14:56 Ilkinji türkmen poliseýleri | |
ILKINJI TÜRKMEN POLISEÝLERI
Taryhy makalalar
● "Türkmen poliseýleri eýýäm öz başarnyklaryny Guşgy söweşinde görkezdiler, olaryñ sany ýene-de köpeldildi. Olar ýokary derejede kämilleşen kawaleriýaçylar bilen deñleşip bilýärler we Ýewropanyñ söweş meýdanlarynda hem özlerini görkezip biljekler". Elbetde, öñki Türküstanyñ (häzirki Merkezi Aziýanyñ) beýleki ýurtlarynyñky bolşy ýaly, Türkmenistanyñ polisiýasynyñ kemala gelşi patyşa Russiýasynyñ öz çäklerini giñeltmegi we şol ýerlerde täze ýaşaýyş-durmuş düzgünleriniñ girizilmegi hem-de guramaçylyk işleriniñ geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Muny inkär edip bolmaz, sebäbi ol biziñ geçmiş taryhymyzdyr. Fotografiýa sungatynyñ taryhyny, onuñ dürli žanrlarda ösüşini ylmy taýdan öwrenýänligim sebäpli, şu çaklañja makalada hem türkmen polisiýasynyñ ilkinji ädimleri, onuñ işi hakyndaky taryhy maglumatlar, käbir işgärleriniñ keşpleri siñen suratlar barada durup geçmegi makul bildim. ● "Ilkinji türkmen poliseýleri özlerine bildirilýän talaby birkemsiz berjaý edipdirler. Bu barada şeýle ýazylýar: "Türkmen polisiýaçylary milli eşiklerini geýýärler, kellesinde silkme telpekleri bar, olar bildirilýän harby tertip, düzgün-nyzama örän çalt öwrenişdiler, sebäbi gadymdan bäri her bir türkmeniñ aty-ýaragy bolupdyr". Rus emeldarlary ýuwaş-ýuwaşdan ýerli ilaty durmuşyñ dürli ugurlaryndaky işlere, şol sanda polisiýanyñ düzümine hem çekip başlapdyrlar. Bu işe kabul etmekde aýratyn talaplaryñ şol döwürde hem bolandygy öz-özünden düşnüklidir. Emeldarlar ýerli halkyñ daş sypatyna, hüý-häsiýetine, batyrlygyna esasy ünsi beripdirler. XIX asyryñ ikinji ýarymynda şol wagtky Türküstana, şol sanda biziñ ülkämize guralan ekspedisiýalaryñ birnäçesine gatnaşan ýazyjy we suratkeş Nikolaý Nikolaýewiç Karaziniñ "Нива" žurnalynyñ 1895-nji ýylyñ 47-nji sanynda ýerleşdiren makalasynda şeýle setirler bar: "Rus goşunlaryna güýçli gaýtawul beren türkmen taýpalarynyń gowy taýýarlyklydygyna, urşujylygynyñ hiliniñ ýokarydygyna üns bermäge rus serkerdeleri mejbur boldular. General Skobelew türkmenlere aýratyn hormatynyñ bardygyny görkezdi we olara birgiden ýarag galdyrdy, hatda özüniñ öñki garşydaşlarynyñ has tapawutlananlaryna imperatoryñ adyndan ordenler gowşurdy. Bu garşydaşyñ mertebesine, olaryñ harby şöhratyna hormat goýmakdyr... Soñky ýyllarda patyşa Russiýasynyñ düzümine birikdirilen halklaryñ arasynda türkmenler özleriniñ daş sypatlary, söweşjeñligi, mertligi we wepadarlygy bilen tapawutlanýarlar". 1881-nji ýylda çap bolan ýene bir maglumatda: "Türkmenler göreşmegi, gerek bolsa ölmegi, gazaply söweşlerde ýeñmegi başarýan, ýeñiş gazanmaga ruhlanyp bilýän, gowy ýaraglanan, öz garşydaşlarynyñ üstüne rehimsiz dökülýän gaýduwsyz halkdyr. Olaryñ bu mertligine köp uruşlarda we ok-ýaraglaryñ tüssesinde taplanan kawkazly urşujylaram, adalatuñ hatyrasyna, telpek goýýarlar". Türkmen ýigitleriniñ ýokardaky sypatlaryna göz ýetiren rus emeldarlary olardan düzülen ilkinji polisiýany döredýärler. Türkmen poliseýleri özlerine bildirilýän talaby birkemsiz berjaý edipdirler. Bu barada şol žurnalda şeýle ýazylýar: "Türkmen polisiýaçylary milli eşiklerini geýýärler, kellesinde silkme telpekleri bar, olar bildirilýän harby tertip, düzgüm-nyzama örän çalt öwrenişdiler, sebäni gadymdan bäri her bir türkmeniñ aty - ýaragy bolupdyr, ol garaşylmadyk ýagdaýda gelen duşmana gaýtawul bermäge mydama taýýarlykda gezipdir. Şeýle türkmenlerden düzülen polisiýa atlylary özüniñ hili boýunça kawkaz kazaklarynyñ goşunyndan kem oturmaýar. Türkmen poliseýleri eýýäm öz başarnyklaryny Guşgy söweşinde görkezdiler, olaryñ sany ýene-de köpeldildi. Olar ýokary derejede kämilleşen kawaleriýaçylar bilen deñleşip bilýärler we Ýewropanyñ söweş meýdanlarynda hem özlerini görkezip biljekler. Atly türkmen poliseýleri biziñ Aziýadaky serhetlerimiziñ hem ynamly goragçylary bolýarlar". Gepiñ gerdişine görä aýtsak, şol wagtlar patyşa Russiýasynyñ diñe Aziýadaky serhediniñ uzynlygy 15.000 wýorsta ýetipdir. Şol wagtlar türkmen topragyna gelýän syýahatçylar, ylmy gözlegleri geçirýänler we beýleki ýewropalylar türkmen poliseýlerini özlerine janpena tutunypdyrlar, ýolbelet hökmünde peýdalanypdyrlar. Şeýle hyzmatyñ nyrhy 25-40 rubl aralygynda bolupdyr, ýöne naharlamak tutan adamyñ boýnuna düşüpdir. Türkmen poliseýi bütin gullugyñ dowamynda şol adamy gorapdyr, onuñ rahatlygy barada alada edipdir. Şeýle bolansoñ, olar biri-biri bilen ysnyşypdyrlar, dostlaşypdyrlar, hoşlaşyk pursatynda bolsa örän kynlyk bilen aýrylyşypdyrlar. Şu gürrüñleri tassyklaýan maglumatlar bizde bar. Mysal üçin, Çingiz han hakynda dünýä belli eseri döreden ýazyjy Wasiliý Ýan (Ýançeweskiý) şol roman üçin maglumatlary toplan wagtynda mydama onuñ ýanynda milisiýanyñ işgäri Şanazar Garabek ogly bolupdyr. Ýene-de bir zat hakynda aýdyp geçmek ýerlikli bolsa gerek. Gökdepe urşuna gatnaşyp, galany goramakda gaýduwsyzlyk görkezen gerçekleriñ hem birnäçesi soñra polisiýa gullugynda bolupdyrlar. "Асхабад" gazetiniñ 1899-njy ýylyñ ýanwar aýynda çapdan çykan sanlarynyñ birinde şol gahryman ýigitlerden biri Gulbatyr serdar hakynda şeýle ýazýar: "Gulbatyr serdar ruslaryñ üstüne edilýän gijeki çozuşlara ýolbaşçylyk edipdi. Ol häzirki günlerde polisiýanyñ poruçigi we Bäherden pristawynyñ kömekçisi". Şol gazetde gahryman galanyñ goragçylarynyñ ýene biri Öwezguly hanyñ hem polisiýanyñ praporşigidigi we Etrek pristawynyñ kömekçisidigi barada aýdylýar. Faktlarda habar berlişine görä, türkmenler barada şeýe mynasyp bahalary öz içine alýan ýazgylar türkmen halkynyñ hiç bir howpdan gaýtmaýandygyny, gaýduwsyzlygyny we batyrlygyny beýan edýär. Bular bolsa häzirki türkmen poliseýlerine öz ata-babalarynuñ edermenligine göz ýetirmäge, olara guwanmaga, şeýle hem ýaşlarymyzda watansöýüjigi, mertligi hem-de merdana aslymyza guwanç duýgusyny terbiýelemäge ýardam berýär. Perman ALLAGULOW, TYA-nyñ Taryh institutynyñ bölüm müdiri. # "Asudalygyñ goragynda" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |