähri, gözeller alty ýandan, Her altyýa hyrydar, bir älem el boşyýam. Kysmatdaky ýazgydyň syryndan söýle diňdiň, Urmasam iki käse, kanda gaýnap-daşyýam?! Eý, ündewçi, harmanym boş söz odundan köýdi. Hany saky, bu oda suwursa bir ýagşyýam. Şahyrlyk küý gelinim, Hafyz, bezenmek istär, Aýnam ýok, çekip ahy ýaýkamakda başyýam! Terjimede originalyň mährini saklamaga bir zat – grammatiki arhaizmiň özboluşly çeperçilik serişde hökmünde ulanylmagy mümkinçilik beripdir. «Alta» däl-de, «altyýa», «kişi» däl-de, «kişiýa» – bu grammatik elementler biziň klassyky edebiýatymyzyň esasy iki edebi diliniň biri bolan osmanly-türkmen edebi diliniň elementleridir. Şol dilde Emre, Nesimi, Fizuly, Hataýy ýaly beýiklerimiz ajaýyp gazallaryny ýazypdyrlar. Hafyzyň häzirkizaman däl-de, hut şol edebi dilde gürledilmegi ýerine düşen şowlulykdyr. Çünki hut şol dilde Hafyzyň mentallygy, dünýäduýuşy, ruhy atmosferasy bar. Galyberse-de, gazalyň diliniň grammatikasy häzirki dilimiziňkä doly getirilmän, pars diliniň grammatiki adaptasiýalary alnypdyr. Bu-da originaldaky çeper pikirlenme aýratynlyklarynyň saklanyp galmagyna, ýagny poetiki formalaryň ýoýulmazlygyna ýardam edipdir. Eger terjimeçi gazalyň dilini terjime eden bolsady, onda eseriň tagamyndan, şiresinden hem owazyndan nam-nyşan galmazdy. Onda biz gaty prozalaç, gödeňsi hem ýuwan bir eseri alardyk. Ýeri gelende aýtsam, biziň häzirkizaman iň talantly şahyrlarymyz hem gazal ýazyp bilmeýärler.Çünki olar aruzdan juda daşda bolan poetiki dilde gazal ýazjak bolýarlar. Munuň özi roman ýazylmaly dilde dessan döretjek bolan ýaly umytsyz hem ýerliksiz bir işdir. Her döwrüň öz dili bar, çünki her döwrüň öz ruhy, öz dünýäduýuşy bardyr. Bir ruh başga bir döwrüň diline sygmaýar, degişli ruhy başga bir medeni dilde beýan edip bolmaýar. Şu umumy sebäbe görä-de, R.Seýidowyň, K.Gurbannepesowyň, G.Ezizowyň dili bilen gazal döredip bolmaýar. Edil Nesiminiň, Magtymgulynyň, Seýdiniň medeni dilinde dörtleme ýa sonet döredip bolmaýşy ýaly. Bu zatlaryň bary diňe bir Hafyzy däl, eýsem Nesimini, Fizulyny, hatda Magtymgulyny-da okamagyň we olara düşünmegiň gaty bir ýönekeý hem aňsat zat däldigini görkezýär. Hatda türkmen dilinde ýazan klassyklarymyzyňam dili biziň üçin sözüň medeni manysynda başga bir dildir. Gep diňe olaryň tekstindäki könelişen aýry-aýry sözlerde däl, ýok, olaryň dünýäsi, pikirleniş tärleri, dünýäniduýuş we ony söze geçiriş tärleri başgaçadyr. Şol tärleri duýmak, bilmek, olary öz döwrümiziň diline «terjime etmek» – bu, dogrusy, her bir sowatly okyjynyň başarjak zady däl. * * * Şeýlelikde, terjime etmek diňe bir giňişlikde – aýry-aýry dilleriň arasynda däl, eýsem wagt içre – aýry-aýry döwürleriň arasynda ýaýbaňlanýan beýik medeni-ruhy hadysadyr. Şol bir wagtda-da bitewi poetiki dili weýran etmezden, ony häzirki dile geçirmek tas mümkin däl zada öwrülýär. Şonuň üçinem könelere düşünmegiň başga bir alajy öňe çykýar, ol hem terjime etmek däl-de, gapdaldan kommentariý bermekdir. Hafyzyň gazalynyň ýüregi – gazalyň poetiki merkezi, mazmun-formaly esasy, süňňi, özeni – kapyýadyr. Kapyýany ýitirmän saklap bilseň, gazalyň özüni ýoýman, bozman ele geçirip bolýar. Şonda gazal atly dünýäniň içine girip, jümmüşine aralaşyp bolýar. Kapyýanyň ýitirilmegi – gazalyň puja çykmagydyr. Bu bolsa uçursyz kyn iş. Üns beren bolsaňyz, biziň klassyklarymyz öz gazallaryny diňe arap-pars sözleriniň esasynda gurnapdyrlar. Türkmen sözlerinden gazalyň kapyýasyny ýasamak çig hem hatarly iş. Hafyzyň gazallarynyň terjimesinde türkmen sözleriniň, onda-da eýi ýetmedik, öňki edebiýatymyzda ulanylmadyk, poetiki taýdan werziş edilip, synagdan geçmedik türkmen sözleriniň ulanylan ýerleri şowsuz çykypdyr. Şeýle edilmän, öňki şahyrana däbe eýerilen halatlarynda biz täsin owazlara duş gelýäris: Gapyňdan gaýry maňa jahanda bir pena ýok, Işiginde çökene ömürbaky pena ýok. Azar oýunda bolma, köňlüňdäkini eýle, Biziň dessurymyzda şondan gaýry günä ýok. Ýa-da: Eý, ýüzünde şalygyn nury peýda–aýandyr, Oýunda hudaýymnyň ýüz hikmeti nahandyr. Dogrudanam, özüm-ä Hafyzyň gazallarynyň terjimesini şeýle göz öňüne getirýärin: Bu gazallary orta asyr türkmen diline terjime etmeli, soňam olardaky düşnüksiz sözlere edil Nesiminiň ýa Fizulynyň gazallaryndaky ýaly çykgyt, kommentariý arkaly düşündiriş bermeli. Olary häzirkizaman türkmen diline terjime etmek öňünden umytsyz bir işdir. Beýtmek Magtymguludaky düşnüksiz sözleri häzirki sözler bilen çalşyryp, okyja hödürlän ýaly bir zat bolardy. Munuň özi Magtymgulynyň goşugyny dörtlemä öwrüp, çap eden ýaly bolardy. * * * Şemseddin Muhammet Hafyz mistiki şahyrdyr. Mistika – barlykda Alladan başga hiç närse ýok diýen pikiriň beýany bolan dünýäduýuşdyr. Maddy dünýädäki ähli zatlar wagtlaýyndyr, panydyr, diňe munuň çäginden daşardaky ruhy barlyk hakykydyr we bakydyr. Degişlilikde hakyky barlyga hem-de bakylyga iş, aňyrky reallyga aşyk bolup, ymtylyp ýetip bolýandyr. Ahyrky netijesi boýunça ýalana we ýokluga aşyk bolanlaryň özi-de ahyrsoňunda ýalana dönerler we ýok bolarlar. Wagt içinde halas bolmak mümkin däldir. Bakylyga ýetmegiň ýeke-täk ýoly ylahy yşga ulaşmakdyr. Yşk yslam mistikasynyň merkezi meselesidir. Onuň tükeniksiz eşreti aşyklary özüne çekýär. Älemiň soltanyny yşkyň üsti bilen görýärin. Yşga düşmek – Hak şerabyndan dadyp görmekdir. Yşk şeraby adamyň köňül gözüne älemiň serhetlerini açýar. Bu pyýalada dostumyň didaryny gördük, Iller biziň bu badadan alan lezzetimizden bihabar. Saky, badanyň nuruny goş pyýalanyp nuruna, Sazanda aýt: «Jahan işi biziň islege ýetdi». Düýn gördüm perişdeleri meýhanada, Adam palçygyndan käse ýasap otyrdylar. Yşk dünýäniň soňuny görmäge puryja berýär: Jahan gelni owadandyr, ýöne seresap bol, Bu zenan hiç kim bile nikalaşmaýar. Jahan we jahanyň işi hije hiç goşmakdyr, Men muny müň gezek takykladym. * * * Şemseddin Muhammet Hafyz ömrüniň ahyrynda uly şöhrata ýüzi düşüp, jahandan ötýär. Öz döwründe Hafyz muzaffarylar hanedanynyň köşgünde bolup, olaryň käbiri hakda kasydalar – öwgüler ýazypdyr. Ol ýogalandan onlarça ýyllar geçensoň, Teýmiriň ogly Abulkasym Babur 1452-nji ýylda şahyryň mazarynyň üstünde gümmez galdyrypdyr. Şondan ýüzlerçe ýyl geçensoň, Kerim han Zend şol gümmezi oňat bejerdipdir. Eýse Gündogarda hemişe şeýle: Şahyrlar dirikä şalara hyzmat edýärler, şahyrlar ýogalandan soň, şalar olaryň hyzmatynda bolýarlar. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||