15:59 Kysasyl enbiýa -14: Habylyň we Kabylyň wakalarynyň beýany | |
ÜÇÜNJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
HABYLYŇ WE KABYLYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Ondan soňra hezreti Howa tiz wagtdan göwreli boldy. Ol her garynda bir ogul we bir gyzdan dogdy. Birnäçe wagta çenli ol gyzy bu ogula alyp berdiler. Ondan birnäçe wagta çenli olary almaşdyryp, biri-birine alyp berdiler. Hezreti Howa on dokuz ogul-u-gyzy ekiz dogdy. Ol diňe Şis alaýhyssalamy ýalňyz dogdy. Ondan soň ol Yklyma diýen gyz bilen Kabyly we Albuda diýen gyz bilen Habyly dogdy. Allatagala: «Eý, Adam! Albudany Kabyla, Yklymany bolsa Habyla alyp ber» diýip buýurdy. Bu söze Habyl razy boldy, emma Kabyl razy bolmady. Adam alaýhyssalam: «Beýle etmek saňa rowa däldir» diýdi. Kabyl: «Ol nähili garyndaş bolsa, bu hem şonuň ýalydyr» diýdi. Adam alaýhyssalam: «Onuň ýaly bolsa, ikiňiz gurbanlyk beriň. Haýsyňyzyň gurbanlygyňyz kabul bolsa, Yklymany şol alsyn» diýdi. Habyl bir semiz goýny getirip, gurbanlyk ediljek ýerde goýdy. Kabyl hem bir halta bugdaýy getirip, şol ýerde goýdy. Gökden ot düşüp, Habylyň goýnuny köýdürdi, Kabylyň bugdaýyny bolsa köýdürmedi. Iblis (goý, oňa nälet bolsun!) gelip, Kabyla: «Habylyň gurbanlygy onuň Allatagalanyň gaşynda hormatynyň bardygy üçin kabul boldy. Ataň hem ony şunuň üçin gowy görýär. Adamyň maksady ony öz ýerine halypa goýmakdyr. Ol gyzy hem oňa berer» diýdi. Kabyl gaharlanyp: «Men Habyly öldüreýin. Gyz hem maňa galsyn» diýdi. Ol Habyly öldürmekligiň kasdyna düşdi. Emma ol entek öldürmegiň ýoluny bilmeýärdi. Bir gün şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) adam keşbine girip, bir guşy tutup, ony daş bilen urup, onuň başyny ýençdi. Ol guş öldi. Kabyl ony görüp, öldürmegiň ýoluny öwrendi. Ol Habyla: «Men seni öldürerin» diýdi. Habyl: «Men seniň bilen dawa etmeýärin. Men Allatagaladan gorkýaryn» diýdi. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Eger-de sen meni öldürmek üçin eliňi uzatsaň hem men seni öldürmek üçin elimi uzatmaryn. Men hemme älemleriň eýesi Allatagaladan gorkýaryn». Adam alaýhyssalam bir gün Käbäni togap etmek üçin barýardy. Habyl bolsa jeňňelde goýun bakyp ýördi. Kabyl ony bir daş bilen urup öldürdi. Kabyl: «Bu özünden gidendir, ol men gidenimden soňra turar» diýip, ol ýerden gitdi. Kabyl üç günden soň gelip baksa hem Habyl şol ýatyşyna ýatan eken. Ol bu işi nähili ýaşyrjakdygyny bilmedi we: «Atam bu işi menden görer. Ol meni hem şunuň ýaly eder» diýip, howsala düşdi. Ol: «Muny gurt-guşlar iýer» diýen niýet bilen Habyly bir gaba salyp, üç gün arkasynda göterip gezdi. Gurt-guşlar: «Ony haçan ýere goýar? Biz ony iýeli» diýip, onuň yzyna düşdüler. Kabyl ony öldürenine puşman etdi. Birden bir ýerden iki sany garga geldi. Olar biri-biri bilen uruşdylar. Olaryň biri beýlekisini öldürdi. Diri garga tumşugy bilen ýeri gazyp ölen gargany gömdi. Kabyl ony görüp, ölüni gömmegi öwrendi. Ol Habyly ýere gömdi. Bu mazmuna şu aýat delildir: «Soňra Allatagala Kabyla doganynyň jesedini nähili jaýlamalydygyny öwretmek üçin iki sany gargany iberdi. Ol iki garga özara urşup, biri beýlekisini öldürdi. Diri galany çüňki we aýagy bilen ýeri gazyp, garganyň jesedini gazan çukuryna taşlady we onuň üstüni gömdi». Kabyl bu ýagdaýy gördi. Ulamalar: «Kabylyň bu puşmany doganyny öldüreni üçin däldi. Eger şeýle bolsa, ol toba ederdi we kapyr bolmazdy. Kabyl ölüni ýere gömmegi bilmeýärdi. Ol: «Men bu jesedi şunça wagtlap arkamda göterip gezdim. Ony başda gömäýmeli ekenim» diýip oýlandy. Ine, onuň bu puşmany şonuň üçindi. Hezreti Adam Käbä barýarka: «Men gelýänçäm muny ýagşy sakla» diýip, Habyly asmana tabşyrdy, asman kabul etmedi. Ol ondan soň ýere aýtdy, ol hem kabul etmedi. Ol muny daga aýtdy, ol hem kabul etmedi. Diňe ony Kabyl kabul etdi. Sebäbi onuň maksady ony öldürmekdi, ol ahyry amanata hyýanat etdi» diýipdirler. Şeýle rowaýat aýdýarlar: Habylyň Kabyly saklamakçy bolanyna bir top söwüt güwädi. Emma Allatagala tabşyrylsa, Habyl salamat bolardy. Adam alaýhyssalam Habyly gözläp söwütden sorady, ol jogap bermedi. Ol bu sebäpden miwesiz boldy. Habyl ýigrimi ýaşyndady. Kabyl Habyly öldüren wagtynda ýer ýedi gije-gündiz titredi. Hezreti Adam hajdan gaýdyp geldi. Onuň perzentleriniň hemmesi görüşmäge geldi. Emma Habyl görünmedi. Ol: «Habyl hany?» diýip sorady. Kabyl: «Habylyň goýny meniň ekinime giripdir. Şonuň üçin ol utanyp gelen däldir» diýdi. Adam alaýhyssalam: «Sen muny beýle diýýärsiň. Emma men bu ýerde Habylyň ganyny görýärin» diýdi. Kabyl: «Men ony öldürdim» diýdi. Adam alaýhyssalam: «Eger ýer Habylyň ganyny çykarmasa Taňrynyň oňa näleti bolsun!» diýdi. Habylyň gany ol ýerden gaýdyp çykdy. Şol günden bäri Adam perzendiniň gany ýerde ýatmaz we äşgär bolar diýilýär. Habylyň gömülen ýeri şor açyp tiken bitdi. Elkyssa, Kabyl Habyly öldürdi. Düýe, at, eşek we başga janawarlar: «Garyndaşyň garyndaşa rehim-şepagaty galmady, beýle iş öň bolmandy. Adam perzendinden hiç kişi ölmändi» diýip, daglara gaçyp çykdylar. Hekaýatda şeýle diýipdirler: Kabyl Habyly öldürdi. Iblis (goý, Oňa nälet bolsun!): «Eý, Kabyl seniň gurbanlygyňy Hudaýtagala sen oda sežde etmändigiň üçin kabul etmedi. Habyl çöllerde ýöräp çakyr içdi we oda sežde etdi. Şol sebäpli onuň gurbanlygyny Taňry kabul etdi» diýdi. Iblis (goý, oňa nälet bolsun!) bir demde ýetmiş gezek ant içdi. Ondan soň Kabyl oda sežde etdi. Bu zatlar barada Adam alaýhyssalam eşitdi. Ol Kabyla beýle işlere meşgul bolmagy gadagan etdi. Hezreti Adam onuň yzyndan kyrk kişini iberdi. Olar çakyr içmegiň tomaşasyny gördüler. Olaryň hemmesi Kabylyň ýoluna girdiler. Hemme günä işleri we bozuklyk Kabyldan adamzada adat bolup galdy. Elkyssa, Adam alaýhyssalam bulara: «Men sizden bizardyryn» diýip, bet dileg etdi we olaryň yzyndan kowdy. Olar daglara, çöllere gaçyp gizlendiler. Olar soňra köpelip gitdiler. Habarda ýene şeýle diýlipdir: Hezreti Adam: «Eý, Taňrym! Ýeri meniň permanymda kylsaň?!» diýip, arz etdi. Hudaýtagala ýere: «Adam näme diýse, şony et» diýip, perman berdi. Hezreti Adam Kabylyň ýanyna gelip, oňa: «Eý, ýer, ony ýuwut!» diýdi. Ýer ony aşyklygyna çenli ýuwutdy. Kabyl gorkup: «Eý, ata! Maňa rehim et» diýdi. Adam alaýhyssalam: «Sen doganyňa rehim etmediň. Indi men saňa niçik rehim edeýin?» diýdi. Ol ýene ýere: «Eý, ýer, ony ýuwut!» diýdi. Ýer ony dyzyna çenli ýuwutdy. Kabyl ýene: «Eý, ata! Sen günäkär bolduň. Soň Hudaýtagala ýalbaryp toba etdiň. Ol seniň günäňi geçdi. Sen hem meniň günämi geç» diýdi. Adam alaýhyssalam: «Men bir däne bugdaýy iýdim. Sen nähak ganhor bolduň» diýdi. Hezreti Adam ýene ýere: «Ony ýuwut» diýdi. Ýer ony biline çenli ýuwutdy. Kabyl: «Eý, ata! Remezan aýynyň her gijesinde ýüz bölek rehmet ýagar. Onuň togsan dokuz bölegi barça möminlere, bir bölegi özge zatlara degişli bolar» diýip aýdardyň. Bu gün ol bir bölegi Hudaýtagaladan dile» diýdi. Adam alaýhyssalam: «Birehimlere ol rehmetden nesip bolmaz» diýdi. Hezreti Adam ýene ýere: «Ony ýuwut!» diýdi. Ýer ony bogazyna çenli ýuwutdy. Kabyl Adam alaýhyssalamdan umydyny üzüp: «Eý, Taňrym! Men atamdan umydymy üzdüm. Indi men diňe saňa umyt edýärin. Seniň Rahman we Rahym adyň haky we hormaty üçin meni bu azapdan gutar. Ýogsa, Rahman we Rahym adyňy özüňden göter» diýdi. Ol: «Eý, Kabyl! Men dagyň daşlary ýaly günäleri bagyşlaýaryn. Emma men Rahman we Rahym adymy özgertmerin» diýen owaz eşitdi. Ýene: «Eý, ýer! Kabyly goýber!» diýip, perman boldy. Ýer Kabyly göýberdi. Allatagala: «Adamyň köňli özge bolmasyn» diýip, bir perişdä perman berdi. Ol Kabyly ony dünýäni ýedi gezek aýlandyryp, ýere urup heläk etdi. Elkyssa, Adam alaýhyssalam Habyla köp mähribandy. Ol onuň ýok bolandygyna gynanyp, mersiýe aýdyp, ýyglap gezdi. Ýer ýüzünde birinji goşgy düzen Adam alaýhyssalamdyr. Ol şygyr budur: Üýtgäp gitdi ýurt we adamlary onuň, Elbetde, özgerdiji özi Allanyň. Kabyl Habyly öldürdi, döküldi gan, Bozuklyga ýüz urdy şu günden ynsan. Nälet siňen Iblis muňa begendi, Çünki bu waka onuň aly bilendi. Habylyň ölümi maňa hesret ýetirdi, Nähak gan dökmek mundan adat getirdi. Habyl Firdöws jennetiniň suwun içer, Emma meniň onsuz günüm neneň geçer? Ömrümiň ahyrynda aýralyk derdi, Goja süňňüme ýasyň yzasyn berdi. Bu ölüm boldy pyssy-pujurlyk başy, Onsoň neneňsi diňer gözümiň ýaşy? Eý, Habyl! Gutuldyň dünýä jepasyndan, Aýryldy Howa bu ogul – sapasyndan. Melgun şeýtan, dowzah seniň mekanyň, Kabyl bile dowzahda – ýanar janyň. Kyýamata çenli bize duşman bolduň, Ol gün gelýänçä näletli möhlet aldyň. Günlerde bir gün Jebraýyl alaýhyssalam oňa teselli bermek üçin: «Eý, Adam! Köp perişan bolma. Tiz wagtda Allatagala saňa ýagşy perzent berer. Ol Habyldan artykmaç, akylly, ylymly we hoşgylyk bolar. Çünki ol hojaýy löwlakyň, ýagny Muhammet alaýhyssalamyň öwladyndan öner. Bäş ýyldan soňra Şis alaýhyssalam dogar. Hemme patyşalaryň patyşalygy bulara geçer. Pygamberler hem Adam alaýhyssalamyň perzendinden peýda bolar» diýip aýtdy. Pygamberleriň hemmesiniň babasy bular bolar. Nuh alaýhyssalam hem bularyň öwladyndandyr. Bir rowaýatda: «Ol Şisden dogdy» hem diýipdirler. Elkyssa, Adam alaýhyssalam bilen hezreti Howa şeýle perzendiň bolmagyň sebäbinden munazara aýdyşdylar. Adam alaýhyssalam: «Perzent menden peýda bolar» diýdi. Hezreti Howa: «Perzent menden peýda bolar» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Adam! Nutfuňyzdan çüýşä alyp guýuň. Hezreti Howa hem alsyn» diýdi. Ol ikisi şol kysym edip sakladylar. Dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagatdan soň Şis alaýhyssalam dogdy. Pagtadan bir baka peýda boldy. Emma ol ýaradardy we arrykdy. Ikisiniň barabary mälim boldy. Allatagalanyň eradasy bilen perzent peýda bolmak är kişidendir. Päklik we ýardam bermeklik Allatagalanyň öz erki bilendir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |