00:59 Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman | |
JYNLAR BEZMI ÝA-DA ULY OÝUN
Romanlar
Köňüldäki muhabbetiň uçgunyn Arzuwlarmyň bir künjünde gizledim. Ol uçgunyň gudratyndan synamda Dermansyz dert, agyr ýara syzlady. Gulagma bagt sazy bolup eşdilen Azan sesin şeýtany diýp oýladym. Şonuň üçin bagt paýlaýan perişdä Bor-bolgusyz tymsallary söýledim. Diňläp, zülplerini oýnap durşuna, Diýdi: “Bu tymsallaň biderek bary”. Şu sözleri gulagyma eşdildi: “Akdym ganly suwda, köp çekdim zary...” “Ak, akyber – diýdi tymsallar şasy. – Seniň tagtyň, bagtyň onda garaşýar. Sary sadyr, ganly suwuň astynda Gara geýnen janyň şöhlesin saçýar. Güm bol, şeýtan, basyrgandym... gorkýaryn, Git! Galkan deşildi, gylyjym syndy. Göreňokmy? Galmaz günde galyp men, Soňsuz bela-beter başymdan indi. Soňky nepes, ahyrky dem, eý, melek, Gel, bir seret, soňra ýykylsyn pelek! Çolpan. • OWLAKGAPDY Şo ýylyň güýzi üýtgeşik gözel geldi. Şähere aýlanyp, Gökjedäki täze gurlan tramwaý duralgasyndan çola köçäni syryp öýe gaýtsaň-da, Samarkant Derwezesiniň pagsa diwarynyň suwagyny synlasaň-da, argyn zähmetden soň öz bagyňda gezim etseň-de – gök asmanyň astynda ýaýylyp ýatan ýer al-elwan reňkde. Sarymtyl-gyzlymtyl ýapraklar guraman, şahasyndan tänmän, göýä arassa we asuda howada tä gyşa çenli ygşyldap oturjaga meňzeýär. Görer göze bildirmeýän-de bolsa, şular ýaly durnukly howada we şuglasy öçüp barýan kuýaşyň astynda bilniksiz gussadyr hesret duýulýar. Bu uzaklarda bir ýerlerde ýakylýan guran ýapraklaryň ajy tütüniniň ysymyka? Kim bilýär... Abdylla bu gün üzüm agaçlaryny gömmegi ýüregine düwüpdi. Üzüm gömlende üstüni örter ýaly ýylak orlup, bir gyrada üýşürilip goýlupdy. Arada çagalar ot ýakyp, tas ýylak üýşmegini otlan eken. Hernä Hudaý sowupdyr. Ýaýbaň diregiň aşagynda durka eli üzüm gaýçyly Abdyllanyň birki ýerde söwüt çybygyndan edilen sargynyň üzülendigine, şahalaryň bolsa daňysynyň çözlendigine gözi düşdi. Ol bu geň ýagdaýy nämä ýorjagyny bilmedi: hasylyň aşa köplügindenmi ýa idegiň azlygyndan? Dogrudanam, ne tomus, ne güýz üzümlere öňküsi ýaly seredildi, üzüm şahalaryna agram bary düşendir. Onuň kejebesi darykdy. Ýumşak howaly alabaharda üzümleriň üstüni açaly bäri dünýäde jynlaryň bezmi başlanan ýaly boldy. Köçede günuzyn orkestriň galmagaly bilen “ura-ura” sesleri. Hadradan tä Orda çenli her binada tagaşyksyz suratlar asylan. Ýere dikilen syrdam agaçlaryň depesinde reňbe-reň baýdaklar. Gijelerine bolsa, ýekelenen, çürtülen sähra otlary ýaly dostlary bir-birden gaýyp bolýarlar. Baýak Gazy Ýunus halypanyň otdan-suwdan gorap ulaldan ogly Tolkun kakasynyň altyn sagadyny alyp geldi, karzyna pul diledi. Düýn bolsa, Çolpanyň biçäre aýaly Katýa hanym gelip: “Siz goldaw hatyny ýazyp beriň, size ynanýarlar-a” diýip aglady. Häzir kim kime ynansyn?! Birehim, bulaşyk zamana. Entek sähra otlaryny ýekeläp, çürtüp gutarmandyrlar. Hezreti Nowaýy aýtmyşlaýyn: “Mazenderan tokaýyna ot düşdi”. Garma-gürmelikde gurysy-çygy bir ýanýar. Ine, onuň özi hem eýerlenen at kimin taýýar. “Çüw” diýilse, eňibermeli. Şular ýaly gussaly oý-pikirlere bendi bolup, Abdylla üzümleriň düýbünden çykyp gelýän ýaş çybyklary gyrkyp başlanyny hem duýmady. Ol gyşyk ösen şahalary kesip aýyrdy. Häzir çagalary hem jagyl-da-jugul bolşup kömege gelseler oňat boljak. Arman ulusy Habybylla syrkawlap ýatyr, ýogsa, ýanyna gelip, işi biraz ýeňilleşdirerdi. Körpesi, tokarja Masud bolsa kakaçyl. Haçan görseň “Kakam, kakam jan” diýip ýörendir. Orak sorasaň, kesewi getirýän-de bolsa, ol gepe gezek gelende ökde. Kiçi ogly ýadyna düşende Abdylla göwnühoş ýylgyrdy. Häzir merdiwany üzüm dalbaryna söýeseň, bu çaga üçin güýmenjeden başga zat däl, maýmynjyk ýaly dyrmaşyp, derrew depesine çykjak. “Kaka, aý, kaka, üstündäkileri men kesjek” diýip, kiçimanja bagban ýaly bolup, öz eňegine tutjak. Ýeri, bolýar-da! Bu gün üzümleriň hemmesini kesip, ýatyryp, daňyp, ýylak bilen basyryp gömmäge ýetişmejegi belli. Ertir bar, Hudaý ýol berse, birigün bar... Üzümlerem gömüp ýetişer, gyş sowlup, şabyr-şabyr ýagyşly-ýagmyrly ýaz hem geler, nesip etse, ýene täze baldaklar dürterip çykar... Bir gömler, birem hiç zat bolmadyk dek açylar... “Edebiýatda-da şeýle dälmi?” diýip, Abdylla seňrigindäki der damjasyny süpürip oýlandy. Ýapraklaryň arasyndan düşýän Gün şöhlesine gözleri gamaşdy, şo pursat şapbat ýaly ýapragyň astynda gizlenip ýatan kiçijik üzüm salkymjygy göründi. “Gyrmyzy-gyrmyzy” diýip, öten ýyl niredendir bir ýerden getirip, eken üzümi. Bu hoşa hem gyrmyzy adyna mynasyp, basyrynyp ýatan ýerinde gyp-gyrmyzy bolup ýetişipdir, tos-togalak üzüm däneleri hem damjadan uly däl, hut oýnawaç üzümiň bar-da. Abdyllanyň ýüregi gürs-gürs urdy. Ençe wagt bäri ýazsam diýip, kalbynda besläp ýören bir kitaby bardy: üç patyşa aýal bolan gözel keniz baradaky hekaýat. Ýapragyň astynda gyz ýaňagy kimin gyp-gyrmyzy bolup gizlenen bu üzüm hoşajygynyň giçki güýzüň bir güni ýalaňaç çybyklaryň arasynda duýdansyz peýda bolmagy Abdyllanyň buýr-bulaşyk oý-pikirlerini ýazyp goýberdi. “Masud, balam, gel bäri!” diýip, öý tarapa begençli gygyrdy. “Birden ajan bolaýmasyn?” diýip, körpe ogluna niýetlän üzüm hoşasynyň iň maýda dänesini golaýda tamamlanan orazadan bäri indi-indi tagam duýup ugran agzyna saldy. Üzüm dänesi tyrsyldap, bal ýaly süýji tagamy Abdyllanyň bütin bedenine ýaýrady. Şobada kyssany nähili başlajagyny bildi. Ol şeýle bir ajaýyp kyssa bolar, ony okan adam “Öten günleri” hem “Mährapdan çykan içýany” unudar. Häzir köçäň o çetinde ýaşaýan Ahmet Karydan “Badoýe ul-wikoýany” alyp okaýar diýäýmeseň, Molla Alymdyr Magtym Hekim han ýaly alymlaryň işlerini bireýýäm okap çykdy. Hojalygyň oduk-buduk alada-hysyrdylaryny bir ýaňalak edip, şu gyş pejiň başyna geçip, basa otursa, kyssany gümansyz ýazyp gutaryp biljek. Läliksiredilen tokarja körpesi – kakaçyl ogly öýden çykmanka Abdylla garaşylmadyk ýerden peýda bolan gyrmyzy üzümiň ýene bir dänesini tyrsyldadyp iýdi-de, üzüm salkymjygyny gulagyna gysdyryp, işe girişdi. Şol aýazly gyşyň 31-nji dekabr güni, täze 1938-nji ýylyň bosagasynda kazyýet işini gozgamazdan, Abdyllany tussag etdiler. *** Ýok, ol hekaýaty saralan ýapragyň astynda gizlenip, giçki güýze galan üzüm hoşajygyndan başlamady. Abdylla kyssany owlakgapdydan başlady. Buhara emiri Haýdar hanyň ikinji ogly Nasrulla han Garşyda häkimlik süren döwri owlakgapdy oýnuna tomaşa etmegi juda oňat görýärdi. Ine, bu günem ol özüniň dor aýgyryna münüp, şäheriň çetindäki düz meýdana barýar. Ähtimal, sagrysyna gamçy çalanda ýa buduna gylyç uranda akýan gan göze ilmeýänligi üçin bolsa gerek, Nasrulla han dor atlary halaýardy. Ýany nökerli häkimi gören köpçülik baş egip, tagzym etdi. Nasrulla han özüniň dor bedewine göz gytagyny aýlady. “At-a at jandyr-la!” Ýalyna baglanan geň-enaýy altyn jaňjagazlaryň eşidiler-eşidilmez owazyna demi düşüşenem bolsa, entek gany sowamadyk aýgyr birgeňsi tisginip, üşerilýär. Uýanynyň ýumşak gaýyşyna sadap dakylan, eýeriniň gaşy altyndan, hatda içirgisi-de ak köşegiň ýüňünden edilen keçe... Aýrak her gezek kellesini silkende häkim “Häý, jüre getirmiş!” diýip käýinýär. Onuň zerli haladyny diýseňizläň, hut göreniň gözüni gamaşdyrýar. Sap altynyň üstüne atyň gözi ýaly göwher dakylan guşak tokasy hem guşagyndan asylan gynly gylyjy bu ýere toplanan ähli adamyň emläginden artyk bolmasa, kem däl. “Haý-haý, ne lagly-jowahyr!” diýip, öz-özünden göwni hoş bolup, Nasrulla han oýlandy. Ine, ýylmanak ýüzli, käte-käte tirpildäp çep gözi çekip duran ýaş häkim giň çadyryň agzyna bardy. Hyzmata gaýym nökerleriň biri derrew at başyny tutdy, dor bedewiň aýagyna duşak saldy. Iki hyzmatkär iki ýandan ýelpewaçlaryna ýapyşdylar. Sesler kiparlap, ümsümlik aralaşdy. Ortada köşgüň aşhana işlerine serenjam berýän hem şu günki ýaryşa beýemçilik edýän bekewül bilen şäher kazysy peýda boldy. Kazy din kuwwaty Buhara emirliginde iman tuguny parladan Mangit hanlygyna we şol hanlygyň şazadasy Nasrulla han hezretlerine uzakdan-uzak salamatlyk diledi. Häkim elindäki gamçysyny silkenden soň, ol ortadan aýryldy. Beýemçi aňyrrakda ýer peşäp, kişňeşip duran atlaryň çapyksuwarlaryna garap, düşündirmäge başlady: – Birinjiden, bir-biriňizi gysmaly däl, bir-biriňize gamçy urmaly däl. Ikinjiden, atlaryňyzy biri-birine dişletmeli däl, depdirmeli däl. Üçünjiden, ýykylany ata basgylatmaly däl. Çapyksuwarlaryň bary “Bolýa-da, bolýa!” diýşip, göwünjeň seslendiler. Şo wagt gara atly nökerleriň ikisi ýel dek süýnüp geldi. Olar kiçiräk owlagyň läşini häkimiň duran ýerinden on ädim çemesi aňyrda ýere oklap, gelişleri ýaly, bir dem eglenmän, egin egne berip, köpçülige siňip gitdiler. Beýemçi bogazyny ýyrtara getirip: “Owlagy göteriň!” diýip gygyrdy-da, derrew gyra çekildi. Şundan soň kyýamat gopan ýaly boldy. Depirjikläp, dyzaşyp duran atlar tozan turzup, öňe okduryldy, märeke, jylawy goýberilen dek güwledi, wagyrdy güýçlendi. Uzakda maslykçy gargalar ürküp, asmana göterildi. Kimdir biri: “Al!” diýip gygyrdy. Beýlekisi: “Ýapyş!” diýdi. Üçünjisi: “Howlukma!” diýdi. Tomaşa ýygnanan müňlerçe adamyň hersi bir zat diýdi, it eýesini, pişik bikesini tanar ýaly bolmady. Nasrulla hanyň dor aýgyry ýaryşa goşulan atlaryň pyşgyrmasyndan elheder aldymy ýa gany gyzdymy, ol läşe garaman, öňe okduryldy, depirjikledi. “Häk, jüre getirmiş!” diýip, jylawy goluna mäkäm oran häkim aty saklap-saklamanka iki ýasawul iki tarapdan çykyp, üzeňňä ýapyşdy. Aýgyr temegini ýokary tutup, agzyndan ak köpük saçdy. Onuň ýagyrnysyndan yzly-yzyna gamçy indi. Bu ikarada häkimiň gözüne owlak iläýse nädersiň! Onuň göreni, bir-birini gysyp itekleýän atlaryň sagrysy boldy. Häkimiň ýüregi gürs-gürs urdy. Iki ýasawuly iki tarapa depip, atyny orta salsa, gylyjyny ýalaňaçlap, aralaryna urduryp girse, gamçysyny dişläp, aşak eglege-de, owlagy özi göterse... Dor aýgyr häkimiň pikirini-zikirini syzan dek, ýene öňe omzady. Eger şo pursat atlaryň döwresinden gulak perdesini ýyrtyp barýan çirkin ses çykmadyk bolsa, kim bilýär, häkimligini-beýlekisini bir pursatlyk unudyp, Nasrulla han özüni döwrä ursa-da, urardy... Birdenkä atlar gyra çekilişdi, olaryň toýnaklarynyň arasyndan häkim kimdir biriniň owlak läşini däl-de, adam çagasyny topugyndan çekip, ardyna alanyny gördi... “At basdy, at basdy!” diýen sesler çar tarapa ýaýrady. Beýemçi ortadaky galmagaly kiparlan döwrä tarap howlukmaç gaýtdy. Salym geçmänkä o ýerden bir çapyksuwar owlagy däl-de, dem-düýtsüz atlylaryň birini atyň gerdenine alyp çykdy. Onuň yzy bilen eýesiz galan mele atyň jylawy elden-ele geçip, beýemçä berildi. Beýemçi tagzym bilen häkime garady, häkim başyny atdy. Hyzmatkärleriň ikisi çadyrdan zerli halat alyp çykdy-da, mele atyň arkasyna ýapdy. Beýemçi mele atyň jylawyny meýidi alyp çykan atlynyň eline tutdurdy. Ol atlaryň ikisinem märekäniň dady-perýat sesleri çykan tarapyna ýorgaladyp goýberdi. Ahy-pygana garamazdan, owlakgapdy gaýtadan başlandy. Indi çetde duran atlylar orta topuldylar. Mundan bir hepde öň Nasrulla hanyň atasy, Buhara emiri Haýdar patyşa Garşa gelip gidipdi. Bu günem atasynyň weziri Hekim guşbegiden çapar gelip: “Merhemetli hökümdar ataňyz siziň ýanyňyzdan gaýdyp gelensoň, syrkawlady, demi güýçli tebipler her näçe jan etse-de, gün-günden haly teňleşýär!” diýdi. Bu Hekim guşbeginiň: “Takdyra kaýyl boluň!” diýdigidi. Atasy ylym-bilim diýip, mangitler hanlygyny gowşatdy. Emirlikde bulagaýlyk örç aldy. Bary bir-birini satyp ýör. Samarkant häkimi Döwlet guşbegini hytaý-gypjak çapawullary talady. Şährisabz tarapda Daniýol atalyk birnäçe galany gola saldy. Içerki ýagdaýlardan peýdalanyp, Kokant emiri Omar han Jyzak galasyny halkalaýyn gabady... Atasynyň haly teňleşýärmişin! Ol bärde wagty şu maslykçy beýemçi bir närse iýdiren bolmasyn! “Bir damjasy aty serreldýän mergimuşym bar!” diýip magtanyp ýördi, aşyna zäher gatyp beräýdimikä? Bu misginsokary soraga çekip, magadyna ýetmeli. Ýeri, bolýar, entek beýleki etsem-petsemleri bitsin! Şol wagt ýene gykuw sesleri güýçlendi. “Owlak, owlak göterildi!” Dogrudan-da, göteren owlagyna çep tarapdan kimdir biriniň uzan goluny dyzy bilen kakyp syndyryp, o ýerden ýiti dat-bidat sese garaman, ýaş çapyksuwar atylyp çykdy, owlak läşini öňüne alyp, häkimiňki ýaly dor aýgyryny gyssap, öňe okduryldy. Yzyndan atlaryň morydyr garabaýyry, çakyrydyr bozy, ahal-tekesidir gyry kowga başlady. Beýemçi: “Bir-biriňize gamçy çalmaň!” diýenem bolsa, atlylar agzy-burny diýmän, şarpyldadyp, bir-birine gamçy aýlaýardylar. At aty çeýneýär, ýykylan çapyksuwarlar toýnak astynda galyp, gum garbaýar. Ýene-de kyýamat gopana döndi. Elli ädimlikde öňden barýan dor aýgyryň aýagy çukura gitdimi ýa büdredimi, bady gaçdy. Her tarapyndan bir atly gelip, ony ara aldylar. Ýene tutluşyk başlandy. Emma aty ýadap büdrän-de bolsa, çapyksuwary ökde ekeni, ýaş ýigit owlagyň läşini bererli däl. Gamçyň sapy bilen biriniň bykynyna urdy-da, jylawy derrew çep tarapa çekdi. Dyzy bilen ikinji çapyksuwary eýerinden agdardy. Ýykylan atly birnäçe ädim owlagyň läşinden ýapyşyp süýrenensoň, öz atynyň toýnagynyň astyna düşdi. Ýylmanak ýüzli Nasrulla han: “Gaýduwsyz!” diýip seslendi. Owlak läşini götermäge mynasyp bolup, bulam-bujarlykdan baş alyp çykan ýigdekçäni biygtyýar özüne meňzetdi. Başga wagt bolanlygynda, esasanam atasynyň ýanynda beýemçini çagyryp, ähtimal, käýinerdi. Ýöne bu gezek nähilidir bir hyýallara berlip, öz ýanyndan ýaş ýigide berekella berdi. Eger atasy emir Haýdara bir zat bolaýsa, Nasrulla hanyň agasy emir Hüseýin, inileri Omar handyr Zubeýr han, Hamza handyr Serdar han dagylar owlakgapda çykan dek tagta topuljaklary belli. Emma owlagy götermäge baýtallar däl-de, toýnagyndan ot syçrap duran üçýaşar dor aýragy münen Nasrulla han mynasyp. Şeýle pikirler bilen iň bir gyzykly ýerinde tomaşany terk edip, daşynda hozanaklaşyp ýörenlere garaman, häkim atyny köşgüne tarap çapdyryp gaýtdy... *** Abdyllanyň öz kyssasyny giçki güýzde duýdansyz peýda bolan bir hoşa üzümden däl-de, owlakgapdydan başlarlygy bar ekeni. Täze ýylyň öňüsyrasy, 31-nji dekabr güni çekistleriň öýe bosup girişleri, “Täze ýyly garşylalyň!” diýip duran çagalaryň dady-perýadyna bakman, ortadaky baýramçylyk desterhanyny agdar-düňder edişleri, kitapdyr kagyzlaryny dörüşleri Abdyllanyň ýadyna owlakgapdy oýnuny saldy. “Ýap-ýaňy “Çüw!” diýlerine mähetdel bolup duran atdym. Indi bu çapyksuwarlar özümi owlak göteren ýaly edip, atyň öňüne basyp gitseler gerek” diýip oýlandy. Pikir edişi ýaly-da boldy, iki eline gandal urup, aglap-eňräp duran çagalarynyň arasyndan sogrup, südenekledip, derwezäniň agzyndaky ýyndam maşyna dykdylar. Hadra ýetenlerinde Abdyllanyň gulagyna Täze ýylyň şanyna atylýan salýutlaryň sesi we tilagaçdan asylgy radiodan baýramçylyk gutlaglary üzlem-saplam eşidildi. Wah, bu gün demirýolçularyň klubunda çagalary üçin berlen sowgatlary öýde gizläp goýupdy-da! Haltajyklaryň hersinde Moskwadan getirilen süýji nygmatlar bilen birlikde çagalarynyň iň bir halaýan zady – apelsin hem bardy! Aýaly Rahbar hanym çagalary höre-köşe edip, sowgatly haltajyklary paýlap berermikä? Ýa gaýgy-hasrat zerarly ýadyndan çykarmyka? Abdylla on bir ýyl mundan öň tussag bolup çykanlygy üçin bolsa gerek, özüni gulgula salmady, aljyraňňylyga düşmedi. Şo gezek edilýän adalatsyzlyk zerarly howsala düşüpdi, öretnipdi, köýüpdi. Häzir bolsa, gynanýan zady – çagalarynyň Täze ýyl şagalaňyndan mahrum bolmagy we gyşa niýetlän işiniň arasynyň üzülmegi. Daşardan kernaýyň, surnaýyň hem-de nagaralaryň çasly sesleri gulaga eşidildi. Her gezek maşyn siltenende eline urlan gandalyň zynjyrlarynyň owazy oňa toýlary ýatlatdy. 1235-nji hijri ýylynyň tomsunda, bir gün ir säher bilen kernaýdyr surnaýyň owazy Kokant şäheriniň petiş howasynda giň asmana ýaýrady. Jarçylar gygyryp, bu gün musulman emiri görmegeý Omar ibn Alym hanyň Gazy hojanyň gözellikde deňi-taýy bolmadyk gyzy Paşşahana öýlenýändigini şäher ýaşaýjylaryna we myhmanlara habar berdiler. Köşkden gussaly aýdymlardyr sazlar eşidildi. Meýdançada halaýyga palaw berildi, köşkdäkilere oňat zyýapat edildi. Bir kemi, toý üç günlük... Bu toý musulman emiriniň birinji toýy däldi. Şo sebäpli-de ortadan pesräk boýly emiriň özi hem, halaýyk hem üç günlük toýa taýynlyk gördüler. Gülçüler köşge desse-desse gül getirdiler. Süýji nygmatlary bişirýänler gazanlaryny sowatman, halwadyr nabat bişirmek bilen meşgul. Ýesir düşen iki sany ors esgeri salýut atyljak topuň nilini arassalaýardylar. Möminleriň emiri bolsa, gala-şäherleri zabt edip eýelände alyp bilmedik keýpiniň humaryna maýyl bolup otyrdy. On sekiz müň älemde deňi bolmadyk on sekiz ýaşly gözel gyz bu gije onuň aýaly bolmaly! Nowaýy aýtmyşlaýyn: Haýran on sekiz müň älem görki göz-gaşyndadyr, Ne ajap ki, serwinäzim on sekiz ýaşyndadyr. Haý-haý, ony gola salmak üçin ne külpetler görüldi? Indiki gazala bakyň: Gamyňdan, eý peri ýüzli, jany natuwanym bar, Hijran hanjary sanjylan ýürekde katra ganym bar... Bir gün emir Omar han Şährihana öz uýasy Aftab hanymdan habar almaga barypdy. Şol wagt onuň öýünde Şährihan hanynyň akylly we päkize aýaly hem oturan ekeni. Ol emire ýüzlenip şeýle diýdi: – Siziň alyhezretleriňiz, ýadyňyzda bolsa, Uradepeden Seýit Gazy hojany gazap edip, goş-golamy bilen şu welaýata sürgün edipdiňiz. O kişi häzir şu oturan öýümiziň arkasyndaky külbeleriň birinde hary-zarlykda gün aýlaýar. Ýöne o kişiniň Aýhanpaşşa atly bir gyzy bar, onuň gözelligini wasp ederden sözem, dilem, galamam ejiz. Şahyr aýtmyşlaýyn: Jemalyn gören gözümden saçylar her demde ýaş, Gökde ýyldyzlar öçer peýda bolansoň ol kuýaş. Bu akylly aýal gyzyň şeýle bir tarypyny ýetirdi welin, möminleriň emiri eşiden zatlarynyň dogrulygyna güman edip başlady. Hemmeler dargap, Omar han öz uýasy Aftab hanym bilen galanynda Şährihan şiwesini indi-indi öwrenip ýören ol aýýar melike: – Hä, howwa, o gyzy menem gördüm, ýüzleri – syrçasy synmadyk aý, gözleri – ýalkym saçýan daň ýyldyzy, billeri balarynyň bili dek inçe, sagrysy bir gujak – diýip, çagalygynda bile diňlän “Müň bir gije” ertekilerindäki sözlerden getirdi. Emiriň ýüregi ersip gitdi. Edil ertekidäki ýaly, bütin durky bilen arzuw-islege bendi boldy... Ol Gazy hojanyň öýüne bir däl, iki öwre sawçy ýollady, ikisinde-de ýok diýen jogaby eşitdi. Birinjide: “Bu gyz üçin garyndaşlaň biriniň sözüni aldyk, basym toý etmekçi” diýen bolsa, ikinji gezek Gazy hoja öz agyryly ýerini açyk mälim etdi. “Men bir ilinden kowlan, ýarlykly garyp. Möminleriň emiriniň bu eden işi ne-hä adalata, ne-de Şerigata laýyk gelýär. Eger zora daýanyp almakçy bolsa-da, özi bilsin!” diýip, çagalarynyň aglap-eňräp oturanlygyny hem ýatladyp, sawçylary gaýtaryp goýberdi. Emma welin... Şu pursat içi garaňky maşyn, birdenkä togtap, Abdyllanyň oý-hyýallarynyň arasyny üzdi. Ýetmeli menziline geläýdiler öýdýän... Ýaňy nämäniň pikirini edip gelýärdi? Hä, çyragy öçen öýde çagalaryna üleşdirip bermäge ýetişmedik bäş sany narynç apelsin barada... Haýp! Ýaş wagtlary ýazan bir hekaýasy bardy. Kakasynyň başyna düşen gorkuly waka hakynda. Ady “Jynlar bezmi”. Kakasyny edişleri ýaly, Abdyllany hem jynlar bendilige alan bolmasyn? Maşynyň gapysy şarkyldap açyldy-da, daşarda sessiz ýagýan garyň ümsümligini bozup, hemleli ses ýaňlandy: “Kadyry, çyk!” Dört tarapy hem gap-gara bina bilen ýapylan howluda entek adam aýagy basmadyk, kireňsiz, arassa, gök öwüşginli gar ýatyrdy. *** Elleri gandally Abdyllany garaňky binanyň garaňky basgançaklary bilen garaňky ýerzemine idenekledip eltdiler. Ýerzemindäki kapasalaryň birinde, demir gözenege ildirilen öçügsi çyranyň astynda boýy syryk ýaly ors Abdyllanyň ähli jübülerini elini sokup barlady, bar puluny çykardy, soň kemerini çözüp aýyrdy. “Ine, şuňa goluňy çek!” diýip, bir bölek kagyz uzatdy. Abdylla elindäki gandala ümledi. – Hä, ýazyjysumak, gijäp duran eliň gysgalaýdymy? – diýip, ädigi bilen dyzyna depdi, Abdylla agyra çydaman, iki büküldi. – Indi ruçkany dişläp, goluňy çek! – diýip, türme jellady arlady. – Bes, Winokurow! – diýip, öýi dörenleriň biri ara goşuldy. – Gelen dessine öldürip oturyberme! Men entek bu üflisi sorag etmeli. Häzirlikçe ýeke adamlyk kamera taşlaň! Ýolbaşçy bolsa gerek, ol buýruk berenden soň Winokurowy baýramçylyk bilen gutlap, özi öýe, çagalarynyň arasynda Täze ýyly garşylamaga gidýändigini aýtdy. Tussagy bolsa, Winokurowyň garamagynda galdyrdy. Winokurow Täze ýyl gijesi nobatçylyk çekmeli bolandygyna gahar edipmi ýa baýramçylygy öňünden belläp, içgililigi sebäplimi, Abdyllany aýak astyna alyp, depgiledi, sögdi, urdy, çalajan halda ýeke adamlyk kamera taşlady. Bokurdagyna ýapyşaýyn diýse, goly gandally, dişläýin diýse, namartlyk, tä ganjarýança dodagyny dişläp, Abdylla bu ýigrenji mahlugy Hudaýa tabşyrdy. Çydap bolmajak agyrylara-da öwrenişse bolýar. Alýan demiňi agyrynyň sarsgynyna gabat getirip, onuň möwjemegine taýyn halda garaşyberýäň. Ýöne adalatsyzlygyň jebrine welin çydap bolanok, ejizligiň berýän ejirini çekmek mümkin däl. Abdylla Winokurowyň doňbagyrlygyny we edýän zulum-süteminiň sebäbini onuň ors milletinden bolanlygy üçindir diýip güman etdi. Soň öýden çykyp ugranlarynda tatar sülçiniň çalgyrt özbek dilinde: “Biz seni tanaýas. Hemşerileriň bardygyny bize ýetirýärler” diýen gürrüňi ýadyna düşdi. Türme türme bolýar-da, urlup-ýenjilmekden gutulmajagyň belli zat. 1926-njy ýylda-da Abdyllany öldir ýaly ýenjipdiler. O gezek saýry millet däl, garagöz ekiz özbekler. Ýöne şo gezegem ýüregine gan ýuwutdyran depgidir ýumruk bolman, dost diýip ýören, ynanyşýan, “garagözleriň” hyýanaty boldy. Şonda şo “garagözlere” ýaňadan sataşanyndan, iň gowusy, özüni atyp öldürmeklerini haýyş edipdi. Şonda ýaşlyk badyhowalygy bilen ne bala-çagasy barada, ne-de Rahbar barada pikir edipdir. Rahbar hanym çagalara niýetlän apelsinlerini berdimikä? Ertir (ýa eýýäm bu günmi?) Abdylla çagalaryny Demirýolçular köşgüne, arça baýramyna äkitmekçidi. Demirýolçularyň köşgünde arçalaryň iň ulusy, tomaşanyň hem iň şüweleňlisi bolmaly. Öten ýyl çagalar bar zatdan beter adam diline düşünýän, tälim berlen itleri gowy gördüler. Bu ajaýyp jandarlar sanide bir-birini gezekli-gezegine süýräp çekýärdiler. Rahbar çagalary alyp bararmyka? Ýa alyp barsa-da, goýbermezlermikä? Tussagyň çagalary diýip, nejisler gapyň agzyndan kowaýarlarmyka? Çagalaryny ýatlap, onuň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Ýadyna düşýär, bir gezek çaga mahaly, ýerli rus mekdebinde okaýarka höwes edip, gelşikli täze balakdyr täze don geýip arça baýramyna gidermen boldy. Şonda mekdebiň garawuly dikdüşdi Halmürze ony gapyda saklap: “Senem kapyr bolduňmy?” diýip, taýak bilen baldyryna ýelmäpdi. Muny gören edebiýat mugallymy Georgiý Ýewstigneýewiç garrynyň ýanyna gelip, arassa türki dilde: “Bu Merýem ogly Isaň doglan gününiň baýramy ahyryn. Isa seniňem pygamberiň-ä!” diýipdi. Şonda aýagy ganap, täze balagyna gan degip, Abdylla arça baýramyna derek Georgiý Ýewstigneýewiçiň paýtuny bilen ilki keselhana, soňam öýlerine gaýdypdy. Ýok, sahawatyň hem, haýynlygyň hem milleti bolmaz eken. Şeýle pikirler bilen Abdyllanyň oý-hyýallary ýene alyslara uçdy... *** Owlakgapdydan soň bir hepde geçip-geçmänkä Hekim guşbegiden ýene çapar geldi: “Merhemetli ataňyzyň jan guşy panydan baka göç etdi. Galanyň derwezesini berk goraýşymyz ýaly, bu habary-da entek syr hökmünde ýaşyryn saklaýas. Wagt ýitirmän, şaýyňyzy tutup, ýas baglamaly ýeriňize – Buharaýy şerife garşy atlanyň!” Taýyn bolup oturandyklary üçin üç ýüz atly bilen Nasrulla han Buhara tarap ýüzlendi. Emma Güni etek bilen ýapyp bolmaýar. Emir Haýdaryň ölümi baradaky habar öýme-öý bütin şähere ýaýrady. Emiriň uly ogly Hüseýin töre ajy habary eşiden dessine öz nökerleri bilen köşge ýetmäge howlukdy. Hekim guşbegi galanyň derwezesini gaýym saklajakdygyny Nasrulla hana wada beripdi. Ýöne Nasrulla hanyň öz esgerleri bilen Buhara ýetip gelýändiklerini bilen Hüseýin töre onuň topalaň turuzmakçy bolan tarapdarlaryny myltygyň oky bilen garşylady. Çünki olar derwezäniň agzyna gelipdiler, Hüseýin töre bolsa öz ýaranlary bilen golaýdaky zikgehananyň jaýynda gizlenipdi. Şol wagt Hekim guşbegi bularyň depesinden daşdyr agaç kesindilerini ýagdyrmagy buýurdy. Köşgüň diwarlarynyň üstünden zyňylýan daşlaryň biri Hüseýin töräniň kellesini ýardy. Gana bulansa-da, töre pälinden gaýtmady. Gaýtam, ýaralanan şazadany görüp, onuň adamlary gazaba mündüler. Gorag germewinden aşyp, ýokardan doly ýaly ýagýan daşalara hem garaman, köşgüň derwezesine topuldylar, zyňlan daşlar bilen ony urup syndyrdylar. Damjadan soň akymyň, akymdan soň siliň gelşi dek galanyň içine bosup girdiler. Ýaralanan şazada Hüseýin derwezeden emir hökmünde girdi. Bulagaý Hekim guşbegini agtardy, hiç ýerden tapyp bilmedi. Birsellemden topçy Rejebiň çapylyp togalanan kellesini eline alyp, Hekim guşbeginiň özi emiriň gaşyna geldi. “Bir çemçe ganymy geçiň, gaflat ukusynda ýatypdyryn. Ine, bi gurrumsak it ogly bolsa, Siziň alyhezretleriňize galanyň derwezesini açyp bermegiň ýerine ot açypdyr!” diýşine baş egip, ýalym-ýulum etdi. Hüseýin töre onuň günäsini geçip, atasynyň ýoluny tutdy, ony özüne wezir edip belledi. Ertesi Hüseýin töräni emirlige göterdiler. Ýöne tagtda oturanyna ýyl geçmänkä ol nämälim bir kesele ýolukdy. Demi güýçli tebipleriň eden azaplary ýerine düşmän, üç aýa ýeter-ýetmez wagtda amanadyny tabşyrdy. Nasrulla han öz aşhana işlerine serenjam berijisini peşgeş hökmünde Hüseýin töräniň hyzmatyna ýollapdy. “Mergimuş zäherini-de özi bilen alyp giden eken-ow bu deýýus!” diýip, ol öz ýanyndan oýlandy-da, nökerlerini alyp, ýene Buhara garşy ýola düşdi... *** Hyýalbentlik täsin zat. Bular nireden peýda boldy? Bedenine salnan ýaralardanmy ýa Winokurowyň abyr-zabryndanmy? Belki-de, “ölmez-ýitmez” gürji hökümdaryny ýatlany üçindir? Ýogsa, Täze ýyl gijesi Abdylla yzynda çyrlap galan çagalary barada pikir edäýjek ýaly... Dogrudanam, kakasynyň aýdyşy ýaly, ýazyjy adamy jynlar heläk eder ekeni. Işe girişdiňmi, pikiriň-zikiriň döredijiligiňde, galany ownuk-uşak zatlar, hiç biri gözüňe görnenok. “Şu gyş basa oturyp işlesem, kyssany ýazyp gutararyn” diýşi ýaly, Abdylla geçen bir aýyň içinde ençeme kagyz garalady. Haýp, işiň bilinden urdular. Ana, ol gelmişek tatar tapan golýazmasyny Abdyllanyň öýündäki ýeke-täk çemedana salyp, özi bilen alyp geldi. Hemmesini okar öýdýäňmi? Köne elipbiýden başy çykýarmyka? Ýa ýene özüniň “garagözlerine” berip okadarmyka? Ýeri, kyssany nämüçin üzüm hoşajygyndan başlamadyň diýsene! Şeýdenligiňde, bagbanlaryň durmuşyndan kiçeňräk bir eser diýip, başyňy gutarsa bolardy. Ynha, indi muny-da boýnuňa goýsalar gerek! Hyýalbentlik täsin zat. Baýak emir Omar hanyň birinji toýy hakynda pikir edipdi. Andijan häkimi Rahmanguly bekiň 1220-nji hijri ýylynda özüniň ýetişen boý gyzy Mahlar aýymy emir Omar hana durmuşa çykarandygy hakynda ýazanlaryny, gudaçylyk dessurlaryny we toý-tomaşanyň ajaýyp şagalaňyny hyýalyndan geçiripdi. Emma nämüçindir hyýallary bu toýdan ikinji bir toýa geçip gidipdi. Nämedenkä? Ýazyp oturan çagyň bir zadyň üstünde döwnäňde bir sözmi ýa bir jümle sebäp bolýar-da, başga sahna geçip gidiberýäň. Hyýalbentlik täsin zat. Abdylla çekýän ten yzasyny we ruhy jebirlerini jähenneme salyp, zyňlyp taşlanan ýerinde özüni köşeşdirjek bolýan-a däldir-dä? Ýa ýyllaryň dowamynda adat edinen endigi – başyny ýassyga goýup, “Ётдим тинч” dogasyndan soň hyýal jylawyny erkine goýbermesi bu ýerde, çygly hem sowuk betonyň üstünde ýatyrka-da öz güýjüni görkezýärmi?.. “Ётдим тинч” dogasyny entek okanok ahyryn... Abdylla emir Omar hanyň birinji toýuny, irinmän, ýazyp beýan etdi. Döwlet köşgündäki ajaýyp dabaranyň gurnalyşyny, bagt mukamynyň asmanyň zümerret gümmezine ýaň salşyny, şatlyk şerabynyň pyýalalarda köpürjikleýşini, aýdym-sazyň ýürekleri ersdirişini... hemmesini ýazdy. Mahlar aýymyň gözelligini hem aýratyn taryp etdi. Onuň derek boýly, gaz boýunly, gelşikli kaddy-kamatyny, sesi beýleki zenanlaryňkydan az-kem gödegräk bolsa-da, äheňindäki bilner-bilinmez zarynlyga çenli birme-bir görkezdi. Abdylla emiriň ikinji toýuny beýan etmegiň başgarak usulyny agtardy. Arada ikinji toýuň sahnasy duýdansyz hyýalyna-da geldi. Şonda nämeleri göz öňüne getirdikä? Hä, emir Omar han üçünji sapar Gazy hojanyň öýüne sawçy edip ulama Magsym han töräniň geplemsek ogly Muhammethekim hany iberdi. Muhammethekim han emiriň ýegenidi, mähremleriniň biridi. Beýlekilerden gabansa-da, emir sawçylyga barylýan gyzyň gözelligini öz ýegeninden gabanyp oturmady. Ol ýerde neneňsi gep-gürrüňleriň bolany, nähili haýbatlaryň atylany, niçigsi wadalaryň berleni diňe sawçylaryň özlerine we ak gaşlaryny der basan Gazy hoja mälim. Ot bilen oýun etmeli däldigine oňat düşünýän Gazy hoja uludan demini alyp, razylyk alamaty hökmünde islese-islemese başyny atdy. Şol gün säher bilen Muhammethekim han gyzy öz öýlerine getirip, ejesi Aftab hanyma – emir Omar hanyň uýasyna tabşyrdy. Gyzyň jemalyny görensoň, agzyny açyp, aňk bolan sawçy ýigit enesine ýüzlenip, şu beýdi aýtdy: Jemalyny gören kişi aňk bolar, Ýüz ýaşan derwüşem aklyn aldyrar. Biçäre gyz köne köýnekli eken. Gelinligini görmäge howlugýan emir Omar han ony şahana atlaz-parçalar bilen beslemegi, gyzyň köne köýnegini bolsa, teperrik hökmünde kenizlere bermegi buýurdy. Kenizleriň bolsa, bu köne köýnegi keşdi çekmedi. Ýöne Abdyllanyň araky hyýalyna gelip, uçgun ýaly syçrap giden sahnasy bu däl. Onda nämekä? Birdenkä türme ümsümligini bozup, edrenç, döwsypat Winokurowyň gykylygy eşidildi: “Täze ýylyňyz bilen, çöpdüýbi deýýuslar!” *** Abdylla aglajagyny, güljegini bilmedi. Bu döwüňem töwereginde hiç kim galmandyr öýdýän. Ana, tussaglara öz zorlugyny, barlygyny ýatladyp, bir özi gygyryp ýör. Ýa garawulçylyk çekýän esgerler bilen içip, olara gygyrýarmyka? Täze ýyl hem gelip ýetdi. Täze ýylyň mübärek bolsun, Abdylla! “Bir gyş basa oturyp işlesem, kyssany ýazyp gutararyn” diýipdiň. Şo wagt “Hudaý ýol berse!” diýmänsiň-dä. Ýüregiňde welin, gorky bardy. Eýsem, Fitratdyr Çolpan, Wadud Mahmytdyr Gazy Ýunus, Ankabaýdyr Elbek dagylaryň alnyp gaýdylan ýerinde seni aman goýjaklarmy? Sen “Çüw!” diýlerine mähetdel at! Bular bolsa: “Hany, entek ýazybersin bakaly! Gyzyşan wagty alarys” diýip, pursat arana meňzeýär. “Täze ýyly nirede garşylasaň, şo ýyly şolar ýaly ýagdaýda geçirersiň” diýip, orslardan geçen bir yrym bar. Diýmek, Abdylla, sen bu ýyly tussaglykda geçirmeli bolýaň-da! Geçen gezek alty aý diýlende boşadyp goýberipdiler. Bu sapar Fitratyň hem, Çolpanyň hem tussaglykda oturanyna ýarym ýyldan köp boldy. Haçan çykjakdyklary barada habar-hatyr ýok. Olaram şu töwerekdemikä? Birki diwar aňyrrakdamyka? Ýaňky arwah Winokurowyňky ýaly edip gygyrsa, jogap bererlermikän? Oh! Baýaky hyýalynda syçrap giden uçgunjyk ýadyna düşdi. Muhammethekim han töre täze çatynjalaryň ilkinji nika gijesinde olaryň öňüne tutulan perdäniň ýanynda bukulyp otyrdy. Abdylla Muhammethekim hanyň “Kämil taryh” diýen kitabyny ýatlady. Ol ony tas ýatdan diýen ýaly bilýär. “Siziň sadyk guluňyz ýaşlyk garagollugy bilen biedeplik edip, perdäniň bir gyrasyny galdyryp, gozganman, hiç kime görünmän, gizlenip oturdy. Aý bilen Günüň bir-birine ýakynlaşyşyny synlady. Şol wagt emir Omar hanyň yşkdan ýüregi joş urýardy. Gyzyň ýüzünde bolsa, utanç-haýadan ýaňa, gül ýapragyna düşen damja ýaly, der düwmejikleri bulduraýardy. Näz-kereşmeli pursatlar gyzyşdy, hyrydaryň isleg-höwesi güýçlendi, gyz towlanjyrady. Emiriň maksadynyň myrat bolmagy üçin hyjuwy ýetjek derejesine ýetipdi. Utançsyz şemala gül gunçasy ýapraklaryny açmaga, gyzarmaga mejbur boldy. Şemalyň zarbyna gunçajyk doly açyldy. Şol wagt simap ýaly kümüsöw göwher dürleri damjalady... Şu ýerde siziň sadyk guluňyz gülküsini neneňsi saklap bilsin?” Abdylla bu sözleri edil doga okalandaky ýaly eşidiler-eşidilmez pyşyrdady. Oý-pikirleri çar tarapa çarp urdy. Ýap-ýaňyja Winokurowyň gykylygyna gülküsi tutmadymy? Ol özüni bir pursatlyk perdäniň aşagynda gizlenip ýatan Muhammethekim hana meňzetdi. Ýöne bu ýerde perdäniň ornuna daş diwarlar bar, içinde-de söýgi däl-de, ajal höküm sürýär. Saklan, saklan! Häzir jylawy goýbermegiň wagty däl. Ham-hyýalyň alyna gitme! Birneme çylşyrymlyrak diýmeseň, sahna ajaýyp beýan edilen. Esasanam başy we ahyry. Ýöne Abdylla başga zadyň hatyrasyna ondan sowaşana çalym edýär. *** Aýhanpaşşa Seýit Gazy hoja hezretleriniň uly gyzydy. Entek on sekizine girip-girmänkä bu gyz ýaşlygyna garamazdan, köp kynçylygy başdan geçiripdi. Şo sebäpli bolsa gerek, ol enesi Kantakpaşşanyň gyzy däl-de, uýasy hatarynda görünýärdi. 1232-nji hijri ýylynyň gyşynda olaryň dünýä inip, önüp-ösen şäheri Uradepäni Kokant patyşasy emir Omar han basyp aldy. Ol seýitleriň arkadaýanjy Mahmyt hojanyň we beýleki sylagly hoja-seýitleriň eline gandal saldy. Betbagtlyk seýit Gazy hojanyň öýünden hem sowa geçmedi. Gyşyň zabun sowugyna garaman, bularyň hemmesini gar üstünde gan agladyp, ähli emlägini elinden aldylar. Araba mündürip, Kokanda garşy ugratdylar. Aýhanpaşşa şo wagtlar on bäş ýaşyndady. Bular aç-ýalaňaç ýagdaýda Kokanda ýetenlerinde hoja-seýitlere bolan gahar-gazaby köşeşmedik emir Omar han seýit Gazy hojany-da, Uradepäniň beýleki sylagly adamlaryny-da ondanam aňryk, Şährihana sürgün etdi. O biçäreler şeýle bir talaňa sezewar bolupdylar, gözlerine külçe nan pelegiň çarhy, köne juldur köýnek bolsa behişdiň lybasy bolup görünýärdi. Gyşyň aňzagynda sürgün edilen ýerlerine gelip, seýit Gazy hoja bir külbejik gurundy. Ol töwerekdäki çagalaryň üç-dört sanysyna ders berse, aýaly Kantakpaşşadyr gyzy Aýhanpaşşa tahýa tikmek bilen gün görmäge başladylar. Tahýanyň gülüni ýüpekden tikýänem bolsalar, özleri biz köýnek geýdiler. Tapan-tupanlary diňe gara gazany gaýnatmaga zordan ýetýärdi. Kiçi oglan jigileriniň we uýalarynyň azaryny atasyna çekdirmän, Aýhanpaşşanyň özi okatdy. Olary hüwdüläp ýatyrdy, ertekidir gazal aýdyp berdi. Görlen görgülerden, agyr külpetlerden ýaňa soňkusy ýylyň gyşynda Kantakpaşşa ýanyny ýere berdi, ilki-hä onuň alkymynda çiş döredi, soňundanam yzy kesilmeýän üsgülewük peýda boldy. Seýit Gazy hoja bir ýerlerden keýik otuny tapyp geldi. Ony gaýnadyp içirdi. Peýda bermedi. Alabaharda bäş çagany ýetim goýup, Kantakpaşşa bu pany dünýäden geçdi. Yzynda zar-zar aglap galdylar. Indi Aýhanpaşşa atasynyň ýeke-täk daýanjy bolup galdy, jigilerine ene ornunda seretmeli boldy. Öňler hepdede on tahýa tiken bolsa, indi ýigrimini tikdi. Onuň ullakan gözleri ötgür hanjar kimin ýiteldi. Jigilerini ýuwundyrdy, geýindirdi, naharlady, okatdy, hereketleri çuslandy. Duýdansyz küýkeren atasynyň synyk göwnüni götermek üçin elinden gelenini etdi, labzy toşap kimin süýjedi. Muny ilki bolup Aýhanpaşşanyň doganoglany seýit Kasym hoja duýdy. Bu ýigdekçe her baharda Köne Nowkatdan Şährihana gelip, bularyň ekin-tikin işlerine ýardam bererdi. Indi ol öňküleri ýaly işlerini bitirip, seýit Gazy hoja hezretleriniň dogasyny alansoň, yzyna gaýtmaga howlukmaýardy. Dürli bahanalar tapyp bu ýerde eglenenini kem görenok. Birde bularyň köwüşlerini ýamasa, birde ojakdyr tamdyryň suwagyny täzeleýär. Ýene bir günem “Bu haýatyňyz lagşap ugrapdyr” diýip, pagsa galdyryp ýör. Seýit Gazy hojanyň çagalary hem seýit Kasymy gowy görýärdiler. Biri oňa laý atyşýar, beýlekisi uzyn çybyk alyp gelip, taýçanak ýasap bermegini soraýar, üçünjisi “Ulalamda saňa durmuşa çykjak” diýip wada berýär. Diňe Aýhanpaşşa doganoglanynyň ýanynda özüni salyhatly alyp barýar, wagtynda çaý-çöregini berip, ýatjak wagty düşegini ýazýar. Baharyň şo güni ir bilen beýleki işlerini edip bolansoň, seýit Kasym bularyň iki düýp üzüminiň üstüni açyp, dalbara galdyryp daňmak üçin biraz eglenmeli boldy. Şeýdibem Köne Nowkada gitmek üçin gijä galdy. Seýit Gazy hoja bolsa şol gün on dört ýaşly ogly seýit Alym bilen Täze Nowkat tarapa öwlüýä zyýarat etmek üçin ýola çykdy. Aýhanpaşşanyň iki uýasy golaýdaky ders berýän aýalyňka – molla bibiňkä gidipdiler. Körpeje seýit Nazym han bolsa entek ukudan turmandy. Ýigdekçe seýit Kasym ilki bilen dalbaryň kä ýerlerini bejerdi. Çaý içim salymdan soň gömlen üzümi açmaga girişdi. Ýylaklary bir gyra aýryp, gundalyp daňlan üzümi emaý bilen açdy. Her hal, sowuk urmandyr. Howlukman, aşakdan başlap, üzüm şahalaryny dalbara galdyryp, baglap başlady. Çybyklara jan giripdir, pyntyklar haçan açylsa, açylaýmaly. Şo wagt çaýyny göterip, Aýhanpaşşa geldi. “Aga, armaweriň!” diýip, goltugyndaky saçagy ýazdy. Içindäki nany döwüp, käsä çaý guýdy-da, yşarat etdi: – Çaý içip, demiňizi dürsäň! – Bolýar! – diýip, seýit Kasym jogap berdi, saçaga garşy ýöneldi. Birdenkä Aýhanpaşşanyň öýe tarap ýöremekçi bolýandygyny aňyp: – Maňa seniň kömegiň gerekdi, Aýpaşşa! – diýdi. Aýhanpaşşa gyýarak bakyp: – Näme kömek gerek, aga? – diýip sorady. Onuň “aga” diýen sözünde nähili äheň ýatandygyny duýan seýit Kasym biygtyýar uludan dem alyp, ýarym pyşyrdy bilen: – Merdiwany saklap bilmezmiň? Dalbaryň üsti ejizräk, şahalary daňyp çyksam... Aýhanpaşşa yzyna öwrüldi: – Bolýar... Çaý ýatdan çykdy. Ýigdekçäniň dem alşy üýtgäp, eli sandyrady. Merdiwany dikeldip, dalbaryň berkiräk bir ýerine söýedi. – Ine, şu ýerden saklap dursaň bolýa, men derrew daňyşdyraryn – diýdi. Aýhanpaşşa inçemikden syratly göwresini dik tutup, bar güýji bilen merdiwana ýapyşdy. Seýit Kasym ýeňillik bilen edil darbazçy ýaly bolup, ýokary çykdy. Bahar şemaly onuň ýüzüni sypap, saçlaryny oýnady. Ol özüni dalbaryň üstünde däl-de, tutuş dünýäň depesinde uçup ýören saýdy. Ýigdekçe söwüt çybygy bilen üzüm şahalarynyň ilki birini, soň ikinjisini daňdy. Elýeterden daşrakda ýatan üçünji çybyga zordan diýen ýaly ýeten wagty dalbar yrandy-da, merdiwan bir tarapa agdy. Seýit Kasym merdiwan bilen bile şalkyldap ýere gaýtdy. – Waý! – diýip, Aýhanpaşşa alňasap, hereketsiz ýatan ýigidiň ýanyna bardy, birnäçe gezek ýaňagyna çaldy, gursagyndan tutup yralady. Kasymyň ýüzüne gyzyň gözýaşlary paýyrdap döküldi. Der basan maňlaýyna Aýhanpaşşanyň gyzgyn lebleri degende ýigdekçe iňledi. – Hudaýjan-eý! – diýip, gyz gorkuly seslendi. Şol wagt: – Gördüm, gördüm, öpüşdiler! – diýen sese gyz tisginip gitdi... Gije körpeje jigisi seýit Nazym hany gujagyna alyp ýatyrka Aýhanpaşşa oňa: – Sen ol hälki göreniňi hiç kime aýdaýmagyn! – diýip tabşyrdy. Goňşy otagda ýatan seýit Kasymyň endam-jany syzlap duranam bolsa, ýüregi şemala yranýan ýaş nahal deý terpenýärdi, tolgunýardy... *** Gijäniň birmahallary endam-jany syzlap duran Abdylla burçdaky garalan ýassyga başyny goýdy. Bedeni agyryly bolsa-da, nämüçindir kalbynda ýeňillik duýdy. Näme sebäpdenkä? Mekirje garagol seýit Nazym han atasynyň ýanynda syry açdymy, ýa seýit Gazy hoja zyýaratdan gaýdyp gelýärkä Köne Nowkatdaky garyndaşlary bilen maslahatyny bişirip geldimi, belli däl, ýigdekçe seýit Kasym bagyň ýazky işlerini dynyp, öýlerine gaýdansoň, atasy öýlänler uly gyzyny öz ýanyna çagyrdy. Gürrüňi aňyrdan aýlady, Adam atadyr How eneden başlap, ýuwaş-ýuwaşdan ýürek islegini mälim etdi: – Seýit Kasym hoja ýagşy ýigit, atly-abraýly, öz seýitlerimizden. Elinden dür dökülýär, ekin-tikine ökde, gurluşyk-beýlekidenem baş çykarýar. Ana, işikden guran zatlaryna seret. Üssesine okabam bilýär. Atasy seýit Kadyr kazy Kokantdan hüjre alyp berip, ýene-de okatmagyň aladasynda. Menem indi garradym, gözüm çöňňeldi, elimde öňki güýç-kuwwatym galmady. Ýanymda girip-çykyp ýören ýanýoldaşym ýok. Eneňiz pahyr siziň ýetişeniňizi gören bolsady... Ilkibaşda Aýhanpaşşa atasy özüni synap görýändir öýdüp pikir etdi. Aglamjyrap: – Ata jan! – diýdi. – Bedibagt gyzyň ýazygyny öt, men günäkär, saňa idi-yssuwat edip bilmedim. Tikin-çatyn bilen, biş-düş bilen elim degmedi. Mundan buýan beýle bolmaz. Enem jandan görelde alsam bolmaýamydy... Seýit Gazy hoja: – Ýok, beý diýme, gyzym! – diýdi. – Men garrap, aklym çaşypdyr. Özüm barada däl-de, sen hakda gürrüň edýän. Allatagala Gurhany Kerimiň “Al Hüjret” süresinde aýdypdyr, “Ýa aýýuhannasu, inna halaknakum min zakari wa jaalnakum şuuban wa kabalna taarafu. Sadakallohu aziým!” Bu “Eý, ynsanlar, çyndanam biz sizi bir erkek adamdan we bir aýal adamdan peýda etdik we biri-biriňizi tanamagyňyz üçin biz sizi milletlere we kowumlara böldük!” diýmek bolýar. Är-aýalyň arasyndaky nika Pygamberimiziň sünnetidir. Senem indi ýetişiberipsiň, şo sebäpli alada edýän... Aýhanpaşşanyň tirpildäp duran dodaklary hatda “Näme diýseň, öz ygtyýaryň!” diýmäge-de bogny ysmady. Ol diňe ýüzüni ýerden galdyrman, başyny atdy. *** Şol baharyň aýaklarynda Aýhanpaşşa jigileri bilen Köne Nowkatdaky doganoglan agalarynyňka bir hepdelik gidip gelmekçi boldy. Bulary alyp gitmek üçin seýit Kasymyň özi arabaly geldi. Ertir namazyndan soň säher bilen seýit Gazy hojanyň dogasyny alyp, ýola düşdüler. Astyna ýylakdyr şaly sypaly düşelen üç gat körpeçäniň üstünde silkinip oturyşlaryna Asaka we Arawan obalaryndan geçip, öýlänler gyrgyzlaryň (Қора Кўчкан) Garagöçen diýen ýerine ýetdiler. O ýerde owkat edinip, gyrgyzlaryň täzeje gymyzyndan içdiler. Ýoluň dag eteginden geçýän ýerinde Aýhanpaşşanyň iki jigisi uka gitdi. Dag baýyrlarynyň arasyndan şaglap akýan çaýyň ýakasyny syryp barýarkalar seýit Kasym öz-özi bilen gepleşýän dek: – Dag şemaly gowy-la – diýdi. Bu ýigdekçäniň häki bir ýol kesmek üçin gürrüňe başlajak bolşumy ýa içki pikirini daşyna çykarmasymy, belli bolman galdy. Adam-garasyz çola ýerden barýandyklary üçin ýüzündäki nykabyny aýran hem dymyşlykdan ýüregi gysyp oturan Aýhanpaşşa: – Ýaz şemaly-da, üýtgeşik bolaýýar – diýip jogap berdi. Seýit Kasym sada türkanalyk bilen: – Muny men hol gün dalbaryň üstünde duýdum – diýdi. Şo bada hem dilini dişledi. Çünki ýigdekçe yzyna gaňrylmazdan, Aýhanpaşşanyň uýaljyraýanyny onuň dem alşyndan aňşyrdy. – Meniň nalajedeýinligimden boldy-da. Merdiwany saklap bilmedim... – diýip, gyz ökündi. Seýit Kasym derrew gepi başga tarapa sowdy: – Dagly ýerde nämüçindir aýdym aýdasyň geliberýär... Göm-gök dag baýyrlary, aşakda akyp ýatan sowuk suwly çaý, tämiz howa... Aýhanpaşşa başyny atdy. Gyzlyk ejaby rugsat bermänsoň: – Hawa, aýdyp bermezmiň, aga? – diýdi-de goýdy. Seýit Kasym iki gaýtaladyp durmady, öýkenini howadan dolduryp, aýdyma gygyrdy: Arzym aýtsam, bady saba... Arzym aýtsam, bady saba, Gözleri ýyldyz-eý, zülpi perişan. Serwi boýly, dad-eý, gaşlary gara. Bizden salam bolsun... Näzli dildara... Uçdy gözümden, e-eý, peri sypatlym, Goýup gitdi, dad-eý, bidowa derdi... Iki bolup ähdi-peýman edişdik, Hijran odun, ýar-eý, tälebden gördüm... Ýigidiň owazy aşyrylyp-aşyrylyp, dag gerişleriniň depesine hyýal edýän şemal kimin ýokary perdelere çykdy. Özi bilmezden, Aýhanpaşşa-da oňa sesini goşup, ýuwaşja hiňlenmäge başlady... Mundan soň ikinji aýdyma başladylar. Gyzyň owazy açyk howada has-da erkin ýaňlandy. Muny duýan seýit Kasym aýdym gutaryp-gutarmanka: – Indi senem diňläli, Aýhanym! – diýdi. Aýhanpaşşa jigilerine göz gytagyny aýlady. Gymyzyň täsirinden ýaňa olaryň entegem süýji ukuda serlişip ýatandyklaryny görüp, seýit Kasym töräniň henize-bu güne çenli eşitmedik gazalyny aýdyp başlady: Owazymda gussa bar, şatlyk-şagalaň gelsin, Gutulmaz bir hassa bar, dermanyn bilen gelsin. Gije ýa gündiz diýmän, boýur-boýur akdy ýaş, Zöhre ýyldyzy kimin parlak, ýagty gün gelsin... Gyzyň owazy baýyrlardaky gyzyl çigildemler kimin näzikdi, ýygrady, ýaňy jan giren üzüm çybyklary ýaly merdemsidi, topragyň şireli nemi deý güýçlüdi. Seýit Kasymyň oý-pikirlerini aňan ýaly birdenkä Aýhanpaşşa degişme aýdymyna tutdurdy: Merdiwany söýän kim, tozan basýança degmäň, Ýa bizi hazan ursun, ýa size bagban gelsin... Ýigdekçe bu gazaly kimiň düzenini şo bada anyk bildi. Bir öwrülip bakyşyň iki dünýä ölümdir, Bakyýetde dirilsem, panydan nyşan gelsin... Seýit Kasym atyň jylawyny gowşadyp, arkasyna öwrüldi. Gün dag gerişlerini boýlap, tigirlenip barýardy. Ýigdekçäniň gözüne gyzyň nykapsyz jemaly Gün nurunyň astynda ýalkym saçýan Aý ýaly bolup göründi. Dünýe bazysyn çaldy, başyma otlar saldy, Bu gün köňlümni dildi, müşgilim asan gelsin... Käşgä bu sözleri gyz däl-de, Seýit Kasymyň özi aýtsady... Aşak sallanan Günüň howry kem-kemden öçüp, ýarpy göwresi dagyň aňyrsynda gizlendi. Gyz hem ýuwaş-ýuwaş sowaşyp, aýdymy pessaý äheňde eşidiler-eşidilmez tamamlady: Ýüregimiň ýarasy dilim-dilim bolanda, Aýhan deýin şemala ýüp baglap asman gelsin... Dowamy bar >> | |
|
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |