23:17 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -3: romanyň dowamy | |
AŞYK
Romanlar
Soňky gezek urup gideli bäri garasy görünmeýän äteňet Winokurowdan miras galan ten şikeslerine, ýüz-gözüniň gögüne pudra çalyp, dördünji ýanwar gijesi Abdyllany ýerzeminiň çykalgasyna tarap alyp gitdiler. Tussag edilen güni kemeri bilen guşagyny çözüp alan otaglaryna eltdiler. Öýüni dökenlerinde tapylan tüpeňi görkezip, bu ýaragyň onuň özüne degişlidigini ýazdylar. Kagyza gol çekip durka Abdylla eger bu ýerde hem ýenjip başlasalar, haýdan-haý oksuz tüpeňe ýapyşyp, onuň gundagy bilen bularyň kellesini ýarmagy ýüregine düwdi. Ýok, urmadylar! Gol çeken dessine öýlerinden tüpeňiň daşyna dolap getiren körpeçelerini eline tutdurdylar. Ozalky oturan kamerasyna däl-de, düýbünden ters tarapa äkidip, başga bir kamera ýerleşdirdiler. Gije ýarymdan agdy. Abdylla ýüz-gözüne pudra çalynansoň, ýolbaşçy sülçüleriň biriniňkä soraga alyp giderler öýdüpdi. Täze kameraň işigi açylyp, özüni içine südenekledip salanlaryndan ol çakynyň dogry çykmandygyna göz ýetirdi. Onuň burnuna porsy ys urdy. Endamyna deriň we uly-kiçi täretiň ysy ornap giden, telim wagt bäri ýuwunmadyk köpsanly erkek kişiniň ysy. Abdylla petikden asylan dört-bäş sany ölügsi çyradan çen tutup, bu kamerany öňküden üç-dört esse uludyr diýip güman etdi. Bu ýeriň goýy garaňkylygyna gözi entek oňly öwrenişmedigem bolsa, ol ýerde nämedir bir zatlaryň seteran ýatandygyny saýgaryp başlady. Aşak eglip, mazaly syn edip görse, bularyň bary hatar tutup ýatan adamlar bolsa nätjek!.. Işige golaý çep künjekden biri oýanyp başyny göterdi-de, uzak wagtlap Abdylla seredip oturdy. Soň gapynyň agzynda hakykatdan-da kimdir biriniň durandygyna göz ýetirip, ýanyndakylaryň birini yralady: – Mübärek, Mübärek, tur, ana, ýene birini getirdiler! Mübärek diýilýän oýanyp: – Aksakala aýt, ýer tapyp berer! – diýip, nägile hüňürdedi. Ýöne ilki oýanan elini salgady. – Hany, geliň bäri! Oňat adama meňzeýärsiňiz. Yzyndan ýene Mübäregi dürtgüläp: – Mübärek, süýş, aramyza ýerleşdireli! – diýdi. Ýoldaşynyň hymyr-symryndan aýňalyp, ymykly ukudan açylan Mübärek gözlerini owkalap, Abdylla garap oturyşyna garaşylmadyk ýerden: – Halypa, siz Abdylla Kadyrymy? – diýip sorady. Ýakymsyz, porsy ysdan ýaňa ýüregi bulanyp duran Abdylla baş atdy. – Siz bu ýerde näme işläp ýörsüňiz? – diýip, Mübärek geň galdy. Derrewem öz sowalyna özi jogap tapan dek: – Näme samyrdap otyryn-a men? Geliň, hany, geliň bärik! – diýdi. Olar öz aralaryndan Abdyllanyň elindäki körpeçe sygaýar ýaly ýer açdylar. – Sadyk, tanamadyňm-eý? Bu adam özbegiň iň uly ýazyjysy! – diýip, Mübärek Buhara şiwesinde pyşyrdap ýoldaşyna gep atdy. Abdylla körpeçäniň gatlaryny açyşdyryp duran ýerinden onuň sözlerini eşitdi. – Gyzyl pagta donundan tanadym! – diýip, Sadyk jogap gaýtardy. Soň sözüniň üstüni ýetirdi: – Ýatyň, halypa! Ukymyzy alalyň. Ertir hal-ahwal soraşarys! – Biziň barymyz gijäň ýaryny bir egnimize, galan ýaryny hem beýleki egnimize ýatyp geçirýäs – diýip, Mübärek çep tarapyna agdaryldy. Abdylla hem olaryň arasynda ýerleşip, çep egnine ýatdy. Porsy ys zerarlymy, töweregindäkileriň hor çekmesi sebäplimi ýa başga zatlar üçinmi, Abdyllanyň teý ukusy tutmady. Her hal, dört günlük agyr ýalňyzlykdan soň ýene özi ýaly tussag edilen adamlaryň arasyna düşüpdi... *** Günüleriň içinde emiriň baýry aýaly bolanyň gowumyka ýa kiçisi? Muny öz başyndan geçirenler aýtmasa, takyk biljek ýok! Mahlar aýym öz otagynda Uwaýsiýniň berýän sapaklaryny diňläp otyrdy. Oý-pikirleri welin, başga ýerdedi. Kim bilýär nireden tapýar, Uwaýsiý dürli tymsallary, ertekileri okap berýär. Tötändenmi ýa ýörite saýlaýarmy, ol ertekilerdir tymsallar Mahlar aýyma öz durmuşyny ýatladýar. “Gadym eýýamda iki sany kepderi bolup, olaryň birine Bazanda, beýlekisine Nawazanda diýer ekenler. Olar gije-gündiz bir höwürtgede jugurdaşyp, bile ýaşapdyrlar. Bir gün Nawazanda Bazanda ýüzlenip: “Eý, gözümiň nury, gamgyn köňlümiň aramy, oý-hyýalyň bulaşyk, ýüzüň nury öçügsi, seni ne döw urdy, mawy asmanda nä derdi bela uçradyň?” diýdi. Onda Bazanda aýtdy: “Könelerden galan söz bar: “Guş ganatyndan kireý islemez, gulan toýnagyndan”. Täk özüm syýahata gitmek derdeserine ulaşdym. Jan guşy ten kapasasynda perwaz urýar...” Uwaýsiý tymsaly dowam edýär, gözüne gam-gubar inen Mahlar aýym bolsa, tymsaly özüne çekýär. Hakykatdan hem onuň jan guşy göýä ten kapasasynda perwaz urup duran ýaly... Gaýgydan saralyp-solan iki kepderi baradaky tymsaly käte kyssa bilen, käte-de goşgy bilen gürrüň berýän Uwaýsiýniň sözleri Mahlar aýymyň gulagyna ýetenok. Aňynda iki setir üznüksiz gaýtalanýar: Şum rakyplar duşmançylyk kylarlar, Tanamaz Hudany, kapyr bolarlar. Örän duýgur Uwaýsiý Mahlar aýymyň ýagdaýyny bada-bat aňýar, sesini beýgeldip, çasly okaýar: “Onda Nawazanda aýtdy: “Syýahata gereginden artyk höwes etme, zeleli degmegi mümkin. Onsoňam ýola ýeke çykma. Ýagşy ýoldaş bilen gitseň, saparyň sapaly bolar, ýaman ýoldaş bilen gitseň, jepaly bolar. Pyşbaganyň içýan bilen ýoldaş bolup, sapara gidişinden sapak al!” Onda Bazanda aýtdy: “O waka nähili bolupdyr? Aýdyp ber!” Nawazanda aýtdy: “Aýdyşlaryna görä, pyşbaga Yrakdan Hyjaza garşy ýola düşüpdir. Ýol ugrunda oňa güýç-kuwwatdan gaçan içýan gabat gelipdir. Pyşbaga oňa kömek etmegi ýüregine düwüpdir. Şeýlelikde ol ikisi ýoldaş bolupdyr. Pyşbaga ugurtapyjy hem parasatly ekeni. Çünki ol uzak wagt syýahat edip, köp tejribe toplapdyr. Emma şonda-da içýana ynanypdyr. Şol gidip baryşlaryna bularyň öňünden uly derýa çykypdyr. Derýadan nädip geçmelidiginiň gamyny iýipdirler. Ahyry pyşbaga bagta töwekgellik edip, özüni suwa urupdyr. Ördek-gazlar kimin penjelerini hereketlendirip, ýüzüp ugrapdyr. Bir zamandan yzyna gaňrylyp seretse, ýoldaşy şo duran ýerinde guýrugyny jaýtardyp, leşderini aşak-ýokary göterip duran ekeni. “Aý, dogan, şo duran ýeriňde dursuň-la? Sebäbi näme?” diýip, pyşbaga ondan sorapdyr. Içýan aýdypdyr: “Sen meni bagyşla. Ýöne gözýaş ýaly suw damjasy bolsa-da, meňki bolanok. Suwa girmäge het edibilmen”. Pyşbaga “Uzak ýola ýoldaş bolup, muňa kömek etmesem, ýagşy bolmaz. Gadymdan galan nakyl bar: “Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler” diýipdirler” diýip, öz ýanyndan oýlanypdyr. Gepiň gysgasy, pyşbaga yzyna dönüp, içýanyň ýanyna gelipdir. “Eý, gardaş, seni derýadan özüm geçirerin. Meniň arkama mün. Ýöne gymyldamanjyk otur. Ýogsa, özüňe zyýan edersiň” diýipdir. Onda içýan: “Her kim öz etjek işini özi biler” diýipdir we pyşbaganyň arkasyna münüpdir. Pyşbaga suwa girip ýüzüp başlapdyr. Biraz mahal geçenden soň içýanyň päli azyp, tüýsi bozulyp ugrapdyr. Gorsanjyrap oturyşyna: “Indi mazaly özümi dürsedim, gujur-gaýrat topladym. Bu gün polat leşderimi seniň daş galkanyňa urup göräýsem diýýän” diýip pyşbaga ýüzlenipdir. Pyşbaga oňa: “Seniň o ýigrenji leşderiň meniň daş galkanyma neneň kär etsin!” diýip jogap beripdir. Onda içýan aýdypdyr: “Sen näme, içýanyň bar maksadynyň leşderini sançmakdygyny, dostunyň göwsünden, duşmanynyň arkasyndan urmakdygyny bileňokmy?” Her kesiň birhili gylygy bolýar, Tanadýar özüni her kim bir ýerde. Bilgil, eger içýan bolsa ýoldaşyň, Oslagsyz çakar ol, uçrarsyň derde. Pyşbaga aýdypdyr: “Öňküler: “Köne duşman dost bolmaz” diýip dogry aýdypdyrlar. Dostum, suwuň üstünde-hä ýüzme kemini goýmadyk. Indi suwuň astyny hem göreli. Ol ýerde gymmatbaha dürler bar.” Şeý diýip, pyşbaga suwuň düýbüne çümüp gidipdir. Ol derýanyň düýbünden gymmatbaha dürleri çöplemek bilen meşgullanypdyr. Içýan bolsa, suwuň astynda jan tabşyrmagyň muşakgatly ejirini çekipdir. Bu tymsalyň manysy – “Ölüşiňe görä gömüşim” diýen söze kybap gelýär”... Uwaýsiý elindäki kitaby şem ýakylyp goýlan tekjede goýdy. Mahlar aýym öz ýanyndan: “Uwaýsiý bu tymsaly näme maksat bilen okap berdikä?” diýip oýlandy. “Şol iki kepderi mysaly, ikimiz bile ýürekdeş bolaly diýdigimi? Ýa-da ätiýaçly bol, kiçi güniňi duşman okunma diýen manydamy? Bu tymsaly kim ýazdyka? Uwaýsiýniň özi bolmasyn? Ýok, dili sada, özem köçe diline ýakyn...” Hyýaly aýlanyp-öwrülip, ýene öz ýazan beýdine dolandy. Mahlar aýym zaryn äheňe ýugrulan owaz bilen ýognas sesde beýdi okady: Bolsa eger maksadyň köňül guşun awlamak, Zülpleriň halkasyndan duzak gurup, däne sep... *** Möminleriň emiri, solgun ýüzli seýit Omar han mahal-mahal köne jul geýip, derwüş sypatynda şäheri köçeme-köçe söküp aýlanmagy gowy görerdi. Bäş-alty sany tylla teňňe bilen ýene şonçarak aşyk salnan haltajygyny guşagyna gysdyryp, ýanyna ynamdar nökeri, pälwan Gulhany lakamly Muhammet Şarifi alardy. Onsoň bazarlara, çaýhanalara, kerwensaraýlara, humarhanalara aýlanardy. Emirlik barada halkyň edýän gep-gürrüňlerini diňlemek bahanasy bilen musulmanlaryň emiri Şerigatda buýrulmadyk zatlara mübtela bolmagy, keýpi-sapany hem jalaýçylyk etmegi halaýardy. Çilimdir göknaryň keýpini köşkde-de görse bolýar. Özüni Halbaky misgär diýip tanadan Omar hany bolsa humarhana has beter çekýärdi. Ýanyndaky Jurat lakamly pälwan nökeri bilen hiç bir zatdan gaýtmazdy, gerek bolsa, humarhananyň garadangaýtmaz humarbazlary bilen-de ýaka tutuşyp, gyzyl ýumruga giribererdi. Şol gün emir eginbaşyny çalşyraýyn diýip durka huzuryna emirligiň din işleri boýunça baş müftüsi şeýhulyslam arz bilen geldi. Nämemiş, Kokant halky söwda-satyga gyzyşyp, metjide gatnamasyny goýupmyş. Has takygy, ikindi bilen agşam namazynda ymamyň ýanynda sopularyndan gaýry hiç kes ýokmuş. Bu habara ynjalykdan gaçan musulmanlaryň emiri kätibe perman ýazmagy buýurdy: “Kimde kim pygamberimiz mustafa salalahu aleýhi wessellemniň sünnet namazyny okamasa, hususan-da ikindi we agşam namazlaryny terk etse, 50 dürre urmaly”. Kätip gylyny gyşartman bu sözleri ýazyp aldy. Müftiniň şahsy arzy-haly hem bar eken. Ony-da bitirip, Omar han eginbaşyny çalşyrdy. Ýanyna Jurat lakamly Gulhanyny alyp, dos-dogry humarhana garşy ýola düşdi. Bu günem ol humarhana aşyk atyşmak hyýalyna atlanyp geldi. Ýöne gyrdalyp ýylmanan aşygyny şunça atsa-da, bolmady. Gyrdy aşyk bir gezegem alçy gopmady. Gowy düşende towha gopdy, bolmasa-da, jikgeligine düşdi ýatyberdi. Eli getirmändigi sebäpli Omar han ýanyndaky tylla teňňeleriniň birinden galanyny utdurdy. Soňky teňňesini barmaklary bilen sermeläp, dörüşdirip tapansoň, ol oturanlaryň bary eşider ýaly gaty sesde: “Indi başga oýun oýnaýas!” diýip gygyrdy. Käbiri oňa geňirgenip seretdi, käbiri bolsa: “Oýun gyzyşyp başlady, şuny oýnabereliň-le!” diýdi. Ýöne Halbaky misgäriň ýanynda goluny gowşuryp duran Jurat pälwanyň tereziniň okarasyndaky iki sany agyr daşa meňzeş gözlerini görüp, hemmesiniň pikiri üýtgedi. – Nähili oýun? Aşyk bilen oýnalýarmy özi? – diýip, humarbazlar mydyrdaşyp başladylar. – Men, ine, atlaz guşagymy orta ýazýan. Şuň üstüne her birimiz iki aşykdan oklap, seteran dikýäs. Onsoň bäş ädim yza süýşüp, ýeke-ýekeden gyrdy aşygymyzy atýas. Kim uran aşygyny guşakdan çykaryp bilse, şony-da alýar. Üssesine urmak gezegi hem özünde galýar. Eger-de gyrdy aşygynam, urlan aşygam guşakdan çykaryp bilse, iki aşygam alýar. Humarbazlar ýeňsesini gaşap: “Bi çagalaň oýny dälmi!” diýişdiler. Ahyry käbir zatlary soraşdyryp anyklansoňlar oýun başlandy. Ilki bilen Ýadgar diýilýän oýunçy gyrdalan aşygyny atdy. Onuň kiçimanja gyrdysy seteran dikilen aşyklaryň bir garyş bärsine düşdi, böküp bir aşyga degdi, degen ýerinde-de galdy. Ýadgar kirli dyrnagyny dişläp, bir gyra çekildi. Ondan soň Sapar bagban diýilýän adam: “Ýa pirim, medet!” diýip, gyrdysyny zyňdy. Onuň aşygy Ýadgaryň gyrdysyna çalarak degip, badyna guşakdan çykyp gitdi. – Ýetim gyza ýelpewaç! – diýip, Jurat pälwan güldi. Sapar bagban äpet burnuny ýellendirip, myşlady-da, Ýadgaryň ýanyna geçdi. Gezek Atabaý ädikçä ýetdi. Gürzelek sakgally bu adam gyrdy aşygyny zyňmazdan ozal, bäş ädim yza süýşüp, Jurat pälwana maslahat saldy: – Towha tarapy bilen uraýynmy ýa jikgesi bilen? Jurat pälwan güňleç sesde: – Seň munyň gassabyň ýanyna baryp: “Şu köwüş aýalymyň aýagyna laýyk bolarmy?” diýip soran ýaly bolýar – diýip jogap gaýtardy. Zarply gülküden humarhananyň diwarlary sarsyp gitdi. Atabaý ädikçi aljyraňňy ýagdaýda gyrdysyny atdy, ýöne ol aşyklara degmeg-ä beýlede dursun, guşaga-da düşmedi. – Tüýs “Ädikçiň ädigi bitmez” diýenleri boldy – diýip, Jurat pälwan suňşurdy. Humarbazlar batgalyga düşen gurbagalar ýaly wakyrdaşdylar. Nyýazça agalyk gezek aldy, emma atan aşygy pys geçdi. Ondan soň Babajan atdy. Onuňky şowuna boldy, iki aşygy urup çykardy. Ikinji gezek atanda gyrdysy aşyklaryň arasyna düşüp, şo ýerde-de togtady. Ahyry nobat Halbaky misgäre ýetdi. Ol iliňki ýaly gyrdalan goýun aşygyny däl-de, ýumruk ýaly öküz aşygynyň gyrdysyny çykardy. Biri: “Karamçy!” diýdi, ýene biri: “Kezzap!” diýip gygyrdy. Halbaky misgär bolsa: “Indi agzy aşa ýetende burny ganan men boldummy?” diýip, gaşyny çytyp, Jurat pälwana garady. Jurat pälwan batman ýaly gollaryny göterdi-de: “Muny häzir çözeris! Hany biriňiz meň ýanyma geliň!” diýip, humarbazlaryň arasynda iň dogumlysy saýylýan Nyýazça agalyga yşarat etdi. Aýakgabyny görkezip, Nyýazça agalyga ýüzlendi: – Sen aýt, şu aýakgaby ýokaryk zyňsam, ýere nähili düşer? Başşakmy ýa düzüw? Dogry bilseň, sen mamla, bilmeseň, Halbaky mamla! Humarbazlar alawagyrdy boluşdylar. Biri: “Başşak” diýdi, beýlekisi: “Düzüw”. Nyýazça agalyk aýakgaby oňat synlansoň: “Ökjesi galyň ekeni, düzüw düşer” diýen netijä geldi. Jurat aýagy bilen täjik aýakgabyny ýokary zyňdy, aýakgap iki ýarym mertebe aýlanyp, ýere başşak düşdi. Pälwan: “Aşygyňy atyber, Halbaky!” diýip seslendi. Halbaky misgär: “Hany, gyrdym!” diýip, ýekedaban ýaly äpet gyrdysyny zyňdy. Aşyklar uçgun deý çar ýana syçrap düşdi. Gyrdysy bolsa, bir gezek aşyrylyp, guşagyň üstünde galdy. Halbaky öküz aşygy bilen urup, aşyklary jübüt-jübütden utup aldy. Iň soňunda guşagyň üstünde ýekeje aşyk galan mahaly agşam namazynyň azan sesi eşidildi. Ony eşiden eşitdi, eşitmedik gyrdysyny seteran düzülen aşyklara zyňyp başyna gaýdy. Birdenkä duýdansyz ýerden humarhananyň gapysy açyldy-da, on töweregi nöker ala-galmagal bolup içeri girdi. Ir bilen çykaran kararyna laýyklykda elli dürräni beýlekiler iýenem bolsa, Halbaky misgär lakamly Omar han iýmedi. Ony Jurat pälwan dört-bäş sany nökeriň arasyndan eýdip-beýdip alyp çykdy. Ynha, indem ol Jurat lakamly Muhammet Şarif Gulhany bilen sary giden jul geýip, köşgüň kitaphanasynda oturan ýerinden: “Halbakydan habar ber, Halbakydan!” diýýär. Jurat biraz çalgyrt dilde gürrüňe başlaýar: “Eşitmegime görä, Halbaky misgär diýen bir neşebent adam bolupdyr. Bir gezek ol agşamlyk bir öýe myhman düşüpdir. Adamlar egele bolup, saçak başynda tagama garaşyp oturan eken. Edil şol wagt hem azan sesi eşidilipdir. Oturanlar: “Ilki namazy okap, tagamy soňra iýeliň. Namaz okamaýan adam tagam iýmesin” diýipdirler. Halbaky misgär namaz diýip maňlaýyny sejdä goýan adam däl eken. Şo gezek ol ýerinden turupdyr-da, täret kylyp, namaz okapdyr. “Eý, näletsiňmiş nebis! Neşebent halyma bakman, elimi sowuk suwa urmaga we namaz okamaga mejbur etdiň...” diýip, käýinipdir. Merhemetli soltan! Siz hem şoňa meňzeýärsiňiz. Ýa-ha nebsiňize buýruň ýa-da soltanlykdan el çekiň. “Bir elde iki garpyz tutdurmaz!” Köneleň aýtmadyk zady barmy: “Iki gämi tutanlar galdy girdap içinde, çykmaz olar deňizden terk etmese birini”... Emir Omar han güljeginem, gaharlanjagynam bilmän, oýa batdy... *** Täze gelin çileden çykyp, Şährihana – atasy öýüne görme-görşe gaýtmalydy. Şol wagt seýit Omar han hem Syrderýa boýlaryna awa şaýlanyp ýördi. Emiriň aýal dogany Aftab hanym bolsa, toý aladalaryny sowup, indem Şährihana – öz öýüne dolanmalydy. Emir Omar han bularyň ýanyna üç-dört sany gartaşan aýaly, uly ogly Muhammet Alyhany, ýegeni Hekim hany we özüniň ynamdar nökeri Muhammet Şarifi goşup goýberdi. Gün sowap, howa aýazlydy. Ýol ýakasyndaky ot-çöplere gyraw düşüpdi. Şonuň üçin erkek kişiler possunlydy. Aýal-ebtatlaryň başatgyçlary ýüň matadan, donlarynyň içligi sütükden tikilendi. Adamlaryň agzyndan bug çykýardy, şo sebäpli Gulhany pälwana çenli hiç kimiň gep atyşmaga meýli ýokdy. Atlar bosa arabanyň ýöreýişine takat etmeýän ýaly, kişňeşip, gyzyşmak üçin çapdyrylyp gitmäge taýýar görünýärdi. Aýallar arabanyň üstünde aýaklaryna galyň körpeçe çekip otyrdylar. Ýigitleriň hersi arabanyň bir tarapyndan atlaryny sürüp barýardy, Muhammet Şarif bolsa arabakeşlik edýärdi. Gün çykyp duranlygyna garamazdan, aňzaga nykabyň aňyrsynda ýaňaklary alma dek gyzaran Aýhanpaşşa geçen baharda araba münüp ýol söküşlerini ajy hem ýakymly duýgular bilen ýadyna saldy. Paýtunyň oturgyjynda Muhammet Şarif däl-de, arzymany seýit Kasym, ýanynda gyslyşyp oturan gartaşan aýallar däl-de, mähriban jigileri ýaly bolup göründi. Arabanyň tigirleri bolsa jygyldap, degirmen daşynyň däne üýweýşi dek onuň süýjümtik hyýallaryny mäjum edýärdi... Salgym kimin bir gara gije-gündiz yzymda, Gijäň gündizi kowşy deý ýeke çagym peýläp ýör. Bitakat ýüregime gorky-wehim inipdir, Ýörejek ýollarymda soňsuz howp-hatar bar. Goşgy-gazal düzüp ýörenem bolsa, Aýhanpaşşa olary kagyza geçirmeýärdi, özüniň baş bermez hyýallaryndan ätiýaç edýärdi. Setirlerini ýüpe düzülen merjen monjugy deý göz-dilden daşrak ýerde – gursagynda, ýyly ýüreginiň gizlin künjünde saklaýardy. Ah, hyýallar, hyýallar, hyýallar... Size gutarma barmy? Käşgä sizden peýda bolsa! Siz göýä ir bahardan başlanyp, birdenkä giçki güýze geçip gidýän ýol mysaly. Lälezar gülleriň deregine saman sypaly ýatan ýaly, güllän erikleri hazan şemaly kakan ýaly, uç-gyraksyz göm-gök asmany duýdansyz gara bulut tutan ýaly... Arabanyň tigirleri bolsa dyngysyz jygyldap barýar... Göýä awuly tiken deý, dagyň-daşyň gyýçagy deý, Sanjy bolup dur böwrüme tümlük içre wehmi nur... Arabakeş Muhammet Şarif ýigdekçe seýit Kasym dek aýdym aýtmaýar, ol ýognas sesi bilen aýallaryň ýüregi gysmaz ýaly tymsal gürrüň berýär. Tymsaly hem bulutly gün ýaly gussaly: “Ir eýýamda Ferganada bir sarwan ýaşap geçipdir. Bir gün garaşman durka onuň düýesi botlapdyr. Sarwanyň köşekli-düýesinden başga hiç bir zady ýok eken. Bir gün ol düýesini çökerip, üstüne agyr ýük urup, ýola düşüpdir. Enesinden aýra düşen köşek bozlapdyr. Tomus günleri eken. Çäge gorsawa dönüp, ýanypdyr, ýöne enesiniň yzynda bozlap galan köşejigiň ýüregi ondan has beter örtenipdir. Sarwan sährada ýalňyz oturan bir daragtyň saýasynda düýesini çökeripdir. Köşejik yzyndan barypdyr. Yssy howada köp ylganlygy üçin ol mazaly surnugypdyr. “Eý, birehim enem! – diýip, köşejik düýä ýüzlenipdir. – Men ot-ýalynda ylgap gowruldym, haýalrak ýöreseň, beýle heläk bolmazdym hem-de aram-aram süýt emerdim.” Onda enesi gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, köşejigine jogap beripdir: “Gör ahyryn, burunlyk adamyň elinde. Bu adamyň öz ýolundan başga bilýän zady ýok. Eger zerreçe erk-ygtyýarym bolan bolsady, öz üstümden biriniň hojaýynçylyk etmegine ýol bermezdim.” Bu sözleri eşiden Aýhanpaşşanyň damagy doldy, onuň gözýaşy doňan ýaňagyndan ýoda ýasap aşak syrykdy. Gulhanynyň tymsaly bilen olar öýle bolanda Margilana ýetdiler. Bu etraplarda Muhammet Şarifi tanamaýan adam ýok bolarly, öňlerinden çykan: “Bir käse çaý içip geçiň” diýip, myhman almaga howlukýar. Ahyry biriniňkide goş ýazdyrdylar. Öýläni okap, çaý içdiler. Ýörite atarylan palawyň bişerine garaşman, ýollaryny dowam etdiler. Margilandan on-on bäş çakrym uzaklykda, Arap mazar diýen ýere golaýlanlarynda howa has-da sowady. Şazada Muhammet Alyhan atyndan düşüp, jylawy araba baglady-da, “Doňdum!” diýip, aýallaryň arasyna, körpeçäniň aşagyna girdi. Aýhanpaşşa bir görse, ol körpeçäniň astynda öz aýaklaryny gelniň aýaklaryna degripdir, gözi bolsa başga ýerde. Ilkibaşda Aýhanpaşşa muňa öweý ogluň öweý enesine gysmyljyramasy diýip düşündi. Ýöne şazada aýaklaryny çyrmaşdyryp ugrandan onuň niýetini aňan Aýhanpaşşa derhal arabakeş Muhammet Şarifden arabany saklamagy haýyş etdi. “Indi ata men müneýin!” diýdi. Hekim hanyň ýardamy bilen şazadanyň mele atyna atlandy. Araba tirkeleni üçin loňkuldap ýöremekden iren mele at depirjikläp, öňe okduryldy. Hekim han hem onuň yzyndan atyny gamça basdy. Olaryň ikisi-de derrew gözden ýitdi. Iňrik garalyp başlapdy... Muhammet Şarif bolsa atlary gyssamaýardy, arabany öz maýdalyna sürýärdi. Arap mazara girenlerinden arabanyň öňki tigriniň iki keýesi birlikde syndy. Oňat ýeri, bu ýerde-de Muhammet Şarifi tanaýan adamlar bar ekeni. Çaý içim salymda arabanyň tigrini bejerdiler. Emma Aýhanpaşşa bilen Hekim handan gördüm-bildim ýokdy. Muhammet Şarif: “Naýman diýen oba ýeteliň, gijäni şo ýerde geçireris” diýdi. Ýöne o ýerde-de ol ikisinden habar-hatyr bolmady. “Etjek alajyň ýok, Alla keremdir, azaşanam bolsalar, ýeke ýol bar, ahyry şu ýere gelerler” diýişip, obanyň aksakalynyňka myhman düşdüler. Indi habary Aýhanpaşşa bilen Hekim handan alalyň. Bular arabadan üzülip, yzlaryna gaňrylman, at çapdyryp gidiberdiler. Aýhanpaşşa erkinlik duýgusyna maýyl bolup, sowuk howada ýyldyrym dek süýndi. Hekim han bolsa “gyz kowdudan” sermest bolup, onuň söbügine düşdi. Biraz çapdyrylyp ýöränlerinden soň asmanyň ýüzüni duýdansyz gara bulut tutdy-da, älem-jahan garaňkylyga bürendi. Bu gözedürtme garaňkylykda öz münüp barýan atyň ýaly-da zordan saýgardýardy. Birdenkä şemal şuwlap, gar uçganaklap başlady. Ýol-ýoda ýitdi. Töwerekde güri jeňňellikden gaýry zat ýok. Ýaş ýigit Hekim han töräni wehim basdy. “Yza dolanaly!” diýip, ol ýalbardy. Aýhanpaşşa ony diňlejegem bolmady, atyny gamçylap, öňe ümzük atdy. Ýöne, ine, aňzakly howada daljygan atlaryň welin, basym bady gowşady. Haýallap, teý öňe ýöräsi gelmedi. Hekim han atlaryň ikisiniňem aýagyny duşaklady-da, gylyjynyň dessesine baglady. Aýhanpaşşanyň öňe düşmegi bilen olar ýylmanak bir daşyň yk tarapyny penalap, takdyra ten berip oturyberdiler. Bir tarapdan aldajy aňzak, beýleki tarapdan bolsa tümlüge gaplanan jeňňel olaryň endişesini artdyrdy. Ýyrtjy haýwanlaryň wagşy sesleri bu endişäniň üstüne urna boldy. Birdenem ýylmanak daşyň gapdalynda bir süri ýekegapan peýda boldy. Olar atlary görüp, horkuldap, çygyryşyp, duran ýerlerini basgylaşdyryp, torç edip dyr-pytrak gaçdylar. Gorkudan ýüregi ýarylara gelen Hekim han edil çaga ýaly Aýhanpaşşanyň goltugyna gysylyp, kelemesini çöwrüberdi. Tizden şemal ýuwaşady, atlaram demini aldy. Aýhanpaşşa gaýtadan atlanyp, uzakdan görünýän yşyklary nazarlap ugrady. Ol yşyklar öz arabalarynyň düşlän ýeri – Naýman obasy bolup çykdy... Şol yşyklar Abdyllanyň ukusyz gözleriniň öňüne gelen wagty kameranyň aksakaly tussaglaryň hemmesiniň beýleki tarapyna öwrülip ýatmalydygyny buýurdy. Ol kyssasyna ýokardaky üç sahnanyň haýsysyny aljagyny bilmän, ahyry ýanyndakylaryň ýatyşy ýaly gapdalyna öwrülip, gözlerini ýumdy. *** Irden “Podýom!” buýrugy bilen hemmeler ýerinden turanda Abdylla daş-töweregine garanjaklap, kamerada elli çemesi adamyň bardygyny gördi. Bagbançylyk edýän döwri ol birnäçe ýyl balarysyny idedipdi. Bu kamera hem edil balarysynyň ketegi ýaly, adamdan hyryn-dykyn doly eken. Öňki gezek tussag edilende kamerada munça köp adam ýokdy. Bolaýsa, ýigrimi töweregi tussag bardy. Olaryň içinden kimdir biri ýaşululyk edäýmese, ýuwnup-ardynmagyňam, iýip-içmegiňem, zerur hajatyňy bitirmegiňem düzgün-tertibi boljak däldi. Bu ýerde-de gyzlymtyl sakgally dolmuş ýaşuly haýsy tussagyň hajathana, soňundanam ýuwunmaga barmalydygynyň nobatyny belleýär eken. Mübärekden soň gezek Abdylla ýetende ýaşuly haýbatly sesi bilen: – Sen kim? O nä meň habarym ýok senden? – diýip gygyrdy. Abdylla jogap bermek üçin agzyny açyp-açmanka arkasynda duran Sadyk: – Bu özbegiň uly ýazyjysy! – diýip, öten gije Mübärekden eşidenini gaýtalady. – Gije ýarymdan agansoň getirdiler, sizi ukudan oýarmaly diýdik, Jurat eke! Bu gezek gyzyl sakgal Jurat az-kem äheňini ýumşadyp: – Adyň näme? – diýip sorady. Onuň adyna hem sypatyna, syratyna haýran galan Abdylla hemmeleriň özüne gönükdirilen nazaryndan çekinip jogap berdi: – Abdylla... – Eý, bu Abdylla Kadyry ahyryn! – diýip, iki-üç ýerden ses çykdy. Jurat pälwan haýpygelijilikdenmi ýa ýaňsy bilenmi: – Aramyzda bir şahyrymyz bardy, Çolpan diýerdiler. Diýmek, indi azap-horluk çekmek üçin seni iberipdirler-dä! Bolýa, ertekiňi soň otararsyň, häzir bolsa, gel, hajatyňy bitir! – diýdi. Abdylla tussaglaryň nazary astynda kameranyň künjegine – hajathana tarap ýöneldi. Birinji tussaglygyndan soň döreden gahrymany Taşpolat gyzma ýadyna düşdi. Bu gezek Namaz ogrynyň keşbini janlandyrsa-da geň däl. Munça adamyň içinde her jüresi bardyr... Ol ýeňsesinden hemmeleriň özüne gönükdirilen garaýyşyny on iki süňňi bilen syzdy. Yzynda adamlar sabyrsyzlyk bilen nobatyna garaşyp durdy. Kejikdiriji duýgular zerarly Abdylla buşugyp bilmedi. Ünsüni sowmak üçin petige seredip, şunça jan etse-de, peşewi gelmedi... Kameranyň aksakaly Jurat onuň ýagdaýyny duýan bolara çemli, kimdir biriniň kesekiniň köýnegine elini süpürenini görüp, ol onuň üstüne dübläp başlady. Hemmeleriň ünsi Abdylladan sowlup, başga birine geçdi. Şo pursatda hem onuň peşewi geldi. Täret kylmaga mümkinçilik ýok, el-ýüzüni oňat ýuwdy, öl barmaklaryny gulaklarynyň arkasyna, boýnunyň ýüzlerine ýetirdi. “Allaň özi geçirewersin!” Öz ornuna dolanyp, Mübärek bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Gepleýşinden çen tutup, Mübäregiň buharalydygyna göz ýetirdi. Ýöne onuň dilinde Abdyllanyň henize çenli bilmeýän başga bir şiwesi hem duýuldy. O barada soramagy Abdylla gelşiksiz saýdy. Sadyk hem ýuwunyp, öz ýerine geldi. Onuň bilenem salam-helik alyşansoň, Abdylla Çolpan barada sorady. Ikisi-de eginlerini gysyp: “Bilmedik-dä. Bizden öň oturan bolmagy mümkin” diýişdiler. Abdylla töweregindäkilere birlaý göz aýlady. Kameranyň alagaraňkylygy sebäplimi, ýa balarysynyň ketegindäki ýaly garma-gürmelikdenmi, onuň tanyş ýüze gözi düşmedi. Hälki “Abdylla Kadyry” diýenler kimlerkä? Nädip tanadylarka? Ýa ýazan kitaplaryny okanlarmyka? Abdyllanyň oý-pikirleri balarylary deý uçmaga başlady. Bu ýerdäki gowurda diň salyp durşuna, Çolpanyň ady agzalandan şygyr agşamlary ýadyna düşdi. Seýit Omar şanyň köşgünde şygyr agşamlary ajaýyp görnüşde geçerdi. Aw-şikary juda oňat görýän patyşa şahyrlaryň ýygnanyşygyndan hem lomaý olja duşan dek uly lezzet alardy. Buky ýerde amatyna garap ýatan awçy deý garaşardy, ünsüni başga ýana sowmazdy. Biriniň towşan, beýleki biriniň sülgün atyşyndan kanagat tapardy. Özi welin, has ulurak awa – şire ýa gurda garaşardy. Omar han, has dogrusy, Amiri tahallusly şa şirdir gurt ýaly batyrgaý, dogumly şygyrlary peýläp, mahal-mahal töweregindäki şahyrlary, alymlary bir-birine öjükdirerdi, şygyr agşamyna gyzyk bererdi. Soňky gezek şygyr agşamynyň başlanmazynyň öň ýanynda ol Zülpükär, Seýfetdin, Sadyk we Gulmuhammet atly dört sakyny hatara duruzdy. Köşgüň iň uly şahyry Möwlana Fazly gelen wagty oňa garap: “Hany, bulary mynasyp sözler bilen tarypla!” diýdi. Şonda Möwlana säginmezden, ýüzugra dört setir goşgy okady: Dilim ötgürdir, göýä Alynyň Zülpükary, Öwgä, tarypa diňe Seýfetdin mynasypdyr. Pelsepe otarmakda taý geljek ýok Sadyga, Ýöne hemmäň umydy sahy Gulmuhammetdir. Goşgy hanyň göwnüne ýarady, ol egnindäki bäş ýüz tyllalyk possunyny çykaryp, Möwlana Fazlynyň egnine atdy. Muny gören şahyrlar biri-birinden galmajak bolup, hanyň şanyna kasydadyr rubagylary aýdyp başladylar. Ilki bilen Möwlana Hazyk pars dilinde öz rubagysyny okady: Ylham alyp Omar şanyň toýundan, Nur dökülýär älem-jahan roýundan. Deňsiz-taýsyz bu meýlisde badalar Püre-pür bolup dur yşkyň meýinden. Hemmeler Möwlana Hazyka haýran galma bilen seretdiler. Omar han bolsa şirin dilli bu şahyra kümüş esbaply atyny peşgeş berdi. Muny gören Buhara emiri Haýdaryň inisi emir Hüseýin pars dilinde däl-de, arassa türkiçe kasyda okady: Köp gezdik jahanda bolup hary-zar hem derbe-der, Kabul kyldy bargähinde hezreti soltan Omar. Gullugynda yhas bilen hyzmat etdik ýerbe-ýer, Şükür Alla, lutfy birle aýlady bizge nazar. Han biziň soltanymyz, soltan biziň hanymyz, Döwran biziň döwrümiz, döwrümiz – döwranymyz... Emir Omar emir Hüseýini gujaklap, ony diwanbeginiň ornunda oturtdy, mertebesine laýyk lybas geýdirdi. Kasydalar belent owazda ýaňlandy, şahyrlara sylag-serpaý ýapyldy. Köşk hyzmatçylary saçak ýazyp, datly tagamlary getirdiler, sakylar meý-şeraply jamlary aýladylar, bagşy-ozanlar aýdym-saz edip berdiler. Şowhun-şagalaň gyzyp, ýetjek derejesine ýetende köşgüň baş şahyry Möwlana Fazly möminleriň emiriniň gulagyna bir zatlary çawuş çakyp aýtdy. Soňra elini çarpyp, böwşeňlik aralaşan dessine gaty sesi bilen: “Dabarany siziň sadyk guluňyz Fazly bilen şahyr zenan Mahzuna dowam etdirýär!” diýdi. Elini künjekdäki germewe garşy uzadyp, ikileme okady: Ýüz aperin sözüňe, bakyşyň derde däri, Kalbymda ot tutaşdy, heniz özüňi görmän... Kim çapak çaldy, kim gygyrdy, kim güldi, diňe gowur kiparlansoň, germewiň aňyrsyndan zenan maşgalanyň maýyl ediji näzik sesi ýaňlandy: Kim ol dadyp görmezden, kebaba baha berýän? Gymmatyny biljek ýok hazynaň özün görmän. Bu gezekki şowhun öňküden iki esse güýçli boldy. Kimdir biri: “Dad-eý!” diýip gygyrdy, başga biri berekella berdi. Möwlana Fazly tagzym bilen dowam etdi: Kaşaň geýim mynasyp dilewar näzenine, Nikaply söz melhemdir, hassa janyňa derman... Gowurdy güýçlenip ýetişmänkä germewiň aňyrsyndan jogap eşidildi: Aýp etmäň, sözlerimde eger bolmasa edep, Eýse, ot nädip gögersin, Günüň çoguny görmän?.. Şowhun gaýtadan möwç aldy. “Näme diýdi? Näme diýdi?” – diýişip, käbiri ýanyndakydan sorady we gijirägem bolsa köpçüligiň gülküsine goşuldy. Bular ýaly şagalaňda beýtleriň many-mazmunyna geregiçe ähmiýet berip duran ýokdy, ara salym salman, ýüzugra berilýän jogaplar aýdyşygyň gyzygyny artdyrýardy. Ahyry Möwlana Fazly ýene elini çarpdy, ümsümlik aralaşansoň, dowam etdi: Gepe çeper dilber sen, sözle kimdir ussadyň, Aý hem şöhle saçmaýar tä Gün ýerine girmän... Germewiň aňyrsyndan sandyrawuk ses geldi: Derýaň düýbünde ýatan dür nädip şöhle saçsyn, Nur döküp, ýalkym atmasa, göwher çekmezmi arman?.. Ynha, mundan soňky gowurdy, wagyrdy welin, öňküleriň çaky bolmady. Mahzuna tahallusly bu gyzyň Möwlana Fazlynyň iň soňky söýgüli şägirdidigi hemmelere aýan boldy. Eýse, Günüň öňüni etek bilen ýapyp bolarmy? Aýdyşygyň soňky beýtleri güwläp duran şowhunyň içinde ýitip gitdi. Şu ýerde awçynyň ornunda şirdir gurdy peýläp oturan seýit Omar han, ýok, gazalçy Amiri ýerinden turdy. Barça halaýygy haýran galdyryp, Möwlana Fazlynyň ýanyna bardy. Oňa tokasy gymmatbahaly daşlar bilen bezelen kemerini berdi. Soňra germewe garap, parsçalady: Bir garaňy göreýin, eý gül ýüzli perizat! Künjekden şelaýyn owaz eşidildi: Gören aşyk ah urar, ýürekden çeker perýat! Hemme kişi lal-jim. Amiri dowam etdi: Düşünseň ahwalyma, rehim kylsaň halyma! Gyz hem germewiň aňyrsyndan jogap berdi: Gül gunçasyn açýança eýle sabyr-kanagat!.. Şondan soň zyýapatda kyýamat gopan ýaly boldy. Keýpi-sapadan başy humarlap, köňli joşgun tapan Amiri: “Şu ýerde näme bar bolsa, baryny size berdim!” diýip göçdi. Şahyry, alymy, bary zada topuldy, gözüne görnen, eline ilen zatlaryň hemmesini aldylar. Sähel mahalyň içinde emiriň öňünde hiç zat galmady. Ählisini ýyldyrym uran ýaly etdiler. – Talaň! – diýip emir gygyrdy. – Alyň!.. – Alyň! – diýip, Mübärek bilen Sadyk Abdyllanyň ertirlik naharyny – ýarma bilen çaýyny uzatdylar. Sadyk geňirgenip: – Ýaman gyzyk adam siz – diýdi. – Ýarma bilen işiňiz ýok. Kelläňiz başga ýere alyp gaçdy öýdýän... Hakykatdan hem Abdylla gökden düşen ýaly, äm-säm bolup durdy. Ol aňk-taňk halda töweregindäkilere göz aýlady... *** Öňki kamerada birnäçe gün ýeke özi bolany üçin Abdylla hyýal ýumagyny çözläp oturmagy endik edinene meňzeýär. Bu ýerde-de şol endigine eýerse, basym gülki ýassygyna öwrüljegi görnüp dur. Ana, Sadyk: “Kelläňiz başga ýere alyp gaçdy öýdýän” diýip dur. Belki, özüniň şu günki ýagdaýy barada köpräk oýlanmagy gerekdir. Ýanyndaky adamlary içgin tanamagy zerurdyr... Abdylla nan batyryp, ýarma iýip otyrka töweregine garady. Ýarma paýlap duran esger araky kumlakly ýigit bolsa nätjek! Gördüňmi, ýoldaş ýazyjy! Iň bir derwaýys zatlary gözden salýarsyň! Çolpan aýtmyşlaýyn: Hyýalymyň jylawyny gowşatdym, Öz erkine gök ýüzünde uçup ýör. Başbermez ol, bäri-bärde duranok, Ýyldyzlaryň arasynda myçyp ýör. Kumlakly esgeriňem bir gözi Abdyllada eken. Ol ýeserlik bilen: “Üstüne guýaýynmy?” diýip yşarat etdi. Başga wagt bolanlygynda bular ýaly tagamsyz nahary iýmeg-ä däl, dadyp görmäge-de keşdi çekmejek Abdylla bu ýigdekçede bir gepiň bardygyny şo bada aňdy. Ýüregi gürs-gürs urdy. Demir okarasyna sim bilen baglanan demir çemçesini ýalap, esgeriň ýanyna howlukdy. Her kim nahar bilen gara başyna gaý, çemçelerini şakyrdadyp oturyşlaryna esger ýigidiň pyşyrdysyna ähmiýet berjek ýok. – Eke, soran zadyňyzy getirdim, iki nanyň arasynda... Alyň – diýip, esger susagyny ýarmaly gabyň böwrüne urdy-da, iki kesim nany Abdyllanyň eline tutdurdy. Abdylla çaltlyk bilen nany donunyň ýeňinde gizledi. Okarasyna ýarym susak ýarma guýduryp, yzyna dolandy. Ýüregi gyzyl pagta donuny böwsüp çykjak deý gursagyna sygman gürsüldeýär. Ne Mübärek, ne Sadyk, ne-de beýlekiler hiç zat aňmadylar. Abdylla bir bölek çörege ýanap ýarmany iýip bolansoň, okarasyny tabşyrmak bahanasy bilen turdy. Bir parça kagyz bilen gysgajyk galamy jalbarynyň jübüsinde gizledi. Galan bir bölek çöregi hiç kime görkezmän, kumlakly esgere gaýtaryp berdi. “Işledi! Ata-babaň gurbany bolaýyn, eý musulman balasy! Işledi!” diýip, Abdylla içinden esgere alkyş baryny ýagdyryp, ýerine dolandy. Indi onuň golýazmalary ýitmez! Hudaý ugruna edip, bu ýerden çyksa, bir tomusmy ýa gyşmy, basa oturyp işlese, baryny ýazyp gutarar. Hudaý görkezmesin welin, birden uzak oturmaly bolaýsa-da, barybir golýazmasy aman galar. *** Türme günleri başlandy. Kimi soraga äkidýärdiler, kimi başga kamera geçirýärdiler, kimi bolsa goş-golamy bilen Sibire sürgün edýärdiler. Bikärlikden warsaky otaryp oturanlaram, takdyrdan zeýrenýänlerem bardy. Bir söz bilen aýtsaň, kamera entegem balarysynyň ketegi ýaly güwläp durdy. Abdylla Mübärek bilen Sadygyň berýän sowallaryna käte baş atyp oňardy, käte-de perwaýsyz jogap gaýtarardy. Sadyk bolsa: “Ýazyjymyzyň-a kellesi ýene bir ýerlere alyp gaçdy” diýip, Mübärek bilen özara maýda-çüýde gürrüňlere güýmenýärdi. Hakykatdan hem Abdyllanyň hyýallary ony uazklara alyp gaçýardy. Uçýar hyýal, uçýar gögi gulaçlap, Erkana guş kimin ganatyn ýaýýar. Ýüzýär gökde, daryganok, ýadanok, Käte däli köňli howsalala salýar... Şu gije Rahbara seresaply düşündirip, hatjagaz ýazsa, Alla ugruna edip, kagyz erte-birigün onuň eline gowşar. Onsoň golýazmany derrew ýygşyrar. Nirede, kimlerde goýarka? Gökderekdäki öz garyndaşy Inagamyňkydamy? Ýa agasy Asamiddinlerdemi? Rahbar akylly aýal, öz etjek işini biler. Aýalyny ýatlanda Abdyllanyň gözi nemlendi. Bu aýal horluk baryny görendir. Abdyllany birinji gezek tussag edenlerinde hamyla halyna üç çagasy bilen ýalňyz galypdy. Oňat ýeri, şol gezek türmede uzak oturmaly bolmandy. Bu gezek nähili bolarka? Ýene çül-çaga bilen ýalňyz galdy. Abdyllanyň gara güni üçin süýşürip goýan az-maz puly bardy. Ýöne ony nirede ýygşyryp goýandygyny aýalyna aýtmandy. Onuň ýüregi jigläp gitdi. Oý-hyýaly, gör, nireleri tozadan-da bolsa, ol bu barada birjigem pikir etmändir. Abdylla öz-özünden utandy. “Ýazyjy diýilýände hiç adamkärçilik bolmaz eken” diýip, ol özüni kötekledi. Geçen tomus ejesi Josiýat bibi ýogaldy. Ony jaýlanlaryndan iki gün geçensoň, Abdylla Ýazyjylar Birleşiginiň tabşyrygy esasynda Çolpan bilen Gapur Gulama goşulyp, Kazana, tatar ýazyjylarynyň gurultaýyna gatnaşmaga gitdi. Ýas dessurlaryny goňşulary Molla Ýusup berjaý etdi. Kazandan gaýdyp gelen gijesi aýaly Rahbar çagalaryny ýatyryp, Abdyllanyň öňünde gözýaş dökdi: “Ýazuw-pozuwa kowalaşyp ýörşüňize, Hudaý görkezmesin, bir gün ölüp galsam, meýdimem ýuwular öýdemok!” Indi pikir edip görýär welin, şo gezek aýaly hak aýdan eken. Ýeri, seniň Kazana gitmäniň bilen asman ýere inýärmi? Baran ýeriňem toý-tomaşa, oýun-gülki. Biri Gapur Gulama: “Gapur, sen içgiňi goý! Talantyňy harlama! Senem ile meňzejek bol, düzel!” diýip, nesihat berýär. Gapur hem ýüzüni aşak salyp, nesihaty diňleýär. Soňundanam: “Käşgä, bu gep-gürrüňler bilen düzelsediň, derdiň dep bolsady! Bar, ondan-a ýaňkydan iki çüýşejik alyp gel” diýip, ýene keýpi-sapa bilen gümra. Eýse, Abdylla Kazana şu zatlary görmek üçin bardymy? Eger Kazana gitmän, öýünde ýas tutup oturan bolsa-da, on-on bäş minutlyk dymyşlykdan soň pata gelenleriň gep-gürrüňe ýatjagy belli zat. – Bu ýyl daýhançylyga baş goşduk welin, hysyrdysy ýetik eken. Ýap çek, çil galdyr, hapa-haşaldan arassala, asyl ýeňsäňi gaşamaga eliň barmasa, nätjek! Düýn kartoşkany otap çykdym. Indi yzyndan suwarsam, ýene ot-çöp basjak, ýene otag... – Pirnazar baý, otag diýilýän zady suwdan soň etmeli. Onsoňam kartoşka-da bir otalarmy? – Siziň oýun ýadyňyza düşýär, molla eke! Men bolsa, öler ýaly ýadaw, sütünim süýndi... – Oýun däl, gara çynym bilen aýdýan. Kimden sorasaň, sorap göräý! Hemmeler baş atyp tassyklar. – Äý, otaldy-otalmady, parhy näme? – Otalmasa hasylly bolýar. Otasaň, eken tohumlyk kartoşkaňy ýa alarsyň, ýa almarsyň... – Wah, men samsyk nämelere baş goşup ýörün! Daýhançylyk meň işim däl, gümüne gitsin! Oturanlar gülşüp, wakyrda bererler. Soň ýene degişme, gülki, warsaky... Abdylla töweregine göz aýlady. Kim degişme aýdyp, ýanyndakylary güldürip otyr, kim gapdalyndakyň üstünden düşýär, garaz, içgysgynçlyk ýok. Özbekçilik-dä... *** Emir Nasrulla han barça aga-inilerinden dynansoň, özüni häkimligiň çürbaşyna çykaran Hekim guşbegini şübhe astyna alyp başlady. Ýok, onuň özüni alyp barşynda güman eder ýaly hereketler göze ilenok. Ýöne dört emire wezir bolan bu garry tilkiden her işe garaşsa bolar. Her näçe müňkür boluber, weziriň demine düşdüňmi, süýji dili bilen hoşamaýlyk eder, şorta söz aýdar, eýder-beýder, kalbyňa düşen güman düwünlerini çözüp, aýryp, ýom-ýok eder. Emir Nasrulla han ondan öňki emirleriň hüý-häsiýetleri barada soran wagty şeýle bir aýlawly gürrüň bererdi welin, olary öwüp taryp edýärmi ýa üstlerinden gülýärmi, eger-eger aňşyrjak gümanyň ýok. – Bir gün Siziň merhemetli ataňyz Şährisabz emiri Muhammet Sadyk hakynda şeýleräk ýomak aýdyp beripdi. Muhammet Sadyk Şährisabzdan Kitaba gelende mal bazaryna ala-mula öküz getiren bir özbegi görüpdir. Ondan türkiçeläp: “Sygryňa näme diýýäň?” diýip sorapdyr. Malyň ady soralýandyr öýden sada özbek aljyrapdyr. Emir bolsa sowalyny gaýtalapdyr. Özbek emiriň niýetine düşünmäni üçin el-aýagyny ýitiripdir. Ahyry emir dergazap bolup, ýaňky adamy taýak bilen saýgylap başlapdyr. Şonda o biçäre: “Öküzime öküz diýýän!” diýip, gaçma bilen bolupdyr. Emiriň ýanyndaky adamlaryň biri sada özbege: “Emir senden bahasyny soraýar” diýip düşündiripdir. Şonda emir hem türkiçe ýalňyş geplänini aňypdyr. Öküz eýesi bolsa, öküzi satyn almandygy üçin onuň bahasyny hem bilmeýändigini aýdyp, ýerliksiz taýak iýenine ökünipdir... Abdylla ýanyndaky tussaglara şu ýomagy aýdyp berse niçik bolar? Düşünerlermikä? Ýa emir Nasrulla hanyň: “Hekim guşbegi ýene üstümden gülýän bolmasyn!” diýşi ýaly, bularam ýomagy terse çekip, köňlüni gümana berip oturybererlermikä?.. *** Gowusy, aýallar hakynda gürrüň bermek gerek, hawa, aýallar hakynda. Dört erkegiň başy çatylsa, gep syrygyp, derrew aýallara barýar. Soltan Omar hanyň haremhanasy barada aýtma gerek! Mahlar aýym soltan Omar hanyň soňky şygyr agşamyndaky ýagdaýyny eşidip, ýene ynjalykdan gaçdy. Eýtdi-beýtdi, elinden gelenini edip, soltanyň haremhanasynda-da şolar ýaly şygyr agşamynyň geçirilmegini gazandy. Goşgy-gazal düzýän, Gurhan okaýan zenan bar bolsa, hemmesini köşge çagyrdylar. Uwaýsiý hem öz şägirtlerini ýygnady. Dutardyr tamdyralarynyň owazyny kimdir biriniň eşidäýmeginden çekinip, öz öýlerinde ýuwaş sesde hiňlenip oturan aýal bagşy-sazandalara çenli baryny haremhana jemlediler. Mahlar aýymyň köňlünde bir syrly höwes bardy. Bu höwes barada ol hiç kimiň ýanynda dil ýarmandy. Ýöne köşkde onuň her bir hereketini gözden salmaýan iki aýal – Uwaýsiý bilen Aýhanpaşşa bu syrdan habarlydy. Mahlar aýym Hindistanda, Babyrlar hanlygynda dogulmanlygy üçin ah çekýärdi. Ýaşlykda okan kitaplary boýunça Dildar begim, Gülbeden begim, Arjument hanym, Zebunisa, Nurjahan begim, Jahanara dagy onuň hyýalynda ýerde däl-de, Behiştde ýaşaýardy. Mumtaz Mahalyň hormatyna Şahyjahanyň gurduran Täçmahalynyň meşhurlygyna gözi giderdi, ýüregi ezim-ezim bolardy... Gülbeden nigärimni düýşlerimde görsedim, Lebleri şähdi-şekerni düýşlerimde görsedim... Şygyr agşamynda hem ol atlaz geýinmedi, Hindistandan getirilen ýüpek parçalara çolandy. Haremhananyň ýakymly zenan ysyndan burk urýan giňiş jaýynda owadan guýruklaryny ýazyp, soltanyň iki sany tawus guşy gugurdaşyp aýlanyp ýördi. Olar çekinmezden-zat etmezden, wagt-wagt tekepbirlik bilen köşk hyzmatkärlerini çokup goýberýärdiler. Lezzetli tagamlar iýlensoň, naryň hem üzümiň sykylyp alnan suwy içildi. Şahyr zenanlaryň ýaňaklary nar ýaly gyzardy. Soňra bu zyýapatyň eýesi Mahlar aýymyň şanyna kasydalar okaldy. Gelmegeý dünýäge onuň dek aýym, Köňli sahawatdan doludyr daýym. Çakylyk iberdi alym ähline, Ýygnandy köp adam oň dergähine. Jem boldy ülkäniň ähli şahyry, Goşgudyr gazala ussatlaň bary... Goşgy-gazal okanlaryň ählisine Andijan täjirleriniň uzak Hindistandan getiren owadan ýüpek parçalaryny paýladylar. Goşgy-gazaldan soň gezek aýdym-saza ýetdi. Tans oýnaldy. Aý-aýdyň gijeler, Ýagty gijeler. Gül-reýhana bürener Ýar ýörän köçeler. Ýaryň ýörän köçelerin Süpürsem saçlam bilen. Tozan tursa, suw sepsem, Gözdäki ýaşlam bilen. Herki zat öz çygryndan çykmasa ýagşy. Köňli joşgun tapan aýallar başyndaky ýaglygyny sypyryp, ýelpewaç edindiler, gykuwlaşdylar, çapak çaldylar, gülküleri asmana göterildi. Hoşboý atyr yslary ýitip, haremhananyň içini der ysy tutdy. Myhmanlaryň arasynda çişip ýören tawus guşlaram tekepbirligini unudyp, bir burça gyslyşdylar. Törde ýalňyz oturan gussaly Aýhanpaşşa öz ýanyndan oýlandy: Geçdi gaflat nadanlykda ömrüň gözel çagy, heý, Ahmyr-armanda geçdi onuň galan ýary, heý... Soň hiç kime duýdurman, tomaşany terk edip, ýatakhanasyna çykyp gitdi. Çykyp gitdi-de, bu tomaşanyň iň bir hezil ýerini görmekden binesip galdy. Az salymdan burçdaky gapydan çykyp, Mahlar aýym geldi. Hyzmatkärler şo bada onuň arka tarapyna agaç germewi getirip goýdular. Dabara serenjam berip ýören Uwaýsiý çasly çapak çalyp: “Subhan Alla!” diýip gygyrdy. Tomaşanyň şowhuny peseldi, haremhana jaýyna ümsümlik aralaşdy. – Şygyr agşamynyň şasy Nodira bilen... – diýip, Uwaýsiý biraz sägindi. Soň gaty sesi bilen: – Amiri! – diýip gygyrdy. Duranlar tolgunmadan ýaňa yranyşyp gitdiler. Dogrudanam germewiň aňyrsyndan özi görünmese-de, emir Omar hanyň şaha laýyk sesi ýaňlandy: – Ondan nije alymyň, danyşmendiň ary bar? Nodira duranlaryň arasyndan saýlanyp, öňe çykdy-da, näz-kereşmä ýugrulan zaryn ses bilen jogap berdi: – Kim ol teni ýalaňaç, jüpbeýi destary bar? Gelin-gyzlaryň arasynda ah-wah sesleri köpeldi. – Gül ýüzüňi göremde göýä ki serhoş boldum – diýip, germewiň aňyrsynda duran Amiri dowam etdi. – Açylmadyk gunça lebiň göwherden güftary bar... Ah-wah sesleri güýçlendi. Kimdir biri sesli aglamaga başlady. Ýene emiriň sesi eşidildi: – Eý, saky, meý guý, biraz şady-horram bolaýyn! Hyzmatçy gyzlaryň biri çakyrdan doly jamy göterip, germewe tarap ugrady. Muny gören Nodira başyny ýaýkady: – Natuwan köňlümiň hijran derdinden azary bar... Az salym böwşeňlik aralaşdy. Çakyrdan ganan emir agzyny süpürip, şeýle diýdi: – Zülpleriniň taryny boýnumda görüp geňlemäň... Şu mahal burçda gyslyşyp duran tawus guşlar janlandy-da, biri beýlekisiniň yzyna düşüp kowga başlady. Gezek Mahlar aýyma ýetdi: – Bir butparaz but ýolunda, boýnunda zünnary bar. Aýallar näme diýlenini aňşyryp ýetişmän, bir-birinden soramaga durdular. Bu sözleriň düýp manysyna akyly ýetip duran Uwaýsiý çalaja gülümsiredi. Ýöne soňky sözlere o-da oňly düşünen däl bolsa gerek. Çünki soňky sözler diňe soltan Omar hana däl-de, başga birine degişli ýaly: – Eý, peri, bir gün bozuk külbäme girgil sallanyp... Çakyryň gyzgyny başyna uran Amiri beýle jogaba garaşmandy: – Hiç haçan, çünki külbäniň saýaly diwary bar... Amiriniň bir mahalky “Hoş geldiň” diýen gazalyndaky “saýaly diwary” gelip-gelip özüne gaýtaryldy. Göwnüne bolmasa, Nodira: “Ýok, men bu gün seniň külbäňi düzetmäge gelmedim, isleseň, kime hoş geldiň diýýän bolsaň, şoň ýanyna baraý, öň diwar saýasy men bolan bolsam, indi sen bolarsyň!” diýýän ýaly bolup göründi. Mahlar aýym gepi haýsy tarapa gyşardýanlygyny duýdurmakçy bolýan deý Aýhanpaşşanyň oturan ýerine seretdi. Emma ol o ýerde ýokdy... Şo pursat ýene emiriň sesi ýaňlandy: – Ne sebäpden bolmasyn köňül köşgüm weýrana... Mahlar aýym tarapdan jogap bolmansoň, germewiň aňyrsynda duran emir Omar han: – Yşk şasy Amiriniň lezzetli eseri bar... – diýen sözler bilen gazaly jemledi. Gelin-gyzlaryň tomaşasyny özlerine galdyryp, ýatakhanasyna gitdi. Nodiranyň ýüregi para-para boldy: Terse dönen, eý şum pelek, bu jebri-zulmuň nedir, Aýra saldyň ýardan bu gün Nodira mejnun şeýdany... *** Eýse, Abdylla tussaglykda oturanlara şulary gürrüň bersinmi? Düşünerlermi? Ýa baryny bir başyndan “Müň bir gijäniň” görnüşinde hekaýat edip aýtmalymy? Şeýtse, heniz ýazylmadyk sahnalar hem aýdyňlaşyp, bir sapaga düzülse gerek... Abdyllanyň töwerekdäki gürrüňçilige gyzygyp, gulak gabardýandygyny duýan düşbi Mübärek: – Abdylla eke, sizi nähili günä bilen aýypladylar? – diýip, ony gepletmäge ilgezik boldy. – Bilmedim. Ýokarkylar bilýän bolsa gerek. Wagty-sagady gelende aýdarlar-da... A sizi nämüçin tutdular? – diýip, Abdylla sorady. Şol wagt tussaglaryň biri bilen özara gürrüňini tamamlap gelen gyzlymtyl sakgally “aksakal” Jurat eke bularyň sözüni böldi: – Hany, indi täze geleniň habarynam alaly. Ýazyjy diýdiňmi? Okamandyryn. “Garagol oglan” diýen kitaby okapdym. Oňat ýazylypdyr... Abdylla pylany diýilýäniň “Ogry” kitabynam okapdym... Häli adyňa Abdylla diýdiň dälmi? “Ogryny” sen ýazdyňmy? – Ýok, ony Abdylla Kahhar ýazdy. – Nähili ýazyjylygyň-a biljek däl, ýöne doňuň-a gowy eken... Jurat aksakalyň soňky sözlerine öwgi diýip düşünmelimi? Ýa Abdyllanyň göwnüni götermek üçin aýtdymyka? Belki, donuň özüne berilmegini isleýändir? Nasrulla han döwründen bir ýomak Abdyllanyň ýadyna düşdi. Ol oslagsyz gülüp goýberdi-de, gürrüň bermäge durdy: – Gadym eýýamda bir patyşa tagtyndan jyda düşüp, sepilu-sergezdan bolup, Samarkanda barypdyr. Elinde ne puly, ne-de maly bar eken. Bar baýlygy köne dony bolupdyr. Onsoň bialaç şo donuny satmak üçin bazara barypdyr. Ýöne hiç hyrydar tapylmandyr. Ahyry deger-degmezine – çärýek dirheme satyp, zordan garnyny doýrupdyr. Ertesi şo bazaryň töwereginde syňsyraklap ýörkä düýnki donuny satyn alan adam muňa gabat gelipdir. “Donuň kemi bar ekeni, düýnki söwdany gaýtarmasak bolanok!” diýip, dawa edipdir. “Näme kemi bar?” diýip sorasa, ýaňky adam: “Dünýäň ähli biti şu donuň içinde eken. Gije endamymda abat ýerimi goýmadylar, persala edip, tas iýipdiler” diýipdir. Şonuňky ýaly, biziň donumyzyňam kemi özüne ýetik... – Al saňa gerek bolsa! Men-ä telpek goýdum! – diýip, gyzyl sakgal Jurat hezil edindi. – Sen bu ýerde aýak asty bolup ýatma, meň ýanyma göç. Humar oýnan wagtymyz degişme, ýomak aýdyp berersiň. Jurat aksakal jübüsindäki aşyklary şagyrdadyp, Abdyllanyň düşekçesini törde, öz ýanynda ýazmagyny buýurdy. Şu pursat beýleki burçda iki tussag özaralarynda bir zadyň dawasyny edip, ýaka tutuşyp başladylar. Goh ula ýazmaz ýaly aksakal olara tarap howlukdy. Pursatdan peýdalanyp, Mübärek hälki arasy üzülen gürrüňi dowam etdi: – Ýaňy Nasrulla hanyň döwründen gep açdyňyz. Menem şo döwre degişli köp zat okadym. Esasan iňlisçe kitaplary... Içalylar barada... – Aý, goý-a! – diýip, Abdylla haýranlar galdy. – Men şo döwür hakynda kitap ýazyp ýörün... – Onda siz meni diňlemeli! – diýip, Mübärek gözüni gypyp goýberdi. – Düşegiňizi törden ýazaly, belki, o taýdan maňa-da ýerjagaz tapylar... Meň nämüçin tutulanymy soradyň. Men iňlis içalysy... Mübärek ajy ýylgyrdy. Geň-taň görmeli däl, türmede her hili adama gabat gelýäň... Sene-mene edýänleriň ýanynda Jurat aksakalyň araçylyk edip durşuny görensoň, Abdylla Mübäregiň yzy bilen töre geçibermedi. “Soňrak görübereris” diýip, Sadyga seretdi. Sadyk aňry gapdalyndaky tussag bilen gepleşip otyrdy. Abdylla gulak gabardyp, diňlese, ol tussagyň dil şiwesi üýtgeşik eken. Özi-de Özbegistanyň çäginde duş gelýän şiwe däl. Türmede biriniň gürrüňini birugsat diňlemeg-ä beýlede dursun, adamyň ýüzüne gös-göni garap seretmegem edepsizlik hasaplanýar. “Nämä seredýäň? Bir ýerini açan barmy?” diýip, ýenjiberselerem geň däl. Şonuň üçin Abdylla ähem-ühem edip, çalaja ardynjyrady. Sadyk oňa tarap öwrüldi-de: – Halypa, ine, bi goňşymyzam owganystanly molla. Termize, Buhara zyýarat edeýin diýip gelende ele düşüpdir – diýip, saç-sakgalsyz molla bilen tanyşdyrdy. Hä-ä, diýmek, owganystanly özbeklerden ekeni... Abdyllanyň öz oýlap tapan bir oýny bardy. Awtobusa, tramwaýa münüp şäher merkezine gitse, ýa şäher merkezinden Hadra tarap öýüne gaýtsa, ýolagçylaryň ýüzlerine seredip, öz ýanyndan olary dürli döwürlerde ýaşan adamlara meňzedip görerdi. Ine, bu gysgadan semizje kişiniň sypaty Nasrulla hanyň emirligindäki kaza meňzäpjik dur. Ana, ol ýüzi menek-menek aýal Nodiranyň hyzmatyndaky gyzlaryň baştutany. Tramwaýyň murtlak sürüjisine arabakeş däl-de, hut gassap diýseň boljak. Gözleri oýnaklap duran petek barlaýjy bolsa, Kokant bazarynyň salgyt ýygnaýjysy däl-de, eýsem, jübükeser jüwlük... Özi bilmezden, kä kişi şahyrlyk mertebesine eýe bolýardy, käbiri özüniň goltugy papkaly jellatlygyndan bihabar, Bazarmetjit duralgasynda düşüp galýardy. Abdylla, ine, şu oýny ýadyna saldy. Nätse-de, bu owgan mollasynyň keşbinden owgan mollasyny tapyp biljek däl. Gaty gitse, mundan Buhara zyndanynda aýagyna gandal urlan tussag çykar... Abdylla molla bilen elleşip görüşdi. – Essalawmaleýkim, ýagdaýlaryňyz ýagşymy, jan-saglyk oňatmy? – diýip, molla saglyk-amanlyk soraşdy. – Bu biziň uly ýazyjymyz! – diýip, Sadyk tanyşdyrdy. – Pah-pah-pah! – diýip, molla ýylgyrdy. – Başym gurban bolsun, bize görkezen görgülerini ýazsaňyz... Siziň şuraňyzyň başyna düşen iş Dostmuhammet patyşanyň depesinden inen beladanam beter. Ony beýan edere dil ejizlik edýär, ýürek çydanok... – Siz Dostmuhammet patyşanyň taryhyndan habarlymy? – diýip, Abdylla geň galyp sorady. – Elbetde, habarly. Biz onuň öz neberesinden ahyryn. – Onda, diýmek, Dostmuhammet patyşa tagtyndan agdarylansoň, Buhara emiri Nasrulla hanyň huzuryna gelenini eşiden bolsaňyz gerek? – Ýogsa nä! Meniň özümem, ine, zyýarata diýip gaýdyp, şu güne düşdüm-ä... Aýdyp bereýinmi? Abdylla hä bermäge-de ýetişmedi. Mübärek gelip, onuň ýeňinden çekdi. “Aksakal çagyrýar!” diýip, molla bilen söhbetini gutararyna-da goýman, Abdyllany kameranyň törüne alyp gitdi. *** Jurat aksakal içki köýnekde iki ýassygy goltugynyň aşagyna çekip, ýanbaşyna ýatyrdy. Barmaklary bilen iki sany gyrdy aşygy oýnap oturyşyna ol öz ýanyndan Abdylla oturar ýaly ýer görkezdi-de, Mübärege buýurdy: – Ýazyja hemmeleri tanyşdyrmak gerek. Ýazyjy öz gahrymanlaryny bilmeli. “Ýagşy adam aý bolar, nirä barsa jaý bolar” diýipdirler. Hany, gahrymanlaryny ýeke-ýeke äkel! Mübärek ilki bilen aňry çetden başlady. Adamlary bir-birden töre getirdi. Her kim adyny we nämüçin tussag edilenini aýdýar. Jurat aksakal bolsa her haýsyna iki agyz düşündiriş berýär. – Pylanyýew Pylany, Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 150-nji maddasy, parahorlukda araçylyk etmek. Aksakal ony: “Bar baryny aýdar, ýok – zaryny” diýip düşündirýär. Gelen adam baş egip, tagzym edýär-de, aksakalyň yşaraty bilen yzyna dolanýar. – Pylanyýew Pylany, Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 233-nji maddasy, kezzapçylyk we ynama hyýanat etmek. Jurat muny: “Ýalançy ýagly geçi, bazarda bagly geçi” diýip, çürt-kesik edýär. “Ýalançy” bu nakylyň manysyna akyl ýetirjegem bolman gözlerini güldürip öz ýerine ugraýar. – Pylanyýew Pylany – Gözi mölerip duran bu tussag öz maddasyny aýdýar. – 150-nji, gorkuzyp para almak. Jurat gaharlanyp: “Haramyň guýrugy bir tutam!” diýýär-de, elini salgaýar. Gelen adam bolsa: “Erkinlikde bolsadym, seň gözüňe görkezerdim” diýýän dek, altyn dişlerini gyjyrdadyp, ýüz-gözüni gamaşdyryp, yzyna gidýär. Tanyşdyrylyşa gelenleriň köpüsi 1926-njy ýylda kabul edilen Özbegistan Jenaýat kodeksiniň 66-njy maddasyny aýdýar. Biri 66-njy maddanyň 12-nji bendini – kontrrewolýusion hereket jenaýaty hakyndaky habary degişli organlara ýetirmändigi barada sözlese, ikinjisi şol maddanyň 10-njy bendini – kontrrewolýusion hereket hem-de ony ýaýratmak hakynda agzaýar. Jurat aksakal bulara nähilidir bir duýgudaşlyk bilen: “Syryňy aýtma dostuňa, saman dykar postuňa!” ýa-da “Essiň barka, etegiňi ýap!” diýýärdi. Elli-altmyş adamyň hemmesi birme-bir bularyň öňünden geçdi. Biri: “Bu täze baş wezir kimkä?” diýip ýyrşarsa, beýlekisi masgarabazçylyga meňzeş bu nysagy oňlamady, ýokuş gördi. Ýene biri “Başa gelenini göz görmüş” diýýän deý sessiz-üýnsüz gelip gitdi. Bularyň dyngysyz hereketlerinden kameranyň dymyk howasy has-da agralyp, çüýrän almanyň ysy ýaýran ýaly boldy. Ahyry başga adam galmansoň, Mübäregiň özi bularyň öňüne geldi: – Mübärek Kohanow, 66-njy madda, 6-njy bent, içalylyk. – Durşuň bilen altylyk bolup duran ekeniň-ä, içaly – diýip, Jurat aksakal aýtdy. – Hany, aýran diläp gelen bolsaň, okaraňy gizleme-de, aýt, kimlere içalylyk etdiň?.. – Molla eke, özüňiz bilýäňiz-ä, men nire, içalylyk nire? Musaň neberelerini idäp, Iňlisistana gidip geldik. Biz hemişe melamata ýakyn... – Gideniňe görä, ilen-çalan garyndaşlaňdan tapanyň barmy? – Tapdym. Gaty akylly, dana adam. Buhara barada köp kitap ýazypdyr. Özüm okap gördüm... – He-e, müň garga bir kesek diýipdirler. Gel, hany, seň bilenem aşyk oýnap göreli. Aşyk bir oýnap bilýäňmi özi? – Oýnasak, oýnaýarys... Abdylla söhbete gulak gerip gyzyksa-da, dymyljyk, ýakymsyz ys sebäplimi, ýa ýaňky gelşiksiz, ýasama dabara zerarly şonça bendi bilen ýüzbe-ýüz bolanlygy üçinmi, bu ýerde uzak oturasy gelmedi. – Gowusy, men işigiň agzynda ýataýyn, ýogsa, howa ýetenok – diýip, ol aksakala ýüzlendi. Gyzlymtyl sakgally Jurat Abdyllanyň agaran ýüzüne seredip: – Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler... – diýdi-de, Mübärege buýurdy. – Ony öňki ýerine ýerleşdirip gaýt! “Bir gezek dünýäniň patyşasy aşdarha bolupdyr. Ol gahar bilen agzyndan ot saçyp, tasdanam ähli ynsy-jynsy gyrgyna beren eken” diýip, Abdylla öňki ýerinde – kameranyň azajygam bolsa howaly ýerinde ornaşansoň, öz ýanyndan oýlandy. Dowamy bar >> | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -20: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |