14:44 Bu adamyñ kommunizm bilen bagly ýatlamalary bar... | |
ÝOLDAŞ KOMISSAR, BU ADAMYÑ KOMMUNIZM BILEN BAGLY ÝATLAMALARY BAR, NÄME EDELI? AL ONY, AL, AL, AL!
Publisistika
Beter gyssanýaryn. Gijä galdym. Tegelek kyrk ýedi ýyl geçipdir. Çaltlyk bilen öýüme gidýärin. Has dogrusy, gitjek bolýaryn. Emma çalt ýöräniñ bilen bolaýanok. Şol gün Suw edarasynyñ diwarynyñ üstünde ýaraglar partlandan soñ çaltlyk bilen gaçmalydygyny pikir edipdik. Emma daş-töweregimiz adamdan doludy we hemmeler özüçe birhili halas boluş ýoluny saýlaýardy. Netijede biri-birimiz bilen çaknyşýardyk, howsala düşende janymyzy halas etmegiñ duýgusynda öñümizden çykanlary depgiläp, itekläp geçjek bolýardyk. Düýn howa menzilinden Taksime sary ýola çykdym, emma iñ köp Lewente çenli gidip bildim. Ondan soñy ýok! Awtobus, metro, taksi... hiç biri ýok! Edil ýöne raýata näme bolsa şo bolsun diýlen ýeri-dä! Müñ bir atraksiýa bilen ýoluñ bir bölegini ýöräp geçäýeniñizde-de Taksim meýdanynyñ golaýynda öñüñi polat diwarlar kesýär. Ahyrynda meýdana ýetdim, öýüme bir-iki ýüz metr galdy. Emma ol gysgajyk aralygam aşar ýaly däl. Barýerler, barýerler... Polisler, polisler... Kyrk ýedi ýyl öñ şu ýerlerde ýarag sesleriniñ aşagynda ylgaşlaýardyk. Ýoluñ gyralarynda "fruko" polisler we polis awtoulaglary bardy. Panzerler suw pürküp, ses we göz ýaşardyjy bombalary atyp, nämäñ-nämedigini bolmän ikiýana gaçýan adamlary mazaly pytradýardy. Negözel Taksim meýdany şol wagt üstüne syçran ganyñ hapasyny dagy-duwara aýryp bilmedi. Birem hapasy görünmesin diýip, garañky kölegäniñ aşagyna itildi. Gadagan-da, gadagan, bolany! Aslynda Taksim meýdany gadagan däl. 1-nji maýam gadagan däl. Ýöne şu ikisiniñ bir ýere gelmegi gadagan! A meniñ ýadymda bolsa şu ikisi kyrk ýedi ýyl bäri ýaşap gelýär. 1977-nji ýylyñ 1-nji maýy, Taksim / Fotosurat: Joşkun Aral * * * Kyrk ýyl çemesi wagt öñ Leningradda baýdaklar we şarlar bilen 1-nji maý baýramyna gidenimde, birden gözlerim dolupdy. Biziñ ýurdumyzda nämüçin bular ýaly baýram bolmaly däl! Şol wagt okaýan fakultetimdäki iñ ýakyn görän kursdaşlarymdan biri bolan gresiýaly kommunist Ýanise "ganly 1-nji maýymyz" hakda näçe gezek gürrüñ berenimi özümem bilemok... Birnäçe ýyl geçenden soñ, ýalñyşmasam 2015-nji ýylyñ ganly iýun-noýabr döwründen birküç aý soñ bolmaly, Gresiýada onuñ bilen didarlaşanymda, men ýene onuñ soraglaryna jogap beripdim we yzyndan agyr ümsümlik aralaşypdy. Ol şonda: - Aý-how, sen näçe ýyl öñem şobir zatlary aýdardyñ. Siziñ ýurduñyz hiç üýtgänokmy? - diýip sorapdy. Bular ýaly sorag bilen ýüzleşmek juda agyrdy! Dogrudanam, biziñ ýurdumyz hiç üýtgänokmyka? Gadagançylyklar, basyşlar hiç gutarmaly dälmikä? Bary-ýogy bir baýramçylyg-a bu! Wah, hawa-la, hernä, bu ýyl ölüm-ýitim ýok, şoña-da şükür etmeli. Gülle bar, ýöne plastiki gülle. Birem ýetmişinji ýyllarda ýok göz ýaşardyjy gazymyz bar. Ýöne şertlerimiz barybir geçmişiñ garañky we diýdimzor ýörelgelerini ýatladyp dur. Men şol wagt Ýanise jogap berenimde degişjek bolupdym: - Biziñ ýurdumyz tutanýerlidir, özüne mahsus syýasy durnuklylygyndan añsat el çekmeýär. Tutanýerli... Kararly... Özdiýenli... Näme diýseñiz diýibermeli. Şol ikiarada ýene "hormatly ötegçilerden" käbirlrrini diñledim. Nämemiş, "Bu 1-nji maý babatda iki tarapam öz diýenine tutýarmyş..." Aperin, siziñ wyždansyz we "deñagramly" tereziñize! * * * Düýn öýüme barýarkam, özümi labirinte goýberilen syçan ýaly duýdum. Barýerleriñ başyny tutup duran polislerden birine ýakynlaşyp, "Jan dogan, meniñ aladam diñe öýüme ýetmek" diýen sözümi hiç özüme gelişdiremok. Kelläme "anarhistpisint" pikirler gelýär. Meselem, şol wagtlar dünýä inmändigi görnüp duran şu ýaşajyk poliseýlere ýakynlaşyp, şeýle diýesim gelip dur: - Oglanlar, men 1977-nji ýylda şu meýdandadym we ýaraglar ot açmazdan öñem "Ýaşasyn birinji maý!" diýip gygyrýardym. Näme ederlerdi eýse? Ilki geñ galarlardy näme-de bolsa... Soñam, belki-de, yzky hatarlardan köp eşdilýän şol meşhur "döwlet howpsuzlygyny üpjün etmek" jümlesi eşdilerdi: - Alyñ, ýygnañ muny, al, al, al! Hiç zadam diýmedim, ýöne edil häzir özümi tussag astyna alynan ýaly duýýaryn. Diñe men däl, ýatlamalarymam tussag astyndady. - Ýoldaş komissar, bu adamyñ kommunizm bilen bagly ýatlamalary bar, näme edeli? - Al ony, al, al, al! Taksim meýdany tussag astynda. Menem. Ýatlamalarymam... Edil häzir hemmämiz tussag astynda göz-göze kaklyşýarys. Geñ galyjylykly duýgy bilen bolýan zatlara düşünjek bolup ýanymyzdan geçip barýan turistlerem, ikiýana garanjaklap duran polislerem muny duýanok. * * * Düýn gussaly Taksim meýdanynyñ fotosuratlaryndan birinde "Respublikamyzyñ ýüzünji ýyly gutly bolsun!" diýlip ýazylan ýazgy gözüme ildi. Gutly bolsun elbetde, ýöne aradan geçen şunça wagtyñ içinde bir garyş ýol aşyp bildikmikä eýse? Saraçhana gala diwarlarynda görülen adatdan daşary öñüni alyş çäreleriñ 1-nji maýyñ simwolyna öwrülen fotosuratlaryna seretdim-de... Hamana, Troýa uruşunda duşmanlar bilen söweşmäge taýýarlyk görülýän ýaly. Serhet zastawalarynda bular ýaly sak durýan däldirler!.. Soñky saýlawlaryñ birinji partiýasy RHP-niñ başlygy Özgür Özel düýnki çäreleriñ ertirki bölegine gatnaşypdyr. Eger soñuna çenli duran bolsa, belki-de, olam nyşana alynyp bilnerdu. Megerem, şu günki prezident bilen duşuşygyna ýaraly halsa giderdi. Dogrusy, ýara diýilýän zat diñe ganyñ akanda bolmaýar... Meselem, meniñ ýaralarymyñ birem kyrk ýedi ýyllap şu meýdan bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, prezident "Ýurdumyz bilen birlikde bütin dünýäde bellenýän 1-nji maý Zähmetkeşler we Raýdaşlyk gününi tüýs ýüregimden gutlaýaryn" diýip gutlag sözüni paýlaşypdyr... Göreliñ, Türkiýe ikinji ýüzýyllygynyñ bir 1-nji maýyny Taksim meýdanynda belläp bilermikä? Göreliñ, günleñ bir güni prezidentimiz bizi Taksim meýdanyndan gutlarmyka? Siz näme diýýärsiñiz, kyrk ýedi ýyl öñ 1-nji maýda ýaralanan bizler şol günleri görüp bilermikäk? Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 02.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |