09:25 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy | |
KRIKET
Romanlar
– Iňlisleriň kir-ket diýen oýny bar. Biziň çilik diýen oýnumyza meňzeş. – Buharaly Mübäregiň ir bilen turşuna tapan gürrüňi şu boldy. Onuň gepleýşinde täjik diline mahsus äheň güýçlidi. Şol sebäpli Mübäregiň habar görnüşinde aýdýan zatlary-da sowal ýaly bolup eşidilýärdi. – Uzak gije düýşümde şol oýny görüp çykypdyryn – diýip ol düşündirdi. Abdylla buşugyp, el-ýüzüni ýuwandan soň ýeňillik bilen dem aldy. Tanyş kumlakly esgerine garaşmaga başlady. Adyna näme diýipdi şol esger? Sünnetmidi?.. Ýeri, bolýar-da, “Miwesini iýseň, iý, haýsy bagdandygyny sorama” diýipdirler. Abdylla ajy ýylgyryp, içini gepletdi: “Maňa-da Jurat aksakaldan geçdi öýdýän. “Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar” diýleni boldy”. – Ana, şol kir-ket diýen oýny men Londona baramda... – Sen Londona hem baryp gördüňmi? – diýip, Abdylla haýran galdy. – Baryp gördüňmi diýýäň, a men o ýerde üç ýyl ýaşadym ahyryn... Şoň üçin içaly diýip, şu ýere dykdylar-da... Bu barada Mübäregiň uzak gepläsi gelmedi, gürrüňi ýene “kir-ket” oýnuna syrykdyrdy. Abdylla Mübäregiň “kir-ket” diýýäniniň iňlisleriň meşhur kriket oýnudygyny aňlady. Onuň Londondaky durmuşy barada käbir zatlary soramalydygyny aňynyň bir ýerinde belläp goýdy. – Iňlisler ap-ak eşik geýip, gök otlugyň üstünde elindäki taýak bilen kiçijik pökgini urýarlar. Biziň çiligimiz ýaly-da... Urup çykardyň – gidiber. Ýeriňe başga biri girer. Gir, git. Gir, git. Ana, şoň üçin kir-ket diýipdirler. Mundan soň Mübärek oýnuň kadalaryny düşündirmäge başlady. Şol wagt hem gapy şakyr-şukur açyldy. Kumlakly Sünnet galtaga ýükläp, ertirlik naharyny alyp geldi. Onuň ýanyndaky rus milletinden bolan esger: – Ertirlik! – diýip, gygyrdy... Abdyllanyň tutulanyna näçe gün geçdikä? Şu gün agşam bir hepde bolaýýar öýdýän. Ol bir hepde mundan ozalky ir säheri ýadyna saldy. Başga durmuş, başga döwür! Abdylla ertir namazyndan soň öz otagynda ýazyp otyrdy. Bir mahaldan penjireden garasa, jahan ýagtylypdyr. Ähli ýer – jaýlaryň üçegi, haýatlar, baglaryň şahalary ap-ak gar. Asman bolsa ne sarymtyl, ne-de gyzlymtyl, edil Täze ýyl suratlarynyň hut özi-dä! Gyşyna oba gyzlarynyň ýaňaklary hem şular ýaly bolýar! Abdyllanyň ýüregi gyýlyp gitdi, uzakda galan ýaşlygy biygtyýar ýadyna düşdi... Ondan bäri ýene bir hepde geçdi, ýene bir ömür... Ertirlik ýarmasyny oňa rus esgeri guýup berdi. Sünnet oňa göz gytagyny aýlap, çaý guýdy. Abdylla yşarat bilen jogap berdi. Sünnet oňa düşündi. “Üm bilen är ölmez!” diýip, Abdylla göwnühoş halda öz ýerine gaýtdy. Hiç kime üns bermän, tagam-tagsyrsyz ýarmany howlukmaç iýdi. Gaýtadan nahar guýdurmak üçin ýeke özi barmagy oňaýsyz hasaplap, beýlekilere garaşdy. Rus esgeri: “Kime gaýtadan guýmaly?” diýip sorady. Tolgunmadan Abdyllanyň ýüregi gürs-gürs urdy. Ol ýerinden turşuna ýazan hatyny tabagyň düýbünde goýup, göni Sünnetiň ýanyna bardy. “Me, al muny!” diýip, tabagy içindäki hat bilen bilelikde onuň eline tutdurdy. Rus esgeriniň ünsüni sowmak üçin bolsa, oňa kürüşgesini uzatdy. – Sen näme... – diýip, esger paýyş sögündi. – Näme maňa kürüşgäňi somlap gelýäň? Çaý gerek bolsa, ondan sora. Töňňe! Başga wagt bolanlygynda Abdylla bu gögele oglanyň agzyny-burnuny gara gana boýardy, ýöne häzir haty ýadyna düşüp, bialaç dişini gysyp, ýalan ýylgyrmaly boldy. Ol Sünnete ýüzlenip: – Çaý guýsana, gardaş! – diýip, gözüni gypdy. Abdylla öz ýerine dolandy. Ýüreginiň gürsüldisi welin, güýçlenmese, gowşamady. Bir tarapdan rus esgeriniň paýyş sögünji ganyny gyzdyrdy, yzyna gaýdyp, onuň dilini damagyna iberäýsem diýdi. Beýleki tarapdan: “Esasy zat, haty berdim, jenjel turuzsam, bary biderek bolar” diýen pikir synyndan çekdi. Dyňzap duran gaharyna zor bilen basalyk berip, Abdylla çaýyny içdi. Gapydan çykyp giden esgerleriň gap-gaçlarynyň şakyrdysy onuň gulagyna ilmedi. Ýanynda oturan Mübäregiň iňlis ýatlamalaryna hem ünsi ýetmedi. Tutuş dünýä gözüne gap-garaňky bolup göründi. “Esasy zat hatymy berdim!” diýip, ol öz ýanyndan özüni köşeşdirmäge synandy. Ýüreginde bolsa, henizem gahar-gazap joş urýardy. Bir salymdan onuň ýanyna Jurat aksakal geldi. – Men baryny eşitdim. O zatlary göwnüňe alyp oturma. Baş aman bolsa, başgap tapylar. Ýaňkyja gögeläniň emini özüm bererin. Ýör, gowusy, gümür-ýamyr edeli. Ýanymdakylaň biriniň yzyndan odur-budur gelipdir. Temmäki iberipdirler diýýä. Bir keýpden çykalyň! – diýip, ol Abdyllany töre baka alyp gitdi. Barýarka yzyna gaňrylyp, Mübärege: – Maýda millet, ýör senem! – diýip ümledi. Abdylla beňňiniň neşe çekişi ýaly temmäkini işdämen sorup, öýkenini ajy tüsseden doldurdy. Tüsse onuň kiriş deý dartylyp duran duýgularyny gowşadyp, gaharyny ýazyp goýberen ýaly boldy. – “Ýalanyň süýjüsinden çynyň zäheri datly” diýipdirler. Hany, hekaýatyň yzyny eşideli! – diýip, gyzyl sakgal Jurat aýtdy. Abdyllanyň özi hem gürrüň bermäge döwtalap bolarly, iki aýtdyrman, düýnki arasy üzülen hekaýaty dowam etdirdi: – Eý, sap ýürek dostlar! Omar han patyşa ýanynda galan bäş-alty sany dosty bilen garaňky gijede ymykly azaşypdyr. Umytdan düşüp, takdyra ten berip otyrkalar: “Eger bizi jynlar azaşdyran bolsa, o jynlaryň hötdesinden gelip biljek Alla bar. Alla ýalbaralyň!” diýşipdirler. Onsoň bary bilelikde “Lä hawle” dogasyny okamaga başlapdyrlar. Hudaýyň gudratyna serediň-ä, şo wagt şagallaryň uwlamasy däl-de, hakyt itiň üýrýän sesi eşidilipdir. Haýsydyr bir ykmanda itiň “wowh-wowh” sesi bularyň gulagyna ene hüwdüsi deý eziz bolup, atlarynyň başyny şo tarapa öwrüpdirler. Az salym ýöränsoňlar kiçijik yşyk görnüpdir. Ýakyn barsalar, ine, Ahsikendiň hut özümiş. Daň atan çagy şäheriň çetinden giripdirler. Bularyň elem-ebtat bolup gelişlerini görenler jyna sataşandyrys diýip, öz gezeginde “Lä hawle” dogasyny okapdyrlar. Ahyry ondan-mundan ýol sorap, salgy alyp, haremhana aýallarynyň düşlän ýerini tapypdyrlar. Aýallar birbada bulary tanamandyrlap, tanansoňlar aglaşypdyrlar. Öz patyşalaryny şular ýaly gözgyny halda ilkinji gezek görýän ýaş kenizler bolsa, gülkülerine zordan basalyk berip, emiriň çaý-suwuna seretmek aladasy bilen bolupdyrlar. Harasatda galyp, azaşan ýolagçylar ojakda ýakylan oduň ýagtysyna bir-birlerini ýüzlerine seredip görseler, asyl tanap bolmaz derejede garagäz bolan ekenler. Haremhanada üç sany hebeşi gul bolup, bular şo hebeşi gullardan hem gara görünýärmiş. Şonda bular öz üstlerinden özleri gülüp, hezil edinipdirler. Ölmän, diri galandyklary üçin begenipdirler. Hebeşi gullar bilen kenizler hem bularyň gülküsine goşulypdyr. Suw gyzdyryp, el-ýüzlerini ýuwup, dem-dynç alypdyrlar. Ýolda galan, azaşan sakçylar hem öňli-yzly, başly-barat ýygnanypdyrlar. Olaryňam üstünden düşüp, gülşüpdirler. – Bizi tokaýdaky şiriň ahy tutdy... – diýip, derrende patyşa tumar ýerine dakynan iki sany gyýak dişe seredip hümürdäpdir. Ýene keýpi-sapa edipdirler, aw-şikara çykypdyrlar, aşyk oýnapdyrlar. Ondan soň goş-golamlaryny ýükläp, Kokant sary ýola düşüpdirler. Ahsikent şäheriniň ýanyndan Seýhun derýasynyň – Syrderýanyň akyp geçýändigini bilýänsiňiz. Şol ýyl baharda derýa öz hanasyny şeýle bir giňeldipdir welin, hatda beýleki kenara göz ýetmändir. Gowy zady, gaýyk sürüjiler gaýyklary bilen hyzmata taýyn bolup, bulara garaşyp duran eken. Patyşanyň buýrugy bilen ilki köşk adamlary we hyzmatkärler gämä münüp, derýanyň o kenaryna tarap ýüzüp gidipdirler. Kenarda ýene bir boş gämi bolup, onuň sürüjisi ýok eken. Omar han patyşa öz diýenine tutup, o kenara ýüzüp giden gäminiň yzyna dolanaryna-da garaşman, haremhananyň ýigrimi çemesi gelin-gyzyny şol boş gämä ýerleşdiripdir. Yzyndan özi, ogly Mädaly han, ýegeni Hekim han hem-de Mürze Rahym perwanaçy dagy münüpdirler. Şonda perwanaçy patyşanyň öňünde dyzyna çöküp, ýalbarmak ýalbarypdyr: – Eý, merhemetli şahy älem, bu bir adam ganyna teşne derýadyr. Siz maňa – ömründe gämi sürüp görmedik adama neneň edip janyňyzy ynanyp bilýärsiňiz?! Sürüjisi bolmadyk gämä münmegimiz dürs däl. Iň gowusy, ýaňky giden gäminiň gelerine garaşalyň! Ýöne, näme, patyşa patyşa bolýa-da, gerek bolsa, gämini özüm sürerin diýýän şekilde niýetinden dänmändir. Şeýlelikde, gämini çeker ýaly dört aty öňden daňyp, beýleki kenara garşy ýüzüp ugrapdyrlar. Ömründe bular ýaly uly suwy görmedik atlar ürküpdirler. Olaryň hersi bir tarapa dyzapdyr. Gämi çaýkanyp, onuň üstündäkiler aljyraňňylyga düşüpdirler. Aýallar sesli aglaşypdyr. Bu başagaýlykda Hekim hanyň aty uýanyny üzüp, yzyna, kenara ýüzüp gaýdypdyr. Gämi bolsa derýaň içinde, şo bir duran ýerinde aýlanyberipdir. Şu ýerde Mürze Rahym perwanaçy ýerinden turup, kemerini çekdiripdir. Ýeňini çermäp, orta çykypdyr-da, sakgalyny ütüp başlapdyr. Hemmeler haýran galyp, lal-jim bolup, oňa seredişipdir. Şeýdip gämidäkileriň ünsüni özüne çeken Mürze Rahym perwanaçy: “Gämiçiniň jany bir! Indi hemmäňiz maňa gulak asyň!” diýip gygyrypdyr. Gämi bolsa, möwç urýan tolkunlaryň arasynda birde o ýana, birde-de bu ýana siltenip, çaýkanyp duranmyş. Şol wagt Hekim han atyny elden gidermezlik üçin özüni suwa urmakçy bolupdyr. Ýöne Mürze Rahym perwanaçy ony saklap: “Sen şahy älem bilen bile şu aty sag tarapa çek!” diýipdir. Mädaly hana: “Sen bolsa atyňy çep tarapa çek!” diýip tabşyrypdyr. Edenliräk aýallaryň birine oňa kömekleşmegi buýrupdyr. Özi bolsa, öňe geçip ortadaky aty gaýgyrman saýgylap başlapdyr. Atlar şo bada boýun sunup, gämini beýleki kenara garşy çekip ugrapdyrlar. Az salymdan gämidäkileriň bary aman-esen o kenara barypdyr. Omar han patyşa egnindäki samyr derisinden tikilen gymmatbaha içmegini Mürze Rahym perwanaça peşgeş edipdir. Perwanaçy hem baş egip, tagzym edipdir-de, patyşanyň öňünde içi temmäkili kiçeňräk haltany goýupdyr. Temmäki ýüz mysgal töweregi bar eken. Şonda şeýle bir çilim çekilipdir, günuzyn onuň humaryndan açylyp bilmändirler. Mundan soň Kokanda gaýdyp, indi-hä maksat-myradyma ýetdim diýende Omar han patyşa agyr derde ýolugypdyr. Men-men diýen tebipler elinden gelenini etse-de, haýry degmändir. Uzak ýatman, patyşa dünýesini täzeläpdir. Tebipleriň arasynda buharaly şahyr Junaýdulla Hazyk hem bar eken. Omar hanyň ömrüniň iň soňky pursatlarynda ol patyşanyň ýanynda bolupdyr. Öz derdiniň agyrlygyny, tebipleriň edýän emlerinden hiç hili peýdanyň ýokdugyny aňyp ýatan emir Hazyga garap: – Indi emden ne hajat, möwlana, sanalgym doldy – diýipdir. – Siz dertden gutularsyňyz, emirim, umytdan düşmäň! – diýip, Hazyk onuň göwnüni götermekçi bolupdyr. Şonda Omar han gülümsiräp, baş ýaýkapdyr-da şu beýdi aýdypdyr: Säher çagy gulagyma gaýypdan owaz geldi: Amanat janyňny Haka gowşur, müddetiň doldy! Şeýdibem patyşa jan beripdir. Ýuwa giren gussallar onuň ýalaňaç jesedinden tumar tapmandyrlar, eýsem, tumar ornuna şiriň iki sany gyýak dişini görüpdirler. Oňat synlasalar, bu ötgür dişler emiriň bedeniniň iki-üç ýerine çümüp, yz goýan eken. Kimsi: “Omar han şiriň dişinden zäher geçip öldi” diýse, kimseler patyşanyň ölüminiň sebäbini pygamberiň nebereleriniň – hoja-seýitleriň gargyşyndan gördüler. Omar hanyň jaýlanan güni onuň ogly Mädaly hany ak keçäniň üstünde oturdyp, Kokant emirliginiň tagtyna göterdiler. Ol atasyndan miras galan şir dişlerini boýnundan asmasa-da, düwünçege düwüp, ýygşyryp goýdy. *** Abdylla hekaýatyň hemmelere düşnükli bolmagy üçin ony erteki görnüşinde beýan etdi. Şol sebäpli ony neneňsi tamamlajagyny bilmän, demini dürsäp, töweregine garady. Asyl ýeke bir kameranyň kethudasy gyzyl sakgal Jurat bilen Mübärek jöhit däl, golaýdakylaryň barysy agyzlaryny açyp, hekaýata gulak gerip oturan eken. Abdylla ýeňi bilen maňlaýyna inen deri sylyp: – Indi beýlekileriň gezegi – diýdi. – Gazan aýdar astym altyn, susak ondan bihabar... Onda şeýdýäs, kim öz toslamasyny aýdyp, bizi ynandyrsa, şolam ýeňiji bolar! Düşündiňmi baryňyz? Ýalan sözleseňem çyna berimsiz bolsun! Bu-da oýnuň bir görnüşi. “Agylda owlak dogsa, arykda oty biter” diýipdirler. Dogrumy? – diýip, Jurat kethuda ýanyndakylara garady. Geň galaýmaly, Abdylla bilen Jurat pälwanyň sözi ýerde galmady. Gürrüň bermek gezegini ýüz keşbi Oržonokidzäni ýatladyp duran Lazizzade aldy. Partiýanyň wagyz-nesihat bölüminde işlän bolarly, ol hekaýatyny umumy gürrüňden başlady: – Siziň ýaňky gürrüňini eden döwrüňiz, ýagny 18-nji asyryň ahyrynda, 19-njy asyryň başynda özbek milli edebiýatynda bir-birine gapma-garşy iki sany akym bolupdyr. Biri feodal-krelikal edebiýat, beýlekisi progressiw-demokratik edebiýat. Şu jümläni aýdyp, ol gulaklarynyň üstündäki bölejik saçyny yzyna gaňtaryp goýberdi. – Feodal-klerikal edebiýatyň iň görnükli wekili siziň ýaňky Omar han diýýäniňiz bolmaly. Onuň edebi lakamy Amiri. Häkimiýetiň çür depesinde oturanlygyna garamazdan, onuň eserleri ideologik nukdaýnazardan reaksion häsiýete eýe. Çeperçilik jähtden garasaň hem beýle edebiýatyň geljegi ýok. Yşky temalardaky köpsözlülik, kasydalardaky çendenaşa magtamaklyk, ideýasyzlyk, çeperçiliginiň gowşaklygy edebiýatyň hil derejesini peseldýär. Lazizzade sözüne dyngy berip, ýene saçyny gaňtardy. Tussaglar bolsa ses-üýnüni çykarman, onuň indiki aýtjak sözlerine garaşyp otyrdylar. – Edebiýatyň progressiw-demokratik akymynyň iň görnükli wekili Omar şanyň aýaly Nodiradyr. Öz döwrüniň we Şerigatyň çäkli şertlerine garamazdan, bu progressiw zenan şahyr eserlerinde esasan durmuş hakykatyny açyp görkezmeklige ýykgyn edipdir. Nodira jebri-jepa çekýän halk köpçüliginiň ahy-nalasyny, agyr durmuş şertlerini beýan edip, olara duýgudaşlyk bildiripdir. Halkyň erkin ýaşaýyş baradaky arzuwlaryny goşgularyna geçiripdir. Lazizzade sakynman, säginmän gürläp otyr. Edil küýzeden suwuň akyşy ýaly, onuň perwaýsyzlyk bilen aýdýan sözleri dilinden endigan hem dyngysyz dökülip dur. – Emir Omar hanyň reaksion durmuşyndan iki mysal getireýin. Ol mysallarda emiriň dini-dogmatiki tebigaty aýdyň ýüze çykýar. Buržuaz taryhçysy Ibratyň “Fergananyň taryhy” atly eserinde ýazmagyna görä, emir Omar han her bir işi feodal-klerikal ulamalaryň çözgüdine esaslanyp, amala aşyrypdyr. Bir gün ol hammamyň öňünden geçip barýarka hammamda ulanylan suwuň daşaryk akyp ýatanyny görüpdir. “Şerigat boýunça bu suw içmäge ýaramlymy?” diýip, ol ulamalardan sorapdyr. Ulamalar dini ynanja eýerip: “Bu halal we akar suw, ýöne tebigaty boýunça adamyň bu suwy içmäge keşdi çekenok” diýip jogap beripdirler. Şonda emir Omar han dini-mistik ynanç bilen: “Şerigatyň hökümine boýun egmeýän tebigylygy terk etmek gerek!” diýip, ýaňky suwdan bir owuç içipdir. Ikinji mysalda bolsa, biz emir Omar hanyň köşk aristokratlygy tebigatyny görýäris. Din halk üçin tirýekdir. Onuň mesgeni bolsa – medrese. Bir gezek bir medresäniň düýbüni tutmakçy bolupdyrlar. Şonda emir Omar han ýygnanan adamlara ýüzlenip: “Medresäniň binýadyna daş goýmaga çagalygyndan bäri Şerigatyň düzgünlerini doly berjaý edip gelýän adam mynasypdyr!” diýipdir. Ýöne, geň galaýmaly, ýokary din gatlagynyň wekilleriniň içinden medresäniň binýadyna daş goýmak üçin bir adamam çykmandyr. Şu ýerde bütin ömrüni aýşy-eşretde we keýpi-sapada geçiren feodal hökümdaryň özi: “Diňe men şerigat kadalaryny bozmadym!” diýip, körlügiň hem betbagtlygyň alamaty bolan bu reaksion-feodal binanyň binýadyna daş goýupdyr... Elbetde, Abdylla bu wakalardan habarlydy. Ýöne häzir bularyň aýdylyş äheňi-de, beýan ediliş usuly-da başgaçady. Abdyllany iki ýagdaý haýran galdyrdy. Birinjisi, partiýa işgäriniň şo döwür baradaky bilimi. Ikinjisi bolsa, Lazizzadäniň atdan düşse-de, eýerden düşmän oturanlygy. Ýeri, özüň-ä türmede ýatyrsyň. Partiýaň saňa edibilen hyýanatyny etdi, sen bolsa bu ýerde henizem partiýaň adyndan boş pöwhüldäp otyrsyň! Birine eziji gatlagyň wekili diýdiň, göwnüçökgün diýdiň, ýene birine progressiw demokrat diýdiň... Hut şu pursat Lazizzade başyny silkip, Nodiranyň ynsanperwerligi barada gürrüň berip başlady: – Ideologik nukdaýnazardan Nodiranyň goşgulary äri Omar hanyň reaksion dünýägaraýyşyna we feodal edebiýatynyň estetiki ýörelgelerine ters gelýär. Munuň esasy sebäbi, biziň pikirimizçe, bir döwürde, bir ýerde bile ýaşan adamlaryň durmuş wakalaryny, hadysalaryny dürlüçe seljermeginde we dürlüçe kabul etmegindedir. Omar hanyň hökmürowanlygy zorluga, jebir-zuluma daýanypdyr. Ol müňläp adamyň ganyny döküp, başyna ýetdi. Emma ol öz goşgularynda hiç zat bolmadyk ýaly, bular barada asla agzamaýar. Nodira bolsa beýle däl. Han awa çykanda ýa-da at münüp, harby saparlara gidende (“Gör, sen nähili sözleri tapýaň, Partiýa! Aperin!” diýip, Abdylla öz ýanyndan oýlandy) Nodira köplenç Kokantda galyp, hanyň permanlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edipdir. Bigünä adamlara ölüm jezasyny berýän jellatlaryň wagşyýana hereketlerine şaýat bolupdyr. Dünýä akyl-parasat gözi bilen garapdyr. Her bir wakanyň, hadysanyň düýp özenine düşünmäge çalşypdyr. Oýa batypdyr, öz-özüne sowal berip, jogap agtarypdyr, gyýylypdyr, halkyň derdine ýanypdyr. Gam-gussada ýanyp-köýdüm, hiç alajyn tapmadym, Indi hasrat içinde geçsin meniň gyşym-ýazym – diýip ýazypdyr. Alaçsyzlygy tebigy ýagdaý. Oktýabr rewolýusiýasyna çenli tas ýüz ýyl bar. Ylmy kommunizmiň esasyny goýan Karl Marks ýaňy doglupdy. Zähmetkeş halk feodal-klerikal zulmuň sütemini entek uzak wagtlap çekmelidi... Şu ýerde Lazizzade öz wezipesini berjaý etdim diýip hasaplan bolarly, Oržonokidzäniňkä meňzeş kellesini soňky gezek silkip, sözüne dyngy berdi... Näme diýjegini bilmän, her kim dymdy. Diňe gyzyl sakgal Jurat uludan dem alyp: – Politinformasiýaň üçin sag bol, ýoldaş graždanin... bagyşla... graždanin ýoldaş... – diýdi. Soň sözüniň üstüni ýetirdi. – “Dannan dala uçrar, iki gözi – köre”... *** Ara az wagtlyk dymyşlyk düşdi. Täze ýyl baýramçylygynyň yzýany bolanlygy sebäpli türme ýolbaşçylary entek işe girişmändi. Tussaglara bolsa gep otarmakdan gaýry pişe-de ýokdy. Onsoň gürrüň bermek gezegini araky owganystanly molla aldy. – Molla Şybyrgany – diýip, Jurat aksakal ony tanyşdyrdy. – Ýöne öňünden aýdyp goýaýyn, “Dälä ýel ber, eline pil ber” diýenleri bolmasyn. Başlaber, molla! – Meniň aýtmakçy bolýan kyssam emir Nasrulla hanyň döwrüne degişli. Nasrulla han Buhara emiri bolupdyr. Kabulda bolsa owgan emiri Dostmuhammet Barakzai tagt üstünde oturypdyr. Ol iňlisleriň goldawyna daýanýan kandagarly şa Şuja Dürrany bilen tagt üstünde uruş edipdir. Bir gün emir Dostmuhammediň huzuryna Ibragim bek diýilýän ors içalysy gelipdir. Ol iňlisleriň Hindistandan elli müň goşun bilen otuz müň düýäni emiriň üstüne iberýändigini habar beripdir. Emir Dostmuhammet Barakzainiň jemi kyrk bäş sany topy bilen iki ýarym müň goşuny bar eken. Bu ýagdaý Kandagar şasynyň rowaçlanyp, Kabulyň elden gidip barýandygyndan habar berýär. Onsoň emiriň Türküstandan kömek soramakdan başga alajy galmandyr. Ol Buhara garşy ýola düşüpdir. Abdylla molla Şybyrganyny diňläp oturyşyna onuň özbek dili bilen pars dilini garym-gatym edip gepleýşine üns berdi. “Arassa öz dilinde geplese bolanokmyka? Bularyňky rus dili garylmadyk on dokuzynjy asyryň dili ahyryn!” diýip oýlandy. Molla bolsa garym-gatym dilde hekaýatyny dowam edip, emir Dostmuhammet hanyň maşgalasy bilen bar goşunyny ýanyna alyp, ilki Wahş derýasyndan, soňra Amyderýadan geçendigini, az ýöräp, köp ýöräp, ahyry Buhara baryp ýetendigini aýtdy. Şybyrganynyň gürrüň bermegine görä, Nasrulla han emir Dostmuhammediň gelenini eşidip, ony maşgalasy bilen köşge myhmançylyga çagyrypdyr. Dostmuhammet han çakylygy kabul edipdir. Köşge baryp, Nasrulla hanyň öňünde baş egipdir. Ýöne Buhara emiri ýerindenem gozganmandyr. Ol köşgüň mertebeli adamlarynyň öňünde oturan ýerinden myhmana elini beripdir. Bu ýagdaý emir Dostmuhammediň bar umydyny puja çykarypdyr. Şeýlelikde, halk arasynda iki emiriň mertebe derejesiniň deň däldigi barada gep-gybatlar peýda bolupdyr. Abdylla töweregine göz aýlady. Mollanyň ýarym özbek, ýarym parsy diline düşünmän, käbirleri pallaşyp otyr, käbirleri bolsa, özara gürrüňe gyzyşypdyr. Abdyllanyň garaýyşyndan bu ýagdaýy duýan molla az pursat dymdy-da, başardygyndan dilini sadalaşdyryp, türkiçelemäge çalyşdy. – Emir Nasrulla han “Hoş geldiňiz!” diýip, myhman bilen biraz söhbet edipdir. Soňra: “Indi ilki goş ýazdyran ýeriňize gaýdyberiň, nesibede bolsa, ýene görşeris” diýipdir. Emir Dostmuhammet Nasrulla handan hiç hili peýdanyň bolmajakdygyna göz ýetiripdir. Onsoň emir ygtyýar berse, ýola düşmekçidigini, Eýrana gitmekçidigini aýdypdyr. Nasrulla han ygtyýar beripdir. Özüniň iň ynamdar adamlarynyň birini olaryň ýanyna goşup, serhede çenli ugratmagy tabşyrypdyr. Olar Jeýhun derýasynyň kenaryna baranlarynda gaýykçy köne gaýygy görkezip, emire: “Muňa bir özüňiz münüň, derýadan her kim aýry-aýrylykda geçmeli” diýipdir. Bu gepiň düýbünde emiriň täk özüni köne gaýyga mündürip, orta ýolda gark edip öldürmek howpy ýatyr. Dostmuhammet Barakzai bu howpy şo bada aňypdyr. Ol Buhara emiriniň tabşyrygy bilen özlerini ugradýan adamyň elinden tutupdyr-da, pars dilinde: “Gel, gaýyga iki bolup bile müneli!” diýipdir. Gaýykçy bolsa, ugradyja ýüzlenip, türki dilde: “Sen kenarda gal, ýogsa, gark bolarsyň” diýipdir. Türki dile düşünýän Dostmuhammet han dessine gaýykdan böküp düşüpdir-de, yzyna, Buhara gaýdypdyr. Şol wagt gyşyň iň gazaply sowuk günleri eken. Tüýküren tüýküligiň ýere buz bolup düşüpdir. Şeýlelikde, Dostmuhammet han Buhara gaýdyp gelipdir. Ýöne oňa derwezäni açmandyrlar. Nasrulla han: “Eger Dostmuhammet ähli goşunyna rugsat berip, dargatsa, Buhara girmäge ygtyýar bereris” diýip, habar ugradypdyr. Dostmuhammet goşunyna rugsat beripdir. Bu adalatsyzlyga çydam etmedik goşun ahy-nala bilen gözýaş döküpdir... Emma, haýp, Dostmuhammet han Buharada ýerlemändir. Öňküje mekanyna dolanypdyr. Köp kynçylyklara duçar gelipdir. Ezýet-horluk çekipdir. Maksadyna ýetmek üçin elinde harajady bolmandyr. Ahyry, bir gün Dostmuhammet han öz ogullary bilen maslahat edip, Garşa çozmaklyk kararyna gelipdir. Ol ogullary bilen ýetmiş adamdan ybarat goşuna baş bolup, Şährisabz tarapa ýöräpdir. Emma Garşynyň hökümdary bularyň garşysyna Çyrakçy şäheriniň häkimini aýaga galdyrypdyr. Söweş başlanypdyr. Ýöne iki tarapyň güýji deň bolmandyr. Bir owganla otuz özbekden düşüpdir. Şeýle bolansoň, owgan goşuny asgyn gelip, tiz ýeňse beripdir. Dostmuhammet hanyň özi-de, onuň on alty özbek urşujysyny öldüren sekiz ogly-da ýesir düşüpdir. Hanyň ogullaryny aldajy aňzakda urup-ýenjip, el-aýagyny baglap, atasynyň gaşyna eltipdirler. Ogullaryny şeýle ýagdaýda görüp, Dostmuhammet Barakzai özünden gidipdir. Görşümiz ýaly, emir Nasrulla hanyň betbagt Dostmuhammet Kabulynyň halyna birjigem ýüregi awamandyr, gaýtam, oňa edip bilse, zyýan edipdir, heşelle kakypdyr... Şu ýerde Jurat aksakal elini galdyryp, molla Şybyrganynyň sözüni kesdi: – “Hassa gutuljak bolsa, tebibi dogry geler!” diýipdirler. Abdylla molla Şybyrganynyň hekaýatyna bu nakylyň näme dahylynyň bardygyna akyl ýetirip bilmän otyrka, Jurat aksakalyň özi öz sözüne düşündiriş berdi: – Sagat on birde türmäň lukmany geljek. Baýak Winokurow aýdyp gitdi. Kimiň babasilden başga derdi-yzasy bar bolsa, aýtsyn. Derdi ýoklar öz ýatýan ýerini arassalasyn! *** Bir ýagdaý Abdyllanyň ünsüni özüne çekdi. Erkinlikdedigine ýa türmededigine garamazdan, akylly-başly diýilýän dört erkek kişiniň başy çatylsa, olaryň başyna giden dört sany jahyldan tapawudy bolmaz eken. Ýaşy ýigrimimi, otuzmy ýa ellimi, parhy ýok, gep-gürrüň derrew kimiň has edenlidigine ýa-da gyz-gelne syrygýar. Daşyndan seredeniňde asylly görünýänem bolsalar, edýän gürrüňleri iň soňunda Mahmyt Kaşgarynyň sözlügindäki “Äriň güýji bilinde” diýen söze direýärdi. Türmede bu ýagdaý has-da aýdyň duýulýar. Abdylla özüniň ýerli-rus mekdebinde, soňra Moskwadaky Žurnalistler mekdebinde okan günlerini ýatlady. Birinji gezek tussag edilişini hyýalyndan geçirdi, döredijilik toparyna goşulyp, Tatarystana – ýazyjylaryň gurultaýyna gidişini göz öňüne getirdi. Bularyň barynda häzirki görýän ýagdaýlaryna meňzeşlik bar. Elekden geçirip seljerseň, bu ýagdaýlara düşünse boljak. Kamera türme lukmany gelip girdi. Şu ýerde-de her kim özüniň erkek “it janlylygyny” görkezmäge çalyşdy. Tussaglaryň hiç biri “Ine, meniň şu ýerim agyrýar” ýa-da “Meniň, ynha, şu ýerime şikes ýetdi” diýmedi. Lukman geň adam eken. Garaýagyz, buýra saçly, burunlak bu adama özbek diýer ýaly däl. Sypatyna seredip, täjik diýseň, käbir alamatlary kawkazlylara çalym edýär. Hemmelere ýylgyryp seredişi jöhidi ýadyňa salýar. Garaz, her kimiň göwnüni awlap bilýän üýtgeşik adam! Nobat Abdylla ýetende lukman: – Seňem agyrýan ýeriň ýokmy? – diýip ýylgyrdy-da, ilki bilen onuň kellesini gözden geçirmäge başlady. Abdyllanyň sag ýaňagyndaky kiçijik ýaranyň yzyny görüp: “Mama dişäpdir” diýip belledi. Soň çep gulagyndaky gulakhalka ötüräýmeli deşijege seredip: “Bu näme?” diýip pyşyrdap sorady. Abdylla hem beýlekilerden utanjyna pyşyrdy bilen: “Ejemiň çagasy durmandyr, şoň üçin yrym edip deşipdir” diýdi. “He-he, adyňa Togtabaý ýa Tursun diýib-ä dakaýmandyr. Togtabaý Kadyry bolup ýaşar ýörerdiň-dä!” diýip lukman degişdi. Abdylla kelte güldi. Ondan-mundan gürrüň edip, lukman ahyry Winokurowyň salan ýaralarynyň üstünden bardy. Ol “Bu ýaralar näme?” diýip çintgäp durmady. Dilindäki düwürtigi görüp, derman berdi. Döş kapasasynyň agyrýan ýerine maz çaldy. Tirsegindäki ýarany sargy bilen çekdirip daňansoň: – Indiden beýläk dabyrdyklap duran at ýaly bolarsyň, Tursun Kadyry! – diýip, arkasyna kakyp goýberdi. Şu pursat Abdyllanyň bu lukmana ýüregini açyp, içini dökesi geldi. Ýöne lukman eýýäm ýylgyryp, beýleki tussaglaryň ýarasyna em etmäge başlapdy. Abdyllanyň dile getirip bilmedik derdi ýene gursagynda galdy. Türme durmuşynda bolup geçýän şular ýaly kiçijik üýtgeşiklikler, täzelikler, wakalar zerarly kameranyň içi edil balarysynyň öýjügi gorjalanan dek uzakly gün güwlär durardy. Adamyň kellesine gelmejek hyýal barmy? Abdyllanyň adaty adam gatnaşyklary hakyndaky oýlary mähir-muhabbet baradaky pikirlere ýazyp gitdi. Öz kyssasynda ol söýginiň ýoklugy, has dogrusy, onuň basgylanyp öldürilenligi barada ýazmaga çemlenip ýördi. Dogry, ýaş waglary Atabek bilen Kümüşiň yşky duýgulary hakynda ýazypdy, Anwar bilen Ranonyň söýgüsini wasp edipdi. Indiki ýazylmaly kyssada bolsa, başga bir söýgi barada söhbet açmaly. Ol gözden-dilden ýaşyryn ynam söýgüsi, sabyr söýgüsi bolmaly! Aýaly Rahbaryň sözsüz wepadarlygy, ýyly mähirliligi ýaly imrindiriji söýgi bolmaly! Abdylla aýal bolup geleli bäri Rahbar görgi baryny görendir. Iki çagany dünýä inderip, üçünjisini göwresinde göterip ýörkä Abdylla ony ýalňyz goýup, Moskwa okuwa gidipdi. Birinji gezek tussag edilende hem biçäre aýal agyr aýakdy, çül-çaga bilen yzynda ýeke galypdy. Ýöne Abdylla nirä gitse-de, ol yzynda aladasyz ýatmady, habar tutdy. Ynha, indem çagalary ese-boýa galyp, olara guwanmaly wagt gelende Abdylla ýene türmede ýatyr. Rahbar bolsa, agyr günler bilen ýene tenha özi ýüzbe-ýüz galdy... Şular ýaly özüni mazamlamaýan söýgini, şular ýaly göze görünmeýän söýgini wasp etmeli! Geçi sakgal Lazizzadäniň gepiniň hem jany bar. Mahlar aýymyň sözleý-sözleý soňuna çykyp bilmedik, aýdaý-aýdaý ahyryna ýetip bilmedik muhabbetini wasp etmeli! Hijran ýeli öwüsdi, gözýaşym tutdy dünýäni, Onuň her bir damjasy gark eder deňiz-derýany. Yşk ähline ýaraşmaz bu dünýäniň gowgasy, Gel, eý, däli-diwanalyk, sypyr başymdan bu gowgany. Ýar yzynda ýortup men, boldum il şermendesi, Eger görsem jemalyn, görersiň tomaşany. Gowuşmadym wysala, yşk içre ryswa men, Medet ber, bagta sary atar men ryswany. Terse dönen, eý şum pelek, bu jebri-zulmuň nedir, Aýra saldyň ýardan bu gün Nodira mejnun şeýdany... Abdylla özüniň tramwaýdyr awtobusdaky oýnuny – görýän adamlaryny hyýalynda başga döwürlere äkidişini ýadyna saldy. Aňynda bir ýylpyldy peýda boldy. Mahlar aýymy şu pursatlarda Daşkendiň Samarkant derwezesi kwartalyndaky Kubiraryk köçesiniň 121-nji jaýynda oturan Rahbar hanymyň ornunda goýup gördi. Onuň ýokardaky gazalyny ýatlap, öz-özünden tisginip gitdi... Dowamy bar >> | |
|
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |