KÜL TEGIN
Göktürk galkynyşlarynyñ serdary Ilteriş Gutlug kagan aradan çykan wagtynda biri sekiz, biri ýedi ýaşly iki sany çagasy yzynda galypdy. Olardan birinjisi soñra Bilge Kagan adyny alan Mergendi, beýlekisi bolsa milletimiziñ nusgalyk gahrymanlarynyñ biri Kültegindir.
Kakalarynyñ Hakyñ rehmetine gowuşmagyndan soñ, olar heniz kiçi bolansoñ tagta Ilterişiñ dogany Kapagan kagan geçdi. Kapaganyñ döwri göktürk(men)leriñ iñ gülläp ösen zamanasy boldy. Kapagan yzly-yzyna ýörişler geçirip, agasy Ilterişiñem gidip bilmedik ýerindäki türki kowumlary öz agalygy astyna alýar we Hytaýy türk(men) göçlerinden ýaña özlerini dürsäp bilmez ýaly ýagdaýa getiripdi. Ilterişiñ iki merdana ogly bu ýörişleriñ netijesinde halkyna we agalaryna uly-uly hyzmatlar etdiler.
Türki kowumlaryñ agzyny birikdirip, olara şan-şöhratly ýeñişleri gazandyran Kapagan ömrüniñ soñky ýyllarynda ýerliksiz permanlary bilen halkyñ gözünden düşüp başlaýar. Şol sebäpli käbir uruglar oña garşy aýaga galyp başlaýar we ýañy bir suprañ başyna jemlenen türki kowumlaryñ dagama howpy abanýar. Kapagan bu eden etmişleriniñ netijesini agyr ödeýär, ony duzaga düşürip öldürýärler. Bu pajygaly ölüm onuñ halka eden adalatsyzlyklaryna berilen adalatly jezady. Şunuñ ýaly gapma-garşylykly we howply zamanada Ilterişiñ ogullarynyñ Türküstanyñ häkimiýetini ele almagy türki kowumlaryñ ullakan bähbidine boldy. Emma Ilterişiñ ogullarynyñ tagty eýelemegi çözgüdi wajyp bir meseläni orta goýupdy: Eýsem bir ýaş tapawutly iki dogandan haýsy biri kagan bolmalydy? Bu wajyp sowala jogap edip, iki merdana doganyñ görkezen nusgalyk artykmaçlyklaryny görkezýärler. Çünki tagt Mergeniñ pikiriçe özündenem edenli hasaplaýan dogany Kültegine mynasypdy, Külteginiñ pikiriçe bolsa tagta agasy Mergen geçmelidi. Ilterişiñ ogullarynyñ maksady kaganlygyñ başyna geçmek däldi. Doganlaryñ bar maksady halkyna hyzmat etmek, dagap barýan agzybirligi gaýtadan gurmakdy. Aýratynam Kültegin bu pikirleriñ içinde gaýnap-joşýardy. Kagan bolmagy däl-de, kaganyñ emrindäki goşunlary dolandyrmak, duşmanlary derbi-dagyn etmek, dagap barýan boýlary gaýtadan birleşdirmek isleýärdi.
Iki dogan kaganlygy biri-birine kabul etdirjek bolup kän jan edýärler. Ahyrynda Kültegin özünden bir ýaş uly dogany Mergeni tagta geçmäge razy edýär. Mergen türk(men)leriñ kagany bolýar. Kültegin bolsa agasynyñ emrindäki goşunlaryñ baş serkerdebaşysy...
Kültegin Mergeni kagan bolmaga razy eden wagtlary halkyñ ýagdaýy juda ýaramazdy. Iki dogan kakalarynyñ we agalarynyñ halas edip beýge galdyran halkynyñ ady ýerde galmasyn diýip gije-gündiz hars urup başlaýarlar. Olar soñky ýyllarda agzybirligini ýitiren türki kowumlary öñki durkuna getirýänçäler arman-ýadaman zähmet çekýärler. Kültegin heniz agasynyñ kaganlyk döwründe ýörişlere gatnaşýardy. Şol wagtlar ol ýañy 16 ýaşyny doldurypdy. Ol ýaşy kiçi-de bolsa, diýseñ ruhubelentdi. Ol soñam arkaýynlyga ýol bermedi we özüni diñe taplady. Otuz bir ýyllap arman-ýadaman söweşlere gatnaşdy. Külteginiñ duşmanlara we türki kowumlaryñ agzybirligine garşy çykan käbir türki taýpalara garşy alyp baran söweşlere özbaşyna bir dessandyr. Kültegin heniz 20 ýaşyndaka jigitleriniñ başyny çekip, 50 müñ adamlyk goşun bilen üstüne gelen hytaýly generaly derbi-dagyn etmegi başarypdyr.
Kültegin juda köp gandöküşikli söweşleriniñ birini 21 ýaşynda başyndan geçirdi. Ýekme-ýek söweşde söz bilen beýan edip bolmajak okgunly hüjümleri gözsüz batyrlyk ýerine ýetirýärdi welin, türk(men) begleri onuñ görkezen gahrymançylyklaryny hiç haçan unutmadylar. Kültegin şol çaknyşykda üç gezek atyny çalyşdy. Ölen her atdan soñ ýene täzesine münüp, gaýtadan bat alyp hüjüme geçýärdi. Iñ soñky münen dor bedewiniñ üstünde söweşip ýörkä onuñ we atynyñ sowudynda ýüzdenem köp ok çümüp durdy. Tañrynyñ gudratyna haýran galaýmaly, hernä ol oklaryñ birem onuñ ýüzüne ýa kellesine degenokdy. Ahyrynda ol goşun söweş meýdanynda çym-pytrak edildi. Kültegin 26 ýaşyndaka gahryman kowumdaşlarymyz bolan gyrgyzlara garşy söweşdi. Gyrgyzlary boýun egdirmek üçin goşuny bilen gar bürenip ýatan Kögmen dagyny aşdy. Ganybir doganlaryna garşy ýaman elhenç söweşdi. Ak ata atlanyp hüjüme geçen Kültegin gyrgyz gerçeklerinden birini ok bilen ýere serdi, ikisini bolsa yzly-yzyna naýzadan geçirdi. Merdana gyrgyzlar garadan gaýtmaz batyr Kültegine boýun egmäge mejbur boldular.
Şol ýyl güýçli türgişler (türkmenleriñ onok boýy) garşy söweşýär. Ol bu söweş üçin Altaý dagyny aşyp, Yrtyş derýasyny geçýär. Çabga ýaly dökülen doganlary türgişlere garşy gaýduwsyzlyk bilen söweşýärler. Türgişler juda edermendiler. Emma Kültegine garşy durmak mümkinmi näme?! Olaram ahyrynda boýun egdiler.
Otuz bir yaşynda garlyklara garşy söweşdi. "Alp Salçy" atly ak atynyñ üstünde söweşen edermen Kültegin olary-da dyza çökerdi.
Ömürboýy söweşen we elmydama-da ýeñen göktürk(men) gahrymanynyñ söweşleriniñ hemmesi biri-birine çalym edýär: Olaryñ hemmesinde görlüp-eşdilmedik gahrymançylyklar we hemmesinde-de arzyly ýeñiş...
Külteginiñ gatnaşan söweşleriniñ arasynda iñ uly söweşini dokuz oguzlara garşy bolan söweş iñ ulusydy. Şol wagtlar dokuz oguzlar juda güýçlenipdi. Bilge kaganyñ deñsiz-taýsyz dogany olary-da boýun egdirmek üçin bir ýylda bäş gezek söweşe girmeli boldy. Birinji söweşde "Azman" atly atyna münüp, jigitleriniñ başyny çekip är meýdanyna girdi. Yzly-yzyna alty sany oguz ýigidini naýzadan geçirdi. Tyglar gynyndan çykyp, goşunlar ýüzbe-ýüz bolan pursatyndanam ýedinjisini gylyçdan geçirdi. Dokuz oguzlar juda ussat söweşijidiler. Emma merdana göktürk(men)leriñ öñünde olaram dyza çökýär. Bäş söweşiñ iñ gandöküşiklisi iñ soñky bäşinjisi boldy. Dokuz oguzlar bu çaknyşykda örän gorkunç hüjümleri edip göktürk(men) goşunynyñ karargähini (ştabyny) eýelemäge synanyşdylar. Eger garşylarynda Kültegin bolmadyk bolanda, geçirerdilerem... Emma Kültegin ýaly biriniñ elindäki karargähi almak añsat işmi näme?! Göktürk(men) serkerdesi bu söweşde görlüp-eşdilmedik derejede söweşdi. "Ögsüz" atly atyna atlanan Kültegin dokuz oguzlaryñ goşun bölümleriniñ hemme ganatyny yza serpikdirip, olary derbi-dagyn etmegi başardy. Karargähe hüjüm edenlerem edermen oguz-türkmen ýigitleridi. Emma Külteginem edermenleriñ edermenidi. Ol bu garpyşykda bir özi dokuz ýigidi atdan agdarypdy. Netijede karargäh göktürk(men)leriñ öz elinde galdy.
Bu çaknyşyk Külteginiñ iñ soñky söweşidi. Onuñ ömürboýy türki kowumlaryñ agzybirligi ugrunda gaýnap joşan ýüregi bu söweşde durdy.
Göktürk(men)leriñ gerçek ogly şehit düşende 47 ýaşyndady. Otuz ýyldan gowrak wagtyny jeñ meýdanlarynda geçiren türküstanly mert ýigidiñ göwresini gara ýer şol ýaşda dolap alypdy.
Baş serdaryndan jyda düşen türk(men) ili agyr matama bürendi. Bilge kagan ullakan ýug (gadymy türkmenlerde jynaza ýa-da adamy ahyrky ýoluna ugratmak çäresi) dabarasyny gurnady. Hytaýdan, dürli ýurtlardan ony ahyrky ýoluna ugratmak üçin ýörite toparlar gelipdi. Ölen ölensoñ, boljak iş bolansoñ kim gelende näme, kim gidende näme diýsene...
Ene toprak gujagyna gysan millionlarça oglunyñ ýanyna bu ogluny-da alypdy. Kaganyñ tutýan ýasynyñ soñy gelmedi. Ýogsa-da kim munuñ ýaly dogan üçin düýpsüz ýas ummanyna gark bolmazdy?
Külteginiñ halk üçin topraga siñip giden gününden bäri häzire çenli 1200 ýyldanam köp wagt geçipdir. Eýsem Gündogar Türküstan täze Kültegini ýa-da Külteginleri haçan ýetişdirerkä?!.
Neždet SANJAR, türk ýazyjysy.
Terjime eden: © Has TÜRKMEN.
Taryhy şahslar