07:19 Jadyly kitap / satiriki hekaýa | |
JADYLY KITAP
Satiriki hekaýalar
Atabal aganyň illerden köneçe kitap ýygnamak edähedi bar. Arap hatynda ýazylan kitaplar halkyň medeni baýlygy ahyry. Olary Özbegistana eltip satýar. Şonuň üçinem kitap toplap ýör. Diläp alýar. Käsine bäş-on manat bereýin diýip aldaýar. Eger dini kitap saklasaň, hökümet seni ýygnar diýip gorkuzaýmasy-da bar. Köplenç görkezmän horjunyna ataýýar. Molla bolmasaň dini kitap saklamak külli günä diýýär. Käsini amanat diýip alýar-da, soň ýitirdim edäýýär. Ýa-da «biri alyp getirmedi, kimiň alany ýadymda ýok, bizde näme, üýşüp ýatan huş barmy?» diýen bolýar. Garaz-aý, ýamana ýol köp-dä. Ol kitaplar hem baryp Özbegistanyň bazarlarynda görünýär. Naýynsap, örän ýokary bahadan hem satmagy oňarýar. Şeýdip respublikamyzyň, öňem az medeni baýlyklaryny ýyldyrym urana dönderýär. Ilat köpçüligi bu zatlara düşünenok. Elýazma fondlarymyzam netijeli işlänok. Umuman, Atabal aga bir söz bilen aýtsak, kitap jellady. Ol bu ugurdan ýokary aferizm derejesine ýeten. Günlerde bir gün ýaşulynyň öýüne goňşusy Nury Döwli diýen adam geldi: — Atabal aga, gum içinde, Gaplaňgyr diýen ýerde ekspedisiýa gezip ýörkäk, biz bir göçülen tamyň üstünden bardyk. Görsek, bir hüjräniň içi köne kitapdan dos-doly. Ählisem arap hatyndaky kitaplar ekeni. Bilmän, biz oňa elimizi degiräýipdiris. Bilýänje dogalarymyzy okan bolduk. Soň toba etdik. Ors ýoldaşlarym bardy. Olar: — Nury, bular gadym türkmen taryhy, medeniýeti — diýdiler. Atabal aga amatly pursaty elden bermedi. Ol çök düşdi-de: — Nury jan, el degirmeli däl ekeniň. Men bir doga okap bereýin — diýip, gurhandan bir süräni okady. Nurydan bir bäşlik kakdy. Nury Döwli gören zatlaryny birin-birin gürrüň berdi. Indi ýaşulunyň içini it ýyrtyp ugrady. Söze salym ýok, Atabal aga «Niwanyň» roluny şol tarapa tiz gönükdirdi. Nohut ýaly «derman» atdy. Termosyny çaýdan doldurdy. Salgy alyp derrewem şol jaýy tapdy. Ine, ertesi ikindinaralar köne kitapdan mas ýüklendi geläýdi. Tirýegiň güýji güýç dagy däl-ow. — Maşynyň tizligine kanagat etmän, düşüp ylgasym geldi. Soň bu kitaplar bir çarwa gazak adamsynyňky bolup çykdy. Köneçeden sowatly, namazhon ýaşuly şähere, oglunyň ýanyna göçmeli bolupdyr. Ogly ýokary partiýa mekdebini tamamlap gelip, obkoma işe geçipdir. Şäherden täze jaý alypdyr. «Kaka, senem çölde ýeke ýaşama. Garradyň. Seni ýylan-içýän çakarmy, möý ýalarmy, belli däl. Hol gün hut jaýyň içinde, ýüküň arasynda bir ýylanam gördüm. Şähere gideli» diýipdir. «Kitaplaryňyz wagtlaýynça şu köne ýurtda goýaý. Soň akademiýaň golýazmalar fonduna tabşyrys. Özüm olara jaň ederin. Men täze jaýyň basym toýuny etjek. Obkomyň işgärleri bu köne kitaplary görseler, kakaň molla ekeni diýerler. Olara düşündirmek garamaýaga düşündirenden kyn bolar. Men çekinýän, ata» diýip, gojanyň ogly Esbergen kakasy Moldagaly aga ýalbarypdyr. Ine, şeýlelik bilen uly baýlyk aferistiň eline düşdi duruberdi. Bir hepdeden ýaňky kitabyň eýesi Moldagaly aga köne ýurduna baryp görse, kitap ýok. Jaýyň böwri garalyp dur. «Wi-waý!» diýip goja arkan serpilýär. Jany ýanyp, gazakçalap sögenini duýman galan. Ýogsam Moldagaly aga haýwana-da sögüp görmän eken. «Niwaly» bir kişi, ýaşuly adam alyp gitdi. Göwresi juwazyň sokusy ýaly. Bir gözi daňylgy, ýeke göz. Maşynynyň nomury pylança. Özem Täzegala posýologyndan» diýip, bir çopan Atabal aganyň salgysyny ýalňyşman beripdir. Ine, bir günem gazaklar iki maşyn bolup, ýaşulynyň üstüne eňdiler geläýdiler. Gaharly, hyrsyz adamlar Atabal aganyň Hywa ussalary tarapyndan nagyşlanan kaşaň derwezesini dürre gamçyň sapy bilen batly kakdylar. Öýüne salamsyz-zatsyz gelip girdiler. Dawa-jenjeliň bolaýmagy gaty ähtimaldy, olaryň arasynda-da Atabal aga ýaly biweç bolsa, gutardy. Ine, indi bu zatlaryň niçesi bir pul. Ýogsam özbek, gazak, türkmen ataýy-babaýy agzybir-ä. Edil şol wagt gojamyz ýene bir ýere çapawulçylyga gidipdi. Onuňky, näme, almaly-ýolmaly, çürkemeli, uwultyratmaly. — Geliň, geçiň myhmanlar — diýip, ýaşulynyň keýwanysy bulara mürähet etdi. Onam doga-tumar almaga gelendirler-dä diýip aklyk tamasy bilen aýtdy. Ýa-da ölen-ýiteni bardyr, jynaza alyp gitjekdirler öýdüp, öňlerine saçak atdy, çaý goýdy. Myhmanlar saçaga el uzatmadylar. Duz datmadylar. Sebäbi goja olary gerk-gäbe doýrupdy ahyry. Çöl kanunynda ogurlyk diýen zat asla geçilmesiz günä hasaplanýar. — Biz ýaşuludan kitaplarymyzy almaga geldik — diýip, olaryň biri elindäki dürre gamçysy bilen ädiginiň gonjuna kakyp oturyşyna dillendi. Ýeri, özüňiz-ä maşynly. Munuň ýaly uzyn gamçy nämäňize gerekdi diýsene?! Gamçysy Budulaý syganyň dürresi ýalydy. Gepem şonda-da. Ýaňky hyýrsyz gaty daýawdy, dört böleňde hersi bir epeý adam boljakdy. — O nähili kitap? — diýip, ýaşulynyň keýwanysy bilmediksiräp, ýylan ýaly towlanyp myhmanlara soragly nazar aýlady. — Biziň gojamyzyň kitaplaryny maşyna ýükläp alyp gaýdyberipdir siziň adamyňyz. Bolmaz ahyry beýdip çapawulçylyk etmek. Galtamançylyk on ýedinji ýylda galdy ahyry. Bir düýämiz, özem köşekli, olam ýok. On sany goýnumyzy hem ogurlapdyrlar. Yzçylarymyz, palçylarymyz aýak üstünde şu günler. Aýak yz siziň öýüňize gelýär, elti apa, Ýomut gazagy talasa, gazak oňa gamçy çalsa, syýasat götärmi, apa — diýip, gelenleriň ýaňky hyrsyzy pikirini beýan etdi. Mekir elti rejäniň geň gäldigini derrew aňdy. Agtyklarynyň birini daşary alyp çykdy-da: «Sen daşarda bol. Ataň häzir öýe gelmesin. Kitaplaryň eýesi, gazaklar geldi diýseň, düşüner özi» diýip, ony daşarda garawul goýdy-da, özi içerik girdi. — Myhmanlar, şol kitaplaryň eýesi asyl sizmi? — diýip, elti ýeserlik bilen sorag berdi. — Hawa, biz şol kitaplaryň eýesi — diýip, hyýyrsyz jogap berdi. Beýlekiler tassyklap baş atdylar. — Öz aýagyňyz bilen özüňiziň geleniňiz gowy bolaýdy. Biziňem hudaý diýen ýerimiz bar ekeni — diýip, elti ýalandan bolmajysy bolup begendi. — Hawa. Şol kitaplar biziňki bolmaly — diýip, hyýrsyz ýene gaýtalady. Içinden pikir öwürdi: «Gudratly kitaplar bulara göz görkezen bolmaga çemli». — Hawa bolsa, çörek iýiň. Men derrewjik milisä barypjyk gaýdaýyn — diýip, elti başyndaky öňki göwşüllän bürençegini ýüküň üstüne oklap, täzesini atyndy. — Näme, milise bilen biziň nä çatagymyz boldy? — diýip, hyýrsyz gobsundy. Düýe sanjylýan temen ýaly murtyny sypalady. — Aý, hiç-le. Ýarasy ýeňil-le. Ýöne ýaşulyny milise gabap, näçe gündür sorag edip goýberenok. Yzyndan owkadam aldyranok. Doňzuň etindendir diýip milisäň damagynam molla iýenok. Otuz ýedinji ýylyň basabaslgynda-da beýle muşakgaty görmändik, tobeý — diýip, elti ýakasyna üç gezek tüýkürdi. — Şol-a bolaýypdyr. Elbetde, ogrynyň jezasy ýeňil bolmaz. Sud etmeli ony. Ogryň elini kesmeli — diýip, hyýrsyz ýene gobsundy. — Şeýdip ýörişi bilen molla o dünýäde-de jennet garasyny görmez. Dowzaha barar. Ili talap ýöreniň döşüne, ýogsam, näme, milise bezbent dakar öýtdüňizmi? — Myhmanlar, bagtyňyz daş ýarýan bolaýmasa, türmä düşmeli siz bolmaly. Siziň şol kitaplaryňyzyň içinde biri jadyly ekeni. «Yrzykjady» diýen kitap bagtyňyzy garaltsa gerek. Molla şol kitadan bir aýala doga beräýipdir — diýip, elti haýýarlyk bilen aglamaga başlady. — Ol aýal däliredi. Adamsyna palta alyp topulypdyr. Çagalaryny suwa oklajak bolupdyr. Bir elini bykyna diräp, beýleki elini gapdala uzadyp, «Men çäýnege meňzedimmi?» diýipdir. Şol aýala doga bereni ýygnamak gerek diýip, prokuror milisä hat beripdir — diýip, elti gözýaşyny gyňajynyň çowy bilen süpürdi. — On bäş ýyl alýaň ýa-da atylýaň. Eger kitabyň eýesini tapsaň, atuwdan galýaň — diýip, mollany gazamada gabap goýdular — diýip, elti hork-hork etdi. — Siz oturyň, men gidipjik geleýin. Hydyrata bolup dadyma ýetişdiňiz. Hudaý diýen ýerimiz bar ekeni. Hawa-da, biziň aňyrymyz güýçlü-dä. Uçarişan. Myhmanlar, gaçyp gidibermäň. Barybir taparlar, jezaňyz agyr bolar. Obkomdakyňyza zeper ýeter — diýip, elti eje çykyberjek bolanda, gelenleriň hyýrsyzy ýerinden çalt gopdy. Beýlekileri gozgananogam, geplänogam. Elbetde, öň gepleşilgidir-dä. Hyýrsyz işigiň agzynda keserip duruberdi. Golland peji ýaly boldy. Gamçysyny ädiginiň gonjuna kakdyrdy. Parahatçylykly, ylalaşykly diplomatiýa geçildi. — Elti eje, bizi aýtmaweri. Biz gitdik — diýip, boýnuny ýaplady. — Ý-o-ok, janlarym. Bolmaz. Biziň raýonymyzda milisäniň ýöne elinden mugtja, ap-aňsatja sypyp bolýan däldir. Birneme emläň — diýip, elti sag eliniň aýasyny açdy. Gelenleriň hemmesi gapjygyny çykarmaly boldy. — Me, elti, az görme. Ýanymyzda barjamyzy al — diýip, hyýrsyz indi has müýnürgäp ugrady. Olar gidensoň, hiňlenen bolup, Atabal aga bir ýerden ýetip geldi. Elinde esli düwünçek. Ol bolan wakany eşidip, gülüp heziller edindi. Soňundan: — Wah, özüm bolan bolsam, beter gorkuzyp, has köpräk alardym — diýdi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |