09:17 Kysasyl enbiýa -12: Adam ata-How enäniň tobasynyň kabul edilmeginiň beýany | |
ONUNJY PASYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HEZRETI ADAM BILEN HEZRETI HOWANYŇ TOBASYNYŇ KABUL EDILMEGINIŇ WE OLARYŇ GÜNÄDEN PÄKLENMEKLERINIŇ BEÝANY Hezreti Adam bilen hezreti Howa ikisi jennetde aýşy-eşret, halawat hem rahatlyk bilen ýördüler. Allatagala şeýtan melguny jennetden çykardy. Allatagaladan «Jennetiň işiginden hiç kim girmesin» diýen buýruk boldy. Emma şeýtanyň köňlünden hezreti Adama duşmançylyk etmek niýeti aýrylmady. Ol gije-gündiz: «Men Adamy özüm dek ederin. Ol jennetde süýjülik we rahatlykda bolup, men bolsa munda horlukda bolarynmy? Men şeýle ýagdaýda ýatsam, hiç iş bitmez. It ýörese süňk tapar, hatyn ýörese är tapar. Men hem ýöresem bir hile bilen myradyma ýeterin» diýip, pikri-hyýal etdi. Soňra ol ýer ýüzünden uçup, asmana bardy. Ol öz-özüne: «Men bir hile tapyp, özümi jennete salsam. Adama iýmek-içmegi buýursam, oňa şejereten memnugadan iýdirsem, myradym hasyl bolardy» diýip aýtdy. Şeýtan ite meňzäp, ýyndam ýöräp, jennetiň işigine geldi. Ol ýerde üç ýüz ýyl: «Jennetden bir kişi çyksa, men onuň bilen ýoldaş bolup, oňa girsem» diýip, arzuw edip oturdy. Tawus hazynaçylaryň biridi. Bir gün ol geçip barýardy. Iblisiň gözi Tawusa düşdi we: «Eý, guş! Iň owadan we iň mertebeli guş kimdir?» diýip sorady. Ol: «Tawusdyr, emma sen kim?» diýdi. Şeýtan ony ýanyna çagyrdy we: «Men Keru-bilezdendirin. Men her nepes hem tagaty-ybadatdan haly däl-dirin. Men: «Tagat kylan kişiniň jennetde derejesi belent bolar» diýip eşidipdim. Men özümiň menzil-makamymy görsem. Eger ybadatyň peýdasy bar bolsa, men ony köpräk etsem diýen pikir bilen bu ýere geldim. Sen indi maňa ýol görkezip, meni jennete alyp girseň?! Onsoň men tagat-ybadaty has köpräk kylardym. Eger meni jennete alyp girseň, saňa üç sany peýdaly zat öwredeýin. Olaryň birini okasaň, sen hiç haçan ölmersiň. Ýene birini okasaň sen hiç asy bolmarsyň. Üçünjisini okasaň, sen hergiz jennetden çykmarsyň» diýdi. Tawus: «Eý, perişde! Sen dogry aýdýarsyňmy?» diýdi. Iblis: «Meniň bu sözüm ýalan däldir» diýip, ant içip, awy ýalap, biçäre Tawusa mekirlik saldy. Tawus: «Bu iş meniň golumdan gelmez. Emma meniň bir byradarym bar. Bu işi diňe ol başaryp biler» diýdi. Iblis: «Beýle bolsa, sen şoňa aýt» diýdi. Tawus jennete girip, ýylany çagyryp geldi. Birinji haramzadalygy ýylan edipdi. Ýylan Iblise: «Men seni nähili jennete alyp girerin?» diýdi. Şeýtan: «Sen jennetden başyňy çykaryp, agzyňy açsaň, özüm onuň bir alajyny taparyn» diýdi. Ýylan agzyny açdy, şeýtan ýeňillik bilen onuň içine girdi. Ol ýylanyň yzyndan jennetiň içine çykdy. Jennet ähliniň hemmesi muny görüp: «Bu şum näletkerdäni jennetden kowup çykaraly» diýişip, ony bu ýerden çykarjak bolup köp jan çekdiler. Emma ony çykaryp bilmediler. Iblis Adam we Howa alaýhymassalamyň ýanyna geldi we olara dostsyran kişi bolup ýyglady. Bu ikisi ondan: «Sen näme sebäpden ýyglarsyň?» diýip soradylar. Şeýtan: «Men siz bilen aşna boldum. Men sizden aýryljakdygym üçin ýyglaýaryn» diýdi. Olar: «Biz näme sebäpden aýrylyşarys» diýdiler. Iblis: «Men siz behiştden çykarmykaňyz» diýip gorkýaryn. Çünki siz: «Şol agajyň miwesinden iýmesek, jennetde baky bolarys» diýýärsiňiz. Ol miweden iýeniň üç sany häsiýeti bolar, birinji – ol hiç haçan ölmez, ikinji – ol asy bolmaz, üçünji – ol hiç haçan jennetden çykmaz» diýdi. Bu sözden soň Adam alaýhyssalamda birazajyk meýil peýda boldy. Iblis Tawusa: «Eý, ýar janym! Meni şol şejereýi huldyň ýanyna alyp barsaň» diýdi. Tawus onuň öňüne düşüp, ony bu ýere alyp geldi. Iblis ol ýerde çenden köp ýyglady. Onuň bu agysyny eşidip, hezreti Howa hüýr gyzlar bilen bu ýere ylgaşyp geldiler. Iblis lagyn özüne amatly pursat tapyp, ýene: «Men size ynamdar nesihatçydyryn. Meniň size aýdan şol sözüm hakykatdyr» diýip, öňki sözüni gaýtalady. Ol bir sagatda ýetmiş gezek ant içdi we ýüz mekr-u-hile bilen hezreti Howany öz toruna saldy. Onuň bu waswasy hezreti Howa täsir etdi. Şeýtan hezreti Howa ýüzlenip: «Kim bu agajyň miwesinden öňürti iýse, ol şoňa köpräk täsir eder. Ol kişi hemmeden uly mertebeli bolar. Oňa hiç bir zat duşman bolmaz we kast edip bilmez» diýdi. Hezreti Howanyň meýli güýçlendi. Ol bu daragtyň ýedi hoşasyny goparyp alyp, onuň birini iýdi, galanlaryny bolsa gizläp, hezreti Adamyň ýanyna alyp geldi. Hezreti Howa: «Eý, Adam! Men ondan iýdim. Ol örän süýji eken. Ol baldan datly, ýagdan lezzetli we ýumşak miwe eken» diýip, köp taryplady. Hezreti Adam ony iýmegi unamady. Hezreti Howa ýene: «Eý, Adam! Allatagalanyň jomartlyk derýasy çäksizdir» diýip, ony ugruna goýmady. Ahyrynda hezreti Adam bir dänäni agzyna atdy. Ol däne onuň bokurdagyndan aňry geçip gitdi. Ol ýene bir dänäni agzyna salan wagtynda, eden ähdi ýadyna düşdi. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam onuň bogazyndan tutdy. Miwe onuň bokurdagynda ýumalak bolup galdy. Erkek adamyň bokurdagynda ýumalak bolmagy şu sebäpdendir, hatynlaryň bogazynda ol ýokdur. Adam alaýhyssalamyň ilki iýen dänesi heniz garnyna barmanka, behiştiň hülleleri bedeninden sypyrylyp düşdi, altyndan çaýylan täç başyndan uçdy, tagty ony ýere zyňyp taşlady. Ol ýalaňbaş we ýalaňaç halda galdy. Onuň gursagy asyldy we haly teň boldy. Adam alaýhyssalam nirede oturyp böwl edeýin diýse, onuň gulagyna: «Päk ýeri näpäk etme!» diýen owaz geldi. Oňa oturmaga hiç bir ýer ýokdy. Ol gaçyp ýördi, çykgynsyz ýagdaýa düşdi, içi bulanyp, hiç saklanyp bilmedi. Ol ahyry bialaç bolup ýazyldy we nejasatyny endamynyň gizlin ýerlerine aldy. Onuň nejasaty gizlän ýerlerinde myrdar tüýler peýda boldy. Olary alyp taşlamak şondan soň sünnet boldy. Adam ata hiç bir penalar ýaly ýer ýokdy. Ol daragtlary penalamak islese, olar hem ondan gaçdy. Hezreti Adam ýalaňaçlygyndan utanyp ýörerdi. Ol bu ýag-daýy käte Howadan, käte bolsa şeýtandan görüp: «Eý, Howa! Özüňe hem, maňa hem zyýan etdiň, «Eý, şumbagt şeýtan, sen meni bu hala düşürer ýaly men saňa näme ýaman iş etdim» diýip, gaharlanyp ýörerdi. Şeýtan: «Eý, Adam! Men seniň sebäbiňden bu ýagdaýa düşdüm. Men seni hem özüm ýaly etdim. Eýse, bu şermendeligi we peläketligi ýalňyz özüm görmelimi? Mendäki hal sende hem bolsun» diýip, hoş wagt boldy. Elkyssa, Adam alaýhyssalam gaçyp ýöräberdi. Ahyry ony jeýlan daragty tutup saklady. Adam alaýhyssalam ahy-nala kyldy. Daragt hergiz ony goýbermedi. Jeýlan: «Men seni goýbermerin. Eger goýbersem men hem seniň dek asy bolaryn» diýdi. Adam alaýhyssalam Allatagaladan aman diledi. Allatagaladan: «Eý, Adam! Sen niredesiň?» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Meni ýalaňaç halda igde daragtynyň şahalary saklap dur. Senden özge meniň perýadyma ýetişjek ýokdur» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Adam! Seniň bu halyň özüňiň permana boýun sunmazlygyňdan we şumlugyndandyr» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalam ýer ýüzüne düşen wagty, jeýlan daragtyny suwy ýok çöle äkitdi. Jeýlan daragtynda behiştde hezreti Adamy tutup alanyň ujy bardyr. Şol sebäpden jeýlany Adam alaýhyssalamyň ogullary suwdan aýry dikdiler. Hikmet: Hemme agaçlarda ot bardyr. Agaç suw içmese ot ony guradar. Hudaýtagala igde agajynyň oduny: «Ol guramasyn» diýip gidirdi. Elkyssa, Jebraýyl alaýhyssalam hezreti Adamy jennetden çykarmaga geldi. Allatagala oňa mähribanlygyny we rehmetini aýan etdi. Allatagaladan: «Eý, Jebraýyl! Adamy bu ýere getir!» diýip, perman boldy. Jebraýyl alaýhyssalam hezreti Adamyň golundan tutup, Hudaýtagalanyň dergähine getirdi. Allatagaladan: «Eý, Adam! Men seni toprakdan ýaratdym. Men seni iman ylmy bilen belent mertebeli etdim. Men saňa gözel sypat berdim. Seni perişdelere göterdip jennete girizdim. Saňa jennetiň nygmatlaryny nesip kyldym. Hezreti Howany jübüt eýledim. Men: «Bugdaýy iýme!» diýip, saňa gadagan etdim. Eýsem saňa: «Şeýtan seniň duşmanyňdyr» diýip aýtmadymmy? Sen bugdaýy näme üçin iýdiň?» diýen bir owaz geldi. Hezreti Adam: «Eý, Taňrym! Ol hökmi kim çykardy, kazany kim ýöretdi?» diýdi. Allatagaladan: «Ol hökmi men ýöretdim. Meniň hökmüm aýandyr, takdyrym gaýypdyr, buýrugym açykdyr. Sen näme üçin zahyry goýup, gaýyba dahyl bolduň?» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen nähili höküm kyl-saň kylýarsyň. Emma Sen Gafursyň, Halymsyň. Sen meniň eden günämi geçseň, meni ýalkasaň?!» diýdi. Allatagaladan Jebraýyl alaýhyssalama: «Adamy duşmany bilen jennetden çykar. Men Adamyň günäsini ýer ýüzünde ýalkaryn. Adamy goýber» diýip, perman boldy. Jebraýyl alaýhyssalam hezreti Adamy jennete goýberdi. Adam alaýhyssalam her bir daragtyň düýbüne baryp, owrat ýerlerini ýapmak üçin ýaprak diledi. Hiç bir daragt oňa ýaprak bermedi. Ol haýran-sergezdan bolup, ýyglap geziberdi. Taňrydan: «Eý, Adam! Her kim hojasynyň permanyna ters gelýän iş etse, şeýle güne düşer. Iki älemiň halky ony duşman tutarlar» diýen owaz geldi. Elkyssa, hezreti Adam injiriň ýanyna geldi. Ondan ýaprak diledi. Ol ýaprak berdi. Bir rowaýatda ol bäş ýaprak, başga bir rowaýatda dört ýaprak berdi diýilýär. Hezreti Adam owrat ýerlerini ýapdy. Şol wagt: «Eý, injir! Sen näme üçin Adama ýaprak berdiň?» diýip, owaz geldi. Injir: «Eý, Taňrym! Adamdan bir günä peýda boldy. Bir günä bilen gul öldürilmez. Emma men oňa öňki nazarym bilen garadym. Sen ony mahluklaryň iň ýagşysy edip ýaratdyň. Onuň keşbini öz goluň bilen ýasadyň, ruhuna özüňden dem berdiň. Perişdelere oňa sežde etdirdiň. Oňa hemme atlary öwredip, ylym berdiň. Ýene öz ýanymdan Hudaýtagala munça abraýa ýetiren bendäňi ahyry masgara edip taşlamaz. Munça çeken zähmetiňizi zaýa etmez diýdim. Men bu bendäň ýalaňaç ýöremegini rowa görmedim. Seniň hormatyňy saklap, oňa owratyny ýapar ýaly ýaprak berdim» diýdi. Allatagaladan: «Eý, injir! Men seniň bu häsiýetiň üçin seni agyry-dertlere derman etdim. Emma soraman, özüňçe iş edeniň üçin seni şemal iýsin. Özge daragtlaryň miwesi çiçeklik, seniň miwäň çiçeksiz bolsun» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalama: «Eý, Adam! Men saňa niçeme keramatlar etdim. Sen meniň permanlymdan çykdyň. Onuň üçin seni on sany bela duçar etdim. Sen olardan hergiz halas bolmarsyň. Birinji – ýalaňaçlyk, ikinji – ýazylmak, üçünji – deriň peý¬da bolmagy, dördünji – Hudaýtagaladan daş düşmek, bäşinji – Howadan üç ýüz ýyl jyda bolmak, altynjy – şeýtanyň duşmançylygy, ýedinji – seniň günäkärligiň hemme äleme ýaý¬ramagy, sekizinji – mal-pul üçin şeýtana şärik bolmagyň, dokuzynjy – Adam öwladyna dünýäniň zyndan bolmagy we dünýäniň mähnet-muşakgatlaryna, yssysyna hem sowugyna sezewar bolmaklygy, onunjy – owkat üçin ýüz-müň horluk we zarlyk tartmak. Sen zähmet çekmän bir bölek nan hem iýmersiň» diýen owaz geldi. Ondan soň hezreti Howa: «Eý, Howa! Sen näme üçin Adama bugdaý iýdirdiň? Seniň bu ýalaňaçlygyň permana boýun bolmazlyk şumlugyndandyr. Bu hatanyň başynda duran sen¬siň» diýen owaz geldi. Hezreti Howa: «Eý, Taňrym! Men beýle boljakdygyny bilmedim. Seniň dergähiňde kişi ýalan sözlemez» diýip oýladym. Ol bir sagatda ýetmiş gezek ant içdi. Men onuň içen antlaryna ynandym. Men Seniň keremiň ululygyna söýendim» diýip ýygladyň. Allatagaladan: «Eý, Howa! Seniň permana boýun bolmazlygyň üçin seni on alty sany bela duçar etdim. Birinji – garyn nejasaty, haýzu-nefas, ikinji – gursak ýazylmagy, üçünji – tolgak agyrysy, dördünji – äriň mähneti, bäşinji – äriň hökümi we onuň permanynda bolmak, altynjy – talakda äriň ygtyýarynda bolmak, ýedinji – mirasda ärden az zat almak, sekizinji – güwälige ýaramazlyk, dokuzynjy aklyň gysga bolmagy, onunjy – gazata gatnaşmakdan mahrum bol¬mak, on birinji – wehi-ylhamdan mahrum bolmak, on ikinji – ymamlyga ýaramazlyk, on üçünji – juma namazyna barmazlyk, on dördünji – aýyd namazlaryna barmazlyk, on bäşinji – jynaza namazyna barmazlyk, on altynjy – patyşalykdan mahrum bol-mak» diýen owaz geldi. Hekaýatda şeýle gürrüň getiripdirler: Haçanda hezreti Howa daragtdan miwe üzüp alanda, ol agaçdan gana meňzeş härse akdy. Bu dert hezreti Howada peýda boldy. Tä kyýamat gününe çenli haýzu-nefas derdi aýallara şondan soň miras galdy. Sowal: Haýzyň köpüsiniň on gün bolmagyna sebäp nämedir? Jogap: Hezreti Howa bugdaýy alyp gelýänçä on ädim ýöräpdi. Onuň üçin ol on gün boldy. Sowal: Haýzyň azynyň üç gün bolmagyna sebäp nämedir? Jogap: Bugdaýyň iýilmegi üç zat bilen hasyl boldy, ýagny aýak bardy, gol tutdy agyz bolsa iýdi. Sowal: Istihaza nämedendir? Jogap: Hezreti Adam alaýhyssalamyň tobasy kabul bolmazyndan öň ýyglany haýz boldy. Onuň hezreti Adam toba edenden soň, ýyglany istihaza boldy. Soňra päklenmäge höküm berildi. Sowal: Nefas näme zatdandyr? Jogap: Hezreti Howa bugdaýy alyp gelýänçä kyrk gezek dem aldy. Aýat: «Ol ikisi jennet agaçlaryndan – injiriň ýapragyndan alyp gat-gat edip uýat ýerlerini ýapdylar». Ondan soň Iblis, (goý, oňa nälet bolsun!): «Eý, melgun! Seni niçeme keramatlar bilen mertebeli etdim. Sen näme üçin permanymdan çykdyň? Sen özlügiňi unutdyň. Sen näme üçin Adam bilen Howany bu hala saldyň? Seni on bela duçar etdim. Birinji – senden ýer ýüzüniň patyşalygyny aldym, ikinji – asmanyň ululygyny aldym, üçünji – jennetiň hazynaçylygyny aldym, dördünji – seni perişdelik keşbinden çykaryp döw keşbine saldym, bäşinji – seniň Azazyl adyňy aýryp, Iblis goýdum, altynjy – seni kapyrlara baş etdim, ýedinji – seniň tobaňy kabul etmedim, sekizinji – hiç kişi seni dost tutunmaz, dokuzynjy – seni dowzahy etdim, onunjy – seni dowzah azabyna baky duçar etdim» diýip owaz geldi. Ibn Magaz (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) şeýle hekaýat aýdypdyr: «Men haja sapara gitdim we gije-gündiz ýal-ňyz ýöredim. Çölüň içinde garaňky gijede bir çirkin owaz eşitdim. Men: «Sen niçiksi jan we sen näme sebäpli ýyglaýarsyň?» diýip soradym. Ol: «Men Iblisdirin. Men näme üçin ýyglamaýyn? Öň men perişdelere mugallymdym. Men jennete erklidim. Men ýerde-gökde sansyz tagat etdim. Ahyry Allatagala meni näletläp, jennetden çykardy» diýdi. Men: «Eý, şeýtan! Sen munça ýyl sežde edipsiň. Näme üçin sen bir seždäni berjaý etmediň?» diýdim. Ol: «Men: «Eger Allatagala azap berse, deňlik etse gerek. Eger ol günäleri geçirse ikimizden deň geçirer» diýip oýladym. Ol Adamyň günäsini geçirdi, onuň uzruny kabul etdi. Aýat: «Hezreti Adam ähtnamany unutdy we biz onuň bu işi kastdan edendigine ýol tapmadyk». Emma ol menden geçirmedi. Aýat: «Iblis sežde etmekden boýun towlady. Ol tekepbirlik etdi we kapyrlaryň jümlesinden boldy». Men ondan ýene: «Hudaýtagala Adamy geçirip, näme üçin seni geçirmedi?» diýip sowal soradym. Ol: «Ezelde Adama enaýat bardy. Allatagala ony ösdürdi. Emma meniň hakymda ezelde enaýat ýokdy. Ol meni ýitirdi» diýdi. Bu ýerden ezelde berlen ýardam ebedilige ýeterlikdigi mälim boldy. Allatagala hezreti Adam alaýhyssalamyň keşbini taýýar edip goýdy. Ol wagt Azazyl gelip, ony masgaralap tüýkürdi. Hudaýtagaladan Jebraýyl alaýhyssalama: «Bu tüýküligi alyp towky nälet edip goý» diýip, perman boldy. Hezreti Jebraýyl ol tüýküligi alyp gelip, Arşyň töwereginde asyp goýdy. Azazyl hezreti Adamyň keşbiniň ýanynda dolanyp, bu nälet duzagyny gördi. Ol: «Bu näme edýän zatdyr?» diýip sorady. Perişdeler: «Bir pursatda mukarrap perişde Taňrynyň dergähinde kowular. Ol muny onuň boýnuna salar» diýip aýtdylar. Azazyl: «Müň nälet munuň ýaly zadyň boýnuna düşsün» diýip, bu nälet duzagyna ýene tüýkürdi. Emma oňa kär edip bilmedi. «Häzir hem ol onuň bilen urşup bilmez. Ol suwda ezilmez, oda köýmez. Onuň agyrlygy ýüz batmandyr. Ol Iblisiň (goý, oňa nälet bolsun!) boýnundadyr» diýipdirler. Elkyssa, nobat Tawusa geldi. Ony käkilinden tutup alyp getirdiler. Allatagaladan: «Eý, Tawus! Hemme belanyň başy sensiň» diýen bir owaz geldi. Tawusyň sekiz ýüz ganaty bardy. Onuň ganatlary dürli reňkler bilen bezelendi. Tumşugy gyzyl lagldan, başy zümerretden, boýny zeberjetden, penjesi ýakutdandy. Ol şeýtana hyzmatkär bolany sebäpli onuň hemme ganatlaryny ýolup, diňe iki ganatyny goýdular. Ony urup, kowup jennetden çykardylar. Nobat ýylyna ýetdi. Onuň düýäniňki dek dört aýagy, dürli öwüş¬gün atýan ýaşyl reňkli zeberjetden bedeni, merweritden dişleri, jennetiň ýüpeginden dili, arkasynda günüňki ýaly reňki bardy. Garaz oňa göwherlerden zynat we bezeg berlendi. Ýylanyň bedeni mensuh boldy. Şeýtan agzy bilen al berendigi üçin onuň agzyna zäher guýup, jennetden çykaryp kowdular. Allatagaladan: «Sen bu belanyň başy sebäpkäri bolduň. Adam perzendi seni hiç wagt dost tutunmaz. Başyň bilen dik durup ukla, göwsüň bilen süýrenip ýöre. Höregiň köpüsi toprak bolsun. Ömrüň hory-zarlyk bilen ötsün. Her ýerde seni Adam perzendi görse, başyňy ýenjip heläk etsin» diýen owaz geldi. Ýylanyň aýagyny kesip, jennetden çykardylar. Elkyssa, tä bular çykýança jeýlan daragty Adam alaýhys-salamyň käkillerinden tutup durdy. Ýene bir rowaýatda ol behiştiň içinde wagşy bolup, keýik ýaly ýörerdi diýipdirler. Şu wagta çenli ol jeýlan daragtyna duçar bolupdyr. Allatagaladan: «Eý, jeýlan! Adamy goýber!» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalam: «Men bu beladan halas bolmak üçin: «Eý, Taňrym! Sen meniň suratymy öz zehiniň bilen ýaratmadyňmy? Özüň ruhuňdan dem berip, perişdelere sežde kyldyryp, jennetde ýaşa diýmediňmi? Eý, Taňrym! Men bilmedim. Meni bilmän eden günäm üçin beýle ryswa kylma. Eý, Taňrym! Öz eden keramatlaryňy zaýa etmeseň, duşmanlaryňy mundan köp hoşal kylmasaň?!» diýip, ahy-nala etdi. Allatagaladan: «Eý, perişdeler! Bu günäkäri süýräň» diýip, bir owaz geldi. Perişdeler Adam alaýhyssalamy süýrediler. Ýene bir rowaýatda şeýle diýipdirler: Hezreti Adam: «Eý, Taňrym! Sen menden magsum, ylymly weliler, salyh, muttaky çykararyn» diýmediňmi? Olaryň hormatyndan maňa rehim edip, meni jennetden çykarmasaň» diýdi. Allatagala: «Alyň, bu asyny» diýdi. Bu biçäre Adam iki goly bilen iki daragty tutup durdy. Perişdeler ony çekip, süýräp ýördiler. Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Sen: «Musa kelimullany senden çykaryp Tur dagynda sözleşerin, Ybraýym Halylyllany, Ýakup Ysraýylullany, Ýusup Syddykullany, habybym Muhammet resulallany seniň öwladyňdan çykararyn» diýmediňmi? Sen meni beýle ryswa etme! Dostuň Muhammediň hormatyna maňa rehim et» diýdi. Taňry: «Eý, perişdeler! Ol dostum Muhammedi şepagatçy tutundy. Indi, siz ony ýumşaklyk bilen tutuň. Ol onuň bereketinden herne dilese tapar» diýip, ony behiştden ezizlik bilen çykardy. Hezreti Adam Jebraýyl alaýhyssalamdan: «Eý, doganym Jebraýyl! Meni nirä alyp barýarsyň?» diýip sorady. Jebraýyl alaýhyssalam: «Seniň aslyň toprakdyr. Häzir hem men seni ýer ýüzüne topragyň gaşyna alyp barýaryn» diýdi. Onda Adam alaýhyssalam gamgyn bolup: «Eý, doganym Jebraýyl! Men uluwiýýada ryswa boldum. Indi, bu suflide meni ryswa etmeseňiz» diýdi. Hezreti Jebraýyl: «Eý, Adam! Siz belent mertebeli kişidiňiz. Siziň halyňyz uluwiýýada hem suflide hemmä mälimdir» diýdi. Adam alaýhyssalam köp ýyglady. Onuň nalasyndan daşlar eräp suw boldy. Ondan soň ol togtap, perişdeler bilen hoşlaşdy. Ol zaman günäkärleri ýeriň ýüzüne eltip her ýere taşladylar. Adam alaýhyssalam Serendip dagyna, hezreti Howa Jidde dagyna, Tawus Hebeşe, ýylan Basra, şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) Yspyhana düşdi. Ol sebäpli hemme pyssy-pyjurlyk, pisad-u-zyna we loly, ogry, nähak gan dökmeklik, şeraphorluk, humarbazlyk, süýthorluk, gybatkeşlik ýaly ýaman işler bu ýerde çykyp äleme ýaýylandyr. Elkyssa, Adam alaýhyssalam Serendibe düşdi. Şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) hemmä: «Eý, ýaranlar, ýer ýüzünde bir zat peýda boldy. Ol sütemkärdir, ol sizi işleder. Siz ony öldürmeseňiz, onuň berjek jepasyndan gutulmarsyňyz. Ýogsa ertir onuň perzentleri köp bolar. Soňra siziň olara güýjüňiz ýetmez» diýdi. Munça gezendeler ýygnanyp, hezreti Adamyň ýanyna geldiler. Olar Adam ata haýbat atdylar. Adam alaýhyssalam olardan gorkdy. Allatagaladan: «Itiň başyny sypala» diýip bir owaz geldi. Ol itiň başyny sypalady. It gezendelere topulyp, olary kowup, güýji ýetenini öldürdi. Olaryň käbirine bolsa haýbat atyp, kowdy. Allatagala itiň Adama wepaly bolandygy üçin şeýdip oňa ýoldaş etdi. Rowaýatda ýene şeýle gürrüň getirilipdir, it janawar enesinden doglan wagty üç zady biler. Birinji Ýaradany, ikinji höregini, üçünji duşmanyny tanar. Hekaýat. Pygamber alaýhyssalam: «Alty guşy öldürmäň: Birinji – garga Adam alaýhyssalama golawuz boldy. Ikinji – garynja Süleýman alaýhyssalama nesihat berdi. Üçünji – gar-lawaç, ol Haşar süresini okar. Käbir alymlaryň aýmaklaryna görä, garlawaç Beýtil-mukaddes bozulanda ýyglany üçin, ol sebäpli onuň bagry ak bolupdyr. Dördünji – Hüthüt Süleýmanyň ilçisidir. Bäşinji bal arysy, onuň baly Adama şypa bolar. Altynjy –baýguşdyr» – diýipdir. Elkyssa, Jebraýyl alaýhyssalam hezreti Adamy ýerde goýup, yzyna döndi. Adam alaýhyssalam hetdenaşa köp ýyglady. O Altynjy – Altynjy –nuň bu agysyny Allatagaladan başga eşitmedi hiç kim. Ol perişanlykdan käte gözýaşyna bulanardy. Onuň aýralykdan çekýän gynanjy hiç peselmedi. Ol ýaryna muştak bolup, kä başyny ýere urdy, käte dyz-aýaklaryny tutup, köp ýyglady. Onuň gözlerinden akan ýaşy uly suw bolup, akymaga başlady. Elkyssa, Adam alaýhyssalam düşen ýerinde köp ýyglady. Onuň gözýaşynyň daman ýerlerinden ajy däriler peýda boldy. Hezreti Howanyň göz ýaşlaryndan anbar, sünbül, galanfur, hyna we semen öndi. Kyýamat gününe çenli hatynlara şol otlardan özlerine zynat we bezeg bermeklik miras galdy. How enäniň derýa daman her ýaşyndan göwher sadaplar we jöwherler peýda boldy. Emma Adam alaýhyssalamyň gyjalatdan we günäkärliginden ýaňa ýüzi ýokary galmazdy. Onuň gözünden akan ýaşyny haýwanlar gelip içerdiler. Ýöne hergiz ondan ganmazdylar. Olar muny «Gowy suw eken» diýip, höwes bilen içip, onuň üstünde dalaşardylar we ony taryp ederdiler. Hezreti Adam bolsa: «Bular maňa tagna edýärler» diýip, perişan bolardy. Allatagaladan: «Eý, Adam! Sen ras aýdýarsyň. Seniň gözüňden damýan ýaş meniň rehmet derýamdyr. Ol joşmasa göz çeşmeleriniň işikleri açylmaz» diýip bir owaz geldi. Bu sözden soň Adam ata biraz köşeşdi. Elkyssa, Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Seniň şunça mukdar ýyglamagyň sebäbi nämedir?» diýdi. Hezreti Adam: «Men Firdöwsden aýryldym, jübütim Howadan hem uly hezzet-hormatdan jyda boldum. Onsoň men ýyglaman niçik hoşwagt bolaýyn?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Mülk eýesi islese berer, islese hem alar» diýdi. Elkyssa, bu janawarlar birnäçe wagtlap Adam alaýhyssalamyň ýanyna geldiler. Olaryň arasy dura-bara kesilmez boldy. Olar: «Bu Adam Hudaýtagalanyň günäkäri eken. Onuň bize şeri ýokarydyr» diýip aýtdylar. Adam alaýhyssalam muny eşidip: «Eý, Taňrym! Meni jennetde perişdeleriň, bu ýerde bolsa haýwanlaryň tagnasyna goýduň» diýip, ýene köp ýyglady. Ol Allatagalanyň mähribanlygynyň eserini az-kem aňlady. Adam alaýhyssalam injiriň beren ýapragy bilen owratyny ýapyp gelipdi. Ol gurap, ýyrtylyp, şemalda uçup gitdi. Ol ýaprak nirä baryp düşse, şol ýerden hoşboý ösümlikler öndi. Zagpyran, ýasmin, sandal ýaly otlar injir ýapragyndan peýda boldy. Ony keýik iýdi, göbeginden müşk peýda boldy. Ony öküz iýdi, tezeginden anbar peýda boldy. Ibn Apbasyň (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýdan rowaýatynda: «Bu bäş ýapragyň birini keýik iýdi, müşk peýda boldy. Birini öküz iýdi, tezegi anbara öwrüldi. Birini ary iýdi, bal peýda boldy. Birini ýüpek gurçugy iýdi, pile peýda boldy, biri ýere düşdi, pagta peýda boldy» diýilipdir. Adam alaýhyssalam bilen hezreti Howa ýer ýüzüne düşenlerinde bu şermendeliklerinden hergiz ýokary bakmazdylar. Olar kyrk gije-gündiz hiç tagam iýmediler. Olaryň içleri aç, bedenleri bolsa ýalaňaçdy. Olaryň bogazlaryndan hiç bir zat ötmän, garynlaryna garynja giren ýalydy. Olar hergiz muňa takat edip bilmeýärdiler. Jebraýyl alaýhyssalam gelip, onuň hal-ahwalyny sorady. Hezreti Adam özüniň ýagdaýynyň perişandygyny aýdyp berdi. Emma ol muny: «Şikaýat bolarmyka?» diýip gorkardy. Bugdaý iýlen wagty onuň şahasy altyndandy, çöpi kümüşdendi, ýapragy zeberjetdendi, miweleri datlydy. Onuň ululygy kişmiş ýalydy. Hezreti Adam: «Şol bugdaýdan bir iýsem» diýip, köp arzuw ederdi. Allatagaladan: «Eý, Adam! Sen rehmet dileseň, Mekgä bar. Ol ýerden islän zadyňy iýersiň» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Men ol ýeriň nirededigini bilmeýärin» diýdi. Hudaýtagala bir guşy oňa galawuz, ýagny ýol görkeziji etdi. Arap dilinde onuň ady Ahyldyr, türki dilinde bolsa gök gargadyr. Ol asmandan uçdy, hezreti Adam onuň yzyndan ýöredi. Adam alaýhyssalam Käbäniň ýerine geldi. Allatagala onuň günälerini geçirdi. Oňa jennetden at, düýe, sygyr, öküz we goýun goýberdi. Allatagala: «Düýäni ýük urmak üçin, sygyry sagyp süýdüni içmek üçin, öküzi goşa goşmak üçin, goýnuň süýdüni içmek we etini iýmek, ýüňüni ýazyna lybas etmek, derisini gyş lybas etmek üçin ulanylsyn» diýdi. Kim goýun, sygyr saklasa onuň bereketi kem bolmaz. Perişdeler ol kişä rysgal dilärler. Ol öküzine sebäpsiz sögünse, nähak gan döken bilen barabar bolar. Elkyssa, hezreti Adam bir goçgary soýup iýdi, ýüňüni egirdi we dokady. Ol Adam alaýhyssalama hyrka, hezreti Ho-wa köýnek boldy. Şondan soň Adam perzentlerine muýna geýmek sünnet boldy. Hezreti Adam ol goçgaryň etini iýip, güýjüne geldi. Şonuň üçin: «Ýer ýüzünde goýundan bereketli mal ýokdur» diýipdirler. Pygamber alaýhyssalam: «Bir goýun bir bereketdir, iki goýun iki bereketdir, köp goýun genji-hazynadyr» diýdi. Ondan soň Adam ata üç däne bugdaý getirip berdiler we: «Munuň iki dänesi saňa, bir dänesi Howa bolsun» diýdiler. Bugdaýyn agramy ýüz segsen müň dirhemdi. Hezreti Adam: «Muny iýsem» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam oňa: «Eý, Adam! Muny ekip köpelt» diýdi. Elkyssa, hezreti Adam ertir bilen ony ekdi. Ol ösüp gijara bişdi. Ol ony üwäp, un edip, nan ýapyp gömdi, ol bişdi. Onuň ululygy müň bäş ýüz gezdi. Nan onuň golundan gaçyp, tigirlenip gitdi. Adam alaýhyssalam onuň yzyndan kowalady. Bu sebäpli Adam perzentleri özleriniň gün-güzeranlary üçin ýüwürerler. Ol nany Jebraýyl alaýhyssalam üç bölege böldi. Onuň iki bölegini hezreti Adamyň, bir bölegini hezreti Howanyň nesibesi diýip berdiler. Adam alaýhyssalam ol nany iýdi, garny agyrdy. Jebraýyl alaýhyssalam onuň golundan tutup, ýazylmak üçin bir ýere alyp geldi. Adam alaýhyssalam ýazylmak üçin oturdy. Bir ýel peýda boldy. Hezreti Adam ondan: «Eý, doganym Jebraýyl! Bu nähili zatdyr?» diýip sorady. Jebraýyl alaýhyssalam: «Bu seniň ykbalyň şumlugyndandyr» diýdi. Bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Jebraýyl alaýhyssalam üç däne bugdaýy getirip, onuň iki dänesini hezreti Adama we bir dänesini hezreti Howa berdi. Ikisi olary ýere ekdiler. Ol gijara çenli ýetişip bişdi. Adam alaýhyssalamyň ekeni bugdaý boldy. Hezreti Howanyň ekeni arpa boldy. Arpa jennetde ýokdy. Ol wagtdaky bir gün häzirki döwrüň bir ýylyna deňdi. Bugdaý şeýle köp boldy. Olar: «Indi öküz goşup, ekeli» diýip, öküzi goşa goşdular. Öküz öň jennetde otlap ýören bir maldy, onuň garny açdy. Ol ýöremän togtap galdy. Hezreti Adam ony taýak bilen urdy. Öküz: «Eý, Adam! Sen meni näme üçin urýarsyň?» diýdi. Adam: «Sen meniň permanyma boýun bolmadyň» diýdi. Öküz: «Sen hem Hudaýtagalanyň permanyna boýun bolmadyň, emma ol seni urmady» diýdi. Hezreti Adam öküziň bu sözüne haýran galdy. Allatagaladan: «Eý, Adam! Sen oňa: «Allatagala seni urmak üçin taýak iberipdir diý» diýip, bir owaz geldi. Hezreti Adam ol sözleri diýdi, öküz bialaç boldy. Elkyssa, bugdaý bişdi. Ony orup, ýygyp, ýenjip, şemala sowryp goýdular. Olar öküze: «Sen bu işe şärik bolduň. Munuň bir bölegini sen al» diýip aýtdylar. Öküz bugdaýa garady, az göründi. Samana garady, köp göründi. Ol samany aldy. Bugdaý Adam alaýhyssalama galdy. Ondan soň bir gezek öküz bugdaýy ogurlap iýdi. Onuň lezzetlidigini soň bilip, puşman etdi. Emma hiç peýdasy bolmady. Päklik we ýardam bermeklik Allatagalanyň öz erki bilendir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |