09:35 Kyrk ýyldan soñ Moskwany gaýtadan açmagyñ begenji hem gynanjy | |
KYRK ÝYLDAN SOÑ MOSKWANY GAÝTADAN AÇMAGYÑ BEGENJI HEM GYNANJY
Ýol ýazgylary
Bir şäher açdym. Ähli gözelligi, goýny, syry, ulumsylygy, aýratynlygy we arassalygy bilen garşyma dikildi duruberdi. Aslynda bu şäher meniñ iñ gowy bilýänlerimiñ başyny çekýär. Ömrümiñ ep-esli bölegini ýaşan ýerim: ýigrimi ýylym şu ýerde geçdi. Moskwa ýagşy we ýaman ýatlamalarym bilen taryhymyñ köp sanly tapgyrlary bilen doly. Köp ýerinde meniñ üçin ýitip gitmeýän yzlar bar. Ýanyndan dähedem-dessemläp geçen köçelerim we binalarym az däl. Şonuñ üçin oña arkaýynlyk bilen "meniñ şäherim" diýip bilerin. Hem "meñki" diýen ýurdumyzyñ, şäherimiziñ we adamlaryñ aslynda tersine, biziñ dahylly bolup duranlarymyzdygyny-da ýatdan çykarmaryn. Meniñ Moskwa bilen baglanyşykly gaty köp duýgularym bar. Hemmesi gowy däl. Içinde ýaramazy-da bar. Dogrusy, Moskwa hem meni hemişe gowy görüp, gözi-gaşy çekip duranok. Orsyýetiñ paýgagty bir makalamda "Nireli?" diýen soragy orta oklap, sanan şäherlerimiñ arasynda Peterburgdan (Leningraddan) soñ ýazandygym üçin menden öýkeli bolmagy-da mümkin. Zyýany ýok. Men Moskwa bilen kelle süsüşjek derejede güýçli däl. Diñe öz göwnümiñ islän zatlaryna eýelik edip bilsem bolýar. Dawa-jenjelsiz aýrylyşandan soñ sypaýy we mümkingadar mähirli gatnaşyk saklaýan iki jübütiñ bolşy ýaly meniñ Moskwa bilen aramdaky gatnaşyk. Ol meni köplenç ýokardan synlaýar. Nesibe çekip gelenimde ýüzüme-de seretmeýär. Menem onuñ bu bolşuna üns bermeýän ýaly hereket edýärin. Iş-güýjümi dynýan-da, ýuwaşlyk bilen ony taşlap gaýdýaryn. Olam elbet yzymdan aglap duranok. Günleriñ bir güni gelýärem, içimde kül bolup gidendir öýden köne yşkym ot alyp tutaşyberýär. Garrapdyr, ýöne owadan garrapdyr, örän özüneçekiji bolupdyr diýip, gözümi aýyrman synlar oturaryn ony - Moskwany. * * * Bu gezek gözüme beter owadan bolup göründi. Gelen birinji günümden beýleki günler howa maýyl we güneşli boldy. Pyýada köp ýöredim. Günde azyndan 7-8 kilometr. Köp sanly duşuşygym, görmeli adamlarym bardy. Hersi şäheriñ bir ýerinde. Käbirleri bilen seýilgählerde we gök otly meýdanlarda duşuşdym. "Gorkiý" parkynda biri bilen görüşenden soñ ýakymlyja belkajyk bilen az-kem oýnadym Hem görşen adamlaryma (hemmesi-de syýasatçy) sözümiñ arasynda Moskwanyñ örän owadanlaşandygyny aýtdym. Hemmesi meni makullady, ýöne makullanlarynda o diýen duýgy syzmadym. Olaryñ bolşy meniñ dawa-jenjelsiz aýrylyşan aýalyma öýlenen, ýöne häzir şindizem meniñ ol aýalda görüp haýran bolan aýratynlyklarymy duýmadyk ýa-da öñler duýanam bolsalar, indi köpden bäri bizar bolan ärler ýalydy. Gürleşip durkak olar maña Putinden, Şoýgudan we Erdogandan gür berýärkä men käte diñe şähere göz aýladym, şäheriñ pikirini etdim we duýdum. Eýse Moskwa ýazda we tomusda has owadan bolýarmyka? Şeýle ýaly, owadanlygyny güjeñläb-ä bilýä peläket!.. Emma men onuñ lepbek-lepbek garyñ astyndaky görkana görnüşleriniñ berýän heýjanyny-da gowy bilýär. Dünýäde Moskwa ýaly ýalkymly şäher barmyka! Aýratynam şäheriñ merkezine gowy seredilýär, örän gowy ýagtylandyrylýar. Hem arassa, iñ merkezi köçelerinde dagy ýere mürepbe döküp ýalabermeli. Awtoulaglaryñ hereketi öwerlik däl. Emma düzgünlere biziñkiden has gowy eýerilýär. Iñ esasysy-da pyýada geçelgelerden arkaýyn bilýärsiñ: durman zymdyrylyp gelýän, üstüñe sürýän, hadam beteri zebralaryñ üstünde durýan alasamsyklar ýok soñky ýyllarda. Öñler bu jelegaýlarda jüwlükler, hülgentler, ogry-jümriler, her dürli talañçylar, garakçylar hyñ berýärdi. Häzirem ýoksuz däldir welin, ýöne az, jenaýat edilşiniñ derejesiniñ öñki ýyllara garanda pese gaçýandygy belli, muny duýup bolýar. Hem gymmat şäher. Nyrhlaryñ yzyndan ýeter ýaly däl we bu ýerleriñ baýy beter kän. Orsyýetiñ obalary bilen Moskwa iki aýry ýurt ýaly. Bu ýerde, aýratynam şäher merkezinde egin-eşikler we awtoulaglar ortaça aýlyk hakyndan ep-esli ýokarda. * * * Ýazgymyñ şu ýerinde soñky birnäçe gün bäri wagtal-wagtal özümi dürtgileýän soraglar ýadyma düşdi. Käbir okyjylarymyñ ýazgymyñ adyndan şu ýere çenli menden başgarak düşündirişe garaşyp oturan bolmagy-da mümkin. "Eý, žurnalist gardaş, eýle diýdiñ-beýle diýdiñ, ruhy ahwalym özgeripdir diýdiñ we birem Moskwany öwüp arşa çykardyñ. Eýse, bu ýurtda uruş ýokmy, gadyrdan? Halk - moskwalylar uruşyñ bolup duranyny duýanoklarmy?" Hawa, iki ýyl üç aý bäri uruş gidip dur. Üstesine soñky aýlarda kämahal Moskwa dron hüjümleri hem guralýar. Nyşana alynan binalaram boldy. Geçen gezek gelenimde şol sebäpden howa menzilinde iki sagat garaşmaga-da mejbur bolupdym. Ýöne durmuşyñam täsindigini diýsene, hiç zada pitiwa etmän öz akymyna gidip dur. Şüweleñi, aýdym-sazy, söwdasy, işi-güýji bilen gümra bolup ýörüşlerini göreniñde hiç uruş ýok ýaly. Moskwalylar hamana uruşdan bihabar ýaly ýaşaýar. Özara gürrüñdeşliklerde ýaşlar sessiz ýa-da sesli uruşa garşy çykýarlar. Orta ýaşdan aganlar munuñ tersine, Putin näme diýse goldaýarlar. Şeýle-de uruşa ugradylanlaryñ arasynda moskwaly ýaşlaryñ sanynyñ örän azlygy-da bellärlikli zat. Şäheriñ käbir ýerlerinde Ukraina we Günbatara garşy afişalar we şygarlar bilen sungatyñ üstünden añladylýan signallar ünsüñi çekýär. Şu ýazgyda ulanan fotosuratlarymy men birnäçe gün öñ alypdym. Soñkusy meşhur "Köne Arbat" köçesinde "Biz parahatçylygy söýýäris!" ("We bring peace!") ady bilen guralan sergidäki taryhy üstünlikler mysallar arkaly uruş boýunça ýazgylardan we suratlardan ikisini görkezýär. Umumy pikir: Düýn söweşdik we üstün çykdyk, şu günem üstün çykarys. Segseninji ýyllardan bäri tanaýan tanşym bilen görüşdim. Bilgeşleýin diýen ýaly uruş, Orsyýet, Ukraina, Günbatar temasyna girjek bolup duramzok. Bilip bolmaz, şunça ýyl geçensoñ didarlaşanymyzda tersleşäýmäli. Gürrüñimiz gutaransoñ mähirli hoşlaşýarys. Ýene görüşmek nesibede bolsun-da, hernä. Iñ soñunda-da Moskwa bilen hoşlaşyk pursatym gelip ýetýär. Ony täzeden açandygyma şat boldum. Hem şeýle gözelligi bilen ýene ondan aýrylmaly boljakdygyma azajyk gynandym. Şunça ýyldan soñ ony gaýtadan haladym, ýene bir gezek hemmetaraplaýynlygyna haýran galdym. Ýadyma düşübem hiç kime aýtmadyk soragymy okyjylarym bilen paýlaşsam gowy bolar (gep aramyzda galsyn ýöne): "Täzeden Moskwada ýaşasym gelermikä?" Hmmm... Şobada "ýok" diýip bilmesem gerek. Emma indi meniñ ýerim başga. Eýýäm bir gezek aýrylyşdyk. Täzeden goş birikdirmegiñ manysy ýok. Ýöne seniñ bilen aram-aram görüşip, çäksiz keýp alyp durjagym welin anykdyr, söýgüli Moskwa... Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 25.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |