21:47 Kysasyl enbiýa -10: Azazylyň Adam alaýhyssalama sežde etmändigi üçin näletlenmeginiň beýany | |
SEKIZINJI PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
AZAZYLYŇ ADAM ALAÝHYSSALAMA SEŽDE ETMÄNDIGI ÜÇIN EBEDI NÄLETE SEZEWAR BOLMAGYNYŇ BEÝANY Perişdeler hezreti Adama sežde edenlerinde ýüz ýyllap seždede galdylar. Olar seždeden başlaryny göterenlerinde bir betşekil döw sypat, ýüzi gara, gözi çukur, aýagy, goly, boýny nälet zynjyry salnan birini gördüler. Görseler, ol Azazyl eken. Ol melgunu-merdud şeýtan ebedi nälete we azaba sezewar bolupdyr. Perişdeler Azazyly bu halda görüp, başlaryny ýene seždä goýdular. Bu şükrana seždesini olar: «Hudaýa şükür, bu nälet bize däl-de, başga birine bolupdyr» diýip, şükür etdiler. Allatagaladan: «Eý, melgun, sen näme üçin meniň ýaradan zadyma sežde etmegi özüňe namys-u-ar bildiň?» diýen bir owaz geldi. Bu melgun: «Men ondan ýagşyrakdyryn. Sen meni otdan ýaratdyň, ony bolsa toprakdan ýaratdyň. Ot toprakdan ýagşyrakdyr». Men näme üçin oňa boýun sunup, sežde kylaýyn? Meniň ondan tapawudym bardyr» diýdi. Şeýtan bu pikiri bilen ezelden tä ebedä çenli betbagt boldy. Allatagaladan: «Sen nähili ondan ýagşy bolarsyň?» diýen bir owaz geldi. Şeýtan: «Otda bar sypat toprakda ýokdur. Otdaky nur Günde hem ýokdur. Ot bir aždarha ýalydyr. Onuň içine giren zat köýer. Hemme çig zatlary bişirmek onuň işidir» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Melgun! Munuň ýaly sözleriň hemmesi biderekdir. Sen dinden dänensiň, ezeli ulumsysyň. Munuň ýaly ulumsylyk meniň dergähimde pisint däldir. Men tekepbirlere azap görkezerin. Hoşgylyklylaryň, şirinküýlüleriň müşgilini aňsat ederin. Şu sebäpden ot aljyraňňy, bitakat we bisabyr bolýandyr. Agyrlyk we sururlyk toprakda bardyr. Men jennetleri hem toprakdan bina etdim. Jennetlerde ot ýokdur. Onuň üçin olara ýagşy diýerler. Dowzahy otdan ýaratdym. Onuň üçin hemme ondan gaçar. Azabyň hem jezanyň güzaby we ýamany ot bilendir. Topragyň oda hajaty ýokdur. Emma ot topragyň üstündedir. Ol onda mekan tutmasa alajy ýokdur. Eý, Iblis Mekgär! Sen hoşhüý we şirinküý toprak bilen munazara etme! «Eger seniň bu bapda şübhäň bar bolsa, ot bilen topragyň sözleşmegiňi özüňe pikirlenmek üçin goý! Olaryň biri-birinden artykmaçlyklary we gowulyklary bar bolsa, goý olaryň özleri aýtsyn». Toprak bilen oduň munazyrasy. Ot: «Eý, toprak! Meniň päk suratym şeýledir, meniň ýagtylygymdan garaňky gije gündiz dek röwşen bolýar. Men her gijäni asmanlardaky ýyldyzlar dek çyralar bilen röwşen edýän göwherdirin» diýdi. Aýat: «Men ody ýagşy gördüm, men size ondan alyp geleýin». Şeýdip, ot özüni köp taryplap, wasp etdi. Onda toprak başyny göterip: «Eý, ot! Seniň hemme işiň mekru-hilelik, özüňi uly tutmaklyk, hormat bilen mertebäňi uly görkezmek, meniň işim bolsa hezzet täjine pespällik topragyny taşlamakdyr, bendeçilige baş goýup ol täji oňa bermekdir» diýdi. Ot: «Eý, toprak! Men agşamu-säheriň nurdan doly göwheridirin. Allatagalany aýan edijidirin. Men hormat-hezzetiň şuglasydyryn. Men dowzahda öç alyjy şugladyryn»diýdi. Toprak: «Eý, ot! Sen köp gepleme, özüňe zulum etme! Eý, ot! Men seniň kimdigiňi bilýärin. Yzzat – horlukdandyr. Rahat saha¬watdan tapylar. Meniň ezizligim horlukdan ýüzlere gonýar. Meniň gubarlygym zor bezeglikdir. Men hemme älemiň agyrlygyny göterijidirin. Men hojalykçydyryn. Hemme halaýygyň eklenji meniň başymdadyr. Men asmanyň hazynasydyryn. Men älem-jahanyň agyrlygyny göterijidirin. Men ruh guşunyň höwürtgesidirin, pyssy-pujurlyklaryň derdini çekijidirin. Men hezreti Muhammet alaýhyssalamyň aýak basjak we onuň jaýlanjak ýeridirin. Men janyň höwürtgesidirin. Men ejiz ýer hem bolsam ýük göterijidirin. Men hemme gök daragtlara we ösümliklere yşk emjeginden mähir süýdüni emdirijidirin. Gaýyp älemiň ýaka ýyrtyklaryny müşk-u-zagpyran, gulab-u-anbar, hoşboý atyr ysly edijidirin. Hemme hazynalary men saklaýaryn» diýdi. Ýene: «Siziň Hudaýyňyz ýeke-täk Taňrydyr» aýaty bilen: «Menden bar edilen Adamyň synasyna sadapdyryn» diýdi. Perişdeler hezreti Adam alaýhyssalama sežde edenlerinde, Azazyl ar-namys edip: «Men otdandyryn, men toprakdan ýaradylan Adama sežde kylarynmy?» diýdi. Şol zaman Azazyl perişdelik mertebesinden düşüp, döw sypatyna geçdi. Onuň Azazyllygyndan melgunlyk peýda boldy. Allatagala ony behiştden ýer ýüzüne düşürdi. Ol onuň keramat lybasyny çykaryp peläket nalasyny geýdirdi. Ondan döwlet täjini alyp, ryswalyga saldy. Allatagala ony dergähinden kowdy. Azazyly gam-gussa we mähnetu-muşakgat derýasyna saldy. Hemme perişdeler, haýwanlar, mör-möjekler, agaçlar oňa nälet okadylar. Ol perişdeleriň söhbetinden mahrum boldy. Ýene şeýle diýipdirler: Azazylyň görk-görmegi hemme perişdelerden artykdy. Onuň ganatlary zümerretden we ýakut-dandy, tüýleri nurdandy. Oňa her bir asmanda bir at bererdiler. Ol taýpasy bilen Arşy mejidi togap ederdi. Hemme hüýr-gulmanlar we perişdeler onuň öňünde hyzmat ederdiler, gollaryny gowşuryp durardylar. Bularyň hormat-sylagy Azazylyň keşbine dogry gelmedi. Elkyssa, ol näpermanlygyň şumlugyndan nazy-nygmatdan we hezzet-hormatdan mahrum boldy. Ony jennetden çykaryp ýer ýüzüne taşladylar. Ol gelip bir derýa düşdi we bu derýada ýüz ýyl çümüp ýatdy. Ol köp mähnet-u-muşakgatlary tartdy. Onuň şumlugyndan bu derýanyň suwy şor boldy. Derýa «Şor» diýip at berdiler. Şeýtan derýada özüni döw sypatynda görüp: «Men köp tagat-ybadatlar kyldym. Ahyry işim şeýle boldy. Maňa näme bolsa hem şol bolar» diýdi. Ol küfr-usýana yhlas bilen gadam goýdy. Ol günä çölünde gezer ýörerdi. Bir gün: «Eý, Taňrym! Men köp ybadat kyldym. Indi ybadatyň muzduny ber!» diýdi. Allatagaladan: «Sen sabyr et, Men ony kyýamat güni bererin» diýdi. Şeýtan: «Maňa kyýamat güni näme bolsa şol bolsun! Maňa ony häzir nagt ber!» diýdi. Allatagala: «Sen näme alsaň al» diýdi. Şeýtan: «Maňa uzak ömür ber. Men sur çalynýança diri bolaýyn. Maňa Adam perzendiniň eti bilen derisiniň arasynda gezmäge hem ýol ber. Meniň ýöränimi olar bilmesin» diýdi. Allatagala: «Men saňa dilän zatlaryňy berdim» diýdi. Şeýtan: «Men hem olary aldym. Men adamlary özüm dek kylaryn» diýdi. Allatagaladan: «Eý, melgun! Sen asylary näme kylarsyň? Sen meniň saraýyma hiç gol urup bilmersiň. Sen ol äri waswasy kylyp bilmersiň» diýen owaz geldi. Allatagala bir perişdä: «Bu melgunyň gerdenine her güni gamçy ur. Emma hiç kim ony bilmesin, ol agyrysyndan uwlap dursun» diýip buýurdy. Ol perişde her gün şeýtany kowalap gelip, bir gamçy urar. Şeýtan ýüzüni aşak tutup, topraga bulanyp ýatar. Bu günüň ertesi hem şeýle bolar. Ol elmydama şu halatda we heläkçilikde gezer ýörer. Elbetde, hemme zadyň dogrusyny Allatagalanyň özi bilýändir. Päklik we ýardam bermeklik diňe Allatagalanyň öz emri bilendir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |