23:45 Kysasyl enbiýa -15: Şiş alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
DÖRDÜNJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
ŞIS ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Bu kyssa dört pasyldan ybaratdyr: Birinji pasyl. Şis alaýhyssalamyň dogulmagynyň beýany. Ikinji pasyl. Misakyň beýany. Üçünji pasyl. Misakdaky kapyr-musulmanlaryň ýaradylmagynyň beýany. Dördünji pasyl. Adam alaýhyssalama wehi gelmeginiň, onuň Şis alaýhyssalama wesýet etmeginiň we ölüminiň beýany. BIRINJI PASYL: ŞIS ALAÝHYSSALAMYŇ DOGULMAGYNYŇ BEÝANY Günlerde bir gün hezreti Adam we hezreti Howa şady-horram bolup oturdylar. Birden, gaýypdan bir berik peýda boldy. Onuň suwy baldan şirin, süýtden akdy. Jebraýyl alaýhyssalam bir näçe perişdeler bilen häzir boldy. Olar nurdan bolan tabakda jennetiň miwesinden getirdi we: «Eý, Adam! Hudaýtagala seniň myradyňy berdi. Bu miwäni iý we suwda gusul alyp, özüňi päk kyl. Kuwwatyňy ýokary derejä ýetir, ondan soň Howa ýakynlyk kyl» diýip aýtdylar. Hezreti Adamyň puştyndaky nur hezreti Howanyň päk ýatgysyna geçdi. Şol zaman näletlenen şeýtany tutup, baglap goýdular. Ol nur hezreti Howanyň iki mämesiniň arasyndan günüň nury ýaly ýalkym salyp durdy. Muhammet alaýhyssalamyň nury hezreti Adamyň puştyndaka sansyz köp perişdeler, oňa tagzym-u-ekram eýläp, hezreti Adamyň arkasynda durup, salawat taýýybat aýdardylar. Şatlygyň bu kämil nury hezreti Howa geçensoň, perişdeler oňa tagzym etdiler. Hezreti Adam bu wakadan habarsyz bolup: «Eý, Taňrym! Menden nähili hata çykdy? Hezreti Howadan nähili hyzmat peýda boldy? Näme üçin hemme perişdeler menden ýüz öwürdi?» diýip, Allatagala arz etdi. Allatagaladan: «Ol perişdeler saňa wekilçilik etmeýärler. Olar Muhammet alaýhyssalamyň nuruna wekil perişdelerdir. Öň onuň nury sendedi. Indi Howa geçdi. Şol sebäpli olar Howanyň yzyna düşýärler. Häzir guşlar, hemme haýwanlar, Arş, Kürs, Lowh, Galam, Gün, Aý, Ýyldyzlar, ot, suw, şemal, ýer, gök hemme älem-jahan mülki oňa boýun bolýarlar. Bir topar şeýtanlar, döwler we jynlar bardyr. Olara Iblis serdardyr. Olar seniň öwladyňa duşmandyrlar. Olary birden Howa zeper ýetirmez ýaly baglap goýdular» diýip, bir owaz geldi. Ol Allatagalanyň munuň ýaly mähriban, keramatly hoş sözlerini eşidip, habar bermegine köp begendi. Elkyssa, hezreti Howanyň göwrelilik müddeti tamam boldy we ol bir ogul dogupdy. Tiz pursatda ol oglan ulaldy. Ol Adam atanyň hemme perzentlerinden utanç-haýaly, ýuwaş we hoşgylyk bolup ýetişdi. Onuň mübärek maňlaýynda Muhammet alaýhyssalamyň nury ýalkym salyp parlaýardy. Ol hezreti Adamyň hemme perzentlerinden akylly we tapawutlydy. Oňa Şis diýip at goýdular. «Şis» diýmeklik «Allatagalanyň haýbaty», «Hudaýtagalanyň hökmüni halkdan ýagşy bilýän» diýmekdir. Hezreti Şis balagata ýetdi. Jebraýyl alaýhyssalam aýtdy: «Eý, Adam! Ertir Şisi iň uly howza alyp gel». Ol ertesi hezreti Şisi Howzul-agzama alyp bardy. Hezreti Jebraýyl topar-topar perişdeler bilen ol ýere geldi we: «Eý, Şis! Seniň maňlaýyňda Muhammet alaýhyssalamyň nury bardyr. Sen ony saklamaga ätiýaçlyk bilen köp yhlas et. Ony zyna we harama harç etme. Ol nur kimde bar bolsa hem ol ony ýagşy saklamalydyr. Ony zaýa etmeli däldir. Ony garyndan-garna, asyrdan-asyra ätiýaçlyk bilen goramalydyr» diýip ähtnama ýazdylar. Hezreti Jebraýyl alaýhyssalam ol ähtnama möhür basyp, ony tabut sekinä salyp, hezreti Adamyň goluna berdi we oňa: «Seniň perzentleriň Şisden, tä, Abdylla we Eminä çenli bu ähtnamany bilsinler» diýip, wesýet etdi. Ondan soň bu nur Muhammet alaýhyssalamyň zamanyna çenli her gezek bir äriň puşt kemerinden bir hatynyň rehmine geçende nälet siňen şeýtany baglap goýardylar we perzende jan inensoň boşadardylar. Bu nur hatynyň nikasyndan we şol wagtyň şerigatyndan daşgary kişide ýokdy. Elbetde, päklik we ýardam bermeklik Allatagalanyň öz erki bilendir. IKINJI PASYL: MISAKYŇ BEÝANY Misak – diýip hezreti Adamyň zürýatlarynyň äht baglaşmagyna aýdylýar. Allatagaladan: «Eý, Adam! Seniň Taňryň yzyňdan önjek perzentleriňden äht-peýman alar» diýen hoş owaz geldi. Bu ähtnamanyň maksady Taňry bilen adamlaryň arasynda dostluk mäkämynyň we Taňra bolan yşk muhabbetiň sebäbi bolmagy, hezreti Adamyň perzentleriniň Taňra höwesiniň hem meýliniň peýda bolmagy üçindir. Bu söz Adam alaýhyssalama janyndan hem süýji bolup eşdildi. Ol: «Eý, Tanrym! Men bu işe örän hoşwagtdyryn» diýdi. Allatagala perişdelere: «Gara daşy alyp geliň!» diýip, perman berdi. Perişdeler ak ýakutdan bolan bir daşy alyp geldiler. Ol ýerde hezreti Adam alaýhyssalamdan, tä, sur çalynýança ötjek perzentleriniň ruhlaryny häzir etdiler. Olar bilen misak ähdini baglaşdylar. Bu waka şeýle bolup geçipdir. Bir ýyl Serendipden hezreti Adam haja barýardy. Ol bu ýyl hem Käbä bardy we togap etdi. Soň yzyna gaýdyp, Arafa dagyna geldi. Dagyň adyna. Wady Nugman hem diýerdiler. Hezreti Adam bu ýerde ýatyp uklady we ol düýş gördi. Elkyssa, düýşünde bulardan12 ýigrimi ogul we on dokuz gyz öndi. Şol günden, tä, sur çalynýança adamlar bularyň biri-birinden doguldylar. Bularyň arasyndan pygamberler bölünip aýryldy. Olaryň hemmesiniň ýüzi dolan aý mysalydy. Öwlüýäler hem bir bölek bolup aýryldylar. Olar aýyň töweregindäki ýyldyzlar ýalydy. Soň salyhlar, alymlar we berhizkärler bölündiler. Bular çyra ýaly röwşenlik we ýagtylyk saldylar. Olaryň töwreginde ýüzi gara, gözi çukur, bethaýbat kapyrlar durdular. Olaryň gollary bagly, boýunlaryna, aýaklaryna bozgaklyk zynjyry baglanyp, ony süýräp-çekýän adamlardy. Adamlaryň käbiriniň ak, asla garasy ýok, käbiri gara, asla agy ýok, käbiri çolak, käbiri agsak, käbiri täze halkdy. Ak görünen kinesiz, gara görünenleriň hemmesi kapyrlar, alasy – musulman, agy köp, garasy az – ýagşyzada, Hudaýy gözleýän halklardy. Gara¬sy köp, agy az – şeraphorlar, gybatkeşler, süýthorlar, ýetimiň hakyny iýijiler, ata-enesine azar berijiler, ogry, garakçy, ulumsy, görip, uly günäleri edijiler bolup doguldylar. Käbirleri ak – ýaşka ölýän balalar bolup doguldylar. Olardan hasap soramaz. Şol wagt Adam alaýhyssalam oýandy. Adam ata bu wakany düýşünde görüp haýran galdy. Ol sag golunda ýagşylary, çep golunda bolsa ýaman gylykly bethaýbat adamlary görüpdi. Ol Allatagaladan: «Eý, Taňrym! Bu niçiksi wakadyr?» diýip sorady. Allatagaladan: «Eý, Adam! Bular zürýatlaryňdyr» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalam ýene: «Eý, Taňrym! Bular näme üçin dürli häsiýetlidirler?» diýip sorady. Allatagaladan: «Eý, Adam! Hemmesi aýa meňzeýänler pygamberlerdir, ýyldyza meňzeýänler berhizkär hudaýparazlardyr. Gara ýüzli, çakyr gözli, goly bagly, boýnuna zynjyr salnanlaryň hemmesi kapyrlardyr» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalam ýene: «Bularyň käbirleri kör, pis, çolak, käbirleri tüýkes we täze. Bu näme sebäplidir?» diýip sorady. Allatagaladan: «Eý, Adam! Men körleri ýaratmasam gözlüler maňa şükür etmez. Pis açanlary ýaratmasam sagdyn agzalylar şükür etmezler» diýen owaz geldi. Soňra Allatagaladan: «Eý, halaýyk! Men siziň Taňryňyz dälmidirin?» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalamyň sag golundan: «Belä» diýen owaz çykdy. Bu sözüň manysy: «Sen biziň Taňrymyzsyň» diýmek bolar. Onuň çep golundan: «Na‘am» diýen owaz çykdy. Bu sözüň manysy: «Sen biziň Taňrymyz dälsiň» diýmek bolar. Bularyň hemmesi kapyr, dinsiz, buta, aýa, güne, oda sežde edijilerdir. Şeýle halklar pany dünýä gelip geçerler: Ak ýüzlüler – salyhlar we musulmanlar bolar. Olar ýaly halkalaryň boljakdygy üçin Allatagala öwgi-taryp we şükürler bolsun! Gara ýüzlüleriň hemmesi – kapyrlardyr. Agy az, garasy köp adamlar – Hudaýtagalany dost tutunmazlar. Olar nadanlar, zalymlar, bozuk ärler, bozuk aýallar, gybat edijiler, ölä aglaýanlar, süýthorlar, namazy terk edenler, şerigat ylmyna hem alymlara horluk görkezijilerdir. Agy köp, garasy az adamlar – namazhonlar, orazaçylar, berhizkärler, haýyr-sahawat we tagat-ybadat edijiler, şerigaty tutup, söwda edip iýýänler, daýhanlar, şehitler, din ugrunda söweşijiler, köl, guýy, köpri, metjit-medrese bina edijiler we alymlara hezzet-hormat edijilerdir. Bu işleriň hemmesi Hudaýtagalanyň merhemetindendir. Elkyssa, şol misak gününde Allatagaladan: «Eý, halaýyk! Siz kimsiňiz we men kimdirin?» diýen owaz geldi. Olar: «Sen biziň Taňrymyzsyň. Biz hem seniň ejiz bendeleriňdiris» diýdiler. Allatagaladan: «Eý, halaýyk! Siziň bendeligiňiz mälim bolsun!» diýen owaz geldi. Şol zaman olaryň käbiri sežde etdiler, käbirleri bolsa sežde etmediler. Sežde edenler başyny göterip görseler, sežde etmedikleriň ýüzi gara bolupdyr. Olar öz ýagdaýlaryna şükür edip, ýene sežde etdiler. Öňki sežde edenler bilen goşulyp öňki sežde etmedikleriň käbiri hem sežde etdiler. Öň sežde edenleriň hem käbiri soň sežde etmedi. Öň we soň sežde edenler – pygamberleriň, welileriň we salyhlaryň ruhlarydy. Olar ata-eneden doglup, ölüm halatynda iman bilen ahyrete bararlar. Öň sežde etmedikleriň hemmesi kapyr doglup, kapyr bolup ölerler. Öň sežde kylyp, soň sežde etmedikler – musulman doglup, kapyr bolup ölerler. Owwal sežde etmän, soňra sežde edenler – kapyr doglup, musulman bolup ölerler. Ondan soň perişdeler bir ak ýakut daşyny alyp geldiler. Perişdeler ol daşy ortada goýup, äht baglaşmakçy boldular. Allatagaladan: «Eý, meniň dostumyň nury! Men seniň bilen äht-peýman baglaşjak. Men seni hemme älemlerden ýagşyrak kyldym. Sen sebäpli on sekiz müň älemi äşgär eýledim. Men gizlin hazynadym, Hudaýlygymy seniň üçin äşgär etdim. Ýokarky hem aşaky älemlerdäki barlyklary we mahluklary ýaratdym. Bu zatlaryň käbiri zahyrdyr, ýagny ony bu dünýäde görerler, käbiri bolsa batyndyr, ony ahyretde görerler. Eý, Muhammet alaýhyssalamyň nury! Men saňa şunuň ýaly hormat-sylag etdim. Sen meniň ýeke-täk Taňrydygymy, hormatymy we mertebämi äşgär eýle. Sen adamlary meniň haýbatym we wehimim bilen gorkuz. Meniň buýranlarym namaz, oraza, haj, zekat, iman-u-yslamdyr. Mundan başga hem köp buýran zatlarym bardyr. Sen olary şol zatlara gönder. Gijesi bidar bolup, özüň hem ybadat et, bendelerime ybadat etdir we wagtyňy boş ötürme!» diýen owaz geldi. Ol nur hem muny janu-dil bilen kabul etdi. Ondan soň başga pygamberler bilen äht baglaşdylar. Bu misak günüdir. Ähtnamany ýazyp, oňa möhür basyp, Gara daşyň agzyna salyp goýdular. Eý, ýaranlar! Allatagala bilen baglaşylan ähtlerimiz bardyr. Biz ol ähtde dursak, Allatagalanyň «et» diýen zadyny etsek, «etme» diýen zadyny etmesek, biziň ol ähdi unutmadygymyzdyr. Şonda jennetiň mülki biziňkidir. Hüýrler, köşkler, gülzar, tagt, bagt, şire, şerbetli gant – ýaly otlar, çyralar, aýşy-eşret, rahat, halawat bilen ýaşaýyş, seýru-tomaşalar biziňkidir. Baldan datly, ýagdan ýumşak, süýtden ak, buzdan sowuk, dürli-dümen nygmatlar täç we hülleler biziňkidir. Bu misak ähdine durmasak, Allatagalanyň buýranlaryny etmesek – Allatagalany unutdygymyzdyr. Ähtnamany unudanlaryň menzil we mekany dowzahdyr. Ol çukurlyk, garaňky, ajy zäherli, gaýnag zakgumlar we zäherli ýylan-içýanlaryň bar ýerdir. Her ýylanyň ýetmiş müň başy we ýetmiş müň agzy bardyr. Her agyzda ýetmiş müň dili, her dilinde ýetmiş müň dürli zäheri bardyr. Onda azap, ukubetler, dürli-dürli kynçylyklar bar. Biz Allatagalanyň özüniň bu zatlardan, özümiziň we işimiziň ýaramazlyklaryndan goramagyna pena isleýäris. Eý, Taňrymyz! Muhammet alaýhyssalamyň ummatynyň mömin bendesi bu dünýäden nur-imany bilen ötgeý! Bizi öz penaňda aman tutgaý sen! Ämin! Asy bolmagaýlar, ahyret azabyna sataşdyrmagaý sen! Ämin, ýa Rebbil-älemin! Hekaýat: Hezreti Adam Käbäni zyýarat eden güni bir nury gördi. Ol nur nurlaryň arasynda dolan aý ýalydy. Ol hergiz agydan azat däldi. Hezreti Adam Allatagaladan: «Ol kimiň nury?» diýip sorady. Allatagala: «Bu seniň öwladyň Dawut pygamberiň nurudyr» diýdi. Adam alaýhyssalam: «Onuň ýyglamagynyň sebäbi nämedir?» diýip sorady. Allatagala: «Ol bir iş eder we şol işi onuň üçin kyrk gije-gündizläp ýyglar» diýdi. Adam alaýhyssalamyň oňa rehimi gelip: «Onuň ömri näçe bolar?» diýip sorady. Allatagala: «Onuň ömri ýüz altmyş ýyl bolar» diýdi. Hezreti Adam: «Meniň ömrüm näçe ýyl bolar?» diýip sorady. Allatagala: «Seniň ömrüň müň ýyl bolar» diýdi. Hezreti Adam: «Beýle bolsa, men oňa ömrümden kyrk ýyl berdim» diýdi. Bu söze perişdeler şaýat boldular. Wagty gelip, Adam alaýhyssalamyň ömrüniň dokuz ýüz altmyş ýyly tamam boldy. Ezraýyl alaýhyssalam oňa: «Men seniň amanatyňy almaga geldim» diýdi. Hezreti Adam: «Meniň ömrüm müň ýyldyr. Ýene kyrk ýyl ömrüm bar» diýdi. Ezraýyl alaýhyssalam: «Sen kyrk ýyllyk ömrüňi Dawuda beripdiň» diýdi. Hezreti Adam: «Men oňa öň beren hem bolsam, häzir özüme lazymdyr. Men ony bermeýärin» diýdi. Allatagaladan: «Bendäme jan örän şirin eken. Entek ony goý. Dawuda kyrk ýyllyk ömri men bereýin» diýip perman boldy. Elgaraz, hezreti Adam müň ýyl, Dawut alaýhyssalam bolsa iki ýüz ýyl ömür sürdi. Päklik we ýardam bermeklik Allatagalanyň öz erki bilendir! ÜÇÜNJI PASYL: MISAKDAKY KAPYR-MUSULMANLARYŇ ÝARADYLMAGYNYŇ BEÝANY Bu şeýle wakadyr. Hezreti Adamyň Käbä zyýaratyndan soň kapyr we möminiň arasy aýryldy. Ondan hemme dünýewi pul, mal, at, düýe, eşek, goýun, ylmu-amal, yşku-muhabbet, hezzet-hormat, hory-zarlyk, hemme kesbi-hünär, daýhançylyk, tamam zeru-zuýur we jöwherleri bendeleriň öňünde goýdy we: «Eý, bendelerim! Bularyň hemmesi siziň dünýäde eden işleriňizdir. Olardan haýsyny isleseňiz alyň» diýdi. Her haýsy islän zadyny aldy. Käbirleri dünýäligi alman, pakyrlygy aldy, hezzeti alman, horlugy aldy. Allatagala: «Eý, bendelerim! Siz näme üçin zeri, puly we maly islemediňiz. Horlugy we pakyrlygy aldyňyz?» diýdi. Olar: «Eý, Taňrymyz! Biz ol zatlary alman, seni tapdyk. Genji weýranda tapdyk. Bize hemmeden ýagşyrak Sensiň. Başga zat bize lazym däldir» diýdiler. Allatagaladan: «Eý, bendelerim! Siz islän zadyňyzy alarsyňyz. Men ony size taýýar edip bererin. Siz olary mähnetu-muşakgat bilen taparsyňyz, bimähnet iýersiňiz» diýen owaz geldi. Şol gün maldan köp alanlar ýa az alanlar – olaryň maly şol günden azu-köp bolmaz. Hernäçe jan edeni bilen kem ýa-da artyk bolmaz. Eý, derwiş! Her kim ol günki misak ähdinde dursa, oňa ebedi hezzet-hormat we döwlet-bagt nesip eder. Kyýamat güni gara daş hem: «Bu seniň misakda duran bendäňdir» diýip, güwälik berer. Bir hekaýatda şeýle aýdylypdyr: Ol gün Adam alaýhys-salam hemme zürýatlaryny gördi we: «Munça halk ýer ýüzüne nähili sygar?» diýip, haýran galdy. Allatagaladan: «Men bulary dört bölerin. Olaryň bir bölegi atasynyň puşt kemerinde bolar, bir bölegi enesiniň garnynda bolar, bir bölegi dünýäniň ýüzünde bolar, bir bölegi doglandan ölüp gider. Biri tiker, biri geýer, biri tapar, biri sarp eder» diýen owaz geldi. Perişdeler: «Eý, Taňrymyz! Olaryň biri ölse beýlekisi näme eder?» diýip soradylar. Hudaýtagala: «Men olara şeýle gaflaty salaryn. Olaryň biri aglar, biri güler, biri tagam iýer. Olar ölüni ýere gömüp, gelip aýşy-eşret kylarlar. Özüniň şeýle bolşundan hiç gaýgy-gam iýmez» diýdi. Ýene bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Adam alaýhyssala-myň zürýatlary peýda bolanda, olaryň hemmesini: «Baryň, dünýäni görüp geliň» diýip, dünýä iberdi. Olaryň hemmesi gelip, dünýäni gördüler. Olaryň käbiriniň köňli dünýäni isläp, ol ýerde galdy. Allatagaladan: «Siziň galanlaryňyz hany?» diýen owaz geldi. Olar: «Olar dünýäde galdylar» diýdiler. Taňrydan ýene: «Siz jennete baryp görüň» diýip, perman boldy. Olar jennete bardylar. Olaryň käbirleri jennetde galdylar, käbirleri bolsa ol ýerde hem galmadylar. Mutakaddymynlar13 aýdypdyrlar: «Dünýäde galanlar – kapyrlardyr, jennetde galanlar – möminlerdir. Jennetde durman gaýdanlar – aşyklardyr. Aşyklara: «Siz dünýä meýil etmediňiz, jenneti hem islemediňiz. Indi, siz näme dileseňiz, şol hem bolar» diýen owaz geldi. Olar: «Eý, Taňrymyz! Bize dünýä gerek däl. Bize diňe Sen gerek» diýdiler. Taňrydan: «Beýle bolsa, meniň hazynamda haýsy bela ulurak bolsa, men şony size ibererin» diýen owaz geldi. Olar: «Eý, Taňrymyz! Ol belany Sen bize iberersiň. Emma şonda hem Sen biziň bilen bolarsyňmy?» diýdiler. Taňry: «Men hemişe siziň bilendirin» diýdi. Olar: «Eý, Taňrymyz! Eger bela gelende Siz biziň bilen bolsaňyz, biz ondan köp belalar gelse hem olary kabul ederis» diýdiler. Pygamber alaýhyssalam: «Belanyň agyrragy – pygamberleriň belasydyr, soňra welileriňkidir ...14 Her kimiň derejesine laýyk belasy bardyr» diýdi. Habarda şeýle gürrüň getiripdirler: Şyh Şibli (goý, Allatagalanyň oňa rehmeti bolsun!) dünýäden ötdi. Bir kişi düý-şünde ony gördi. Ol kişi şyhdan: «Eý, şyh! Seniň halyň niçik-dir?» diýip sorady. Şyh: «Siz meni görde goýduňyz. Soň meniň ýanyma Müňkir bilen Nekir girip: «Seniň Hudaýyň kimdir?» diýip soradylar. Men olara: «Meniň Hudaýym ata-enemizi jennetiň içinde, tagtyň üstünde oturdyp, perişdelere göterdip, behişte seýr etdirdi, gezdirdi. Oňa hemme perişdeler sežde etdiler. Siz hem sežde ediň. Men hemme garyndaşlarym bilen garap duraryn» diýdim. Ol iki perişde biri-birine garap: «Bu kişi uly sözleri aýtdy. Gowusy, biz bu ýerden gideli» diýip, olar meniň görümden çykyp gitdiler. Eger olar bir zaman meniň ýanymda duran bolsalar, men olardan: «Siziň Taňryňyz kim?» diýip sorardym. Olar nähili jogap berseler hem men olary sözletmezdim». Allatagalanyň has bendeleri şeýle bolýandyr. Päklik we ýardam bermeklik Allatagalanyň öz emri bilendir! DÖRDÜNJI PASYL: ALAÝHYSSALAMA WEHI GELMEGINIŇ, ONUŇ ŞIS ALAÝHYSSALAMA WESÝET ETMEGINIŇ WE ÖLÜMINIŇ BEÝANY Wehp ibn Munabbih şeýle rowaýat edipdir: Adam alaýhyssalamyň ömründen bäş ýüz ýyl ötdi. Onuň perzent-nebereleri hetsiz-hasapsyz bolupdy. Allatagala hezreti Adamy olara pygamber etdi. Olara elli wagt namaz buýurdy. Olar ýigrimi harpda sözleşerdiler. Adam alaýhyssalama Taňrydan kyrk parça hat geldi. Olarda hikmet ylmy, peýda we zyýan barada nesihatlar, döw hem perini teshir etmek ylmy we hendese ylmy bardy. Rowaýatda şeýle diýlipdir: «Hezreti Adamyň perzentleri ýer ýüzüne ýaýyldylar. Olar söwda-satyk etmegi bilmeýärdiler, biri-birlerine peýda we zeper etmezdiler. Adam alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Meniň perzentlerim nähili owkat edinerler? Olara kesp beriň. Olaryň hersi bir hünär bilen meşgul bolsalar» diýdi. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam jennetden bir gysym altyn getirip, ony daga saçdy. Ol dag altyn käni boldy. Allatagaladan: «Eý, Adam! Seniň perzentleriň bu altyny tirip alsynlar. Bu olaryň biri-birine peýda getirer» diýen owaz geldi. Adam alaýhyssalamyň perzentleri ol hünärleri işlärdiler. Olaryň her birine lazymlyk ylym öwretdi. Olaryň käbiri boýagçy, käbiri küýzegär we şuňa meňzeş hünärment boldular. Olaryň her biri bir käri öwrenip, biri-biri bilen söwda-satyg etdiler. Rowaýat. Kabyl Habyly öldürdi. Kabyly çagalary bilen kowdular. Ol şeýtanyň alyna düşüp, Aden atly ýere gitdi. Ol ataşparaz bolup, oda sežde kyldy. Ol otparazlaryň ybadatha-nasyny bina etdi. Adam alaýhyssalama: «Kabylyň perzentleriňi dogry ýola ünde!» diýip wehi boldy. Hezreti Adam Adene bardy. Ol bu-la¬ryň dogry ýola düşmegini teklip etdi. Olar onuň gudrat görkezmegini islediler. Bir gara daşdan sowuk suw peýda boldy. Ol daragtlary çagyrdy. Olar onuň ýanyna geldiler we onuň pygamberdigine güwälik berdiler. Ol ýene köp gudratlary görkezdi. Elkyssa, hezreti Adam şeýdip olary dogry ýola çagyrdy we şerigatyň emri magrufyny we nehi münkerini beýan etdi. Misak güni bolan wagty Allatagala olara ýetmiş iki dili öwretdi. Olaryň her haýsy bir taýpa bolup gitdi. Olar ýetmiş iki dürli halk boldylar we biri-birleriniň häsiýet-gylyklaryny, işlerini bilmediler. Emma olar biri-birlerinden öwrendiler. Elkyssa, Adam alaýhyssalamyň ömri tamam boldy. Onuň perzentleri gum-toprakdan hem köpdi. Ahyr soňunda Adam alaýhyssalamda bir kesel peýda boldy. Ol hemme perzentlerini ýygnap, olaryň Allatagalanyň ybadatyna meýilli bolmagyny talap edip, näletlenen şeýtanyň söhbetinden daş bolmaklaryny wesýet etdi. Ol Şis alaýhyssalama dört sany wesýet etdi: Birinji: «Eý, oglum Şis! Hergiz bu dünýä köňül berme. Bu dünýä biwepadyr. Men jennete köňül berdim, emma dünýä maňa wepa bermedi. Dünýä saňa hem wepa bermez. Meniň köňlümden häzire çenli jennetiň hesreti çykmaýar. Ikinji: «Hiç wagt hatynyň sözüne gitme. Men Howanyň sözüne gidip, uly günä işleri başyma düşdi. Howa peýda bermedi». Üçünji: «Bir iş etseň onuň ahyryny oýlap et. Men perişdelerden soran bolsam şejereten memnugadan iýmezdim we munuň ýaly ýagdaýa düşmezdim. Köňlüň bir işe telwas etse, sen ol işi etme. Bir iş etjek bolsaň, ýagşy dostlaryň bar bolsa, olar bilen maslahat et. Ondan soň ol işi etmek bilen bol. Dostlaryň maslahatyny hergiz terk etme. Ol işde men hem perişdeler bilen maslahat eden bolsam, meni bu işden saklap, ol agajyň miwesinden iýdirmezdiler, beýle wakalar meniň başyma gelmezdi we beýle dertlere duşmazdym». Dördünji: «Eý, oglum Şis! Muhammet alaýhyssalama köp durud et. Ertir-agşam, belki, hemişe bu işi terk etme. Ol meniň iň asylly perzendimdir. Şeýle kişi biziň öwladymyzdan peýda bolar» diýdi. Hezreti Adam muňa şükür edip, guwanardy. Hezreti Şis: «Eý, ata! Sen onuň artykmaçdygyny taryp edýärsiň. Onuň mertebesi seniňkiden artykmy?» diýip sorady. Hezreti Adam hiç jogap bermän, togtap galdy. Ol bu soragy üç gezek sorandan soň: «Eý, oglum! Muhammet alaýhyssalamyň mertebesi çäksizdir. Onuň mertebesine hiç bir mahluk ýetip bilmez. Hudaýtagala onuň ummatyna alty zady keramat eder. Olardan birini hem bize bermedi. Birinji – Hudaýtagala meni bir günä bilen jennetden çykardy. Emma Muhammet pygamberiň ummatynyň günäsi köp bolsa hem, ony jennete girizer. Ikinji – Allatagala meniň bir günämiň owazasyny äleme doldurdy. Ony bilmeýän we aňlamaýan hiç kes galmady. Onuň ummaty ýüz müň günä etse hem ol özüniň Settarul-uýub sypaty bilen olaryň aýyplaryny örter we olary hergiz äşgär etmez. Üçünji – Allatagala meni günä bilen Howadan aýyrdy. Emma olaryň ýüz müň günäsi bolsa hem, olary bala-çagalaryndan hergiz jyda etmez. Dördünji – Men bir günä bilen dünýäde üç ýüz ýyllap: «Eý, Taňrymyz! Biz öz-özümize zulum eden ekenik. Eger Sen biziň günämizi geçmeseň we Sen bize rehmet etmeseň, elbetde biz heläk bolujylardan bolarys» diýip ýygladym. Soňra men Käbäni togap etdim. Muhammet alaýhyssalamy şepagatçy tutunyp, Allatagaladan günälerimi diledim. Allatagala meniň günälerimi ötdi. Emma Muhammet alaýhyssalamyň ummaty üç gezek ýa-da üç sapar: «Eý, Taňrym! Men bilmedim. Men hata etdim, men eden günälerime toba kyldym» diýip, säherde ah ursa ýa-da bir sagat göz ýaşyny dökse, Allatagala onuň günäsini öter». Bäşinji – Allatagala meni bir günä bilen ýalaňaç etdi. Olaryň günäsi köp hem bolsa, hergiz olary ýalaňaç etmez. Altynjy – men bir günä sebäpli Arafa dagyna barmazdan, gözümiň didesinden ganly ýaşymy dökmezden Allatagala hergiz meniň günämi ötmedi. Emma olara munuň üçin aýagyny gymyldadyp, bir ýere barmak hajat däldir. Beren nygmatlary üçin Allatagala öwgi-taryp bolsun! Eý, oglum! Saňa ýene bir nesihat, sen: «Lä ilähe illalla, Muhammet resulalla» sözüni köp aýt. Allatagalanyň Biribardygyny adamlara aýt. Ondan soň Resulallanyň ulu mertebelidigini bil. Halaýyga onuň beýikligini äşgär et. Goý, olar muny bilip, oňa köp hezzet-hormat etsinler. Allatagala oňa: «Habybym diýipdir» diýip, sözüni tamam etdi. Soň Adam ata bir sandyk getirdi. Ol sandyga: «Şahadat sandygy» diýilýär. Ol sandygyň agzyny açyp, bir hat çykardy. Ol hatda pygamberleriň suratlary bardy. Her bir pygamberiň başyna gelýän ýagşy-ýamanlygy, ömürlerini, başlangyjy Adam alaýhyssalamyň, ahyry Muhammet resulalla we dört çaryýarlaryň (goý, Allatagala olardan razy bolsun!) wakalary bardy. Şeýle hem ymam Hasan we ymam Hüseýiniň (goý, Allatagala olardan razy bolsun!) dogluş we wepat boluş wakalary ýazyldygy. Şis alahyssalam Adam ata bu haty okap, ony hemme perzentlerine eşitdirdi. Soňra ol päk, hoş hor ysly, nurly Muhammet alaýhyssalamyň nuruna, onuň neberesiniň, sahabalarynyň, ummatynyň ruhlaryna ýagşy dilegler etdi. Soň haty şahadat sandygynyň içine salyp, sandygy hezreti Şis alaýhyssalamyň eline berdi. Ol: «Eý, perzendim! Meni Hudaýtagala ündeýär. Meniň ajalym ýakyn gelipdir. Menden soň halafat saňa galar. Sen ömrüňi tagat-ybadat bilen ötür. Bu gadymy şerigaty halaýyga ýagşy öwret. Allatagalanyň emrini ýazyk bilen berjaý etme. Hergiz Hudaýtagaladan gapyl bolma. Sen Hudaýtagalanyň zikrini we Muhammet alaýhyssalamyň salawatyny terk etme. Sen Hudaýyň pygamberinden medet we ýardam dile» diýip, döwlet taýagyny oňa berdi. Ondan soň Adam atanyň oýuna zeýtun ýagy geldi. Sina dagyndan oňa zeýtun ýagyny getirip berdiler. Ol zeýtun ýagyndan bir bölegi iýip, mübärek bedenine sürtüp otyrdy. Jebraýyl alaýhyssalam bir näçe perişdeler bilen geldi. Olar hezreti Adamyň ýagdaýyny soradylar. Şol wagt Ezraýyl alaýhyssalam tagzym edip geldi. Hezreti Howa hezreti Adamyň yzynda otyrdy. Ol köp ýyglady. Hezreti Adamy daşary çykardylar. Ol Jebraýyl alaýhyssalama: «Eý, doganym Jebraýyl! Men Allatagalanyň permanyny berjaý etmändigim üçin asmandaky perişdeler maňa näme diýerlerkä diýip utanýaryn» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Adam! Asmandaky perişdeler Hudaýtagaladan saňa magfyret dileýärler» diýdi. Hezreti Adam: «Men bu şermendeligim bilen Allatagalanyň dergähine nähili baraýyn» diýip, şeýle bir ahy-nala bilen ýyglady weli, onuň bu agysyna ýerdäki guşlar, haýwanlar, balyklar, asmanyň, Arşyň, Kürsüň, Lowhuň, Galamyň mahluklarynyň hemmesi nala etdi. Ol wagt Allatagala: «Eý, Adam! Men jennetleri seniň üçin arassalatdym. Hüýr-gulman, beýik eýwan, tagty seniň üçin arassa etdim» diýdi we bu zatlary häzir kylyp, olary Adam ata görkezdi. Ondan soň hezreti Adam hoşwagt bolup: «Eý, ölüm perişdesi! Indi öz işiňize ykjam boluň. Jan muştagyny beden kapasyndan çykaryň. Goý, ol howa uçsun» diýdi. Ol iman-yslama ykjam durdy. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, ölüm perişdesi! Bu Adam safyny Allatagala gudrat goly bilen ýaratdy. Oňa öz ruhundan dem berdi. Şonuň üçin onuň janyny hormat bilen alyň» diýdi. Jan alyjy perişde bolan Ezraýyl hormat-sylag bilen onuň päk ruhuny aldy. Aýat: «Biz Allatagalanyň mülkündediris. Biz onuň huzuryna gaýdyp bararys». Jebraýyl alaýhyssalam jennetden bir ýüpek getirip, ony kepen etdi. Şis alaýhyssalamyň baştutanlygynda hemme perişdeler bilen Adam atanyň jynazasyny okap, uly gowaga alyp, girip jaýladylar. Ol ýere Abu Kaýs dagy diýerdiler. Onuň jesedi Nuhuň tupanyna çenli şol ýerdedi. Tupan turmanka, Nuh alaýhyssalam onuň mübärek jesedini sandyga salyp, gämide özüne hemra edinip ýördi. Ondan soň, ony Serendibe eltip goýdy. Elbetde, bu zatlary Allatagalanyň özi gowy bilýändir! Hekaýat. Adam alaýhyssalamyň on sekiz häsiýeti bardyr. Birinji – onuň suratyny Hudaýtagala öz gudrat goly bilen ýaradandyr; ikinji – oňa öz ruhundan dem berendir; üçünji – Allatagala onuň keşbini hemme keşplerden görkli edendir; dördünji – Hudaýtagala onuň suratyny özüne has kylandyr; bäşinji – ol asgyrandan soň «Alhamdulillä» diýdi we Hudaýtagaladan: «Ýerhemuke rabbuke» diýen owazy eşitdi; altynjy – oňa Allatagala zatlaryň adyny öwretdi; ýedinji – Allatagala ony jenneti etdi; sekizinji – perişdeleri oňa sežde etdirdi; dokuzynjy – ýer ýüzüniň patyşalygyny bagş etdi, onunjy – adam sebäpli Iblisiň boýnuna «Dergähden kowulan» duzagyny asdy; on birinji – jennetiň perişdeleri asy boldy; on ikinji – ol hamd aýdyjylaryň başy boldy; on üçünji – ol toba aýdyjylaryň başy boldy; on dürdünji – onuň päk ruhy päk jynsdan boldy; on bäşinji – ol Adam perzendiniň hemmesiniň atasydyr; on altynjy – ol pes göwünli boldy; on ýedinji – ol oglanlaryna nesihat etdi; on sekizinji – hezreti Muhammet alaýhyssalam onuň öwladyndandyr. Emma hezreti Şis alaýhyssalamyň akyl-düşünjesi dürli tarapdan arassa hem bezelendi. Ol hemme yns-u-jynsa patyşa hem pygamberdi. Onuň şerigaty Adam alaýhyssalamyň şerigatydy. Şis alaýhyssalam Muhammet alaýhyssalmyň nuruny ätiýaçlyk bilen ýagşy saklardy. Ol kämillik ýaşyna ýetdi we onuň öýlener wagty geldi. Allatagalanyň permany bilen Jebraýyl alaýhyssalam oňa Nahwaýla atly hüýri getirip berdi. Ol hüýri nika kylyp aldy. Ondan soň ol hüýr göwreli boldy. Ondan wagty gelip bir perzent doguldy. Ol perzendiň mübärek maňlaýynda Muhammet alaýhyssalamyň nury röwşenlik saçyp, karar tapdy. Onuň adyna Anuş goýdular. Ol hem kämilik ýaşyna ýetip uly boldy. Şis alaýhyssalam oňa: «Eý, perzendim! Şatlygyň kämil nury tarapyndan atamyz yhlas edip, jan çekerdi. Men hem seniň bilen äht-peýman etjek. Bu nury ätiýaçlyk bilen sakla. Nämährem we näpäk mazlumlara ýakynlyk etme» diýdi. Anuş bu äht-peýmany jan-u-dil bilen kabul etdi. Ondan soň hezreti Şis ony öýlendirdi. Bulardan Kynan doguldy. Olardan başga perzentler hem öndi. Emma Kynan olaryň hemmesinden ýagşyragydy. Onuň ömri sekiz ýüz kyrk ýyl boldy. Olaryň ömri tamam boldy. Şol zamanda Adamyň öwlatlary gum-toprakdan köp boldy. Olardan Mehlaýyl atly biri Babyl yklymyna baryp, Susan şäherini bina etdi. Olar ýüz altmyş ýaşa baranda, olardan beýik mertebeli, şan-şöhratly, ylym eýesi Idris alaýhyssalam doguldy. Mehlaýylyň hem dokuz ýüz ýetmiş ýaşynda ömri tamam boldy. Şis alaýhyssalama Jebraýyl alaýhyssalam bafendilik ylmyny öwretdi. Bafendilikde alty häsiýet bardyr: Birinji, iki eli arassa bolmak, ikinji, hümmetli bolmak, üçünji, mysapyra dost bolmak, dördünji, kiçigöwünli bolmak, bäşinji, eden işi öli-dirä lazym bolmak, altynjy, dogrusözli bolmak. Leýkin hezreti bibi Merýemiň birnäçe tapkärleri bozuk ýola başladylar. Şonda ol bafendilere: «Eý, Taňrym! Bu taýpanyň hünärinden bereketi göter» diýip, bet dileg etdi. Onuň dogasy kabul boldy. Onuň sebäbinden bafendiler gallaç galdylar. Bu zatlaryň dogrusyny Allatagalanyň özi ýagşy bilýändir! Päklik we ýardam bermeklik Allatagalanyň öz erki bilendir! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |