09:28 Jynsy lukmançylyk -3 | |
Üçünji bap
Medisina
Bu bapda jynsy gatnaşykda aşa köp bolmagynyň, bedene ýetirýän zeperleri hakynda beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, adamlaryň aglabasy höwesjeň bolany üçin jynsy gatnaşykda gereginden artyk bolup, näsaglaýarlar. Şonuň üçin, olar gatnaşykdan soň ýa-da öň kesele garşy çäresini almalydyrlar. Beýle gatnaşyk olaryň bedenine laýyk bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen bedene zyýan ýetip bilýär. Ýere gelende bu bapda aşa köp gatnaşykdan dörän näsaglyklary beýan edeli. Hyjuwly we seresaply adamlar ol kesellere ýolugmankalar oňa garşy çäre görýärler. Çenden aşa gatnaşykda bolmaklyk bedeniň gyzgynlyk derejesini aşak düşürüp agzalaryň işleýşini haýalladýar. Käbir keseller bedeniň güýji peseldip, kesele garşy göreşmegini hem gowşadýar. Şeýle hem aşgazan we bagyr agyram düşüp iýmitden emele gelen gan hem işe ýaramsyz bolup, damarlary gowşap, adamy wagtyndan öň garradar. Beden gurpdan gaçyp, teniň reňki öçer. Horygan durna ýaly bolup gyllary inçeler, saçy we sakgaly döküler. Siňir damarlary ejizläp el-aýak damarlaryna zeper ýetip, hereket etmäge güýç-kuwwady galmaz. Döşüne we öýkenine zyýan ýetip böwrekler ýukalyp, arryklar we şol zerarly hereketden galar. Şolar ýaly adamlaryň tebigy tarapdan garnynda güýçli agyry dörär göýä gylyç bilen kesilen ýaly bolar. Ýanbaşyň agyrysy bedendäki bölek-bölek agyrýan sanjylaryň üstini basar. Esasan-da teni gurak we bedeni ejiz adamlar garyn doklygyna ýagny garym–gatym iýip, aşgazanyny doldurup ýa-da ýadawlykda gatnaşykda bolsalar, bu keseller bilen keselläp, bedenleri ejizlär ýa-da öňkülügine galar. Esasanda damarlary inçe, döli az we bedeni çygly adamlaryň damarlary has-da inçelip bedenindäki gany azalyp horlanar diýip gorkmaly däl. Emma semiz, damarlary galyň, gany köp adamlar çenden aşa jynsy gatnaşykda bolsalar hem zyýan çekmezler. Eger zyýan çekseler hem başy aýlanar, gözi garaňkylar ýa-da ýüregi gysar. Şeýle hem işdäsi kesilip, özlerini ýadaw duýarlar. Käbirleri bolsa ujydynda we ineginde (taşşagynda) çiş dörär. Olar ýaly adamlar näçe kän gatnaşykda bolsalar süňňi rahatlap bedeni ýeňlär. Emma şeýle-de bolsa çakdan aşa gatnaşykda bolmaly däldir. Aşa köp jynsy gatnaşykda bolmaklyk düýpli keselleriň ýüze çykmagyna bedeni ejizledip, göze we siňir damarlara zeper ýetirip biler. Mundan başga-da işdäsi kesilip horlanmaga başlar, gyzgyn endamyny sowadar. Şeýle-de bolsa döli bedeniň bir agzasyna öwürjek çyglykdan dolup mysal üçin dirhemlik döliň berýän horlygy iki ýüz elli dirhem agramynda gan alsalar hem adamyny şonça horlamaz. Jynsy gatnaşygyň ýakymly zat bolany üçin ruh bilen beden jisimi bilelikde çykýar. Köpülenç jynsy gatnaşykda kän bolýanlaryň bedenine agram düşenligi sebäpli ejiz bolýar. Ol adamlaryň gatnaşykdan soň üşedip- titrär, ýüregi gysyp alada gider, gözi çukurlaşar işdäsi kesiler ýa-da döşinde agyry dörär. Olar ýaly adamlar ýönekeý we keýp üçin edilýän gatnaşyklary terk etmelidir. Aristotel lukmanyň aýtmagyna görä, çenden aşa-köp jynsy gatnaşykda bolanlaryň bedeni gurak bolup, böwrekleri birden kä gowşap, golaýyndaky içki agzalary ejizleder we gözüne zyýan ýetirer. Aşa-köp jynsy gatnaşykda bolmaklyk beýini ýeňledip adamyň göziniň hanasyny ulaldar. Şol sebäpli olar ýaly adamlaryň jynsy islegi ýeterlik bolsa-da ujydy öz-özinden hereket etmese jynsy gatnaşykda bolmaly däldirler. Jynsy islegi gowşak bolan wagty adamynyň gatnaşykda bolmagy bedenindäki peýdaly zatlary ýok edýär. Gusmak islemeýän adam zor bilen gussa aşgazandan çykmagy islenilmedik zatlar hem çykar. Jynsy gatnaşyk bolup ejiz bedenine rahatlyk berenden soň, özini sowuklamakdan gorar. Ukydan oýanandan soňra, beden rahatlap güýç alar. Güz paslynda jynsy gatnaşykdan bolmakdan seresap bolmaly. Eger-de bu aýdylan zatlardan özüňi goramasaň adama güýçli zyýany ýeter. Eger adamyň jynsy islegi has güýçli bolsa geljek bapda aýdyljak dermanlardan peýdalanylsa bedenlerine hiç hili zyýan ýetmez. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |