01:23 Köñül nagyşlary | |
KÖŇÜL NAGYŞLARY
Edebi makalalar
Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat. Türkmen halylarynyň baky gözelligi hakda kitap» atly ajaýyp ensiklopedik eseriniň «Älemiň sazlaşygy», «Asyrlaryň ilçisi», «El bilen döredilen gudrat», «Haly — türkmeniň kalby», «Ertekiniň dowamy» diýen bäş bölüminiň her birinde türkmen halysy hakda düýpli söhbet edilýär, olaryň birinde halymyzyň döreýşi, başga birinde bäş müňýyllyk taryhy, başga bir bölüminde haly göllerindäki, çitimlerindäki syrly manylar, olaryň ähmiýeti, halymyzyň şu güni we geljegi hakda söhbet açylýar. Eserdäki köp sanly täze ylmy pikirler ilkinji gezek ylmy dolanyşyga girýär. «Janly rowaýat» her bir okyjyny özüniň jadyly dünýäsine alyp gidýär we ony buýsanç ummanyna atarýar. Biziň bu söhbedimiz «Janly rowaýatyň» jadyly ummany hem onuň ähmiýeti hakda sere gelen buýsanç kelamydyr. Türkmen halylary milletimiziň köp müňýyllyklaryň dowamynda üýtgemezden biziň günlerimize ýetip gelen sungatydyr. Onuň gadymylygyny nämeler bilen delillendirip bolar we näme üçin türkmen halysy şonça döwrüň içinde uly üýtgeşmä sezewar bolmandyr? Türkmen topragynyň gadymyýeti bilen gyzyklanýan islendik adam baryp miladydan öňki IV—V müňýyllyklara degişli arheologik ýadygärlikleriň üstünden barýar. Şol döwürden bolsa bize diňe wagtyň zarbasyna döz gelip bilýän medeni ýadygärlikler gelip ýetipdir. Bu ýadygärlikler toýundan hem beýleki çig maldan ýasalan dürli gap-gaçlar, heýkeljikler, tumarlar hem şaý-seplerdir. Hut şol gap-gaçlaryň ýüzünde-de biz häzirki türkmen halysynyň dürli nagyşlaryny görýäris. Bu şekiller öz döwründe, megerem, uly hem çuňňur ideologik manyly aňlatmalar bolupdyr. Ylaýta-da, türkmen halysynyň esasy elementi bolan göllere meňzeş şekiller IV—V müňýyllyga degişli gap-çanaklarda köp duş gelýär. Degişli döwürde adamzat aňynyň bitewülik häsiýeti mese-mälim görünýär. Ol döwürlerde zähmet bölünişiginiň haýal amala aşandygy, şoňa laýyklykda-da dürli maddy hem ruhy gymmatlyklaryň bitewi ýaşandygy, sungatyň dürli görnüşleriniň entek biri-birinden aýrylyşmandygy düşnüklidir. Biziň üçin häzir gap-çanak, esasan, gündelik maddy hajatlara hyzmat edýän zatdyr, emma şol döwürde gap-çanak ýöne bir maddy hajatlary ýerine ýetirmän, eýsem, hem sungat, hem ylym, hem filosofiýa bolupdyr. Sungat — ol adamlaryň estetiki isleglerini kanagatlandyrypdyr, ylym, ýagny gap-çanagyň ýüzündäki şekiller hat-petegiň ilkinji ýüze çykmasy bolupdyr. Siňe seretseň, olaryň ýüzündäki şekilleriň orta asyr türkmenleriniň ulanan harplaryna, tagmalaryna juda meňzeşdigini görüp bolýar. Elbetde, özüniň lingwistik-aňladyjylyk aýratynlyklary boýunça olar bütinleý başga hatdyr. Munuň özi hatyň, ýazuwyň bütinleý başga derejesidir we başga görnüşidir. Şol dereje we görnüş döwrüň adamlarynyň daşky dünýäni ýazga geçirmek ukybyna we endiklerine laýyk gelýär. Bu ýerde dürli sesleri, hatda sözi ýa-da sözlemleri aňladýan belgileriň bolmajakdygy düşnüklidir. Mundaky her bir şekil giden bir pikiri, temany, gürrüňi aňladýar. Beýle aýratynlyk degişli belgilere simwoliki häsiýeti we mazmuny berýär. Bu ýerde gadymyýetiň — ata-babalarymyzyň simwoliki aňynyň özboluşlylygyny synlaýarys. Simwoliki häsiýet bolsa gadymkylaryň ylmyna filosofiki äheň çaýýar. Bular gadymy döwrüň sungatynyň iň ösen derejesini aňladýar. Şonuň üçinem olar döwrüniň iň ussat döredijilerine başardan eserlerdir. Ruhuň iň ýokary derejesi bolany üçin hem bu eserlerde gadymy adamlaryň dünýägaraýşy beýan bolupdyr. Diýmek, olarda şol dünýägaraýyşda iň esasy orun eýelän zatlaryň we temalaryň şekillenmegi tebigy zatdyr. Eger oňat synlasaň, olarda Günüň, Aýyň hem ýyldyzlaryň şekillenýändigini görmek bolýar. Bu düşnüklidir, sebäbi biziň gadymy ata-babalarymyz otparazçylyga uýupdyrlar we dürli asman jisimlerine hudaýyň şekilleri hökmünde garapdyrlar. Türkmenistanyň çägindäki ýadygärliklerde tapylýan guş şekillerini hem şu hatara goşmak mümkin. Oguz han ýigrimi dört agtygynyň her birine bir guşy oňon berýär. Munuň hem simwoliki manysy bar. Mälim bolşy ýaly, guşlar asman ýaşaýjylarydyr. Dürli arheologik tapyndylaryň arasynda köp duş gelýän möhürler, esasan, guşlary şekillendirýär. Möhür — häkimligiň simwoly. Diýmek, onuň eýesi özüniň hudaýlara — Güne, Aýa ýakynlygyny tekrarlaýar. Şu ýerde häzirki zaman türkmen halysynyň hem köp elementleriniň guş ady bilen atlandyrylandygyny aýtmak gerek. «Gazaýak», «Durna hatar» ýaly nagyşlar, gürrüňsiz, 5-6 müň ýyl mundan ozalky döwürden galan zatlardyr. Tapyndylardaky ýönekeýje hem häzir gödek görünýän şekiller döwrüň adamlarynyň dünýägaraýşyny we ruhuny oňat beýan edýärler. Aýdaly, dürli baldaklaryň we çybyklaryň şekilleri ösümlik bilen baglanyşykly hudaýyň, tolkuny ýada salýan şekiller suw bilen baglanyşykly hudaýlaryň simwoly bolmaly. Ýene bir aýtmaly zat — haç görnüşindäki, atanak şekildäki tapyndylar bar. Olaryň magiki manysy bolup, dürli bela-beteriň öňüni almak, olara atanak çekmek üçin edilipdir. Örän gadymy döwürlere degişli tapyndylaryň esasy aýratynlygy — olar mazmun we forma, stil taýdan türkmen halysynyň gönezligidir. Birinjiden, dürli küýzeleriň we gap-çanaklaryň reňkleri hem türkmen halysynyň reňkleri bütinleý kybapdaşdyr. Alymlar şol gaplaryň esasy reňki gyzyl-gyrmyzy bolup, şeýle reňkiň üstünden gara ýa ak çyzyklaryň geçirilýändigini aňladýarlar. Elbetde, islendik adam türkmen halysynyň hem şeýle suratda «reňklenýändigini» tassyklap biler. Biziň halymyz özüniň nusgawy görnüşinde diňe şu üç reňki — gyzyly, garany we agy bilýär. Reňkleriň saýlap alynmagy asla-da tötänlik däl we bu şol döwrüň ruhuny hem dünýägaraýşyny görkezýär. Gadymy oguzlarda dünýäniň üçe bölünendigini bilýäris. Üç reňk türkmeniň üç dünýäsini alamatlandyrýar. Gyzyl reňk — toprak; gara reňk — ýerasty dünýä; ak reňk — bu ýagty jahany aňladypdyr. Ikinjiden, özüniň stili boýunça gadymy miras we häzirki haly şol bir aň hem sungat hadysasydyr. Bularyň ikisinde-de dünýäni şekillendirmegiň geometriki usuly — dürli çyzyklar, üçburçluklar, altyburçluklar ulanylýar. Hut şu aýratynlyk türkmen halysynyň milliligini hasyl edýär we ony beýleki halklaryň sungatyndan düýpgöter tapawutlandyrýar. Türkmen halysy beýleki halklaryňky ýaly, güli hem aýlaw-aýlaw, egrem-bugram şekilleri bilmeýär. Bu ýerde islendik zat, hatda haýsydyr bir ösümlik ýa-da haýwan şekili diýip okalýan zat berk deň ölçegli geometriki elementlerdir. Bu ýerde ähli zatlar dürli ölçeglerdäki çyzyklardan we burçlardan ybaratdyr. Gadymy skif-sak-oguz düşünjelerine görä, dünýä üç gatlakdan durýar. Birinji asman gatlagy, onda Taňry ýaşaýar. Ikinji zemin gatlagy, onda Taňrynyň ýaradanlary ýaşaýar, üçünji teýzemin, ýerasty gatlagy, onda ýaramaz ruhlaryň, şeýle hem ýaşamaly ýaşap bolanlaryň ýaşaýan mekany. Asman gatlagy hem öz gezeginde üç gatlaga bölünýär. Birinji Gün gatlagy, ikinji Aý gatlagy, üçünji ýyldyzlar gatlagy. Bu gatlaklar halyda anyk nagyşlaryň üsti bilen sazlaşykly görkezilýär. Bu oguz düşünjesi boýunça Gün han, Aý han, Ýyldyz han diýlip aňladylýar. Ýeri gelenine görä aýtsak, şol üçlük zeminde-de gaýtalanýar. Deňiz han (suw), Dag han (toprak), Gök han (howa). Ýokarky üçlük bilen aşaky üçlük özara sazlaşykda ýaşaýar. Bu asman-zemin sazlaşygyny, bitewüligini aňladýar. «Oguz» sözi hem şol bitewüligi, sazlagyşy aňladýar, ýagny og — zemin, uz — asman diýmekdir. «Nur — iman» diýen iki sözüň birleşmeginden dörän «türkmen» sözi-de asman-zemin bitewüligini, sazlaşygyny aňladýar, çünki nur — asman, iman — zemindir. Türkmeniň ogul-gyzyna goşma at dakmagy-da asman-zemin jübütligine esaslanýar. Biziň halylarymyzda bu asman-zemin üçlükleriniň şertli aňladylmasy bu gün ylmy esaslydyr. Wagt üçe — geçen zaman, heminzaman, geljek zaman. Pederlerimiz müçeleri hem dünýäniň üç gatlaklydygynyň esasynda düzüpdirler. Asman gatlagy, towuk, at, maýmyn, sygyr (Aý), zemin gatlagy — goýun, it, towşan, doňuz; ýerasty gatlagy — balyk, syçan, bars (ölüm getiriji), ýylan (ölüm getiriji) ýaly zemin haýwanlary bilen aňladylypdyr. Halylarymyzda haýwan atlary bilen baglanyşykly nagyşlaryň köp bolmagy hem pederlerimiziň üç gatlakly älem gurluşy baradaky dünýägaraýşy bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen halysynda özge halklaryňky ýaly göz gamaşdyryjy al-elwanlyk, reňkleriň sanýetmezligi hem aýlaw-aýlawlyk ýokdur. Munda reňkleriň ¬sany-da türkmen ruhunyň ýörelgeleri ýaly çäklijedir, emma berkdir hem üýtgewsizdir. Munda reňkler we çyzyklar türkmen häsiýeti ýaly agras, arkaly we üýtgewsiz. Hormatly Prezidentimiz bu babatda «Janly rowaýat» eserinde şeýle ýazýar: «Milli nagyşlar köpmanyly, arassa grafiki ýerine ýetirilişinde ýiti täsirli. Hatda elementleriň ýönekeý çyzgysynda-da inçe mistisizm, türkmene mahsus ýaşaýşy ykrar ediji filosofiýa bar. Ýöne reňklerde halynyň ýüzündäki many we emosional kuwwat onlarça esse güýçlenýär». Türkmen halysynyň gözelligi kaşaňlyga däl-de, döredijilik düzgünleriniň üýtgewsizligine esaslanýar. Onuň sazlaşygy reňkleriň hem çyzyklaryň utgaşmasynyň aç-açanlygyndan we ýowuz, berk üýtgewsizliginden gelip çykýar. Biziň gadymy ata-babalarymyzyň ruhy dünýägaraýşynda totemizm uly orun tutupdyr. Totemizm — tebigat bilen ruhy aýrylykda, gapma-garşylykda ¬däl-de, onuň bilen ruhy sazlaşykda ýaşaýan, sözüň ruhy manysynda tebigatyň içinde ýaşaýan adamlaryň ruhyýetidir. Çünki şeýle ruhyýetli adamlar özlerini tebigatdan, onuň ýaşaýjylaryndan hiç bir tarapdan ýokarda goýmandyrlar. Tersine, olar tebigaty öz asly, özlerini bolsa onuň bir bölegi hasaplapdyrlar. Şonuň üçinem gadymy adamlaryň aň aýratynlyklaryny beýan edýän sungatda haýwan şekilleriniň duşýandygy tebigy zatdyr. Biziň eramyzdan öňki döwür¬lerde ýaşalan ýerlerden tapylýan tapyndylaryň içinde dürli haýwan şekilleri bar. Günorta Türkmenistanyň arheologik ýadygärliklerinde, esasanam, tekäniň, öküziň, goýunlaryň şekillerini görmek bolýar. Türkmeniň etnografiýasynda, ynançlarynda, ruhy hem maddy medeniýetinde bu jandarlaryň nähili orun eýeleýändigini aýdyp hem oturmaly däl. Taryhçy alymlaryň birnäçesi «Oguz» adyny-da «öküz» sözi bilen baglanyşdyrýarlar. Türkmen etnonimiýasynda we etnikasynda «öküziň» tötänlik däl-de, ulgamlaýynlyk häsiýeti bar. S.P.Tolstow Amyderýanyň iň gadymy döwürlerde «Oks» diýip atlandyrylandygyny ýatlaýar. Öküz, has takygy, sary öküz otparaz pederlerimiziň düşünjesinde Güni — Taňryny alamatlandyrypdyr. Pederlerimiz Gün — öküz ýeri göterýär diýip düşünipdirler. («Ýer göteren sary öküz bilmen niçe ýaşyndadyr» Magtymguly.) Tekäniň hem, goçuň hem türkmen taryhy bilen edil şonuň ýaly içgin we çuňňur baglanyşygy bar. Iň täsin galdyrýan ýeri, şu mukaddes haýwanlary, ylaýta-da goçy şekillendirmek türkmen halyçylarynyň gowy görýän döredijilik işidir. Özem bular özge halklaryň sungatyndaky ýaly, tebigat¬da bolşy ýaly suratlandyrylanok. Eýsem, türkmen haly, nagyş hem zergärçilik sungatynyň milli däplerine laýyklykda, stilleşdirilip alynýar, ýagny dürli burçly çyzyklar, şekiller, nagyşlar görnüşinde, nagyş stiline salnyp şekillendirilýär. Şonuň üçinem gözüň öwrenişen, türkmen halysynyň diline düşünýän bolaýmasaň, birbada haýwan şekillerini halyda tanamak hem aňsat däl. Şu ýerde çagalykda aňymda galan bir zady ýatlamak isleýärin: Döwlet Baýdagymyzda bäş welaýatymyzyň her birinde dokalýan halylarymyzyň gölleri bar. Onda Lebap welaýatynyň göli hökmünde Beşir halysynyň göli ýerleşdirilen. Şol gölde «H» harpyna meňzeş duran nagyş bar. «H» harpy häzir hiç hili manyny aňladanok. Onuň hem sebäbi nagşyň biraz üýtgänligi sebäplidir. Geçen asyryň ellinji, altmyşynjy ýyllarda «H» harpynyň ýokarsy biri-birinden sähelçe kiçidi, oňa «atyň şekili» diýýärdiler. Bu gün ylmy hem taryhy nukdaýnazardan ol hakykatdan hem atyň şekili bolmaly. At gadymy skif-sak-oguz rowaýatlarynda wagty aňladypdyr. Günüň şekilini alamatlandyrýan «gölçe» dört reňkde berilýär. Özem olar dört reňkli atyň mysalynda hala çitilýär. Dört reňk bir günüň dört pursadyny (ertir, öýlän, agşam, gije), bir ýylyň dört paslyny (bahar, tomus, güýz, gyş) aňladýar. Bu aňlatmany biz «Görogly» eposynda hem görýäris. Jygaly beg agtygy Görogly bilen ata artlaşyp Hüňkaryň kowgusyndan gaçýar. Ilki al atly olaryň yzyndan ýeteňkirläp ugraýar. Al atly bu ýerde wagt manysynda agşam şapagyny aňladýar. Soň gara dor at kowup başlaýar. Gara dor at — gijäniň alamatlandyrylmasydyr. Soň gara dor at yza galyp, boz at Görogly dagynyň yzyndan ýeteňkirläp ugraýar. Boz at bu ýerde daňdanyň alamatydyr. Kowgynyň soňunda boz at yza galyp, gyr at öňe saýlanýar. Gyr at — gündizi aňladýar. «Görogly» eposynda kowgy atlarynyň milli halylarymyzda gölçe nagşyň dört reňkde berilmegi bir gije-gündiziň göçme manyda berilmegidir. Türkmen halysy asman-zemin, durmuşyň gurluşy, oguzlar hakdaky göçme manyly pikirleriň beýanydyr. Gadymy edebiýatymyzda haýran galdyrýan bir aýratynlyk bar, ol hem ähli eserlere diýen ýaly, göçme manylaryň (simwolikanyň) mahsuslygydyr. Göçme mana eýlenen eserler hem bakylyga öwrülipdirler. Diňe bir ruhy medeniýetimizde däl, eýsem, göçme mana ýugrulmak biziň maddy-medeniýetimize-de mahsus aýratynlykdyr. Dogrusy, bu mahsusyýet diňe bir türkmen halkynyň medeniýetinde däl, dünýäniň köp-köp halklarynyň medeniýetlerinde-de gabat gelýär. Şu nukdaýnazardan, biziň halymyz dünýäniň gurluşynyň, älemiň hem dünýäniň maddy medeniýetde aňladylmasydyr. Halyda gadymy pederlerimiziň ruhy dünýäsi aýan bolýar. Halynyň dörtburçly bolmagy gadymy ata-babalarymyzyň dünýäni dörtburçluk görnüşinde göz öňünde getirendikleri üçindir. Bu düşünje gadymy müsürlilerde-de bolupdyr. Pederlerimiz ýaşaýan mekanlaryny, oba-kentlerini dünýäniň has kiçeldilen bir görnüşi hasaplapdyrlar. Öýlerini-de dünýäniň kiçeldilen görnüşi hökmünde gurupdyrlar. Öýüň çagarygy asman gümmezine meňzeşdir, tärimler ýer bilen asman arasyndaky şöhleleri alamatlandyrýandyr. Gadymy türkmeniň gara öýleri üç gatlakly dünýäniň gurluşyna esaslanyp gurlupdyr. Öýüň çagarygy asman gümmezine meňzeş edilipdir. Tärimler asmandan inýän Gün şöhlelerine meňzedilýär. Şol şöhleler asman bilen zemini birleşdirýär. «Gün» diýen manyny aňladýan türkmen tahýalary, takgalary hem asman gümmezini meňzedilipdir. Haly seçekden başlanýar, ol älem giňişligini, howany, şemaly alamatlandyrýar. Seçekden soň «toprak» başlanýar. «Toprak» haly we haly önümleriniň başlanýan we gutarýan ýerlerine (çuwal we topbalarda diňe başlanýan ýerine) 3-6 santimetr inlilikde kakylýan gaty takyr zolak. «Älemiň ýaradylyşy» atly oguz dessanynda nygtalyşy ýaly, älem-dünýä suwdan başlanýar, çünki owal «ähli ýer suw bolupdyr». Ähli oguz dessanlarynda hem ozal ähli ýeriň suw bolandygy nygtalýar. Türkmen halylarynda dünýäniň ozal suw bolandygy, dünýäniň suwdan başlanýandygy «seçek» bilen alamatlandyrylýar. Seçekler tolkun atyp ýatan suwa meňzeýärem. Gadymy oguz golýazmalarynda Oguz hanyň öz nesine ýedi sany miras galdyrandygy aýdylýar, ol miraslaryň her birine aýry-aýrylykda düşündiriş birilýär. Türkmen aňynda ýedi, dokuz, kyrk ýaly sanlar umumylaşdyryjy hem göçme manylara esaslanýan mana eýedir. Umumylaşdyryjy san hadysalaryň we zatlaryň ýaşaýşynyň kanunalaýyk ölçegini berýär. Giňişleýin alanyňda, Oguz hanyň bize goýan mirasy, elbetde, ýediden has kändir, ýöne degişli ýedilik ol mirasyň esasyny düzýär. Bular Oguz hanyň Baş Kanunynyň ýedi sany esasy maddasydyr. Hut şol ýedi mirasyň hem älem-dünýä sazlaşygynda ýedi reňk, ýedi nagyş bilen aňladylanlygydyr, çünki dünýä ýedi reňkden ybaratdyr. Ibn Sinanyň nygtaýşy ýaly, Günüň reňki ýedidir: ýedi reňk birleşende, sazlaşanda ak reňk, ýagty jahan aýan bolýar, görünýär. Älemgoşar sazlaşmaga ýetişmedik ýedi reňkdir. Türkmen halysynyň gadymylygy hakynda gürrüň edilende, ýene bir meseläni agzamak gerek. Änew medeniýetiniň galyndylarynyň içinde aýal hudaýlaryň şekilleri köp duş gelýär. Ol döwürde aýallar adamzat jemgyýetinde hem, adamzat aňynda hem aýratyn orun tutupdyrlar. Saçynyň örülişi, eşikleri boýunça häzirki türkmen zenanlaryna çalymdaş şekiller döwrüň ruhyýetini, ynançlaryny we sungatyny oňat görkezýär. Aýallaryň şeýle şekillerine türkmen zergärlik sungatynyň nusgalarynda köp gabat gelýäris. Olar, megerem, biziň häzirlikçe doly okap bilmeýän haly nagyşlarymyzda hem gizlenip galan bolmaly. Ýöne, elbetde, olar häzir başgaça atlandyrylýandyr we biz onda şol ada laýyklykda, bütinleý başga bir zady görýändiris. Çünki her nesliň aňy öz döwrüne, dünýägaraýşyna laýyklykda, gadymy zatlarda olary döreden adamlaryň zatlaryny däl-de, öz aňyna sygýan zatlary, hakykatlary görýär. Yslamyň, adamy şekillendirmegi gadagan eden täsirinde bekän beýnä nagyşlarda aýal keşbi, onda-da aýal hudaýyň keşbi kes-kelläm görünmese gerek. Ine, aýal-gyzlarymyzyň «saçlyk» diýip atlandyrýan bezegi bar. Saç nire, zat nire, gowy synlasaň, bu arassa aýal hudaýyň keşbi ahyryn. Aňyň tebigaty üýtgäpdir, indi türkmen onda şekillendirilen zada geleň etmeýär-de, şaý-sepi onuň hyzmatyna görä atlandyrýar. Emma aňyň tebigaty üýtgese-de, sungat eseri öňküligine galýar. Biz näme üçin aýallar meselesini ara salýarys? Biz bu meseläni ýene bir pikiri öňe sürmek üçin esas hökmünde ulanýarys: Näme üçin türkmenlerde halyny diňe zenanlar dokaýar? «Düşnükli ahyryn» diýip siz aýdarsyňyz. Bu aýallaryň türkmen jemgyýetindäki, gün-güzeranyndaky, durmuş gurluşyndaky orny bilen baglanyşykly diýip hasaplaýarsyňyz. Biz ruhuň düýpli hadysalarynyň sebäbini gün-güzerana baglamagy nädogry hasaplaýarys, ruhuň ýaşaýşyny, mehanizmini ýeriň ýüzünde däl-de, ýeriň bir gez üstünde — howalalylykda gözleýäris. Ine, onsoň örän gadymy döwür¬lerde — hudaýlar aýal şekilinde bolýar diýip ynanylýan döwürlerde ýüze çykan haly sungaty bilen iş salyşmak diňe aýallaryň hukugy hasaplanan bolmaly. Megerem, şol döwürde taryhy ösüşiň aýratynlyklaryna görä, jemgyýetiň esasy intellektual we ruhy kuwwaty-da häzirkiniň tersine, aýallaryň elinde jemlenen bolmaly. Emma soň-soňlar bu meselede erkekler aýallardan öňe geçipdirler. Ýöne olar halyny aýallaryň elinden aljak bolubam oturmandyrlar. Çünki indi haly täze nesilleriň ruhy hem aň kuwwatyny öz içine alardan has gadymy zada öwrülipdir. Erkekler sungatyň başga görnüşlerini döredipdirler. Haly bolsa öz düşnüksiz dili bilen, öten nesilleriň ruhuny şekillendirýändigi bilen özüne erkekleriň döredijilik manysyndaky biperwaý gatnaşygyna sebäp bolupdyr. «Näme üçin türkmen halysy şunça geçen wagtyň içinde üýtgemä sezewar edilmändir?!» Onuň sebäbi şudur: haly öz çäklerinde kämilligiň iň ýokary derejesine ýetirilen. Şonuň üçinem ony üýtgetmek mümkin däl. Günüň dogup-ýaşmagyny, Allatagalanyň tebigaty ýaradyşyny üýtgetmek, kämilleşdirmek mümkinmi? Asla-da mümkin däl. Sebäbi Allatagala älemi kämilligiň ýokary derejesine ýetiripdir. Onsoň ony üýtgetmek, «gowulandyrmak», «ösdürmek» iş ýüzünde barlygy ýoýmak, ýok etmek bolýar. Haly babatda-da edil şeýledir. Haly hem oguz pederlerimiziň älemiň gurluşy hakdaky taglymatydyr. Haly edil türkmen nusgawy şygry, nusgawy dessany we nusgawy mukamlary ýaly gutarnykly sungatdyr. Bulary täzeden döretmek mümkin däl. Sebäbi olary döretmeli we kabul etmeli türkmen ruhunyň özi indi başga ruh. Ruhuň küýsegleri we hajatlary başga. Olary täzeden döretmek araba bäşinji tigri goýmakdyr. Olaryň öz çäklerindäki çeperçilik mümkinçilikleri doly amal edilen. Şonuň üçinem bulary diňe tas şo durkuna gaýtalap bolar. Reňkleriň, nagyşlaryň, gölleriň aňyrsynda ýatan göçme mana ýugrulan alamatlar, pikirler biri-biri bilen baglanyşyklylykda açylyp gidip otyr. Halydaky göçme manylar, olaryň taryhy galyň-galyň ylmy derňewleriň edilmegine we doly açylmagyna garaşýar. Haçan-da ýadaw gözleriň hala düşende, ilki gözleriňe, soň beýniňe, soňam bütin göwräňe dynçlyk aralaşýar. Haly saňa ata-babalarymyzyň ýaşaýşy barada ýazyp giden beýik akylnamasy bolup görünýär. Belent mertebeli Prezidentimiz «Janly rowaýat» diýip atlandyran ajaýyp eserinde «Haly — türkmeniň kalby» diýip örän jaýdar nygtaýar. Bu türkmen halkyna berlen ýokary bahadyr. Bu bahada belent mertebeli Prezidentimiziň öz halkyna bolan ymgyr uly söýgüsi bar. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |