22:01 Kerkuk türkmenleriniñ eye, garabasma we al kakma bilen baglanyşykly yrym-ynançlary | |
Erbildäki türkmenleriñ we gyrmançalaryñ zyýarat edýän Kaka Berzinji mazary, dälileri açýan bir şyhyñ ojagydyr. Zyýaratçylaryñ peşgeş diýip getirýän zatlary bu ojaga getirilýän däli hassalary baglaýarlar. Bu ojakdan çykýan müritler hem keramatly bolýarlar. Ojakda şyhyñ mazary bardyr.
Taryhy makalalar
Anadolynyñ köp ýerinde, has hem Gündogar Anadolyda mazara zyýarat arkaly hassany baglamak bilen açýan däp-dessur bar. Aýratyn-da ýarawsyz çagalarda, bu dini ynanç ulanylýar. Biziñ pikirimize görä, ynsan syrkaw bolan ruhuny, güýçli diýip ynanylýan mazara baglap, özüni oña berýär. Şuña meñzeş sagalmak görnüşi yslamdan ozal türk ynançlarynda hem bar. Bitlisde uzak ýyllar dowam eden bir ynanç bar. Akly ýerinde bolmadyk ýa-da ýarawsyzlyklaryndan ejir çekýän çagalaryny "Şeýhul-Garyp" mazaryna getirip zynjyrlaýarlar. Çaganyñ gutuljakdygyna ynanýarlar. Ynsanyñ durmuşynda jynlaryñ hem täsiriniñ ýetýändigi hakynda ynanç bar. Kerkukda türkmenlerde we gyrmançlarda ýaşalmaýan ýerleriñ ynamsyzlygy, howpludygy bilen bagly ynanç bar. Bu ynanç Gündogar Anadolyda hem ýaýran. Bitlisde Husrow Paşa çaýynyñ üstündäki Şeýtan Bazary atly köpri bilen dahylly hem şeýle ynanç bar. Gara eýeler, garabasalaklar, Erbil Kerkukda gyrmançalarda we türkmenleriñ arasynda Ala Parşa diýip atlandyrylýar. Enäni we çagany garabasalakdan gorany üçin gyzyl bir lentany enäniñ mañlaýyna dañýarlar, kyrk gün geçmedik aýal we çaga öýden çykarylmaýar. Çaga başga zadyñ ysyny almasyn diýip, öýe atyr, odekolon sepýärler. Şeýlelikde, jynyñ kakmagynyñ ýa-da basmagynyñ, gorkulýan erbet ruhuñ, gara eýäniñ öñünin alynjakdygyna ynanýarlar. Kyrk, çileden çykmadyk çaganyñ ysyny almajakdyklaryna, öñüne geçiljekdigine ynanýarlar. Şeýle hem kyrkçileden çykan çaganyñ kyrkçileden çykmadyk çagany bogup biljegine ynanýarlar. Kyrkçileden çykmadyk çagany goramak üçin bir ýüpe sarymsak sürtülip, onuñ boýnundan asylýar. Şeýdip, kyrkçileden çykan çaganyñ ysynyñ gizlenjekdigine ynanýarlar. Garabasma azeri türkmenlerinde hem ulanylýar. Kyrkçileli çaga hakyndaky ynançlar Gündogar Anadolyda hem giñden ýaýrandyr. Garabasma köne türki ynanjynda hem dini durmuşda bar. Kerkukda oglan çagalar üçin doga-dileg edilende, aýdylýan sözler bize halk ynanjynyñ jümmüşinden gyzykly habarlar berýär. Şerri - şeýtandan, Kurru buhtenden, Haýasyz arwatdan, At şerinden, Ot şerindeb, Ýykylmyş diwardan, Guduzlan köpekden, Bekle sen, sakla sen, Oglumy, eý, Allahym! Doga-dileg eden ene ogly üçin şeýtanyñ, atyñ, otuñ, ýeriñ we asmanyñ şerini howply hasap edýär, bu şerlerden Allanyñ goramagyna sygynýar. Demirgazyk Yrakda türkmenler we gyrmançlar garabasmadan goranmak üçin ot ýakýarlar. Soky döwýärler, ýassygyñ aşagyna monjuk dakýarlar. Oduñ we deñziñ gadymy türki ynanjyndandygyny bilýäris. Şeýle hem Gök Tañry ynanjynda gara eýeleri kowmak üçin ürküzýän sesler çykarylýar. Gündogar Anadolyda Gün tutulan wagty halk, aýratyn hem çagalar legeniñ düýbüne urýarlar, erkekler bolsa howa ot zyñýarlar. Demirgazyk Yrakda türkmenleriñ we gyrmançlaryñ gorkýan başga bir eýesi Feriştahdyr. Feriştah bir pirdir. Pir häsiýetinde görülýär. Feriştah belli öýlerde görünýär. Aýratyn-da, dindar bolan öýlere gelýär. Öýüñ içindäkilere hiç zat diýmeýär. Emma öýdäki ynsanlar serhoş ýa-da gusulsyz, ini päk däl halatynda gezýän bolsalar, olary kakyp biler. Has hem köne taryhy öýlerde görülýär. Kerkukda-da görülýär diýlip köp eşidilýär. Benzeji-Süleýmaniýe arasynda Erbadyñ golaýynda Ferişden-Ejinden atly bir eýe bardyr. Muny gören kişi "Bismilla" we üç gezek "tüf-tüf-tüf" diýer. Ferişten-Ejinde, oña meñzeş ynançlaryñ Gündogar we Günorta-gündogar Anadolyda hem barlygy anyklandy. Demirgazyk Yrakda ýañy çaga dogran aýalyñ hapasy suwa zyñylýar ýa-da gömülýär. Gaziantep ýakynlarynda hapa gan, akyp barýan suwa zyñylýar. Bu ýerde suwuñ tämizleýji, arassalaýjy we goraýjy sypatlary gadymy ynançlar bilen birleşýär. Gara eýelerden goranmagyñ ýollaryndan biri hem olary ýalñyşdyrmakdyr. Türkmen we gyrmanç ynançlarynda erkek çagasy durmaýan maşgala oña gyzyñ eşiklerini geýdirýärler. Erkek çaga zyýan berjek bolýan gara eýe añkaryp, çaga ondan halas bolýar. Şol maksat bilen erkek çaganyñ saçy uzaldylyp, ony gyz ýaly edip bezeýärler. Gara eýe, diñe şol milletiñ dilini bilýär, başga milletiñ dilini bilmeýär diýip ynanylýar. Şoña görä, çaganyñ ene-atasy gara eýelerden goranmak üçin başga bir milletiñ adyny goýýarlar. Feriştahdan we jynlardan çagalaryny goramak üçin olara erbet at goýýarlar. Çaga dünýä gelen wagty gapynyñ öñünden geçip barýan haýwanyñ adynyñ goýulýan wagty hem bolýar. Çagasy durmaýan maşgalalarda, erkek çagy gyz eşiginiñ geýdirilmegi, saç goýberilmegi ýaly ynançlar Agry etraplarynda hem duş gelýär. Karsda çagany görünmeýän erbetliklerden goramak üçin, oña belli bir ýaşa barýança erbet, ýaramaz at, lakamlar dakýarlar. Radloff gazaklarda we gyrgyzlarda "kel" ýaly çaga atlarynyñ dakylmagy çagany ýaman niýetli ruhlardan goramak üçin goýulýandygyny aýdýar. # Ýaşar Kalafat we Ahmet Doganyñ "Kerkuk türkmenleri" eserinden alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||