18:24 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy | |
* * * Lukman gidenden soň günorta naharyny getirdiler. Lukmanyň barlag geçirenligi üçinmi ýa başga sebäbe görämi, bu gezek tussaglara mäşewe berdiler. Daşyndan seredeniňde onçakly tagamlydyr öýtdürmeýän mäşewe beýleki günler berilýän naharlardan has oňat ekeni. Ony iýip bolup, içi ýellenen tussaglaryň çykaran oslugy kameranyň içini tutdy. Jurat aksakal osluk barada nakyla meňzeş bir zatlar aýdyşdyrdy-da: – Ýene bir zatlara güýmenmesek boljak däl – diýdi. Molla Şybyrgany burça geçip, öýle namazyny okaýardy. Mübärek Kohanow pursatdan peýdalanyp, öz hekaýatyny dowam etdirdi. – Men otuzynjy ýylda Iňlisistana bardym. Olaryň London diýen uly şäheri bar. Onuňam Goldurs Giren diýen kwartaly bar. Ana, şo ýerde diňe biziňkiler, ýagny Musaň halky ýaşaýar. Menem şo ýerde ýaşadym. Öň Samarkantda gant zawodyny açan Abramowyň öýünde boldum. Meniň gelenimi eşidip, öň Buharadan göçüp baran musaýylaryň bary meni görmäge geldiler. Köp-köp ýahudy mollalary gelip, maňa tagzym etdiler. Bir gezegem asly buharaly däl-de, pereňli bolan bir ýahudy gelip: “Meniň atam Buhara syýahat edipdir, o barada kitabam ýazypdyr, adyna molla Ýusup Wulf diýer ekenler” diýdi. Ol maňa şo kitaby peşgeş berdi. Ony derrew okap çykdym. Emir Nasrullanyň döwründe ors generaly Perowskiý Hywadyr Buharany basyp almak isläpdir. Munuň üçin iňlisler öz içalysyny Eýrandan Buhara iberipdirler. Içalynyň adyna polkownik Ştoddart diýipdirler. Iňlisleriň Tährandaky ilçisi Ştoddarta müň dukat pul berip, ony Meýmenäniň üsti bilen Buhara garşy ýola salypdyr. 1838-nji milady ýylynda, Remezan aýy başlanmazyndan iki gün öň Ştoddart Buhara barypdyr. Ol wezir Mahsumberdi Raisiň öýünde düşläpdir. Polkownik Ştoddartyň ýanynda Hekim guşbegä gowşurylmaly bir hat hem bar eken. Ýöne Hekim guşbegi şo wagtlar eýýäm jezalandyrylyp öldürilipdi. Şoň üçin polkownik haty wezir Mahsumberdi Raisa tabşyrypdyr. Rais gahar-gazaba münüp: “Bilýäňmi, men kim? Emiriň ähli duşmanyny ýok eden men!” diýipdir. Muňa polkownik Ştoddart gülümsiräp: “Emiriň indi duşmanynyň ýokdugyna şatdyryn!” diýipdir. Remezan aýynyň başlanan güni wezir oňa: “Emir seni görmekçidigini aýtdy, Arkyň öňi bilen Registana pyýadalap baryber” diýipdir. Şonda Ştoddart: “Men öz patyşamyň ýanyna pyýadalap gidemok, onsoň seniň patyşaň ýanyna nämüçin pyýada gideýin?!” diýipdir-de, atyny münüp Registana barypdyr. Emir metjitden çykyp seretse, Registanyň ortasynda, at üstünde bir pereňli ças berip dur eken. Emir sesini çykarmandyr. Ýöne öz adamlaryndan birini iberip, bu ýewropalynyň nämüçin emiriň öňünde atly durandygynyň sebäbini sorapdyr. Ştoddart: “Bu iňlis dessury” diýip jogap beripdir. “Bolýar. Ony arz jaýyna eltiň!” diýip, emir buýrupdyr. Ştoddarty arz jaýyna alyp baryp: “Emiriň huzurynda baş egip, tagzym etmelisiň!” diýip öwredipdirler. Ştoddart bolsa gaharlanyp: “Men diňe Hudaýyň öňünde baş egýän!” diýipdir. Sakçylaryň iki sanysy gelip, Ştoddartyň goltugyndan tutanlarynda ol bularyň ikisinem itekläp goýberipdir. Muny gören köşk goragçysy polkownigiň niýeti düzüw däldir öýdüpdir-de, ony barlamakçy bolupdyr. Ştoddart köşk goragçysynyň äňine bir ýumrugy doňduryp, emiriň huzuryna ýeke özi giripdir. Polkownik giren mahaly bosagada bir molla emir üçin doga-dileg edip oturan eken. Ştoddart hem ellerini göterip, pars dilinde doga okapdyr. Emir onuň doga-dilegine goşulyp, elini ýüzüne sylypdyr. Soňundan: – Maňa nama getirdiňmi? – diýip sorapdyr. Ştoddart iňlis ilçisiniň iberen namasyny uzadypdyr. Emir: – Aýtjak-diýjek zadyň barmy? – diýipdir. Ştoddart başyny ýaýkapdyr. Şeýlelikde, kabul edilşik tamam bolup, Ştoddart göwnühoş halda Raisiň öýüne gaýdypdyr. Remezan aýynyň ikinji güni weziriň hyzmatçysy gelip: “Seni Rais çagyrýar” diýipdir. Ştoddart geýinmekçi bolsa, hyzmatkär: “Ýok, şu eşigiňde baryber” diýipdir. Ştoddart Raisiň howlusyna girende 12 sany esgeriň duranyny görüp, ynjalykdan gaçypdyr. Esgerler derhal onuň ellerini arkasyna gaňryp daňypdyrlar. Şol wagt Rais gelip: “Sen Ştoddart däl-de, hapysa içaly! Sen Kabuly satdyň!” diýip, hanjaryny onuň döşüne diräpdir. Ştoddart pars dilinde aman sorap, özelenipdir. “Äkidiň!” diýip, Rais buýruk beripdir. Ştoddarty köçe bilen südenekledip äkidipdirler. Şol wagt ýagyş ýagyp duran eken. Ştoddart bu masgaraçylyga çydaman: “Gowusy, meni öldüriň!” diýip, gygyrypdyr. Ýöne ony eltip, köşgüň zyndanyna taşlapdyrlar... Mübärek sözüne dyngy berdi. Diňläp oturan tussaglar uludan dem aldylar. Abdyllanyň bütin durkuny birgeňsi tolgunma gaplap aldy. Bu hekaýaty ozal eşitmänligi üçinmikä? Ýa Mübärek gyzykly, täsirli gürrüň berdimi? Ýok, ol owadan geplemäge-hä ökde däl, üssesine dilem çalgyrt. Ýöne Abdylla bu hekaýata özüni dahylly duýupdy, şo-da ony tolgundyrýardy. Erteki diňleýän ýaş çagalar deý tussaglaryň birnäçesi: “Yzy? Yzyny aýt!” diýşip, ilgezik boldular. Emiriň haremhanasy baradaky kyssasyny ýazmaga taýýarlyk görüp ýörkä Abdylla Nasrulla hanyň köşgüne iki sany iňlis jansyzynyň iberilendigi, olaryň şo ýerde ele düşendigi, kellesiniň alnyp öldürilendigi barada rus çeşmelerinden tapyp okapdy. Mübäregiň okadym diýýän iňlisçe kitabyndaky anyk wakalar barada bolsa, ilkinji gezek eşidýärdi. Abdylla alasarmyk ýagdaýa düşdi. Ol-a “Şo döwür barada näme ýazylan bolsa, okadym” diýip ýör, bärde bolsa, ýaňky ýaly täsin hekaýat aýdyp otyrlar! O iňlisiň zyndana taşlanylyşyny diýsene!.. Abdylla bu hekaýatda özüne gymmatly bir zatlaryň bardygyny duýdy. “Bularyň bary barada Mübärekden ilik-düwme sorap, öwrenmegim gerek” diýip ol oýlandy. Şol wagt Jurat aksakal: “Gulan garçgaý guşuň edenini ederin diýip, batga batyp ölen ekeni-dä!” diýip, endigine görä aýlawly gepledi. *** Buharaly Mübärekden soň hekaýat aýtmaga höwesek tapylmady. Günortanky mäşewe tussaglaryň süňňüni agraldan borly, olaryň birentegi baýramçylyk sebäpli dörän böwşeňlikden peýdalanyp, jenaýat kodeksini okamagyň ýerine oturan ýerlerinde uklap galdy. Abdylla bolsa, ýene öz hyýallary bilen gümra boldy. Ýene-de aýalyny, çagalaryny ýadyna saldy. Onuň oý-pikirleri Mahlar aýym bilen Aýhanpaşşa tarapa uçdy. Olar barada ýazyp gutarmanlygy hakydasyna geldi. Belki-de, ol Aýhanpaşşanyň seýit Kasyma bolan söýgüsi zerarly Mahlar aýyma geregiçe üns beren däldir, käbir zatlary gözden salandyr? Oýlanyp görseň, Mahlar aýym hem bagtsyz biçäre. Emir Omar hanyň başdaş aýaly! Bir döwür olar, gör, nähili bagtlydy! Bir jan, bir tendi! Öz şirin-şeker gazallary deý bir-birinden aýrylmaz bitewidi! Taý geljek ýok görküňe gözelleriň içinde, Açylan täze gül sen, men bilbiliň zary bar... Ortadan pes boýly Omar han inçe billi, derek boýly Mahlar aýymy, Mahlar aýym bolsa Omar hany jandan eziz söýýärdi. Zenana mundan başga nähili bagt gerek? Kim onuň bagtyny baglady? Eý, peri, bir gün bozuk külbäme girgil sallanyp, Hiç haçan, çünki külbäniň saýaly diwary bar... Kelläňe gelen ähli zady ýazybermeli däl eken. “Bozuk külbe” diýen sözüň ertir köňül weýrançylygyna öwrülse, “saýaly diwar” diýýäniň bolsa, ýagty gündiziňe garaňky salýan kölege bolup maňlaýyňdan çyksa, nädersiň! Ýazan zadyň bu gün bolmasa, ertir öz başyňa geler eken... Käşgä, muny öňünden bilen bolsady... Abdylla bu pikirleri öz durmuşyna ýöňkedi. Başyna beýle agyr günler düşer ýaly näme ýazdyka? Aýhanpaşşanyň emir Omar hanyň haremhanasyndaky ýesirligi bu günki tussaglygyň alamaty bolmasyn? Eýse, ol: “Şu gyş basa oturyp işlesem, kyssany ýazyp gutararyn” diýip, şu güne düşdümi? Şeýle pikirlere bendi bolup, Abdylla ýanbaşlap ýatyşyna nädip irkilenini-de bilmedi. Düýşünde ejesi Josiýat bibini gördi. Ol Omar hanyň haremhanasynda aýallara baştutanlyk edip oturanmyş. – Nirä ýitirim bolduň? Ady ýitmiş Kazana gideliň bäri teý garaň görünmedi! – diýip, igenýär. Abdylla ejesini köşeşdirýär. – Men, ine, geldim. Sen bu ýerde näme işleýäň? – diýip, gyzyklanýar. – Aýhanpaşşany öz gyzym ýaly görýän, şoň üçin göz-gulak bolup otyryn. Ana, ol agzyndan süýt ysy gitmedik Mädaly hiç meniň gözüme gelenok, erkek kişidirin diýip, bolup ýörşüne seret! – Men köp aýtdym oňa – diýip, Abdylla özüni aklaýar. – Ataňa duýduraryn diýdim. Şonda biraz çekindi... – Belany çekiner. Indi ölüp giden atasyndan çekiner öýdýäňmi? Ýaňyja gelip, oňa: “Indi seň eliňden arkaýyn çaý içeris!” diýip gitdi. Azgyn deýýus... Abdylla düýşünde Omar hanyň hakykatdan-da ölendigini, işan-ulamalaryň on ýedi ýaşly Mädalyny ak egin-eşiklere çolap, hanlyga göterişlerini ýatlady. Abdylla bu ýerde Aýhanpaşşanyň bosagasyny alyp uzak durmaly däldigini duýýar, nirä gitjegini-de bilmän: – Bolýar, men gideýin – diýip, ejesiniň ýanyndan gaýdýar. – Ýene Kazan-pazan diýip, ýitirim bolaýmagyn-uw! – diýip, yzyndan ejesi ynjalyksyzlanyp gygyryp galýar... Geň zat, köşkden çykansoň Abdylla ädimlerini sanap, Kubaryk köçesindäki öz öýüne tarap ýola düşýär. Dos-dogry 277 ädim sanap, öýüne gelýär. Görse, hiç kim ýok. Rahbaryň, çagalarynyň adyny tutup, gygyrýar. Jogap berýän ýokmuş. “Toý-tomga dagy gidendirler-dä” diýip, Abdylla bagyna çykýar, teläriň ýanyna barýar. Iňrik garalyp başlaýar. “Çagalar bimahal çag çykyp gidipdirler” diýip oýlanýar. Bir seretse, köşgüň esgerleri haýatyň düýbünde ot ýakyp, onuň öýüniň daşyny alşyp otyrlarmyş. “Bular kim?” diýip, Abdylla howsala düşýär. “Çagalaryň öýde ýoklugam bir gowy zat!” diýip begenýär. Birdenem: “Çagalary şular äkiden bolmasyn?” diýip müňkür bolýar. “Ýok, ýaňy öýe gaýdamda-da bular ýokdy, şu wagt gelendirler...” diýip oýlanýar. “Hä, bular azgyn Mädaly hanyň nökerleri, Abdyllany göztussag eden adamlar. Aýhanpaşşa barada aýdan nesihatlary janyna ýakmandyr, ýokuş görüpdir, indi onuň öz eli, öz ýakasy, edesi gelenini eder...” Abdylla töweregine garaýar. Nökerler öz-özleri bilen gümra, tohum taşlan gurbagalar ýaly wakyrdaşyp otyrlar. Köçäniň ortasyndaky demir ojagyň üstünde bolsa bygyrdap, çorba gaýnaýar. Bular Kazana baranlarynda tatarlaryň suwuk naharyndan barynyň içi geçipdi. Şonda Gapur Gulamy dermanhana iberipdiler. Dermanhananyň gyzlaryny görüp kellesi göçdümi ýa serhoşlugyndanmy, ol goşawujyny dolduryp, sürgi dermanyny getiripdi. Yzyndanam kakabaşlygyny edip: “Zäheri zäher bilen, arwahy arwah bilen ýok edeliň!” diýipdi. Sokrat bol-a, zaňňar! Şo sürgi dermany hem “Bir gün derdiňe ýarar” diýip, çagalary ýaş bolany üçin Abdylla beripdiler... “Ine, şo dermanyň gerek ýeri!” diýip, şeýtan onuň böwrüne dürtýär. Abdylla sürgi dermanyny hiç kime bildirmän gazana atýar, hiç zat bolmadyk ýaly teläre tarap gaýdýar. Nökerleriň gurbaga ýaly wakyrdaşyp, gülüşýän sesleri entegem ýer ýarýar. “Soňky gülen çasly güler!” diýip Abdylla oýlanýar. Şondan soň nökerleriň arasynda başagaýlyk başlanýar, her kim içini tutup, bir tarapa ylgaýar, osluk sesleri eşidilýär... Abdylla oýansa, şo tussaglyk, şo kamera! Ýöne oslugyň ysyndan durar ýaly däl. Baýramçylyk mäşewesini iýip, uka giden bendileriň içi ýellenipdir... *** Abdylla ýap-ýaňy gören düýşi barada oýlandy. Ilki wakalary birme-bir ýatlady: ejesini, Aýhanpaşşanyň bosagasyny, azgyn Mädaly hany, ädim sanaýyşyny, teläri, çolaran howlusyny, öýüniň töweregindäki nökerleri, gaýnaýan gazany, oňa atan dermanyny... Ýüregi bir darykdy, bir giňedi. Düýşüni ýorup başlady. Ejesiniň ruhy ejir çekýärmikä? Soňky günler o pahyry ne ýadyna saldy, ne-de aýat-töwir etdi. Ol ejesine iki dünýe bergili. Ölenine iki gün diýlende, entek mazarynyň gyzyl gumy solmanka ýeňsesini tüňňerdip, Kazana gitdi. Şonda ejesiniň ruhy yzynda “Göbegiň gömüldimi o ýerde? Ýazyjymyşyn-a! Ýazyjylygyň gursun seniň! Çagakaň bir gulagyňy deşipdim, şo wagt ikisinem deşip, ysyrga asan bolsam, agzyňy öweldip, öýüňde oturardyň...” diýip galandyr. Ýöne ejesiniň ýanynda Aýhanpaşşa näme işläp ýörkä? Ýa Rahbardan bir alamat barmyka? Abdylla saryýagyz Rahbary Mahlar aýyma kybapdaşyrak görüp ýördi. Üssesine eserlerindäki gahrymanlary Kümüşiň, Zeýnebiň, Ranonyň Rahbar üçin günüden tapawudy ýok... Bir gün dalbaryň astynda horkuldap aglap otyrka ogly Habybylla: “Kakam aglap otyr” diýip, Josiýat bibi bilen Rahbary alyp gelipdi. Ejesi ýuwaşlyk bilen: “Hä, oglum, eýgilikmi? Näme gözüňi sykyp otyrsyň-la?” diýip sorapdy. Abdylla agysyny saklap bilmän: “Öldürdim! Ýap-ýaňyja öldürdim! Öz elim bilen Kümüşi öldürdim...” diýipdi. Ejesi: “Bi çaga däliräpdir!” diýip, doga okapdy, gelni bilen agtygyny alyp öýe ýumlugypdy. “Sen meni gowy göreňok, Kümüş bilen Zeýnebi halaýaň!” diýip, şo gije Rahbaram aglapdy. “Eý, adam, olar toslama ahyryn!” diýse-de, “Heý-de, erkek kişi toslama üçin aglarmy?!” diýipdi. Ynha, indi bularyň üstüne Aýhanpaşşa-da goşuldy. Eger häzir kumlakly Sünnet bularyň öýüne baryp, Abdyllanyň ýazan hatyny gowşursa, Rahbar hem golýazmany tapyp, oňa göz gezdirip çyksa, ýene ýüregi para-para bolar! Onda-da başyna şular ýaly külpet düşen güni! Indi “Goýaweri, gelin, meň şu oglum çagalygyndan kelesaň, deň bolmaweri!” – diýip, Rahbary köşeşdirip oturan ejesem ýok. Golýazma barada aýalyna hat ýazyp ýalňyşaýdymyka? Rahbar: “Türmede ýatsa-da, golýazmasyndan başga gözüne görünýän zat ýok!” diýip pikir etmezmi? Abdyllanyň kalbyna howsala aralaşdy. Ol Aýhanpaşşa barada oýlandy. Seýit Kasymyň keşbine girip, öz eserinde özi Aýhanpaşşany söýüp ýören bolmasyn? Ýa tersine, seýit Kasymyň elinden gelýän zat ýok diýip, Aýhanpaşşanyň şekiline giräýdimikä? Onuň üstüne güni getirip, emir Omar han soňky alan ýaş aýaly bilen sähel wagt ömür sürdi-de, panydan baka göçdi. Şonda Aýhanpaşşa zulmatdan gutulandyryn öýtdi. Boý ýigit seýit Kasym öň bir äre çykan Aýhanpaşşa öýlenermikä? Omar handan perzent dogurman, özüni seýit Kasym üçin aýap saklandygyna o ýigit düşünermikä? Aýhanpaşşa köp oýlanyp, atasynyň ynanyşýan adamlarynyň biri, Omar hanyň janpenasy, öz ildeşi Muhammet Şarife ýüz tutmagy ýüregine düwdi. Aýat-töwir bahanasy bilen ol gyzyl sakgal pälwany ýanyna çagyrdy, edil agasyna ynanyşy dek oňa ynandy, ýüregini açdy. Muhammet Şarif: “Bikäm, Baýguş ogly Kulankyr soltandan gorkaýmalydyr! “Ker eşidenini biler, kör – tutanyny” diýipdirler” diýip duýdurdy-da, seýit Kasym bilen habarlaşmagy öz üstüne aldy. O günler Aýhanpaşşa üçin hem ýaslydy, hem umytlydy. Gara geýnenligi sebäpli ýüzi öňküdenem ak görünýärdi. Inçejik umyt bolsa, köňlüne aram, ýüzüne ýagty berýärdi. Hyýalyň allowarralara uçup gitmegi üçin uly zat gerek däl, dalbara söýelen merdiwan, jygyldap barýan araba, ýyly hem ösgün şemal ýeterlik. Aýhanpaşşa geljekki bagtly durmuşy barada arzuwa çümerdi. Jigilerini görmek bahanasy bilen Şährihana barar. Ol ýerden seýit Kasym bilen Alaý daglaryna – gyrgyzlaryň arasyna ýa-da Karategine – täjikleriň ýanyna gaçyp gider. Şeýdip, durmuşy täzeden başlar... Soňra Aýhanpaşşa gaýgy-ünjä giderdi. Seýit Kasym öýlenmedik boý ýigit. Aýhanpaşşa miwesiz gül bolsa-da, dul gelin halyna haýsy ýüz bilen onuň goýnuna girer? Onuňam ene-atasynyň arzuw-höwesi bardyr, ogullaryna boý gyz niýetläp ýörendirler. Olaryň aşyna zäher gatmalymy? Şunça oýlansa-da, Aýhanpaşşa pikir ýumagyny çözläp gutaryp bilmezdi. Bolýa, hany entek girim-çykymy gowy bilýän agasy Muhammet Şarif seýit Kasymyň ýanyna baryp gelsin bakaly... Abdylla öz howsalasynyň düýp sebäbine şu ýerde düşünip galdy: özi kumlakly Sünnetden öýüne habar ugradypdy ahyryn. Indem onuň hoş habaryna garaşyp otyr. Ol pikir derýasyny gulaçlap ugrandan Jurat aksakal gödeňsi ses bilen: – Turuň, hany! Näme çaga dogran heleý ýaly ýazlyşyp ýatyrsyňyz?! – diýip gygyrdy... *** – Aramyzda ors professory bar, arheolog, gazuw-agtaryş geçirýänlerden. Ýöne özbekçe bilşi ýagdaýlyrak. Şundanam ony-muny eşidäýsek! “Iki göç – bir talaň” diýipdirler. Halasa, ors taryhyndan, halasa biziňkiden... – diýip, Jurat aksakal gürrüň bermek gezegini hortaň ýaşula berdi. – Maňa, elbetde, orsça aňsat. Ýöne özbekçe synanyşyp göreýin – diýip, çal professor gürrüňe başlady. “Türmede, gör, nähili adamlar duşýar!” diýip, Abdylla oýlandy. Düýnki tanyşlykda bu professor tüňňi maňlaýy bilen onuň ýadynda galypdy. – Aksakalyň aýdyşy ýaly, men arheolog, gadymy dünýäni öwrenýän. Ýöne taryhyňam “Uly oýunlaryndan” azda-kände habarym bar. Russiýa 1828-nji ýylda Eýrandan üstün çykdy, 1829-njy ýylda Türkiýe bilen bolan uruşda ýeňiş gazandy. Şonda iňlisler şeýle bir pikiri öňe sürdüler: Russiýanyň Hindistana ýakynlaşmagy bilen ol ýerde topalaň turar. Şo sebäpli ruslar Owganystana girmäge taýynlyk gören bolmaly. 1829-1830-njy ýyllarda iňlis içalysy Artur Konolli ilki bilen Moskwadan Owganystana syýahat etdi. Soň ruslaryň Hindistanyň çäklerine çenli geçjek ýoluny öwrendi. Onuň pikiriçe, ruslar Hywa we Balh arkaly Kabula, ondanam Haýbaryň üsti bilen Hindistana geçmelidi. Ir döwürde Babyr hem şu ýoly saýlapdyr. Owganystanda bolsa içki uruşlar dowam edýärdi. Kabulda Dostmuhammet han, Hyratda Kamran şa, Kaşmirde Ranjit Singh häkimlik edipdir. Kunduzy, Balhy, Kandagary kimleriň edara edeni ýadyma düşenok. Professor özbekçe çalgyrt hem ugur-utgasyz gepleýän ýaly bolup görünse-de, Abdylla onuň azsözlüliginden, gürrüňiniň anyklygyndan kanagat tapdy. Professoryň sözleri Lazizzadäniň pöwhe gürrüňlerinden has lezzetlidi. Abdylla söhbetiň yzyna gulak asdy. – Iňlisler Owganystany başga biriniň eli bilen eýelemek üçin ellerinden gelenini etdiler. Olar 1832-nji ýylda özi dürranylardan bolan, Penjapda ýaşaýan Şujo ul-Mülki tapdylar. Kandagar üçin bolan söweşde Şujo ul-Mülke iňlisler we singhler goldaw berdiler. Kuhandil hana agsay Dostmuhammet kömege ýetişdi we olar Şujo ul-Mülki kowup, Penjaba dolanmaga mejbur etdiler. 1836-njy ýylda owganlylar gönümel ruslar bilen gatnaşyk açdylar. Dostmuhammediň wekili Hüseýin Aly Buharada rus içalysy Ýan Witkewiç bilen duşuşdy. Onuň bilen gepleşip, ony Orenburga ugratdy. Abdylla Ýan Witkewiçiň ömür ýoluny gowy öwrenpdi. Hatda ol barada kyssasynda-da ýazypdy. Ýöne professoryň aýdyşy ýaly ony “Uly oýnuň” içinde däl-de, azaşyp, ýol urduran, betbagt adam hökmünde häsiýetlendiripdi. Professor bolsa ony has ähmiýetli adam hökmünde görkezýärdi. Edil Abdyllanyň pikirlerini aňan ýaly, ol hekaýat görnüşinde gürrüň edip başlady: – 1837-nji ýylda Hüseýin Aly Nikolaý I-den Dostmuhammet şaha gowşurylmaly haty alyp, Witkewiç bilen Owganystana gaýdýar. Ýolda keselläp ölýär we Witkewiçiň bir özi ýoly dowam edýär. Roždestwoň öň ýany Kabula gelýär. Isgender diýlip atlandyrylýan iňlis jansyzy Aleksandr Berns ony agşam naharyna çagyrýar. Iki içalynyň gepi-sözi alyşýar. Wiski içip, uzak mahal söhbet edensoňlar, olar Owganystanda iki adamyň däl-de, iki gapma-garşy ýurduň, Russiýa bilen Angliýanyň çaknyşýandygyna düşünipdirler. Şundan soň Abdylla professoryň sözlerini kän bir diňlejegem bolmady. Çünki professor ilki-hä Angliýanyň Owganystan bilen eden urşy hakynda, soňundan bolsa, Russiýanyň Türküstana ýörişi barada gürrüň etdi. Abdylla Kabulda roždestwo gijesi bile agşamlyk edinen iki içalynyň duşuşygy dogrusynda oýa batdy. Ol bu duşuşygy – söhbet başynda aýdylan sözlerden has agyr, has köpmanyly dymyşlyklary, iňlisleriň owganlylara, ruslaryň özbeklere bolan bilner-bilinmez baýarlygyny, iki ýewropalynyň maksatlarynyň meňzeşligini, haýsynyň has tejribelidigini... örän täsirli edip ýazardy. Abdylla bu sahnany göz öňünde janlandyryp, özüçe işläp başlan wagty gapy şakyrdap açyldy, türmäniň agşamlyk owkady geldi. Misgin nahar... *** Abdyllanyň agşamlyk naharyna misgin diýmesine rus aşpez-esgeriň “Хватайте свои миски!” diýmesi sebäp boldy. Demir tabakdan nahar iýmeklik misginlikden, pukaralykdan başga zat däl! Bu pikir rus professoryň hekaýaty çalgyrt özbek dilinde gürrüň bermegi sebäpli dörän bolmasyn? Abdylla onuň özboluşly hem täsin özbekçesini diňläp oturyşyna dilleriň özara täsiri barada oýlandy. Adatça özbek dilinde sözlemiň eýesi başynda, habary aýagynda gelýär. Netijede jümläniň doly manysy diňe onuň ahyrynda aýan bolýar. Sözlemiň bar güýji, ähmiýeti onuň habarynda dälmi näme? Ony diýseň, Nowaýydyr Babyr pars diliniň täsiri astynda eýe bilen habaryň ýerini çalşyp ulanypdyrlar. Abdylla ýene professor Zasypkiniň hekaýatyny ýatlap, töweregine garady. Elbetde, bu agşamlyk naharynyň Aleksandr Berns bilen Ýan Witkewiçiň roždestwo güni bile edinen agşamlygyndan tapawudy kändi. Ýöne tussaglaryň tas barynyň diýen ýaly jübüt-jübütden oturyp, özara gürrüň etmekleri hekaýatdaky içalylary ýatladýardy. Abdylla ýanynda oturan tussaga seretdi. Saryýagyz ýigdekçe owkatyny alaka ýaly tiz-tizden iýýärdi, arasynda myşlaýardy. Abdylla noş bolsun diýen manyda onuň tabagyna ümledi. Ýigdekçe owkatyny çeýnäp oturyşyna gülümjiräp: – Oşiýbiz! – diýdi. Abdylla ýigdekçäniň tatardygyny çen edip: – Başka nişliýbiz – diýip, tatarçalady. Tatar ýigit öz ene dilinde aýdylan sözleri eşidip, begendi. – Siz tatarça bilýäňizmi? – diýip sorady. – Onçakly gowy bilemok! – diýip Abdylla boýun aldy. – Abdylla Tokaý bilen Kaýum Nasyryny tatarça okapdym... Bu adam atlary tatarça eşidilen bolsa-da, ýigdekçe olardan bihabar ekeni. Ýöne ene dilinde geplenmegi bilen ol derrew dil açyp başlady. Abdylla bu ýigdekçäni hem XIX asyrdan habarly biridir öýdüp çaklady. Ol ne taryhçy, ne içaly, ne söwdagär, ne-de molla ekeni. Tatar ýigit adaty jenaýatkär bolup çykdy. Samarada türmeden çyksa, açlyk-gahatçylykda ejesi ölüpdir. Kakasy: “Ýör, Daşkende gideli!” diýip, ony alyp gaýdypdyr. Daşkentde kakasy başy boş özbek aýala öýlenipdir-de, gurluşykda suwagçy, garawul, garaz, näme iş bolsa ediberipdir. Rafail atly bu ogluny bolsa, ýol urduryp gaýtadan türmä düşmez ýaly ýanynda kömekçi edip işledipdir. Rafailiň Hosiýat atly öweý ejesi öýde çörek bişirip nanbaýçylyk edipdir. Boş wagtlary edaralarda tam süpürijilik bilen meşgul bolupdyr. Bir günem şeýle waka bolupdyr. Ejesi agşamlaryna raýon NKWD-siniň edara jaýyny süpürýän ekeni. Bir gezek haýsydyr bir kagyz ýitipdir. Sülçi muny bahana edip, Hosiýata azar ýamanyny beripdir, pyglyny bozup, zorluk edipdir. Hosiýat öýüne gelip, bolan işi gylyny gymyldatman, ärine aýdypdyr. Äri eline palta alyp, NKWD-ä barypdyr. Ýöne adalat gözläp barsa-da, ol ýerden yzyna çykmandyr. Şol agşam Rafail “Hywa” tomusky kinoteatra giden ekeni. Gelse, öýde sütem görüp, zorlanan öweý ejesiniň bir özi gözýaşa boglup, näderini bilmän oturanmyş. NKWD-ä baraýyn diýse-hä, ýüregi etmändir, barmasa-da, o ýere giden äri henizem yzyna dolanmandyr. Şonda Rafail köýneginiň ýeňine ulurak bir buraw açaryny salyp, kakasynyň yzyndan raýon NKWD-sine gidipdir. Ony ilki içeri goýbermändirler. Ýöne ol hilä ýüz urupdyr. “Men kakamyň pyssy-pyjurlyklaryny paş etmäge geldim” diýipdir. Ony hälki azgyn sülçiniň ýanyna eltipdirler. Görse, kakasy gana bulaşyp, burçda çalajan halda ýatan ekeni. Rafail buraw açaryny sülçiniň bokurdagyna, gursagyna sanjyp başlapdyr. “Bu kakam üçin! Bu ejem üçin!” diýip, azgyn deýýusyň endam-janyny persala edipdir. – Ynha, indem şu ýerde otyryn... – diýip, bu batyr ýigit syrtaryldy. Abdylla aňk bolup oturyşyna näme diýerini bilmedi... *** Şamlyk naharyny iýip bolansoňlar, tussaglar ýene-de söhbet meýdançasyna ýygnanyp başladylar. Abdyllanyň başyny başlan ertekä çalymdaş gürrüňi hemmeleri kökerip goýdy. Jurat aksakal tussaglaryň özara dawa-jenjelinden dyndy, türme ýolbaşçylary hem birneme arkaýynlaşdy, bular ýaly “çäräni” ýörite oýlabam tapyp bolmaýar. “Ýörite” diýen söz Abdyllanyň aňynda ýylp etdi-de, ol kinaýaly gülümsiräp, oýlandy: “Indi gürrüň bermek gezegi hindä, iňlise we eýranla berilse, “Uly oýun” barada düşnüksiz zat galmaz”. Dogrudan-da, burçda ýatan hortaň eýranly parsça bilen türkiçäni garym-gatym edip: “Türkiçäni oňat bilenligimde menem ömür ýolum barada bir zatlar gürrüň bererdim” diýip hümürdedi. Ýöne Jurat aksakal onuň onçakly düşnükli bolmadyk sözlerine ähmiýet bermän, haýbatly sesi bilen: – Halaýyk, ýene iňlislerden habar alalyň! Mübärek, nirede sen, maýda millet? – diýip gygyrdy. Bu ýagdaý gürrüň bermek ýaryşynda Mübäregiň öňdeligini aňladýardy. Aşygy alçy gopan Mübäregiň çyndygy, ýalandygy nämälim bolan “kir-ket” oýny barada berýän gyzykly gürrüňine Abdyllanyň pisindi oturmandy. Şonda-da ol kyssasyna goşsa-goşmasa, polkownik Ştoddartyň ömür beýanyny ahyryna çenli bilmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Mübärek buharalylaryň salamlaşanda edişi ýaly, elini bykynyna tutup, orta çykdy. – Eý, sap ýürekli doganlar! – diýip, ol Abdylla öýkünýän ýaly bolup söze başlady. – Şeýdip, polkownik Ştoddarty zyndana taşlapdyrlar. Onuň düşen zyndany biziň şu oturan türmämizdenem bäş beter garaňky eken. Ştoddart o ýerde iki sagatlap gymyldaman ýatypdyr. Soňra gapy açylyp, eli şemli bir adam giripdir. Ştoddart: “Megerem bu gelen emir bolsa gerek” diýip oýlanypdyr-da, turup tagzym edipdir. “Hudaý şaýatdyr, men bigünä! Men diňe ilçi! Eger meniň saparym emir hezretlerine ýaramaýan bolsa, perman bersin, men gideýin!” diýipdir. Gelen adam: “Seniň bu sözleriňi emir hezretlerine ýetirerin” diýip jogap beripdir. Soň görüp otursa, ol adam emiriň gijeki ýasawulbaşysy eken... Mübäregi diňläp oturyşyna Abdylla onuň diliniň öňküsinden özgerendigini belledi. Hilegär Mübärek nähilidir bir oýun oýnaýarmyka? Asla ol kimkä? Salym geçmänkä Abdylla ýene durky bilen hekaýata berildi. – Ýasawulbaşy gidensoň, ony zyndandan çykaryp, çuňňur çukura oklapdyrlar. O ýerde Ştoddartdan başga-da üç adam – iki ogry bilen bir ganhor hem oturan eken. Abdylla Rafaile köpmanyly garaýyş bilen seretdi. – Polkownik bular bilen dostlaşyp, temmäkisini paýlaşypdyr. Temmäkiniň tütüninden mör-möjekler gaçypdyr, ýogsa, o çukurda mör-möjek depäňe çykjak diýýä. Ertesi çukura jellat giripdir. Ol Ştoddarta: “Sen Yslama gir, bolmasa, men seni öldürjek!” diýipdir. Ştoddart gorkusyna kelemeýi-şahadat getiripdir, şeýdibem diri galypdyr. Iki aý oturansoň, ony çukurdan çykaryp, ýasawulbaşynyň ýanyna eltipdirler. Ýasawulbaşy oňa: “Seniň başyň ölümli, malyň talaňly. Rais emir hezretlerine seniň ýalan habar getirendigiňi aýtdy. Sen iňlis içalysy!” diýipdir. Ştoddart: “Men ilçi!” diýipdir. Ýasawulbaşy ony köp sorag edipdir, gyssapdyr. Sorag edilýän wagty Ştoddart ýasawulbaşynyňkyda ýaşapdyr, ýagdaýy hiç neneň bolmandyr. Hekaýatyň şu ýerine ýetende Mübärek sözüne dyngy berdi. Edil şu pursata garaşyp duran ýaly, kameranyň gapysy açylyp, sakçynyň: – Tussag edilen Magsymow, soraga! – diýip gygyrdy. Hiç kimden ses çykmady. Şu kamera getirilen güni Abdyllany ilkinji garşy alan ýaş ýigit Sadyk penjegini egnine ýelbegeý atyndy-da, başyny aşak salyp, gapa garşy ýöneldi. Kimdir biri: “Baýramçylyk tamam!” diýdi. Başga biri: “Başladylar!” diýdi. Ýaňy gyzyşyp ugran gürrüňçilige suw sepilen ýaly boldy... *** Bäş minut geçip-geçmänkä ýene birini soraga äkitdiler. Soňra hälki parsça bilýän Kazwini atly tussagy çagyrdylar. Biraz mahaldan el-aýagy sandyraklap duran Sadyk gaýdyp geldi. Onuň ornuna Ignatýew diýen murtlak rus adamsyny alyp gitdiler. “Ana, “kir-ket” başlandy, gir-çyk, gir-çyk!” diýip, Abdylla howatyrly oýlandy. Häzir ony hem çagyrsalar gerek. Bularyň çakylygy Jurat aksakalyň abyr-zabry däldir, biliňi berk guşamaly bolar. Nähili günä ýöňkäp, näme sorarlarka? Häzir öz ýurdunda Abdyllanyň gelmişek Ştoddartdan näme tapawudy bar? Günälimi, bigünämi, soraman, zyndana taşlaşdylar. Indi çukura oklap, mör-möjege ýal etmeseler ýagşydyr. Emiriňki ýaly bularyňam çukur zyndany barmyka? Ýa özlerini medeniýetiň çürbaşyna çykan hasaplap, çukur zyndany şu porsy beton kamera bilen çalşaýdylarmyka? Näme üýtgese-de, adamyň ýasawy öňküligine galýar... Buharada emir Nasrulla han, Hywada Mürze Rahym han, Kokantda Mädaly han otyr. Hemmesiniň gylyjyndan gan damýar, jürdeginden zäher... Mädaly hany tagta göterenlerinde, bolaýsa, on bäş ýaşyndadyr. Taryhçy Hekim han törä salgylansaň, ondanam ýaş bolmaly. Emma tagta çykansoň, ol atasynyň döwründe mertebeli wezipeleri eýelän wezirleriň, bekleriň ýeke-ýekeden ýoguna ýanyp başlapdyr. Weziri Ärnazar diwanbegini, Hoşwagt guşbegini öldürdipdir. Ýusup perwanaçynyň malyny-emlägini talap, özüni bolsa Orsýete sürgün edipdir. Hatda Daşkent welaýatynyň hökümdary bolup oturan inisi Abdyllany çagyryp, öz eli bilen janyny alypdyr. Boş wagtlary bolsa, kepderi uçuryp oýnamak bilen meşgul bolupdyr. Ol adamlaryň yzyna aňtawçylary, aňtawçylaryň yzyna bolsa jansyzlary salypdyr. Ähli zatdan gorkýanlygy üçin ejesi Mahlar aýymdan başga hiç kime ynanmandyr. Şo günler Muhammet Şarifiň Köne Nowkatdan gelerine sabyrsyz garaşýan Aýhanpaşşa bireýýäm başlap, taşlan gazalyny soňuna çenli ýazyp gutarypdyr: Salgym kimin bir gara gije-gündiz yzymda, Gijäň gündizi kowşy deý ýeke çagym peýläp ýör. Bitakat ýüregime gorky-wehim inipdir, Ýörejek ýollarymda soňsuz howp-hatar bar. Göýä awuly tiken deý, dagyň-daşyň gyýçagy deý, Sanjy bolup dur böwrüme tümlük içre wehmi nur... Yşyklar sönen çagy kararym ýok jahanda, Tümlükde yşyk görsem, dar gursagym giňeýär. “Arkaňa öwrül” sözüniň agzy bar-da, başy ýok, Öwrülip baksam, özümden gaýry adam görmeýän. Gorky bilen ölmegiň özi gorkuly dälmi? Pelek ýüz aja bir döwüm nan bilen duzak gurýar. Eý, aty özünden ýüwrük, kölegesiz yşarat, Ýa git, ýa öldür meni, tende janym örtenýär... Muhammet Şarif bolsa, Köne Nowkatdaky işlerini dynyp, Kokanda gaýdyp gelýärkä Gyzylgaýa diýen ýerde Mädaly hanyň iki nökeri öňünden çykypdyr. “Sizi Kuwasaýa çenli ugratmagy bize tabşyrdylar” diýip olar aýdypdyr. Muhammet Şarifiň ýüregi jigläp gidipdir. Ýöne ol syr bermändir. Olar iki menzil ýol aşypdyrlar, Kuwasaýdan geçip, Margilana ýetipdirler. O ýerde olary iki häkim – Margilanyň we Namanganyň hökümdarlary garşylapdyr. Namangan häkimi Ärnazar: “Mädaly han hezretleri saňa Ýangikurgany peşgeş berdi!” begendiripdir. Şol agşam iki häkim Muhammet Şarifi köşge çagyryp, zyýapat edipdirler. Oňa gülüm-ýalym edip, gülküli hekaýatjyklary aýdyp beripdirler. Her tarapyndan bir baryp, ony gepletjek bolupdyrlar. “Bizem häkim, senem häkim, indi aramyzda gizlin syr bolmaly däl!” diýipdirler. Muhammet Şarif alňasaman, degişme bilen jogap beripdir: – Aşyr gassap ýoldan aýna tapypdyr. Onda özüniň betgelşik ýüzüni görüp, gaharlanyp, aýnany urup, çym-pytrak edipdir. Soňundanam: “Idili zat bolsaň, ýolda ýatmazdyň!” diýip käýinipdir. Häkimler hahahaýlaşyp gülşüpdirler, gülküden mürşük ýüzleri gyzarypdyr. Soňra ýene-de: “Nirede bolduň, nämeler gördüň? Aýdyp ber!” diýip özelenip ugrapdyrlar. Muhammet Şarif gülküli tymsala tutdurypdyr: – Bir tilki ýol bilen gidip barýan eken. Töwerek tüm garaňky diýýä. Gar gatyşykly ýagyş ýagyp, ýol batga bolupdyr. Tilki batgalykda agnap, tüýleri palçyga bulaşan bir düýäniň üstünden barypdyr. Düýe oňat öri meýdan gözläp, düýekeşden gaçyp gaýdypdyr. Tilki onuň bilen salam-helik alşansoň: “Eý, hormatly, armaweri! Nireden gelýärsiň?” diýip sorapdyr. “Hammamdan gelýän” diýip, düýe jogap beripdir. Onda tilki aýdypdyr: “Berekella! Rast aýdýarsyň! Başdan-aýaga täp-tämiz, ap-arassa! Ýöne aýagyňa seretseň-ä, sen diňe kelläň bilen paşmagyňy suwa çümdürip çykaýypsyň öýdýän? Näme, hammamçy ölüp, hammamda hiç kim ýok ekenmi?” Iki häkim ýene gözlerini ýaşardyp, hezil edip gülşüpdirler... Soňra sazandalar gelip, gurallaryny düzüpdirler, myhmanyň hormatyna aýdym-saz edipdirler. Ýol söküp ýadamadyk, şerapdan seri sämemedik Muhammet Şarifi aýdym-sazyň ýakymly owazy meýmiredipdir. Ol oturan ýerinde uka gidipdir. Iki häkim çalasynlyk bilen onuň jübüsinden iki sany syrly haty sogrup alypdyrlar. Bukuda oturan on töweregi nökerler bolsa, pälwanyň el-aýagyny daňypdyrlar-da, ýüň ganara salyp, ony şo gijäniň özünde bulanyp akýan Garaderýa oklapdyrlar... | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |