Kitap – gymmatly genji-hazynadyr. Kitapdan alan bilimiň şol hazynaň açarydyr. Kitap okaýan adamyň pikiri dury, söze çeper bolýar. Kitap okamak ynsanlar üçin zerur gymmatlyk. Her kitap özboluşly many-mazmuna eýe, her kitaby okanyňda ajaýyp duýgulary başdan geçirip, üýtgeşik dünýä hyýaly syýahat edýärsiň. Kitap okaýan adamlar durmuşda kyn meseleleri çözmäge taýýar, ugurtapyjy bolýarlar. Kitap okaýan söze baý ynsanlar bilen söhbetdeş bolmak ýakymlydyr. Kitap okamagyň ähmiýeti barada akyldarlaryň aýdyp geçen gyzykly, çuň manyly sözleri juda köp. Olaryň her bir sözi bir kitap ýaly gymmatly bolup, adamyň kalbyna we ruhuna täsir edip, pikirlendirip bilýär.
Soňky sahypany geçiren wagtyňyz ýakyn dostuňyzy ýitiren ýaly bolsaňyz, gowy kitap okandygyňyzyň alamatydyr.
Paul Sweeneý.
***
Bir kitaby okamak ony özüňiz üçin täzeden ýazmak ýalydyr.
Angela Karter.
***
Her kitabyň öz okyjysy bar.
A.P.Çehow.
***
Düşünjeli adam kitaby gaýtalap okaýar.
Jorj Ergozi.
***
Okamagy söýüň! Çünki ol şähdiňi açýar.
Monteskiýe.